00:44 Göktürkmen söýgüsi -11/ romanyñ dowamy | |
ON BIRINJI BOÝ
Taryhy proza
GÖRÜNMEK ISLESEŇ — GÖRÜNME! Hananda Aýşöhleden nägile adam kändi. «Aýşöhle geçelgä betbagtçylyk getirer, ony Hanandan çykarmaly. Sibir beg, goý, gyzyny başga obaly birine durmuşa çykarsyn» diýýärdiler. Bu pikiri ähli kişi unaýardy. Bu pikire garşy çykyp bilýän ýokdy. Diýilýän gürrüňi goldamaýanlar diňe dymyp oňaýýardylar. Geçelgäniň adamlarynyň ýerden ýöräniniň Aýşöhläni halas etmek üçin düpbozanlaryň yzyndan kowup gaýtmasy onuň Hanandan gitmegini isleýäne meňzänok. Adamlar, elbet, görer göze «Aýşöhle geçelgeden çyksyn!» diýýänem bolsalar, onuň gitmegini islemeýän ekenler asyl! Düňk, düňk!.. Haş, haş!.. Supan taýlak ep-esli öňe gitdi. Ony indi uzakdan tanar ýaly däl. Gara salgym bolup görünýär. Eý, Göktaňry, onda beýle güýç nireden peýda bolduka? Ondaky güýç näme üçin Peleňde ýok. Güýç-kuwwat, ilki bilen, Peleňde bolmaly dälmi näme?! Peleň gidip barşyna düpbozanlary göz öňüne getirmäge çalyşdy. Olar juda gözsüzbatyr, garadangaýtmaz adamlar bolmaly. Aýşöhläni düpbozanlamak üçin juda ýürekli adam bolmaly. Akylyny-huşuny ýitiren adam bolmaly. Ýogsam deňsiz-taýsyz Aýşöhlä el uzatmaga het edip bilmezdiler. Seniň bagtyň terezä salyndy, Peleň! Seniň ykbalyň hut şu gün çözülýär, Peleň! Aýşöhlä gowuşyp biljegiň-bilmejegiň şu gün çözülýär, Peleň! Düpbozanlaryň yzyndan ýetilmese, sen bütin ömrüňe Aýşöhläniň ahyny çekip geçmeli bolarsyň! Ömrüň ahyryna çenli bagtyýar durmuşda ýaşajakdygyň ýa-da ahy-pygan içre gezjegiň düpbozanlaryň yzyndan ýetip bilşiňe bagly, Peleň! Peleň aýagyna batan tikenleriň yzasyna döz gelip ylgap barýardy. Özüne teselli bermek üçin şol bir sözi zol-zol gaýtalaýardy: «Men eneme lebiz etmedim», «Men eneme lebiz etmedim...». Aýşöhläni alyp gidendirler. Ol häzir niredekä? «Belki, Göktaňry enemiň islegini bitirendir, ony kimdir bir batyr gerçege uzak-uzak ülkeleriň birine alyp gaçdyrandyr? Belki, onuň alnyp gaçylmasy meniň üçin bähbitdir?! Ä? Ýok, ýok, Peleň, seniň diýýäniň näme?! Men eneme lebiz bermedim. Eger lebiz beren bolsam, onda men şol lebzimde durmak üçin Aýşöhläni terk ederdim. Ýok, ýok, Aýşöhle meniňki! Diňe meniňki! Men Aýşöhläni kim alyp gaçan hem bolsa, taparyn. Alyp gaçanlary ýa öldirin, ýa ölerin. Hökman öldürerin» diýip, Peleň ylgap barşyna pikir öwürýärdi. Adamyň başarnygyna çäk ýok. Hana, görüň-ä, näçe wagt bäri Peleň ylgap gelýär. Ylgap gelýän diňe ol däl, küren oba ylgap gelýär. Şu geçilen at gaýtarym aralygy1 peýwagtyna ylgamaly diýilse, obanyň bir adamy hem başarmaz. Göktaňry güýç-kuwwaty gahar-gazabyň içine salyp berýär, gahar-gazaba ýugrulanda güýje güýç goşular eken, şol pursat adamyň başarmajak zady bolmaz eken. Aňňat-aňňat gum depeleri başlandy. Bir depeden aşyp, ýene täze depä çykmaly. Beýik depä çykan Peleň garagörnüm aralykdaky Ýekepetdede bir topar argamaklynyň üýşüp duranyny gördi. Şolar! Şolar! Ylgap barşyna sandyrawuk sesi bilen gygyrdy: — Tutupdyrlar! Tutupdyrlar! — E-eý, Göktaňry! Eý, Enehudaý!! Ýalka meni, golda meni! — diýip, Peleň bagyrdy. Peleň aşak indi. Ol kowgynyň topar bolup duran ýerine ýetmäge howlukdy. Argamaklylar indi has ýakyndady. Peleň ýene biygtyýar bagyrdy. — Eý, Oguz dädem! Mähribanym, eý Oguz däde, golda meni! Düpbozanlaryň yzyndan gaýdan argamaklylaryň ýüzleri salykdy. Olar näme etjegini bilmän, agyr ýagdaýdan çykalga tapman durdylar. Hiç kim aýgytly sözüni aýdyp bilenokdy. Beýle ýagdaýda kim näme diýsin?! Geçelgeden ýene-de adamlaryň gelerine garaşylýan bolmagy-da mümkin. Bu ýerdäki adamlaryň galabasy ýaşlardy hemem ýaşlary durugşan adamlardy. Meger, bir çykgynsyz ahwalat gopandyr, ýogsam başga bir iş bolanlygynda adamlar beýdip ýöwselleşip, başlaryny aşak salyp durmazdylar. Sibir beg ýa-da onuň ynamdar adamlarynyň biri öňe çykar-da, etmeli işi aýdar. Onsoň hemmeler şonuň sözi bilen bolarlar. «Aýşöhläni, öldüräýdimikäler?! Öldürendirler! Şeýledir! Adamlar diňe biri ölende häzirki ýaly başlaryny aşak salyp, gamgyn halda durýarlar. Eý, Göktaňry, haýsy näkesiň Aýşöhläni öldürmäge eli bardy?! Ýowuzlyk! Ýowuzlyk! Birbada bu iki ýowuzlyga men çydap bilmerin. Ýok, men çydap bilmerin!» diýip, Peleň hüňürdendi. Sibir bege garaşylýan bolaýmasyn?! Dur, dur! Sibir beg bar-a! Hana! Ol atdan düşüpdir. Ol näme üçin näme etjegini bilmeýän dek başyny aşak salyp durkan?! Begiň başy aşak bolsa, bu eýgiligiň alamaty däl! Senden medet, Göktaňrym! Ýygnananlar Sibir begiň emrine garaşýardylar. Beg dymyp duransoň, özgeler nätsin! Olar çykalga garaşýardylar. Çykalgany indi geljekleriň içinden biri tapaýjak ýalydy. Ýok, hiç kim aýgyt edip bilmedi. Hany, sen aýt diýip biri-biriniň ýüzüne seredişdiler-de, başlaryny aşak saldylar. Hana, Aýşöhle üçin hiç bir zatdan gaýtmajak garadangaýtmaz ýigitler agzyndan ak köpük syçradyp gelen-de bolsalar, ýagdaýy görüp, lal-jim bolaýdylar. Hana, bir nätanyş kişiniň gara gana boýalan jesedi serlip ýatyr. Kellesi repide deýin tep-tekiz bolup ýatyr. Neressäniň ullakan ala gözleri petreşip, hanasyndan çykypdyr. Megerem, ol Aýşöhläni alyp gaçan düpbozanlaryň biri bolmaly. Ýaradar argamak wepadarlygy bilen eýesiniň jesediniň daşynda hokranýar. Peleň nämäniň-nämedigine anyk düşünmedi, ýöne bir zada welin haýranlar galdy: Aýşöhläniň Şuňkar bedewi edil dälirän ýalydy, ol Aýşöhläniň çugutdyryp oturan ýeriniň on-on bäş ädim ýakynyna hiç kimi eltenokdy. Başgalar barada-ha gürrüňem ýok, hana, Şuňkar Sibir begi-de Aýşöhläniň golaý-goltumyna getirenokdy. Ýogsam ol atdan düşüp ýuwaşlyk bilen gyzynyň ýanyna barjak boldy. Şuňkar Sibir beg ýakynlaşyberende edil gyzyl däli bolaýdy: ýiti-ýiti hokranyp, çarpaýa galyp, ýakynyna barmaly däldigini äşgär etdi. Sähel gapyl galsaň, Şuňkar depjekdi, gapjakdy. Soň görlüp oturylsa, bar zat şu ýerde — Ýekepetdäniň ýanynda bolup geçen eken. Akgyzlary bilen gezelenje çykan Aýşöhläni gören dört sany bezemen atly ýigdekçe akyllaryny ýitiripdirler, oňa aşyk bolupdyrlar, onuň deňinden geçip gidip bilmändirler. Bu owadan gyza eýe çykmazlyk — üstüne gelen bagta eýe çykmazlyk. Ýigitler bu owadan gyzy argamagň syrtyna basyp alyp gaçmakçy bolupdyrlar. Aýşöhlä ýakynlaşanlarynda Şuňkar çarpaýa galyp öňden gelýäniň üstüne sürnüp argamakdan agdarypdyr, soňam toýnaklary bilen ýigdekçäniň kelleçanagyny pytradypdyr. Şol iki arada Aýşöhle argamakdan ýykylyp, sag aýagyny döwdüripdir. Aýşöhläniň argamakdan ýykylmasyna özüni günäkär saýan, namys eden Şuňkar ýaraly ýolbarsa dönüpdir: beýleki argamaklylary dişläpdir, gapypdyr. Aýşöhläniň kenizleri şol aralykda geçelgä habar ýetiripdiler. Elbet, bu zatlary Peleň soň eşitdi. Bu zatlar hakda oňa bu mahal eşitmek hökmanam däldi. Esasy zat Aýşöhläniň diriligidi, onsoňam alnyp gaçylmandygydy. Peleň atylan ok ýaly bolup gelip, duranlaryň ýanynda saklandy. Demi-demine ýetmän sojady. — Näme boldy? Näme boldy? — diýip, Peleň maňlaýyndan syrygýan derini ýeňi bile süpürdi. — Hany, Aýşöhle? Adamlar, adamlar, siz näme üçin ýüzüňizi sallaşyp dursuňyz? Aýdyň ahyryn, hany, Aýşöhle?! Peleňiň gahar-gazapdan doly göreçlerini gören adamlaryň endamlary tikenekläp gitdi. Ol göreçleri hiç kim hiç wagt beýle gazaply görmändi. Peleňi gören adamlar bir gyra çekilip, ýol berdiler. Adamlaryň aýrylan ýerinden şugla göterildi. Hana, Aýşöhle! Ynha, Aýşöhle! Aýşöhle ýüzüni tutup gözýaş döküp otyr. Peleň bir bökende Aýşöhläniň gaşyna bardy. — Aýşöhle, saňa näme boldy?! Eý, Göktaňrym, görüň-ä! Peleň Aýşöhlä ýakynlaşanda Şuňkar kemterisinden äwmedem. Asyl hiç zat bolmadyk ýaly, Aýşöhlä hiç kim ýakynlaşmadyk ýaly, dur ümsüm. Şuňkar ýuwaşandyr diýen pikir bilen Sibir Aýşöhlä bakan birki ädim ätdi welin, Şuňkar birden tebil tapdy. Hokranyp, dişlerini şakyrdadyp, Sibir begiň üstüne süründi. Sibir beg mejbury halda yza çekilmeli boldy. Peleňiň bu bolşuny görüp, kim agzyna siňek gondurdy, kim argamagynyň rişdesini goýberdi. Häliden bäri duran adamlar Peleňiň, ine, şu bir oýnam sözüni aýdyp bilmän durlar ahyryn. — Saňa näme boldy, Aýşöhle? Hany, şol haýyn? Men ony düýt-müýt edeýin! Aýşöhle eda bilen başyny galdyrdy. Ýaşly didesini durşuna gaýrata-hyjuwa ýugrulan garadangaýtmaz Peleňe dikdi. Aýşöhle aýagyny akja gollary bilen sypady. Onuň bu hereketinden çen tutan Peleň gorkuly sorady: — Aýagyňa bir zatlar boldumy? Aýşöhlä jogap bermek zerur bolmady, çünki häliden bäri Aýşöhläniň ýanynda sesini çykarmaga het edip bilmän duranlar özlerine geldiler, gürlemäge pursat bolanyna begenişdiler: — Aýşöhle Şuňkaryndan ýykyldy. Şonda aýagy döwlendir. — Şuňkar gelenleriň birinem Aýşöhläniň ýakynyna getirmändir-ä! Ine, göktürkmeniň namysynyň goralyşy diýip şuňa aýdaýsaň! — Hana, el uzadan haýyny edip taşlanyny bir görüň-ä! — Beýleki düpbozanlaryň üstüne-de topulypdyr ol! — Wah, bize zat goýmandyr-da! Ýogsam biz — är ýigitler ol pelitlere Hanan geçelgesiniň töweregine gelinse, yzynyň näme bilen gutarýandygyny gowy edip görkezerdik! Entegem är ýigitlerimiziň galabasy derýada!.. — Alyp gaçaýjag-aý, olar. — Heý, biz ýaly är ýigitleri bolan obadan hem düpbozanlyk edip bolarmy? Biz onuň aman-zamanyny berjek däl-ä. — Ýanyndaky üç argamakly-ha gaçdy. — Üçüň birini depäniň aňry ýüzünde öz ellerim bilenjik kerçemläp gaýtdym — diýip, Garadat öz gezeginde buýsançly dillendi. — Wah, beýlekilerinem aman sypdyrmaly däl eken. — Aýşöhläni sag-aman alyp galdyk. Jähenneme gitsin-le olar. — Dişinde et galdyrmaly däl olaryň — diýip, Supan taýlagyň körpe ogly Matym ýumrugyny galgatdy. — Aýşöhle, sen hiç zatdan gorkmagyn, seni gorarysam, eýe-de çykarys. Duranlaryň şeýle bir gürläsleri, şeýle bir gürläsleri gelýärdi. Özlerem her bir sözüni Sibir bege, Aýşöhlä eşitdirip gürläsleri gelýärdi. Öz sözleriniň Aýşöhlä nähili täsir edýändigini bilesleri gelýärdi. Her geplän Aýşöhlä seredip gürleýärdi. Aýşöhle olaryň gürrüňini ylla eşitmeýän ýaly, başyny galdyrman otyrdy. — Aýşöhle, aýagyň agyrýarmy? — Peleň Aýşöhlä intizarlyk bilen bakdy. Onuň bu soragyna nähili jogap eşitjegini bilesleri gelip, ähli kişi aňkarylyşdy. — Nädip oba aşjak? — Göreňokmy aýagynyň agyrýandygyny, näme üçin gerekmejek sorag bilen Aýşöhläniň başyny agyrdýarsyň? — diýip, Matym Peleňiň üstüne hemle atdy. — Ýöräb-ä aşyp bilmez. — Bu ýakynda Hanan barmy näme. — Onda nätmeli bolar? Ähli kişi Sibir bege seretdi. Sibir beg gysga, kesgitli gürledi: — Ata mündürmeli. — Öz Şuňkaryna münsün. Duranlar şu pikiri ýerli-ýerden makulladylar. — Aýagy agyrýan bolsa, nädip münsün ol? — Şuňkar ýanyna eltenok. Tagsyr, gyzyňy nädip ata mündürjek?! — Kimdir biri mündürmeli bolar. Sibir beg, Şuňkar sizi Aýşöhläniň ýanyna eltmese, ony nädip ata mündürerkäňiz?! — Kim mündürsin? — Özi aýdaýmasa. — Ata mündüräýeli seni, eý, eziz Humaý — diýip, Matym gaýrata galdy. Aýşöhle başyny ýaýkady. — Ata münjek däl diýýär. — Ata münjek däl diýýär ol. — Ata münjek dälmiş. — Ata münjek däl diýdimi? Göktaňry bendelerini isleýşiçe aňk edýär. Çünki onuň elinden gelýär. Kä ata köpçüligiň içinde perzendiniň kemisliginden utanýar, ýygrylýar. Hiç kimiň çagasynyň kemisligine pitiwa etmezligini isleýär. Ýöne beýle ahwalat tersine-de bolup biljek eken. Sibir beg aşa owadan gyzynyň il gözünden çetde bolmagy üçin gije-gündiz aladalanýardy. Bar gorkusy küren obaň adamlarynyň Aýşöhläniň keşmerini görüp aperin bolmaklarydy. Ine, bu gün Göktaňry Sibiriň şol gorkusyny alnynda kesertdi. Ýeri, ol nätsin? Gorkusy, hawa, gorkusy alnyna geldi. Bu ahwalatyň haýdan-haý öňüni almak üçin Sibir ýaňy öňüne alan togdary etinden bişirilen kakmajyny terk edip, çyplaň ata atlanyp, şu ýere gönügipdi. Akgyzlaryň ömri uzak bolsun! Şuňkaryň ömri uzak bolsun! Aýşöhle gyzyň ömri uzak bolsun! Göktaňryň ýalkawy baky bolsun! Ähli islegiň bitip durmy näme! Beg-de bolsaň, ähli islegiň amal bolup duranok. Muny sada garamaýaga düşündirip, ynandyryp bolmaz. Taňry bilen begiň diýeni bolup duran hasaplaýarlar olar. Bolaýanok! Ine, gyzy öňünde guma bulaşyp otyr. O görgüliniň gapdalynda maslyk ýatyr. Maslygyň repidä öwrülen kellesinden çogup çykan beýniler agaryşyp aňryňy bäri getirýär. Heý, Aýşöhläniň häzirki oturan ýeri onuň oturmaly ýerimidir?! Ýok, onuň oturmaly ýeri däl, gan, maslyk gyz maşgalanyň görmeli zady hem däl! Hiç bolmanda, Aýşöhläni oturan ýerinden bir depe aňryk ýa bärik geçirmeli. Asyl, il-günüň ýygnanyşmagyna garaşyp durman, onuň derdine haýdan-haý em edip, öýe aşyrmaly. Ýöne seniň bu islegiňe Şuňkar bedew düşünmese nädersiň. Ol häzir her bir ýakynlaşan kişiden Aýşöhläniň duşmanyny görýär. Bu gün Aýşöhle gezelenje çykmak islände, Sibir beg: «Öýden köp çykyjy bolma! Dost bar, duşman bar, bir masgaraçylygyň üstünden baraýma» diýip, oňa azgyrylypdy. Meger, begiň şol sözleri Şuňkaryň ýadynda galan bolsa gerek, ony şu betbagtçylygyň sebäpkäri hasaplaýan dek, gyzynyň ýakynyna getirenokdy. Elbet, Şuňkaryň janyny jähennemiň dik düýbüne ugratsa bolardy, ýöne bu mahal bu duranlaryň arasynda Sibir begiň abraýyndan Şuňkar bedewiň abraýy ýokarydy. Oňa garşy nämedir bir zat etmek öz abraýyňa zeper ýetirmek boljakdy, duranlaryň arasynda nägilelik döretjekdi. Häzir beg Sibir däldi-de, Şuňkar begdi. Şuňkara isleseň-islemeseň, beg-de bolsaň, boýun sunmak zerurdy. Şeýle bolansoň, aýgytly bir çözgüde gelmän, Sibir beg başyny aşak salyp, «Näme edeliň, beg aga?!» diýip, çawuşlaryň berýän sowallaryna-da aýgytly bir jogap berip bilmän durdy. Birdenem gözüne urlan ýaly, hiç bir gorky-ürküsiz, bürgüt nazarly, syrdam syratly ýigidiň gelmegi, Şuňkaryň deňinden geçip Aýşöhläniň gaşynda aşak çökmegi, onuň bilen gypynçsyz gürleşmegi ýüregine şemşer bolup sanjyldy. Ýigidiň beýle okgunly hereketi, bu ýigidi — Peleňi görüp, gyzynyň galpyldamasy Sibir begi hasam lagşatdy. Ol ähli zatdan beter, şu wakadan soň il arasynda batbörek deýin bat aljak hyşy-wyşylary göz atuwyna getirip ýanyp-bişdi. Bu goç ýigit gelensoň Sibire seredýänem, oňa sala salýanam, nazaryny dikýänem ýok. Ähli duranlaryň nazary Peleňde. Ähli kişi durşy bilen göze, durşy bilen gulaga öwrülip, Peleňiň her bir hereketini, her bir sözüni yzarlaýardy. — Wiý, geldiňmi? — Geldim, Aýşöhle, geldim. — Gürüm-jürüm bolduň-a sen. On günläp ýoluňa daňdyň-a meni. — Indi gitjek ýerim ýok. Aýşöhle Peleňe intizarlyk bilen seretdi. Indi on gün bäri ol Peleňi görenok ahyryn! Şol geçen on günüň içinde Aýşöhläniň nähili hupbatlar görendigini hiç kim düşündirip bilmese gerek, asyl onuň özem söz bilen-ä düşündirip biljek däl. Geçen on gün içre Peleň mesaňa horlanypdyr. Dogrusy-ha süňk bolup galypdyr. Algyr nazary welin, şol öňküsi deýin durşuna dogum, durşuna uçgun. Aýşöhle Peleňi synlap, oňa kän zatlar aýtjakdy, ýöne haýsy bir islän zadyňy islän pursadyň aýdyp bolýar. Gyz diýmek aýdylmadyk söz diýmek dälmi näme! Gyz diýmek — waharman gawunyň terligi diýmek dälmi näme! Gyz diýmek — şu dünýädäki jennet diýmek dälmi näme! Sorap oturmaň näme seniň! Gyz — ýaşaýşyň älemgoşary ahyryn! Gyz — ýaşaýşyň manysy ahyryn, gyz — ýaşaýşyň gyzygy ahyryn! Ýaşaýyşdan gyzy, zenany aýyrsaň, tebigatyň sazlaşygy, hereketi togtar. Zenan — ýaşaýşyň güýç-kuwwaty ahyryn! Ine, görüň-ä! Hanan geçelgesiniň manysy, Hanan geçelgesiniň ýüregi çykgynsyz ahwala düşen dessine ähli oba ary kömejine kesek atylana dönüp, bir gulakdan gopup, niredesiň Ýekepetde diýip ýelk ýasaýandyr. Peýwagtyna şu ýere gelmeli diýilse, müň bir gepiň başyny agyrtjak, haýy gaçyp waýy galan gojalar hem hasalaryny üçünji aýak edip zut eňäýendirler at gaýtarym aralygy ýüksünmän. Sibir içinden hemme zadyň gowulyk bilen soňlanmagyny beýik Göktaňrydan, görkli Günden, görkli Aýdan, hezreti Enehudaýdan öwran-öwran dileg edip otyr. Ol göýä başyny aşak salyp duran ýalydyr, ýöne ähli hyşy-wyşylary sesýetimde bolsa-da eşidip, olary akyl eleginden geçirip otyrandyr. Onuň bar endişesi Aýşöhle. Ol gyzyna näme diýip, näme aýtjagyny bilenok. Wah, Aýşöhläniň özi-de nätjegini bilenok ahyryn!.. Aýşöhle nurly başyny galdyrdy. Eda bilen gapdalyndakylara seredip çykdy. Onuň bihuş ediji didesi Peleňde saklandy. Onda-da nähili saklandy. Peleňiň üýtgeşik gözlerine imrinmek bilen, berilmek bilen seretdi. Peleňiň gözleri adaty gözler däldi. Ol gözler juda üýtgeşik gözlerdi. Aýşöhle üçin hiç bir kynçylykdan gaýtmazlygy, gerek bolsa başyny goýmagy wada berýän gözlerdi. Ol gözler çäksiz ygrary wada berýän gözlerdi. Ol gözlerde Aýşöhläniň okara ýaly ala gözleri ýerleşdi. Aýşöhle gürläp, diňe bir Peleňi däl, bu ýere ýygnananlaryň ählijesiniň begençden, bagtyýarlykdan ýaňa depelerini gök diretdi. Aýşöhläniň mahmal deýin sesini duranlaryň birem, goňşy-golam bolsalaram, eşidip görmändiler. Ýöne olar gije-gündiz Aýşöhläniň sesini eşitmegi, didaryny görmegi arzuw edip ýören adamlardy. Aýşöhle şeýle bir ýuwaş gürledi, şonda-da ony eşitmedik adam galmady. Onuň sesi duranlaryň ýüreklerini endiredip-endiredip gitdi. — Sen meni öýe aşyr, Peleň! Peleň soragly nazaryny Sibire dikdi. Sibir beg näderini bilmeýän bolarly, esli dymdy, soňam razylyk berip öndedi. Sibir begden rugsat alan Peleňe peleň gaýraty geldi. Şol pursat bu ýerde duranlary haýran galdyran bir ahwalat bolup geçdi: Şuňkar gelip Peleňi ysgady, kellesini onuň egnine goýdy. Peleň Şuňkaryň kellesini sypady, kellesine kellesini goýdy. Bedewe nämedir bir zatlar diýdi, arman, Peleňiň näme diýenini eşitgir hananlylar eşidip bilmediler. Şuňkaryň Peleňe gulak asyşyna welin, geň galdylar: Peleňiň sözünden soň Şuňkar üç-dört ädim yza çekildi. Peleň Aýşöhläni nähili göterjegini bilmeýän dek birmeýdan durdy. Ýok, bilýän eken, ol Aýşöhläni eda bilen ýerden göterdi. Göterdi. Aýşöhläniň bihuş ediji ysy onuň başyny aýlady. Peleň duran ýerinden bir aýlandy. Töweregini gallap duranlara nazaryny aýlady-da, niredesiň Hanan diýip, paýu-pyýada ýola düşdi. Görüň-ä ony! Aýşöhläni göterdi! Aýşöhläni göterdi ötägitdi ol! Aýşöhläni gujagyna aldy-da, ýöräberdi ol. Duranlar Peleň altmyş-ýetmiş ädim daşlaşýança özlerine gelmedi. Olar demlerini içine çekip, gözlerini petretdiler. Olaryň demleri tükenip, «hyž» edip, içinde bir zada degen dek ses etdi. Ähli kişi Peleňe derek tolgundy. Ähli kişi Peleňe derek dem aldy. Peleňe derek titredi. Peleň bolsa gidip barýar. Birhaýukdan özlerine gelip ugran hananlylar daşlaşyp barýan Peleňiň yzyndan eňdiler. Hiç kim Peleňden öňe düşmäge het edip bilmedi. Onuň yzy bilen ýörediler. Sibire serediň! Ol hem edil lal açan dek, başyny aşak salyp, gara dere batyp, mytdyldyklap pyýada ýöräp barýar. Peleňiň yzyndan Şuňkar barýar. Şuňkaryň yzyndan Sibir beg barýar. Sibir argamagyň bu islegine garşy çykmady. Ol argamagyň gazabyny görenlerinden soň hiç kimse hem oňa ýakynlaşjak, münjek bolmady. Ýöne ol öňküsi ýaly däldi, her näme-de bolsa, öňküsinden ýuwaşapdy, arkaýynlaşypdy. Peleň Aýşöhläniň döwlen aýagynyň agyrmasyndan howatyr edip, şeýle bir seresaply ýöreýärdi. Aýşöhlede agram ýok ýalydy. Barsa bardyr, ýöne ony Peleň duýanokdy. Gaýtam Aýşöhle onuň ýöremesini ýeňledýärdi. Şeýle bagty — mertebäni ol hyýalyna-da getirip görmändi. Ýogsam ol indi gulamlykdan geleli bäri diňe Aýşöhläniň ady bilen ýatyp, Aýşöhläniň ady bilen turýardy. Gije düýşünde-de Aýşöhle bilen duşuşýardy. Onuň bilen gürleşýärdi. Onuň bilen süýji-süýji söhbetler edýärdi. Onuň bilen gürleşmek lezzetlidi. Peleň her gün arzuw edýärdi. Garagumuň çägesinde san bardy, onuň arzuwlarynda welin, san-sajak ýokdy. Ol Aýşöhle bilen her hili gürrüňler edýärdi, her hili wakalary başdan geçirýärdi. Özem ol wakalary dürli-dürli görnüşlerde başdan geçirýärdi. Ýöne ol Aýşöhläniň aýagy döwler, ony oba göterip getirmeli bolaryn diýip, eger-eger pikir etmändi. Peleň tas bir ýyllap aňynda göteren söýgüsini bu gün elinde göterip barýardy. Hawa, hawa... Ol tas bir ýyllap aňynda göteren söýgüsini bu gün elinde göterip barýardy. Peleňi gijelerine rahat ýatyrmadyk, gündizlerine erk-ygtyýaryny eline alan bagt guşy bu gün onuň hakyt eline gondy. Peleňiň bagt guşy elinde. Ol guşa ähli kişi hyrydar. Ol guşa diňe bir erkekler däl, aýallaram magşuk. Hanan geçelgesiniň gözi bu mahal Peleňiň elinde. Göktaňry bagt guşuny Peleňiň eline elin gowşurmak üçin düpbozanlary bir ýerlerden tapyp getiren bolsa gerek. Belki, başgaça bolanlygynda bagt guşy Peleňiň eline şeýdip gonmazdy. Peleň ýöräp barşyna beýik Göktaňra alkyş okady. Aýşöhle Peleňiň kösenmezligi üçin ak goluny onuň boýnuna çala dolady. Gyzyň gyzgyn bedeni, gyzgyn demi Peleňiň enterpelegini aýlaýardy. Ol entegem özüni ele alyp, dürsäp bilenokdy. Alasarmyklyk bilen ýöräp barýardy. Öňden obanyň adamlary çykdy: olar Aýşöhläniň diriligine begenmek begendiler. Bir gyra çekilip Peleňe ýol berdiler. Oba barýan ýoluň ýary yzda galdy. Peleň gidip barýardy. Adamlar gidip barýardylar. Hiç kimden ses-selem çykanokdy. Aýşöhle ýuwaşja gürledi: — Birazajyk dynç alaýaly. Aýşöhläniň bu sözi Peleňiň öňem gursaga sygman, daşary çykjak bolup çyrpynýan ýüregine ylla üýtgeşik mukam bolup çaýyldy. Aýşöhläniň sesini eşidenleriň ýüzleri ýagtyldy. — «Birazajyk dynç alaýaly» diýdi. — Aýşöhle «Birazajyk dynç alaýaly» diýdi. Aýşöhläniň bu sözüni ähli kişi eşidenem bolsa, ylla görlüp-eşidilmedik bir waka bolan dek biri-birine buşlap çykdylar. Peleň yzdan ýöräp gelýän Sibir bege sala salyş nazaryny dikdi. Sibir razylyk berip baş atdy. Şondan soň haýdan-haý Aýşöhläniň oturjak ýerine düşek ýazmak üçin başagaý boldular. * * * Peleň ýene Humaýy — Aýşöhläni gujagynda göterip adamlaryň öňüne nur seçeläp, Hanan begligine sary ugrady. Hawa, göräýmäge, yssam däl ýalydy, ýöne Peleň şalpy-şaraň derläpdi. Megerem, howlugyp, Aýşöhläni öýüne tizräk ýetirmek üçin gaty-gaty ýöreýänligi üçindir. Ýöne Peleň Aýşöhläni göterip, ömrüniň ahyryna çenli ýöremelem bolsa razydy. Oňa esasy zat Aýşöhläniň ýanynda bolmakdy. Diňe ýanynda bolmakmy näme?! Aýşöhle onuň gujagynda ahyryn! Aýşöhle Peleňiň gujagyny dolduryp, dem alşyna diň salyp barýar. Diň salýarmyka? Düşünýärmikä? Wah, Peleňiň ýumruk ýaly ýüreginiň özi hakda nähili telwas, pelesaň urýandygyny Aýşöhle bir bilsedi. Bilse, Aýşöhläniň ýüregi daş-demirden bolaýanda-da erärdi. Maňlaýyndan syrygýan derler onuň gözüne syryp, päsgel berýärdi. Eli bilen süpüreýin diýere-de, ýagdaýy ýokdy. Muny aňan dek, Aýşöhle enaýyja eli bilen Peleňiň maňlaýynyň derini syldy-da, birgeňsi ýylgyrdy: — On günläp görünmän sen meni gaty gorkuzdyň, oglan! Men saňa her gün sähra gelip garaşdym. Peleň tolgunmak tolgundy. Aýşöhläniň sözüne jogap bermek üçin, taýly gezek ýuwdundy. Eger-eger näme söz diýjegini bilmedi. Peleňiň bagtyny gören söz görünmäge ejap edip, zym uçana dönäýipdir. Ýekeje agyz gürläp bilmese nädersiň. Ol nämedir bir zatlar diýmek üçin ýene bir ýola ýuwdundy, arçyndy. Asyl arçynara-da onda ses ýok. Sesini, sözüni Ýekepetdede gaçyryp, Peleňiň bir özi galaýan bolsa nätjek?! Aýşöhle birden Peleňe ýuwaşjadan garaşylmadyk sowal berdi: — Aý, oglan, sen on günläp nirede bolduň? — Menmi?! Men öýde boldum. Birazajyk ýaramadym. — Wiý, bu oglany! Sen öýüňde bolmadyň-a! — Öýde ýatdym. — Öýüňde ýatan bolsaň, gije bir gezek dagy daşary çykardyň-a! — Uzak gije garawulladyňmy? — Wah, garawullajak däl-le, men saňa bir zat bolandyr öýdüp, gaty gorkdum... — Aýşöhle, dünýäm düňderildi meniň. Hernäçe agyr-da bolsa, meniň saňa hökman aýtmaly sözlerim bar. Şu günden başlap, meniň senden başga ýüregimi açyp biljek adamym hem ýok indi. — O nädip şu günden başlap? Näme diýjek bolýarsyň?! — Eşidersiň, baryny eşidersiň. Soň duşuşarys, baryny gürrüň bererin. Meniň saňa hökman aýtmaly sözlerim bar. Aýşöhle çalaja baş atdy. Birmahallar Peleňiň babasy: «Bu dünýä ynanar ýaly däl» diýerdi. Babyr begiň bu sözüne ogly geň galardy. Dogrudanam, bu dünýä ynanar ýaly däl eken, bu dünýä hiç düşüner-dagy eder ýaly hem däl eken. Eger dünýä ynanar ýaly bolmasa, onuň bendesine nädip ynanjak?! Eger dünýä düşüner ýaly bolmasa, onuň bendesine nädip düşünjek?! Peleň Aýşöhläni öz gujagyna sygar öýtmändi. Aýşöhläniň dünýä sygyp ýörşüne-de geň galardy. Ony dagy göterip bolaram öýtmändi. Görüp otursa, dünýä sygmaz öýdüp ýören perizady özüniň gujagyna sygyp dur. Onda-da nähili sygýar diýsene! Laýyjak! Peleň gujagyna Aýşöhläniň sygyşyna ýöredigiçe geň galdy. Peleňiň gujagy Aýşöhle üçin laýyjak! Hakyt laýyjak. Peleňiň gujagy göýä Aýşöhle üçin ýaradylaýan ýaly. Ulam däl, kiçem. Asyl, Aýşöhle agyram däl eken. Ony göteribem boljak eken. Ony gujagyňa alyp göterip boljak eken. Göktaňry ýalkasa, gije-gündiz arzuw edip ýören perizadyňy gujagyňa salyp beräýýär eken. Göktaňry ýalkasa, müňläp garşydaşyňy ýeňip, agyzlaryny aňkardyp, myradyňa ýetýärsiň. Peleň Taňrynyň ýönekeý ykbal bermändigini serinden geçirdi. Taňry her bendesine muwapyk täleý berermiş. Agyr kysmat berse, soňundan ýalkap goýberjekdir. «Bu günki ysnyşyk Aýşöhle bilen iň soňky ysnyşykmy! Ýok, ýok! Aýşöhleden aýry ýaşap bilmerin! Men eneme lebiz etmedim ahyryn!..». — Näme diýdiň? — Aýşöhle pessaý dillendi. — Ýok, ýok, hiç zat! — Peleň Aýşöhläniň ýüreginiň zarynlamasyny eşidendigine geň galdy. Aslynda, zyban soň döräpdir. Owalbaşda ýürek dili hökmürowan bolupdyr. Ýürek bilen sözleşipdirler. Ýürek sözlände dil artykmaç ahyryn! Aýşöhle Peleňiň ýürek agysyny eşitdi. Ony aňyna sygdyryp bilmedi. Ol ýürege sygaýarly-da däldi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |