23:10 Göktükmen söýgüsi -26/ romanyñ dowamy | |
ON IKINJI BOÝ
Taryhy proza
GÖWÜN BEGDIR, GÖWRE GÖWNÜŇ GULUDYR Gaýa babasynyň sargydyny tutdy: Hanana beg boldy. Ony adamlar gowy kabul etdi. Başda ähli kişi «Peleň gelipdir-de, Peleň gelipdir» bolşup, onuň daşyna egele boldular. Onuň Peleň däl-de Gaýadygyna, teý, ynanyp bilmän kösendiler. Gaýa başda özüne Peleň diýilmesini halamady. On-on bäş kişini özüne Peleň diýendigi üçin tä özünden gidýänçä urdy. Bir görse, şol taýak iýenler soňam «Peleň» diýip, ýalňyşandygy üçin soňunden ötünç sorap durlar Özüniň Peleňe meňzeş bolmagy Gaýa üçin düşnüksizdi. Ol bu hakda köp oýlanýardy. Göwnüne her hili gümanlar gelýärdi. Eýsem enesi ikilik etdimikän? Ýok, Peleňiň öldürilendigini Gaýa bilýär ahyryn. Özem Peleň öldürilenden üç ýyl geçenden soň Gaýa dünýä inipdi. Bu gürrüň diňe şu günüň gürrüňi däl. Bu hakda Gaýa babasyndanam, doganlary Pamyr bilen Arslandanam eşidipdi. Babasy: «Dünýä akyl ýetirmek üçin Hananda işle» diýipdi. Dogrudanam, Hanan geçelgesi dünýäni ýatladýardy: adamlar gelip-geçip durlar. Hiç kim ýok diýip durkaň, sasan tarapdan birgiden kerwen geler. Gelenem howlukmaçdyr. Säginmän geçip gitmek islär. Onuň üçin derýanyň aňyrsynda aňyrsy tükenmez baýlyk hem mertebe garaşyp duran ýalydyr. Geleniň göwnüne ýetmek görgüdir. Özem her edip-hesip edip rabatda ýatyp-turany, iýip-içeni üçin hak tölemejek bolar. Artyk aldyň diýip dawa turuzar. Eý, Hudaý, bezirgeniň dünýäsi näteňet? Özem her gelen han, her gelen soltan. Hemmesi şanyň iň ýakyn, hormatlaýan adamy, ýegre dosty hökmünde gürleýär. Gepletseň, dünýäde görmedik zatlary, görmedik ýurtlary ýokdur. Göýäki olar dünýäniň ähli zatlarynam bilýändirler. Sen şeýle adama hyzmat edýändigiňe müň-de bir şükür etmelisiň. Aýaklaryny ýuwup bermelisiň. Ýatanlarynda ýüzlerini ýelpäp oturmalysyň. Garasaý, ömürlerinde görmedik hezzetlerini görmek isleýändir olar. Üstesine azgyrylyp, hapa sözlerini bolluk bilen seçeleýärler. Näme diýseler, sen çekip oturmalysyň. Köp dawa derýadan gije geçmek isleýändikleri sebäpli bolýardy. Derýa gije barmaly däldigini, Enehudaýyň gije ýanyna gelen adamlary halamaýandygyny, şonuň üçin hem bar bela-beteriň gije bolýandygyny bezirgenler bilmesine bilýärdiler, ýöne nebis olaryň gorky-ürküsinden rüstem gelýärdi. Gaýa her hili bezirgenem gördi, her hili ýagdaýlaram boldy. Wagtyň geçmegi bilen işe öwrenişdi. Oňa teselli berýän bir zat bardy. Ol hem her gün işden soň hananlylaryň, gullaryň seniň huzuryňa gelip bir zatlar bereriňe hantama bolup durmaklarydy. Geçelgäniň adamlarynyň ählisi Gaýa garaşlydy. Gaýa her gün işden soň adamlaryň iýip-içjek zatlaryny paýlardy. Adamlaryň birnäçesi berlen owkatlaryny duran ýerinde, ýene birnäçesi hem bir çete çekilip iýerdi. Kim işden boýun gaçyran bolsa, oňa iýer ýaly hiç zat berilmezdi. Ýalbarmak peýdasyzdy. Kimdir biri dözümsizlik edip öz paýyndan berse, onsoň şol adamyň dat gününedi. Ol adamy ýowuz jezalandyrardylar. Maşgalaly-çagaly adamlar öz paýlaryny öýlerine alyp gaýdardylar. Öýlerinde çagalary bilen bile naharlanardylar. Galanyň adamlary iki topardy. Birinji topar umumy ýatakjaýda ýaşaýan gullardy. Olaryň gara garnyndan başga aladalary ýokdy. Ikinji topar maşgala bolup külbelerde ýaşaýardy. Geçelgede dört ýerde daşdan gurlan jaý bardy. Ol jaýlaryň biri alawhanady, ikinjisi Sibir begiň (aslynda Babyr begiň diýmeli) öýüdi, üçünjisi Aýşöhlä öýlenmek üçin Peleňiň guran täze jaýy bolmaly. Dördünji jaý rabatdy. Rabadyň daşyna çertek aýlanandy. Düýeleriň, atlaryň durmagy üçin teblehanalar bardy. Olaryň otuna-suwuna ýörite tapugçylar seredýärdi. Bu işde, köplenç, ömrüni salçy bolup işlän, indem garrandygy sebäpli salçylyga ýarawy bolmadyk adamlar işleýärdiler. Diňe düýedir atlara däl, bezirgenlere hyzmat edýän adamlar hem kileň garry adamlardy. Olar işine ezberlän adamlardy. Olara nähili hyzmat etmelidigini öwretmek zerur däldi. Gaýa Hanana gelen başky birki aýynda Babyr begiň öýünde ýaşan hem bolsa, soň bu öýden gaýdyp, saganaly öýe — Peleňiň guran öýüne göçüpdi. Ol bir ädim hem bolsa enesiniň ýatan ýerine ýakyn bolmak isleýärdi. Ol bu ýerde özüne rahatlyk hem ýylylyk tapýardy. Gaýa Babyr begiň öýi babatda amatly bir çykalga tapdy. Baý, tarhan görünýän bezirgenleri, serkerdeleri hatyralap bu öýe getirýärdi. Dynç almak üçin bu ýerde bolýan myhmanlaram gysgançlyk etmän, eçilerdiler. Işiň günde adam kabul edip, adam ugratmak bolsa, geleniň ýüz keşbine gözüň kaklyşandan onuň näjüre adamdygyny anyklap boljak eken. Adamyň kimdigi ýüzüne ýazylan, esasy zat şol ýazgyny okamagy başarmaly. Gaýa tekepbirdi. Hanana gelip tekepbirligine palta urmaly boldy. Ýogsam ähli bela-beterler diňe tekepbirlik zerarly bolýardy. Soňky döwürde Gaýa özünde pähim bilen sabyry edinmek üçin çalyşýardy. Gaýa rabatda işleýän hyzmatkärlere, gullara gelýän bezirgenler bilen gaty mylakatly bolmalydygy, olaryň tekepbirligine çydamalydygy, ertir ol adamlaryň geçelgede bolmajakdyklary, geçip gitjekdikleri hakda ýörite aýdýardy. Wah, olara bu sözleri aýtmagyň zerurlygy hem ýokdy. Sebäp öňem bu barada olara aýdylma kemi galmandy. Durmuşam birsyhly öwredýärdi. Rabatda işleýän adamlar hem bezirgenleriň köpüsini tanaýardylar, olara nähili sözleri aýdaňda, haýsy zatlary edeniňde hoş ýakjakdygyny hem gowy bilýärdiler. * * * Gaýa işleri tapugçysy Ýanartigine tabşyryp, ýanyna bäş-on sany çawuş alyp, aw tazylaryny öňüne salyp awa gitdi. Çünki ol aw awlamagy gowy görýärdi. Men erkek diýýänleriň içinde awy gowy görmeýäni barmy näme?! Gaýanyň durmuşdan alýan iň datly lezzeti awdy. Ol awda ýadanyny bilmezdi. Göktaňrynyň ediberşini diýsene! Ümürsin tokaýlyk. Kä ýerlerde sonarly meýdanlar. Nireden gözbaş alýandygy belli bolmadyk çaýlar şildireşip akyp ýatyr. Pillerden başlap, keýikdir saýgaklara çenli süri-süri bolup sonarlaşyp ýörler. Göktaňry adamy, gör, nähili ezizleýär: Ol adam açlyk diýen zady bilmesin diýýär. Hananlylar hiç wagtam bugdaý ekenok, ýöne hananlylara ýeter diýýän bolmaly, aňyrsy görünmeýän giň sähralykda bugdaýy hyrawa gögerdýär. Bugdaý bişensoň, galanyň begi öz adamlaryny şu ýere getirýär. Adamlar iki-üç günüň içinde bir ýyla ýeter ýaly hyrawa gögeren gallany düýelerine ýükläp äkidýärler. Obanyň aýallary gallalary birki aý iş edinip hoşasyndan arassalaýarlar. Uly-uly urnalarda gallalary çüýremez ýaly edip saklaýarlar. Urnalara gözegçilik edýän ýörite adamlar bar. Olar öz işlerine ökdeläp gidipdirler. Ömrüni aw bilen geçirýän adamlar hem bar. Bu işde-de, esasan, derýanyň agyr işine ýaraman galan adamlar. Göktaňry olary hiç wagtam kösänok. Sebäp Göktaňry awçylara bir obaň adamlarynyň göz dikip garaşjakdyklaryny, eger aw bermese, obaň adamlarynyň huruşsyz galjakdygyny bilip dur. Onsoň Göktaňry öz ezizlerini heý işsiz goýarmy? Awçylar kösenmesin, uzaga gidip ýörmesin diýýän ýaly, Göktaňry semiz-semiz keýikleri, öküzleri oba ýakyn getirýärdi. Awçylar gerek diýen zadyňy gypynçsyz getirip durdy. Gaýa düýn awçylara özi üçin on sany togdary getirmegi tabşyrdy. Awçylar gelenlerinde sährada käkilikleriň köpelendigi, olar üstlerinden uçup geçenlerinde köplüginden ýaňa duran ýerleriniň garaňkyrandygy hakda gürrüň etdiler. Ana, şonda-da Gaýada şol käkiliklerden bäş-on sanysyny awlamak höwesi döredi. Şol höwes bilenem awa çykdy. Niýeti gije sährada ýatyp, erte agşam oba dolanmakdy. Gaýa awa çykmazyndan öň Akmeýdan obasyna — Gaýmart begiň agtygy Tugrulaga habar iberipdi, ony bile aw etmäge çagyrypdy, özüniň haýsy güzerde garaşjakdygyny aýdypdy. Tugrulak Wahşunwaryň körpe ogludy. Gaýa bilen ýaşytdaşdy. Olaryň ümi alyşýardy. Soňky günler Gaýa Wahşunwar begiň, Tugrulagyň ýanyna birsyhly gatnaýardy. Olar bilen meýlis gurýardy. Gaýmart beg hem Gaýa aýratyn hormat goýýardy. Gaýa Gaýmartdan, Wahşunwardan Peleňiň nähili ýigit bolandygy hakda soramak isleýärdi. Ýöne, akmeýdanlylar dilleşen ýaly, Peleňiň nähili ýigit bolandygy hakda kelam agyz hem gürlemek islemeýärdiler.. Gaýa olardaky gorkyny duýýardy: «Bu ýigidiň bolşuny görsene! Peleňi babasynyň öldürendigini bilse-de, bizden osmakladyp soran bolýar. Näme, bu babasyny aklamakçy bolýarmykan?!» diýen manyny aňlan Gaýa olara ýüregindäkini düşündirip bilmeýändigine gynanýardy. Ol Peleňiň ölümi barada soranokdy ahyryn. Ol ölmezinden öň nähili ýigitdi?! Näme üçin obada Peleňi biçak gowy görýärler?! Peleň üçin başyny goýjak adamlar bar. Näme üçin beýle? Näme üçin? Peleň nädip obadaşlaryna özüne şeýle gowy hormat, mertebe goýdurmagy başardy? Gaýa, ine, şuny bilmek isleýärdi. Hananlylaryň özüni hem edil Peleňi hormatlaýyşlary, ezizleýişleri ýaly ezizlemeklerini, hormatlamaklaryny isleýärdi. Ol adamlaryň Peleň hakda joşup-joşup gürleýişlerini eşidýärdi. Ýöne Gaýa baranda olar gürrüňlerini goýýardylar. Ol köp adamdan: «Peleňi näme üçin beýle gowy görýärsiňiz» diýip sorady. Şonda olar Peleňiň derýanyň üstünden atly geçendigi hem Sibir begiň on dört sany çawuşyny öldürendigi barada aýtdylar. Wessalam! Derýanyň üstünden argamakly geçmek Gaýa üçin syrly görünýärdi. Ol bu söze, dogrusy, o diýen ynanybam baranokdy. Bu ýerde bir mekirlik bardyr diýip pikir edýärdi. On dört adamy öldürmek?! Gaýanyň göwnüne bu ýerde-de biraz ulaltma, jypdyrma bardy. Gaýa Peleňi diňe bir zat üçin — hananlylaryň ony uçursyz gowy görýändikleri üçin gyzyklandyranokdy. Gaýa Peleňiň enesiniň söýgüsine nädip mynasyp bolandygyny bilmek isleýärdi. Ol enesiniň biçak gözeldigini, ömrüniň ahyryna çenli şol gözelligini saklandygyny, babasynyň enesiniň öňünde dyza çökendigini bilýärdi. Hakyky erkek diňe Göktaňrynyň, patyşanyň öňünde dyza çöker. Eger erkek aýalyň öňünde dyza çökýän bolsa, onda ol kişi hakyky erkek diýen ada mynasyp däldir. Ýöne Gaýa babasyny günäkärlemeýärdi, oňa düşünýärdi. Beýle üýtgeşik owadanlygyň öňünde dyza çökse bolar. Gaýanyň ynanjy boýunça enesi ýönekeý bir zenan däldi. Ol zenan diýen düşünjeden has ýokardaky bir gudratdy. Gaýa enesi ýaly owadan gyzy hatyn edinmek isleýärdi. Ony öýermek üçin babasam, enesem, doganlaram, gör, näçe kösendiler. Ýöne özüne görkezilen gyzlaryň hiç birisine Gaýanyň göwni ýetmändi. Babasy: «Oglum, men saňa düşünýärin: sen aýal edinmek üçin eneň ýaly owadan gyz isleýärsiň. Eneň ýaly owadan gyz indi hiç wagt dünýä inmez. Göktaňry hiç bir adamyň nusgasyny gaýtalamaýar. Her gezek täze adamy dünýä inderýär. Seniň eneňi dogurmak üçin Göktaňry — meniň gulagyma gelen owaza görä — ýigrimi ýylyny bagyş edipdir. Düşün, Göktaňry özüniň başarnygyny barlap görmek üçin eneňi ýasapdyr. Ol indi barlap gördi. Öz gudratyna göz ýetirdi. Indi Göktaňry eneň ýaly anjaýynlygy döretmez. Şonuň üçin maňlaýyňdaka razy bolup öýleniber. Birine däl, onusyna, kyrkysyna öýlen. Kim saňa gadagan edýär» diýip dogry aýdypdy. Gaýa öýlenmelidi. Öýlenmek isleýärdi hem. Kime? Oňa begzada nesebinden doglan gyz gerekdi. Eger asylly ýeriň — han-begiň gyzyna öýlenmese, onda Gaýanyň Döwbasanlar neberesini metdi-masgara etdigi bolar. Bu masgaraçylygy agasy Pamyr hem, Arslan hem, beýleki doganlary hem çydap-çekip bilmez. Akmeýdanda Wahşunwar begiň bir gyzy bar. Owadan gyz. Adyna Hana diýýärler. Ol Dolanaýa meňzeýärmiş. Uzyn boýly, hortap gyz. Bugdaýreňk ýüzi lowurdap dur. Ullakan ala gözleri mähirden doly. Ýöne ol Gaýadan gaçýar. Görünmezlige çalyşýar. Meger, gaçýanlygy üçindir, Gaýanyň şol gyza gyzygy ýogam däl. Adamlar gürrüň edýärler: erkek kişi ýigrimi bäş ýaşa çenli has hyjuwly bolýar diýip. Ýöne şol diýilýän zatlar Gaýanyň daşyndan aýlanyp geçýän ýaly. Gaýa Wahşunwaryň öz gyzy barada söz açmagyny, tanyşdyrmagyny isledi. Ýöne onuň gepi-sözi onda asla gyz ýok ýaly. «Ol gyzyny maňa bermän, eýsem kime bersin?! Menden başga bu jelegaýda asylly maşgalada doglan begzada barmy? Ýa ol gyzyny bir bolar-bolgusyz bezirgene çatyp goýberäýjekmikän?! Onuň babasy hem Dolanaý diýen gyzyny merwli bir bezirgene berip goýberipdir-ä!» Gaýa beg Gaýmartlaryň özünden gaça durýandyklaryny, bir syrlarynyň bardygyny aňlamasyna aňýardy. Ýöne anyk bilenokdy. Gaýa olaryň özünden bir syry gizleýändiklerine Tugrulagyň sözünden soň hasam açyk göz ýetirdi. Tugrulak ol sözüň agzyndan nädip sypandygynam, meger, duýman galdy. Günortan awlanan käkilikleri syha düzüp bişirip kemsiz naharlandylar. Şerap içdiler. Gürrüň arasynda Tugrulak Gaýanyň asla garaşmaýan sözüni aýtdy: — Gaýa, men saňa düşünýärin, sen osmakladyp gürlän bolup, maňa aýtdyraryn öýdýänsiň. Ýöne men saňa hiç zat aýtmaryn... — Nämäni?! — Özüň bilýärsiň nämänidigini! Wah, Gaýa bilenok-da özünden nämäniň gizlin saklanylýandygyny! — Nämäni? — Hany, başga gürrüň edeli-le. Habar ugradyldy. — Nirä? — Merwe. — Kime? Tugrulak Gaýanyň üznüksiz sowallaryna ynjalyksyzlandy: — Kime bolsun, Dolanaýa. — Näme habar ugratdyňyz? — Goý sorag bermäňi! Peleň bilen baglanyşykly sowal berseň, jogap berjek däl. Tugrulak sözünde durdy: hiç zat aýtmady. Bu tapmaça Gaýanyň barja keýpini aldy. Özünden ýaşyrylýan zadyň hiç bolmanda, näme hakdadygyny, Dolanaýa näme habar edilendigini anyklamak üçin Tugrulaga her hili sözler aýdyp gördi, ýalbardy, gaýtam bu babatda sorag berdigiçe Tugrulagyň ynjalygy gaçdy. Soň ýagşydan-ýamandan gürlemesinem goýdy. Ol özüni uly ýalňyşlyk goýberen hasaplan bolarly, oturyp rahatlygy bolmady. Birdenem öýünde bir möhüm zada babasynyň garaşyp oturandygyny, tizden-tiz öýüne gitmese, soňundan babasynyň biçak gaharynyň geljekdigini aýdyp gitmek bilen boldy. Olar sährada gürleşip, oduň başynda ýatjakdylar ahyryn! Gaýa Tugrulagyň näme üçin gidendigini magat bilýärdi. Onuň aýtmasyz zady aýdandygynam, şonuň üçin örtenýändiginem bilýärdi. Gaýanyň edip bilýän zady ýokdy. Ol oduň başynda asmana bakyp uzak ýatdy. Howsalasyna howsala, dowulyna dowul goşuldy. Gaýa teý düşünip bilenokdy: onda howsala, dowul nireden, nädip döredi? Tugrulagyň aýtman giden syry üçinmi? Oňa beýle dowula düşmegiň näme geregi bar? Gaýmart neberesi Peleňden öýkeli bolmaly. Olaryň öýkeli bolmaklarynyň sebäbi düşnükli! Dolanaý üç ýyl garaşsa-da, Peleň oňa öýlenmedi. Eger öýlenen bolsa, ol şu günem ýaşar ýörerdi. Peleňiň öýlenmändigi üçinem Dolanaýy bir bezirgene durmuşa çykarypdylar. Bu zatlary ýatlamak gaýmartlylar üçin belli bir derejede namys. Dolanaýyň Merwe durmuşa çykarylmagynyň sebäpkärem Gaýanyň enesi. Gaýanyň Peleň barada gürrüň gozgamagyny Gaýmart beg-de, Wahşunwar beg-de, Turgulagam namysa degmek hasaplaýarlar. Gaýa gaýdyp gaýmartlylardan Peleň hakda hiç zat soramazlygy özüne pent etdi. Onuň ýüregi agzyndan çykyp barýardy. Onda beýle ýagdaý öň bir gezegem bolmandy. Ol özüne näme bolýandygyna teý düşünip bilenokdy. Tugrulak gidensoň Gaýa boza içmekçi boldy. Asyl agzy bekli, aňyrsy hyryn-dykyn ýalydy. Ol bir owurt boza-da içip bilmän, jamyny ýerde goýdy. Ol howatyrlanma bilen töweregine garanjaklady. Burundyk tokaýlyk. Gündogar tarapda dury suwly çaý şildiräp akyp ýatyr. Suwuň aňyrsynda bir süri keýik görünýärdi. Günortada Gaýanyň üç-dört sany çawuşy göni düşelgä gelýän iki sany pili gykylyklap başga tarapa kowýardy. Gaýanyň ýatan ýerinden on-on iki ädim çep tarapda çawuşlar hyzmata taýyn bolup durlar. Olara Gaýanyň ýekeje hereketi ýeterlik. Olar dessine Gaýanyň islegini bitirjekler. Göräýmäge, hiç hili gaýa-gopuz döredýän zat ýokdy. Tugrulagyň hiç zat aýtman gitmegi bilen Gaýa beýle hala düşmeli däldi. Ol içki harasatyna düşünmän, başyny ýene ýere goýdy. Gözlerini ýumup, ýüregine diň salmaga durdy. Şemal köwsar tapdy. Ol Gaýany göýäki öz atyna mündirip geçelgä äkitmekçi bolýan ýalydy. Şemal gop bermekçi bolýan dek Gaýanyň eşigini elem-tas etdi. Ol aşakdan ýokary göterilýän, öwüsýän ýalydy. Şemal desserhanyň üstündäki käbir zady geçelgä bakan alyp gitdi. «Şemal näme diýmekçi bolýar? Men näme üçin şemalyň diline düşünmeýärin?» diýip, Gaýa hyrçyny dişledi. Gaýanyň ynjalyksyzlygy ýuwaş-ýuwaşdan artdy. Göwnüne bolmasa, ony enesi kömege çagyrýan ýalydy. Ol özünde bu pikiriň döränine geň galdy. «Geň pikir» diýip, ol içini gepletdi. Öň Gaýada beýle pikir ýeke gezegem bolmandy. Enesi pahyra kömek nämä gerek? Onda näme üçin kömege gitmeli? Gaýa birden zöwwe ýerinden gopdy. — Näme boldy? Bu näme boldugy? Gaýa birden ýerinden galandygyna soň düşünip galdy. Gaýany kim galdyrdy? Nädip galdyrdy? Çawuşlar Gaýanyň bolşuna geň galyp seretdiler. Gaýa töweregine garanjaklap, ýene aşak oturdy.Öwhüldäp uludan demini aldy. — Tagsyrym, size bir zat gerekmi? — Ýok, ýok, hiç zat gerek däl — diýip, Gaýa özüni giňlige salmaga çalyşdy, ýöne başarmady. — Ýigitler, obada bir ýaramaz iş-ä boldy öýdýärin. Şemal bize nämedir bir zat aýdýar, arman, biz onuň diline düşünemizok. Çawuşlar zatlaryny ýygnap ýola düşmek bilen boldular. Olar oba baranlarynda garaňky düşüpdi. Gaýa oba giren badyna bir ýat ysy duýdy, özem bu ys ýakymsyz täsir galdyrýan ysdy. Herhal, giňlige saldy. Çawuşlar hem obadaky dym-dyrslykdan bir näsazlygyň bardygyny aňladylar. Şonuň üçin olaryň bir elleri şemşerlerindedi, olar garpyşyga taýýardylar. Şol taýýarlyk hem garşydaşyň üç çawuşynyň ölümine sebäp boldy. Bar zat Gaýanyň sahybynyň tekepbirligi sebäpli bolupdy. Sasan patyşasy Hurmuzdyň altmyş-ýetmiş sany atlysy haýsydyr bir tabşyryk bilen Heýtele barýardy. Mes ýigitler Hananda özüniň hökmürowandygyny görkezmek isläpdiler, ýöne sahyp olaryň minnetini çekmek islemändi. Şol sebäplem darkaş başlanypdy. Hananlylaryň otuzdan gowrak çawuşy sahyby bilen uçdantutma gyrlypdy. Sasanlylar hem öz çawuşlarynyň ýigrimi bir sanysyny ýitiripdi. Sasanlylar garaňkylykda adam janyna kast edilmegini Taňrynyň halamaýandygy üçin Gün ýaşandan soň ele salnan ýedi-sekiz çawuş bilen Gaýany ertir Gün dogansoň öldürmegi makul tapdylar, şeýdibem öz ölen çawuşlarynyň hununy ýerine salmakçydylar. Şol niýet bilen ýesirlikdäkileriň ellerini-aýaklaryny daňyp, alawhananyň öňündäki meýdançada sakladylar. Dört-bäş çawuş olary gije ýatman garawullady. Olar ot ýakyp, özara gürleşip otyrdylar. Gaýa öz sahybynyň öldürilendigini aňýardy, ýöne sasanlylar bilen näme üçin dawa edilendigini bilmeýärdi. Eliň-aýagyň daňylgy ýatsaň, wagt hem geçmez eken. Oňaýsyzdy. Belki, wagtyň geçmeýändigi gowudyr. Ertir öldürjekler. Bu kysmat Gaýa biçak agyr degdi. Onuň ýaşasy gelýärdi. Ol Göktaňra mynajat eýledi: «Eý, Göktaňry! Men bu dünýä gelip hiç zadam görmedim...». Ine, Gaýanyň babasy Döwbasanyň Aýşöhlä ýetmese ölmek niýeti bilen oturan ýeri. Bu ýeri — Döwbasanyň maksadyna ýeten ýeri. Şol maksatdan dörän ogul indi ölümine garaşyp ýatyr. Özem babasynyň birmahalky oturan ýerinde ýatyr. Nähili ajy kysmat! Babasy bu ýerde bäş gije-gündizläp aç oturdy. Şonda Göktaňry onuň janyny almady, gaýtam ýardam berdi. Maksadyna gowşurdy. Göktaňry bu gün Gaýany bir gije ýatyryp, janyny almak isleýär. Elbet, Göktaňrynyň öz göwnüne makuldyr-da! Gaýanyň göwnüne-hä makul däl bu! Hiç makul däl! Gaýanyň bu durmuşda etsem-petsemleri kän ahyryn. Ol entek bir owadan gyzy gujagyna alman, ony ysgaman, öýlenmän, onuň bilen çyrmaşman ölmeli boldy. Bu adalatsyzlyk dälmi? Gaýanyň ýadyna babasynyň sözleri düşdi: «Göktaňry adamlar parahat ýaşasyn diýip adalatsyzlygy döredipdir. Adalatsyzlyk durmuşa ornaşansoň adamlaryň dawa-darkaşlary azalypdyr, ýogsam öň durmuş gaty bulaşyk eken». «Ýok, ýok — diýip, Gaýa, içini gepletdi. — Meniň ölesim gelenok. Eý, Göktaňry, meni halas et! Eý, Göktaňry, men ýaşamak isleýärin! Meni boşat! Göktaňry, ýalbarýaryn, meni boşat! Bu mahawlaryň tepbedini okamaga gurbat-güýç ber. Men ölümden gorkmaýaryn. Ýöne men entek bu dünýä gelip özümiň Gaýalygymy subut edemok. Men bu dünýäden Gaýa adyma mynasyp bolup ýaşap geçmek isleýärin. Men Kutuly Allagyň ogly Döwbasanyň adyna mynasyp bolmak isleýärin. Döwbasan beg — batyr beg. Men hem öz batyrlygymy, Gaýalygymy äleme ýaýmakçy. Eý, Göktaňry, meni bir tekepbiriň elinden öldürme! Eger öldürjek bolsaň, onda, goý, men ala meýdanda darkaş gurup öleýin. Başa-baş söweşde kim menden rüstem gelse, goý, harladyp janymy alsyn. Meniň janymy aljak bolsaň, mert durup al». Dört sany sasanly ýigit oduň başynda mahal-mahal ýesir ýatanlara göz aýlap, mesawy gürleşip otyrdy. Gaýanyň özi hem, gör, näçe gezek şeýdip oduň başynda daňdana çenli oturdy. Ot — Gün hudaýy. Ot — Mitre! Ýüzüňe ot näçe köp çabyrasa, şol adam şonça rahatlyk tapýar, giňlik tapýar, salyhatlaşýar. Gahary gelen adamy ata mündürmekleri ýa oduň başynda oturtmaklary, bu gün görüp otursa, ýöne ýere däl eken. Gije ýarpydan agansoň, oduň başynda oturan sasanlylaryň biri: «Siz ajygansyňyz» diýip, her ýatana bir kesemen nan iýdirdi, suw içirdi. Doly doýmasa-da, sasanlynyň bu ýagşylygy ýürekselik boldy. — Siz kim? — diýip, Gaýa oduň başynda oturan çawuşlara ýüzlendi. Oturanlar jogap bermedi, Gaýa ýene sowalyny gaýtalady: — Siz kim? Siz näme üçin wagşylyk etdiňiz? Men bilýärin, siz Merwden gelensiňiz. — Dogry, biz Merwden geldik — diýip, çawuşlaryň lopuşy kinaýatly ýylgyrdy. — Sizi kimiň ugrandygyny-da bilýärin men. — Bizi kim ugratdy? — diýip, ýene lopuş çawuş gyzyklandy. — Sizi ugradan Dolanaý bolmaly. — Dolanaý? Kim ol Dolanaý? — Ony siz menden gowy bilýärsiňiz? Siz Gaýmart begiň ýörite tabşyrygy bilen gelen bolmaly. Hany Tugrulak? — Biz seniň aýdýan adamlaryňy tanamyzok — diýip, ikinji çawuş aýtdy. — Ýok, siz menden gizleýärsiňiz. Tugrulak Hanana beg bolmak isleýär. Men hemme zady bilýärin... Üçünji çawuş ýerinden turup, eli-aýagy daňylan Gaýany depmäge başlady: — Ýene ýeke agyz gürleseň, Günüň dogaryna garaşyp durman, ýatagandan geçirerin. Gaýa özünden gitdi. Gije ýarpydan agyp barýardy. Göktaňry adam üçin gaty kän lezzetleri döredipdir, şol lezzetleriň iň datlysy hem uky bolsa gerek. Gije öz hökmürowanlygyny ýöredýär. Gaty çynyň bilen garşy çykaýmasaň, uky adamy öz gujagyna alýar. Eli-aýagy daňylgy ýatanlardan hiç hili howp bolar öýtmänlerinden soň, oduň başynda oturanlar uklamak bilen boldular. Olaryň niýeti uklamak hem däldi. Olar pinek edip oturmakçydylar. Ýöne olar bu ukynyň özlerine gaty gymmat düşjekdigini — özleriniň iň soňky gijesi boljakdygyny nä bilsin. Gaýa özüne gelende çawuşlar çala hor çekip ýatyrdylar. Onuň endam-jany agyrýardy. Agyryny çekip-çydar ýaly däldi. Töweregine diň saldy. Ol ýakynynda kimdir biriniň bardygyny aňdy. Birdenem göz atuwynda bulutlaryň arasyndan özüne bakan at çapdyryp gelýän goja peýda boldy. Soňam gapdalynda kimdir biriniň dem alýandygyny aňyp, ýalpa gözüni açdy. Görse, ak sakgaly döşüni ýapyp duran äpet bir goja elindäki şemşeri bilen onuň el-aýagynyň ýüpüni kesip durdy. «Bu Göktaňrynyň meni halas etmek üçin iberen perişdesi bolmaly» diýip, Gaýa içini gepletdi. Peşeneli goja Gaýanyň ýekinde ýigrenýän, şol sözi eşidende ýeňsedamary gataýan sözlerini aýtdy: — Gorkma! — Men hiç wagt hiç zatdan gorkmadym, indem gorkmaryn — diýip, Gaýa gaharly jogap berdi. — Ýuwaş! — Onda näme üçin «Gorkma!» diýýärsiň?! Gaýa bu sözleri diýmeli däldigine düşündi. Ol hasyr-husur ýerinden turmak bilen boldy. Oduň başynda oturan sakçylaryň üçüsem gara gana bulaşyp ýatyrdy. Goja Gaýanyň çawuşlarynyň soňkusynyň daňysyny kesmäge duranda galmagal başlandy. — Eý, näme gerek saňa?! Aýryl! Goja yşarat bilen çawuşa ýuwaş bol diýýärdi. Ýöne çawuş öldürjek bolýandyr öýden bolarly, özüniň daňysyny çözdürmejek bolup togalanýardy hem gygyrýardy. Çawuşyň gykylygyna Babyr begiň öýünde ýatan sasanlylar ukudan oýandylar. Bäş-alty sany sasanlynyň ylgap gelýändigini gören ak sakgally goja çawuşy göterip gaçmaga başlady. Ýöne çawuş el-aýagyny kelemenledip gojanyň gaçmagyna garalla bolýardy. — Goýber meni! Goýber diýýärin! Kömek ediň, adamlar, kömek ediň! Sasanlylar barha ýakynlaýardy.Goja egninde göterip barýan çawuşyny dik duruzyp, gulaktozuna şeýle bir batly ýelmedi-de, gözden gaýyp boldy. Gaýa özüniň kimdigini durmuşda subut etmeli pursadynyň gelendigini, Gaýa adyna mynasyp bolmak üçin şundan amatly pursadyň tapylmajakdygyny bildi. Pyçak atmak, ýaý atmak Gaýanyň iň ezber zadydy. Ol öz ýanyndaky çawuşlary bilen daň atýança sasanyň tekepbirlerini mugyra getirdi. Akmeýdanyň elli çawuşy Wahşunwaryň başda durmagynda Hanana gelende sasanlylar eýýäm ýokdy. Maslyklaryň ýene on iki sanysy artypdy. Esgerleriniň ýeke-ýekeden öldürilmegi sasanlylary dowla salypdy. Olar gelen yzlaryna tarap zut gaçypdylar. Obanyň adamlary Gaýanyň daşyndadylar. Ony asmana zyňyp gapýardylar. «Gaýa beg!», «Gaýa beg!» diýip, hananlylaryň uludan kiçisi gygyrýardy. Akmeýdanlylar hem hananlylara goşuldylar. Gaýa begenmek begendi. Çünki indi ol öňki Gaýa däldi. Öz begligini bela-beterden gorap bilýän Gaýady. Şu günden başlap Gaýanyň täze ömri başlandy. Täze ömür. Gahrymançylyk görkezmekden lezzetli zat ýok bolsa gerek, dünýäde! Gaýa hananlylaryň gözlerinde özüne hormat-söýgi gördi. «Ine, indiden soň ölseň bolýar» diýip, Gaýa hananlylaryň özüne goýýan gadyr-hormatyny synlap pikirlendi. Ol ömrüň, ýaşaýşyň lezzetini-tagamyny duýdy, onuň ýene ýaşasy geldi. Adamlary haýrana goýjak gahrymançylygy ýene görkezmek isledi. Gaýa öz çawuşlaryndan nätanyş goja hakda sorady. Rabatda, derýada işleýänlerden sorady. Soran adamlarynyň ählisi nätanyş gojany görmändiklerini aýtdylar. Gaýa nätanyş gojany şeýle bir tapmak, oňa minnetdarlyk bildirmek isledi. Ýöne goja hiç ýerde ýokdy. Çawuşlara nätanyş gojany agtaryp tapmaklaryny hemem ony öz ýanyna alyp gelmeklerini gaýtalap-gaýtalap tabşyrdy. Garaňky düşensoň ýozka bardy, enesine geçen gijeki bolan wakalary birin-birin gürrüň berdi. Uzynly gijäniň ukusyzlygyndan, uzynly günüň aladalaryndan soň ol başyny güpjege goýan dessine uka gitdi. Daňdan gözlerini açdy. Dym-dyrslyk. Gaýa boryýanyň1 üstünde ýatyşyna içere göz aýlady. Içerde onuň ünsüni çekäýjek zat ýokdy. Boryýanyň üstünde Peleňiň Jujandan getiren kilimi düşelendi. Gapynyň sag tarapynda ýabaly agaçdan deriden tikilen birki sany erkek eşigi asylgydy. Gapynyň çep tarapynda gap-gaç bardy. Ýokardan gamyşlar sallanyşyp durdy. Gamşyň käbir ýerinde möý kerep baglapdyr. Gaýa bu ýere gelen gününiň ertesi öýüň petiginiň kereplerini aýryp çykypdy. Petikde ýene kerep döräp ugrapdyr. Gaýa daşarda kimdir biriniň bardygyny aňdy. Aýak sesi açyk eşidildi. Daşarda gezip ýören adam kimkän?! Gaýa daşaryk seretdi. Göräýmäge, hiç kim ýok ýalydy, sebäbi onuň gözüne ilen adam ýokdy. Ýöne ýüregi ýakyn aralykda kimdir biriniň bardygyny aňdy. Kim bolup biler?! Onuň goragyndaky çawuşlarmy? Onda näme üçin ýüregi beýle gozgalaň tapýar?! Gaýa sagana seretdi. Sagananyň üstündäki suwly gap, Gaýanyň göwnüne bolmasa, öňki duran ýerinde däldi. Birden ähli howsala Gaýa düşnükli boldy: sagananyň içinden şol nätanyş ak sakgally daýaw goja çykdy. Gaýa durmuşda nähili gudrata garaşsa-da, beýle gudrata garaşmandy. Ol doňan ýaly bolup öwelip seredip durdy. Gaýa ylgap ol gojanyň ýanyna barmalydygyny bilýärdi. Çünki onuň bu nätanyş gojanyň kimdigini bilesi gelýärdi. Bu goja ýönekeý goja bolmaly däl, ol Göktaňrynyň Hanana iberen ýagşyzadasy bolmaly! Gaýa ol gojany ýüzüne sylmak isledi. Ýöne ol duran ýerinde doňan ýaly bolup durdy. Ol özüne erk edip bilenokdy, ýöräp bilenokdy. Gaýa gojanyň her bir hereketini sypdyrman synlady. Goja Gaýany görenokdy, asyl onuň bolşy öz öýünde ýalydy. Gaty arkaýyndy. Ol sagananyň içinden çykyp, teblehana bakan ugrady. Teblehanada onuň aty dur eken. Gaýa daşary çykanda goja eýýäm atyny çapdyryp gidip barýardy. — Saklanyň! Eý, nätanyş goja! Saklanyň! Özüňizi tanadyň! Duruň, duruň! — diýip, Gaýa gygyrdy. Ýöne Gaýanyň sözlerini ýa goja eşitmedi, ýa eşitse-de, saklanmak islemedi. Gaýa gojanyň yzyndan seredip esli durdy. Soňam göwünli-göwünsiz yzyna dolandy. Her gün säherdäki edehädine eýerip, sagana — enesine salam berdi, tagzym etdi. Soňam sagananyň üstündäki gapdan üç-dört owurt suw içdi: — Ene, ýaňky goja kim?! — Gorkma, oglum, gorkma. Bu söze Gaýanyň girre gahary geldi: — Ene, özüň bilýärsiň-ä, men hiç wagt hiç zatdan gorkmaýaryn. Onsoňam özüň aýtdyň-a: «Hiç kime ýamanlyk etmedik kişi hiç kimden gorkmaz» diýip. Men ol gojanyň kimdigini bilmek isleýärin. — Sen ony şu gün tanarsyň, oglum... Gaýa gojanyň giden tarapyna ugrady. Ep-esli aralygy geçdi. Hiç ýerde goja ýokdy. Hananyň aşak tarapyndaky beýik depä çykyp, töweregine seretdi, töwerekde hem hiç kim ýokdy. Gaýa bir bökende atyna atlandy. Gojanyň giden tarapyna atyny çapdyryp gitdi. Ýolda yns-jyns ýokdy. Goja uzaga giden bolmaly däldi. Ol nirede bolup biler? Gaýa ahmyr bilen yzyna dolandy. Çünki Gün dogup gelýärdi, güzere suwa ýetişmelidi. Ol atyny teblehanada daňyp, pyýadalap güzere ugrady. Obada adam galmandy: ähli kişi Gün hezretine salam bermäge güzere barypdy. Obanyň üç tarapyndaky tokaýlykdan daragtlaryň ýapraklarynyň şemalyň ugruna edýän şybyrdysy, bilbilleriň, käkilikleriň saýramasy; dördünji tarapdan — derýadan tolkunlaryň şogurdysy eşidilýärdi. Howa sergindi. Gaýa derýa ýakynlaşdygysaýyn suwuň ysy, hoştaplygy burnuna urdy. Gaýa nätanşy tapyp bilmedigem bolsa, süňňünde ýeňillik, kalbynda hyjuw, joşgun möwç urýardy. Howanyň serginligi göýä durmuşyň-ýaşaýşyň özi deýin ýakymlydy. Ol Göktaňrynyň özüni goldandygyna biçak begenýärdi: «Göktaňry meniň sesimi, özelenmämi eşitdi. Göktaňry meni ölümden alyp galdy. Göktaňry maňa ýeňiş berdi. Göktaňry maňa ikinji ömür berdi, meniň ölmegime ýol bermedi. Gije ak sakgally goja öwrülip geldi» diýip, Gaýa içini gepledýärdi. Ol obadaşlarynyň öňüne düşüp, Güne salam bermägi telwas edýärdi. Bu gün Gün hezretlerine tagzym edip, agyr günde goldandygy, ölümden alyp galandygy üçin çäksiz alkyş okajakdy. Ol tagzym etmekden gijä galmazlyk üçin gaty-gaty ýöräp barýardy. Günüň görünmesine sähelçe wagt galypdy. — Gaýa beg gelýär! — Gaýa beg gelýär! Adamlar öňki endiklerine eýerip, ýalňyşybam «Peleň beg gelýär» diýmediler. Ýöne Gaýa, näme üçindir, olaryň öňküleri ýaly «Peleň beg gelýär» diýmeklerini küýsedi, özem juda küýsedi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |