11:12 Göktürkmen söýgüsi -15/ romanyñ dowamy | |
ÜÇÜNJI BOÝ
Taryhy proza
BEDEN — OK, GÖWÜN — ÝAÝ Peleň öňki öýüne — häzirki döwürde Sibir begiň maşgalasy bilen ýaşaýan öýüne meňzeş edip täze öý gurdy. Öýüň öňünden giň ýozka-sagana saldy, enesiniň hem Kubanyň ystyhanlaryny şol sagananyň içinde ýerleşdirdi. Ol her gün daňdan turup mähriban enesiniň ruhuna tagzym edýärdi. Ana, şondan soň adamlar bilen goşulyşyp güzere — hezreti Enehudaýa, hezreti Güne salam bermäge gidýärdi. Peleň her agşam sagananyň üstünde suwly küýze goýýardy. Ertir irden şol küýzeden suw içýärdi. Şonda ol mähriban enesi bilen habarlaşýardy: kalbyna giňlik aralaşýardy, enesiniň mährini duýýardy. Öňler käte bir daşary çykýan Babyr beg aýaly ýogalaly bäri ymykly öýe baglandy. Sibir begiň tapugçysy gelip, ýürekselik edinmelidigini ýatlatmasa, ol bir zat iýmelidirem öýdenokdy. Ysgynsyzdy. Bir otursa, ýerinden turasy gelenokdy. Günüň dowamynda diňe bir gezek naharlanýardy. Bolmasa şo-da ýokdy. Goňşy-golamlaryň hem işi özlerine ýetikdi. Olar aladaňdan derýa gidip, garaňky gatlyşansoňam bärki kenara geçýärdiler, şonuň bilen bir günüň işi gutarýardy. Uzynly gün derýada işlän adamlar lüti çykyp ýadaýardy. Babyr bege idi-yssuwat etmäge o diýen ragbatlaram bolmaýardy. Hazzar ölmez-ödülik iýip, ýatmak bilen bolýardylar. Ýatylmazyndan öňinçä kimdir biri Babyr bege dadymlyk iýdirse-hä iýdireni, ýogsam ol käteler ertesi agşama çenli hem hiç zat iýip-içmän ýatmaly bolýardy. Ine, indi Babyr begiň öýde aýakýolundan başga ýere çykman ýatanyna on gün boldy. On günden öň Peleň onuň aladasyny ederdi: iýdirerdi, içirerdi, aýak ýoluna äkiderdi. Soňky günler bu zatlar edilmänsoň, ol Peleňi käteler öýe gelenlerden sorap ugrady. Ýöne öýe gelýänlerem Peleňiň nirededigini anyk aýdyp bilenokdylar. Şonuň üçin olaryň jogaplary-da gümmi-sümmüräk bolýardy. Peleňiň bar alada-endişesi babasydy. Ol babasynyň akyl hassalygyndan açylmagy üçin aladalanýardy. Babasyny nädip bejerip boljakdygyny bilýärdi, babasynyň sagaljakdygyna-da, Hanana ýene beg boljakdygyna-da ynanýardy. Peleň birmahalky parahat hem mertebeli durmuşyň ýola düşmegine gününi sanap garaşýardy. Şajar ýomçy Peleňe dörtlügiň — Günüň, Aýyň, Suwuň, Ýeriň güýjünden peýdalanmagy, tenekar almagy, şol tenekar bilenem ähli dertleri dep edip bolýandygyny, munuň üçin näme işleri etmelidigini birin-birin düşündiripdi: näsag kişi her gün belli bir ýerde el-ýüzüňi ýuwmaly. Asyl suwa düşende-de, şol ýerde düşmeli, şol ýerde ýuwunmaly. Bahar pasly gelende näsag kişi tohumlyk noýbany her gün biraz wagt agzynda saklamaly. Agşamlaryna bolsa Aýyň ýagtysynda şol tohumlyk noýbany aýasynda saklamaly. Näsag kişi tohumlyk noýbany agzynda, aýasynda on gün saklanyndan soň, şol tohumlyk noýbany bir hepde suwly jamda saklamaly. Şol bir hepdäniň dowamynda her gün bir gezek näsag tohumlyk noýbany ýene agzynda hem aýasynda saklamaga, jama elini aram-aram sokup durmaga ýüksünmeli däl. Ana, şondan soň tohumlyk noýbany näsagyň mydama el-ýüzüni ýuwan ýerine ekmeli. Näsag noýba ekjek hem eken ýerinde mydama aýakýalaňaç ýöremeli. Ana, şondan soň ösüp, hasyla duranda noýbany iýen adamda dert galmaýar. Şeýle edilende Ýer, Suw, Aý, Gün birleşip, seniň näme derdiň bar bolsa, şol derdiň tenekaryny eken hasylyňa salyp berýär. Içinden gan gelýän sagalýar, bagry agyryly agyrysyndan gutulýar. Garasaý, näme derdiň bolsa bolaýsyn, dörtlük bileleşip tebipçilik edende-tenekar ýasanda ähli kişini haýrana goýýar. Peleň hem babasyny noýba ekjek ýerinde her gün aýakýalaňaç gezdirýärdi. Her gün şol ýerde el-ýüzüni ýuwmagy üçin suw getirip berýärdi. Tohumlyk noýbany Babyr beg oglunyň islegi bilen her gün agzynda hem aýasynda saklaýardy. Şol günleriň birinde Gaýmart beg gelip, göwünleriňiz açylsyn diýip Babyr beg bilen Peleňi obasyna äkitdi. Olar on günläp aw awladylar, sährada gezdiler, aýdym aýtdylar, rakys oýnadylar. On gije-gündizläp Gaýmart begiň zyýapatynda boldular. Hanana ugraljak bolanda Gaýmart beg böriniň ýoldaş bolmagyny — rowaçlygy dileg etdi. Şeýle hem ol Peleňden bir maslahat soramak isleýändigini ýaňzytdy. Peleň bu gürrüňiň boljakdygyny bilýärdi. Ol awa gidilende-de, on günläp awda bolnanda-da, awdan gelnenden soňky dört günüň içinde-de bu hakda gürrüň edilerine garaşypdy. Elbet, bu hakda Peleňiň özi ilki bolup söz açmalydy, ýöne ol muňa gaýrat tapyp bilmändi. Ol bu ýerde bolan her gününde Dolanaý bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan hem gaça durupdy. Ol başyny aşak salyp oturan-da bolsa, bar ünsi Dolanaýdady. Dolanaý özüni gaty erkin alyp barýardy. Onuň üçin ylla Peleň ýok ýalydy. Ol Peleňe ýeke gezegem seretmändi, gürleşjegem bolmandy. — Merwli bezirgen dostum bar. Adyna Kadyr Müktefi diýýärler, örän baý, örän pähimli kişi. Onuň on bäş sany ogly bar. Ol Nugman diýen üçünji ogly üçin gyzymyz Dolanaýa hyrydar çykýar. Nugman babasy ýaly bezirgenlik edýän eken. Eýýäm uly emlägiň eýesi bolupdyr. Esasan, taňsyk söwdasyny edýär. Pereňistanda onuň taňsyklaryna uly baha kesilýärmiş. Merwde üç ýerde dükany bar eken. Öň Dolanaý baradaky pikirimiz başgaçarakdy. Ýöne, özüň bilýärsiň, ähli etjek diýen zatlaryňy edip bolanok. Döwürler, ýagdaýlar üýtgeýär. Sibir begiň gyzyna öýlenjegiňe biz begenýäris. Gök böri rowaçlygyňa, bagtyňa ýol açsyn! Göktaňry nygmat, uzak ömür eçilsin! Rowaçlyk dileg edýäris. Nesip bolsa, toýuňa bararys. Ýöne seniň Dolanaýa rowaçlyk dilemegiňi isleýäris. — Baba, Peleňi utandyrma ahyryn! — diýip, Dolanaý gürrüňe goşuldy. — Ol özüni gaty oňaýsyz hem müýnli duýýar. Goý, ol özüni müýnli duýmasyn. Gelen gününden bäri meniň ýüzüme göni seredip bilmän ýör. Sen müýnürgeme, Peleň. Men saňa düşünýärin. Men Aýşöhläni gördüm. Ol menden kän esse owadan. Seniň gowudan gowyny saýlamagyň düşnükli. Beden — ok, göwün — ýaý. Eger ol menden owadan bolmadyk bolsa, senem ony hatyn edinmek isleseň, ana, şonda men senden öýke saklasam saklardym. Häzir welin, senden öýke saklamaýaryn. Saňa rowaçlyk dileýärin. Gök böri ýoluňa dowam bersin! Peleň gürlemedi. Näme diýsin? Ol näme diýjegini bilmedi, asyl. * * * Saňa dynç aldyrmak, lezzet bermek üçin birnäçe adam hyzmat edýär. Näme diýseň, näme iýseň bar. Ýöne adam hyzmatdanam ýadaýar, iýmekdenem ýadajak eken. Gaýmart begiň kemsiz hyzmatlaryndan soň ýadaw bolmaly däl ýaly, ýöne Peleň hyzmatlardan, iýip-içmekden, awdan lüti çykyp ýadapdy. Gaýmart begiň berip goýberen serpaý-peşgeşlerem o diýen ünsüni çekip bilmändi. Ol getiren zatlaryny ýygnaşdyryp, derrew ýatmak bilen boldy. Eger azar bermeseler, birki günläp turman ýatmakçydy. Akmeýdandan gelenlerinden bäri üç aý geçdi. Gaýmart beg gyzyny Nugman atly merwli bezirgene durmuşa çykarmaga razylyk berdi. Wahşunwar beg üç aýyň içinde iki gezek Peleňiň ýanyna geldi, her gelende hem sala salýan ýaly, toý hakda ýaňzydypdy. Megerem, bu olaryň Peleňden Dolanaýy durmuşa çykarmak üçin rugsat aldyklary bolmaly. Peleň gulamçylyga gitmekçi bolanda Dolanaýa garaşmagy tabşyryp gidipdi ahyryn. Dolanaý üç ýyl garaşdy. Peleňiň gulamçylykdan Hanana geleninden bärem bir ýyldan gowrak wagt geçdi. Ol Aýşöhlä duşup, Dolanaýa öýlenmek pikirini goýbolsun etdi. Onuň maksady Aýşöhlä öýlenmek. Bu pikiri üçin Peleňden Gaýmart begem, Wahşunwar begem, Dolanaýam öýke-kine etmediler, gaýtam onuň bilen dogan gatnaşygyny saklaýarlar. Peleň babasyny öýde öýdençer bilen galdyryp, derýanyň dergähine ugrady. Ol her gün sabada güzere gelip, hezreti Enehudaýa, hezreti suwa, hezreti derýaga tagzym edýärdi, salam berýärdi. Ähli hananlylar bilen jemlenişip özüne, hananlylara rowaçlyk, mertebe bermegini dilärdi. Şeýle bolansoň, Peleňiň öýlän derýanyň güzerine gelmeginiň hajatam ýok ýalydy, ýöne ol bu gün güzere henize-şu güne çenli pisint etmän, her günki Göktaňra dileg salanda aýtman ýören zatlaryny aýtmak, dilegini aýdyň etmek, maksadyna gowuşmak üçin bardy. Bu mahal derýanyň güzerinde hiç kim ýokdy. Gyşyň ýakynlaşýandygy duýulýardy: sarsar şemal töwerekde agalyk sürýärdi. Kenardaky tokaýlyk sowukdan ýaňa gagşaýan ýalydy. Sarsar şemal Peleňiň lowlap ýanyp duran ýüreginiň oduny hem söndüräýjek ýalydy, ýöne Peleň howanyň sörtükligine, çakyr şemala pisint edenokdy. Onuň bar ünsi gözýetimde ýaýylyp ýatan derýadady. Peleň birmeýdan derýanyň akymyna seredip durdy. Soňam dyza çöküp, ellerini serip, sesini sandyradyp, mynajat eýledi: — Eý, hezreti Enehudaý! Eý, hezreti suw! Eý, hezreti derýa! Ýadyňdamy, men seniň ýanyňa bir gyz bilen gelipdim. Ol gyzyň ady Dolanaý. Ol akmeýdanly Gaýmart begiň gyzy. Ol Wahşunwaryň uýasy. Men ol gyzy hatyn edinmekçidim, ýöne sen maňa Dolanaýdan hem owadan gyzy peşgeş eýlediň. Ol gyzyň ady Aýşöhle. Aýşöhle Sibir begiň gyzy. Sibir beg häzir Hananyň begi. Babam Sibir bege öz begligini peşgeş beripdir. Bu gün Sibir beg maňa gyzyny bermek isleýär. Onuň mirasdüşeri ýok. Aşin atly mirasdüşerini sen alypsyň. Göktaňry Sibir begi meniň bagtym üçin Hanana getiripdir. Aýşöhle meniň üçin Hanana gelipdir. Eý, derýa, eý, suw! Meniň mertebe gapymy açyp ber. Men Aýşöhläni hatyn edinmek isleýärin. Meni bagtyýar eýle. Men öz täleýimiň çözgüdini senden tapmak isleýärin. Eger ýalňyşýan bolsam, meni ýalňyşmakdan sakla. Babamy halas eýle. Goý, ol rahat ýaşasyn. Meniň bu dünýädäki ýeke-täk islegim ýalňyşmazlyk. Asmandaky öz ýyldyzymyň ýoly bilen ýöremek. Derýa Peleňiň sözüne baş atýan deýin çaýkandy. Ol kenarda uzak durdy. Dilegini, mynajatyny öwran-öwran gaýtalady. * * * Hanan toýa taýýarlyk görýärdi. Alawhananyň günortasyndan gurlan öý taýýardy. Oňa Aýşöhle-de baryp görüpdi. Özem bir gezek däl, birnäçe gezek. Ol bu öýde Peleň bilen ýaşajak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Peleň her gün Aýşöhle bilen sährada argamakly gezelenç edýärdi. Häzir hem ol Aýşöhle bilen sähra çykmalydy. Ylla şu pursada garaşyp duran dek, birki sany kişi argamaklaryny dabyrdadyp geldi. Olar içerik kürsäp girdiler. — Häzir ýanyňa Döwbasan begiň sahyby gelýär! Öňünden çyk! Garşyla! Peleň üç sany dyzmaç çawuşa näme diýjegini bilmedi. Gaharlansa, çawuşlara erbet boljagyny aňansoň, ol gaharyny basmaga çalyşdy. — Hany, häziriň özünde daşary çykyň. Ol-a Döwbasan eken, edil şu mahal Jynbasan geläýende-de, garşy almak niýetim ýok meniň. Onsoňam, meniň üstüme dazarylmaň. Çykyň basymrak! Peleň hakda öňem azda-kände habarlary bar bolsa gerek, olaryň birden ýeli pyssardy. — Dogan, gaharlanma. Dogan, hiç gaharlanma. Biz saňa gaharlanar ýaly hiç zat diýmedig-ä. Sen göktürkmen ahyryn! Göktürkmen myhmanyny öňünden çykyp, duz-çörekli garşylaýar ahyryn! Häzir Döwbasanyň iň ýakyn, janyny ynanýan sahyby gelýär. Onuň öňünde gyşaryp ýatsaň, gelşiksiz bolar. Sahyp gelýänçä özüňi biraz tertibe sal. Sahyp sizde biraz gümür-ýamyr edip oturmak isleýär. Ine, biz haly-düşekçe getirdik. Şony derrew içeri ýazaly. — Maňa hiç zat gerek däl. — Sen bize düşünmediň. Döwbasan ol halylary saňa sowgatlyk iberdi. «Peleňiň öýüni halydan dolduryň» diýdi. — Sahybymyz bize: «Men barýançam, saçak ýazyp, üstüni nazy-nygmatdan dolduryp goýuň» diýdi — diýip, murtlary ýarym gulaç, ikinji berdaşly çawuş çalt-çalt gürläp ugrady. — Maňa hiç zat gerek däl. — Hanlar, begler sowgat berende gerek däl diýilmeýär. Döwbasan beg şu gün ömründe eçilmedik zatlaryny eçilýär. Tylla çaýylan Hytaý çäýnek-käselerini görseň, aňkarylar galarsyň. Ol bir giden tylla çaýylan çäýnek-käse, okara, çemçe, engam berýär. — Sowgat berilýän zatlary sanap durmaly-how. Ýogsam sahyp gelýänçä saçak taýýarlap ýetişmeris. Çawuşlar içerä Döwbasanyň eçilen halylaryny düşediler. Ol halylardan soň öýüň içi, dogrudanam, gelin gelen dek üýtgeşik bir gözel keşbe giräýdi. — Ine, indi munuň içine bir owadan gelin gerek — diýip, çawuşlaryň biri ýylgyrdy. — Eý, Peleň, sen nä arkaýyn dursuň? Häzir öýüňe sahyp gelýär-ow. — Gelse nädeýin?! — Durma-da daşary çyk, garşyla! Peleň daşary çykdy. Daşardan at arabasynyň jygyldysy eşidildi. Arabasyny gawun-garpyzdan dolduran Şajar Alawýere ýetip gelýärdi. Ol gelşine gygyrdy: — Peleň, ah-ow, Peleň. Sen öýdemesiň-how? Olar gadyrly hal-ahwal soraşdylar. — Adam durmuşda üç zatdan ugur alyp ýaşamalydyr — diýip, Şajar şaman näme üçindir dymdy. — Nämedir ol üç zat? — Her kim durmuşda üç zatdan — hakyky zatdan, halal zatdan, peýdaly zatdan ugur alyp ýaşamalydyr. Çawuşlar Şajaryň üstüne süründiler: — Sesiňi çykarma-da, tizräk güm bol şu ýerden. Ýomlaryňy başga ýere baryp aýt! — Be, be. — Geň galmaňy arkaýynçylyk bir güne goý. Çaltrak gümüňi çek şu ýerden. Çawuşlaryň haýbaty Şajaryň piňine-de däl. — Ah-ow, Peleň, sen haçandan bäri öýüňde çawuş saklap ugradyň? Bu ýalýagylaryňa aýt, meniň üstüme düwläp durmasynlar. Çawuşlaryň biri Şajar ýomçynyň howlukmajagyny bilip, onuň atyny gamçylap urmaga başlady. — Ata degme. Ata degeniňden maňa deg. Maňa sen diý, ýöne atyma siz diý. Çawuşlar howlukmaga derek goh edip duran ýomudyň depesinden birki gezek gamçy inderdiler. Ömründe urlup görmedik, urlanam bolsa ýadyndan çykaran ýa urga çydamadyk Şajar bir paýyz gamçynyň awusyna diň salyp oýkanjyrap durdy. Soňam oňa birden gop berlen ýaly boldy. Ol arabasyndan böküp düşdi-de, garşysyndaky üç çawuşy üç-dört gezek ýumruk salganda tükgertdi. — Eý, ýomçy, bu näme etdigiňiz boldy? Bular Döwbasanyň çawuşlary ahyryn. Häzir bu ýere Döwbasanyň sahyby gelmeli. Bular onuň öňünden gelipdirler. — Şeý diýip öňünden aýdaýmaly ekeniň-dä. — Indi nätsekkäk? — Giň bol, Peleň, giň bol. Göktaňry ähli zady niýet-päliňe görä amal eder. Peleň Şajar ýomudyň bu sözlerini serinde aýlap esli salym durdy. — Niýet-pälime görämi? — Elbet, niýet-päliňe görä. Göktaňry her kişini dünýä inderende oňa gylyk-häsiýet berýär. Ana, şol gylyk-häsiýetiň içinde-de her kimsäniň, täleýi, ýazgydy ýerleşen. — Adamyň täleýi maňlaýyna ýazylan dälmidir, ýomudym?! — Her kimsäniň gylyk-häsiýeti onuň ykbalyny hasyl eýleýändir, Peleň. «Niýeti-päliň ýoldaşyň bolsun!» diýen pähim hut şunuň üçindir. Beden — okdur, göwün — ýaýdyr. Göwün — niýetiň, päliň hökümdarydyr. Men adamlary iki topara bölýärin. Birinji topar adamlar has adamlar, bular göwünleriniň däl, pähim-paýhasynyň islegine gulluk edýärler. Ikinji topar adamlar aam adamlar. Olar diňe göwünleriniň göwünlerini görmek üçin ýaşaýarlar. Beýle adamlar köp. Ýöne biraz az-da bolsa, men has adamlary hatyralaýaryn! Olara elimden gelen ýagşylyklarymy etmek isleýärin. Men seniň durmuşda ýalňyşmagyňy islemeýärin... — Agyr pursatlarda siz meniň göz öňümde peýda bolup, giň bolmagy ündeýärsiňiz. — Men bilýärin, Peleň! — Meniň tyllalarymyň ogurlanandygyny-da bilýärsiňizmi?! Şajar çawuşlary süýräp içeri saldy. Oňa Peleň ýardam berdi. — Bilýärin. Baryny bilýärin. — Bu hakda arkaýynçylykda men siziň bilen gürrüň etmek isleýärin, häzir däl. — Meniň-ä, inim, saňa birazajyk hödür-kerem etmek niýetim bardy. Özüňden-ä baryp iýen ýok. — Barmak niýetim-ä bardy... — Süýjidillilik bilen jomartlyk, sowatlylyk bilen alçaklyk, edermenlik bilen merhemetlilik, gurplulyk bilen gadyr bilmeklik — bu dört jübüt aňsat-aňsat bir adamda jem bolmaýar, ýöne şol dört jübüdi Göktaňry saňa beripdir. Şu dört jübüt häsiýetli adamlar — Göktaňrynyň ýalkan adamlary bolmaly. Göktaňrynyň ýagşy görenini menem ýagşy görýärin. Şonuň üçinem bişen gawun-garpyzlarymdan saýlap saňa getirdim... — Bu keremiňize depäm gök diredi. — Peleň, men seniň bilen şu gün arkaýyn gürrüň etmekçidim. Arman, gijä galypdyryn... — O näme üçin gijä galdyňyz. Ömür uzak, entek uzak-uzak gürrüňler ederis, ýomudym. — Indi biz gürleşip bilmezmikäk öýdüp gorkýaryn. Ýöne meniň saňa möhüm aýtjak sözüm bar. Men seniň öňüňde günäsi hiç mahal ötülmejek hata iş etdim. Men özüme ikilik etdim. Men Göktaňra ikilik etdim. Men Enehudaýa, Aý hezretlerine ikilik etdim. Men ýomut, şaman, porhan kesbime ikilik etdim. Men saňa hyýanat etdim. Men saňa, seniň nesebiňe, maňa ýagşylyk eden Babyr bege ýowuz ýamanlyk, ikilik etdim... At aýaklarynyň dükürdisinden ýaňa ýomudyň soňky sözleri eşidilmedi. Wah, görgüliniň aýtjak sözleri kändi onuň. Aýtjak sözlerini ýaňy başlapdy. Ýöne bolmajak bolsa, bolmaz eken asyl. Bolmady. Sahyp geldi. Sahyp ýeke däldi, ýanynda Supan taýlagyň ogly Matym bardy. Ol biçak şadyýandy. — Beglerbegi Peleň beg, köşgüňdemisiň-how — diýip, Matym ak argamagyň üstünde gaýşarylyp oturyşyna sesine bat berdi: — Üýtgeşik köşk gurupsyň. Beýle köşk Hysrow Nowşirwanda-da, Istemi handa-da ýokdur. Indi bu köşkde diňe ýaşaýmak galypdyr. Tüweleme. Toý edýärmişiň diýip eşitdik. Entek men-ä çagyraňok. Belki, ertir çagyrarsyň?! Ä? He-he-he. — Matymyň gülküsi ýasama bolansoň, has çakyr çykdy. — Ertir çagyrarmyň onsoň?! Ä? Uzak-uzak ýerlerden-ä myhman çagyrypsyň. Ine, Döwbasan begiň sahyby gelipdir. Özem ymgyr köp halat-hedýe getiripdir. Baý-ba, Döwbasan beg-ä seni biçak arzylapdyr. Döwbasan begiň sahyby seniň köşgüň nirede ýerleşýändigini bilmeýän eken. Biz-ä seniň täze köşgüňi dünýäniň ähli adamy bilýändir öýdüp ýördük. Görsek, bilmeýänem bar eken. Seni şeýle hatyralan, saňa şeýle köp hedýe iberen kişini şeýle bir göresim gelýär. Wah, ol men ýokkam geçelgä gelipdir. Ol geçelgä gelende men derýadadym, nesip bolsa, menem ony toýuma çagyrjak. Belki, ol maňa-da eçiler. Matymyň bu günki bolşy geňdi. Juda geňdi. Ol hiç mahal häzirkisi ýaly bihaýalyk etmändi. Onuň bu bihaýalygynyň aňyrsynda nämedir bir zadyň bardygyny Peleň-de, Şajar-da aňdy. Sahyp Matymyň uzak gürlemegini halamady. Başda onuň sözüni soňlaryna garaşdy, ýöne sabyr käsesi dolandyr-da, ol gaşlaryny çytyp, Matyma ýüzlendi: — Eý, goçgar, ýumşumy bitirdiň. Peleňiň öýüni, özüni görkezdiň. Indi sen gaýdyber. Matym baş atdy: — Sahyp, ine, şu goçgar bege Peleň diýýärler. Bumyn hanyň goşunyna gulamlyga gitjek bolanda Akmeýdan, çekir obalarynyň kethudalary ýygnanyşyp, jahyl çykan goçgarlara at dakdylar. Ana, şonda Hananyň şol wagtky begi Babyr beg bolansoň onuň ogluna Peleň diýip at beren boldular. Beýle ady diňe begleriň hem barjamly adamlaryň ogullary alýar. — Ady göz görkezip almaly — diýip, Şajar ýomut nägileligini ýaňzytdy. — Hä, bu ýigide berlen at adalatly diýjek bolýarsyňyzmy? Näme üçin Peleňi goraýandygyňyzyň sebäbini bilýärin men. Onuň sebäbi bu ýigide Peleň diýip at alyp beren siz. Sebäbi siz şonda kethudalar geňeşiniň agzasydyňyz. — Eý, goçgar, sen köp gepleýärsiň. Ertirki günüň hakda-da oýlan. Meniň eşidişime görä, Peleň toýdan soň Hananyň begi bolýar. Peleň geçelgäniň begi bolansoň, bu sözleriň, bu gödekligiň üçin saňa temmi berer. Sen temmi berilmeginden gorkaňokmy? — Eý, merhemetli sahyp, hakykaty aýtmagy gowy görýärin. Ýüregimdäkini öldüriljegem bolsam aýtjak! Çünki meniň häsiýetim şeýle! Soňundan, goý, meni Peleň beglerbegi öldürsin, eger öldürip bilýän bolsa! Ýöne ýüregimdäkini aýdandygym üçin armanym-a galmaz. — Be, Supan taýlakdan ogurlanan akjalar juwanmerde öwrüläýipdir-ow — diýip, Şajar ýomut kinaýaly gürledi. — Eý, mertebeli ýomut, sen näme diýjek bolýarsyň? Supan taýlagyň ogurlanan akjalaryny menden görjek bolýarsyňmy? — Sen aldyňmy? Şajaryň bu göni sowaly Matymyň badyny aldy. Ol näme diýjegini bilmän töweregine garanjaklady. — Eý, ýelemýüwlet, sen nä samahullap dursuň?! Senden näme talap edildi? Saňa: «Peleňi görkez!» diýildi. Görkezdiň, gutardy. Indi ýok bol şu ýerden! Gaharymy getirme meniň. Eger häzir ýekeje agyz gürleseň, gök börüden ant içýärin, men seni kerçem-kerçem ederin. Gepleme! Ugra! Matym gitdi. Onuň käbir boluşlary diňe bir Supana ýa Syraja däl, geçelgäniň köp adamyna-da düşnüksizdi. Onuň esasy düşnüksizligi — Döwbasan begiň sahyby bilen ysnyşmagydy. Peleňiň Aýşöhläni hatyn edip almagyna iki gün galanda geçelgä Döwbasanyň sahyby geldi. Ol gelibem Matym bilen dostlaşdy. Özem olar şeýle bir köp gürleşdiler welin, keseden seredenler ýadady gitdi. Sahyp bilen Matymyň nädip tanşandygyny, olaryň teý gutarmaýan gürrüňleriniň näme hakyndadygyny geçelgede hiç kim bilmeýärdi. Ýöne sahyp iki gije Supan taýlagyň myhmany, has dogrusy, Matymyň myhmany boldy. Onuň myhman bolmagyny Supan-da, Syraç-da halamady, ýöne hyrçyny dişlediler, dymdylar. Öň görmedigem bolsa, sahyp Peleň bilen köne meslekdeşi ýaly gürleşdi: — Peleň beg, senden nägileligim uludyr: biziň begimiziň ýanyna, biziň ýanymyza salama baraýmaly ahyryn! — diýip, sahyp ýylgyrjaklady. — Bä, biziň Peleňimizden närazy adam hem bar eken-ow. — Ýomut gürrüňe goşuldy. Sahyp Şajaryň ýüzüne çiňerildi: — Sen kim bolarsyň? — Şajar beg — diýip, Peleň howlukmaç gürledi. — Şajar beg geçelgämizde hormatlanýan adam. Geçelgäniň ýomudy, şamany. Il-gün üçin diýip, sogap gazanjak diýip bir giden meýdana gawun-garpyz ekipdir. Indem ýetişdiren gawun-garpyzlaryndan dadyryp ýör. — Onuň ýaly bolsa, bizem dadyp göreli. — Käşgä siz iýseňiz — diýip, Şajar ýomut ullakan gawun göterip getirdi. — Özem men bu ýyl wirek1 gawun ekdim. Bal ýalakdyr. Iýseňiz bilersiňiz. Sahyp gawun iýmäge döwtalap bolanam bolsa, onuň gawun iýip mazasy bolmady. Birki kesim gawun iýip, sahyp töweregine garanjaklady. — Peleň, men howlukmaç. Seniň bilen birki agyz gürrüňim bar. Şajar haýdan-haý turmak, gaýtmak bilen boldy. — Döwbasanyň peşgeşlerini nähili gördüň? — Dünýäniň baýlygyny ugradaýypsyňyz-a, onça zat bermäň maňa! — Bu entek Döwbasan begiň saňa eçiljek zatlarynyň müňden birisi. Sen Döwbasany tanaňok, ol gaty tarhan, gaty üýtgeşik adam. Onuň nazaryna düşmek tapylgysyz bagt ahyryn. Ol maňa: «Hanan obasynda Peleň atly mähriban ýigit barmyş, sen git-de, oňa meniň razdarlygymy duýdur. Meniň gadyr goýýandygymy duýdur. Goý, ol hossarsyz ýaly bolup ýaşamasyn» diýdi. Ine, dogan, Döwbasan ýalkanda şeýdip ýalkap goýberýär. Eşider bolsaň, Döwbasan ogly Arslan üçin begiňkä sawçylyga geldi. Sibir begem: «Men Aýşöhläni seniň ogluň Arslana berip biljek däl. Men gyzymy Babyr begiň ogly Peleňe berjek. Men oňa söz berdim» diýipdir. Döwbasan: «Onuň ýaly bolsa, men gijä galypdyryn. Zyýany ýok. Gyz Peleňiň nesibesidir. Göktaňrynyň isläni bolar» diýip gidipdir. Ine, Döwbasan şeýle adam. Ol seniň bagtly bolmagyňy isleýär. Toýuň gowy geçmegini isleýär. Näme kem zadyň bolsa, nämeden nägile bolsaň, çekinmän aýt, men Döwbasana ýetirerin. Bu günki iberen sowgatlaram az-küş däldir, görseň?! — Bu ýagşylygyňyzy men ýerine salyp bilmerin. — Ýerine salyp bilersiň. Seniň başarmajak zadyňy beg senden hiç wagt talap etmez, arkaýyn bolaý. Ol senden diňe başarjak zadyňy talap eder. Meniň sözümi Döwbasanyň sözi hökmünde kabul et. — Menden bitýän iş, heňe gelýän bolsa, bitirjek bolaryn. Aýdyberiň. — Howlukma. Ikimiziň gürrüňimizi hiç kim bilmeli däldir. Eşitmelem däldir. Eger meniň saňa aýtjak sözlerimi başga biri eşitse, onda sen soň menden eýgilige garaşma. — Eger ynanmaýan bolsaňyz, onda ony maňa aýtmaň. Maňa özgäniň saklamasy kyn syry derkar däl. — Saňa hemme zady öňünden duýdurmak meniň borjum. Soňky gün bilmändirin, bilen bolsam, hiç kimiň ýanynda gürlemezdim diýen gürrüň bolmasyn. Şu töwerekde del adam barmy?! — Ýok. — Içerde hyşy-wyşy bar ýaly-la? — Olar siziň çawuşlaryňyz. — Olar seniň içeriňde näme iş edýärler? — Dynç alýan bolaýmasalar. Uklap ýatyrlar öýdýärin. Sahyp gazap bilen ýerinden turdy. Häliden bäri gitmän güýmeň-süýmeň edip, Peleň bilen sahybyň gürrüňine doňuz diňini salyp duran Şajar çüw-çüwläp atyny baý howlukmak howlukdyrdy. Uzakdan kejebäniň düwmeleriniň sesi eşidildi. Bu kejebe Dolanaýy Merwe sary alyp barýan kejebe kerweni bolmaly. Peleň atylyp ýola çykdy. Dolanaý gidip barýar! Hoş gal, Dolanaý!.. Hoş gal!.. Peleň Dolanaýyň: «Beden — ok, göwün — ýaý» diýen sözlerini ýatlady. Beden — ok! Göwün — ýaý! Peleňiň «ýaýy», gör, nirelere telwas eýleýär, ýöne ol atylanok. Ýok, ol atylyp bilenok. Ýaý nirä atylsa, ok şol ýere gönükmeli dälmidir? Ýaý atylmaýan bolsa bir sebäbi bardyr! Elbet, bar! Onda-da düýpli sebäbi bar. Arada Hytaý diwary2 bar. Onuň öňünde täze dünýä, täze ýaşaýyş açyldy! Ýaý oky täze ýaşaýşa sary atmak isleýär. Bu ýaşaýyş başky ýaşaýyşdan kän-kän gözel hem anjaýyn! Gowudan-gowusy barkan, näme üçin ortamyýany bilen mydar edinjek?! Ýöne bu namartaýlyk dälmidir? Bu lebziňi ýuwutmak dälmidir?! Eh, Peleň, Peleň! — Rast, özüňe erk edip bileňokmy, ur şemşeri döşüňden!.. — diýip, Peleň hüňürdendi. — Haý, haý, Peleň! Dur, saňa näme boldy? — diýip, Döwbasan begiň sahyby Peleňiň alkymyna dykylyp geldi. Peleň sahybyň garaşmadyk sowalyny berdi: — Şemşeriň barmy? — Bar, ýeri, näme? — Meni öldürsene! Sahyp töweregine garanjaklady. Peleň degişýän bolaýmasyn diýen pikir bilen Peleňe tiňkesini dikdi. Ýöne hiç hili many alyp bilmedi: — Näme boldy? — Meni öldürip bilermiň? — Peleň gara çyny bilen sorady. Sahyp muňa düşündi, ol hem gara çyny bilen jogap berdi: — Mende ikinji ýol ýok... — Örän gowy, ýöne men Aýşöhläni iň soňky gezek görüp gaýdaýyn. Soň bolsa, sen meni öldür. Ähli zatlarym, goý, seniňki bolsun. Men Aýşöhläniň ýanyna derrew baryp gaýdaýyn. — Ýok, ýok, onuň ýanyna gitme. Hatynlar erkek kişileriň pikirini derrew üýtgedýärler... — Hatynlar meniň pikirimi üýtgedip bilmezler! Men mertdirin. Men är ýigitdirin! DÖRDÜNJI BOÝ ŞAJAR ÝOMÇY 1. Gawun-garpyzy ilki eken kim?! Şajar bir bulagaýlygyň boljagyny aňyp, atyna yzly-yzyna gamçy çalyp, Alawýerden tizden-tiz daşlaşmaga çalyşdy. Içiňi ýakaýyn diýýän dek, mydama gamçy çalnan ýaly, ümzügini öňe atyp dabyrdap gidýän Uçar kejirlik edip Alawýerden hiç gaýtmady. Gaýtam, ylla eýesi Şajaryň ele düşmegini islän ýaly, çüw diýlip gamçy urlanda, Uçar yza tesdi. Ýabynyňam beýle bir netikazasy boljak eken, bolanda. Gamçy urlup, howlukdyrylanda öňe gitmän yza tesip arabany düňderjek bolýan ýaby bu jelagaýda, asyl başga jelagaýda-da ýoksa ýokdur. Şol sebäplem Uçar sähel salymda bütin ömrüne iýmedik gamçysyny iýdi, Şajaram gara dere batyrdy. «Hany, meni ursaň uruber bakaly, seni urjak hajyraw kişilerem tapylar» diýýän ýaly, debsenekledi durdy. Ýöne awunmanyň, gara dere batmanyň ulusy öňde eken. Uçaryň bulagaýlyk edip arabadan üç-dört garpyzy gaçyranam gowy bolan eken. Döwbasanyň çawuşlary dabyrdaşyp, ýaňy obadan çykan Şajaryň yzyndan ýetdiler. Başdaky ýaly, üç çawuş däl indi olar. On töweregi bar. Ýöne olar Şajaryň gözüne kyrk töweregi bolup göründi. Çawuşlar Şajaryň daşyny gabadylar. Olaryň daşyny gabamasynyň eýgilige däldigini Şajar şaman bada-bat aňdy. Çökder bir ýowuzlygyň bolmagyny ätiýaç edip mylaýymdan mylaýym gürledi. Dili senaly bu nazarkerde goja hoşuňa gelerliklidi, göräýmäge. — Ýüzleriňiz-ä nurana eken siziň. Siziň ýaly nurana ýüzli, mähriban ogullar göktürkmende köp bolsun hernä. Size guwanyp ýaşamak maňa nesip etsin hernä. — Şajar ýomut sözüni soňlap-soňlamanka bir şuwwuldy eşidildi. Ol gamçynyň şuwwuldysyna meňzeş. Häh, hakyt şonuň özi eken. Ol şuwwuldy çugutdyryp, gorkujygyna hoşamaýdan hoşamaý sözleri sarnap oturan, entek ýene kän-kän gowy sözleri aýtjak Şajary ýabyň üstünden uçuryp, gaty ýere serip taşlady. Uçaram, ine, şu ýerde — gerekmejek ýerde uçarlygyny etdi. Hälki Şajaryň urgulary — gyssanmalydygy baradaky urgulary şol şuwwuldy bilen, Şajar ýere gütüläp düşensoň ýetdi oňa. Bir gazaply kişňäp, çarpaýa galyp, arabanyň üstündäki gawundyr garpyzlaram ýere seçeläp dökdi-de, zut gitdi ol. Öň şeýle çapanda Şajar bu ýaşda bu görgüleri görmeli däl, bu şuwwuldyny eşitmeli däl, ýabyň üstünden ýere tüwdürilip düşjek bolup ýörmeli däl. Ker at üç günden soň ürkýär diýilýäni çyn bolup çykdy. Şol kerligem Şajara agyr düşdi. Äm-sämsirän bolup, garrylyk yh-çohy bilen ýerinden turan Şajar töweregine garanjaklady. Babyr bilekli, pişmepisint murtly çawuşlar atlaryndan düşüp, ýakynlaşyp gelýärler. Olaryň ýerden turuzmaga, tekge-hemaýat bermäge gelmeýändigini Şajar örän gowy bilýär. Olary nädibem bolsa, bir zat edib-ä pälinden gaýtarmaly. Eý, Taňrym, özüň kuwwat ber! Bu guduz açanlary jähennem eýle! Ýa maňa bir gowy çykalga salgy ber! Gyssagarada Taňrydanam kömek gelip ýetişjege meňzänok. Kel kellesine-de gowy pikir gelerli däl. Başa näme gelse, çekibermekden başga alaç ýok bolarly. Şajar ýomudyň şamanlyk, gurrandazlyk duýgusy oňa arassa göktürkmen dilinde habar berdi: eý, şaman, seniň işiň pyrryk! Sen häzir urulýarsyň. Ölmejek bol! Şajar şamanlyk ukyby birle uruljagyny bilse-de, urgudan soňky kysmatyny bilmedi. Sebäp soňy garaňky görünýär. Belki, bu öldüriljekdiginiň alamatydyr?! Eý, Göktaňry, özüňden medet! Senden başga arkamda durjak howandar ýok meniň. Ýagyň Döwbasan bolsa, şamanlykdan peýda gelmejek eken. — Men size döneýin, ogullarym — diýip, ýomut mydyrdady. — Ömürleriňiz uzak bolsun siziň. Obamyza hoş geldiňiz. Şeýdip, gelip, bizi begendirip durmaly ahyryn. Öňünden bilen bolsak, söwüş edip, garşylardyk. Wah, bilmändiris-dä. Ine, men size gawun bilen garpyz bereýin. Tüweleme, gowy ýigitlerdigiňiz ýüz-gözleriňizdenem görnüp dur. Döwbasan beg gowy ýigitleri tanap bilýän eken. Ömürleriňiz uzyn, janlaryňyz sag, gök böri hemraňyz, goragyňyz bolsun. Iýiň hezil edip. Men bulary ekenimde-de, siz ýaly nazarkerde, pähimdar, akylly adamlar iýsin diýip ekipdim. Ýabym ürküp baryny ýere dökdi-de gitdi. Hernä bagtyma bularyň birki sanysy bolmasa, galanlary ýarylmandyr. — Bagtyňyza däl bolaýmasyn? — Bagtyma, o näme üçin bagtyma dälmiş. Siz ýarylmadygyny iýseňiz, öýüňize äkitseňiz gowy boljak. — Öz-ä ýarylsa gowy bolardy — diýip, çawuşlaryň urlanlarynyň biri şelaýyn ýylgyrdy. — Olary ýarsaňyzam özüňiz ýaryp iýiň! — Goý, seniň diýeniň bolsun! — diýip, urlan çawuşlaryň biri ullakan garpyzyň birini Şajaryň depesinden inderdi. — Ýok, ýok, siz garpyzy beýdip özüňiz ýarjak bolup kösenmäň. Iýjegiňizi özüm elin ýaryp bereýin, ýigitler. — Aý, seni azara goýmaly — diýip, ikinji urlan çawuş iki esse uly garpyzy Şajaryň kellesine urup paçak-paçak etdi. Çawuşlaryň aýdany dogry eken. Uçar arabadan ýere dökende ähli gawun-garpyz ýarylsa gowy boljak eken. Wah, hiç bolmanda ýarpydan gowragy ýarylaýmaly eken! Hiç bolmanda ýarpysy bir ýarylaýmaly ahyryn. Indi görüp otursa, Uçar arabadaky gawun-garpyzlary ýere agdaryp Şajara ýamanlyk däl-de, ýagşylyk eden eken. Gör-ä muny, haýwanyň edenem dogry çykýar, diňe Şajaryň edeni nädogry. Şajar bu gawun-garpyzlary kellesinde ýardyrmak üçin eken eken. Kellesinde ýardyrmak üçin bir ýyllap yhlas edip ýetişdiren eken. Kellesinde ýardyrmak üçin araba ýüklän eken. Kellesinde ýardyrmak üçin şu ýere getiren eken. Şajar bäşinji garpyzdan soňky bolan zatlary bilenok. Bilmäni gowy. Ol şol ýerde özünden gitdi. Döwbasanyň arkaly köpekleri rehimsizlik bilen ar aldylar. Şajaryň çaşyp ýatan ýerine obanyň adamlary barmaga heder etdiler. Garadag heder etmedi. Ol ýomudy özüne getirmäge çalyşdy. Eý, ýok, onuň eýini mazaly ýetiripdirler. Ol entek-entek özüne geljege meňzänok. Onuň ýöräp gidip bilmejegini aňansoň, gaçyp giden Uçary tutup, oňa Şajary mündürip, bakjalyga getirdi. Iki günden soň Şajar özüne geldi. Başujunda oturanyň kimdigini tanady. — Garadag, bu senmi? — Men bolman, ýanyňda Istemi han bolmalymydy? — Meni bu ýerik sen getirdiňmi? — Käkiligiň başyna sykylygy ýetýär, seniň başyňa-da, gawun-garpyzyň ýetdi. Taňry diýen ýeriň bar eken. — Meni bu ýerik nädip getirdiň? — Uçaryň bilen. — Uçaryň adyny tutma. Entek onuň bilen aýratyn gürleşjek men. Şol dälmi meni şu güne salan. Men ony öz elim bilenjik öldürerin. Şony öldürmesem, gözümi açyp giderin men bu dünýäden. — Öldürmekden seni halas edäýdim öýdýän. — Nädip? — Ýaryldy ol. — Nähili ýaryldy? — Ertir tursam, gawun-garpyzdan aşa düşüp ýarylan eken. — Wah, sen meni armanda goýduň. Men arymy kimden çykaraýyn? Hany, sen aýt maňa, gawun-garpyzy başda döreden, tapan, soňam, Jeýhunyň boýuna eken kim?! — Ony näm etjek! — Öz başyma düşenini şonuň başyna-da düşürjek! 2. Peleňiň gözleginde — Özüňe gelen bolsaň, hany, Sibir begiň habaryny al! Garadagyň bu sözünden soň Şajar töweregine garanjaklady. Görse, sag tarapynda Sibir beg bir gysym bolup otyr. Haly juda perişan görünýär onuň. Şajar ony özüne duýgudaşlyk bildirmäge gelendir öýtdi. Şajar ýomut ýalňyşypdyr: Sibir beg duýgudaşlyk bildirmäge gelmändir, ol öz aladasy, öz soragy bilen gelipdir. — Eý, ýomut, senden Peleňiň nirä gidendigini soramaga geldim men — diýip, Sibir beg Şajara tiňkesini dikdi. Bu sowal ýomudy geňirgendirdi. Ol bir Garadaga, birem Sibire seretdi. Onuň geňirgenmesini aňan Garadag düşündirmäge çalyşdy. — Düýn Peleň bilen Aýşöhläniň toýy bolmalydy, ýöne toý bolmady... — Näme üçin bolmady? — Peleň ýok. — O nähili ýok? — Şajar zöwwe ýerinden galdy. — Geçelgede Peleň bilen iň soňky gürleşen adam sen. Öňňin sen onuň ýanyna gawun-garpyz bermek üçin barypsyň. — Bardym, bardym. Döwbasan toýy gutlap bir giden engam ýollapdyr. Men baranymda onuň öýünde Döwbasanyň çawuşlary bar eken. Meniň olar bilen birazajyk sözüm azaşdy. Olar maňa ýowuz sütem etdiler. — Döwbasanyň sahyby Peleňi öldürdimi? — diýip, Sibir beg Şajara soragly bakdy. — Edil şu mahal anyk bilmeýärin. Ýöne Döwbasanyň Peleňe köp-köp engam berendigini bilýärin — diýip, Şajar jogap berdi. Onuň bu jogaby ýanynda duranlaryň ýekesinem kanagatlandyrmady. Sibir beg öz-özüne teselli bermäge çalyşdy: — Aý, ýok. Öldürjek adam onça engam bermez. — Engamy göz üçin berendir — diýip, Garadag Sibir begiň pikirine garşy çykdy. — Aý, ýok. Döwbasan öldürmek islese, engam bermänem öldürip bilýär ahyryn — diýip, Sibir beg göwünli-göwünsiz ýerinden turdy: — Eý, ýomut, men saňa agşama çenli möhlet berýärin. Sen ähli jynlaryňy çagyr. Olardan sora! Agşama çenli maňa Peleňiň nirededigini anyklap ber. — Peleň häzirem ýokmy? — Şajar sowaly bilen ýanyndakylaryň gaharyny getirdi. — Peleň bar bolsa, men seniň ýanyňa gelmezdim. — Sibir beg gaty-gaty ýöräp gitdi. — Hor adamlar gaharjaň hem ulumsy bolýar diýleni çyn eken-ow — diýip, biraz özüne gelen Şajar ýomçy Sibir begiň yzyndan seredip durşuna dillendi. — Onuň maksady bitmedi. — Maksadyň bitip-bitmezligi Sibire däl-de, Göktaňra bagly. — Men saňa owkat getirdim. Sen garbak-gurbak edin — diýip, Garadag getiren zatlaryny ortada goýuşdyrdy. — Ine, munyň är işi — diýip, Şajar aşak çökdi. Işdämenlik bilen owkat edindi. «Öňňinden bäri Peleň niredekä? Ol näme üçin hiç kime hiç zat aýtman gürüm-jürüm boldukan?!». Şajar bu sowallary öz-özüne berdi. Geçelgäniň adamlary bu sowallary Şajara berdiler. Peleňiň nirededigini, onuň diridigini ýa-da ölüdigini anyklamak, takyk bilmek, elbet, Şajaryň borjy. Çünki Şajar geçelgäniň porhany, ýomudy. Şajar geçelgede näme gopsa, şonuň sebäbini bilmeli. Ol Peleňiň hem nirededigini bilmeli. Ýogsam ony rahat oturtmazlar. Şajaryň özüne gelenine üç gün boldy. Ol Peleňiň nirededigini şindem bilenok. Süýr günortan yzyna üç sany akgyzyny tirkäp ýomçynyň ýanyna hakyt Aýşöhle geldi. Teläriň ýakynyna gelip atynyň jylawyny çeken Aýşöhle Şajary görüp hunybirýan gözýaş dökdi. Gepläp bilenok. Onuň sözüni akgyzy Çeçeknäz ýomça ýetirdi: — Bir hepde bäri Peleňden uç-derek ýok. Bikämiz sizden Peleňiň täleýine garap bermegiňizi towakga edýär. Ýomçy maksadyny aýan eýledi: — Birigün mährjan baýramy. Şol gün perişdelerden habar almak aňsat bolýar. Çünki şol gün Aý hezretleri-de dolýar. Baýramda Peleň hakda doly aýdyp bererin. Ýomçynyň bu habary sähel salymda geçelgäniň uludan-kiçisine ýaýrady. Ähli kişi mährjan gününe garaşdy. Adamlar topar-topar bolup tokaýa siňdiler. Sebetlerine hyrawa ir-iýmişleri ýygyp geçelgä getirdiler. Bir günüň içinde hyrawa ir-iýmişlerden, bakja ekinlerinden depe döredi. Baýramçylyk bir gün öňünden başlandy, bir gün soňundan hem tamamlandy. Baýramçylyk güni hezreti Güne tagzym kylnandan, salam berlenden soň, Enehudaýa — suwa ýygan ir-iýmişlerini berdiler. Ýeneki ýyllarda şeýle bol hasyl eçilmegini dileg etdiler. Bu gün Şajar ýomçy özüniň diňe bir ýomçy, ýomut däldigini, porhanlykda-da deňsiz-taýsyz ussatdygyny görkezmeli. Ol bu güne öňünden taýýarlykly geldi. Alawýerde ot ýakjak adamlar bilen öňünden duşuşyp, olara anyk görkezmeleri berdi. Mährjan baýramynda Alawýerde uly ot ýakyldy. Geçelgäniň adamlary şol uly oduň daşyna aýlanyşdylar. Şajar porhan ellerine, aýaklaryna her hili ses edýän jäjekli, düwmeli halhallary dakynyp orta çykdy. Elindäki dogaly suwundan adamlaryň üstüne seçelendirdi. Adamlaryň üstüne näçe suw sepse-de, onuň elindäki jamynyň suwy gutarmady. Bu — geçelgäniň adamlarynyň rysgal-bereketleriniň uludan boljakdygyny alamatlandyrýardy. Şajar her hili rakyslar oýnap ortadan aýlanýardy. Düwmeleri onuň hereketleri bilen sazlaşyp düňňürdeýärdi. Ol asmana bakyp perişdeleri, ak jynlary hem gara jynlary duşuşyga çagyrýardy: — Eý, jynlar! Eý, jynlar! Ak jynlar! Gara jynlar! — Şajar ellerini göge uzadyp gaty-gaty gygyrýardy. Ak jynlaryň özi bilen gürleşmegini talap edýärdi. Ak jynlar gelýän bolarly. Tebigatyň ýüzi gararyp ugrady. Durşuna tüýdüm-tüýdüm ýüňden örtülene meňzeýän bulut tolkunlary biçak aşaklapdylar. Aňyrsy görünmeýän bulutlaryň arkasyndan ak jynlar çykyp geläýjek ýalydy. Alawýeri dolduryp oturan hananlylar Şajar porhanyň ak jynlar bilen duşuşmagyna garaşýardylar. Megerem, ak jynlar Şajaryň çakylygyna geldiler: asmanda ýyldyrym çakan ýaly öwüşgin ýylp edip gitdi. Şol ýylpyldy inçejik tolkun deýin Şajaryň daşyna aýlandy. Şajaryň daşy ak şöhle — aura bolup ýalkym saçýardy. Ol ylla ak şöhläniň içinde ýalydy, onuň bolşy adaty däldi, her bir hereketi duranlaryň endamyny titredýärdi. Adamlar düýrmegi bilen onuň her bir hereketini, her bir sözüni diňleýärdiler, yzarlaýardylar. Şajar erkin, haýbatly gürleýärdi. Onuň her bir sözi Alawýerdäkileriň ählisine eşidilýärdi: — Men Babyr begiň ogly Peleň bilen gürleşmek isleýärin. Maňa Peleňi tapyp beriň! Nirede ol? Dirimi ol? Ölümi ol? Hany? Göremok. Göremok. Hä, hä, hä, görýärin. Näme üçin ol bärisine öwrülmeýär? Peleň, maňa tarap seret! Ine, bu gün Hananda mährjan baýramçylygy! Bu gün baýram edýäris. Ryskymyz bol boldy. Mertebämiz aman boljak. Sen näme üçin bize seretmeýärsiň? Eý, jynlar! Peleň näme üçin meniň bilen gepleşmeýär? Şajar gaty yhlas etdi. Ýöne Peleň ýüzüni görkezmedi. Ol Şajaryň ýekeje sowalyna-da jogap bermedi. Ýogsam porhan onuň bilen gepleşjek, ondan habar eşitjek, nirededigini biljek bolup gaty kän yhlas etdi. — Peleň, nirä barýarsyň? Gitme! Dur! Saklan! Sen geçelgeden näme üçin gitdiň? Ýa Döwbasanyň adamlary seni zor bilen bir ýere ugratdymy? Aýt ahyryn! Saklan! Peleň gitdi. Peleň gidensoň, ol ýerde Aýşöhle-de durmady. Ýogsam mährjan baýramçylygy ýaňy başlanypdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |