ON IKINJI BOÝ
ÝAGŞYLYKDA ÇÄK BOLSA-DA, ÝAMANLYKDA ÝOK
Aşak tarapdan bir topar atly göründi. Olar hananlylara bakan ýüzin salyp gelýärdiler. Argamaklylaryň ýer sarsdyryp gelşini gören adamlaryň arasyna dowul düşdi.
— Ol gelýänler hälki öldürilenleriň hossarlarydyr. Olar hun talap etmäge gelýändirler.
— Başga näme üçin gelsin. Peleňiň toýuna gelmeýändigi-hä belli olaryň!
— Adamlar, nätmeli? Hany, belli karara geleliň.
— Gyz alyp-gaçmak ata-baba bar zat, gyz alyp gaçypdyr diýip adam öldüräýmek bolarmy!
— Adamlar, ol gelýänler elli-altmyşdan kän däl. Biziň argamaklylarymyz bolsa, iki ýüzden aňry. Aýallar bilen pyýadalar biraz yza çekilsin. Söweşe häzir boluň, ýigitler. Eger olar hun sorap gelýän bolsalar, biz gürrüňsiz söweşmeli, gyrlyşmaly bolarys. Sebäbi obamyzyň gyzyny alyp gaçan adama biz hun bermeris. Gaýtam, şeýle iş edendigi üçin şol işi eden adamyň tohum-tiji bilen ýok ederis — diýip, Garadag argamagyň üzeňňisine galyp gürledi. — Hatynlar, Aýşöhläni araňyzda gizläň. Goý, gelenler Aýşöhläni görmesinler. Görseler, betbagtçylygyň ula ýazmagy mümkin.
Aýallar derrew Peleňiň daşyna egele boldular. Ondan Aýşöhläni ýerde goýmagy talap etdiler. Peleňiň welin Aýşöhläni ýerde goýasy gelmedi. Ýerde goýsa, nähilidir bir betbagtçylyk onuň üstüne abanaýjak ýaly duýuldy. Diňe bu-da däl, Aýşöhläni oturdaýar ýaly amatly ýer hem tapmady. Nirede oturtsa, Peleňiň göwnüne, Aýşöhle üçin amatsyz duýuldy durdy. Ol birki gezek Aýşöhläni ýerde goýjak bolup peýlendi, ýöne goýmady. Soň aýallaryň ýazan ýaglyklarynyň biriniň üstünde Aýşöhläni oturtdy. Onuň gaşlarynyň çytylandygyny görüp, gorka dillendi:
— Bir ýeriň agyrdymy, Humaý?
— Ýok, ýok. Sen biynjalyk bolma!
— Aýşöhle, Peleň adyna mynasyp Peleňdir. Hananyň buýsanjydyr.
— Peleň naýbaşy erkekdir!
— Göktaňry bagtyňy açsyn, Peleň!
* * *
Argamaklylar gorky-ürküsiz sürnüp gelýärdi. Özara gykylygy al-asmana galýardy. Näme diýişýändiklerini anyklap bolanokdy.
— Adamlar, gorkmaň, biz känlik. Iň esasy hem biziň aramyzda pählewan Peleňimiz bar!
— Ýanymyzda Peleň barka bize hiç bir ýagy hem gorkuly däl! — diýip, hananlylar buýsançly gygyryşdylar.
— Serediň, biziň köplügimizi görüp saklandy olar — diýip, Garadag adamlara seretdi.
Argamaklylar, dogrudanam, biraz saklandylar. Olar özara nämedir bir zady maslahatlaşdylar. Olaryň maslahaty uzaga çekmedi, tozan turzup hananlylara bakan gaýtdylar.
— Akmeýdanlylar ýaly-la? — diýip, duranlar çiňerilip-çiňerilip seretdiler.
— Dogrudanam, akmeýdanlylar.
— Şolar! Gaýmart beg ol!
Gelýänler akmeýdanlylar eken!
Duranlaryň köpüsi ýataganyny gynyna salyp, maňlaýynyň derini syldy. Wah, maňlaýyňa inen deri süpürip bolýar. Galan der galybersin!
Akmeýdanlylar hananlylar bilen gadyrly salamlaşdylar.
— Bu habary eşidip, ýüregimiz ýarylan ýaly bolup bäri eňdik — diýip, Gaýmart beg aýtdy.
— Sähel salymda habar size-de baraýypdyr-ow.
— Biz şu ýakynda aw edip ýördük. «Hananlylaryň üstüne ýagy döküldi» diýen habary biz tötänden eşitdik — diýip, Gaýmart beg aýtdy.
— Dogry, dogry. — Sibir beg Garadaga «özüň aýt» diýen terzde bakdy.
— Dört-bäş sany ýelemýüwlet begiň gyzyny alyp gaçjak bolupdyr. Hernä Aýşöhläniň aty Şuňkar ýakynyna adam getirmändir. Biriniň kellesini pytradyp taşlapdyr. Birinem özümiz öldürdik. Ikisem gaçyp gitdi.
— Alyp gaçjak bolanyň haýsy obadandygyny anykladyňyzmy? Olaryň dişinde et galdyrmaň. Şu işe het edenleri tohum-tiji bilen ýok edeliň.
— Aýşöhläniň sagdygyny görüp biz olaryň yzyndan kowjak bolubam durmadyk.
— Wah, kowmaly eken. Yzlaryndan ýetmeli eken, öldürmeli eken.
— Gaýmart beg, geleniňiz üçin sag boluň. Siz indi yzyňyza gaýdyberiň — diýip, Sibir beg gelenlere minnetdarlyk bildirdi.
Gaýmart beg Garadagyň habaryndan soň, serasima hala düşdi. Gamçysy bilen — megerem, özi bilmezden — aýagyna yzly-yzyna urdy. Töweregine ýaltaklady. Onuň bu bolşy hananlylary iňkise goýdy. Aýratynam Peleň howsala düşdi. «Aýşöhläni alyp gaçanlar? Wahşunwaryň ýigitleri bolaýmasyn?!». Hana, Gaýmart beg öldürilenleriň nirede ýatandyklarynyň salgysyny aldy. Belki, Dolanaýdyr?! Rast, Akmeýdandan gelen ýigitleriň arasynda Wahşunwar ýok, diýmek, Aýşöhläni alyp gaçjak bolanlar Wahşunwar dagy bolmaly? Gaýmart begiň özi aýdyp otyr-a: «Biz şu töwerekde aw edip ýörüs» diýip. Wahşunwar aw edip ýörkä Aýşöhläni görendir, derrewem hyrydar çykandyr, şeýledir. Ýöne ol näme üçin Aýşöhläni alyp gaçsyn?! Ol Aýşöhläni alyp gaçjak bolan däldir, öldürjek bolandyr. Ýöne akgyzlar nätanyş atlylar bikämizi alyp gaçjak bolýar diýip düşünendirler. Aýşöhläniň janyna kast ediler pikir ýok ahyryn olarda. Hananda ýas, Akmeýdanda-da ýas tutular. Gaýmart beg Wahşunwary, gör, nähili gowy görýärdi...».
* * *
Ata-baba gelýän ejap etmek adamlary köp-köp bela-beterlerden saklaýar, köp-köp ädimleri ätdirmän, aýagyny kössekleýär. Ile gülki bolmazlyk, soňundan gürrüňiniň edilmezligi üçin adamlar köp-köp ýerlerde hyrçyny dişläp oňýarlar. Özleriniň erkine zoraýakdan demir jylaw salýarlar. Ýogsam erkem aňsat-aňsat baş bererli — özüne jylaw saldyrarly däl. Käbir zatlar bolsa adamyň demir erkini hiç hili kynçylyk görmezden özüne tabyn eýleýär. Aýşöhläniň gözelligem agtykly-çowlukly kişileriň ejap, erk diwaryna rüstem gelýär, olary nädeýin diýse edip otyr. Erkleri ellerinden gidensoň, olar gapdalynda kimiň bardygyny, kimiň ýokdugyny unudyp, aňkarylyşyp durlar.
Dünýäde iň beýik zat, iň gymmatly zat baýlyk, hazyna diýýärler.
Beýle däl eken.
Dünýädäki iň gymmatly zat — gözellik eken.
Dünýädäki iň süýji zat — gözellik eken.
Dünýädäki iň beýik zat — gözellik eken.
Adam baýlygyň öňünde ejiz diýýärler.
Gözellik dünýäde baýlykdan hem rüstem, hökmürowan eken!
Iň uly baýlyk — gözellik eken!
Ine, dünýädäki iň gymmatly, iň süýji, iň beýik baýlyk — gözellik iki obanyň uludan-kiçisiniň öňünde şamçyrag bolup barýar.
Aýşöhle tylla-göwher bolanlygynda munça adam bu ýere ýygnanmazdy.
Adamlar beýle teşnelik bilen ýöremezdiler.
Adamlar beýle tolgunma bilen ýöremezdiler.
Adamlar beýle edepli ýöremezdiler.
Akmeýdanlylardan bir hajyraw ýigit ümsümligi böldi:
— Adamlar, o ýigidi beýdip kösemäliň. Aýşöhläni gezekleşip-gezekleşip götereliň. Şonda geçelgä çalt bararys hemem ýadamarys.
Erkek kişiler şu pikire garaşyp duran bolsalar nätjek. Baý-buw, teklibi başly-barat makullamak makulladylar, şu güne çen hiç kimiň pikiri hem şeýle köp makullanan däldir. Adamlar ýene müň ýyl ýaşasalaram bir pikiri şeýdip köp makullap bilmeseler gerek. Her kişi bir gezek, on gezek makullany bilen oňmady: ýetişibildiginden makullady, başy aýlanýança makullady. Başly-barat makullamalardan ýaňa şeýle bir gowur asmana galdy, bu gowura Aýşöhle bilen Peleň haýykman durmady.
Peleň saklandy, yzyna öwrüldi-de, adamlara gahar bilen seretdi.
Syraç ylgap geldi:
— Aýşöhläni ilki men göterjek, Aýşöhläni ilki men göterjek, men göterjek. — Syraç Peleňiň alkymyna geldi-de, doňdy galaýdy. Gorkujyna tasdan wägiripdi. Ol Peleňi beýle halda öň görmändi. Ony öň hiç kim beýle halda görmändi. Peleň öň beýle hem däldi. Onuň gan-petsiz ýüzüni, jöwher deýin lowurdap, gahardan ýaňa kesim-kesim edip barýan gözlerini görende halaýygyň zähresi ýarylan dek boldy, Peleňe seredip birmeýdan doňdylar.
Ol gözlerden gyrmyzy gana boýalan ýatagan çykyp, adamlaryň didelerine sanjylýardy. Ol gözlerde aýylganç güýç bardy, ol bogýardy, ol demikdirýärdi, ol gözler gorkuzyp, depe saçyňy syh-syh edýärdi. Şeýle bolansoň, ol gözlere uzak dikanlap seredip bilen tapylmady. Göçgünliligi artyp ugran kişiler utanç iş eden ýaly gyzardylar.
Peleň sandyrap, gazaply gygyrdy:
— Biriňiz ýanyma gelseňiz, kerçim-kerçim ederin!
Adamlar Peleňiň bu sözüne endireşip, birneme ýegşerildiler, çünki bu sözüň hakdygyna ynandylar.
Peleňiň göz ýatagany Syrajyň aýagyny çapyp goýberdi: Syraç gübürdäp gaýtdy aşak.
Peleňiň gözlerine bakan Aýşöhle birden tisginip gitdi. Çünki Peleňiň göz ýatagany Aýşöhläniň peri deýin owadan ýüregini parran kesip, içine giripdi.
Peleň Aýşöhle üçin gaýduwsyz howandardy. Ýöne soňky nazar ony bütinleý başga gyza öwrüpdi. Ol Peleňiň gözleriniň öňünde ejizledi, ony ezizledi. Ol söýgi hakda enesinden, boýdaşlaryndan kän gürrüňler, kän rowaýatlar eşidipdi, ýöne häzirki içki ahwalaty eşiden gürrüňlerini birin-birin ýatlatdy. Ol ilkinji gezek Peleňiň babyr bilekleriniň ýylysyny, kuwwatyny, ýüreginiň gürsüldisini eşitdi. Aýşöhle Peleňiň ýürek gürsüldisinden öz adyny eşitdi. Ýürek gürs-gürs edip urmaly, ýöne Peleňiň ýüregi gürs-gürs diýip durman, göni Aýşöhläniň adyny tolguna-tolguna gaýtalap urýardy. Aýşöhle öz adynyň tutulyp urmasyny şu wagta çenli eşitmeýşine diýseň geň galdy. Peleňiň ýüregi Aýşöhläniň adyny şeýle bir zaryn gaýtalaýar welin, biparh bolmak, jogapsyz galdyrmak mümkin däldi. Aýşöhle Peleňiň ýüzüne çalaja nazar saldy. Onuň ýüzünden akýan dere gyýyldy. Der Peleňiň gözüne inýärdi. Peleň ony süpürip bilmän, gözlerini gypyrdadyp barýardy.
— Birden eräp gutaraýma, oglan! — Aýşöhle Peleňiň maňlaýynyň derini elindäki ýaglygy bilen syldy.
— Men seniň üçin eremäge taýýar, Humaý.
Ýadaw barýanlara gaýrat geldi. Aýşöhle bilen Peleňiň arasyndaky gürrüňi eşidip, biri-birine habar berdiler:
— Aýşöhle: «Birden eräp gutarjak sen-ä» diýse, Peleň: «Men seniň üçin eremäge taýýar, Humaý» diýýär.
— Aýşöhle Peleňe: «Sen ýadadyň, dynjyňy alaý», diýse, Peleň dyzmaçlyk edip: «Eräp akyp gutarýançam götererin» diýýär.
— Aýşöhle Peleňe dynjyňy alaý diýýär, olam eger-eger durar ýaly däl.
— Görüň-ä Ýekepetdeden bäri göterip gelýär ol. Özem ýadana meňzänok. Peleň durşuna güýç-gujur eken. Tüweleme, gidip barýar ol.
— Peleň Aýşöhlä mynasyp. Ol begzada neslinden!
— Aýşöhläniň Peleňe nebsi agyrdy: «Birden eräp gutaraýma, oglan» diýdi. Biri-birine jübüt olar, Peleň biziň guwanjymyz!..
Peleňiň göwni göterildi:
— Humaý, bir ýeriň agyrýarmy?
— Meni alada etme, oglan.
Adamlar ylla gapdalyndakylaryň gulagy häzir açylyp, Aýşöhle bilen Peleňiň gürrüňini eşitmedik ýaly, biri-birine habar berdiler.
— Peleň Aýşöhlä: «Bir ýeriň agyrýarmy?» diýýär.
— Peleň Aýşöhlä: «Bir ýeriň agyrýarmy, Humaý?» diýdi. Aýşöhle: «Meni alada etme» diýdi.
— Peleň hälem Aýşöhleden: «Bir ýeriň agyrýarmy?» diýip sorady.
— Peleň hakyky Peleň! Gör-ä, ol durman Sibiriň gyzyny göterip gelýär. Göktaňry Peleňe, gör, nähili gujur-gaýrat beripdir.
— Göktaňry bu iki mynasyby biri-birine gowşursyn-da hernä!
Peleň yzdan gelýänleriň eşitmezligi üçin ada gürledi:
— Humaý!..
— Ýadadyňmy?..
— Ýüzümiň derini süpür!
Adamlar Peleňden beýle teklibe garaşman ekenler:
— Eşitdiňmi Peleňiň diýenini: «Ýüzümiň derini süpür» diýdi ol.
— Peleň Aýşöhlä: «Ýüzümiň derini süpür» diýdi.
— Görüň, görüň, Aýşöhle Peleňiň ýüzüni eli bilen süpürdi.
— Aýşöhle Peleňiň ýüzüni sypady. Gör, gör!
Peleň yzyna gaňrylyp bir seretdi welin, adamlaryň edil hekirtmeginden tutulan dek «hyk» bolaýdy. Onuň nazary bütinleý öňki nazar däldi. Ol nazaryň öňünde durar ýalam däldi. Eý, Taňry! Ol şemşer deýin parran dilýän, kesýän gözleri öň hiç kim görmändi. Sebäp onuň ýaly şemşerli nazar öň hiç kimde bolan hem däldir.
Hiç kimden ses-selem çykmady.
Peleň ýoluny dowam etdirdi.
Adamlar Peleňiň yzyna düşüp, Alawýere bardylar.
— Sen maňa söz ber, söz ber diýip kän aýtdyň. Menem saňa şu güne çenli söz bermedim. Ynha, indi men saňa söz berip biljek — diýip, Aýşöhle birenaýy ýylgyrdy.
— Ýok, ýok, Aýşöhle, söz berme, söz berme, ýalbarýaryn...
— Lebiz berýärin, beg ýigit, lebiz berýärin. Men diňe seniň ganatyň bolaryn. Goý, janym Aýyňky, taňlam Günüňky, tenim seniňki bolsun, Peleň!
— Ýok, ýok. Meniň dünýäm çepbe çöwrüldi.
— Men seniň aýagyňa togap etmek isleýärin — diýip, Aýşöhle Peleňiň döşüne maňlaýyny goýdy.
— Humaý!..
— Men seniň sadyk hyzmatkäriň bolaýyn, Peleň!
Aýşöhläniň bu hereketine ähli halaýyk demini alman, gözlerini höwlendirip seretdi durdy.
— Humaý, meniň aňymda diňe sen! Men ähli zatda diňe seni görýärin. Seni hatyn edinmek meniň üçin bagt bolar. Men seni aýamda saklaryn...
Aýşöhle Peleňiň janykmasyna ýylgyrdy, maňlaýyndan syrygýan deri aýasy bilen syldy. Aýasyny agzyna ýetirdi. Ol ajy deri eýjejik dili bilen ýalady. Gaşlary çalaja çytyldy.
— Maňa suw içirjek bolaňda içmändim. Ynha, suwuňy içýärin. Suwuň gaty şor eken. Täleýimiz şor bolmaz-da hernä?! Ä?
— Wah, beýtmeli däldiň!..
— Nätmelidigimi, nätmeli däldigimi özüm gowy bilýärin. Indi gürleme. Men seniň iltimasyňy bitirdim.
— Men saňa aýtmaly möhüm habarym bar!..
— Nähili habar?..
— Meniň saňa aýtmaly möhüm syrym bar, Humaý!..
Peleň Aýşöhläni daş işikde, Sibiriň görkezen ýerinde kölegede ýörite ýazylan düşekçede eda bilen oturtdy-da, yza çekildi. Onuň nirädir bir ýerik gyssanmaç gitmekçi bolýandygyny aňan Aýşöhle içki howsalasyny ýaşyryp bilmedi:
— Nirä, oglan?
Peleň aljyrady. Onuň öňki gaýduwsyzlygy aýrylypdy. Peleň nämä garaşsa-da, Aýşöhleden bu sowala garaşmandy. Onuň maksady Aýşöhlä enesiniň ýogalandygyny aýtmazlykdy, sähel salym hem bolsa onuň gyýylmazlygydy. Aýşöhle: «Seniň perişde ýaly eneň bar, men seniň eneňi biçak gowy görýärin» diýerdi. Peleň enesiniň ýogalandygyny aýtsa, Aýşöhläniň biçak gyýyljakdygyny, aglajakdygyny bilýärdi. «Aýşöhläniň yzasy ýetik, häzir tebip geler, onuň aýagyna em eder. Aýşöhle ähli yzany çekmeli bolar. Oňa şu azar hem ýeterlik. Men oňa hiç zat aýtmaýyn. Enemiň ýogalandygyny, goý, ol soň, has soň başga birinden eşitsin» diýip, içinden pikir edipdi.
Ýeri, häzir ýalan sözlemelimi? Ol nädip Aýşöhlä ýalan sözlesin? Nädip? Rast, sorady, oňa hakykaty aýtmaly boldy. Peleň ajy habary nädip aýtjagyny bilmän sandyrady. Ol naýynjar görnüşde Aýşöhläniň ýüzüne delmirindi:
— Humaý, sen düşün, meniň enem ýogaldy. Men howlugýaryn.
Pelen bu habary aýtmasyna aýtdy welin, birden kemligi tutdy. Aýşöhle Peleň üçin indi iň ýakyn adam ahyryn. Öň enesi bardy. Indi onda Aýşöhleden özge kim bar?
— Haý, ogul bolaýşyňy! Adam ölmese, her zat görjek eken. Eý, samsyk, ölen enesini taşlap Aýşöhläni göterip ýör! Ene gerek däl muňa!
Peleň ses çykan tarapa gazap bilen seretdi. Otuz-otuz bäş ýaşlaryndaky peşeneli kişi ajy ýylgyryp dur. Peleňiň gazaply nazaryna nazary kaklyşan peşeneli kişiniň — babasy Supan bilen inisi Kössegiň hununy sorap baran Syrajyň keşbi birden üýtgedi. Onuň ýüzi bir agardy, bir gyzardy. Birdenem şalka aşak oturdy. Gapdalda duranlar «Näme boldy-da, näme boldy?» diýşip, Syrajyň daşyna ýygnanyşdylar.
Sibir beg daşarda duran adamlara ýüzlendi.
— Halaýyk, hemmäňize Göktaňry haýry ýaran etsin! Goý, her biriňiziň öýüňizde birek-birege gulak asmak — gulak asmazlykdan; agzybirlik — agzalalykdan; jomartlyk — gysgançlykdan; ynanç-ygtykat — ynamsyzlykdan; hak söz — ýalan sözden; hakykat — galplykdan üstün gelsin! Şer Hanandan daşda bolsun! Şer bize synag urdy. Biz synagdan haýryň ýaranlygy bilen aman-esen geçdik. Mydama şeýle jebis bolsak, haýra, Göktaňra sygynsak, günlerimiz keremli bolar. — Sibir beg adamlaryň içinden kimdir birini gözledi. Ýöne göwün diýen adamyny tapyp bilmän, umumy gürledi. — Peleň uly iş etdi, sag bolsun. Men güzerde elinden alan şemşer bilen şeşperimi Peleňe gaýtaryp bererin. Gyzym Aýşöhle, goý, Peleňiň hatyny bolsun! Toý sähedini özi bellesin.
Ähli kişi edil şu söze garaşyp duran ýaly, ýeňil dem aldy.
Köpleriň ýüzünde ýylgyryş peýda boldy.
Söýgi — syr.
Söýgi — dymmaklyk.
Söýgi — ýüregiň heýjana gelmegi.
Toý — söýginiň syrynyň paş edilmegi.
Toý — söýginiň jar edilmegi.
Bu gün Aýşöhle bilen Peleňiň pynhan söýgüsi paş boldy.
Bu habara Aýşöhläniň-de, Peleňiň-de ýüzleri gyzardy.
Bu hoş habara begenişip, adamlar Peleňi ýerli-ýerden gutladylar, kimse ony gutlap, begenjine bagryna basdy, kimse onuň egnine kakdy. Adamlar Sibir begiň habaryna begenip gygyryşdylar.
Adamlar Garadagyň ýolbaşçylygynda toý taýýarlygy dessuryna başladylar: uzyn hatar bolup Peleňiň maňlaýyna süýem barmagyny degirdiler. Adatça, rakys ediljek bolnanda dep düňňürdedilýärdi. Asyl, adamlara depiň geregem ýok eken, adamlar edil dep kakylýan ýaly ses edip-de bilýän ekenler. Olar aladüňňürdi edişip, edil ýadamadyk ýaly, şeýle bir hyjuw, şeýle bir güýç bilen rakys oýnap ugradylar. Rakysçylar Peleň üçin uzyn däliz döretdiler. Ol däliz Peleňi Aýşöhläniň ýanyna alyp barýardy, Peleň adamlaryň içi bilen — däliz bilen Aýşöhlä bakan ýöräp ugrady. Peleň Aýşöhlä ýakynlaşdygyça adamlaryň gowury al-asmana galdy.
Aýşöhläniň bar ünsi Peleňe gönükdi. Peleň perizada sary ýöräp gelýärdi. Peleň dessur boýunça Aýşöhläniň maňlaýyna süýem barmagyny degirmelidi, bu onuň arzuwydy.
Peleň näme etjegini bilmän kösendi, ýöne adamlaryň onuň içki ahwalaty bilen işleri ýokdy, olar, dogrusy, hiç zat bilenoklaram. Peleň içinden özüni aklaýardy: «Men eneme lebiz etmedim-ä. Men eneme söz bermedim-ä. Enem hakykaty bilmedi. Enem ýalňyşdy. Men eneme söz bermedim-ä!..».
Aýşöhläniň maňlaýyna süýem barmagyňy degirmelimi?
Peleň ýöräp ugrady, adamlaryň erki boýunça ýöredi. Ol ikidyz bolup öňünde tagzyma duran Aýşöhläniň ýanyna baryp saklandy, biraz durup, onuň maňlaýyna süýem barmagyny degirdi. Soň ol Aýşöhläni ýerinden turuzdy, özüne pata bermegi — maňlaýyna süýem barmagyny degirmegi, maşgala suwundan içirmegi üçin Sibiriň ýanyna bardy. Adamlaryň begençli gygyryşmalaryna melul bolup, Peleň Sibir begiň maşgala suwundan içdi. Soňam hyrra yzyna öwrülip, öýüne — käbesiniň jesediniň ýatan ýerine bakan ok bolup atyldy.
Adamlar ýene Peleňiň yzyna düşdüler.
ON ÜÇÜNJI BOÝ
IKI BARMAK DIL
Syrajy dört-bäş kişi göterip öýüne getirdi. Upar adamsyna näme bolandygyna oňly düşünip bilmedi. Ýogsam düşünmez ýaly zat ýokdy. Ol hem Aýşöhläniň yzyndan gidipdi. Näme üçin gidendigine ol henizem düşünip bilenokdy. Ençe ýol söküp yzyna dolandylar. Öz-özüne sowal berdi: «Çagalarymy, öýümi, edip oturan işimi taşlap, men näme edip ýörün-ä?..». Upar ýaňy özüne iňirdäp başlapdy. Beterinden beteri bar diýleni boldy. Sibiriň öýüniň ýanynda adamsy Syraç sen-men ýok, özünden gitdi oturyberdi. Bar zat ähli kişiniň gözüniň alnynda boldy, özem. Tyg ýarasam ýok. Kimdir biri zäher berendir diýer ýalam däl. Oňa zäher berilmändigine ähli kişi, ähli hananly şaýat. Iki oduň arasynda galan Upar näme etjegini, näme diýjegini bilmän, alakjady.
Garyplyk kanagatly bolmagy öwredýär, kesel saglygyň hakda alada etmelidigini, oýlanmalydygyny öwredýär.
Kesel saglygyň, ömrüň gadyr-gymmatyna düşünen günüň senden gider eken. Ýöne dokuzy düzüw kişi geleňsiz bolýar.
— Öwelip durma-da, adamyňa ýatar ýaly düşek ýaz — diýip, Syrajy göterip gelenler Uparyň üstüne azgyrylyşdylar.
Upar özüne geldi, ylgap adamsyna düşek ýazdy.
— Ýadandyr, dynjyny alsa, aýak üstüne galar gider — diýdiler.
Göterip getirenleriň aýdany bolmady: Syraç aýak üstüne galyp ötägitmedi. Uzak gije ýatdy. Ertesi ýatdy, birigüni ýatdy. Soňky güni ýatdy. Soň öýdäkileriň, goňşy-golamlaryň, dogan-garyndaşlaryň howsalasy artdy. Syrajyň derdi ýadawlyg-a däl. Şer onuň depesinde hökmürowanlyk edýär.
Şeri dep etmeseň, Syraç aýaga galmaz!
— Syraç, saňa näme boldy? — diýip, her kim gözüni çala açyp mejalsyz halda ýatan Syraja ýüzlendi.
Syraç bazzyk-buzzuk etdi. Ol nämedir bir zatlar aýtjak boldy, ýöne agzy ary kömejine meňzedi: aryň sesine meňzeş ses çykdy, ary çykmady.
Syraç ne diline, ne-de göwresine erk edip bildi. Onuň bolup ýatyşy hemmäni howsala saldy. Käbir adam onuň bilen hoşlaşmaga durdy:
— Aý, gelen gitmeli-dä. Göktaňry her kime bir hili bahana tapýar. Her kime bir zat sebäp bolýar. Ýöne Göktaňryň saňa tapan bu bahanasy-ha gaty ýympyk boldy. Asyl, biz-ä sebäbem göremzok. Bizden närazy bolmagyn, Syraç. Agyrap-ynjaşan ýerimiz bar bolsa, aýyplaşmaweri, oglum — diýip, Supan basga düşdi.
Supan Hananyň ýomudyny çagyrdy. Şajar ýomut hiç zat soraman Syrajyň gözüne, soň diline çiňerilip-çiňerilip seretdi. Soň daş işige suw dökdi. Suw çalygýança sesini çykarman garaşdy. Daş işigiň ýeri çalygansoň, Syrajyň egin-eşigini çykaryp, ony daş işigiň yzgarynyň üstünde ýalaňaç ýatyrdylar. Ýomut ynamly gürledi:
— Häzir niresi agyrýan bolsa, ogluňyz şol agyrýan ýerine elini ýetirer.
Buz ýaly ýerde ýatan Syraç uzak wagtlap hereket etmedi. Muňa Syrajyň töwereginde duranlar howsala düşüp ugrady. Ýomut bu sapar umytsyz gürledi:
— Öz-ä niresi agyrýan bolsa, şol ýerine elini ýetirmeli ol.
Syraç gözlerini owkalap ugrady.
Ýomut begendi:
— Aýtdym-a men. Syraja gözden zeper ýetipdir. Özem güýçli zeper ýetipdir. Başga agyrýan ýeri ýok.
Şajar ýuwaşlyk bilen Syrajyň endamyny sypady. Böwregiň üstüne gelip saklandy:
— Görüň, böwreginiň üsti tirpildeýär. Diýmek, Syraç böwregine biraz zeper ýetiripdir. Meger, sowukladandyr. Supan, özüň hem böwreginiň üstünde eliňi goýup gör, duýarsyň.
Supan ýomudyň görkezen ýerinde elini goýdy.
— Başga ýerlerde onuň ýaly tirpildi ýokdur.
— Dogry. Derdini bildiň, indi emini tap. Oglumy aýak üstüne galdyr.
Şajar yhlas etdi: Syrajyň daşyndan ot aýlady. Suw sepeledi. Ýöne peýdasy bolmady. Şaman hem ýomut suwlaryndan içirdi. Olardanam peýda bolmady.
— Syrajyň derdi men bejererden agyr. Siz, iň gowusy, şaman ýa tebip çagyryň — diýip, ýomut lapykeç dillendi.
— Sen Hananda diňe ýomut däl-ä. Sen Hananyň hem şamany, hem ýomudy, hem tebibi ahyryn — diýip, Supan azgyryldy.
— Dogry. Men nähili keselem bolsa bejerýärin. Ýöne seniň ogluň derdi men bejererden çökder. Seniň oglugy bejermek üçin menden ökde tebip, menden ökde şaman gerek.
— Derdi näme?
— Syrajyň kellesinde gulp dur. Men şol gulpy açyp bilemok. Ony açardan meniň güýjüm ejiz gelýär.
— Kim açyp biler?
— Gataýak obasynda Tüşi atly tebip bar, meger, şol başarar.
Ýomudyň salgy beren tebibiniň yzyndan adam gönderildi. Supan oglunyň ýanyndan aýrylmady. Oglunyň nämedir bir zatlary gürlärine garaşdy. Ýöne Syraç babasyna naýynjar seredip ýatyrdy.
Agşamlaryna Garadag gelýärdi. Ol goňşusyna göwünlik berýärdi.
— Supan, basga düşüberme. Syraç hä diýmän açylyşar gider.
— Haý, Garadag, oglumyň derdi gaty ýowuz bolmaly. Ýogsam biziň jelegaýda Şajardan güýçli ýomut, tebip, şaman ýok. Rast, Şajar bejerip bilenokmy, bu gowulygyň alamaty bolmaly däl. Bilýärin, Şajaryň Tüşi diýen tebibem oňarmaz. Sebäbi Gataýak obasynyň adamlaram özlerini bejertmek üçin Şajaryň ýanyna gelýärler. Syraç bejerip bolmajak derde ýolugandyr. Ony-da Şajar maňa göni aýdyp bilýän däldir. Supany gynandyrmaýyn diýýändir. Biziňki soňky günler gaýtgynyna. Özüň bilýärsiň, oglumyz Kössek uç-dereksiz ýitdi gitdi. Onuň agysyny aglap otyrkagam, ine, Syraç şu güne düşüp ýatyr. Göktaňry biz babatda ownukçyl däl. Näme berse, goşalap berýär. Alanda-da goşalap aljakdyr-da.
— Emi sähel zatdyr, ynha görersiň. Sähel zat bilen aýak üstüne galar ötägider. Was-wasy bolma!
— Wah, dili bir geplesedi. Niresiniň agyrýandygynam bilemzok — diýip, Supan öwhüldedi.
— Syraç, goňşy, meni tanaýarsyňmy? — diýip, Garadag Syrajyň üstüne egildi.
Syraç Garadagyň ýüzüne seretdi-seretdi, megerem, tanamady. Ýöne mön gözlerine birden ýaş indi. Ýaş hanasyna sygmady-da paýrap gitdi.
— Goý, Syraç, goý. Aglamak aýyp bor. Erkek kişi bu dünýä aglamak üçin däl-de, aglatmak üçin inendir.
— Öz-ä biziň sözümizi eşidip ýatyr. Düşünýär näme diýýänimize. Ýöne hereket edip bilenok.
— Sözümize düşünip aglaýan bolsa, onda sen, Supan, arkaýyn bolaý. Syraja hiç döwem çalmaz. Birki günden aýak üstüne galar gider. Aglaýan näsag ölýän däldir. Aglamak saglygyň alamatydyr. Onsoňam Alp Är Töňňe dädemiz aýdar eken: erkek kişi bilen aýal maşgala kesellese, soňundan olaryň sagalyp ugrandygyny iki zatda bilip bolar — hassa ýatan aýal sagalyp ugrasa, ajyganyny duýar; hassa ýatan erkek kişi sagalyp ugrasa, gözi — gyzyl-çyzyla — gyz-gelne düşer. Ertir görseň, ynha, Upara gözüni güldürip duran Syrajyň bardyr.
— Wah, Garadag, men seniň göwünlik bermek isleýändigiňe düşünýärin.
— Çakym çak bolsa, Syrajy Göktaňry tutdy.
— Bu näme diýdigiň boldy? Göktaňry tutar ýaly, Syraç näme günä edipdir?!
— Özüň bilýärsiň, Syraç hemişe dilinden bela galýar. Göwnüme bolmasa, Syraç şu sapar hem dilinden bela galaýan ýaly bolup dur.
— Bu bende geplemese näme?
— Wah, Supan, ogluňy tanaýarsyň-a sen, geplemese öläýjek ýaly munuň bolşy, gepledi-le. Köp geplemedi. Ýöne içýakgynç bir söz aýtdy. Onam Taňry halamady.
— Halamaz ýaly näme diýdi ol?!
— Ýadyňa sal, Sibiriň derwezesiniň ýanynda. Syraç Peleňe «Haý, ogul bolaýşyňy! Adam ölmese, her zat görjek eken. Eý, samsyk, ölen enesini taşlap Aýşöhläni göterip ýör! Ene gerek däl muňa!» diýdi.
— Munuň nämesi telek? Hakykaty aýdypdyr. Ýüregindäkini aýdypdyr. Bu ýerde gaty görer ýaly zat ýok.
— Gepem şonda-da! Hakykaty aýtmaly däl! Ýüregiňdäkini aýtmaly däl! Aýtsaň halamaýarlar, şo sözi Peleň halandyr öýdýärsiňmi? Ol biçak gazap bilen seretdi. Syrajam onuň gazabyna lagşady-da özünden gitdi. Özem Syraç Peleňiň gazabyna bir gezegem däl, iki gezek duçar boldy. Birinji gezek: «Aýşöhläni men göterjek» diýip, Peleňiň ýanyna bardy. Şonda, ýadyňdamy, Peleň oňa aýylganç nazar bilen seretdi. Syraç şonda ýykyldy. Ikinji gezek ýykylanda ýerinden galyp bilmedi. Men bu barada köp oýlandym, ýöne bu barada ilkinji gezek saňa aýdýaryn. Göwnüme bolmasa, Peleňiň gazaby Göktaňrynyň nazaryna iläýen ýaly bolup dur. Peleňiň gazaby Göktaňrynyň gazabyna öwrülen bolmagy-da ähtimal.
— Peleň başymyza towky bolup inäýdi-le. Biz onuň janyny jähenneme ibermäge barypdyk welin, şol wagt obada gyk-wak köpeldi, bizem eňiberdik, Aýşöhläni alyp gaçanlaň yzyndan. Onuň dadyna Göktaňry bolup Aýşöhle ýetişdi. Görýän welin, bu Peleň biziň tohumymyzy gyryp gutarjak. Şu gün men onuň janyny jähenneme ibereýin.
— Saklan, saklan!
Öýe Gataýak obasyndan tebip geldi. Ol oturanlardan Syrajyň nädip bu güne düşendigini sorady. Kim oňa Peleňiň gazaply nazarynyň öňünde durup bilmän şeýle güne düşdi diýsin?!
— Bilmedik biz-ä. Birden özünden gitdi-de ýatyberdi — diýdiler.
Tebip Syrajyň gözüni çöwrüp, ylla eline alyp göräýesi gelýän ýaly bolup seretdi. Seretdi-seretdi, soňam Supan bilen Garadagyň alasarmyk pikirini berkitdi oturyberdi.
— Bu kişini göz urupdyr.
Supan bilen Garadag ogurlykda tutulan dek, çalaja gyzaryşyp biri-biriniň ýüzüne bakdylar.
— Özünden gitmezinden öňinçäsi kim bilen gürleşdi? Kim muňa üýtgeşik nazar bilen seretdi?
— Babyr begiň ogly sereden bolmaly. Ol Sibir begiň gyzyny elimden alaýarlar öýdüp gorkup, ölüp-öçüp barýar.
— Bu ýigidi söýgä sataşanyň gözi ýykypdyr. Söýgi — gylyç, ol parran kesýär. Söýgi gylyjyna taý gelip biljek ikinji bir ýarag ýok.
— Çakymyz dogry çykdy. Şajar hem aňan eken. — Supan Garadaga bakyp gürledi.
Garadag onuň sözüni makullady.
— Men siziň obaňyzdan Şajar ýomudy tanaýaryn. Bu keseliňizi diňe Şajar açyp biler. Bu sebitde ondan güýçli tebip, şaman ýokdur.
— Şajar bize sizi salgy berdi.
— Ynamy, hormaty üçin Göktaňry ýagşylyk lybasyn eçilsin. Ýöne Şajar barka, biz hiç kimdiris. Siz ondan ýene towakga ediň. Ol hökman bir çykalga tapar. Bu näsag söýgi siliniň öňünden çykypdyr. Eşidişime görä, siziň obaňyza täze bir beg gelipdir, onuň hem Aýşöhle atly owadan gyzy barmyş diýýärler. Men Aýşöhle diýen gyz hakda örän kän eşitdim. Onuň deňsiz-taýsyz owadanlygy biziň obamyzyň uly gürrüňi. Özüm-ä görmedim. Görüp bolaýsady diýip arzuw-a edýärin. Elbet, siz görensiňiz-le?!
Oturanlar baş atdylar.
— Wah, oglumyzyň şu bolup ýatyşy-da şol gyz sebäpli-dä!
— Aýtsaňyzlaň, ol şeýle owadanmy? Ýakyndanam seredip gördüňizmi?
— Edil ýakyndan gördük diýseg-ä ýalançy. On-on bäş ädim gapdalragyndan-a gördük — diýip, Garadag biygtyýar ýuwdundy.
— Biziň ýaly ýaşy durugşan adama bir kişiniň gyzynyň ýüz-keşmerini synlap durmak gelşiksizem welin, nädeýin-dä. Aýyplaşmaweriň, aýtsaňyzlaň, o gyz hakykatdanam şeýle owadanmy?
— Owadan, owadan...
— Tagsyr, ol gyz Göktaňry tarapyn bir gudrat bilen döräýen gyz. Adaty gyz däl, ol.
— Lowurdap, ýalkym atyp dur diýýärler. Şol dogrumy?
— Dogry, dogry.
— Mylaýym sesini eşiden erkek kişileriň bogunlary söküliberýär diýýärler.
— Dogry, dogry.
— Ony ýakyndan gören süňňüni saklap bilmän, özünden gidýärmiş diýýärler.
— Dogry, dogry.
— Ony ýakyndan gören erkek kişide arman bolmaly däl — diýip, Supan göçdi. — Ýaşaýşyňda bir maksat bolmaly. Ol maksadam ähli erkek kişide bir meňzeş, owadanlyga meýmiremek. Ol gyzyň gözleri aslynda ýüregiňi heýjana salýan mähremlikden ýugrulan bolmaly. Ynansaň, Aýşöhle diňe nur-ýalkym bolup, gözleriň ýagyny iýip dur. Gündiziň günortany goşa Gün dogdumyka öýdýärsiň.
Supanyň gürrüňini gowşak gördümi, ýa hyjuwyna bäs gelip bilmedimi, Garadag gözlerini uçganakladyp, joşgun bilen gürrüňe başlady.
— Sen, Supan, Aýşöhläni ýakyndan görüp bilmediň. Men bolsa, lap etdigim däl, ynanaý, Aýşöhläni edil üç ädim çemesi gapdalyndan synladym. Üç ädim çemesi hiç zadam däl. Size ýalan, maňa çyn, bäş-alty ädimden Aýşöhläniň ýylysy, howry meýmiredip barýar. Onuň janperwer ysyny bir diýsene!..
Tebip aňkarylyp diňläp otyr.
— Wah, şol Aýşöhläni bir görüp bolsady. Men Aýşöhläni birje gezek görmek üçin bar hanymanymy bermäge taýýar. Bäş sany goýnum, bir göleli sygrym bar. On halta gallam bar. Ýetişen gyzym bar. Ynansaňyz, şol gyzy berjek diýseler, şu aýdan zatlarymyň baryny berjek.
Supan bilen Garadag — Aýşöhläni gören kişiler. Olar joşup-joşup, biri-birinden öňürdip gürlemäge howlukdy.
Içerde edilýän gürrüňi daşarda Syrajyň hatyny Upar eşidip oturan bolarly, ol janynyň ýangynjyna perýat edip ugrady:
— Aýşöhle aldy bu erkek haýranlaryň akylyny! Şol bir ölüp, erkekleri dyndyrsa bolmaýarmy?! Hana, ogly soňky demini sanap ýatyr. Atasam hassa oglunyň başujunda agzyny suwardyp, Aýşöhläniň waspyny ýetirýär.
Kelleleri göçen, Aýşöhläniň howruna meýmiräp oturan kişiler Uparyň eýle-beýleräk gohuny eşider ýaly däldiler.
— Onuň ýyly mähiri ýöne özüne çekip gidip otyr. Kem-kem ýakynlaşanyňy özüňem duýaňok. Kelläň göçýär-how. Aýşöhläni Peleňiň gujagyna alyp, Hanana gaýdyşy şindem göz öňümde dur meniň. Peleňiň elinde lowurdap otyr ol. Onuň akja gollaryny edil häzirem görýärin. Şol akja ele bir eliňi degrip bolsady diýip arzuw-hyýal edýärin. Oňa ýakynlaşmak hökman däl. Hana, aramyzda näçe öý bar. Şonda-da Aýşöhläniň nurly mähri ed-dil sallançak ýaly üwräp dur. Ýylysy ýüzüme çawraýar.
— Görüň-ä bu akyly ýetmän geçenleri! Görüň-ä isleýän zatlaryny! Akja gola el degirjekmişler! Ak sakgalyňyza el degriň. Ak sakgalyňyzdan utanyň. Aýalda akyl ýok diýen bolýarlar. Özlerinde akyl diýen zatdan jinnek ýalagam ýok — diýip, Upar öňküsindenem bäş beter gykylyklady.
Ak sakgallary orta goşulansoň, üç erkegiň üçüsem gykylygyň özlerine degişlidigini bilip aýňaldy: hasyr-husur näsagyň başujuna geçdiler.
— Näsagyňyzda gorkuly dert ýok. Tüweleme, tüweleme! Men bir em edeýin, birki günden gulanalma bolar — diýip, tebip daşarda gykylyk turuzýan Upara eşitdirmek üçin gygyrybrak gürledi.
— Gowy bolsun hernä! Gaty gorkduk, Syraja bir zat bolar öýdüp. Siz-ä biziň derdimizi ýeňletdiňiz, tebip. Birki günden açylyşar diýdiňizmi onda?! — Supan bu sözleri sesine bat berip, oturan öýüni sarsdyryp, goýberen ýalňyşlygyny ýuwmarlajak bolup şelaýyn gürrüňe tutdurdy. — Örän oňat, örän oňat, Syraç bir gowy ýigit, är kişi, gutulsyn hernä. Gowy maşgalasam bar munuň. Ömürleri uzak bolsun. Humaý döwletlilik, mertebe kölegesini salsyn hernä!
— Wah, şol Sibir begiň gyzy gursun. Şonuň gyzynyň yzyndan gidilende boldy bar bela. Şo gyzam bir äre çykyp dynsa. Alyp gaçanlarynda, men-ä yzyndan kowmalyň, gümüni çeksin diýdim. Aýşöhleden dyndyk diýip begendim. Ir begenen ekenim — diýip, Garadag Supanyň sözüni alyp göterdi.
Her hili mylaýym gürrüň edilse-de, tebibiň ugry bolmady: ol tiz turmak bilen boldy.
Içerde Supan bilen Garadag galdy. Olar näme etjeklerini bilmän, Syrajyň ýüzüne äňetdiler. Görseler, Syraç sessiz aglap ýatyr. Eý, Taňrym! Bu näme boldugy? Syrajyň ýassygy öl-myžžyk bolupdyr.
— Näme boldy, Syraç? Nämä aglaýarsyň?
Syraç bazzyk-buzzuk etdi. Nämedir bir zatlar düşündirjek boldy. Oturanlar onuň diýjek bolan sözüne düşünmediler. «Hymyý» diýen sözüne çala düşündiler. Hymyý däl, olam Aýşöhläniň gürrüňini etjek bolýan bolmaly. Wah, görgüli, dili saýrap dursa, onuň Hymyý hakda aýtjak joşgunly sözleri kän bolmaly. Aýdyp bilmeýändigine jany ýanybam gözüni ýaşlap ýatyr görgüli. Iki erkek Syrajyň bu aýbyny ýaşyrmak üçin, onuň ýassygyny haýdan-haý täzelediler. Suwa salyp çykarylana dönen ýassygy sandygyň üstünde münder-münder edilip goýlan ýorganlaryň aşagyna sokdular.
— Bu bagty ýatanyňky näme-aý? Şu halda-da muňa Hymyý gerekmikän?!
— Bilipjik durun, häzir Aýşöhläni getirip ýorganyna salsaň, Syraçda dert galmaz. Ata-babalarymyzyň baş tebibi gözel gyz bolupdyr ahyryn. «Gün gyzlary ölinem direlder» diýip, Isgender Zülkarnaýn aýdypdyr ahyryn. Ýöne gürrüňe kellämiz göçüp, haçan aglanynam bilmän galypdyrys.
Öýüň içi bazar sowlan ýaly boldy. Dym-dyrslyk. Ýaňyjady joşgun bilen Aýşöhläniň gürrüňini edip oturanlary. Tebip, hana, berlen aklygynam alman, bir çüňkde goýup gidipdir. Supanam, Garadagam biri-birine näme diýjegini bilmän, başlaryny aşak salyp otyrlar. Esli oturanlaryndan soň, Supan Garadaga ýüzlendi:
— Indi nätsekkäk?
— Bilmedim-dä, Supan. Tebibiň aýdyşy ýaly edip göräýeli. Bizde başga çykalga ýok.
* * *
Gün süllerip, ýanyny ýere berip ugranda Syraçlaryň öýüne geçelgäniň ýerden ýöräni süýşüp bardy. Edil ojagyň başyna egele bolup oturyşlary deýin, Syrajyň giň işiginde döwür guradylar.
Her kim Syrajyň bir ýanyndan tutup, daşarda taýýarlanylan düşekçede ýatyrdy.
— Bar, taýýar diýip aýt! — diýip, Garadag öýdençere yşarat etdi.
Elbetde, öz hasap-hesibi bardyr-da, öýdençeriň habary bilen porhan adamlara görünmäge howlukmady.
Daşardaky meýdançada uludan ýakylan oduň demirgazyk tarapynda Syrajy ýatyrdylar. Adamlar oduň daşynda egele bolup durdylar. Meýdançanyň günorta tarapyndaky Syrajyň çatmasynda Şajar porhanlyk etmäge taýýarlyk görýärdi.
Häzir gudrat bolmalydy.
Şajar içerden daşardaky adamlary synlaýardy. Ol adamlaryň gözlerinde gudrata ynamy görýänçä, şu ynam güýçlenýänçä adamlara görünmän saklandy, soňam, elbet, daşary çykmaly pursady bolandyr-da, aýaklarynyň hersini bir ýerden basyp, serçe ýörişini, gurbaga böküşini edip, atylyp daşaryk çykdy.
Porhan çirkin-çirkin ses edip üç ýola gygyrdy. Gykylyga adamlaryň depe saçlary düýrügip gitdi.
Porhanyň boýnundan her hili monjukpisint daşlar asylandy, şeýle monjukpisint daşlar onuň diňe bir boýnunda däl, bilinde-de, topuklarynda-da, ellerinde-de bardy. Halhallaryndaky monjuga meňzeş daşjagazlar porhan ýörände, bökende jyňňyrdaşyp, her hili ses edýärdiler.
Porhan serçe ýörişi bilen alazenzele edip egele bolup duran adamlaryň öňünden aýlanyp çykdy. Ikinji aýlawynda elindäki jamyndan ýörite taýýarlanan şerbetli buz ýaly sowuk suwuny sepeleşdirdi.
Syrajyň daşyndan üç gezek suw sepip aýlanyp çykansoň, ellerini ýokary galdyryp düşnüksiz sözler bilen doga okamaga girişdi.
Duranlar porhanyň hereketini sypdyrman synlaýardylar.
— Ak jyn! Gara jyn! Men bärde! Men sizi çagyrýaryn. Men siz bilen görme-görşe çykýaryn. Men sizi çagyrýaryn!
Ortada uly ot lowlap ýanyp durdy.
Porhan jynlary çagyryp oduň hem Syrajyň daşyndan aýlanmaga durdy. Porhan elindäki jamyndan dem salan suwuny Syrajyň üstüne ýagyş deýin ýagdyrdy. Soňam oduň üstüne seçelendirdi.
Birden otdan tüsse göterildi. Tüsse başda gara boldy, ol ýokary galdygysaýyn aga öwrüldi.
Adamlar bu gudrata hasam geň galdylar.
Duranlaryň içinden üç-dört adam Alp Är Töňňäniň äpet depregini düňňürdedip depmäge durdy. Onuň sazlaşykly çykýan düňňürdisi bilen iki kişi gopuz çaldy.
Depregiň düňk-düňküne, gopuzyň pessaý owazyna goşup, öz egnindäki monjukpisint daşlaryny şaňňyrdadyp porhan rakysyna başlady. Rakys, sesler duranlaryň depe saçlaryny düýrükdirýärdi. Göýäki ak jyn bilen gara jyn hem ortada aýlanyp rakys edýän ýalydy. Asyl porhanyň bolşy, şol iki jyn bilen bile rakys edýäne meňzeýärdi.
Porhan ak jyn bilen Syrajyň ýanyna bardy. Ol Syrajyň öňünde durup, azmly gygyrdy:
— Syraç! Seniň gaşyňa ak jyn kömege geldi. Sen ony üns berip diňle. Näme diýse, onuň aýdanlaryny et! Häzir saňa ak jyn güýç hem kuwwat berýär. Sende hiç hili dert galanok. Eşidýärmiň, seniň hiç hili derdiň ýok. Hany, ýeriňden tur. Tur! Tur!
Ysmaz ýatan Syraja jan geldi. Ol agyr ukudan oýanan dek haýallyk bilen yh-çohlap ýerinden turdy. Turdy. Gepläp bilmän, ysgyn-deramatsyz ýatan Syraç ýerinden turdy.
Adamlar Syrajyň turandygyny görüp, begenişip gygyryşdylar. Porhan adamlaryň begenip gygyryşmalaryna esaslanyp, has göçgünli hereket etmäge başlady.
— Syraç! Sen kesel däl! Sen sag! Meniň ýanyma gel!
Syrajyň bolşy ýaňy ukudan oýanan ýalydy: ol geňirgenip, mölterilip töweregine garanjaklaýardy. Ol birden doňan ýaly boldy: porhana seretdi, soňam Şajara bakan ýöräp ugrady.
— Gatyrak ýöre! Ýene gatyrak ýöre! — diýip, porhan öwran-öwran gaýtalady. Soňam ak jyna bakan öwrüldi. — Eý, ak jyn! Eden kömegiň üçin sag bol! Ine, şuny al! Aldyňmy?
Şajar ýomut nämedir bir zat berýän ýaly ellerini hereketlendirýärdi. Ol ak jyna aklyk berýärdi. Soňundan rakys edip adamlaryň öňünden aýlanyp çykdy. Sibiriň ýakynynda saklandy:
— Adamlar! Gün Hezretleri size mähribanlyk gönderýär. Adamlar! Merhumlaryňyz size mähribanlyk gönderýär. Merhumlaryňyza sadaka beriň! Olar bu gün toý-meýlis gurasynlar. Görkli Aý hezretleri gelende naharlaryňyzy daşary çykaryň, olar görer ýaly görnümdar ýerlerde goýuň! Adamlar, oduň daşyndan aýlanyň!
Porhan Zaratuştranyň wesýetini owazly aýtmaga başlady:
— Birek-birege gulak asmak, goý, birek-birege gulak asmazlykdan; agzybirlik agzalalykdan; jomartlyk gysgançlykdan; ynanç-ygtykat ynançsyzlykdan; hak söz ýalan sözden; hakykat ýalandan üstün gelsin!
Ähli kişi Oguz hanyň1 depreginiň sazlaşykly düňk-düňküne, gopuzyň mylaýym sesine goşulyşyp rakys etmäge başlady.
Aýallar merhumlar üçin nahar taýýarlamaga gitdiler.
Diňe erkek kişiler galdy.
Sibir rakysda serkerdedi. Çünki rakys söweş rakysydy.
Garadag rakysda hem Sibiriň sahybydy, çünki rakys ýeňşe, asudalyga çagyrýan söweş rakysydy.
Bu rakysyň soňy ýeňiş rakysyna sapyldy.
Elbet, söweşden soň ýeňiş rakysyny oýnamaly bolar.
Göktürkmen kowmuna ýeňiş mydama ýar bolsun!
Taryhy proza