22:55 Göktükmen söýgüsi -24/ romanyñ dowamy | |
ÝEDINJI BOÝ
Taryhy proza
DÜNÝÄNIŇ IKINJI ADY Hanandan ajy habar geldi: Sibir beg ýogalypdyr, özem pajygaly ýagdaýda ýogalypdyr. Şol tyllareňk böri ahyryl-ahyr ähli adamlary, ähli goragdaky jandarlary ät galdyryp, maksadyna ýetipdir: Sibir begi parçalapdyr. Döwbasan bu şum habary ýörite getiren kişini öýden howlukmaç alyp çykdy, ony bir çetki boş otaga eltip iýdirdi, içirdi. Bir gije myhman aldy, ertesi ir bilen gelen kişiniň ýanyna öz adamlaryndan iki sanysyny goşup, Hanana ugratdy. Aýşöhläniň bir säwlik bilen atasynyň ölendigini kimdir birinden eşitmeginden ätiýaç edip, aramgähiň goragyny köpeltdi, goragçylara eger Hanan obasyndan kimdir biri gelse, şol gelen kişini Aýşöhlä duşurmaly däldigini berkden-berk tabşyrdy. Döwbasan Sibir begiň ölümine köpden bäri garaşýardy. Onuň bimahal ölmegini hökmanylyk hasaplaýardy. Ol Sibir begi Göktaňrynyň gaharyny getiren bendesi diýip düşünýärdi. Näme üçin? Sebäbi Göktaňry her bendesine bir ykbal berýär. Her kimiň ömrüni geçirmeli ýeri bar. Sibir beg Göktaňrynyň ýazgydyny bozan adam. Göktaňry Sibiri ýalkapdyr: köşkde orun-ojak beripdir. Ony has ýalkamak, patyşa bilen guda bolmagy üçin aşa owadan gyz peşgeş beripdir. Aýşöhle — Göktaňrynyň ýalkawy. Aýşöhläni Göktaňry patyşalar üçin niýetläp äleme getiripdir. Bumyn han wepat eden-de bolsa, onuň dogany Istemi han bar, Bumyn hanyň men-men diýen ogullary bar. Gyzyny Bumyn hanyň ogly Mugan hana ýa-da sasan şasy Hysrow Anuşirwan Adyla beren bolsa, Sibir beg ömrüni köşkde bolçulykda ýaşap geçirerdi. Ýöne Sibir beg Bumyn hanyň ogullaryna, Anuşirwan Adyla göwnüýetmezçilik etdi. Beg bolup ýaşamak isledi. Bu Göktaňrynyň hoşuna gelmedi. Göktaňry Sibir begiň masaýynan altyn-kümüşlerini derýa ýuwutdyrdy, ogluny-da suwa düýnetdi. Akyllysyraýany Göktaňry, ine, şeýdip jezalandyrýar. Göktaňrynyň gazabyndan saklap biljek güýç-gudrat ýok, saklasa diňe Göktaňrynyň özi saklap biler. Öz ýazgydyňdan azaşmak hiç kimsä miýesser etmesin! Göktaňrynyň ýalkawynda ýaşaýan adama bu dünýäde zowal ýok. Sibir sebäpli Aýşöhle-de öz ýazgydyndan aýry düşen, bagtyndan azaşan zenan! Mundan ýarym ýyl öň enesi Päkine bibiniň ýogalandygy baradaky habary hem Aýşöhleden ýaşyrypdylar. Mähriban gelip, enesiniň ölendigini aýtjak bolanda, ony müň bir bahana bilen Aýşöhlä duşurmandylar. Sibir beg hem mundan üç aý öň gelip, gyzy bilen duşuşyp bilmän yzyna gidipdi. Aýşöhläniň saglygynyň ýaramazdygyny, enesiniň ölendigi hakdaky habary eşitse, ýagdaýynyň hasam ýaramazlaşjakdygyny Döwbasan tutaryk edinipdi. Onsoňam aýal-aýal bolar-da! Ony perzent saýyp, ýaşy bir çene baransoň habarlaşyp, hamraklyk edip durmak erkek kişä, onda-da bege gelşip duran häsiýet däl ahyryn! Sibir beg kejirlik edip durmady, gyzy bilen hal-ahwal soraşjak bolman, obasyna gaýdypdy. Döwbasan şonda Sibir begiň ýüzünde ajalyň yzlaryny mesaňa, oraşan görüpdi. Aýşöhle hossarlarynyň ýogalandygyny eşitmese-de, göýä eşiden ýalydy: tukatdy, gündeşleriniň ýanyndan gaýdyp, köplenç ýekelikde sojap-sojap aglardy. Döwbasan Aýşöhläniň bu bolşuny duýup, aýallaryna Aýşöhle bilen bile bolmagy, onuň içini gysdyrmazlygy berkden-berk sargyt edipdi. Aýşöhläniň gündeşleri bu tabşyrygy gara çynlary bilen bitirmäge çalyşýardylar, ýöne Aýşöhle käteler süýji gürrüň gidip duran pursadam ümsüm-kümsüm turup gaýdardy-da, hylwat ýerde başyny aşak salyp oturardy, gözýaş dökerdi. Onuň bu bolşy hakda eşidende Döwbasan Aýşöhle hossarlarynyň ýogalandygyny kimdir birinden eşidendir, şonuň üçin gözýaş dökýändir diýip çaklapdy, şu pikir bilen tokalyndan ata-enesi hakda osmakladyp sorap görmegi baýbike bilen Galamgaşa tabşyrdy. Aýşöhle gündeşleriniň içginsiremeleriniň adamsy sebäplidigini oňly bilmese-de, soraglara açyk jogap berenokdy. Açyk jogap berere birden ýüregine dowul düşmesiniň, aglasynyň gelmesiniň sebäbini özem açyk bilip baranokdy. Göräýmäge, onuň aglamagy üçin oňly esas hem ýok ýalydy. Hana, on bäş ýyllap özünden aýry bolup, atabeglerden sapak hem tälim alan ogly Gaýa indi hiç ýerik gitmeli däl, ol atabeg okuwyny tamamlap, serdar çykyp geldi. «Ene!» diýip, ýalňyz ogly ony biçak ezizleýär, iş-aladasy hernäçe ýetik-de bolsa, enesiniň ýagdaýyny sorap durmaga her gün wagt tapýar, dürli ýurtlardan gelen bezirgenlerden bir geňräk zat alsa, ylgap enesine getirip berýär. Onuň uly aladasy enesiniň göwnünden turmak, enesini hoş etmek. Gaýa enesine atabeglik mekdebinde başdan geçiren wakalaryndan käteler ýazylyp-ýaýrap gürrüň bermäge-de wagt tapýar, ýöne ol atasyndan mamasynyň, babasynyň ýogalandygyny eşidipdi, bu habary eşitse, enesiniň nähili gynanjakdygyna örtenmek örtenipdi. Atasynyň bu habary enesinden ýaşyryn saklamaly diýen pikirini öz ýanyndan makullamanam durmady. Goý, enesi gynançsyz ýaşasyn! Bu habardan soň Gaýa özüni enesiniň ýanynda sowukganly alyp barmaga çalyşýardy. * * * Gaýa alasarmyk pikirler bilen enesiniň otagyna girdi. Ol enesiniň aglap oturandygyny, häzirem özüniň aglaýandygyny ýaşyrmak üçin çalyşýandygyny, aljyraýandygyny duýdy: — Ene, gözüň ýaşly-la? Nämä aglaýarsyň? — Ýok, ýok, oglum, men aglamaýaryn. — Şum habar eşitdiňmi? — O nämäniň şum habary?! Men enteg-ä şum habar eşidemok, ýöne ýüregim bir şumlugyň bolandygyny syzýar... Näme bolandygyny teý bilmeýärin. — Şumlugy? — Göwnüme, bolmasa, enem bir agyr derde ýolugan ýaly bolup dur... — Kim aýtdy? — Hiç kim hiç zat aýdanok. Bu galada, oglum, adam adama hiç zat aýtmaýar. Ýöne ýüregim syzýar. Öten agşam düýş gördüm. Düýşümde enemiň ýüzüniň ýarysy gap-gara. Gözleri gamgyn. Ol maňa sesini çykarman ýöne bakyp otyr. Men enemden «Ene, seniň ýüzüň gaty gamgyn-la? Saňa näme bolýar? Ýüzüň ýarysy näme üçin garardy?» diýip soraýaryn. Enem meniň soragyma ýagşydan-ýamandan hiç zat diýip jogap bermän, ýöne ýüzüme seredip otyr. Ol maňa jogap berenok. Enem menden närazy. Men onuň garaýşyndan närazylygyny duýdum. Wah, men naçar-da, elimden gelýän näme bar?! — Aýşöhle gapdalynda gama batyp duran ogluny synlap odandy: — Gaýa, sen men sebäpli biynjalyk bolma. Men seniň gaşyň çytylmagyny islämok. Men seniň mydama galkyjaklap ýaşamagyňy isleýärin. Aýşöhle ogluny ýene bir ýola buýsanç bilen synlady. Gaýa Aýşöhläniň ýiten, gürüm-jürüm bolan söýgüsini gaýtaryp berdi: Gaýa her dem oňa Peleňi ýatlatdy. * * * Döwbasan beg öz öňünde goýan maksadyna ýetenliginden, elli ýaşdan soň owadan begzada gyzyna tekepbirlik bilen öýlenenliginden lezzet alýardy. Maksadyna ýetmek üçin eden işleriniň az bolmandygyny ýatlaýardy. Peleňiň Aýşöhlä öýlenmeginden, dogrusy, ol gorkmak gorkupdy... Ol öz sahybyny Hanana ýörite iberipdi. Bir hepdeden soň sahyp gelip gepläp bilmän dur. Onuň bolup durşundan şonda Döwbasan gorkmanam durmady. Birden dilinden sypdyraýmagy mümkin ahyryn onuň. Döwbasan şonda sahybyny çete çekip sorady: «Öldürdiňmi?». Sahyp: «Öldürdim, hökümdarym, öldürdim!» diýýänini az görýän ýaly, telim ýola baş atdy. «Är işini bitiripsiň. Onda sen bir hepde dynç al. Meniň mülküme bar-da, şol ýerde dynjyňy al. Men saňa hyzmat eder ýaly, owadan gyzam ibererin. «Giňişleýin düşündireýin, tagsyrym...» diýip, sahyp mydyrdady. «Ýanyňa bararyn, ana, şonda giňişleýin gürrüň beräýersiň. Iň esasy zat, şonuň öldürilenligi. Nädip öldürdiň? Onuň maňa birjik-de ähmiýeti ýok. Gören adam-a ýokdur?». «Ýok, ýok, hökümdarym! Gören adam ýok!..». «Bolany şol!». Şol gije Döwbasan sahybyny öz çawuşlaryna öldürdipdi: şaýat gerek däl. Şol wakadan soň Peleňiň nädip öldürilendigini anyklamak üçin Hanana ýörite öz adamyny aňtawçy iberdi. Aňtawçy «Peleň gürüm-jürüm bolupdyr. Ol hiç ýerde ýok. Onuň Garçgaý diýen aty-ha teblehanasynda dur, ýöne özüni gören adam ýok. Ony toýdan iki gün öň Döwbasanyň sahyby bilen görüpdirler. Sahyp Döwbasanyň iberen sowgatlaryny Peleňe gowşurypdyr. Sahybyň Peleňiň öýünde oturanyny Şajar atly bir garry lakaşa görenmiş. Peleňi Döwbasanyň sahyby öldüren bolmaly. Ol üç-dört günläp Hananda boldy. «Peleňe garaşýaryn» diýýärmiş. Öldüreniňden soň garaşan bolmak nämä gerek?! Sibir begiň adamlary sahyba sütem edip öldürendigini boýun aldyrjak bolupdyrlar. Sahyp hernäçe urulsa-da boýun almandyr. Sibir beg indi bir aý bäri Peleňi ýer ýykyp agtarýarmyş, ýöne hiç ýerden tapyp bilmeýärmiş». Döwbasan bu habary eşideni bilen kanagatlanmady. Ol Hanana ýene adam gönderdi. Ol adam Peleňiň habaryny Hanana ýetirmelidi. Onuň aýtmaly sözlerini Döwbasan oňa gaýtalap-gaýtalap öwredipdi: «Men Hindistanda bolanymda hananly bir ýigide duşdum. Ol meni görende begendi, soňam Sibir bege habar ýetirmegimi iki tylla berip towakga etdi. Iki tylla berensoň razy bolaýdym, ýogsam onuň habaryny diňläsim, onuň bilen iş salyşasym gelmedi. Peleň maňa: «Sen Hanana baryp, Sibir beg diýen adam bilen duşuş. Oňa meniň Hanana hiç wagt barmajakdygymy aýt. Men geçelgede bir garry hindi bezirgeni bilen tanyşdym. Onuň ogly ýok eken. Onuň diňe bir gyzy bar eken. Ol maňa mirasyna eýe bolmagymy, gyzyna öýlenmegimi teklip etdi. Men köp oýlanyp durman, bezirgeniň teklibini kabul etdim. Sebäbi meniň Hananda bir günem durasym gelmedi. Enem aradan çykdy. Babam hem adam sanynda däl. Onsoň ol ýerden gaýdyp, täze durmuşy başlamak isledim. Men Sibir begiň gyzy Aýşöhlä öýlenmek islemeýärin. Ol juda owadan. Ol hanlaryň, patyşalaryň hatyny bolmaly. Sibir beg menden öýke-kine etmesin. Gyzyny islän kişisine äre bersin». Döwbasan alty aýyň içinde her aýda bir gezek Hanana adam ýollady. Onuň Hanana ýollan adamlary, hakykatdanam, bezirgenlerdi. Hindistandan gelýändiklerem hakdy. Döwbasan olaryň öňünden çykyp, tylla-kümüş gysganman, Sibir bege Peleňiň adyndan «habar» gönderýärdi. Alty aý garaşyp, Peleňiň dolanmajakdygyna indi-hä göz ýetiren bolsalar gerek diýip, Döwbasan niredesiň Hanan diýip, Aýşöhläniň yzyndan sawçylyga ugrady. Bäş gün açlyk bilenem maksadyna ýetdi. Ine, şu hötjet häsiýeti Gaýada-da bar. Ol bir zat etjek diýse, ony ýalbaryp-ýakaryp pikirini üýtgedip bolanokdy. Aşa hötjetdi. Ol bir söz diýse, şol sözüniň ýalňyşdygyna göz ýetirse-de, şol aýdan sözünden özüne ýowuz zyýan geljegini bilse-de sözünde durardy. Özüne aşa göwni ýetýärdi. Onda babasynyň ähli häsiýeti jemlenendi. Onuň sesem ylla babasynyňky. Daşarda gürlänlerinde içerde oturyp, biriniňkini beýlekisiniňkiden parhlandyrar ýaly däldi. Diňe bir keşp-keşmeri diýäýmeseň. Gaýanyň Peleňe meňzeýän ýeri ýokdy. Wah, ol meňzemelem däl, ýöne ýüz keşmeriniň meňzeşligi nämedenkä? Döwbasanyň janykmasy dogrudyr: «Sen mydama Peleň hakda pikir edýärsiň. Gözüňi süzüp ýatyşyňa maňa «Peleň! Peleň!» diýip ýüzlendiň. Indi şol merhumyň adyny tutsaň, Göktaňrydan ant içýärin, seni öz ellerim bilen bogup öldürerin!» diýip, gara çyny biln gaharlanypdy. Hernäçe haýbat atsa-da, Aýşöhläniň Peleňi aňyndan aýryp bilmeýändigini Döwbasan beg aňýardy. Aýşöhle özüni Göktaňrynyň, Enehudaýyň — Humaýyň, hezreti Aýyň öňünde müýnli duýýardy. Çünki ol ömründe ilkinji gezek Peleňe: «Men saňa özümi bagyş edýärin, ölmesem men seniňki bolaryn» diýip, Gün hezretiniň şaýat bolmagynda wada beripdi, lebiz edipdi. Lebzinde durmadyk kişileriň soňky öýi gara öý1 bolmaly. Aýşöhle ähli zatdan beter näletlenip o dünýäde gara öýe düşmekden heder edýärdi. Döwbasan Aýşöhläni mydama goraglap saklaýardy. Onuň Peleňi unudyp, diňe özüne berilmegi üçinem her hili çykalga-ýollary gözleýärdi. Ol Peleňiň ystyhanyny Hanana eltdirmek hem ýozkada ýerleşdirmek, soňam bu hakda Aýşöhlä aýdyp, ony sähelçe-de bolsa rahatlandyrmak isleýärdi. Döwbasan sahyby öldürmäge howlugandygyna gynanýardy, çünki ol Peleňiň jesediniň nirededigini anyk bilmeýärdi. Sahypdan Peleňi nirede öldürendigini, jesediniň nirededigini anyklamandygyna ençeme ýola ahmyr etdi. Sahyp öldürilenden soň onuň ýanyndan ýigrimi alty sany altyn bilen ýüzden gowrak akja tapylypdy. Sahyp Hanana gidende onuň ýanynda munça altyn-akja ýokdy. «Sahyp bulary kimden aldyka?» diýip uzak oýlandy. Ýöne sowaly jogapsyz galdy. Döwbasan Peleňiň jesedi babatda welin, çykalga tapdy: Babyr begiň uly ogly Kubanyň kelleçanagyny saganadan ogryn alyp gidip, Aknabat diýen guýuda gizledi. Soňam hossary ýa-da ogly ýiten bäş-on adamy, şol sanda Babyr begi hem jemläp, Aknabat guýusynda süňk hossar kesgitlendi. Elbet, Kuban begiň kelleçanagyna Babyr begiň ganynyň siňjegi bellidi. Şeýle-de boldy. Babyr beg Kubany Peleň diýip kabul etdi. Ana, şondan soň ýat bir kişiniň ystyhany Peleňiň ystyhany hökmünde ýozka salyndy. Döwbasan bu eden işinden biçak lezzet aldy. Ol köpden bäri hiç bir zatdan şeýle täsirli lezzet alyp görmändi. Käbir adamlaryň nätanyş bir ystyhany Peleňiň ystyhany diýip kabul etjekdiklerini göz öňüne getirip, gözlerini ýaşardyp, şyg-şyglap gülmek güldi. * * * Aýşöhle ähli zatdan beter Döwbasanyň Gaýany «Bu maňa meňzeş däl» diýip ýekirmeginden gorkupdy, ýöne nähak gorkan eken. Döwbasan körpe ogluny ähli oglundan gowy gördi. Onuň üçin ähli ogly bir ýaňady, Gaýa-da bir ýaňady. Ol ogly Gaýany juda läliksiredipdi, nirä gitse, ony ýanyndan aýrasy gelmezdi. Ähli gowy zatlary özünden soň Gaýa berýärdi. Ony öwmek öwýärdi. Babasynyň Gaýany aşa gowy görmegi, ähli emlägine ony mirasdüşer bellemekçi bolýandygy ogullaryny dergazap edýärdi. Olar gürleşenlerinde Gaýa bilen ýylgyryp gürleşseler-de, gözlerinde oklary bolsa, birjik-de eglenmezden ony tükgertjekdiler. Elbet, Pamyram, Taranam giden baýlygyň, giden begligiň eýeleridi, şonda-da olar babasynyň mirasynyň Arslan bilen Gaýanyň arasynda paýlanylmagyny islemeýärdiler. Babasynyň baýlygyndan diňe bir satraba golaý begliklerdäki Pamyr beg bilen Taran beg däl, indi bäş-alty ýyl bäri Istemi hanyň gullugynda bolup babasyndan habar tutman ýören ogullaram hantamadylar, olaryň özleri gelmese-de, setanda-seýranda habarlary, babasydyr enesine niýetläp iberýän halat-serpaýlary gelip durdy. Gaýa özüni arkaýyn alyp barsa-da, doganlaryndan aşa gorkýardy, olaryň her hili ýowuzlyklary edip biljekdigini aňýardy. Şonuň üçin doganlaryndan daşrakda durmaga çalyşýardy. Babasy Gaýany öz ýerine emir bellejek bolanda, ol çürt-kesik garşy çykypdy we özünden ýigrimi ýedi ýaş uly dogany Arslanyň kethuda bolmalydygyny nygtapdy. Döwbasan öz ýerine Arslanyň emir goýulmalydygyny bilmän duranokdy. Ol: «Arslan şöhwete, keýpi-sapa aşa ýykgyn edýär, ol meniň çemçeläp ýygnanlarymy kersenläp ýok eder» diýip howatyr edýärdi. Babasynyň howatyrlanmasy ýöne ýerden däldi. Arslan sözüni gögertmek üçin ähli baýlygyny orta goýmakdanam gaýtjak däldi. Gahary gelende soňuny gaýgyrmazdan etjegini edýärdi, onuň edýän zatlary akyla sygar ýaly däldi. Zemm satrabynda kazy bolup oturyşyna Gaýanyň bar işi Arslanyň ýowuzlyklaryny örtmekdi. Gaýa bu zatlardan aşa ýadapdy. Zemmden uzak bir ýere gitmek isledi. Enesiniň ugradan Hanan begligine baryp gelensoň, Gaýa gitmeli uzak menziliniň Hanandygyny bildi. Babasy ol begligiň ikinji adynyň Şambaladygyny aýdanda onçakly düşünmändi. Indi welin düşünýär. Hanandan — Şambaladan Gaýanyň eger-eger gaýdasy gelmedi. Geçelgäniň özüne biçak ýarandygyny aýdanda babasam, enesem biçak hoş boldy. Oglunyň joşup-joşup beren gürrüňlerini diňlän Aýşöhle begençden ýaňa gözýaşyny saklap bilmedi. Gaýa enesiniň bu günki ýaly gözüni ýaşlap oturyşyny görmesi birinji gezek däldi, ol onuň bu edehädini çagalygyndan bäri görüp-bilip gelýärdi, ol enesiniň sessiz agysyny-da birinji gezek görenokdy, ol muny köp-köp gezekler görüpdi. Ol her gezek enesiniň näme üçin sessiz aglaýandygynyň sebäbini sorardy, ýöne her gezek bu sowaly jogapsyz galardy. Gaýa bu gezegem enesinden näme üçin sessiz aglaýandygynyň sebäbini doly bilerin diýen ynam bilen däl-de, uguralla sorady. Ol bu sessiz gözýaşyň näme üçindigini belli bir derejede bilýärdem. Daýzasy Mähriban oňa kän-kän zatlary gürrüň beripdi. Daýzasynyň gürrüňinden soň enesem Peleň hakdaky gürrüňleri oglundan ýaşyrjak bolup duranokdy. «Sen meniň daýanjym, sen meniň söýgimiň miwesi. Göktaňrydan närazy bolmaga hakym ýok, Göktaňry maňa söýgimiň wysalyny berdi. Men indi seniň barlygyňa şükür edip ýaşaýaryn. Sen meniň wysalym» diýip, enesi Gaýa guwanardy. Durmuşdan şeýle kanagatlanýan adamyň gözýaş dökmesi näme? — Wah, Gaýa, men saňa nähili aýtsamkam?! Meniň Peleňiň ýanynda, barybir, dilim gysga. Bilýärsiňmi näme, Peleňi meniň üçin öldürdiler. Onuň maňa öýlenmegini gabandylar. Onuň ölümine özümiň sebäp bolandygym, lebzimde durup bilmänligim meni örtemek örteýär, balam. Ondan bärem sen ýigit çykdyň, atabeglik mekdebini tamamlap geldiň. Sen çagajykkaň men Peleňiň saganasyna zyýarata baryp gaýtdym. Şonda hiç bolmanda ölemsoň Peleňiň ýanynda, Hanan obasynda ýurt tutunmagy arzuw edip gaýtdym. — Wah, ene, sen nämäniň aladasyny edýärsiň. Sen ölmersiň. — Ölmejek adam ýok, hemmämiziň başymyz ölümli. Men ölsem, oglum, meni Hanana äkit. Ine, meniň saňa soňky wesýetim. — Ene, saňa söz berýärin: ähli zady isleýşiň ýaly ederin. Aýşöhle oglundan şu sözi eşitmek isläpdi. Ol öňem bu hakda ýaňzydypdy. Ýöne ol gezekler Gaýa enesine söz bermändi, enesiniň ölümi, jaýlanmasy hakdaky gürrüňleri ol diňlemek hem islemändi. Gaýa Babyr begiň howlusyndaky saganany görmese-de, ony göz öňüne getirýärdi. Sebäp ol sagana hakda Aýşöhle, gör, näçe gezek Gaýa gürrüň berdi. Gaýa enesiniň gürrüňlerini diňläp, saganany täzeden galdyrmak isleýändigini aýtdy. Sebäp enesi her gezek sagana barada aýdanda «kiçeňräk, pessejik» diýen sözleri ulanýardy. Enesi o dünýäde Peleň bilen ýatmak isleýändigini, ýöne saganada özüne ýer bolmajakdygyna gynanýandygyny ýaňzydýardy. Ýok, ol bu zatlary bilgeşleýin aýtmaýardy. Enesi gara çyny bilen ýüregini açýardy. Saganany giňeltmegiň kyn düşmejekdigini Gaýa bilýärdi. Şonuň üçinem ol saganany giňeldip, täzeden gurmaga enesine söz bermegi ýüregine düwüpdi. Goý, enesi bir günem bolsa rahat hem umytly ýaşasyn. Gaýa bu pikirini aýdanda, Aýşöhle begenjine ogluny garsa gujaklady, soňam kes-kelläm garşy çykdy. Gaýa enesiniň bu habara başda çäksiz begenip, soňundan garşy çykmasynyň sebäbine düşünmäge çalyşdy. «Obaň adamlarynyň seniň ýüzüňi görmeklerini, Döwbasanyň ogludygyňy bilmeklerini islämok, eger seni tanasalar, obada ýene-de gep-gürrüň köpeler. Döwbasan hem özüm hakda bolgusyz gürrüňleriň edilmegini, hiç bir zat ýok ýerden Döwbasanyň dergazap bolmagyny islemeýärin. Goý, ol ikimiz sebäpli biynjalyk bolmasyn» diýip, Aýşöhle Gaýa ýüregini açdy. Gaýa enesine: «Enem, men saňa ýüregimden bir söz aýtmak isleýän, men seniň özüň hakda bir zady bilmegiňi isleýän: sen ýönekeý adam däl, sen gaty üýtgeşik, gaty duýguçyl, gaty päk, gaty beýik zenan. Özümiň şeýle beýik zenanyň ogludygyma begenjimiň çägi ýok. Seniň duýgur, owadan ýüregiň bar» diýdi. Ana, şondan soň Gaýa Hanana gitmegiň ugruna çykdy. Mamasynyň ýogalandygyny eşidende ol maksadyna ýetmäge mümkinçiligiň dörändigine düşündi. Ol babasyna Hanan geçelgesine mamasynyň ýerine görünmek üçin gitmek isleýändigini aýtdy. Döwbasan körpe oglunyň bu pikirini unady. «Ýöne Hanana gitjegiňi eneňe aýdaýmagyn» diýip, ogluna berk tabşyrdy. Gaýa Hanana gitjegini enesine aýtmandy, ýöne enesi onuň Hanana gitjegini aňypdyr. Ol ugramak üçin aladaňdan daşaryk çykanda, enesiniň garaşyp durandygyny görüp geňirgendi. — Ene, sen näme üçin bu ýerde dursuň? — Hanana gitseň, saňa ýolda gerek bolar diýip ýolgoşuňy taýýarladym. Käbir aýtjak sargytlarym hem bar. — Ene, men saňa Hanana gitjek diýip aýtmadym-a. Sen nädip bildiň meniň mamamlara gitjegimi? — Oglunyň ýüregindäkini duýmasa, ondanam bir ene bolarmy, oglum?! — Ene... — Hanana baraňsoň, oglum, ine, şu başlygy kelläňe geý — diýip, Aýşöhle gara mytgaldan edilen tuwagy Gaýa uzatdy. — Bu näme? — Başlyk bu, oglum. Sen muny başyňa geý. Ýekeje adam hem seni tanamasyn. Men gep-gürrüňden gorkýaryn. Bize artykmaç gep-gürrüňiň gerek ýeri ýok. — Ol ýerde meni tanamazlar. Sebäbi hananlylar meni öň görmediler. Döwbasanyň ogludygymy men hiç kime aýtmaryn. — Seni öň görmedigem bolsalar tanarlar. Gören dessine tanarlar. — Ýeri, bolýar. — Peleňiň saganasyna iki ýola maňlaýyňy degrip gaýt — diýip, Aýşöhle oglunyň maňlaýyna maňlaýyny degirdi. — Hökman aýdyşyň ýaly ederin. — Sag gidip, aman gel, gelýänçäň men şu daş işikde gözlerimi ýoluňa dikip garaşar oturaryn. — Aýşöhle birdenem oglunyň asla garaşmadyk pikirini dile getirdi. — Sen Hanana beg bolsaň, adamlar biçak begenerdiler... Gaýa enesiniň bu pikirine geňirgendi, ýöne ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady. Eneli-ogluň pete-pet duşuşanyny gören Döwbasan olaryň arasynda bolan gürrüňleri diňledi. Aýalynyň soňky pikirini öz ýanyndan unady. Gaýa mundan on-on bäş ýyl öň enesiniň paýu-pyýada geçen ýoly bilen niredesiň Hanan geçelgesi diýip, ondan gowrak atlyny, üç-dört düýe azygy alyp, iki menzillik ýola düşdi. Enesiniň beren gara mytgal tuwagyny elinde saklap gitdi. Oba ýakynlaşanlarynda hem tuwagyny kellesine omrakaý sümürdi. Gaýa bu ýere öň hem telim ýola gelen ýalydy. Ol begligiň niresinde nämäniň bardygyny bäş barmagy ýaly bilýärdi. Ol alawhananyň ýanynda atdan düşdi. Alawhananyň günorta gapdalynda gurlan öý — bu Peleňiň guran öýi bolmaly. Peleň bu öýi uly tutum bilen gurupdy. Öýüň howlusynda kiçeňräk ýozka bolmaly. Onuň içinde Täçhalyň, Kubanyň hem Peleňiň ystyhanlary ýatan bolmaly. Öýüň gabat garşysyndaky öý — bu Babyr begiň — Peleňiň ozalky öýi bolmaly. Soň bu öýe Sibir beg eýe çykypdyr. Bu öýde Gaýanyň enesi Aýşöhle ýaşan bolmaly. Gaýa begiň atdan düşen meýdançasy hananlylaryň her gün agşam hezreti Aýa tagzym edýän, rakys oýnaýan Alawýeri bolmaly. Alawýer babasy Döwbasanyň bäş günläp aç oturyp, mähriban enesiniň razylygyny alan meýdançasy bolmaly. «Babam nirede oturdykan?» diýip, Gaýa meýdançada ikiýana gezim etdi. Soňra sowlan bazara — Sibir babasynyň öýüne bardy, gulagyňy deşip barýan ümsümlik ony eýmendirdi. Ol bu öýde uzak eglenmän enesiniň dilden düşürmeýän ýerine — Peleňiň saganasynyň ýanyna gitdi. Enesiniň duýgudaşlygyny ýetirmek üçin baryp, Peleňiň saganasyna iki ýola maňlaýyny degirdi. Gaýa Babyr beg ýogalandan soň boşap galan öýde düşledi. Ýanyndakylara öýüň içerisini-daşarysyny syryp-süpürmegi, howlyny tertibe salmagy, öýüň ojagynda nahar bişirmegi tabşyrdy. Gaýa edilmeli işleri tabşyrmasyna tabşyrsa-da, özi kesede durup bilmedi: içerini syryp-süpürmäge, ýorgan-düşekleri Güne sermäge, düşekleriň tot-tozanyny kakyşmaga kömekleşdi. Garaňky düşende oba adamlarynyň görkli Aýa tagzym edişlerine tomaşa kyldy. Özi-de görkli Aýa tagzym etdi, özüne rowanalyk diledi. Ol geçelgäniň adamlary bilen tanyşmak, ysnyşmak isleýärdi, ýöne enesiniň tabşyrygyny berjaý etmek niýeti bilen başyndaky başlygyny aýyrmady. Gaýa öýüň ortasynda ojar odunyny ýakyp, oňa seredip oturdy. Köpler oda seredip, seniň durmuşyň hakda gürrüň berip bilýärler. Gaýa hem öz durmuşy hakdaky söhbedi oduň ýanyşyndan okasy geldi. Şonuň üçin ol bar ünsüni oda gönükdirdi. Oduň elem-tas bolup alawlamasy Gaýanyň hoşuna geldi. Gaýa uzynly gijäni oduň başynda oturyp geçirdi. Adamlar güzere hezreti Güne tagzyma ugranlarynda Gaýa olara goşulyşyp gitdi. Ýüzi gara tuwakly bolansoň, adamlaryň onuň ýüzüni göresleri gelýärdi. Oňa her kim bir zat diýýärdi. Olar Aýşöhläniň oglunyň nähili ýüz keşbiniň bardygyny şeýle bir bilmek isleýärdiler: Gaýa enesi Aýşöhlä meňzäpmi ýa babasy Döwbasana? Boýy-ha — görnüp dur — Döwbasanyňka meňzäpdir. Belki, ýüz keşbi Döwbasanyňka meňzän däldir? Kimiň taňlasy güýçli bolsa, çaga hem şoňa meňzemeli. Belki, Döwbasan Aýşöhleden asgyn gelendir?!. — Gaýa, näme üçin bizden ýüzüňi ýaşyrýarsyň? — Ýüzüňde bir aýbyň bar bolaýmasyn?! Gaýa bu adamlaryň özüni nädip tanadyklaryna haýran galýardy. Onda-da olaryň sözlerine üns bermezlige çalyşýardy. Ýöne ony babasyna çeken tekepbirlik damary welin, gozgalaňa salýardy: «Bular meniň kimdigimi tanap durkalar, näme üçin men adamlardan ýüzümi gizlemeli? Näme üçin tuwakly gezmeli? Men, näme, bedroýmy? Ýa meniň adamlaryň öňünde müýnüm barmy? Adamlar, goý, meniň ýüzümi görsünler. Enem näme üçin meni görer gözden goraýar? Biriniň gözüniň degmeginden heder edýärmikä?». Herhal, Gaýa baran günem, şol günüň ertesi-de ýüzüniň tuwagyny aýyrmady. Kimdir biri ondan: — Ýüzüň şeýle bedroýmy? — diýip sorady. Bu sowal gelen pursadyndan bäri özüne edilen gyjalatlaryň iň erbedi boldy. Onuň girre gahary geldi. Ol gahar bilen ýüzüniň tuwagyny aýyrdy: — Ine, gör! Men bedroýmy? — Wiý, bu Gaýa däl! Bu Peleň! — Dogry, Peleň! — Adamlar, gözüňiz aýdyň, Peleň diri! Peleň gelipdir! — Kim ol Peleň? — diýip, Gaýa ör-gökden geldi: — Men Peleň däl! Meniň adym Gaýa! — Ýok, ýok, sen Peleň! — Peleň, meni tanadyňmy? Men Garadaş! — Men seni tanamok. Men seni birinji gezek görýärin. Men — Gaýa! Gaýa ozal enesinden Peleň hakda käbir zatlary eşidenem bolsa, enesi oňa özüniň Peleňe meňzeşdigini aýtmandy. Bu barada ol şu mahal bilip galdy hem-de şu ýerde enesiniň «ýüzüňden tuwagyňy aýyrma» diýip örtenmesiniň sebäbine düşündi. Ol haýdan-haý ýola düşdi. Ol ýolboýy enesini babasyna biwepalykda aýyplady. — Öldürmeli! Hökman öldürmeli! — diýip, Gaýa öz ýanyndan öwran-öwran gaýtalady. Nädip jezalandyrmaly? Kim jezalandyrmaly? Gaýa goşhaltasyndan tuwagyny gözläp tapdy-da geýdi. Ol indi ýüzüni hiç kime görkezmek islemeýärdi, özüni metdi-masgara edilen, namysyna degilen hasaplaýardy. «Biwepadan dörän ogul. Jelepden doglan ogul!..». Gaýa şu güne çenli buýsançly ýaşady. Ol Babasyna buýsanyp ýaşady, enesiniň deňsiz-taýsyz owadanlygyna buýsanyp ýaşady. Indi Kutuly Allagyň neberesi masgara boldy! Masgara! Gaýa enesiniň tizden-tiz öldürilmegine howlugýardy. Ol bu ajy hakykaty babasyna nädip aýtjagyny bilenokdy. Ýok, aýtmaly! Öldürmäge ýetişeris. O jelebiň gaçyp gitjek ýeri ýok. Ony bazarda görene göz, eşidene habar edip öldürmeli! Hökman öldürmeli! SEKIZINJI BOÝ ADAMYŇ BEDENI — ÝERDE, JANY — AÝDA, RUHY — GÜNDE Göktaňry adam başyna şeýle bir kysmatlar salýar welin, ol kysmatlary bendesi näçe oýlananda-da tapyp biljek däl. Döwbasan beg Göktaňrynyň öz başyna salan ahwalatlaryna-da oturyp-oturyp haýran galýar. Döwbasan beg Bumyn han bilen baglanyşykly geçen günlerini, soň babasy Kutuly Allak bilen Zemm satrabynyň günbataryndaky Çekir obasynda mesgen tutuşyny, baýlyk gazanmak maksady bilen ekerançylyk, maldarçylyk, bezirgenlik, dellallyk bilen meşgullanyşyny, barybir, baýlygynyň köpelmändigini, şol sebäpli köp ýerde diliniň gysga bolandygyny, Hananyň begi Sibiriň hem hut şol sebäpli özüni äsgermändigini, köplenç, ýatlaýar. — Gör-ä, çarhypelegiň ediberişini! Bu gün Döwbasany äsgermedik beg älemde ýok. Onuň ähli baýlygy-da bu gün Döwbasan begiň baýlygyna öwrüldi. Birmahal özüne göwni ýetmedik owadan gyz Aýşöhle-de bu gün onuň uruban hatyny. Gör-ä, durmuşyň, ýok, ýok, durmuşyň däl, Göktaňrynyň ediberişini! Döwbasan begiň alty aýaly oňa ýigrimi bir ogul dogrup berdi. Ýedi sany gyzyň-a ol hasabyny-da edenok. Ýöne ol soňky günler ogullaryndan däl-de, gyzlaryndan köp hemaýat görýär. Durmuşa çykan-da bolsalar, «Babam!» diýşip kökenek gerşip durlar. Olar babalarynyň süýjüden-süýji, tagamlydan-tagamly nazy-nygmatlary iýmegi, gurjak deýin geýinmegi üçin gara heläk. Ýigrimi bir oguldan bu gün galany sekiz. On üç oglunyň hersi bir sebäp bilen dünýälerini täzelediler. Sekiz ogluň hem dördüsi satrabdan alysda. Olar Istemi hanyň hyzmatynda bolýarlar, Çekire örän seýrek gelýärler. Goý, olaryň ömürleri uzak, janlary sag bolsun. Işleri şowuna bolsun! Döwbasan begiň ýanynda diňe iki ogly — Arslan bilen Gaýa bar. Ogullary Pamyr bilen Taran bolsa başga galalarda beglik edip ýörler. Olarda babasynyňky deýin beglik, babasynyňky deýin baýlyk bar. Olar hossarlary bilen didarlaşmaga, hal-ahwal soraşmaga seýrek gelýärler. Döwbasan beg ýanyndaky iki oglundan razy. Sebäp Gaýa bilen Arslan babasy üçin islendik pursat şirin janyny töwekgellige salyp, döş gerjek ogullar. Arslanyň Gaýadan üç-dört ýaş kiçi iki sany ogly bar. Olar Döwbasan begiň çawuşlary. Olar atalarynyň ýanyndan aýrylmaýarlar. Olar ertirden agşama çenli diňe atalarynyň hyzmatynda bolýarlar. Olara atasynyň ýanynda ýeterlik iş bar. Atasynyň huzuryna gelýän her bir adam bilen iki ogul gürleşýär. Geleniň möhümini özleri bitirip bilseler-ä, onda olar atasyna azar beribem duranoklar. Niçik özleriniň çözüp bilmedik meselesi ýüze çyksa, onda gelen kişi bilen babasyny duşurýarlar. Ýöne Döwbasan beg soňky günler diwanyň işlerine goşulanok. Oba beglik etmegi, diwany ýöretmegi ogly Arslana ynanypdy. Gaýa satrap kazysydy. Döwbasanyň ogullarynyň ählisi sowatlydylar, olar Istemi hanyň köşgünde atabeglerden sapak alypdylar. Döwbasan öz ýanyndaky iki oglunyň her birine özbaşdak iş ynanyp, özüni ýuwaş-ýuwaşdan ölüme taýýarlaýardy. Sebäbi ol özüniň ölüminiň juda bir uzakda däldigini bilýärdi. Ajal her gün Döwbasana özüniň ýakyn wagtlarda gapydan jyklajakdygyny göni bolmasa-da, her hili ýollar bilen habar berýärdi. Gyş sowlup, bahar gelýärdi. Her baharda Döwbasanyň jany iňňäniň üstüne münýärdi: sähel bolsa bu panydan gidibermeli bolýardy. Bahar Döwbasanyň gowşaşan ähli synalaryna sütem edip görýärdi. Yh-çohy köpelýärdi. Aýratynam, gyzamykdan galan dümewlemesi bardy. Ýogsam aýallary onuň dümewlemezligi üçin etek alty-ýeň ýedi bolup ylgaýardylar. Aýallary gezekleşip onuň ýanynda dik oturardylar. Ukuda üstüniň açyk galmazlygy öýdäkileriň esasy endişesidi. Şeýle-de bolsa, sähel zada burny dykylyp, gözünden ýaş döküp başlardy. Onsoň, ony özüne getirmek görgüdi. Körpe ogly Gaýa babasy sähel ýoňlasa, gynanyp, ýanyp-bişip saňňyldabererdi. Bir tebip bilen oňmazdy, şäherdäki ähli tebipleri aýaga galdyrardy. Oglunyň bu bolşuny synlap ýatan Döwbasan öz ýanyndan hoşnut bolardy. Ogluny ýanyna çagyryp, elinden tutup, sesini çykarman ýatardy. Ogly babasynyň ellerini owkalap bermäge başlardy. Owkalanyberse, garry bedene gurp gelen dek bolardy. Owkalamakda owkalamak bar. Ömrüňe ömür goşýan owkalamak bar, ömrüňe peýdasyz owkalamak bar. Owkalamagyň gözi bar. Ana, şol gözi bilip, yhlas bilen owkalasaň, damarlaryň açylyşyp, ganlaryň ýöreşip gidiberýär. Ana, onsoň tow berlen ýaly, süňňüň ýeňlär, özüňi juwan duýarsyň. Döwbasan elli ýaşdan soňky ömrüniň galaba wagtyny aýaklaryny, endamyny owkaladyp geçirdi. Öz döwründe Patyşagül kän owkalapdy, soň Galamgaş adamsy Döwbasanyň sypawyny, owkalawyny ýetiripdi. Döwbasan Aýşöhle bilen öwrenişerin öýderdi. Ýok, ol durmuşda gaty köp zada öwrenişdi, ýöne Aýşöhläniň mähir-muhabbetine öwrenişip bilmedi. Otagyň içini nurlandyryp, Aýşöhle peýda bolanda Döwbasanyň mydama-da ýüregi elenip-elenip gidýär. Döwbasan her sapar ýanyna Aýşöhle gelende garysyna galdy, oňa ýaranmak üçin ýylgyrdy. Onuň göwnüni galdyrmak isledi. Döwbasanyň aňynda: «Aýşöhläni görenimde göwnüm galkýar, maňa ýaşlyk gelýär. Aýşöhle şu gözelligini ýitiren güni meniň göwnümiň galkmasy galar, göwnüm galkmasa-da, men ölerin. Meni uzak ýaşadyp ýören güýç — Aýşöhle, Aýşöhläniň görki» diýen ynam hökmürowanlyk edýärdi. Şonuň üçin ol öýde Aýşöhläniň nähilidir bir gara iş etmegine ýol bermeýärdi. Onuň bar etmeli işi gözelligini saklamak, Döwbasana hyzmat etmek. Döwbasan Aýşöhläni ýanyndan aýyrmak islemeýärdi. Ol: «Sen agyr iş edip, görküňi zaýalama» diýerdi. «Sen şu görküňi saklagyn, görküňi saklaman, betnyşan kempire öwrülen günüň men seni hut öz ellerim bilen bogup öldürerin» diýerdi. «Humaýym, hany, meniň öňümde sülmüräp otur» diýerdi. «Humaýym, hany, maňa şol elleriň bilen şerap guýup ber» diýerdi. Käteler ähli hatynlaryny daşyna jemläp, nutuk aýdardy. «Eý, meniň göwün guşlarym. Siziň işleriňiz — meni göwnühoşlukda saklamakdyr. Meni eziz görmekdir. Men siziň ýerdäki Taňryňyzdyryn. Eşidýärsiňizmi, men siziň ýerdäki Taňryňyzdyryn. Siziň ykbalyňyz meniň elimdedir. Siz meniň aýamdaky gumrujyklarsyňyz. Siziň ähli aladaňyz, ähli pikiriňiz diňe men hakda bolmalydyr. Diňe men hakda pikir etmelisiňiz. Men ýadap gelsem, ýylgyryp, hyzmatymy edip göwnümi götermelisiňiz. Men siziň ähliňizi-de eý görýändirin, Aýşöhläni has eý görýändirin. Meniň eý görýänimi siz hem eý görmelisiňiz. Meniň ýigrenenimi siz hem ýigrenmelisiňiz. Aýşöhläni näme üçin aýratyn gowy görýändigimi siziň özüňiz mendenem gowy bilýänsiňiz. Aýşöhlä hyrydar çykan özüňizsiňiz. Aýşöhle elini sowuk suwa urmaly däldir. Aýşöhle şu görküni saklap, meniň göwnümi götermelidir. Maňa Aýşöhläni tapyp berendigiňiz üçin, Patyşagülden, Galamgaşdan müňde bir razydyryn» diýerdi. Bu sözler köp gaýtalanardy. Gündeşler işsizlikden ýaňa her hili oýunlar tapardylar. Olar Döwbasana öýkünmegi hasam gowy görýärdiler. Galamgaş Döwbasan bolan bolardy. Ol adamsynyň eşigini geýip, sesini gataldyp, her kimiň üstüne bir gygyrardy. Soňam ellerini bykynyna urup, ikiýana gezim ederdi. Aýallary onuň öňünde çöke düşüp tagzym ederdiler, aýagyndan ogşan bolardylar. «Eý, ganjyklar, aýak görmediňizmi näme, turuň indi». Aýşöhle tursa-da, Patyşagül turmazdy. «Ýene biraz tagapyl eýläň, hökümdarymyz. Ýene biraz ogşap mährimi gandyraýyn». «Äl, aýak gören dälsiňiz-ow. Şu güne çenli ganmadyk mähir indem ganmaz». «Siziň aýagyňyz ýaly aýak älemde ýokdur, hökümdarymyz. Heleýiň aýagy ýaly, eýjejik aýagyňyz bar eken». «Eý, meniň gumrujyklarym, siziň ykbalyňyz meniň elimdedir. Siziň bar aladaňyz men bolmalydyryn. Diňe men hakda pikir etmelisiňiz — «Döwbasan» birden Aýşöhläniň üstüne gygyrar. — Eý, tokalym, sen nä gyrada ýylgyrjaklan bolup, tomaşa edip dursuň. Owadan bolaňda näme, derrew aýagyma ýykyl!». «Men size tagzym edip, aýagyňyzdan, ogşap-ogşap häzirjik turdum-a!». «Näme üçin ilkinji bolup turduň? Ine, lakaşasy çykan baýbike Patyşagüle seret, entegem aýagymdan doýup bilmän otyr. Sen hemmelerden soň turmaly. Sebäp sen tokal. Derrew öňümde tükger!». Aýşöhle sandyrap-sandyrap, «Döwbasanyň» öňünde büküler. «Meni düşege geçiriň!». «Döwbasanyň» hatynlary ony göterip, arzyly ýerine geçirerler. Patyşagül «äriniň» boýnuny owkalar, soň aýagyny. Aýşöhle bolsa «äriniň» gujagynda sülmüräp oturar. «Döwbasan» Aýşöhleden gözüni aýyrman sereder, ony sypalan bolar. «Humaýym, gumrymmy sen?! Saňa döneýin men. Sen maňa ýaş berýärsiň, ömrüme ömür goşýarsyň. Seniň gadyryň ap-aýratyn bolmalydyr. Hany, ýakynragyma süýş, men bir senden mährimi gandyraýyn. Ýok, ýok, saňa näçe seretsemem az. — «Döwbasan» Patyşagüle ýüzlener. — Meniň tokalym elini sowuk suwa urmaly däldir. Aýşöhle şu görküni saklap, meniň göwnümi götermelidir. Maňa Aýşöhläni tapyp bereniňiz üçin men Patyşagülden, Galamgaşdan müň-de bir razydyryn». Döwbasan hatynlarynyň bu henegini eşidipdi. «Adam garrasa oýnatgy bolar» diýipdi. Ýöne aýallaryna gatyrganyp hiç zat diýmändi, ol indi aýallaryna köp käýäp hem ýörenokdy, öňküleri ýaly urjak hem bolanokdy. Diňe: «Haý, gamçy iýesiň gelipdir-ow!» diýip oňardy. Patyşagül bolsa: «Ärimiz gamçylap urmasyny haýbat atma bilen çalyşdy» diýerdi. Döwbasanyň gamçysy awulydy. Ol gamçylap başlanda ony saklaýan bolmazdy. Az gamçylap goýmagy gelşiksiz görýän dek, Döwbasan bir urup başlansoň, gara suw bolup, ysgyndan gaçýança urardy. Aýşöhleden özgesi gaty kän urlardy. Aýşöhle bir gezek hem urulmandy. Aýşöhle Döwbasan üçin bütin ömrüne ezizligini saklady. Ogly Gaýa enesini çagyryp gelende Döwbasan oňa ýanjagazynda oturmagy emr etdi: — Kem zadyň barmy? — Hiç kem zadym ýok. — Näme gerek bolsa çekinmän aýtgyn, tapyp bererin. Özüň görüp dursuň-a, Ýüpek ýolunyň üstünde ýerleşenimizden soň, bizde düşläp geçýän söwdagärleriň yzy üzülenok. Basyldan getirmelem bolsa, Çyn-Maçyndan ýa Hindistandan getirmelem bolsa, çekinmän göni aýtgyn, söwdagärlere tabşyrsam, olar maňa getirip bererler. — Gerek zadym ýok, tagsyrym! — Menden närazy ýeriň barmy? — Ýok, ýok, närazy ýerim ýok, tagsyrym! — Seniň sesiň maňa parym. Hany, ýene aýt soňky sözleriňi! — Närazy ýerim ýok, tagsyrym! — Eşidemok, ýene gaýtala. Gatyrak. Aýşöhle tisginip gitdi: birmahalky Peleňe aýdylan sözler ahyryn bu sözler. Eý, Göktaňrym! Peleň bilen bolan gürrüňleri begiň gulagyna ýetiräýdilermikän?! Kim ýetirer?! Görüň-ä, muny! Birmahalky henegini bu gün onuň özüne aýdýarlar. — Eşidemok, gaýtala ahyryn gatyrak! — Närazy ýerim ýok, tagsyrym! Döwbasanyň daş sypatyna seredeňde ýetmişden geçendir öýder ýalam däldi. Ýüzünde gasyn ýok diýen ýalydy, ýüzüne bakylyk suwy çaýylan dek lowurdap durdy. Bir gözi sähel ýympygrak bolsa-da, mähirlidi. Onuň ýylgyrmasy ýürekdeş kişi diýdirýärdi. Äpet göwresi öňkülerinden biraz çekilipdir. Eňeginiň aşagynda towugyň zigirrigi ýaly artykmaç et sallanyp durdy. Altynsow saçynyň üstünden altyn çyzmyk daňynan Aýşöhle sarç keýik deýin Döwbasanyň gaşynda keýerjekläp otyrdy. Onuň nazarynda ykbalyna kaýyllyk, durmuşyndan razylyk bardy. Onuň agyr zähmet çekmändigi, durmuşda horlanmandygy duýulýardy. Mähirden doly owadan gözlerde welin, nähilidir bir tukatlygyň yzlary çalaja bildirýärdi. Döwbasan Aýşöhlä seredip, ilkinji gezek agyr oýa batdy. Netikaza ölüm soňky döwürde Döwbasana zorluk hem zomluk bilen özi hakda oýlandyrýar. Ýeňles zenanyň näçe wasp edilse-de az görşi deýin, has takygy-ha, özüniň aýagyny hernäçe owkalatsa-da, az görşi deýin, hernäçe oýlansa-da, ölüm özi hakdaky oýlanmalary az görýär. Ol özi hakda Döwbasanyň gije-gündiz oýlanmagyny isleýär. Durmuşyň bar gürrüňi ölüm ýaly! Ölüm hakdaky pikir Döwbasanyň aňyna sakyrtga deýin dolaşdy. Döwbasan käteler ölüm hakdaky oýlanmalardan bizaram bolýar. Ölüp bir dynaýyn-la diýip pikir edýär. Ýöne Aýşöhlä nazary düşende özüniň entek-entek ölmeli däldigine düşünýär. «Ölmeli däl!» diýip, Döwbasan kesgitli netijä gelýär. Şeýle owadan zenany taşlap, heý-de o dünýä gidip bolarmy! Ýok! Ýok! O dünýäde körüň ýok seniň! O dünýäde Aýşöhle deýin owadan zenanyň ýokdugy hak. Aýşöhläni goýup gidip bolmaz! Gör-ä ony! Nazaryňy aýyrar ýaly däl. Seredip, mähiriňi doýrar ýaly däl, näçe seretseňem az! Näçe seretseňem, Aýşöhläniň mähir-muhabbetinden, owadanlygyndan ganyp bolanok. Gaýtam, seretdigiňçe seredesiň gelýär. Aýşöhläniň owadanlygynyň öňünde her kes dyza çöker! Eger öýlenmedik boý ýigit hem on bäş ýaşly gyz islemez, haýsy gerek diýilse, gepsiz-gürrüňsiz kyrk ýaşly Aýşöhläniň öňünde dyza çöker. Eý, Göktaňrym! Sen maňa ajalymy boýnuma alyp ýörkäm, alnymdan Aýşöhläni çykaryp, ýigrimi ýyl ömri peşgeş berdiň! Elli üç ýyllyk ömür bir ýana, Aýşöhle bilen ýaşalan ýigrimi ýyl bir ýana! Soňky ýigrimi ýyl ömrüm meniň altyn ömrüm. Men bu ömri başgaça nähili atlandyrjagymy-da bilemok! Aýşöhle ýigrimi ýyl geçse-de gözelligini, owadanlygyny ýitirmedi. Ýok, ýok, Aýşöhle adaty gyz däl, ol ylahy gyz! Beýle gyz menden başga hiç kime mynasyp bolup-da bilmez. Men o dünýäde-de Humaýsyz oňup bilmerin. Ýok, Humaýsyz o dünýäde ýeke günüm hem geçmez. Geçmesin hem! Goý, o dünýäde-de Aýşöhle meniň bilen bolsun! Döwbasan müňkürlik bilen körpe ogly Gaýa wesýet etmek hakda oýlandy: «Oglum, eneň bilen men bu dünýäde-de, o dünýäde-de aýry bolasym gelenok. Men ölemsoň eneňi öldürip, meniň bilen bile jaýla! Beýle dessur diňe müsürlilerde bolandyr öýtme, biziň eždatlarymyz hem öz gowy gören hyzmatkärini, aýalyny, egin-eşigini ýany bilen äkidipdirler. Meniň bu dünýäden Aýşöhleden başga alyp gitmek isleýän zadym ýok». Ogly Gaýa razy bolarmykan? Bolmaly. Ataň sözi ogul üçin kanundyr. Döwbasan soňky döwürde o dünýä ýany bilen Aýşöhläni äkitmek hakda kän oýlanýardy, ol ikinji bir çykalgany görenokdy. Eýsem Döwbasan ölensoň, Aýşöhle galybermelimi? Bu owadan perizada bir päli azanyň aşyk bolmagy mümkin ahyryn. Aşyk bolubam ogullarymyň gözlerini güýdüşdirip, Aýşöhläni alyp gaçsalar näme?! Döwbasanyň göwnüne, Aýşöhle başga biriniň gujagynda ýaly duýuldy. Onuň aňynda täze dörän bu pikir kem-kemden hökmürowanlyk etmäge başlady. Döwbasan aňyna oslagsyz giren bu pikiri zyňyp taşlamak üçin başga-başga zatlar hakda oýlanmaga, her hili zatlara güýmenmäge çytraşdy. Bu çytraşmasy duýdansyzlykda ary kömejini gozgana döndi: Aýşöhläniň başga bir erkek kişiniň aýaly boljakdygy hakdaky pikiri — arylary onuň üstüne hüjüm eýlediler. Döwbasan üstüni gat-gat ýorgan bilen örtüp ýatyp gördi, peýdasy bolmady, arylar — pikirler hiç hili päsgelçiliksiz ýorganyň aşagyna hüjüm eýlediler. Döwbasan ary çakan dek çirkin-çirkin bagyrdy, şeýle gykylyk etse, gerekmejek pikirler özünden daşlaşaýjak ýalydy. Arman, daşlaşmady. Wah, o dünýä ýanyň bilen isleýän zadyňy, isleýän aýalyňy äkidip bolýan bolsa bolmaýamy?! Wah, öň eždatlarymyz o dünýä gidenlerinde ýanlary bilen öý goşlaryny, aýalyny, hyzmatkärini äkidip dogry edipdirler, hezil edipdirler. O dünýä, edil toýa giden dek dabaraly gidipdirler. Ýöne Salyr Gazan o dünýä ýeke gitmegi kada girizipdir. Wah, Salyr Gazan gursun! Şu pikirden soň Döwbasan bus-bus adama öwrüldi. Hiç kimi kabul etmedi. Oňly zat iýmedi. Başyny aşak salyp, şol pikirine gark bolup gününi geçirdi. Hatynlary her hili dilnowazlyk-jilwegärlik bilen, her hili hödür-kerem bilen Döwbasanyň göwnüni awlap bilmediler. Ogullary Pamyram, Arslanam, Gaýa-da her hili maslahat bilen, geňeş bilen, hoş habar bilen Döwbasanyň göwnüni awlap bilmediler. — Tagsyrym, siziň tukatlygyňyza biz biynjalyk bolýarys. Siz soňky günler hiç zat iýip-içeňizok. Näme derdiňiz bar bolsa, göwnüňiz näme isleýän bolsa aýdyň, biz bitirmegiň ugruna çykaly — diýip, üç aýaly üç ýerden hökümdarlaryna ýüzlendiler. — Babam, saňa bir zad-a bolýar, seniň öňküligiň ýok. Eger biri göwnüňe degen bolsa, aýt, biz onuň boýnuny sogrup, kellesini öňüňde goýaly. Belki bir ýaş peri-peýker isleýänsiň, onda ony aýt, biz nirede bolsa-da owadandan owadan peri-peýker tapyp getirip, gujagyňa salaly. Daglaryň uçut gaýasyndaky mumyýadan isleýän bolsaň, aýt, uçut gaýa çykyp, saňa mumyýa getirip bereli. Göwnüň nähilidir bir del zat isleýän bolsa, onda ony aýt, dünýäniň çar künjeginden adyny tutan zadyňy tapyp getireli. Ýöne, baba, beýle perişan halda oturma! Saňa perişanlyk gelşenok. Sen bütin ömrüňi şady-horramda, şöwketde hem şöhwetde geçirdiň, göwnüňe gelen işi edip, bitirip ýaşadyň. Mert ýaşadyň, är ýaşadyň. Indem başyňy dik tut, baba! — diýip, Arslanam, Pamyram, Gaýa-da ellerini ýürekleriniň üstlerinde goýup, babasyna ýüzlendiler. Döwbasan ýürekden aýdylan bu sözlere ynandy, ýöne olara näme jogap berjegini bilmedi. Atasynyň göwnüni götermek üçin, ogullary ony bezirgenler, söwdagärler bilen duşurmagy makul gördüler. Üç-dört bezirgen çagyryp meýlis guradylar. Olara dünýäde görüp-eşiden, başdan geçiren geň-enaýy wakalary hakda gürrüň bermegini towakga etdiler. Bezirgenler Döwbasanyň göwnüni götermek üçin gaty yhlas etdiler. Bedeniňe gurp berýän däri-dermanlaryny, nygmatlaryny eçildiler. Barybir, ol galkmady, onuň hiç bir zat bilen seri ýokdy. Onuň hiç bir zada ragbaty-da ýokdy. Ol uzynly gününi ýatyp geçirýärdi. Özüniň garrandygyny, bu dünýäden göç etmeli pursadynyň gelendigini aňýardy. Ony ajalyň rehimsiz elinden alyp galmaga indi Aýşöhle hem ejiz gelýärdi. Adamyň bedeni — Ýerde, jany — Aýda, ruhy — Günde bolmaly. Şeýle bolansoň adamlaryň, köplenç, Aýly gijede jan bermekleriniň hikmeti oňa düşnüklidi. Aý aýdyň gijelerde onuň-da jany karkara münerdi. Günüň dogaryna, Gündäki ruhunyň hemaýatynyň degmegine sabyrsyzlyk bilen garaşardy. Tokalynyň adynyň Aýşöhle bolmagy-da onuň üçin uly hikmete esaslanýardy. Aýşöhle Döwbasanyň Aýdaky janydy, janyndan gelen şöhledi. Döwbasanyň Döwbasanlygy Aý bilen — jany Aýşöhle bilen baglanyşyklydy. Onuň ýanyna diňe Aýşöhle baryp bilýärdi. Ony diňe Aýşöhle naharlap bilýärdi. Döwbasan Aýşöhläniň uzadan tagamyndan ýüz öwrüp bilenokdy. Ol tokalyna beýleki hatynlaryna aýdýan agyr-ajy sözlerini aýtmakdan saklanýardy. Ol özüni Aýşöhläniň ýanynda has ynsanperwer, has pazylatly adam edip görkezmäge çalyşýardy. Beýle ýasamalygyň Aýşöhlä geregi ýokdy. Geçen ýigrimi ýylyň içinde ol Döwbasany has içgin tanapdy. Onuň haýsy bir iş babatda nähili çözgüde geljegine, nämeleri diýjegine deňiç magat bilýärdi. Öýdäkilere Döwbasanyň Aýşöhlä goýýan hormatyndan peýdalanmakdan başga çykalga ýokdy. Eger Aýşöhle nahar iýdirmese, onuň uzynly gün bir agyz tötek iýmeýän günlerem bolýardy. Şeýle bolanda Patyşagül bilen Galamgaş Aýşöhläniň ýanyna gelip, Döwbasan begiň köp wagt bäri hiç zat iýmändigini aýdardylar, Aýşöhle olaryň islegi bilen adamsyna owkat elterdi. Döwbasan beg, hakykatdanam, tokal hatynynyň mürähedi bilen ýazylyp-ýaýrap naharlanardy. Aýşöhläniň öz dünýäsi bardy, adamsynyň ýanynda oturan-da bolsa, aňy başga ýerdedi. Has takygy, Ýekepetdededi. Peleň bilen duşuşan, onuň bilen gürleşen, ylgaşan pursatlary mydama onuň aňyndady. Ol şol pursatlaryň ýatlamalary bilen ýaşaýardy. Ol düýrmegi bilen şol pursatlara berlendi. Hernäçe şol pursatdan çykjak bolsa-da eýgermeýärdi. Ýatlamaly bolsa, onuň çagalygynda-da ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolupdy. Ýöne Peleň bilen baglanyşygy bolmadyk wakalaryň ýekejesem onuň ýadyna düşmeýärdi. Asyl, başga wakalary ýatlasy-da gelmeýärdi. Yşk Aýşöhläni özüne kökeripdi. Ol diňe Ýekepetdeli, has anygy, Peleň bilen baglanyşykly wakalary ýatlap ýaşaýardy. Aýşöhle özüni Peleňden üzňe hasaplanokdy. Ýok, ýok, Peleň mydama onuň ýanyndan aýrylanokdy. Peleň onuň bilen birleşipdi. Ol Peleň bilen gürleşýärdi. Onuň bilen düşünişýärdi. Onuň bu dünýäden çykasy gelenokdy. Çünki bu dünýäde onuň üçin egsilmeýän lezzet bardy. Adamsynyň «Adamyň bedeni — Ýerde, jany — Aýda, ruhy — Günde» diýen sözleri Aýşöhläniň göwnüne makuldy. Ýöne onuň janam, ruham Ýekepetdededi, Peleňdedi. Aýşöhle Peleň bilen duşuşan ýerlerini-de Peleňiň hut bir synasy hökmünde duýýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |