06:26 Göktürkmen söýgüsi -13/ romanyñ dowamy | |
OON DÖRDÜNJI BOÝ
Taryhy proza
HER BIR ZADYŇ SOŇY BAR Täçhalyň ýasyny tutmak üçin jeňňelden köp mukdarda odun getirip, uly ot ýakdylar. Adamlar odunlary maňlaýlaryna togap edip, ýeke-ýekeden oda atmaga durdular. Göktürkmenleriň ýerdäki Hudaýy — ot1 şatyrdap ýanyp, hananlylar bilen bilelikde Täçhalyň agysyny aglady. Otda tukatlyk bardy. Oduň başynda oturanlarda hem gürrüňe döwtalap ýokdy: ähli kişi başyny aşak salyp otyrdy. Ýas ýerinde dünýäniň gürrüňini edip, oturan ýeriniň ýasdygyny unudýanlaram-a bolýar welin, bu gün beýle däldi. Ähli kişi ýadawdy, ýüzi salykdy. Megerem, her geleniň Peleňe bir seredip, ini dyglap-dyglap gidýändigi üçin bolsa gerek. Bu ýagty dünýä ýalançy dünýä diýýärler. Ýalançy-bazygär dünýäniňem ýalançylygy, oýny kän. Düýn bagty ýatdy diýlen ýigit birden adamlaryň gözüniň alnynda üýtgäp gidiberýär. Ýaşlygynda onçakly pisint etmedik oglanyňam ertirki gün beg çykaýýar. Men-men diýen goç ýigitleriň käbiriniň täleýi keç gelýär. Birmahal Peleň şu günki gününe düşer diýseň hiç kim ynanmazdy. Peleň birden üýtgedi oturyberdi. Birden üýtgedi. Bary birden boldy. Şu zatlaryň barynyň birden üýtgemeginiň düýp sebäbi bu dünýäniň bazygärliginden bolmaly. Çyn bolanlygynda dünýä birden beýle üýtgäbermez. Çyn bolanlygynda: «Mertebesi gaçdy, täleýi ters geldi» diýlen ýigit birden arşa galybermez. Çyn bolanlygynda Peleň Aýşöhläni gujagyna alaýmaz. Çyn bolanlygynda ol at gaýtarym ýoly Aýşöhläni göterip geçibilmez. Ýüksüz geçmek aňsatmy onça ýoly?! Bazygär dünýä — diýdimzor! Ol öz zorlugyny görkezýär, edenini edýär, kylanyny kylýar. Çünki onuň elinden gelýär. Aýşöhlä öýlenjek ýigit diýip, adamlar indi Peleňi biçak hatyralaýarlar. Aýşöhlä öýlenjek ýigit diýip, uludan-kiçä oňa gözügidijilik bilen seredýär. Oňa edil Aýşöhlä sereden ýaly, örän ýaşyrynlyk bilen, örän seresaplylyk, gorky bilen seredýärler. Ähli kişiniň bar arzuwy: «Wah, şu ýigit bolup bolaýsady!». Aýşöhle Peleňiň birmahalky mertebesini dikeldip berdi. Ýöne Peleňiň Aýşöhle hakda pikir-hyýal edere wagty ýokdy. Asyl, ol hakda pikir etmegiň geregem, zerurlygam ýokdy. Betbagtçylyk dag deýin depesinden inipdi. Hana, howandary Babyr beg akylyndan, bu dünýäden azaşyp, törde bulaşyp ýatyrdy. Onuň öýe gelýän bilenem, öýden gidýän bilenem işi ýokdy. Ol aýalynyň ölendiginem bilenok. Täçhalyň ölümi diňe Peleňiň ýüregini paralaýar. Bar dert-azap Peleňiň başynda. Enesi öýüň ähli keşigini oňa goýdy gitdi. Täçhal oňa öýde hiç iş etdirmezdi. «Aýal işiniň gyrasynda görünme. Aýal işini öwrenjegem bolma. Aýal işini, goý, aýallar etsin. Sen diňe erkek kişiniň işini et. Öýüň aýal işine kömekleşer ýaly, saňa tizara Dolanaýy alyp bereris. Ana, onsoň men arkaýyn ölerin» diýerdi. Täçhal ylla o dünýäde garaşyp duran bar ýaly, kimdir biriniň başyna örän ýowuz kysmat düşen dek, ol ýowuzlykdan ony diňe özi halas edip biljek dek gaty howlukmaç gitdi o dünýä. Elbet, öýi şeýle halda goýup gidýän bolsa, dogrudanam o dünýäde bir möhümlik çykan bolmaly. Belki, ony ogly Kuban çagyrandyr?! Kubana enesiniň ýardamy gerek bolandyr?! Hökman şeýledir, ýogsam beýle howlukmaç gitmezdi! Ol Peleňiň öýlenmegini gije-gündiz dileg edip ýördi. Toýda gerek bolar diýip, taýýarlyk baryny görüp ýördi. Toýa niýetläp bakyp oturan baga öwejini ýasynda öldürmeli boldy. «Toýda ýakara boljak eken» diýip, gör, näçe gezek odun süýräp getirdi. Onuň getiren odunlary toýa däl-de, öz ýasyna ýarady. Ol oduny gaty kän ýygnan eken. Hana, Peleňiň enesiniň getiren odunlaryny ýakyp durlar. Ýok, şol ot bilen Peleňiň jany ýanýar. Jany ýanýar, jany! Neneň ýanmasyn?! Enesi ogly sebäpli on günüň içinde büküldi galdy ahyryn. On günde on ýyl ýaşamak bolarmy heý-de! Ony şol güne salan Kössegiň hossarlary dälmi näme?! Deň söwdada — Kössegiň ýeňilmesinde Peleňiň näme ýazygy bar?! Kössek ýeňen bolsa, derýanyň boýunda Peleň üstüne gum çekip ýatmaly bolardy. Peleňiň bijesi çykdy. Munuň üçin Kössegiň hossarlarynyň gözlerini gana dolduryp gelip durmalary bolmaýar ahyryn. Peleňiň enesini ýykan şolar! Enesini öldüren Supan! Eh, olar bilen edilmesi belli-le. Ýeňiňi çermäp ýekme-ýeke çykmaly! Kimiň goşary güýçli bolsa, goý, şol alsyn! Supan daýaw adam. Döwründe Öküz derýasynyň iki boýuny pälwanlykda baglan adam. Eger güýçli bolsa, goý, Supan taýlak ýeňsin, Peleňi öldürsin! Peleň öz ýanyndan şeýle garpyşyga kaýyldy. Göwnüne bolmasa, Supan taýlak eýýäm onuň bilen ýekme-ýek tutuşlyga giräýen ýalydy. Peleň oturyşyna ýumruklaryny berk düwdi. * * * Peleň daňdan güzerde Gün hezretine tagzym edip, salam berip gelenden soň, Garçgaýyna münüp, niredesiň Akmeýdan begligi diýip derýanyň akym ugry bilen ýola düşdi. Peleňiň Akmeýdanda anyklamak isleýän zatlary bardy, ýogsam oňa gije-gündiz rahatlyk ýokdy. Onuň aňynda her hili pikirler, her hili çaklamalar pelesaň urýardy. Peleňiň göwnüne bolmasa, Aýşöhläniň alnyp gaçyljak bolmasy ýalandy. Ýok, ony alyp gaçjak bolan däldirler. Ony öldürjek bolandyrlar. Özem ony öldürjek bolan dört sany adam bolmaly däl. Ähli akmeýdanlylar gelen bolmaly. Peleňiň Dolanaýa öýlenmändigini Gaýmart beg namys bilendir. Muny Wahşunwar bilen Dolanaýam namys bilendir. Şonuň üçinem olar ar almak isländirler. Olar Aýşöhläni öldürjek bolandyrlar. Bir gyzy öldürmek üçin ýüz atly nämä gerek diýip pikir edendirler. Onsoň, Wahşunwar ýanyna üç sany adam alyp Aýşöhläniň ýanyna barandyr. Wahşunwar Aýşöhläni öldürjek bolan pursady hem Şuňkar çarpaýa galandyr, Wahşunwary parçalandyr. Akgyzlaram eňendir gykylyklap geçelgä bakan. Aýşöhläni geçelgä getirenlerinden soň baryp görseler, maslyklar ýok eken. Diýmek, olary ýygnan Gaýmart beg bolmaly. Akmeýdan geçelgeden ýarym menzil alyslykda. Akmeýdana habar barýança we olar geçelgä gelýänçä bir salkyn wagt geçýär. Olar nädip derrew geldiler? Sebäp olar Ýekepetdeden daşda bolmaly däl. Olar ähli zady iki depäniň aňyrsyndan synlap durandyrlar. Soňam kömege gelen bolandyrlar. «Biz aw edip ýördük. Tötänden eşidäýdik» diýen bolandyrlar. Gör, adamlar nähili erbet! Nämemiş, men Dolanaýa öýlenmänmişim. Men ony üç ýyllap garaşdyranmyşym. Men Dolanaýa: «Dolanaý, men saňa öýlenjek, gulamlykdan gelýänçäm sen maňa garaş» diýip aýtmadym. Peleň Wahşunwary öz dogany deýin eziz görýärdi. Onuň diridigini ýa ýogalandygyny bilmek pikiri oňa rahatlyk berenokdy. Wahşunwar wepat eden bolsa, näme üçin ony Hanana habar etmediler? Olar näme üçin Peleňiň enesiniň patasyna gelmediler? Belki, olar Peleňi hem öldürmek isleýändirler?! Azan iti öldürýärler. Azan adamy näme üçin öldürjek däl?! Peleň gün günorta sanýança ýöredi. Akmeýdanyň garagörnüm ýakynyna baryp, atyny saklady. Odun ýygyp ýören ýaş ýortmançanyň ýanyna bardy. Ol ýortmançadan osmakladyp habar almakçy boldy: — Akmeýdanlymyň? — Akmeýdandan. — Gaýmart beg öýündemikä?! — Öýünde. Peleň ýortmançanyň alkymyna dykylyp bardy: — Wahşunwar bilen Dolanaýam öýündemi? Odunçy Peleňe geňirgenip seretdi: — Dolanaý-a öýünde. — Wahşunwar nirede? Odunçy egnini ýygyrdy. — Öldümi? — Öldi diýip eşidemok men-ä. — Onda nämä öýünde ýok diýýärsiň? — Öýünde ýok bolsa, bu onuň öldügi däldir-ä. — Onda nirede ol? — Bilemok. — Haçandan bäri ýok? — Bir aý töweregi ýok ol. Wahşunwaryň ölenini-ölmedigini anyk bilmedik Peleň atyny yza öwürdi, garaňky düşüberende Hanana dolanyp geldi. * * * Peleň enesiniň jesedini goýmak üçin daş işiginde ýozka2 gurdy. Oňa Hananyň adamlaram ýardam berdi. Sibir beg her gün geldi. Her gün ýozka üçin gerekli zatlary getirdi. Ol durşy bilen dogumdy. Bu horja kişiniň durşy bilen dogumdygyna Peleň geň galyp, göz astyndan synlady. Sibiriň ýadamasy-ýaltanmasy ýokdy. Özem ol her gün agşam dolup-daşyp gelýärdi: Peleňiň hem Babyr begiň owkadyny kem etmeýärdi. Yhlaslydy. Agşamlaryna Aýa tagzym edilenden soň Babyr begiň tünegine gelip, oduň başynda hoşlaşyk rakysyny oýnardy. Hananlylaryň içinde rakys oýnanda ol çepiksije bolsa-da, saýlanyp durdy. Onuň boýnundan syrtlanyň bir alyn dişi asylgydy. Megerem, syrtlanyň dişiniň hikmetidir, onda özüne imrindiriji güýç bardy. Babyr beg hem Sibir begiň şol özüne imrindiriji güýjüniň öňünde kökerilen bolmaly. Herhal, Sibir beg Peleň üçin syrlydy. Ýöne ol hernäçe ýürekden yhlas etse-de, Peleň oňa ynanyp bilenokdy. Yhlasyň aňyrsynda nähilidir bir syr, özem ýowuz syr ýatan ýalydy. Hananlylar indi ikinji hepdäniň içidir, her gün agşam Aý hezretlerine tagzym edilensoň, Peleňe duýgudaşlyk bildirmek üçin ýygnanýardylar. * * * Hananlylar uludan ot ýakdylar. Gürlemäge höwesek ýokdy. Oduň ýanyşyna seredip otyrdylar. Peleň oturanlaryň ýadawdygyny duýýardy. Iki kişi gujaklaryny dolduryp odun getirip, oda atdylar. Birdenem odun getirenlerem, oturanlaram zöwwe ýerlerinden galyp doňan ýaly bolup galdylar. Ählisi gözlerini petredip gündogara, Alawýere bakan seretdi. Peleň oturan ýerinden adamlara geňirgenme bilen seretdi. Adamlar gözleri bilen Peleňe nämedir bir zatlary öndediler. Peleň düşünmedi. — Size näme boldy? Ýüzüňiz duw-ak-la? Nämeden gorkduňyz? — Peleň!.. Peleň!.. — Peleň! — Näme bolupdyr? — Gelýär!.. — Kim? — Peleň, ol geldi! Ol!.. Peleň birden tisginip gitdi: — Aýşöhlemi? Aýşöhle geldimi? — Aýşöhle gelipdir, Peleň, Aýşöhle gelipdir. Peleň laňňa ýerinden galdy. Ýanyndakylaryň seredýän tarapyna öwrüldi. Dogry, hakyt Aýşöhle! Ol gözüni ýaşa dolduryp, lowurdap bärik — adamlaryň ýanyna gelmäge ejap edip dur. Aýşöhle dur. — Ol saňa garaşyp dur. — Aýallar oňa daşarda durma, içeri gir diýselerem, doňan ýaly sesini çykarman, katra-katra gözýaş döküp dur ol. Peleň atylyp ýola çykdy. Adamlar onuň yzyna düşdi. On dördi gijäniň Aý aýdyň gijesi ýolda gözi ýaşly, haly perişan, özi perizat Aýşöhle göreniň ýüregini jümşüldedip dur. Ony gören Peleňiň hem ini tikenekläp gitdi. — Senem geldiňmi, Aýşöhle? Aýşöhle baş atdy. — Ataň käýär. — Durmuşa çykmadyk gyzlar ýasa gelenoklar ahyryn — diýip, duranlaryň biri Peleňiň gulagyna çawuş çakdy. — Aýagy agyransoň ýöräp bilmedi, ýogsam bireýýäm geljekdi. Häzirem tekge berip getirdik — diýip, Aýşöhläniň akgyzy Çeçeknäz dillendi. — Aýşöhle gynanjyňy paýlaşmaga, Zaratuştra dilegini aýtmaga geldi — diýip, Aýşöhläniň gapdalyndaky ikinji akgyz Aýsuluw boýdaşynyň sözüniň üstüni ýetirdi. Akgyzlaryň hersi Aýşöhläniň bir sözüni aýtdy: — Peleň, sen on günläp görünmäniňden soň, biçak gorkdum, saňa erbet bir zat bolandyr öýtdüm. — Başyňa näme dert düşen bolsa, paýlaşmak, derdiňe ýaramak isledim. — Her gije öýüňizi garawulladym, hiç bolman sagdygyňy, bardygyňy görerin diýip tama etdim! — Gündizlerine atyňy gezdirýän ýeriňde garaşdym. — Eneň ýogalanyny eşidip, giň dünýäm daraldy. Bir ýerde oturyp kararym bolmady. — Seniň eneň — meniňem enem. — Biz kömekleşmäge geldik. Başyňa iş düşen güni biz çetde otursak, gelşiksiz bolar, Peleň. — Meniň ýüregim seniň bilen, Peleň! Peleň aýdara söz tapmady. — Biz kömekleşeris, arkaýyn bol — diýip, kenizleriň ýene birisi «dilmaçlyk» etdi. — Sen biziň üçin ýat adam däl! — «Şol gün — eneň ýogalan güni, başyma apat inen güni gynanjymy aýtmaga ýetişmedim. Şonuň üçin örtenip-bişýärin» diýýär — diýip, başga bir keniz Aýşöhläniň elinden tutup durşuna gaty-gaty gürledi. Aýşöhle ýagşydan-ýamandan dillenip bilmän, hunybirýan aglap, gözýaşly, perişan nazaryny Peleňden aýyrman durdy. Akgyzlar «dilmaçlygyny» dowam etdiler: — Eneň ýogalanyny eşideninden bäri gözýaşyny saklanok. — «Peleňiň ýanyna gitjek. Onuň ýagdaýy agyrdyr» diýip, ýöne gözýaş döküp otyr. — «Baryp kömekleşeliň. Ol ýekedir» diýip aglaýar. — Peleň, Aýşöhle: «Ruhdan düşmesin!» diýýär. — Häzir janyň beri sagmy diýip soraýar. — Şu gün hiç zat iýen däldir diýýär. — Dogry, şu gün hiç zadam iýemok — diýip, Peleň dillendi. Akgyz jorasyna ýüzlendi: — Görýäňmi, ýüregi syzypdyr. — Akgyz Aýşöhläniň uzadan düwünçegini aldy-da, Peleňe berdi: — Şuny Aýşöhle seniň üçin taýýarlady. Otursyn-da, iýsin diýýär. Düwünçegi eline alan Peleň: — Men hökman iýerin. Seniň taýýarlan zadyňy hökman iýerin. Ýöne sen indi öýüňe gaýt. Derrew gaýt, ýogsam gepe galarsyň. Meni gaýgy etme! Aýşöhle Peleňe boýun sundy. Garadag Peleňiň hem Aýşöhläniň içki ahwalatlaryny aňan bolarly, depçilere dep kakdyryp, ýas rakysyna başlady. Adamlar beýikden ýanýan oduň daşynda, Günüň ýaşyp gelýän çagynda, Aýyň öz öýünden çykmaly pursadynda rakysa girişdiler. Aýşöhläniň her tarapynda bir akgyz söýeg bolup durdy, çünki Aýşöhle aýagyny ýere basyp bilenokdy, akgyzlar onuň goltugyna girip, göterip diýen ýaly şu ýerik getiripdiler. Aýşöhläniň islegi bilen akgyzlaryň ikisinden özgesi ýas rakysyny oýnamaga başlady. «Düňňür-dük, düňňür-dük» edip ses edýän depiň astynda adamlar dünýäni unudyp rakys edýärdiler. Üç-dört öwrüm edip, soňundan süýündirip gygyryşyp, ellerini asmana — Aýyň görkli didaryny görkezerine garaşýardylar. Geçelgäniň ähli adamy Peleňlere geldi. Gelenleriň arasynda Sibir beg hem bardy. Ol gyzy Aýşöhläni görüp onuň ýanyna bardy. Onuň näme diýenini Aýşöhleden, iki akgyzdan özge hiç kim eşitmedi. Ýöne erbet söz-ä aýdylmadyga meňzeýär. Eger Sibir beg gaharlanan bolsa, Aýşöhle akgyzlary bilen öýüne gitmeli bolardy. Ol bolsa, atasy bilen gürleşenden soňam rakysa seredip durdy. Ýeri, Sibir näme diýsin?! Onuň Aýşöhlä käýemäge haky ýok, çünki Aýşöhle indi Peleňiňki. Aýşöhle ýat ýere gelenok! Ol Peleňe duýgudaşlyk bildirmäge geldi. Bu Aýşöhläniň borjy. Çünki Peleň onuň äri! Hatyn ärine ýaranmaly. Ärine ýaranmaýan hatyn öýden kowulýar. Ýa urulýar, ýa öldürilýär. Peleňiň göwnüni awlap bilse, onda Sibir beg gyzyndan biçak razy bolar. Peleňiň göwnüni awlamak, oňa ýakynlaşmak Sibiriň baş islegi ahbetin! Bu gün Sibiriň göwni hoş. Sebäbi gyzy Peleňiň göwnüni awlady. Göwün — sarç keýik. Ony awlamak aňsat däl. Aýşöhle ussat awçy, ol Peleňiň ýaradar göwnüni awlady. Sibir beg rakys oýnamaga başlady. Sibir beg rakysa gelşik berýärdi. Adama wezipe gelişýär. Adam wezipä ýetensoň görmegeýleşýär. Adam wezipä ýetensoň dogumlanýar. Hana, Sibir hortap adam. Peýker-keşmer babatda hananlylardan tapawutlanmasa-da, başyndaky altyn çyzmygy, egnindäki senjap derisinden geýen eşigi ony gelşikli görkezýärdi. Alawlap ýanýan oduň ýalkymy onuň o diýen gelşikli bolmadyk çopur ýüzüni gelşikli edip görkezýärdi. Edýän rakysy gelşip durdy. Bu mahal üýtgeşik bir ahwalat bolar diýen pikir hiç kimde-de ýokdy. Şonuň üçin hananlylar arkaýyn rakys oýnaýardylar. Ähli zat göz açyp-ýumasy salymyň içinde bolup geçdi. Nireden, nädip gelenini hiç kim hem bilmän galdy: rakys oýnap ýören Sibir begiň üstüne edil asmandan inen ýaly bolup tylla möjek towusdy. Sibir beg zähresi ýarylan ýaly bolup, çirkin-çirkin gygyrdy. Eý-ho! Heý nirede görlüp-eşidilen zat bu?! Tylla möjek hiç wagt Hananyň içine girmeýärdi ahyryn! Ol geçelgäň adamlarynyň hiç haýsyna hiç zat etmän, olaryň arasyndan geçip, näme üçin Sibir begiň üstüne topuldy?! Tylla möjek sähel salymyň içinde Sibir begiň telim ýerinden agyz urmaga, dyrnaçaklamaga ýetişipdir. Ol häzirlikçe şu edenlerim ýeterlik diýýän ýaly, Sibir begi gorkuzyp, ýeňil şikes ýetirip birden peýda bolşy deýin, birdenem gaýyp boldy. Asyl hiç kim hiç zat etmäge ýetişmedi. Zähresi ýarylan Sibir görgüli özüni bilmän şalkyldap ýatyrdy. Eý, Göktaňry, her bir zadyň soňy bar. Tylla böri bir maksada münüpdir. Munuň soňy nähili bolarkan?! — Gök böri — Göktaňrynyň Ýerdäki wekili bolmaly. Tylla böri-de Göktaňrynyň Hanan geçelgesindäki wekili. Tylla böri näme etse, elbet, Göktaňrynyň emri bilen edýär. Wah, adam bende — aam, ýogsam Göktaňrynyň tylla börini Sibir begiň üstüne towusdyryp näme diýmek isleýändigini bilip bolardy. Tylla böri şu günki towsuşy bilen oňarmy ýa ol ýene amadyna garaşarmy? Ertirki günüň nähili boljagyny diňe Göktaňry bilýär!.. ON BÄŞINJI BOÝ ARSLAN AGZYNDAN AW ALYNMAZ Göktürkmen hanlaryny, beglerini dolan Aý — on dördi gijäniň Aýy mydama howsala salýar. Olar dolan Aý gijesiniň goh-galmagalsyz, uruşsyz-gozgalaňsyz geçmegini beýik Göktaňrydan dileýärler, bu gijäniň parahatlykda geçmegi üçin bäş-on gün öňünden aladalanýarlar. Sebäp dolan Aý gijesi — hezreti Aýyň Ýere iň ýakyn gelýän gijesi. Hezreti Aýyň Ýere ýakynlaşmagy bilen adamlaryň içki ahwalatlarynda dartgynlyk artýar. Adamlaryň damarlarynyň gan urşy ýokarlanýar, olaryň hyjuwlary, aýgyrlygy artýar. Şol gije adam ogly aňsat-aňsat uka bataýmaýar. Dolan Aý gijesi — çaganyň ene rehminde galýan gijesi. Dolan Aý gijesi adama ýaranmak hem aňsat düşmeýär. Sebäp bu döwürde adamlar gyrpa, gaharjaň bolýar. Tiz gaharlanýar. Sähel zat üçin yrsaraýar. Sähel zat üçin dawa araýar. Esasan, uruş-dawalar dolan Aý gijesi bolýar. Hut şonuň üçin hem göktürkmen hanlary, begleri öz raýatlarynyň dolan Aý gijesini uruş-gykylyksyz geçirmekleriniň aladasyny edýärler, gerekse-gerekmese, öz raýatlaryna agyr-agyr işleri buýurýarlar. Şeýdibem, olaryň işläp usurgamagyny, uruş-dawa etmäge ragbatlarynyň bolmazlygyny gazanýarlar. Adamlara gujur-gaýrat hezreti Günden, hyjuw-parasat hezreti Aýdan berilýär. Hezreti Aý Ýerden daşlaşsa, adamlaryň hyjuwlary egsilýär. Çünki adamlaryň bedeni — Ýerde, jany — hezreti Aýda, ruhy — hezreti Günde. Adamlara hezreti Gün ýaşaýyş, ömür berýär, hezreti Aý — bagt, ruh berýär. Hut şonuň üçin hem göktürkmenler her gün sabada hezreti derýanyň kenarynda durup hezreti Günden ömür, her agşam hezreti oduň başyna egele aýlanyp, hezreti Aýdan mertebe, bagt, ruh dileg edýärler. Sibir beg dolan Aýyň gudratyna gaty gowy düşünýärdi, ynanýardy. Hananlylara aýtmak islän habaryny hem täze Aýyň üçünji güni aýtmagy ýüregine düwüpdi. Ol hananlylara aýtjak sözlerini öz ýanyndan ençeme gezek ölçerip-döküpdi. Ýöne Aýyň ýüzündäki tegmil ony howsala salýardy. Çünki Aýyň, Günüň ýüzünde tegmiliň bolmagy uruşlaryň, keselçilikleriň, gyrgynçylygyň alamaty bolmaly. Eý, Taňrym, beterinden özüň gora, özüň sakla! Eýsem, häzirki ýagdaý keselçiligiň alamaty dälmi näme?! Aýyň ýüzündäki tegmil, belki derýanyň sebitlerinde bir betbagtçylygyň gopjaklygyndan alamatdyr?! Sibir beg hezreti Aýdan gözüni aýyrman, Göktaňrydan özüne, neberesine berk jan saglyk, rowaçlyk dileg etdi. Ol häzirki ýaşaýşyndan biçak razydy. Onuň ýaşlykdan bäri baş küýsegi bir kiçeňräk beglige baş bolmakdy. Sibir Hanan geçelgesine gelip, şol arzuwyna, maksadyna ýetipdi. Maksadyna ýetip, ol ähli zadyň pikir edişi ýaly däldigine düşündi. Beg bolmak rahatlykdyr öýdüpdi. Wah, beglikde rahatlyk bolmasa näme! Beg ähli kişiden ir turmaly, ähli kişiden giç ýatmaly. Ýatmaly däl asyl. Gulamlara-da, çawuşlara-da ynam ýok. Sibir beg olaryň hiç birine-de janyny ynanyp bilenok. Sebäp janyny ynanýan adamynyň özge adamlaryň ýanynda näme gürrüň edýändigine oňa ýaşyryn ýetirip durlar. Ýaşyryn ýetirilýän şol habarlardan ol özüniň halanylmaýandygyny bildi. Onuň ýüzüne gülüp bakýarlar, içlerinde welin, Sibire ýigrenç bar adamlarda! Bu hakda eşidende Sibir agyr gaýga çümýär. Näme etmeli?! Sibir begiň aňynda Peleň gije-gündiz eli şemşerli durdy. Ol Peleňiň men-men diýen ýigitleri paýhynlaýşyny hakyt öz gözleri bilen gördi ahyryn. Peleňi nädip öz goragyňa almaly? Nädip? Her etmeli, hesip etmeli, Peleňi özüňe ýakyn getirmeli. Goý, Aýşöhlä öýlensin! Eý, hezreti Göktaňry! Peleňiň, gyzym Aýşöhläniň ýüreklerine ataş sal! Goý, olar biri-birine imriksinler. Meniň Hananda galmagyma, beglik etmegime tälkew eýle! * * * Aýşöhle özüni Peleňe duşurandygy üçin Göktaňra gije-gündiz alkyş okaýardy. Ol ykbalyndan razydy, juda razydy. Ol ýaşlykdanam şeýle pählewan, şeýle gaýduwsyz, şeýle batyr ýigide äre barmak isleýärdi. Boýdaşlary, akgyzlar oňa: «Sen hökman şanyň hatyny bolarsyň» diýýärdiler. Daşyndan ylalaşan ýaly görünýän-de bolsa, bu sözler Aýşöhle üçin imrindiriji däldi. Ol bu sözlerden diňe dokuzynyň düzüw boljakdygyny aňýardy. Peleň derýanyň ýüzünden argamagyny çapdyryp Hanana gelende, elindäki şeşperini galgadyp, öýdäkileriň daşaryk çykjagyny talap edende Aýşöhläniň ýüreginde söýgi ataşy tutaşypdy. Öýdäkiler gorkudan ýaňa galpyldaşýardylar. Babasy işik açylmaz ýaly tapan-tupanyny toplaýardy. Çawuşlar Göktaňrydan delalata garaşýardylar. Gyssagarada Göktaňry öz delalaty hökmünde Aýşöhlä işigi açdyrdy. Ähli zat düýşdäki ýaly bolup geçipdi. Aýşöhle özi bilmezden şeýlekin bir parahatlyk, gaýduwsyzlyk bilen depe bolup duran zatlary bir gyra aýyrdy-da, işigi açdy. Ol şonda Peleňe näme diýendigini teý ýadyna salyp bilmedi. Öýde bolan ähli zatlary akgyzlar welin, gaýtalamak gaýtalaýarlar. Şol gezek Aýşöhläniň akgyzlarynyň Güljüme atlysy gorkudan ýaňa özünden gidipdi. Özüne gelende bolsa, sakaw bolup turdy. Sakawlygy şindem galanok ol görgüliniň. Şol gezek howludaky kellesi pytradylan maslyklary, ýaýylyp ýatan al gany görüp, akgyzlaryň üç-dördüsiniň serleri üýtgedi. Bir hepdeläp hiç zat iýip bilmediler. Bir zat iýmekçi bolanlarynda, megerem, howludaky görnüş göz atuwlaryna gelýän bolarly, ögäp ugraýardylar. Aýşöhle Hanany sandyradan Peleňde öz bagtyny, öz ýyldyzyny görüpdi. Hyýalynda älemi sarsdyrýan, hiç bir zatdan, hiç kimden gorky-heder etmeýän, merdana gerçegiň gujagyna dolmak isledi. Aýşöhle bolan zatlaryň ählisini — babasynyň köşkden göçüp gaýtmagyny, ýalňyz dogany Aşyny derýanyň almagyny, Peleňiň derýanyň ýüzünden atyny ýüzin salyp gelmegini, Peleň bilen duşuşmagyny we onuň özüne göwün bermegini Göktaňry ýazgydy hasaplaýardy. Aýşöhle: «Ähli zat Göktaňrynyň isleýşi ýaly bolýar» diýip, içinden öwran-öwran gaýtalaýardy. Ol gününi sanap, Peleňe durmuşa çykjak wagtyna garaşýardy. Bu toýa hananlylar garaşýardy. Ýöne Peleň: «Men toýy täze öý gurup, şol täze öýümde toýlajak» diýip, gurluşyga girişdi. Bu pikiri diňe bir Sibir beg däl, ähli kişi unady. Adamlar ertirden agşama çenli Peleňe jaý gurmaga kömekleşdiler. Sibir, köplenç, şol ýerdedi. Asyl gurluşyga özi ýolbaşçylyk edýärdi. Gurluşyk Sibir begiň aramgähiniň gabat garşysyndady — Alawhananyň günorta tarapyndady. Peleňiň gurýan öýüniň hemem Alawhananyň aşak tarapyndan kerwen ýoly geçýärdi. Ýoluň gyrasynda Peleňiň gurýan öýi bilen Alawhananyň aralygynda gojaman tut bardy. Ýoluň aşak tarapy meýdançady. Hananlylar her gün agşam hezreti Aýa tagzym etmek, ot başynda rakys oýnamak üçin bu meýdança jemlenişýärdiler. Hananlylar bu meýdançany Alawýer diýip atlandyrýardylar. Meýdança Alawýer diýilmesi, belki, Alawhananyň ýakynyndadygy üçindir, belki, bu ýerde her gezek hezreti Gün ýaşan çagy hezreti Aýa tagzym etmek üçin ot ýakylýandygy üçindir. Meýdança, ýagny Alawýer iki ýüz-iki ýüz elli inedördül ziragdy. Alawýeriň günbatarynda Sibir beg ýaşaýardy. Onuň ýaşaýan öýi üçeklidi, howlulydy. Harsaň ak daşlardan gurlandy. Bu öý Peleňiň täze gurýan öýüniň göni gabadyndady. Aralykda diňe kerwen ýoly bilen Alawýer bardy. Alawhananyň günortasyndaky, Sibir begiň öýüniň gabat garşysyndaky boş ýerden öý gurmak diňe bir Peleňiň däl, Sibir begiň, şeýle hem Aýşöhläniň islegidi. Öýüň gurluşygy gutaryp barýardy. Bu ýerde Sibir begiň emri bilen ýigrimiden gowrak adam ir ertirden giç agşama çenli işleýärdi. Peleň olar bilen goşulyşyp işleýärdi. Peleň, köplenç, bir gyra çekilip dynç alardy, işleşip ýören adamlary synlardy. Adamlar, olaryň boluşlary hakda oýlanardy. Ol Bumyn hanyň goşunyndan dolanyp geleninden bäri geçen bir ýyldan gowrak wagtyň içinde uly bir durmuş mekdebini geçdi, köp zatlara akyl ýetirdi, belli-belli zatlar babatda anyk pikire geldi. Iň esasy zat, ol özüni tanady, adamlaryň, hananlylaryň özi hakdaky garaýyşlaryny bildi. Ol diňe bir özüni däl, özgeleriň-de ençemesini tanady. Eliňden begligiň, häkimligiň gidensoň, eliňde şeşperdir şemşeriň ýokdugy, güýje daýanmajakdygyň aýan bolansoň adamlaryň saňa bolan garaýyşlary, hormat-sarpalary hem üýtgeýän eken-ä! Peleň asyl bilmändir: adamlar ýönekeý adamlardan däl, ýok, ellerinde, ygtyýarlarynda häkimligi, şemşerdir şeşperleri bolanlardan gorkýan ekenler-ä! Eliňde gylyjyň, erkiňde häkimligiň barmy, diýmek, saňa hormat goýulýar. Eliňdäki gylyjyňy eliňden aldylarmy, häkimligiň ýokmy, adamlar seniň ýanyňda durmak hem, seni hormatlamak hem islemeýän ekenler. Ýogsam olar seni müňüň biri hasap edýän ekenler, seni özleri ýaly görýän ekenler. Olar saňa ýaranjak bolup, yhlas etmeýän ekenler! Peleň bir ýyldan gowrak döwrüň içinde köp zat gördi, juda köp zat gördi. Peleňiň babasy Supan taýlagy hatyralady. Ony ilki sahyby, soň naýyby etdi. Bezirgenler bilen işleşmegi, dellallyk etmegi, taýlaklyk etmegi — iki tarapyň arasynda dellal bolmagy ynandy. Ol bütin ömrüne Babyr bege alkyş okap ýaşady. Niçik, Babyr begiň bagtyna boran ýagdy welin, ol Babyr begi, Peleňi düýt-müýt etmäge taýýar kişä öwrüldi. Indi onda öňki hormat ýok. Asyl, sähelçe-de hormat ýok. Asyl, Babyr begi adam hasap edenok, sen Supan taýlak diýýärsiň, onuň ogly Kössek hem düýpgöter üýtgedi! Ol diňe Peleň Hanana gelen güni begendi, Sibir begiň geçelgede beg bolup galýandygyny görübem düýpgöter üýtgedi. Sibir begiň aýagyna ýykyldy. Onuň hyzmatynda durdy. Peleňiň Aýşöhle bilen duşuşýandygyny bilse-de, ol Aýşöhlä öýlenmek isledi, ony Peleňiň elinden almak isledi. Sibir begiň hyzmatyny edip maksadyna ýetmekçi boldy. Kössek çagalykdan bäri Peleňiň tapugçysydy! Düýnki tapugçyň bu gün seni öldürip, eliňden söýen gyzyňy almak isleýär. Babyr beg öz halaýan gyzy Rahadaýy hormat hökmünde, sylagynyň nyşany hökmünde Supan taýlaga beripdir. Rahadaýdyr Supan taýlakdan dörän ogul hem Peleňiň halan gyzyny elinden almak isleýär. Bir gezek alnany azmy? Kössek Sibir beg bilen guda bolmak isledi. Ine, onuň esasy islegi, esasy maksady. Hernä Göktaňry Kössegiň bet niýetini oňlamady, Peleňi goldady. Sibir beg öz gyzy Aýşöhläni Peleňe berýändigi hakda aýdansoň welin, adamlaryň Peleňe birmahalky hormat-sarpasy belli bir derejede gaýdyp geldi. Hormat-sarpa häkimlikde eken. Hormat-sarpa gylyçda eken. Geçen bir ýyldan gowrak wagtyň içinde Peleňiň hoşuna gelen Garadag boldy. Ol Babyr bege wepadarlygyny, lebzini saklady. Ol: — Men Babyr bege ömrümiň ahyryna çenli sadyk guluň bolaryn diýip lebiz edipdim. Men şol lebzimden dänsem bolmaz — diýip, janykdy. Her gün işden soň Babyr begiň hyzmatynda durdy. Öz ýegenesini Babyr beg bilen paýlaşdy. Garadagyň yhlasy Peleňiň göwnünden turdy. Sibir begiň gyzyny Peleňe äre bermek hakdaky lebzinden soň, Hananda şowhun-şagalaň artdy. Adamlar Babyr begiň sagaljagyna, onuň begligini dowam etdirjegine, Sibir beg bilen Babyr begiň bir adam ýaly agzybirlikde ýaşajakdygyna ynanyp, bu hakda gürrüň edip ugradylar. Çünki bu hakda Sibir begiň özi birsyhly aýdýardy, Babyr begi özüniň dogany hasaplaýandygyny nygtaýardy. Hananlylar derýadaky işlerini bitirenlerinden soň, Peleňiň gurluşygyna kömekleşýärdiler. Garaňky mazaly düşensoň ot ýakyp, Aýyň dogaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Adamlar oduň daşyndan aýlanyp, hezreti Aýa tagzym edýärdiler. * * * Dolan Aý agşamy Hanana akmeýdanly Gaýmart beg ogly Wahşunwar hem gyzy Dolanaý bilen geldi. Wahşunwary gören Peleň birbada gözlerine ynanmady. Şeýle-de bolsa basym özüni ele alyp, içini gepletdi: «Hernä, ölmän eken!». Aýşöhle öz otagyndan oduň başyndakylary mukytlyk bilen synlap otyrdy. Ol akmeýdanlylary görüp hopukdy. Ony hopukdyran Gaýmart beg däldi, Wahşunwar-da däldi. Ony hopukdyran Gaýmart begiň gyzy Dolanaýdy. Aýşöhle Dolanaýdan nazaryny aýyrman synlaýardy. Onuň bolup durşy dogumlydy, merdanady. Ol Peleňden gözüni aýyrmaýardy. Ýekeje agyz hem gürlemeýärdi. Aýşöhle Dolanaýy elinden sanjagy alnan serkerdä meňzedýärdi. Göwnüne bolmasa, häzir Dolanaý nämedir bir aýylganç hokga tapaýjak ýalydy. «Sen lebziňde durmadyň» diýip, akmeýdanlylar Peleňden ar almaga gelen bolaýmasynlar? «Lebzinden dänendigi üçin Peleňi öldürmäge geldik» diýseler, hananlylar olara garşy durup bilmezler. Ýöne Peleň Dolanaýa lebiz bermändir-ä! Aýşöhle Peleňi şeýle bir göresi, oňa ýakyn barasy gelýärdi. Göýä bagty — Peleň elinden gidip barýan ýalydy, ol otagyň içinde ikiýana elewreýärdi. Ýöne Dolanaý gaty arkaýyndy. Ol Peleňe gyýa-gyýa bakyp rakys oýnaýardy. Peleň ony görmedikden bolýardy. Dolanaýyň rakys oýnaýşyna Aýşöhläniň syny oturdy. Ýöne oňa Peleňiň ýylgyrjaklap bakmasyny welin halamady. Peleň ýuwaş-ýuwaşdan Dolanaýa ýakynlaşýardy. Şeýle bir göçgün rakys oýnaýardy. Gabanjaňlyk Aýşöhläni aýaga galdyrdy. Ähli kişiniň nazary Sibir begiň aramgähine bakan gönükdi. Akgyzlaryň goldawy bilen Aýşöhle oda bakan gelýärdi. Rakys oýnalmasy galdy. Adamlar doňan ýaly bolup Aýşöhläni synlaýardylar. Aýşöhle gelip saklanandan soň, Sibir beg hananlylara ýüzlendi: — Halaýyk, men dolan Aý gijesi — hezreti Aýyň ýakyna gelip şaýat durmagynda size bir möhüm habary aýtmak isleýärin. — Sibir beg maňlaý derini ýeňine sylyp, sözüni dowam etdirdi. — Hanan begligi, Hanan geçelgesi ata-baba Babyr begiň neberesiniňki. Men bu ýere tötänlik bilen düşen beg. Hezreti derýa meniň ýalňyz oglum Aşyny düýnedi. Bu pygana çydam edip bilmän, men ençe günläp hassa ýatdym. Babyr beg aýaga galýançam maňa eýe çykdy. Biz dogan okaşdyk. Ýöne ol ýowuz derde uçrady. Onuň ýowuz derde uçran güni uly ogly Kuban hem Göktaňryň emri bilen ideldi. Babyr beg oglunyň ölümine çydap bilmedi. Ikimiz dertdeş bolduk. Olam ogluny ýitirdi, menem. Babyr begiň iň soňky islegi — meniň Hanana beglik etmegim. Men doganym Babyr begiň islegini ýerine ýetirip ýörün. Ýöne indi döwür üýtgedi. Babyr begiň ogly gulamlyk sapyndan geldi. Ol Hanana beglik edip biljek goç ýigit. Men Peleň bege gyzym Aýşöhläni berýärin. Peleň toýy täze öýümde tutjak diýdi. Ine, görüp dursuňyz. Täze öýem taýýar boldy. Indi toýa başlabermeli. Agşamara hemmäňiz gördüňiz! Suw tolkunlap, öz-özi seslenip akmaga başlady. Bu ertir ýagyş ýagjakdygyny aňladýar. Ol ýagyş, goý, toý şerbedi bolsun. Bu goşa ryskyň alamaty ahyryn. Eger garşy bolmasaňyz, toý güni men Peleň bege öz begligimi hem bermek isleýärin... Hananyň begi Peleň beg bolsun!.. Peleňde beg bolmak üçin ýeterlik altyny men berýärin. Goý, hiç kim Peleňde altyn ýok diýip pikir etmesin. Peleňde geçelgäni bir aýlap däl, dört-bäş aýlap dok saklar ýaly altyn bolar. Adamlar nämä garaşsalaram, Sibir begden beýle habara, beýle çözgüde garaşman ekenler. Olar bu habara begenip, gygyryşmak gygyryşdylar. Sibir begiň bu sözünden soň, ýerine ýetirilmeli resim bar. Peleň gadymdan gelýän resimi berjaý etmek üçin Sibir bege bakan ýöräp ugrady. Adamlar yza çekilip Peleňe ýol berdiler. Peleň Sibir begiň öňüne baryp, ýekedyz oturyp, tagzym etdi. Sibir beg Peleňiň egninden çekdi. Olar gujaklaşdylar. Sibir beg Peleňiň elinden tutup Aýşöhläniň ýanyna eltdi. Aýşöhle ýere ikidyz çöküp, Peleňe tagzym etdi. Sibir beg sag elini gyzynyň depesinde goýdy. Peleň Sibir begiň hereketini gaýtalady. — Eý, hezreti Aý, Peleňe beglik ber, uzak-uzak rowaçlyk ber! — Eý, hezreti Aý, Aýşöhlä mydama öz röwşen şöhläňi saçyp dur! Uzak-uzak döwran ber! Görübilmedigiň gözi çyksyn! Eý, beýik Göktaňry, aradan iki güýjüňem — tyg güýjüňem, dil güýjüňem maňa hem Peleňe ber. Şu iki güýjüňi berdigiň — bize dünýä hökmürowanlygyňy berdigiňdir! Ber, eý, Göktaňrym, ber, diňe bize ber. Gezek ýomuda berildi. Ol mejus1 dilegine başlady: — Goý, Hananda birek-birege gulak asmak birek-birege gulak asmazlykdan; agzybirlik agzalalykdan; jomartlyk — gysgançlykdan; ynanç-ygtykat — ynançsyzlykdan-imansyzlykdan; hak söz — ýalan sözden; hakykat — aldawçylykdan üstün gelsin! Gaýmart beg, Wahşunwar, Dolanaý gelip Peleňi gutladylar, oňa rowaçlyk, uzak ömür, Göktaňry ýalkawyny dileg etdiler. Gaýmart beg bilen Wahşunwaryň barlygy Peleňi ganatlandyrdy. Ol çasly-çasly gygyryp, oduň daşyndan aýlanyp, rakys oýnamaga başlady. Peleň dälirän ýalydy: bir gülýärdi, bir-de Aýa elini serip düşnüksiz samraýardy. Megerem, oduň ýagtysynadyr, onuň ýüzi öňki Peleňiň ýüzi-hä däldi, duw akdy. Onda içki harasat gopýandygy mesaňa duýulýardy. Aýşöhlä öýlenýändigi, Hanana beg bolýandygy hakdaky habary ol içine sygdyryp bilmeýän ýalydy. Peleň Wahşunwary bagryna basdy. Hananlylar jem bolup gygyryşmaga durdular. — Peleň beg! — Peleň beg! Ot uludan ýakyldy. Göýä Gökdäki tegelek Aý ýere gaçaýan ýalydy. Gökde — Aý. Ýerde — Aý. Gije bir çene baryp, Gökdäki Aý «sönse-de», Hanandaky «Aý» daňdana çenli sönmedi. Ol ot asyl sönjek ot däl... * * * — Soraber, soraber. Näme isleseň, soraber. — Eý, hökümdar, siz uç-gyraksyz Oguz çölüniň içinde ýeke-tenha galypsyňyz. Howa ýakyp-ýandyryp barýar. Ýanyňyzda müň düýe altyn-kümşüňiz bar, ýöne bir owurt suwuňyz ýok. Suw içmek isleýärsiňiz. Görünýän ýerde guýy-da ýok. Adam-da ýok. Siziň bolsa teşnelikden ýaňa halyňyz harap. Şonda size «Müň düýe altyn-kümşüňizi berseň, bir jam suw berjek» diýseler, näme edersiňiz?! — Suw tapjak bolaryn... — Suw tapyp bileňzok. — Müň düýe altyn-kümşümi ölmezlik üçin bererin. — Bir jam suw içdiňiz. Ýene ýola rowana bolduňyz. Bir günläp ýol ýörediňiz. Howa yssy. Ýene suwsadyňyz. Sizde bir jam satyn almak imkany bar. Suw içmeseňiz-ä boljak däl. — Şerti näme? — Patyşalygyňyzyň ýarysy. — Bererin. — Ýene ýöräp ugradyňyz. Ýene suwsadyňyz. Özüňiz gowy bilýärsiňiz: açlyga bäş hepde çydap bolýar, suzsuzlyga, teşnelige welin, üç günden artyk çydap bolmaýar. Teşnelik ysgyn-deramatyňyzy alypdyr, başyňyz aýlanýar, käte bir özüňize gelýärsiňiz. Depäňizde Ezraýyl jan almaga häzirlenip dur. — Indiki şert näme? — Täjiňiz. Ähli baýlygyňyz. — Teşnelikden ölmezlik üçin bererin. — Diýmek, ähli baýlyklaryň, tagty-täjiň gymmaty — bir jam suw! — Adam suwdan dörän. Suwsuz hem ýaşap bolanok. Ýaşaýyş suwdan başlanýar! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |