00:38 Göktürkmen söýgüsi -10/ romanyñ dowamy | |
ONUNJY BOÝ
Taryhy proza
YŞKYŇ GÜÝJI Gyz ogurlamaga — düpbozanlyga gelenler argamaklydylar. Olar Peleňe ýetdirmezler! Onsoňam, ýetdirmek üçin gaçýan däldirler! Hana, geçelgede ýekeje argamak hem kowga gitmän galmady. Ähli argamak, wah, diňe bir argamak däl, ähli eşekler hem kowga goşuldy. Peleň geçelgede şeýle köp argamak, şeýle köp eşek bardyram öýtmändi. Uly ýagyny yzyna gaýtararlyk adam bar eken geçelgede. Ähli kişi eňäýipdir. Bu giden mähelle bilen Guş hanyň1 hem howuny basyp boljak. Peleň argamaksyzlygyna gynandy. Wah, ol Garçgaýyny münüp gaýdanlygynda eýýäm Ýekepetdä barardy. Ýöne ol ýola çykyp, adamlaryň deňinden ok deýin geçip gaýdanlaryny görende, birsalym hem güýmenmezlik üçin öňe okdurylypdy. Dogrusy, şol pursat Garçgaý bedewi ýadyna-da düşmändi. Argamaklylar deňinden dabyrdaşyp geçenlerinde Peleň Garçgaýsyz gaýdandygyna ahmyr etdi. Ýöne indi ep-esli aralyk geçilensoň yza öwrülip, Garçgaýy alyp gaýtmaga wagt-pursat ýok, diňe öňe okdurylmaly, bu gidip barýan adamlardan birjik-de gijä galmaly däl. Ol ylgap barşyna hiç hili ýadawlyk duýmaýardy. Onuň bar ünsi öňdedi. Argamaklylaryň giden tarapyndady. Wah, Aýşöhlä el degirmäge het edenleri bir görüp bolsady! Olary kerçim-kerçim etmese, Peleňiň içi sowamaz. Ol aýakýalaňaç ylgap barýar. Çöp-çörler onuň aýagyny persala edipdi. Sag aýagyna syh giren bolarly, awuşaýardy. Ýöne syha güýmenip, ony batan ýerinden çykarjak bolup durmaga Peleňiň wagty ýokdy. Duşman Peleňe hiç zat edip bilenok. Hana, Supan döwläp-arlap öýe geldi. Eden işi bolmady. Ýöne Aýşöhläniň ýanyna eltýän ýoluň tikenleri welin juda rehimsizdi, onuň aýagynyň aşagyny persala etdiler. Eý, Göktaňry, dünýäniň ähli çakyr tikeni Peleňiň ylgajak ýolunda goýlupdyr. Peleň aýagyna batan tikenleri enesiniň sargydynyň eýýäm tassyk bolmasy hökmünde kabul etdi. Wah, ol enesiniň sargydyna eýerende aýagyny tikenler persala etmezdi. Enesiniň aýdanyny etmedik perzendiň uwlajakdygyny Peleň bilmesine bilýär. Ýöne özüňe erk edip bolýarmy? Wah, Fyrat2 deýin özüňe erk edip bolsady! Ol argamakly däl! Ol argamakly düpbozanlaryň yzyndan ýetmeli. Argamaklynyň yzyndan pyýadanyň ýeten ýeri ýokdur. Ýöne Peleň ýetäýmelidi. Ol gaçýanlaryň yzyndan hökman ýetmelidi hem Aýşöhläni masgaraçylykdan hökman halas etmelidi. Ikinji ýol ýokdy. Ölmelem bolsa janyňy gaýgyrmaly däldi, hökman Aýşöhläni halas etmelidi. Gidenleriň diňe al-asmana galan tozanyndan başga hiç zady görnenok. Düpbozanlar bu mahal, gör, nirelere bardykan?! Nirä barsalar hem ahyr bir ýerde aýak çekmeli bolarlar! Indi şu ýerden şo-ol gürrüňi edilýän Ýekepetde hem uzak däl. Peleň gara dere batypdy. Aýaklary ýadawlykdan ýaňa diýen etmejek bolýardy, aýakdaky tikenleriň yzasy hem duýulýardy. Özem ol tikenler aýaga däl-de hakyt ýürege çümen ýalydylar. Agyrynyň beýle, nejisi-de boljak eken! Ýanar ot bolup on günläp ýatandan bolarly, Peleňiň ysgyn-deramaty gaçdy. Ýok, ýadap bolmaz. Ysgyndan gaçmak bolmaz. Aýşöhläni alyp gaçmaga het edenleri sypdyrmak bolmaz. Peleň öz haşyldysyndan, aýak sesinden başga-da biriniň aýak sesini eşidip geňirgendi. Eý, Göktaňrym, yzdan başga-da biri ylgap gelýär. Peleňiň yza seredip güýmenesi gelmedi. Yza seretmeli bolmadam ol asyl. Kimdir biri onuň bilen deňleşdi. Derrewem öňe geçdi. Özüniň yzda galmasyna, Peleňiň jany ýandy. Ol öňe düşen kişä gözügidijilik bilen seretdi. Özüni ýetip geçeniň kimdigini tanap, Peleň gözlerine ynanmajak boldy: yzyndan ylgap ýeten ýaş ýigit däl-de, ýaşy durugyşan kişi. Ol Supan taýlakdy. Onuň yzyndan aňsat-aňsat ýeter ýalam däl. Supan taýlagyň deňinden ok bolup ýetip geçmesini Peleň namys bildi. Supan taýlak ýaly çalt ylgap bilmeýändiginiň sebäbine düşünip bilmedi. Göwnüne, ony ýene-de kimdir biri ýetip geçäýjek ýaly duýuldy. Ol şu gorky bilen howul-hara yzyna seretdi. Onuň yzy ylgaşyp gelýän elleri taýakly, çarşakly garry-gurty erkeklerden, aýallardan, oglanjyklardan doly bolsa nätjek?! Bu adamlaryň köpdügini! Eý-ho! Ylgap gelýänleriň arasynda aýallaryň kändigini görsene! Aýşöhle asyl aýallara gerek eken! Aýşöhle, ilki bilen, aýallaryň söýgüsi eken! Geçelgede kim galdy? Ony diňe Peleň bilýär. Ýok, ýok, Peleňiň aňy Ýekepetdede. Hananda diňe Täçhalyň jesedi galdy... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |