06:26 Göktürkmen söýgüsi -14/ romanyñ dowamy | |
Ikinji bölüm
Taryhy proza
ZENAN BIRINJI BOÝ SYÇANY GÖREN PIŞIKDEN ADALATA GARAŞMA Suw — topragyň jany. Suwuň baran ýerinde ýaşaýyş başlanýar. Suwuň häsiýetinde hikmet bar: suw — hem-ä ýumşak, hemem arassa. Ol adamlaryň kirini ýuwýar, aýyrýar. Suw — asmanyň keşbini egnine ýapynyp ýatyr. Suwuň öz kämillik derejesi bar. Suw mydama şol bir durkuny saklaýar: gap suwdan dolýar, onsoň onuň üstüne goşmaça suw guýsaň, dökülýär. Suw — adalatly. Suw duranok, mydama akýar, diňe ýer tep-tekiz bolanda, yzyndan suw münderlenip gelmedik ýagdaýynda durýar. Suwuň päkligi şu ýerde görünýär: adamlar belende çykjak bolup gara heläk, suw welin, ýokaryk dyrmaşjak bolanok, diňe aşak eňýär. Pälipeslik Taňra ýaraşýar, pälipeslik adama mähir döredýär. Suw mydama ýeriň pes ýerinde ýygnanýar. Diňe pes ýerde! Suwuň anyklygy bäş sany ölçegiň hamyrmaýasydyr. Onuň reňksizligi bäş reňkiň aýrylmaz bölegidir. Suwuň süýjüligi, tagamlylygy bäş ölçegiň esasydyr. Şoňa görä-de suw ähli zatlaryň ölçegidir, janly-jandaryň ýaşaýşynyň esasydyr, gowynyň hem hordanyň, şowlulygyň hem bişowlygyň özenidir. Ol nädýär? Ol ähli gaby, ähli zady doldurýar-da, soňundan saklanýar, dolan gapda, dolan zatda tümmek tutjak bolanok-da, başga bir peslik, başga bir boşluk tapyp, şoňa sary akmasyny dowam etdirýär. Suw ýerde-de, asmanda-da ýygnanýar, ol ähli zatda bar, daşyň, demriň içinde-de ol bar, janly-jandarlarda suw has köp ýygnanýar. Suw ösümlikleriň içine aralaşyp, olary ösdürýär, berkidýär, gül-gunçalar suw içip, al-elwan açylýarlar, miweler bulduraşyp, lowurdaşyp hasyla durýar. Öz hakyky bolşuna doly ýetmäge çalyşmaýan, özüne mahsus sypata ýetmäge dyzamaýan hiç bir zat älemde ýok. Munuň şeýle bolandygynyň sebäbi olarda ýeterlik mukdarda suwuň bardygy. Adamyň ýüzde ýetmiş bäş göterimi hem suwdan ybarat bolmaly. Suw — älemiň eýesi. Suw — älemiň Taňrysy. Göktaňry, goý, Aban perişdesine rowaçlyk bersin! * * * Bu dünýä salgym: dünýäde her kim göýä özi üçin ylgaýan ýalydyr, ýöne aslynda adamyň bütin ömrüne özi üçin ylgamaga eli degmän, salgyma, gyltyma kowalaşyp geçýär. Sebäp her bende egninde özünden ençe esse äpet göwnüni göterip, ýegşerilip, şol hökmürowan göwnüniň — hanynyň göwnüne ýetjek bolup ertirden agşama çenli hars urup geçýär. Ömür — ertirden agşama çenli göwnüniň göwnüni awlamak üçin geçilýän ylgaw aralygy. Göwnüň göwnüni görjek bolup köp kişiler-ä «agşama-da» ýetip bilmän süýr günortan salgyma öwrülip gidýär. Bu dünýäde adam ýaşanok, ýok, bu dünýäde diňe onuň göwni ýaşaýar! Göwün — beg, ol edenini edip, kylanyny kylyp, tarhanlyk bilen adamyň ömrüni gemirýär, adamyň göýäki özi üçin ýaşaýan ýaly duýguda bolmagynam, dogrusy, başarmak gerek, ana, şony welin göwün başarýar... Hana, tomsuň tüp yssysynda süýr günorta çagy birnäçe göwün Hanan geçelgesine geldi. Gündogardan Oguz derýasynyň gyrasy bilen gelip geçelgä giren argamaklylaryň öňünden oglanjyklar alatozan turzup çykdylar. Sekiz-dokuz argamakly, bir kejebeli düýe. Bu argamaklylar Döwbasan atly bir begiň adamlarydy. Döwbasan Zemm şäheriniň aşak tarapynda ýerleşen çekir atly kiçeňräk bir obanyň begidi. Obada kyrk-elli hojalyk ýaşaýardy. Bu obanyň adamlarynyň galabasy Zemm şäherinde işleýärdi, galanlary-da Döwbasanyň hyzmatyndady. Döwbasanyň bäş-alty süri dowary bardy. Özi-de, ogullary-da, köplenç, şäher bazarynda dellalçylyk edip girdeji gazanýardy. Döwbasan begiň iki hatynyny, tapugçylaryny yzyna tirkäp, iki menzil ýol geçip Hanana gelmesi ýöne ýerden däldi. Ol bu ýere ogly Arslanyň göwni üçin, onuň göwün telwasyna gowuşmagy üçin gelipdi. Ýogsam Döwbasan beg elli üç ýaşy arka atyp, garrandygyny eýýäm boýun alan adamdy. Ol soňky ýyllar uzak ýola, argyşa aňsat-aňsat gitmeýärdi. Ýöne jigerinden önen oglunyň raýyny ýykmazlyk üçin özüne zor salyp ýola çykypdy. Başda ýola çykmajak bolup her hili bahana tapypdy. Barybir, ogly Arslanyň göwni üçin ýola çykypdy. Ine, bu günem şol gürrüňi edilen beglige geldi. Göreli bakaly, bu beglik öz begligiçe barmy? Döwbasan beg geçelgä gelen dessine bu begligiň öz begliginden uludygyny, gurpludygyny duýdy. Döwbasan bu dünýäni ýalan saýýan, bäş günlük geçer dünýäde her bir gününi wagtyhoşlukda geçirmäge çalyşýan adam. Dünýäni unudyp gülüp bilýän adam. Ýöne bir gahary gelende bütin ömrüne eden ýagşylygyny tersine çöwrüp bilýän adam. Şonuň üçin Taňrynyň gazabyndan heder etmedigem Döwbasanyň gahar-gazabyndan elheder ederdi. Onuň ýalkan adamlary kändi, ýöne gazabyna duçar bolup, bu dünýä bilen hoşlaşan bendelerem az däldi. Ýiti sözüň, aýdym-sazyň muşdagydy. Käte göwnüne hoş ýakan sözi, aýdym-sazy üçin şalaryň, patyşalaryň eçilip bilmejek baýlygyny, birki ýyllap gazananlaryny tarhandökerlik edip goýbererdi. Soňundan şol eden tarhandökerlikleri bilen magtanardy, nirede, haçan, kime näçe tarhandökerlik edendigini takyk bilýärdi, olar hakda gaýtalamakdan ýadamaýardy, gaýtam gaýtaladygyça gylaw alýardy. Ol her bir gününiň zowky-sapada geçmegini isleýärdi. Bu isleginiň amal bolmagy üçinem bar hanymanyny harç etmekden gaýtmaýardy. Hernäçe tarhandökerlik etse-de, hanymanynyň egsilmegini halamaýardy. Derrew alnan zadyň ýeri doldurylmalydy. Şol alnan zadyň ýeri doldurylmasa welin, ol guduz açana dönýärdi. Ol tutumy mydama uludan tutmagy halaýardy. Ol çürkände-de uludan çürkeýärdi. Ine, bu günem yzyna nöker tirkäp Hanana gelmegi uly tutumyndan alamat. Ol adamlary aňk etmegi halaýardy. Onuň diňe bir özi däl, ogullary hem şeýledi. Ogullarynyň ählisem babasynyň häsiýetindäki dogmalardy. Döwbasan süýji dillidi. Kim bilen gürleşse-de, gürrüňdeşiniň göwnüni sähel salymyň içinde awlamagy, özüne hormat goýdurmagy başarýardy. Ol adamlar bilen gürleşende edil dogany bilen gürleşýän dek mähirlidi. Döwbasanda duşmany özüne tabyn edip, hyzmatynda gezer ýaly edip bilmek güýji bardy. Hana, demir gyr bedewiň üstünde Döwbasan beg edil Bumyn han deýin gaýşarylyp otyr. Ony gören kişi oňa otuz ýaşdan geçendir öýtmez. Ol ýaşan ýaşyndan has ýaş görünýär. Dogrusy, ol otuz ýaşly uly ogly Pamyrdanam, ýigrimi sekiz ýaşy arka atan bäşinji ogly Arslandanam ýaş görünýär. Ýüzünde ýeke ýygyrt hem ýok. Ýüzüne gülap suwy berlen ýaly onuň. — Sibir, eger öýüňde bolmadyk bolsaň, seniň didaryňy görmedik bolsam, ynan, gaty gynanardym. Seni şeýle bir göresim geldi! Sen hakda gaty köp gürrüň eşitdim. Ähli kişi seni öwmek öwýär. «Sibir beg parasatly, geçirimli beg» diýýärler. Adam adamy göwni ýetmese öwmeýär, ähli kişiniň welin, saňa göwni ýetýär — diýip, Döwbasan argamakdan towsup düşüp, köne ýegana dosty bilen duşuşýan dek, Sibiri gaýta-gaýta gujaklady. Döwbasan derwezäniň öňüne jemlenişen geçelgäniň adamlary bilenem gaty köp ýyllaryň aýralygyndan soň ilkinji gezek duşuşýan dek, gaty gadyrly salamlaşdy, käbirini bolsa, şapladyp gujaklady. Sibir begiň gapysynyň adamy artdy. Döwbasanyň her bir hereketini synladylar. Ol bolsa özüne seredilýändigini duýup, ilki geçelgäniň adamlary bilen salamlaşdy, olardan rozugär-endişe aladalaryny, saglyklaryny sorady. Soň ýene Sibir bege hoş söz aýtmasyny dowam etdirdi: — Doganym! Sen çak edişim ýaly nurana, merdana kişi ekeniň. Geçelgäniň adamlary seni aýasynda göterýärler, şeýle bir zähmetsöýer, şeýle bir wepaly, ýüzleri nurana, mähirli adamlaryň, gullaryň barlygy bilenem sen bagtly. Men hem edil seniň ýaly bir begligiň begi. Meniň begligim Zemm şäheriniň bärisinde ýerleşýär. Zemme gitseň, biziň çekir atly begligimiziň üstünden geçip gitmeli bolýarsyň. Hökman meniň begligime myhmançylyga bar. Meniňkä myhman köp barýar. Men myhmançylyga baran adamlary gowy görýärin. Olara jomartlyk bilen hyzmat edýärin. Elbet, meniň begligim seniň begligiňden kän uly. Özem meniň baýlygym biçak kän. Iki ýüz süri dowarym bar. Her aýda bäş ýüz dowary garyp-pukaralara paýlaýaryn. Zemm şäherindäki bazarlaryň ählisi meniňki. Diňe olardan gelýän girdejimiň näçeräkdigini özüň göz öňüne getirip gör! Men Bumyn hanyň doganoglany. Ol meniň hazynama aýlanyp görüp: «Doganym, meniň şalygymyň gaznasynda-da seniňkiçe altyn ýokdur» diýdi. Aý, men altynymyň känligi bilen öwünip ýören adam däl. Men Göktaňrynyň iň söýgüli, iň eziz bendesi. Göktaňry meni ýalkaýşy ýaly başga ýeke bendesini-de ýalkan, ýalkaýan däldir. Meni senden başga ähli kişi tanaýar. Senem, belki, men hakda eşidensiň. Bezirgenler meni hasam gowy görýärler. Sebäbi men käte bezirgenligem edýärin. Ýylda bir gezek Merwe, Buhara gidip, adamlara, bezirgenlere altyn paýlap gaýdýaryn. Onsoň bezirgenler nirede bolsalaram ylgap meniň ýanyma gelýärler... Döwbasan beg ýaňy joşup gürläp ugrapdy. Ol entek köp-köp zatlary aýtjakdy, ýöne Sibir beg onuň sözüni böldi: — Döwbasan beg, men hem siz hakda gaty köp öwgüli sözleri eşitdim. Siziň pazylatly, merdana begdigiňiz hakda maňa gürrüň berdiler. Eger mümkin bolsa, men sizi geçelgäm bilen tanyş edeýin, ýörüň, ilki rabata baralyň. Rabatymyz bu ýerden uzak däl. Hana, şol görnüp duran daş jaý — diýip, Sibir beg gündogar tarapa elini uzatdy. — Ol ýerde dürli ýurtlaryň bezirgenleri düşläp geçýärler. Häzir rabatda iki sany sogd bezirgeni bar. Gaty baý adamlar. Bezirgenler bilen tanşyň. Belki, olar siziň tanyşlaryňyzdyr. Sizi bu jelegaýlarda tanamaýan ýok. — Sibir beg bu sözi diýse-de diýdi welin, ol öň Döwbasan beg hakda ýeke gezegem eşitmändi. — Ýok, ýok, men sogd bezirgenlerini halamaýaryn. — Men towakga edýärin, Döwbasan beg! Biziň rabatymyza tomaşa ediň, ýörüň. Men muny ýöne ýere towakga edemok. Döwbasan beg göwünli-göwünsiz ýöräp ugrady. — Bezirgenleriň ýanyna barmaly-la. — Döwbasan beg, meniň bir towakgam bar. — Towakgam diýdiňmi? — Elbet, towakgam bar. Ýaňy men hakda örän gowy sözleri aýtdyňyz. Rabatdaky iki bezirgeniň ýanynda men hakdaky ýaňky aýdan pikiriňizi gaýtalap berseňizläň. Goý, olar Döwbasan begiň Sibir beg barada nähili pikir edýändigini bilsinler. — Hany, meniň näme diýmelidigimi açyk aýt — diýip, Döwbasan beg ekezlendi. Sibir beg ýöräp barşyna Döwbasan bege biraz egilibräk aýdylmaly sözleri gaýtalap, tekrarlap ugrady. Döwbasan begiň boýy biraz gysgady, dolmuşdy. Ýörişi, her bir hereketi çasbaňdy, dogumlydy. Döşleri galkan deýin öňe çykyp durdy. Eginlekdi. Güýçlüdigi hereketinden duýulýardy. Hordan uzyn Sibir beg onuň ýanynda ejiz görünýärdi. Ýogsam Sibir beg hor-da bolsa ejiz däldi. Harby tilsimlerinden, gylyçlaşmakdan habarlydy, ezberdi. Onuň nazaryna nazary düşen adamlar syçanyň pişigi görse, erkini ýitirip oňa tabyn bolşy deýin, Sibir bege tabyn bolýardylar. Sibir beg adamlaryň uguny ýekelemäge ökdedi. Sibir beg Döwbasan begi jadylan ýalydy: onuň et diýen işini etdi, aýt diýen sözüni aýtdy. Rabatda derýadan kerwenlerini geçirmek üçin garaşyp oturan bezirgenler olary hormat bilen garşylady. Döwbasan begiň Sibir beg hakda aýdýan mahabatly sözlerini geňirgenme bilen diňlediler. Çünki Şajar ýomçynyň aýdyşy ýaly, köp gürleýän adam köp ýalňyşýar. Döwbasan beg hem ýalňyşdy. Ol bir mahabatynda Sibir begi şu gün ilkinji gezek görendigini, ilki görende-de, onuň ymgyr parasatly begzadadygyny bilendigini, beýle pähimdar begzadalaryň dünýä seýrek inýändigini her sözüne nadym berip nygtady, bir sözünde-de Sibir begi ýaşlygyndan bäri tanaýandygyny, onuň ýaşlykda-da pähimdarlygy bilen ähli kişilerden tapawutlanandygyny, ähli kişileriň ondan hem özünden maslahat sorandyklaryny gürrüň berdi. Sibir beg Döwbasan bilen rabatdan gaýdanlarynda olary bezirgenler, hananlylar mukytlyk bilen synladylr. Sebäp synlamazça däldi. Rabada barýarkalar Sibir beg Döwbasan bege nämedir bir zady üznüksiz düşündirýärdi. Özem onuň bolşundan ýaranmaga çalyşýandygy, howatyrlanýandygy açyk duýulýardy. Rabatdan çykyp gaýdylanda welin, ikisiniň bolşy başgaçady: indi Sibir beg arkaýyndy, biraz gaýşarybrak ýöräp gelýärdi, Döwbasan begiň welin, Sibir begiň göwnüni awlamaga çalyşýandygy mesaňa duýulýardy. Arzyly myhman üçin saçak giňden ýazyldy. Sähel salymyň içinde giň saçak dürli-dümenlerden, nazy-nygmatlardan, datdan dat tagamlardan doldy. Sibir begiň aramgähinde düşlän bezirgenlerem gelip, meýlise goşuldylar. Päkine bibi Döwbasanyň owadan iki hatynyny garşy aldy, olary öz enderunyna1 äkitdi. — Bumyn hanyň elli hatyny bar eken. Dogrusyny aýtsaň-a, Atyllanyňky ýaly hatynyň sany sekiz ýüzden geçmese bolmaýar. — Sen entek garry däl, Döwbasan! Nesip bolsa, ýene ençe gözeli garradarlyk güýç-kuwwatyň bar seniň. Budda ýaly ýigrimi bäş müň zenana öýlenmäge-de gujur-gaýratyň ýeter seniň. — Ine, är gepini senden eşitdim — diýip, Döwbasan töweregini ýaňlandyryp güldi. — Biz saňa gyzlarymyzdan isledigiňçe berip bileris. Saýlap al. — Ýok, ýok, bu ýaşdan soň maňa täze hatyn gerek däl. Meniň günüm gowy, ýöne, ynha, ogullar ýetişdi, olar birki aýal bilen oňmajak bolýarlar. Bumyn hanyňky ýaly elli aýal isleýär olar. Ajun beg: «Göktürkmeni altyndan, baýlykdan doýrup bolar, ýöne hatyndan doýrup bolmaz» diýip hak aýdypdyr. Näçe owadan gyzyň bar bolsa, sen olary meniň ogullaryma ber. Göktürkmen gany dyňzaýar olarda. Ýok diýmez olar. — Saýlasynlar. — Dünýäde, näme, owadan zatlar kän. Eşidişime görä, sende-de gowy bir mal barmyşyn diýip ogullarymyz eşidipdirler. Olaryň bar gepi-gürrüňi seniň şol owadan harydyň. Men-ä saňa turuwdan aýdaýyn, heleýlerim bilen seniň şol harydyňy göreli, eger göwnümizden tursa, oglum Arslan üçin hyrydar çykaly diýip geldik. Biz hyrydar çyksak, senem garşy çykyp durmarsyň-da hernä?! — Döwbasan ýene sözüne nazym berip gürledi, ýöne onuň tamasy çykmady: Sibir onuň sözüni makullamady, başyny aşak saldy. Döwbasan ýalňyşlyk goýberendigine düşündi. Beýle ýagdaýy Döwbasan birinji gezek görenok. — Uly-uly döwletler gyz berip, gyz alyşýarlar, garyndaş bolýarlar. Aýallaryň güýji hele-müçük däl. Olaryň ýeke biri bir döwletiň, lek-lek goşunynyň başaryp bilmeýän işini başarýar. Bumynyň nädip uly döwletli bolanyny özüň bilýärsiň. Ine, urkaçynyň gudraty. Giden milletiň boýuntyrygy bir urkaçyda eken. Bumyn Anahuanyň gyzyna öýlenip, Weý döwletinem, jujanlylaram boýun egdirmegi başardy. Anuşirwan Adyl Istemä sawçy iberipdi. Eger Hysrow Anuşirwan Istemi hanyň gyzyny özüne hatyn edinip bilse, onuň döwi çykar. Dat Afrigitogullarynyň gününe onsoň. Soň ol Afrigitogullarynyň hökmürowanlygyndan gorkmaz. Çünki Istemi hanyň sasan döwletini Afrigitogullaryndan gorajagyny bilip dur. Gowy hem bagtyýar ýaşamagyň ýeke-täk dogry ýoly şu. Biz patyşalardan ybrat alsak ýalňyşmarys. Men bir urkaça geçmeýän bolsam, onda men hiç kim hem däl ekenim! Sibir begiň başyny aşak salyp durşuny Döwbasan beg halamady. Çünki onuň bolşy hoşlaşmaga döwtalap görünýär. Häzir gaýtmak bolmaz. Häzir gaýtmak yzyňa tirkäp gelen adamlaryň öňünde özüňi masgara etmek. Döwbasan dellal. Dellallyga ökdeligi sebäplem işi kuşat. Asyl ýaşaýyş dellalçylyk eken. Dellalçylygy oňarýarsyňmy, diýmek, işiň oňuna, oňarmasaň, kysmatyňa kaýyl bol. Döwbasan başga perdeden gopdy: — Men-ä ýöne bir göwnüňizi götereýin diýip degişdim. Maňa hiç zadyň gerek däl, ýöne bir owurt şerap bir ber-how! Garyndaş bolmaga beglik taparyn. Siziň bilen dost bolaryn. Bolmaýarmy şeýtsem? Döwbasan içeri girdi. Gat-gat ýazylan düşekçäniň üstüne özüni goýberdi. Döwbasanyň gapdalyndan ýany bilen gelenler oturdy. Ýöne olaryň ýakynynda oturmagyny Döwbasan halamady: — Jaýyň içindäkiler daşaryk çyksyn. Meniň bilen gelenler başga bir otagda otursyn. Men Sibir bilen ikiçäk oturjak. Hyzmat edýänlerem, çakylyksyz içerik girmesinler. Ýaňy düşege geçenler sapandan sypan dek gapa tarap okduryldylar. Biri-birinden öň çykjak bolup, tas gapyny döwüpdiler. — Oturybersinler ahyryn, üýtgeşik, ýaşyryn gürrüňimiz ýok — diýip, Sibir bilgeşleýin mönsüredi. — Üýtgeşik gürrüňimizem bar, ýaşyryn gürrüňimizem bar — diýip, Döwbasan biraz öýkeledi. — Näme, sen meni pohly adamlaryň ýanynda masgara edýärsiň? Näme, sen urkaçyňy meniň gül ýalak ogluma rowa göreňokmy? Näme, ol urkaça bal çalnanmy? Men begzada nesebindendirin. Men Bumyn hanyň doganoglanydyryn. Geçelgäňi ýer bilen ýegsan etjegimi bileňokmy sen? — Eý, merhemetli beg! Seniň biz bilen garyndaşlyk açmagyň bize çäksiz uly mertebe. Sen bir gyz isleseň, biz saňa onusyny, ýigrimisini eltip gaýdarys. Heý, onuňam bir gürrüňi bolarmy? Ýigrimisini az görseň, kyrkysyny eltip gaýdaryn — diýip, Sibir beg myhmanyň ugrundan gopdy. — Gaharlanjak bolsaň, düýplüräk bir gep tapsana. Ýogsam munyň birhiliräk, ýympyk bolýar. — Saklan, saklan-how, onça urkaçy gerek däl — diýip, Döwbasan jak-jaklap, ellerini galgadyp güldi. — Men garradym-how indi. — Siz bilen garyndaş bolsak, armanymyz ýok, onuň üçin-ä jinnek ýalagam gaharlanyp oturma! — Ine, bu gürrüňiň başga gep! Aý, sen, Sibir, tapbiler beg ekeniň. Men seniň gowy begdigiňi öňünden aňdym. — Siziň tabyňyzy bilmesek, bizden aýypdyr. — Aýypdyr... — diýip, Döwbasan beg başyndaky jowur ak patyny gapdalyna taşlap, içini hümletdi. Başyny aşak salyp, soňam Sibire bakdy. — Aýypdyr, ýöne seniň bilmeýän käbir zatlaryň bar. — Siziň göwnüňizedir, biz bilmeýän ýalydyrys, aslynda siz bilen dahylly ählije zady bilýändiris! — Bilýän ýalysyň, ýöne bileňok. Gepem şonda-da! Ana, şol bilmeýän zatlaryňy men häzir aýtmaly bolýaryn saňa. — Erbet habarmy?! — Sibir eşiden gürrüňiniň çyndygyny ýa-da ýalandygyny anyklajak bolýardy. Ýöne eýýäm Sibirde eşiden gürrüňleriniň dogrudygyna birjik-de şübhe galmandy, şeýle-de bolsa mönlük edenini kem görmedi. Çünki mönlük adamy köp bela-beterlerden halas edýär. Iň esasysy hem duşmançylygy aradan aýyrmagy başarýar. Hawa, hawa, adama peýda gelse, köplenç, mönlükden gelýär. — Erbet, doganym, erbet! — Döwbasan ýene öwhüldedi. — Gepem şonda-da! — Döwbasan, häzirki aýtmakçy bolýan habaryňyzy şeýle bahym aýtmak hökmanmy? — Hökman, doganjygym, hökman! — Uzak ýoldan ýadap, aryp geldiň. Ilki birki gün dem-dynç alsaň, şol möhüm hasaplaýan habaryňy hem şondan soň aýtsaň, gowy bolmazmy? Nähili görýärsiň? Makulmy? — Makul däl. Ony aýtmasam, men seniň öýüňde rahat oturyp bilmerin. Men aýdaýyn, doganym, aýdaýyn. Ýöne meniň çynym! Saňa nähili aýtjagymy bilemok. — Göni aýt! Sen ýat-keseki adamyňkyda däl, öz doganyň öýünde otyrsyň. — Gönüläp aýtsam, doganjygym, meniň dogmalarym sährada bir üýtgeşik owadan gyz görüpdirler. Görübem oňa aşyk bolupdyrlar. Aýtmaklaryna görä, seniň ol urkaçyň biçak owadanmyş. — Şeýle diýýärler öz-ä... — Altynjy oglum Töreaman neresse gyzyň bilen ýakyndan gürleşjek bolupdyr welin, bedewi guduz deýin topulyp, ogluma agyz salypdyr. Tötänlikde-de oglum atdan agypdyr, şondan peýdalanybam ol wagşy bedew oglumy paýhynlapdyr. — Wah-heý, wah-heý, wah-heý, e-eý, nätdiň-eý! Betbagtlyk, gör, nähili betbagtlyk! — Şeýle-dä, nätjek, boljak iş bolupdyr. — Eşitmesine, men bu hakda eşitdim. Ýöne şol diýilýän ýere soň baryp görsem, hiç kim ýok eken. — Hawa, biziňkiler oglumyň jesedini öýe eltdiler... — Wah-wah-heý, bolmandyr. Wah, ogullaryň göni gelip gyzyň gerek diýen bolsalar, men gyzymy göni öýüňize eltip bererdim... — Menem şony aýdýaryn-da! Ýöne biziň dogmalar göwünlerine ýaran gyzlary gören ýerlerinden göni alyp gaýdybermäge halys ram edipdirler. Ynha, dogan, şeýle pajyga bolandygyna seretmezden, dogmalarym diňe seniň gyzyň gerek diýip ýer depişip durlar, olar zordan doganlarynyň aşyny-suwuny sowmaga garaşdylar, düýn soňky aşyny sowup, bu günem, görşüň ýaly, ýola çykdyk. — Siziň bilen guda bolasym gelýär, ýöne... — Ýönäň näme? — Men söz beräýdim-dä. Gyz gyzyň gurbany däldir-ä. Başga gyz beräýeli. — Söz beren adamyň meniň derejämden uly derejeli adammy? — Ýok. — Onda näme?! Bege gerek bolanda, eýesine-de haramdyr. — Söz berdim-dä iliň içinde. Ähli kişi eşitdi. — Hä, hm, gyzyňy çykardyňmy? — Ýene bir hepdeden toý. — Kim ol seniň gyzyňa söz aýdyp bilýän batyr är?! — Geçelgäň öňki begi Babyr begiň ogly. Daş kakyldy. Tapugçy gorka-gorka içeri girdi. — Meniň sahybymy çagyr. Sähel salymda ämert, döw ýaly kişi üç bükülip içeri girdi. — Geçelgäniň Sibirden öňki beginiň ogly bilen gürleşip gör. Häzir saňa Sibir onuň adyny aýdar. Şony gowy öwren. Kimdigini bil. Aýt, Sibir! — Peleň Babyr beg ogly! — Hany, gaýtala. — Geçelgäniň Sibir begden öňki begi Babyr begiň ogly Peleň. — Adam oglunyň burnam ganamaly däldir. Örän sypaýy gürleşgin. Nägilelik gerek däl. Adam oglunyň göwnüne degmek bolmaz, ümürsin-ümürsin işle. Ümürsin-ümürsin bolsun! Gaty gowy ýigitmiş. Bir hepdeden toý boljak. Men oňa sowgat bermek isleýärin — diýip, Döwbasan sahybyna ýüzlendi. Bu sözleriň düýp manysyna Sibir düşünmedi, ýöne sahyby welin, begiň ähli sözüne düşünip: «Ähli zada düşündim, aýdyşyňyz ýaly ederin. Ümürsin-ümürsin» diýip, hoş habar eşiden dek begenip, öwran-öwran baş atdy. Soňam begiň ýeke yşaraty bilen içerden çykyp gitdi. — Men ol «ümürsinli» sözüňe düşünmedim. Sen näme etjek bolýarsyň? Daş işikdäki aýal hyşy-wyşysyna içerdäkiler diňşirgenişdiler. Sähel salymdan iki aýal — Döwbasanyň aýallary Galamgaş bilen Patyşagül gapydan içerik äňedişdiler. — Giriň içerik! — diýip, Döwbasan azmly gygyrdy. Iki zenan gorka-gorka içeri girdi. — Näme habar?! Zenanlar biri-biriniň ýüzüne, soňam Sibir bege seretdiler. — Enderundan gaýdyp, erkekleriň oturan jaýyna gelen bolsaňyz, hökman derwaýys bir gürrüňiňiz bar bolmaly. Ýogsam — bilýärin — gelmezdiňiz. Meniň Sibirden gizlin zadym ýok. Onsoňam, çakym-çak bolsa, gürrüňiňiz Sibir bilen baglanyşykly bolmaly. Şonuň üçin, goý, olam eşitsin. Başlaň gürrüňiňize! Aýdyberiň, aýdyberiň. Zenanlaryň başlary aşakdy. — Patyşagül! Hany, sen başla! — diýip, Döwbasan ýaşy durugşan baýbikä2 ýüzlendi. — Tagsyrym! Biziň diňe özüňize aýtmak isleýän sözümiz bar. Sibir düşündi: ol daş çykdy. — Indi kime garaşýarsyňyz? Aýdyberiň. — Tagsyrym! Biz Aýşöhläni synladyk. — Bolupdyr-da, synlan bolsaňyz. — Wah, bolmaýan ýeri bar-da, tagsyrym! — diýip, Patyşagül janykdy. — Näme bolmaýan zady bar onuň? Gaharym gelýär. Aýdyň, ol kermi-körmi? Golakmy-çolakmy? Bolmaýan zady näme? Anyk gürläň! Anyk! — Aýşöhlede kem ýok, artyk ol, artyk. Hakyky peri ol. — Onda näme?! — Biz-ä oňa seredip magşuk bolaýypdyrys, tagsyrym! — diýip, esasy gürrüňi süýjütmek isläpmi ýa-da aýtmagyň ebeteýini tapmanmy, garasaý, Patyşagül näzu-kereşme bilen söze başlady. Ýöne ol sözüni soňlamaga ýetişmedi. — Şumy bar aýtjak sözüňiz? Şu sözi aýtmak üçin şu ýere geldiňizmi? Göteriliň! Ýok boluň! Görünmäň gözüme! Eý, bir urkaçy bolmady-la bu, ýöne gürrüň, ýöne gep bolup dur-la bu. Sibirem üstüme döwläp dur-a meniň. Be, beýle hatyralar ýaly aýdan gaçanmyşmy ol urkaçy?! Baldan ýasalanmyşmy ol? — Aýdan gaçanam, baldan ýasalanam beýle owadan bolmaz, tagsyrym! — Siz entegem güm bolaňyzokmy? Ýok boluň diýdim-ä derrew! — Biziň möhüm gürrüňimiz bar, tagsyrym! — diýip, içeri girenden bäri sesini çykarman duran ikinji zenan Galamgaş esasy gürrüňi aýtmaga ýetişmän gitmeli bolarys diýen howatyr bilen howlukmaç gürledi. — Möhüm gürrüň diýip aýdýan gürrüňiňiz meniň myrryhymy atlandyrýar, myrryhymy! — Biz size aýtmakçy bolýan esasy gürrüňimizi entek aýdamyzok. Her näme-de bolsa, biziň gürrüňimizi ahyryna çenli diňläň, tagsyrym! Patyşagül bilen Galamgaş tijenmelidigine düşündiler. Biri-birine gezek bermän, gürlemek gürlediler: — Onuň ýaly owadan gyz dünýäde başga ýokdur, tagsyrym! — O perizat oglum Arslana taý däl! — Dogry, o perizat Arslanyň taýy däl. — Onuň sahypjemalyndan serede-serede hiç ganar ýaly däl. Ondan mähir-nur ýagýar. Onuň ýanynda bolsaň, göwnüň göterilýär. Onuň didaryna didaryň düşse, ylahy bedenine bedeni galtaşsa, ölen erkek hem hakyt janlanyp, ýerinden galar. Onuň ýanynda otursaň, bir ýeriňde agyryň bolsa, ol agyryň aýrylýar. Näsag bolsaň, sagalýarsyň. Gelenimde kelläm agyryp durdy. Aýşöhläniň ýanynda biraz oturdym welin, kellagyrym zym uçan ýaly boldy. — Galamgaş ellerini hereketlendirip janykdy. — Eý, tagsyrym, ol perizady siz öz gözleriňiz bilen bir görüň! — Hawa, hawa, tagsyrym, gözeller gözelini öz gözleriňiz bilen bir görüň. — Siz gören bolsaňyz, oglum Arslan gören bolsa, men näme üçin göreýin?! Men size ynanýaryn. — Merhemetli tagsyrym! Ikimizem sizden towakga edýäris. Aýagyňa ýykylýarys! — Iki zenan aýdan-diýen sözlerini az görýän dek, baryp Döwbasanyň aýagyna ýykyldylar, togap etdiler. — Ol perizat oglum Arslanyňky bolmasyn! Ol diňe seniňki bolsun! Oglum Arslanyň entek başy ýaş. Beýle tenekar häzir size has zerur. — Aýşöhle diňe size mynasyp, tagsyrym! — Hawa, hawa, Aýşöhle diňe size mynasyp, tagsyrym! — Siziň durmuşyňyz baky ýaz bolsun. Siz gül-gunçanyň içinde ýaşamaly, tagsyrym. Döwbasan nämä garaşsa-da, hatynlaryndan beýle töwella asla garaşmandy. Ol garaşylmadyk töwella näme jogap berjegini bilmän, gümürtik gürledi: — Gül-gunça kelläňi agyrdýar... — Tebigatyň gül-gunçasy bir aýry, durmuşyň gül-gunçasy bolan biz — zenanlar bir aýry, tagsyrym! Siz bizden kellagyry bolmarsyňyz. Biz siziň ähli agyrylaryňyzy sypap-sypap aýryp bereris, tagsyrym! — Goý, Aýşöhle diňe siziňki bolsun. Beýle owadan gyz siziňki bolmaly! Beýle owadan gyz hakyky äriňki bolmaly. Şeýle gyza mynasyp är diňe siz, tagsyrym! — Ol gyzy ogluňa däl-de, özüňize alyň, tagsyrym! Döwbasan Galamgaş bilen Patyşagülüň bu özelenmelerine henizem näme jogap berjegini bilenokdy. Ol her bir zat babatda derrew karara gelmegi başarardy. Ýöne bu gezek welin başarmady. Näme etjegini, näme diýjegini bilmän, kejebesini daraldyp kän durdy. Eh, erkekler, erkekler! Erkekler dünýäden doýarlar, puldanam — ýogsam dünýädenem, puldanam aňsat-aňsat doýulýan däldir! — doýarlar, ýöne owadan, gülden näzik zenandan welin, eger-eger doýmazlar. Iň soňky demini sanap ýatan, ýaşy ýüze ser uran garry ülhit hem «Gaty owadan zenan bar, sizi şol gözele öýermekçi bolýas» diýseler, zol-zol ýuwdunyp, yh-çohlap ýerinden galagelýärmiş. Hana, bu ýaşdan soň öýlenerin, ýaş gyzyň gujagyna girerin diýen pikir aňynda asla bolmadyk Döwbasan eýýäm yrylyp barýar. Bolşundan çen tutsaň-a ony öýlenmäge yrmak eger-eger kyn düşjege, öýlenjek däl diýip ýer depip durjaga meňzänok. Asyl yrylasy gelýär onuň. Süňňi, näme üçindir, gowşady. Naýynjar keşbe girdi. — Ol şeýle owadanmy? — Bu sowalyna Döwbasanyň özüniň pisindi oturmady. — Onuň ýaly owadan gyz dünýäde başga ýokdugyna ant içýäris, tagsyrym — diýip, Patyşagül başyny galdyrdy. — Turuň ýeriňizden! — Biz seniň uzak ýaşamagyňy, özem eşretde ýaýnap ýaşamagyňy isleýäris. Size täze ömür berip biljek, göwnüňi alaýaz edip biljek, keýpiňi gül-gülälek açjak ýeke-täk gudrat — Aýşöhle. Aýşöhle bilen bir düşekde ýatsaňyz, bedeniňiz juwanlaşar, tagsyrym! Onuň bedenini bir görüň, tagsyrym! Biz üç bolup siziň hyzmatyňyzda bolaly. Belki, biz Aýşöhläniň hyzmatynda bolaly. Goý, ol gyz humary bilen sizi bendiwan etsin. Onuň goýnundan kükeýän enweri ys size juwanlyk tenekary bolsun, sizi ýigrimi ýaşa getirsin. — Ýa, walla, siziň kelläňize gelýän pikir Taňrynyňam kellesine gelmesin gerek. Kutuly Allagyň3 oglunyň-a aňkasyny aşyrdyňyz. — Döwbasan aňk bolup durdy. Ol töweregine garanjaklap, Sibiri agtardy. — Sibir, aý, Sibir! Sibir beg içeri girdi. — Eşidýärsiňmi bularyň diýýän zatlaryny?! — Ýok, men bularyň gürrüňini diňlämok, Döwbasan beg! — Bar, alyp gel şol gyzyňy! Sibir nämäniň-nämedigine düşünmedi. Ýöne gürrüňiň öz gyzy Aýşöhle hakdadygyna düşündi, sesini çykarman gitdi. Galamgaş bir jamy rakyýadan doldurdy-da, adamsyna uzatdy: — Tagsyrym, şu rakyýany içiň! Birden ýüregiňiz gobsunaýmasyn! Döwbasan bir Galamgaşa, birem rakyýaly jama seretdi. Waspy ýetirilen gyzdan, näme üçindir, susty basyldy. Özüne basalyk bermek üçin jamy başyna çekip, ony eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi. Içerdäkileriň nazary gapa gönükdi. — Tagsyrym! Aýşöhläni alanyňyzdan soň siz düýpden başga adama öwrülersiňiz. Ömrüňizi täzeden ýaşamaga başlarsyňyz. — Ýuwaş, gepleme! — Döwbasan tolgunyp gapydan gözüni aýranokdy. — Hany, ýene bir jam rakyýa ber. Ýadawlyk basmarlajak bolýar öýdýärin. Men tolgunmaýaryn. Patyşagül gorküýzeden howlukmaç rakyýa guýdy, jamy adamsyna uzatdy. Galamgaş iki jam rakyýa içse-de galpyldap duran adamsynyň üst-başyny gözden geçirdi, onuň ýakasyny howlukmaçlyk bilen düzetdi, murtuny towlap goýberdi. — Aýryl entek! Zenanlar gaty yhlaslydylar. Aýşöhläniň öz ärine magşuk bolmagyny isleýärdiler. Şol pikir bilen olar Aýşöhläniň ýanynda biri-birine gezek bermän öz ärleriniň waspyny edipdiler. Olaryň ikisiniňem pikiri deň çykypdy. Pikirleriniň meňzeşligine olaryň ikisem daş çykyp geň galypdy: beýle perizat Arslanyň gujagyna girmeli däl, ýok, bu perizat diňe Döwbasan tagsyryň gujagyna mynasyp, şonuň üçin hem bu perizat Döwbasan tagsyryň gujagyna girmeli. Zenanlar hudaýtarapyn ýürekleri bilen özara gürleşýärler. Galamgaş bilen Patyşagülüň bu mahal ýeke-täk bir maksady bardy, ol hem Döwbasan tagsyryň göwnüni awlamakdy. Bu iki zenan üçin dünýäde başga derwaýys hiç bir zat ýokdy. Ýogsam Arslan Patyşagülüň üçünji perzendidi. Patyşagül oglunyň öýlenmegini, Aýşöhlesiz galjagyny alada edenokdy. Sebäp Arslan diňe baýlyk, bezirgenlik bilen meşguldy. Ol hatyn diýen millet bilen gyzyklanmaýardy, barybir, onuň ýeterlik aýaly bardy. Ene üçin perzentden eziz näme bolup biler?! Är är bolanda ene üçin perzentden ýokarda hem bir süýjülik bar eken: ol är eken! Hana, Galamgaş bilen Patyşagül üçin Döwbasandan mährem, ýakyn hiç kimse ýok bolmaly, olar begiň öňünde galpyldap durdylar, olar üçin bu mahal örän wajyp pursatdy, sähel säwlik goýberilse, Aýşöhle ellerinden gidäýjek ýalydy. Beýle ylahy perizady elden gidermek bolmaz! Iki zenan biri-birine elini uzatdy. Olar biri-biriniň ellerini berk gysyp, arzyly pursada garaşdylar. Gapydan iki sany tapugçy ullakan mejimede kakmaç getirdi. Ol et şeýle bir ussatlyk bilen bişirilipdir welin, alagaraňkyrak otagyň içinde lowurdap görünýärdi. Tapugçylaryň bimahal çak gelmesi Döwbasanyň kejebesini daraltdy. — Ýok boluň şu ýerden! Ýok boluň, gözüňiz ýokmy, häzir gelýär ol! Eý Taňrym, gör-ä bu erkekleri! Häzir Döwbasan üçin Aýşöhleden beýik hökümdar ýok. Ýeke gije bile ýatyp turmasyndan soň welin, şeýle belentdäki hökümdar adamlyk derejesinden hem pese düşer, adaty zenana öwrüler. Zenan gözelligi — säher gyrawy. Ýolbars awa häzirlenýär. Aýallarynyň diýen sözleri Döwbasany örkläpdi. Onuň üçin bu mahal iň möhüm zat şol waspy ýetirilen, bir ogluny pida beren perizadyny görmekdi! Döwbasan beg ömründe zenan üçin beýle tolgunmandy. Asyl ol söýgi diýen sözi-de ömründe aýdyp görmändi, söýüp hem görmändi, haýsy gyz göwnüne ýarasa, gepsiz-gürrüňsiz duluna geçiripdi. Şeýle bolansoň, onuň elli üç ýaşynyň içinde öýlenen gyz-gelni az däldi, öýünde saklap ýörenem, kowup goýberenem, janyny jähenneme iberenem az däldi. Hatyn oňa hyjuwyny egismek üçin müždedi. Hatyny ol adam hökmünde görmeýärdi. Dogrusy-ha, onuň adam hökmünde görýän erkek kişisi-de o diýen köp däldi. Ol häzirem tolgunmasa-da tolgunmazdy welin, ogullarynyň agyzlaryny suwardyşyp waspyny ýetiren gyzlaryny gören Galamgaş bilen Patyşagülüň «Aýşöhle diňe size mynasyp gyz» diýmekleri, olaryň boluşlary onuň howuny basypdy. Ol gaty üýtgeşik gudrata garaşýardy. Ýöne-möne gyz üçin Galamgaş bilen Patyşagülüň beýle aýgyt etmejekdiklerini ol bilýärdi. Rast, olar diýýän bolsalar, Aýşöhle hakykatdanam perizat bolmaly. Arslana näme diýmeli bolar? Eý, Göktaňrym! Ogluma alyp bermek üçin gelen gyzyma özüm öýlenäýsemmikäm? Bu nähili bolar? Döwbasan bu sowaly öz ýanyndan telim gezek gaýtalady. Ýöne aňyrdan hiç kim jogap bermedi. Ine, Döwbasana agyr düşýän zat şu. «Hany, ilki bilen, şol waspy ýetirilen perizady göreýin. Görsem, nätmelidigimi bilerin. Ýüregim aýdar nätmelidigini! Gelýärmikän?! Arslany öldürmeli bolarmykam? Eger gyz göwnümden tursa, Arslany öldürerin. Ýogsamam maňa gerek bolsa, Arslan pikirinden dänmeli bolar. Ol entek ýaş». Öz-ä gelýän ýaly! Patyşagül Döwbasan begiň elindäki hanjary aldy. — Ýok et! Taşla. Görmesin! Patyşagül Döwbasan begiň häliden bäri elinde saklap duran hanjaryny arkasynda gizledi. Sowuk ýaragyň gudraty bar eken: ol seni gana tokundyrýar. Hanjar Patyşagülüň eline agram berdi. — Gelýär! — diýip, Döwbasan beg pyşyrdady. Zenanlar onuň sözüni gaýtaladylar... IKINJI BOÝ ZENANLARYŇ GÜÝJI GÜÝÇSÜZLIGINDE Bu günem Alawýer meýdançasyna ýygnandylar. Sibir adamlarynyň öňüne düşüp Güne salam berdi. Ähli kişi onuň bu hereketini gaýtalady. — Hezreti Taň dogdy! Hezreti Gün dogdy! Ähli kişi biri-birini hezreti Günüň dogmagy bilen mübärekledi. Hezreti Güne tagzym etdiler. Hezreti Güne salam berdiler. Soňundan Sibiriň sözlerini gaýtaladylýar: — Gökleriň eýesi Taňry dogdy. Gökleriň eýesi Taňrym, bize ömür ber! Bize ömür ber! — Eý, hezreti Gün Taňrym! Saňa tagzym edýäris! — Eşretleriňden iýip-içip, gülüp ýaşamaga pursat ber! — Eşretleriňden iýip-içip, gülüp ýaşamaga pursat ber! Bu sözlerden soň her kim hezreti Güne — Gökleriň eýesi Taňra arzuw-telwasyny içinden gaýtalamaly: öwran-öwran ömür-ýaş soramaly. Goý, ol öz beren amanadyny entek-entekler almasyn. Sibir beg her gün säher şol bir sözi gaýtalaýardy. Ol Taňrydan geçelgäniň adamlaryny betbagtçylykdan goramagyny, asuda ömür bermegini dileg edýärdi, Taňra ýalbarmak ýalbarýardy. Goý, Taňry beren ömrüni, rysgyny rahatlygy bilen bersin! Ýogsam bir topar kellekeser gelip, obanyň ençe aýlap çemçeläp gazananjasyny kersenläp weýran edip gidýärdi. Ony edýän Hysrow Nowşirwanyň ýalýagylarydy hemem Bumyn hanyň ogullarynyň ýaranlarydy, hemşerileridi. Hany, sen olara bir zat diýip bir gör-dä. Olardan ýaňa abdallaram gan aglaýar ahyryn. Ýogsam olar, giden bir şalyk. Onsoň Sibir näme! Gowy ýeri, Bumyn hanyň ogullary Peleň begi tanaýarlar. Babalarynyň hormatlandygynam bilýärler. Bir ogluna: «Meniň bu oglum Peleň deýin batyr, gaýduwsyz bolsun!» diýip dileg edendiginem bilýärler. Bilenlerinde näme. Olar tarhan bolup ýaşamak isleýärler. Ýaşaýarlaram. Peleň begi merhum babalarynyň sylandygy olar üçin hiç zat. Olar Istemi handan-da gorkmaýarlar. Gaýtam olardan Istemi hanyň özi gorkýar. Ol mydama dogany Bumyn hanyň ogullaryndan gaça gezdi. Gaça gezmese, özüniň öldüriljegini bilip dur ol. Ýogsam diňe bir günbatar ganata däl, gündogar ganata-da, döwlete-de ilhan bolasy gelýär onuň. Dogany Bumyn hanyň ogullarynda rehim-şepagatyň ýokdugyny bilip-görüp duransoň tagtdan el çekdi. Doganynyň ogullarynyň tagt üstünde gyrlyşjakdyklaryny hem bilýär ol. Şonuň üçin Çanany1 özüne merkez edinip, şol ýerdenem tabynlygyndaky ýerlere hökümdarlyk etmäge başlady. Peleň begiň Istemi hana hormaty uludy. Ondan özüne ýamanlyk gelmejekdigini bilýärdi. Adama ýamanlyk etmeýän adam — gowy adam. Eliňdäki çöregiňe sukuny salmaýan adam gowy adam. Peleň beg Istemi hanyň bu günki tutumyny-da oňlady: ol Sasan patyşasy Nowşirwan Adyla gyzyny äre berýär. Hysrow Nowşirwan Adyl näme etmelisini bilýär. Ol mydama abdal döwletinden gorkuda ýaşady. Köp-köp sütemlere çydady. Ol göktürkmenlerdenem gorkýar. Bu iki türkmen döwleti ony düýt-müýt etjek. Hökman! Basyl hem howp. Bu üç döwletiň haýsam bolsa biri öňürdip saňa eýe çykjak. Beýle ýagdaýda özüňi goramak, pida bolmazlyk üçin çykalga tapmaly. Çykalga tapyp bilmeseň, ýok bolup gitmeli. Çykalga tapyp bilmänligi üçin, gör, näçe döwletler ýok bolup gitdi. Hana, Jujan döwleti! Nähili kuwwatly döwletdi. Çykalga tapyp bilmedi. Şonuň üçinem weýran edildi. Özem bir zenan üçin! Şalygynyň weýran ediljegini bilenliginde bir däl, müň gyz bererdi. Ondanam köp gyz bererdi. Tekepbirlik etdi. Anahuan Bumyn bilen guda bolan bolsa özüni öldürmeli bolmazdy, patyşalygam aman galardy. Nowşirwan Adyl bir hakykaty bilýär: döwletleri zenanlar saklaýar! Dünýäni zenanlar dolandyrýar. Ýöne bu hakykat erkek kişiler tarapyndan müňýyllyklar bäri boýun alynman gelýän hakykat! Bu hakykaty erkek kişiler boýun almazlyk üçin hokga baryny tapýarlar! Nowşirwan Adyl Istemi hanyň köşgüne bir topar ilçi iberdi. Ýok, olar ilçi däldi, olar aslynda osmakçydylar, sawçydylar. Olar Nowşirwan Adylyň adyndan baryp, Istemi hanyň öňünde tagzym etdiler. Öz patyşalarynyň çäksiz sarpa goýýandygyny aýtdylar. Ýanlary bilen getiren kerwen-kerwen hedýe-engamlaryny, altyn şaý-seplerini gowşurdylar. Istemi hanyň Nowşirwan Adylyň tarhanlygyna göwni ýetdi. — Hany, aýdyň, siziň patyşaňyzyň menden näme towakgasy bar?! — Siziň jan saglygyňyz, döwletiňizi rowaçlykda dolandyrmagyňyz. Ilçiler-osmakçylar öz işlerini bitirip, artyk söz aýtman yzlaryna gaýtdylar. Ikinji kerwen eýýäm ýetip barýardy. On-on bäş gün geçip-geçmänkä Nowşirwan Adylyň ikinji kerweni Çanana — Istemi hanyň huzuryna bardy. Istemi han akylly han, ýöne Nowşirwan Adylyň bu kerwenini nämä ýorjagyny bilmedi. «Patyşaňyzyň menden nämä towakgasy bar?» diýen soragyna geçen saparky jogaby eşitdi. — Siziň jan saglygyňyz, döwletiňizi rowaçlykda dolandyrmagyňyz. Istemi han hem öz gezeginde Nowşirwan Adyla minnetdarlyk halat-engamlaryny ugratdy. Ýöne kerwen soňam geldi. Soňam geldi. Sowgatly gelen kişide mähir bolýar. Sowgatly gelen adam göze ýakymly görünýär. Istemi han hem gelen sowgatlary üçin Hysrow şaga minnetdar boldy, ýogsam onuň hiç bir zada mätäçligem ýok ahyryn. Tas ýarym ýyllap Nowşirwan Adyl Istemi hana kerwenläp halat-serpaý, gymmat bahaly harytlar bilen birlikde altyn-kümüş iberdi. Bu baýlyklary ibermek Nowşirwan Adyla aňsat düşenokdy. Ýöne ýurdy weýrançylykdan saklamak üçin, bu iberilýän zatlar deňizden alynýan bäş-on okara suwdy. Istemi hanyň gyzyna söz aýtmaga gelen sawçylar kändi. Olar köşkde toý etdiler. Istemi han ýok diýip bilmedi. Ýedi gije-gündiz Nowşirwan Adylyň wekilleri köşkdäkilere toý berdiler. Ýedinji güni geçirip, sekizinji gün daňdan gelnalyjy kerweni niredesiň Sasan patyşalygy diýip ýola düşdi. Gelniň gelýändigi hakdaky habar Hanan geçelgesine hem bir hepde öňünden geldi. Öňden gelýänler kejebäniň düşlejek ýerlerinde ähli amatlyklar bolar ýaly aladasyny edýärdiler. Altyn-kümüş atly Alyhezretleriniň ähli ýerde hormat-sylagy bar. Ol haýsy ýerde bolsa-da, Alyhezret. Onuň bitirmeýän, başarmaýan işi ýok. Ol hyrsyz ýüzlerem nuranalyga, çaňap ýatan sährany lälezarlyga öwrüp bilýär. Hana, Sibir begiň etek alty-ýeň ýedi bolup ylgaýşyna, bir serediň-ä! Süňňi ýok ýaly onuň! Ýadamak diýen zadam ýadyndan çykarana meňzeýär ol. Ähli işi özüm edäýsem diýýär. Rabadyň otaglary syrylyp-süpürilip, gül pürkülen ýaly edildi. Kejebäniň geçjek ýolunyň iki ýany güller bilen bezeldi. Nowşirwan Adylyň gelinligi gelende hananlylaryň ähli ilaty rabatda bolmaly, hyzmat etmeli. Olaryň göwünlerinden turmaga çalyşmaly. Bu sözler bir gezek aýdylsa-da ýeterlik welin, her gün üç-dört ýola aýdyldy. Aýşöhläniň akgyzlary Nowşirwan Adylyň gelniniň ýanynda bolmaly. Oňa nähili hyzmat etmeli. Haýsy sözi aýtsa bolýar, haýsy sözi asyl-ha aýtmaly däl. Sibir beg akgyzlara uzyn nutuk sözledi. Sibir Aýşöhläni ýanyna ýörite çagyrdy: — Kimiň üstümizden geçip gitjeginden habaryň bardyr, gyzym? — Habarym bar. — Onda, gyzym, şol kejebe geçip gidýänçä sen öýden çykma! Goý, seni hiç kim görmesin. — Wiý, baba, men Istemi hanyň gyzyny görmäýinmi? Onuň şu ýerden geçjekdigini eşidip garaşyp ýörün-ä men. Baba, Istemi hanyň gyzyny niçesar göresim gelýär, ölüp barýaryn. — Islegiňe böwet bas. Islegine ýok diýip bilmeýän adam maksadyna ýetip bilýän däldir, ol iň betbagt adamdyr. Adamyň ölçegi erkindedir. — Sibir beg gyzynyň pikirini üýtgetmegi üçin her bir sözüne agram berip, gara çyny bilen gürleýärdi. Özem sözüniň nähili täsir edýändigini bilmek üçin gyzyndan gözüni aýyrman gürleýärdi. — Erk bagtyň açarydyr. Özüňe, erkiňe buýrup, isläniňi etdirip bilseň, Gün hezretleri gowulygyny saňa seçelär, ömrüň bolçulykda geçer. Sen ýedi akgyzyň bäşisini rabada ugrat, goý, ikisi ýanyňda galsyn. Ata sözi gyza kanun. Ol ýöne bir ata hem däl, ol geçelgäniň hem kethudasy, hem begi. Onsoň, heý onuň aýdany-diýeni kanun bolmazmy?! Aýşöhle bäş sany akgyzyny Istemi hanyň gyzyna hyzmat etmek üçin iberdi. Kejebe garaňky düşüberende hananlylaryň hezreti Aýy garşylaýyş däbiniň öňinçäsi geldi. Onsoň ähli gelenler topar bolup Alawýere ýygnandylar. Adatça, ot uludan ýakyldy. Istemi hanyň gyzy hormatly bike bolup öňe saýlandy. Depler, dumbelekler düňňürdeşip, tebiller kakylyp, görkli Aýa tagzym edildi. Dileg dogasy okaldy. Her kim özüne ömür mertebe, rysgal diledi. Nowşirwan Adylyň adamlary oduň başyndaky hananlylara küýzejiklerde öz şeraplaryndan paýladylar. Küýzejikler elden ele geçdi. Indiki gezek hananlylaryňky! Hananly zenanlar hem küýze aýladylar. Hezreti Aý hormatyna däpler ýerine ýetirilenden soň, rakys başlandy. Halaý rakysy. Hananly zenanlaryň öz rakys oýnaýyşlary bar. Olaryň bu rakyslary goňşy-golam obalaryň rakyslaryndan has täsirli, has şowhunly. Noý rakysyny hananlylar bilen Nowşirwan Adylyň adamlary bilelikde oýnadylar. Alawhananyň öňündäki her bir hereketi Aýşöhle üçege çykyp synlap otyrdy. Onuň bar ünsi Istemi hanyň gyzyndady. — O gyzyň ady nämekä?! — O gyz owadanmyka?! — O gyz men hakda eşitdimikä? Aýşöhle bu sowallaryna jogap tapyp bilmeýändigine örtenýärdi. Ýanyndaky akgyzlar oňa jogap berip bilenoklar, olaram edil Aýşöhle ýaly hiç zat bilenoklar. — O gyzyň rakys edişi gowumy? — Nämesi gowy? Ol-a rakys edibem bilenok. — Bikämiziň rakys edişini görse-hä o gyz agzyny açyp galar. — Wiý, bu gyzyň diýýänini! O gyz bikämiziň özüni görse-de, aňk bolup özünden gider. — Bikämiziň ýanynda ol gara garantga. Hanyň gyzy bolaýýar, ýogsam ony Şajaram özüne çory edinmez. — Hanyň gyzy barada onuň ýaly mojuk söz aýtma, Çeçeknäz — diýip, Aýşöhle ýanynda duran çepiksije akgyza ýüzlendi. — Ol siz ýaly owadan däl-ä, bikäm — diýip, Çeçeknäz jedirdedi. — Çeçeknäz, ol ýerde Peleňem bar ýaly-la? — Bar, bikäm?! — Ol hanym bilen rakys oýnaýarmy? Ol hanyma köp seredýärmi? — Ýok-la, bikäm. Siz barkaňyz Peleň özge gyza seretmez. Seredenogam asyl. Ol Garadag bilen rakys edýär. — Göz astyndan-a synlaýandyr. — Göz astyndanam synlanok. Aýşöhle meýdanda ýanýan uly oduň ýagtysyna rakys edýänleriň galabasyny tanady. Ol Istemi hanyň gyzyny-da tanady, çünki onuň ýüz keşbi hem oraşan görünýärdi. Şa gyzynyň egnindäki senjap derisinden tikilen uzyn geýim, bilindäki zunnar guşak, başyndaky tyllasow çyzmyk oňa üýtgeşik bir gelşiklilik, owadanlyk berýärdi, ol bile rakys oýnaýan akgyzlaryndan, ähli gelin-gyzlardan tapawutlanýardy. Inçe billi, uzyn boýly, berdaşly han gyzy jykyr-jykyr gülüp, hezil edinip rakys oýnaýardy. Onuň göwnüniň hoşdugyny, bu ýeriniň juda göwnüne ýarandygyny Aýşöhle han gyzynyň jykyr-jykyr gülmesinden aňypdy. Rakys oýny adatdakylaryndan uzaga çekdi. Rakys oýny gutarandan soň hem adamlar dagamady. Çünki Istemi hanyň gyzy gitmäge howluganokdy. Onuň daşyny Aýşöhläniň akgyzlary gallap durlar. Hanym Aýşöhläniň akgyzlaryndan nämedir bir zady-ha soraýar. Akgyzlaram oňa biri-birine gezek bermän nämedir bir zady düşündirjek bolýarlar. «Meniň ýanyma gelmek islän bolaýmasyn?» diýip, Aýşöhle öz-özüne sowal berdi. Wah, akgyzlary dolanyp gelse, Aýşöhle olardan ähli bolan gürrüňleri jikme-jik sorap eşider. Gep-sözüň, gybatyň gadyr-gymmatyny zenanlar bilýär, diňe zenanlar bilýär. Aýşöhläniň welin hanym bilen baglanyşykly ähli zatlary, onuň aýdan ähli sözüni gylyny gyşartman ilik-düwme bilesi gelýär. Wah, howlugyp ýüregi agzyndan çykyp barýar onuň! Aýşöhle ýanyndaky akgyzlaryň birini — Aýsuluwy hanymyň ýanyna ugratdy. Goý, ol hanymyň ýanyndaky akgyzlaryň birini bärik ugratsyn, özi bolsa şol gaýdan akgyzyň ýerinde hyzmat etsin. Bolmady. Sibir beg Aýsuluwy hernäçe özelense-de hanymyň ýanyna goýbermedi. Hanym akgyzlar bilen rabada bakan ýuwaşja ýöräp ugrady. Meýdançada köz galdy. Köz — göz! Köz — Göktaňrynyň synasynyň bir ülşi. Göktaňry öz bendelerine älemi, biri-birini görsün diýip öz synasynyň bir ülşüni — közüni beripdir. Adamlar indi Göktaňrynyň synasynyň ülşüni — gözi göz diýip däl-de, köz diýip atlandyrýarlar. Aýşöhle Aý aýdyň gijede köze seredip oturmak isledi. Onuň aşak düşmelidigini telim ýola ýatlatdylar. Aýşöhle olara ýagşydan-ýamandan jogap bermedi. Näme jogap berjegini bilmedi ol. Hyýalynda rabada giden Istemi hanyň gyzy bilen duşuşdy. Onuň bilen hal-ahwal soraşdy. Oňa Peleň hakda gürrüň berdi. Haýran galaýmaly, ömründe ýeke sapar hem görmedik gyzyna Aýşöhle hyýalynda ýüregini ynanyp otyr. Näme üçin? Ol akgyzlara-da aýtmaýan käbir gürrüňlerini hanyma aýtmak isleýär. Aýşöhle öz-özüne haýran galdy: näme üçin hanyma şeýle pisindi oturdykan? Ol gyz bilen ýöne bir tanyş, jora däl, eýsem razdar bolmak isledi. Aýşöhle entek ömründe hiç kime şeýle içini dökesi gelmändi. Aýşöhle üçin hanym ýöne-möne gyz däldi. Hanym onuň kalbydy. Hanym onun ýüregidi. Hanym onun pynhan syrydy. Hanym asyl Aýşöhläniň ekiztaýydy. Hanym asyl Aýşöhläniň özüdi. Aýşöhle zöwwe ýerinden galdy: — Meniň şol gyzy göresim gelýär! — Aýşöhläniň sesi gije ümsümliginiň içinde ýaňlanyp gitdi. — Gije bir çene bardy, ýatyň indi — diýip, Päkine bibi akgyzlaryň ýanyna geldi. Aýşöhle aşak düşdi. — Ene, meniň şol gyzy şeýle bir göresim gelýär, ynanaý, juda göresim gelýär. — Babaň näme diýdi? — «Özüňe erk edip bilmeseň, başyňdan injek betbagtlyga Göktaňry hem kömek edip bilmez» diýdi. — Bir paýyzlyk duşuşyk diýip, ömrüňi weýran edäýjekmi? — Ol gowy gyz, ene. Ol meniň joram. Ynha, görersiň. Ol juda gowy gyz. — Sen ony nireden bilýärsiň? — Onuň gowy gyzdygyna akylym çatýar. Men oňa ynanýaryn. — Wah, gyzym, akylyňa ynanma, ýüregiňe ynan. Men bu kejebäniň biziň geçelgämiziň üstünden geçip gitjekdigini eşiden müddetimden bäri Göktaňrydan kejebäni hiç bir hokgasyz, bela-betersiz deňimizden çaltrak geçirmegini dileg edýärin. Göwnüme bolmasa, bir erbetlik ýakynlaşyp gelýän ýaly... — diýip, Päkine bibi meýdança bakan seretdi. Üç sany sudur görünýär. Olar göni gelýärler. Gelýänler Aýşöhläniň akgyzlary. Akgyzlar kürtdürişip durdular. Olaryň birisi bärligine gaýtdy. Onuň öňünden Sibir beg — megerem, ol aýaly bilen gyzynyň gürrüňini diňläp duran bolarly — çykdy. — Çeçeknäz, sen näme iş edýäň bu ýerde? Men size hanymyň ýanyndan aýrylmaň diýip tabşyrdym ahyryn. — Bizi hanymyň özi bikämiziň ýanyna ugratdy. — Näme üçin? — Biziň bikämize öz suwundan bir küýze suw ugratdy, mürähet edýär. — Men size bikäňiz hakda dil ýarmaň diýip aýtmadymmy? — Biz oňa hiç zat aýtmadyk, ýöne ol öňden bilýän eken. Gelenden bäri bar gürrüňi biziň bikämiz hakda. «Maňa şol perizady görkeziň» diýip zol özelenip dur. Häli oduň başynda hem köp aýtdy: Aýşöhläni görmän gitjek däl diýip. «O gyza Aýşöhle diýmäň, Humaý diýiň» diýýär. Sibir beg Istemi hanyň gyzynyň küýzesiniň gyzyna berilmegine garşy däl bolarly, akgyzlara hiç zat diýmän gelen tarapyna gitdi, tizdenem gözden ýitdi. — Çeçeknäz, getir küýzäni! — diýip, Aýşöhle howlukdy. Akgyzlar howlukmadylar. Aýşöhle ikinji gezek gygyrdy. — Getiriň küýzäni! Çeçeknäz küýzäni jorasyndan alyp Aýşöhlä bakan gaýtdy. Iki akgyz onuň yzy bilen edaly ýöräp ugrady. Aýşöhle Çeçeknäzden küýzäni aldy-da, bagryna basdy. — Gör, nähili gowulyk! Hakykatdanam, Istemi hanyň gyzynyň küýzesimi şu? — Hakyt hanymyň küýzesi. Özi elin ugratdy. — Men butnaman onuň her bir hereketini synladym oturdym. Ol meni özüne bendi etdi. Onuň bilen jora bolasym gelýär. — Onuňam siz bilen razdaş gatnaşasy gelýär. Oduň başynda rakys edende siziň seredýändigiňizi aňypdyr. — Nädip? Men görünmedim-ä? — Men yssy mährini duýdum diýýär ol. Ol bize: «Siz juda bagtly akgyzlar. Men siziň bikäňize akgyz bolup bilsem, özümi Göktaňrynyň sylaglan bendesi hasaplardym. Arman, Göktaňry başga ykbal beripdir maňa» diýýär. — Hakyt şeýle diýdimi? — Hakyt şeýle diýdi, bikäm. Aýşöhle uzyndan kiçeňräk, nagyşlary alagaraňkyda oňly saýgartmaýan gök reňkli küýzeden teşnelik bilen suw içmäge durdy. Bäş-on owurt suw içen Aýşöhle küýzede galan suwy depesinden guýdy: — Ne enaýy! Suwy hem edil özi ýaly mylaýym eken. Men hanymyň yssy mährini has ýakyndan duýýaryn. Ol hakyt şu ýerde ýaly. Hanymyň ýanyndan gelen akgyzlaryň biri birden yza çekildi. Soňam gaty-gaty ýöräp gelen tarapyna ugrady, iki akgyz hem onuň yzyndan ýüwürdi. Duranlar üç akgyzyň bolşuna ör-gökden geldiler. — Wiý, siz nirä barýarsyňyz? Saklanyň! Aýşöhläniň bu sözi bilen yzdan barýan iki akgyz säginse-de, öňden barýan akgyz säginmedi, gaýtam ädimini ýygjamlatdy. — Çeçeknäz, saklan! Men saňa diýýärin! Çeçeknäz gidip barşyna çala yzyna seredip şeýle diýdi: — Bikäm, men häzir ýanynda bolaýyn, ýogsam birden azaşaýmasyn. — Kim azaşaýmasyn? Aýşöhläniň bu sowaly jogapsyz galdy. Üç akgyz gözde eräp gitdi. — Olar näme üçin durmady? — diýip, Aýşöhle töweregindäkilere ýüzlendi. — Şolaryň eli küýzeli geleni hanymdy — diýip, Päkine bibi Aýşöhläni köşeşdirmäge çalyşdy. — Ene, o nähili hanym bolýar?! Olaryň egnindäki eşikler birmeňzeş-ä?! — Hanym adamlaryň ünsüni çekmezlik üçin seniň akgyzlaryň biriniň eşigini geýip gelipdir. Gör, senem tanamadyň ony... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |