11:15 Göktürkmen söýgüsi -16/ romanyñ dowamy | |
BÄŞINJI BOÝ
Taryhy proza
DUÝGY MENZILI Aýşöhläniň öz akgyzlaryna gözi gidýär: olar islän pursady ýola çykyp, islän ýerine baryp, islän kişisi bilen gürleşip bilýärler. Olar, näme, bigörk gyzlarmy? Ýok, olar geçelgäniň iň owadan, iň näzik, iň eý gyzlary, olara öýlenmek uly mertebe. Ýöne akgyzlardaky bagt Aýşöhlede ýok: oňa ýola çykmak bolmaýar, ýola çyksa, işli işini goýup, nirädir bir ýere howlugyp barýan işini taşlap Aýşöhläni synlamaga durýar. Şeýle bolansoň Aýşöhle islän ýerine barybam bilenok, islän kişisi bilen gürleşibem bilenok, onuň gününiň galaba bölegi keseki nazaryndan goranmak, bukulyp oturmak bilen geçýär, bu-da bir gün däl, iki gün däl, Görkli Taňrynyň beren her bir güni dört diwaryň içinde, binowalykda geçirmek güzap, juda güzap. Aýşöhläniň ýanyndaky ýedi gyz onuň tukatlygyny aýyrmak üçin gara heläk bolýarlar. Olaryň yhlasy Aýşöhle üçin ýeke-täk teselli. Ol ýedi akgyza şeýle bir imrinipdir welin, biri bir sebäp bilen görünmese, ýüregi ýarylyp barýan dek dowla düşüp ugraýar. Şuňkar hem oňa teselliçi. Aýşöhle Şuňkaryň ýanynda köplenç uzak oturýar, onuň bilen razlaşýar. Aýşöhläniň gelmegine, özi bilen raz aýdyşmagyna Şuňkar öwrenişipdir. Eýesi teblehana adaty gelýän wagtlary haýsydyr bir saý-sebäp bilen gelmese, argamak hokranyp, kişňäp, belli bir ýerde durup karar tapanok. Aýşöhläniň her günki gelýän tarapyna alma gözlerini dikip intizarlyk bilen seredýär, garaşýar. Bikesini üstüne mündürip sähra çykanda Şuňkar galkyjaklaberýär: ýürekler deň urýar. Olar ikiçäk oturyp, sähra çykyp süýji-süýji gürrüňleri edipdiler. Aýagynyň döwlen güni hakda-da köp gürrüň etdiler. Şonda atgaýtarym aýralykda — Ýekepetdeden geçelgä gelýänçä eden pikirleri hakda-da gürrüň etdiler. Ol günler bakylyk bolup gelen ýalydy. Humaý guş saýasyny saldy. Peleň bilen Aýşöhle humaý guşy hakyt gördüler. Özem olar Ýekepetdäniň ýanynda özara gürleşip otyrkalar humaý guşy olaryň dik depesinden uçup geçdi. — Depämizden humaý guşy uçup geçdi — diýip, Aýşöhle akgyzlara buşlady. Humaý guşy Peleň bilen Aýşöhlä bagt getirdi. Aýşöhläniň ýüregine düşen dowul gysyp-gowrup alyp barýar, göýä bir betbagtlyk bolaýjak, ol betbagtlykda Peleň bu dünýäden gidäýjek ýaly boldy durdy. Bu duýgy Aýşöhläni batyrlandyrdy, gaýduwsyzlandyrdy, ol: «Ýola çyksam, il näme diýer, pylan ýere barsam, görerler, gürrüňimi ederler, aýal maşgala muwapyk bolmadyk işler edýär diýerler» diýen gorky-tälkewleri böwüsmeli boldy. Gözsüzbatyrlygyň çykalgasyzlykdan döreýändigine düşündi. Ol her edip, hesip edip Peleňi görmäge çalyşdy. Ýekepetdäniň ýanynda bolan wakadan soň hem onuň içki howsalasy egsilmedi. «Indi hemme zatlar gülala-güllük ahyryn. Babam iliň öňünde toý toýlajakdygyny, begligini Peleňe berjekdigini, beglik üçin gerekli altyn-kümşi hem özüniň berjekdigini aýtdy. Soň Peleňe öý gurmaga ýardam berdi. Ynha, indi hem öý taýýar. Aýşöhle ol öýe telim sapar baryp gördi. Ähli zatlar Aýşöhle üçin mähriban. Ol öýde diňe ýaşamaly. Diňe ýaşamaly! Peleň Aýşöhlä otaglary ýekän-ýekän görkezdi. Olar nirede oturjakdyklary, nirede ýatjakdyklary, nirede näme goýjakdyklary barada uzak pikir alyşdylar. Olarda öýi çaltrak, dikeltmekden başga ýekeje-de pikir ýokdy… Aýşöhle aladaňdanlar çalaja ymyzgandy, sähel salym ymyzgandy. Birdenem ýüregine şemşer urlan dek boldy. Uruldy asyl. Bir äpet gara guş Aýşöhlä gelip uruldy. Hakyt şeýle boldy. Ol gara guş biçak ýakymsyz, bedroý, rehimsiz. Aýşöhle ol guşuň gelip urulmasyndan ýaňa endiredi. Ol çirkin gygyryp ýerinden galdy. — Peleňi öldürdiler! Peleňi öldürdiler! — Bikäm, rahatlanyň! — diýip, akgyzlar ony köşeşdirmäge çalyşdylar. — Aýşöhle, sen düýş gördüň! Aýşöhle gözlerini petredip gapdalyndaky akgyzlara seretdi. Olary tanajak bolýan ýaly, ýiti-ýiti seretdi. Kem-kemden özüne geldi, ähli zadyň düýşünde bolandygyna begenip ýeňil demini aldy, garşysynda duran Çeçeknäzi garsa bagryna basdy. — Akgyzlarym, akgyzlarym, gara guş ýok, ol düýşüm eken-ä! Men düýş görüpdirin-ä! — Bikäm, ýüregimizi ýardyň, Peleňe bolan zat ýok, ol bu mahal öýünde hor çekip ýatandyr. Ol öňňin agşam oduň başynda, baý, rakys etmek rakys et-dä! Ähli kişi onuň rakysyna seretdi. — Görkli Aýyma döneýin, düýşüm eken!.. — Arkaýyn uklasana, bikäm! — Gyzlar, häzir göni Peleňiňkä gideliň. Men bilýärin, Peleň şu mahal maňa garaşýar. Özem başyna bir iş düşen bolmaly. — Ertir toý, bikäm! Peleňde toýdan, senden başga hiç hili alada ýok. Öňňin agşam ol däli-porhan bolup rakys etdi. Ol düýn toýa taýýarlyk görüpdir. Döwbasan hem oňa köp sowgat iberipdir. — Ertirden başlap, siz galan ömrüňizi bile geçirersiňiz. — Ýok, ýok, ynanmaýaryn. Ol öten agşam Alawýere çykmady. — Ol toý aladasy bilen ber-başagaý. Öten agşam rakys oýnamaga wagty bolan däldir onuň. — Wiý, bikäm, düýşüňizden açylsaňyzlaň. — Häzir onuň ýanyna gideliň. — Häzir ýarygije, bikäm. Ýene sähelçe wagt tagapyl eýleseňiz, daň atar. Ana, onsoň hemmämiz bileje gidibiris. — Ýok, men garaşyp biljek däl, ýüregim ýarylyp barýar. Basym boluň, basym! Peleňiň başyna bir bela indi. Ony halas edeliň! Ol menden daşlaşýar. Çeçeknäz ýüzüni ak tam edip Aýşöhläniň ýanyna geldi: — Bikäm!.. — Şum habarmy? — Şum habar, bikäm! Aýşöhle boýdaşlaryna «Ine, gören düýşümiň ýorgudy eýýäm oraşan boldy» diýen terzde seretdi. — Aýt, aýt tizräk, Peleňe näme bolupdyr? — Peleňe näme bolanyny bilemok men — diýip, Çeçeknäz gözlerini elek-çelek etdi. — Şum habar diýip şu mahal geldiň-ä. — Onuň Peleň bilen baglanyşygy ýok, bikäm! — Peleň bilen baglanyşygy bolmasa, ýer çepbe çöwrülenem bolsa, oňa şumluk diýme onda. — Şuňkar ýok. — Şuňkar?! Näme bolupdyr? — Gije teblesinden boşanyp gidipdir. Aýşöhle birsalym sesini çykarman durdy. Soňam Çeçeknäze ýüzlendi: — Çawuşlara aýt, Şuňkary Garçgaýyň teblehanasynyň ýanyndan agtarsynlar. Aýşöhle ýalňyşmandy: Şuňkar Garçgaýyň teblehanasynda durdy... ALTYNJY BOÝ SUW IÇIP SYGYR SÜÝT BERÝÄR, ÝYLAN — ZÄHER Hanan geçelgesinde ilkinji gezek ogurlyk boldy. Babyr beg döwründe-de, ondan öňem geçelgede ogurlyk bolmandy. Şonda-da ogurlyk eden kişiniň ýowuz jezalandyrylýandygyny, şeýle hem ogurlanan zadyň dokuz essesiniň töledilýändigini welin, geçelgede ýaşaýanlaryň ählisi diýen ýaly bilýärdi. Ogurlyk Supan taýlagyň öýünde bolupdy. Onuň barja altyny (öý eýesiniň aýduwy boýunça ýigrimi alty sany altyn bolmaly) hem ýüz akjasy ogurlanypdy. Ogurlygy, megerem, belet adam eden bolmaly. Altyndan başga hiç bir zada el degrilmändir. Onuň haçan alnandygam belli däl. Supan ony entegem bilmezdi. Akja gerek bolup, öýüniň töründe düşegiň aşagynda üç-dört gez ýere gömüp goýan düwünçegini çykarsa, içinde Göktaňryň hatyrasy üçin ýekeje altynam, ýekeje akja-da galdyrylmandyr. Diňe düwünçegiň özi bar (ogry ynsaply eken, altyny, akjany alsa-da, düwünçegi almandyr). Supan görgüli özüni lampa aşak goýberdi. Maňlaýyna şaglap sowuk der indi. Ogurlanan akjalar, altynlar görgüliniň ýigrimi ýyllap ýygnan baýlygydy. Ol hatynyny, ogullaryny çagyrdy. — Haýsyňyz altynlary, akjalary aýtman aldyňyz? Babasynyň bu sözüne Syraç bilen Matym öýkeledi. Syraç: — Men alamok. Gök böri parçalasyn — diýip, uruşmakçy bolýan ýaly, ýumrugyny galgatdy. Matym: — Menden göwnüňiz garalýarmy? Men başyma ýapaýynmy? Bu pyrryldak maňa toý etmezlik üçinmi? — diýip, ters dawa tutdy. Rahadaý: — Men alamok — diýdi. Upar: — Men alamok — diýdi. — Onda kim aldy? — diýip, Supan öýdäkilere ýeke-ýekeden seredip çykdy. — Çagalar alan bolaýmasyn? — Matym Syraja ýüzlendi. — Eger şolar alan bolsa, men olary diriligine ýere gömerin. Adamsynyň bu sözlerinden heder eden Upar atylyp daş çykdy. Derrew Gurt bilen Hikmeti alyp geldi. — Balalarym, men siziň ikiňizem gowy görýärin. Siz ýiti gözli çagalar. Men, ine, şu ýere bir düwünçek gömüp goýupdym. Ana, şony tapyp bilemok men — diýip, Supan özüne zor salyp ýylgyrjaklap gürledi. — Nähili düwünçek? — diýip, Gurt gyzyklandy. — Ine, şu düwünçek. — Hana, tapypsyňyz-a. — Munuň içinde bir zatlar bardy. Ana, şol zatlar ýok. — Näme bardy onuň içinde? — Akja bardy, altyn bardy. — Köpdümi? — Sen meniň janymy ýakma, Gurt. Şu düwünçegiň içindäki akjalary siz aldyňyzmy? Gurt bilen Hikmet başlaryny ýaýkadylar. — Kimiň alandygyny görmediňizmi? — Haçan? — Näme haçan? — Haçan düwünçekdäki akjalar alnypdyr? — Wah, bilemok. — Ata, başga ýerde goýan bolaýma?! — Baryň, balalarym, oýnaberiň. — Hemmämiz gowrulan mekge iýeliň. Kimiň mekgesi agzynda gury bolsa, şol hem akjalary ogurlan bolmaly. Men bu barada eşitdim. Merwde gowrulan mekge iýdirip, ogryny tapypdyrlar — diýip, Gurt atasyna teklibini aýtdy. — Bu mahal men gowrulan mekgäni nireden tapaýyn? — diýip, Supan gaharlandy. — Ýok bol şu ýerden! — diýip, Syraç syçrap ýerinden turdy. Gurt bilen Hikmet içerden ok bolup çykyp gitdiler. Indi näme etmeli? Supan Sibir begiň ýanyna baryp, ýagdaýyny gürrüň berdi. Sibir beg gelip, düwünçegiň gömlen ýerini gördi. — Öýe belet adam alypdyr — diýip, ol gelen netijesini mälim etdi. Sibiriň geçelgä aýagy düşmedi. Ol gelensoň ogurlyk başlandy: başda adam (Peleň) ogurlandy, bu gün altyn ogurlandy. Indi näme bolarka?! Hiç zadam bolmady. Ýiten akjalaram, altynlaram tapylmady. Şondan soň Supanyň welin, öňküligi bolmady. Ol Syraç bilen Matyma müňkürlik etdi. Ýöne olar onça baýlygy näme etsinler? Syraç akjasy bar kişä meňzänok, ýöne Matymyň ýüregi suwluja. Onuň bolşunda bir üýtgeşik duýulýar. Badyhowa gürleýär. Bir ýerde akjalary gizlän bolaýmasyn? Supan ogrynlyk bilen Matymyň yzyna düşdi. Oglunyň ýatyp-turýan ýerlerini elek elän ýaly edip dörüp çykdy. Akjadyr altynlary tapmady. Matym soňky günler öýlenmek barada köp gürrüň edýär. Özem ol Sibir begiň gyzy Aýşöhlä öýlenmek isleýär. Ol bu islegini ýaşyrjagam bolup duranok. Özem ol ýylyň başynda nowruzda Döwbasanyň sahyby bilen meslekdeş boldy. Şonda tüýsi üýtgedi onuň. Şondan bärem bar gepi-gürüňi Sibir begiň gyzy Aýşöhlä öýlenmek. Ol özüne gaty ynamly. Peleňiň gaýdyp gelmejegine-de ynanýar. Enesine her gün Sibir begiň öýüne Aýşöhle üçin sawçylyga gitmek hakda ýaňzydýar. * * * — Ýüwürjim, babaň öýermese, seni özüm elin öýererin — diýip, Upar örtenip ýatan Matyma göwünlik bermäge çalyşdy. — Wah, şeýtsene, Syrajyň hatyny. Görýärin welin, babam-a bu ýakynda aladamy etjege meňzänok meniň. — Kössek gürüm-jürüm bolaýdy-da, ýogsam bu wagta çenli ikiňiziňem aladaňyzy ederdi ol. — Ine, uzynly gün derýadan çykmadym. Bir altaýly bezirgeni derýadan geçirip, ep-esli gazanç getirdim. Babam sagbolam diýmedi. — Sagboly men diýäýerin, ýüwürjim. — Wah, işläňsoň, kimdir biri eden işiňi görse, baha berse, sagbol diýse diýýärsiň. Işleýärsiň, yhlas edýärsiň. Ýöne ony görýänem, görjek bolýanam, sagbol diýýänem ýok. Wah, görselerem sagbol aýtmalydyr öýdenoklar. — Sen şükür et, erkek bolaňsoň, saňa sagbol aýdarlar, ýöne aýallaryň zähmeti ömürem görülmeýär. Aýallaryň ömürleri asyl görülmän geçýän arzysyz ömür. Yhlasyň ýele gidýär. Aýal bende başda örtense-de, soňundan muňa öwrenişip gider eken. Adam ilki-ilki ünse mätäç bolar eken. Soň ünsüň bolmajakdygyna göz ýetirip, gadyrsyz ýaşaýşa öwrenişýär gidýär eken. Ine, nesip bolsa, seni öýli ederis. Şonda işden ýadap geleňde gelniň öňüňden ýylgyryp çykar welin, bar ýadawlygyň zym uçan ýaly bolar. Oguz atamyz ärlerini daş işikde garşy almagy aýallara parz edip girizipdir. Aýalyň ýylgyryp garşylamasy saňa: «Maşgalamyzy gül ýaly dolandyryp ýörsüň» diýdigi bolar. «Edýän işleriňi görýändirin, gara dere batyp, meni hor saklamajak bolýanlygyň üçin Göktaňry seni mähirde saklasyn, gök böri ýoluňa dowam bersin!» diýdigi bolar. Erkek kişiler aýallarynyň göwünlerini götermek üçin hoşamaý söze husyt bolýarlar. Taňry öýli-işikli günlere ýetirse, «Gelneje, bar aýdanyň dogry eken» diýersiň. Ýöne Göktaňry bir meniklijesini ýetirsin-dä saňa. — Wah, seniň ýaly ähli zada düşünýän hatyn gerek maňa. Seniň ýaly gowy hatyna öýlenjek günüm gelmejek ýaly... — Geler, hökman geler, Matym. Mertebeli ýaşarsyňyz. Gerek diýýän gowy gyzyňy men saňa tapyp goýdum. — Gowy gyz tapdym diýýärsiňmi? — Gelnejeň seniň aladaňy edýändir. — Kim ol gowy gyz diýýäniň? — Häzir ýadap gelen bolsaň, garbak-gurbak edin. Gepden garnyň doýmaz. Seniň üçin belläp goýan gyzymyň kimdigini bolsa wagty gelende bilersiň. — «Wagty gelende» diýýärsiňmi? Wagty bireýýäm geldi onuň. Geçip gidip barýar ol. — Häzir däl, Matym, häzir däl. — Bu günler sähetsiz günlermi? — Gep sähetliliginde ýa sähetsizliginde däl. Doganyň dereksiz ýitdi. Bu ýagdaýda saňa toý edip oturmak gelşiksiz bolar. — Bä-ä, Kössek kössekligini etdi. Bütin ömrüme maňa kössek bolup geçdi ol. — Babaň Şajar şamanyň ýanyna gidip geldi. Ol «Ogluňyza garaşyp oturmaň, patasyny alyberiň» diýipdir. Agaň gürrüň berdi. — Men-ä eşidemok. — Eşitmedik bolsaň, eşidäý. Birneme wagt geçip, dertler könelişmese, babaň saňa öý dikmez. — Öljek bolsa, men öýlenenimden soň öläýmeli ahyryn. — Wah, ölesi gelen däldir-le onuň. Ýöne maňlaýa ýazylan ýazgytdan gutulma ýok. Onuňky ýaly ýazgyt hiç kimiň maňlaýyna ýazylmasyn. — Meniň maňlaýyma ýazylan ýazgydam hiç kimiňkä ýazylmasyn hernä. — Günüňe läliksireme, oglan. Seniňki ýaly gowy gün hiç kimde ýok. Bar uly gaýgyň hatyn edinmek. Onam edinersiň. Şajardan başga dünýäde hatynsyz öten ýok, senem ötmersiň. Matym gelnejesiniň ýakynyna süýşdi. — Syrajyň hatyny, ýaňy bir hoş habar aýtdyň. Hernä yzy boş däldir-dä? — Näme diýdim men? — Mönsüremesene! Gowy gyz tapdym diýdiň. Seniň ýadyňdan çykanam bolsa, meniň ýadymdan çykanok ol. — Meniňem ýadymdan çykanok. Tapyp goýanym çyn. — Men tanamokmy ony! — Heý, sen tanamazmyň? Tanaýarsyň? — Bä, hany aýt, ol gowy gyzyň meniň isleýänimmi? — Wiý, sen entegem ony unudaňokmy? — Wah, Syrajyň hatyny, men ony nädip unudaýyn? Unudyp bilemok. Hiç unudyp bilemok. Unudaýyn diýýärin. Ýöne bolanok, Syrajyň hatyny. Şajar ýomut näme diýýär, bilýärsiňmi?! Göktaňry diýýär, adamy şeýle bir ýaradypdyr diýýär, ýöne haýran galyp oturmaly diýýär. Göktaňry diýýär, adamy on dört bilen on sekiz ýaş aralygynda aňynda zenandan başga pikir bolmaz ýaly edýär diýýär, bu ýaşda olarda bir däl-de, iki kelle bolýar diýýär, Göktaňry diýýär, adama her müçede bir gyzyklanma berýär diýýär. Otuz ýaşdan soň adama dünýäň baýlygy gerek diýýär, soň zenan gürrüňi oňa gyzyksyz bolýar diýýär. — Ynanma, zenan erkek kişi üçin ähli ýaşda-da gyzyklydyr, gereklidir. Bir gözel gyzy gujagyňa salaýyn diýseň, iň soňky demini sanap ýatan garry ülhidiňem ýok diýmez. Erkek kişiler üçin durmuşyň manysam, gyzygam, hözirem ýorganyň aşagydyr, ýüwürjim. Sen meni gürletmesene, aýallaryň aýtmaly däl zatlarynam maňa aýtdyryp otyrsyň-la sen. Hanlaryň, şalaryň, patyşalaryň garamaýaklardan uzak ýaşamaklarynyň syryny bilýärsiňmi? — Näme iýeýin diýse iýip, näme geýeýin diýse geýip ýören hökümdar heý garrarmy! — Ýok, ýüwürjim, ýok. — Aý, onda — heleýleriň bilmeýän zady ýok, Eflatundan sapak alan olar — özüň aýdaý. — Hanlara, şalara ömür berýän, uzak ýaş tenekary — ýaş gyzlar. Patyşa tapdan düşse, garraberse, ýanynda ýaş gyz ýatyrýarlar. Taňrynyň islegi bilen gyzyň hyňzap duran ýaşlyk hyjuwy ýanynda ýatan garry patyşa geçýär. Ýaş gyz bilen dolaşyp ýatsa, edil dirilik tenekary berlen ýaly gany terlenip, kalby tyrlanyp, ýüzi terlenip, hyjuwy täzeleniberýändir. Taňry patyşa göteren kişisine uzak ýaşam eçilýändir. Sen zenanlaryň ýaşaýyş tenekarydygyny, juwanlyk tenekarydygyny unutmagyn. Patyşalaň gözüniň ýaş gözellerde bolmagynyň sebäbi ýöne ýere däl, ýüwürjim! Ýöne ýaşlyk — göçgünlilik. Ýaşkaň göwnüň Kap dagynyň depesinde bolýar. Ýaşyň durugyşyberse, özüňiň Kap dagynda däldigiňe düşünýärsiň. Aşak düşe-düşe, özüň bilen duşuşýaň. — Aý, Syrajyň hatyny, men seniň näme diýmekçi bolýandygyňa eýýäm düşündim. Men özümiň nämäniň depesindedigimi, nirededigimi has gowy bilýärin. Men Kap dagyndan bireýýäm düşdüm. Men özümi gördüm. Hiç ýerde hiç kime aýtmadygymy, Syrajyň hatyny, saňa aýdaýyn. Meniň gizlin zadym ýok. Men köp oýlandym. Iň soňunda gelen pikirim näme diýsene? Eger öz küýseýän gyzyma öýlenip bilmesem, bu dünýäden şonuň agysyny aglap müjerret geçjek. Upar Matyma nebsagyryjylyk bilen bakdy: — Onda sen müjerret geçmeli bolarsyň. — Geçäýerin. Seniň «Gowy gyz tapyp goýdum» diýýäniň başga bir gyzmy? — Başga. — Onda, Syrajyň hatyny, ony maňa aýdybam oturma. Dünýäde gowy gyz ýeke-täkdir. Olam Aýşöhledir. Aýşöhle ýöne Aýşöhle däl, ol — Humaý! — Onuň Peleňe göwün berendigini nä bileňokmy sen?! — Wah, Syrajyň hatyny, sen bir zady bileňok. — Nämäni bilemok men? — Pyşbaganyň ýumurtgasy üçin kepjebaş bilen zemzen uruşýar. Biri-birini çakýarlar. Gapdalda tilki bolsa olaryň biri-birini çakyp öldürerine garaşýar. Tilkiniň garaşyşy ýaly bolýar: ýylan bilen zemzen ölýär. Ana, şondan soň tilki gelip, pyşbaganyň ýumurtgalaryny lak-luk atýar. Özem tilkiniň iň gowy görýän zady ýylan bilen zemzeniň garpyşmasyna tomaşa etmek. Ýumurtga üçin ýylan bilen zemzen garpyşmasa, onda ol ýumurtga iýjegem bolup ýörenok. Müň kişi hyrydar gelýändir, ýöne iň soňunda ony bagty çüwen alýandyr. — Aýşöhle tilkiniň däl, şiriň awy. — Şol şir, biler bolsaň, men! — Sen bagty çüwenmi onsoň? — Men bagtymyň çüwjegine ynanýaryn. Häzir Aýşöhlä hyrydar adam ýok. Häzir şir-de, tilki-de, zemzen-de ýok. — O nähili ýok? — Düşündireýin. Döwbasana ýok diýildimi? — Diýildi. — Peleň gürüm-jürüm edildimi? — Peleň hiç ýerde ýokmuş. — «Ýokmuş» diýme. — Onda näme diýeýin? — Ýok diý. — Men eşiden zadymy aýdýaryn. — Sen eşiden zadyňy aýdýarsyň, men bolsa magat bilýän zadymy aýdýaryn. — Peleňiň ölenini gözüň bilen gördüňmi? — Syrajyň hatyny, sen maňa ynanýarsyňmy? — Aý, ynanmanam duramok. — Sen maňa ynan! Peleň öldürildi. — Ony kim öldürdi? — Hiç kime aýtmasaň aýdaýyn. — Wiý, Matym, sen nätdiň-ä! Janym çykar, syrym çykmaz. — Peleňi Döwbasanyň sahyby öldürdi. — Şajaryň kellesinde garpyz ýarylan güni Döwbasanyň sahyby bilen çawuşlary Peleňi bir ýerik alyp gidipdirler. Şol giden ýerinden Peleň dolanyp gelmändir. — Dogry. Indi dolanyp gelmez. Sebäp, Döwbasanyň buýrugy bilen öldürildi ol. Onuň öldürilmegine başga-da bir adam hemaýat berdi. Özem ol Peleňiň öldürilmegi üçin elinden gelen-u-gelmedik ähli hemaýatyny berdi. — Kim ol?! — Ony bilmegiň saňa geregi ýok. Köp bilmek — zyýan. Hatynlar üçin iki esse zyýan. Şu gün Peleňiň obada ýoklugyna alty aý boldy. Ertir toý diýlen güni öýlenjek ýigit zorluk görmese, hiç ýerik gitmez. Peleň zorluk gördi. — Sen, barybir, Humaý atlandyrýan Aýşöhläňi unut, Matym. — Men gorkup, pikirinden dänýänlerden däl. Humaý üçin men öňem taýak az iýemok. «Humaýyň adyny tutma, ol meniňki» diýip, Kössegem meni az urmandy. Gör-ä oňa-da nesip etmedi. Peleňe-de nesip etmedi. Ýöne, Syrajyň hatyny, jynlarymyň aňyşyna görä Aýşöhle meniňki bolmaly. Maňa sähelçe hemaýat gerek. Bu dünýäde akyla sygýan däl-de, akyla sygmaýan zatlar köp bolýar. Syrajyň hatyny, sen maňa kömek et. — Seniň üçin näme etmelem bolsa, men taýýar. Ýöne munyň, — ynan maňa — gyltyma kowalaşmak bolýar. Humaý Asmandaky Aý! Oňa seniň eliň ýetmejekdigine ynanýaryn men. Meniň jynlarym: «Upar, Matym ýalňyşýar. Sen oňa aýt, goý, ol gyltyma çapmasyn. Bir bela-beteriň üstünden baraýmasyn» diýýär. — Haý, gelneje, ýalňyşýarsyň, ýadyňdamy, Humaý Bumyn hanyňky bolmaly eken. Bolmandyr. Humaý Kössegiňki bolar diýdiňiz. Muňa menden başga ähliňiz ynandyňyz. Men Kössegi, dogrymy aýdaýyn, öldürjek bolup ýördüm, bir bende meniň kynymy aňsat etdi. Ertir toýy diýlen güni Peleňi öldürdiler. Indi Humaý kimdir birine äre barmaly bolar-a! Sen Peleňi ýok hasap et, öldi hasap et. Humaýa öýlenip biljek ýeke-täk bir är bar, olam Matym. Ýeri, sen maňa kömek etjekmi ýa-da ýok? — Men näme iş etmeli? — Upar göwünli-göwünsiz sorady. Kalbyna nähilidir bir wehim aralaşdy. — Humaý bilen gürleşmeli. Onuň pikirini bilmeli. — Men näme iş edeýin? — Meniň söýüp-köýüp ýörenimi aýt oňa. — Ony aýdaryn, ýöne razy boljagyny-bolmajagyny bilmedim. — Gyza gyz dili gerek, kempire kempir dili. Sen olaryň ikisiniňem, erkekleriňem dilini bilýärsiň. Ugruna çyksaň, Istemi hanyň leşgeri dyza çöker. Aýallar göwnese, daşam eredip bilýär, Humaýy razy edersiň. — Humaý daşdanam berk bolaýmasa. — Berk däldir. Göwünli-göwünsiz ýapyşsaň, işiň bitmez. Çynyň bilen ugruna çyksaň, ähli zat gülala-güllük bolar. Owadan gyzlaryň sallary — erkleri gowşak bolýar. Syraç gapydan girdi. — Näme gep-gürrüň? — Iniň-ä: «Humaýdan başga hiç gyza öýlenjek däl» diýýär. «Şony alyp bermeseler, bu dünýäden müjerret geçjek» diýýär. — Arzuw etmäge hemmäň haky bar. Il-ä oňa arzuwynda-da öýlenmäge gorkup ýör. Inim gorkmaýan bolsa, zor görmeli. Öýlenen bolsaň, oňarypsyň. Biziň başarmadyk zadymyzy başarypsyň. Şol gyz diýip, Peleň enesini unutdy. Aňynda diňe Humaý boldy onuň. — Syraç şelaýyn ýylgyryp, Matymyň öňünde aşak çökdi: — Eger Aýşöhlä öýlenseň, Matym, senden bir towakgam bar meniň. — O nähili towakga?! — Humaýy heleý edin, etjegiňi et. Ýöne bir aý ýaşaşyp, soňundan kow. Özem metdi-masgara edip kow. — Wah, Syraç, saňa gep düşündirenden ýolbarsa gury bede iýdiren müň esse aňsat. Ynan, meniň çynym. Maňa Humaýdan başga gyz gerek däl. Sen meniň agam bolýan bolsaň, maňa gyşyk, kinaýatly söz aýdan bolup oturma-da, kömek et. Isleseň, seniň başarmajak işiň ýok. — Ugumy ýekeleýärsiň-ow. Öwgimi gowuja ýetirseň-ä — parlaryň neslindendirin — göni eňibiýrin. Almajak galam bolmaz meniň. — Öň-ä maňa Kössek gün bermedi: «Men seniň agaň. Agaň barka, seniň demiň çykmasyn» diýdi. Men onuň hatyrasy üçin sesimi çykarmadym. Indi näme üçin dymaýyn? Dogan dogana şunuň ýaly günde gerek. — Bilbil bol-a. Agladarsyň sen meni. Ýöne «Aýşöhlä öýlenjek» diýmezden burun, suwa seredip mysalaňy görmeli ekeniň. — Mysalam seniňkiçe-de ýokmy?! — Haý, Matym, Matym, eger ýüzüňi gören bolsaň, onda sen ýüzüňi owradyňy ýapyşyň ýaly ýapardyň. Özem owradyňdan öň ýüzüňi ýapardyň. Sen Aýşöhläniň ýüregini ýararsyň. — Ynha, doganymyň maňa aýdýan «hoş» sözi. Sen-how, maňa kinaýat eňterip oturman, ýardam ber. Men size hakykaty aýdýaryn. Eger Humaýa öýlenmesem, ömrümi müjerret geçirerin. Isleseňiz, ant içeýin. Syraç öwhüldäp demini aldy, ellerini hereketlendirip janagyrly gürledi: — Doganjygym, seniň Humaýa öýlenmegiň üçin men iň ýowuz şata-da taýýar, ýöne Peleň ol guşy elinden uçuraýar öýdemok. Sibir ähli kişiniň ýanynda: «Gyzymy Peleňe äre berjek, toý taýýarlygyňyzy görüberiň!» diýdi. Toý gününi aýtdy. Hut şu gulaklarym bilen eşitdim. Soň Sibir beg Döwbasan begiň sawçylygynam kabul etmändi. Peleňe begligini berjeginem aýdypdy. Sibiriň o sözlerinden soň seniň bu sözleriň, inim, boş tamakinçilik bolýar. — Sibir gyzyny älemde ýok adama äre berip bilmez-ä. Dünýäde nämeleriň gopanyndan habaryň ýok seniň. Peleň öldürildi. Özem ol ertir toý diýlen güni öldürildi. — Peleň gürüm-jürüm bolupdyr diýib-ä eşitdim. — Dogry eşidipsiň. Döwbasan paltasy daşa degip gidensoň, meniň ogullaryma nesip etmedik Babyr begiň dogmasyna-da nesip etmesin diýip, öz sahybyny on bäş gulamy bilen iberip Peleňi öldürtdi. Maslygynam derýa taşlapdyrlar. — Sen nireden bilýärsiň? — Men hemme zady bilýärin, Syraç. Ynan maňa, Peleň ýok. — Düşnükli. Sen aýt maňa, Döwbasan Peleňi haýsy maksat bilen öldürdi? — Men näbileýin. — Sen bilmeýän bolsaň, men bilýärin. Döwbasanyň maksady Aýşöhlä öýlenmek. — Onda näme üçin Aýşöhläni almaga gelenok. — Geler. Howlukma. Hökman geler. Ýolbars awuny porsadyp iýýär. Döwbasan ýöne ýere Peleňi öldürenok. — Peleňi Döwbasan öldürtmedi. — Onda kim öldürtdi? — Başga biri. — Kim? — Aýtdym-a, başga biri diýip. — Wiý, ýaňyja özüň aýtdyň-a: «Peleňi Döwbasanyň sahyby öldürdi» diýip. Sen-ä bizi çaşynyň gözüne sereden ýaly etdiň — diýip, Upar janykdy. — Siz aşa köp biljek bolýarsyňyz. — Bilýän bolsaň aýt. — Aýdyp bolýan söz bar, aýdyp bolmaýan söz bar. Men size aýdyp bolýan söz-ä bir aýtdym, aýdyp bolmaýan sözlerdenem ep-esli aýtdym. — Äl, bir köp bilýän bolduň meniň başyna — diýip, Syraç gaharlandy. — Agaň gaharyny getirme, Matym, näme bilýän bolsaň aýt. Arkaýyn bol, aýdan sözüň şu öýden çykmaz. — Başga hiç zat aýtjak däl. Öldürseňizem aýtjak däl. — Aýtmasaň, aýtman geç. Ine, bir gün Döwbasan geler, Aýşöhlänem alyp gider. — Döwbasan garry. Oňa indi gyz däl, rahatlyk gerek. — Eşitdiňizmi, Aýşöhle Peleňi tapmak üçin çar ýana adam ýollapdyr. Hiç kim Peleňden uç-derek tapmandyr. Sibir beg: «Kim Peleňi tapyp berse, bäş ýüz altyn baýrak berjek» diýipdir — diýip, Upar dillendi. Syraç onuň sözüni makullady: — Dogry şol. Bäş ýüz altyn! — Aýşöhläniň gözýaş döküşi gaty ýürekdenmiş. Gije-gündiz aglaýarmyş. Peleňi tapyp getiren kişä Aýşöhle bäş ýüz altyndan başga dakynyp ýören ähli şaý-sepini-de berjekmiş. Çory bolup ýaşamaga razymyş. — Hatyn diýeniň meniňki ýaly däl-de, Aýşöhle ýaly bolaýsa. Özüm iýmän hatynyma iýdirýän, barybir, hatynym meniň üçin özüni oda urjak hatyn däl. Upar adamsynyň bu sözüni eşitmedik boldy: — Şu gün-ä gaty yssy boldy, özem bu yssy ir ertirden başlandy. Gün hezretleri uklajak-uklajakda howa biraz salkynlaýjak ýaly, eger-eger salkynlaýanok. — Äl, hiç kimsäniň bilmeýän zadyny aýtdyň-ow. — Hatynyňam bir bilýän zady bolarmy, ähli zady erkek hezretleri bilýär. Bol-bol erkek bol! Burny sümükli-de bolsaň, erkek bol! Erkek diýilýän ýelemýüwlet özüni tanamaz eken. ÝEDINJI BOÝ ÝÜZ OTDAN YSSY Sibir beg maşgalasynyň ownuk-uşak zatlaryna baş galdyryp ýören adam däldi. Geçirimlidi. Giňdi. Ýöne geçirimliligiňem, giňligiňem öz çägi bar. Üç-dört adamyň habary onuň ýüzüni lap-lapladyp gyzdyrdy. Ojar odunam şeýle laplap gyzýan däl bolsa gerek. Wah, ol iliň gepine gulak gabardyp ýörenem däldi. Uzynly gününi rabatda geçirerdi. Gelen kerwenleriň kerwenbaşylary, bezirgenler bilen gepleşerdi. Derýadan näçe düýäniň, näçe ýüküň, näçe adamyň geçirilmelidigini anyklardy, kerwenleriň, kimiň haýsy salda derýadan geçirilmelidigi, rabatda dynç alýanlara kimiň hyzmat etmelidigi barada öz adamlaryna anyk görkezmeleri bererdi. Derýadan geçmek, rabatda ýatyp-turmak, edilýän hyzmat üçin kerwenbaşylar, bezirgenler bilen Sibiriň özi hasaplaşyk geçerdi, işden soň bolsa her kimiň gazanan hakyny elin paýlap bererdi. Ähli zat hasaplydy, geçelgäniň umumy gaznasy bardy. Gaznaň eýesi Sibir begdi. Ýöne ol gaznadan gyrp-çyrp etjek bolmazdy. Asyl gyrp-çyrp edilmelidirem öýdülmezdi. Ol men geçelgäniň kethudasydyryn diýip, beglik satjak hem bolmazdy. Gerek bolsa, özem ylgap işläbererdi. Derýadan kerwen geçirmeli bolanda, adam güýji ýetmezlik etse, ol gürrüňsiz salçylar bilen goşulyşyp giderdi. Ýöne ol hor bolansoň salda işläre ejizdi. Derrew ýadaýardy. Şonda-da ýadadym diýip oturmaýardy. Özüniň edýän işi üçin goşmaça bir zatlar aljak hem bolmazdy. Ol durmuşyndan razydy, adamlar nägilelik bildirmeseler, ýaramaz ýaşamasalar onuň üçin bolan ýeridi. Ol Babyr begiň idegsiz ýatmaly däldigini bilýärdi. Eger onuň mejalsyz halda ýatandygyny, oňa göktürkmen kethudasynyň hemaýat etmeýändigini Göktürkmen şalygynyň wekilleri eşidäýse, özüne ýowuz jeza beriljekdigini bilýärdi, şonuň üçin ol her gün işden soň tapugçysyny Babyr begi iýdirip-içirmek üçin iberýärdi. Babyr bege gerek bolan owkatlygy hem aýratyn berip goýberýärdi. Ýöne Babyr beg: «Meniň üçin alada edip oturmaň, hiç zat işdäm ýok» diýip, getirilen zatlary yzyna gaýtarýardy. Köp zatlar wagtynda iýilmänsoň zaýa bolýardy. Babyr begiň ýanyny ýere bermesine, mejalsyzlygyna welin, Sibiriňem, geçelgäniň adamlarynyňam alaçlary ýokdy. Şu zatlardan soň Sibir begiň eşidýän gürrüňleri ony haýrana goýmazça däldi. Onuň iň uly gürrüňdeşi özüdi. Herki zady özüne gürrüň bererdi. Özüne geňeşerdi. Özi bilen jedelleşerdi. Ahyr bir pikire gelerdi. Ol başga gürrüňdeşem isläp durmazdy. Kimdir biri ýanyna gürleşmäge gelende-de, onuň bilen gürrüňi alşyp gidibermezdi. Sebäp ýanynda başga biri bolsa-da, ol hyýalynda öz-özi bilen gürleşer oturardy. Bar aladasy özi hem geçelgedi. Şeýle bolansoň adamlar ony gowy görýärdiler. Ähli meselelerini onuň bilen maslahatlaşýardylar. Ýöne soňky günler oňa iki gyzynyň Babyr begiň ýanyndan çykmaýandyklary hakda aýdyp ýüregini buladylar. Sibir beg bu habary aýalyna duýdurdy. Aýaly bu gürrüňleriň ýalandygyna kepil geçdi. Bu gün ýolda duşan iki sany dili uzynam onuň ýüregini çişirip goýberdi. Ol gaharyna bäs gelip bilmän, gagşaýan ýaly bolup öýüne bardy. Gelse, gyzy Aýşöhle törde otyr. — Näme iş edip ýörsüňiz siz? — diýip, Sibir beg öýi sarsdyryp gürledi. — Heý, şeýdibem çaga ýetişdirmek bolarmy? — Näme boldy? — Ony men senden soraýaryn? — Men-ä bilmedim... — Ine, bilmeseň. Ine, ine saňa — diýip, Sibir beg Päkinäniň çem gelen ýerine ýumrugyny gazap bilen inderdi. Hor bolsa-da, ejiz görünse-de, Sibir durşy bilen dogum-güýç eken: Päkine görgüli tüwdürilip gitdi. Aýşöhle gözüne ýaş aýlap, babasyna ýalbardy: — Baba, baba, urma! Sibir beg Aýşöhlä gazabyny ýuwdup seretdi. Sesi pessaý çykdy. — Sen aýryl, aňyrrakda dur. — Baba, eneme degme, ýalbarýaryn — diýip, Mähriban babasynyň elinden aslyşdy. — Siz ata-eneňiziň dawasyna goşulmaň. Hany, aýrylyň — diýip, Sibir beg aýalyny ýene ýumruklamaga durdy. — Gyzlaryňa göz-gulak bolman, terbiýe bermän, näme iş etdiň sen? Ä? Men senden soraýaryn? Näme üçin gyzlaryňa göz-gulak bolaňok, edep öwredeňok? — Olar öýden çykanok. — O nähili öýden çykanokmyş? Iki gyzyň akgyzlardan hem ogryn Babyr begiň başujuny alyp otyrmyş. Oňa kakmaç bişirip berýärler, içeri-daşarysyny süpürip berýärler. Kimiň gyzy şeýle iş edipdir? Kimiň gyzy öýden çykypdyr? — Biziň gyzlarymyz däldir. Biziň gyzlarymyz onuň ýaly iş etmez! — diýip, agzyndan akýan al gany eli bilen süpüren Päkine ýerinden çala galyp, soragly nazaryny Aýşöhlä dikdi. — Biziň gyzlarymyz däldir. Meniň gyzlarym meniklijedir. Kim näme diýýän bolsa-da ynanmaň, bize töhmet atýandyrlar. Olar menden bidin ýekeje ädimem ädenoklar. Aýşöhle gözünden boýur-boýur ýaş dökdi. Onuň aglaýşyny, enesiniň perişan halda ýatyşyny gören Mähriban hem hunybirýan aglamaga başlady. Gyzlarynyň aglaýşyndan many alan Päkine dogumlandy. — Öldür meni, Sibir, öldür! Men ýalňyşypdyryn. Menden bidin bir ýerik baran bolsalar, onda hakykatdan hem men asylly gyz ýetişdirip bilmändirin. Men gyzlaryma ömrümi berdim... Gürrüňiň näme hakda barýandygy Päkine bibä düşnüksiz bolsa-da, Aýşöhle bilen Mähriban üçin düşnüklidi. Olar jigerbendiniň, mähriban enesiniň özleri sebäpli urulmagyna ýanyp-bişýärdiler, babalaryny köşeşdirmek üçin näme etjeklerini bilmän, serasyma bolup durdylar. Daşardan kimdir biriniň sesi eşidildi: — Päkine, aý-u, Päkine! Syrajyň hatyny Upar ýylgyrjaklap içeri girdi. Içerdäkileriň bolup durşuny gören Uparyň zähresi ýarylan ýaly boldy. Onuň ýylgyrmasy galdy. Ol çykyp gidibermegi hem gelşiksiz görüp, iki jahan owarrasy bolup, iç işikde saklandy. Dursa-da gelşiksizdi, gidiberse-de. Beýle ýagdaýda, iň gowusy-ha görünmezlik, gaýtmak. Başga bir gün gelmek. Oňa-da Uparyň ýagdaýy ýok. Matym özelenip gün berenok ahyryn oňa. Ýöne, olaryň ýagdaýy-ha gudaçylyk gürrüňini ederli däl diýseň Matym ynanmaz. «Gelnejem göwnänok. Meniň möhümimi bitirmejek bolýar» diýer. Upar iki oduň arasynda galdy. Elinde-de düwünçegi. Düwünçekde üýtgeşik zat ýok: biraz nogul-nabat bilen iki sany nan bar. Eger düwünçek kabul edilse, işiň bitdigi. Kabul edilmese — düwünçek öňküsi ýaly yzyna gaýtarylyp berilse, onda işiň bitmedigi, Matyma gyzymyzy berjek däl diýdikleri biläý. — Men ýene bir gün geläýerin, Päkine. Ýöne düwünçegimi nätsemkäm? Nirede goýaýyn? — O nämäniň düwünçegi? — Adamym Merwden ýaňy geldi. Nogul-nabat getiripdir, dadyraýaýyn diýdim. — Bar, Aýşöhle, düwünçegi alyp gal. Aýşöhle birki ädim ätdi-de, saklandy. Megerem, nämäniň-nämedigini aňan bolarly. Ol ýene yzyna öwrüldi. Gyzynyň yza öwrülenini gören Päkine aljyraňňy gürledi: — Islän ýeriňde goýaý, Upar. — Men haçan geleýin, Päkine? — diýip, Upar gürrüňini anyklaşdyrmak isledi. — Soň özüm seniň bilen habarlaşaryn. Upar elindäki düwünçegini düşegiň üstünde goýdy-da, özüne zor salyp ýylgyrdy: — Istemi hanyň köşgem siziň öýüňizçe ýokdur. Sibir beg bimahal çak gelen bu myhmany gözleri bilen dalady. — Kim sen? Upar Sibir begiň bu sowalyna begenen bolarly: ýylgyrdy. Düşegiň bir gyrasynda oturyp, bir gyrada goýan düwünçegini öňüne süýşürdi: — Menmi? Men Supan dellalyň uly ogly Syrajyň hatyny men. Men Upar men. Bizi tanaýansyňyz-la. Adamym Merwe gidip geldi. Meniň Matym diýen ýüwürjim bar. Gaty menikli. — Munuň bilen näme alakasy bar munuň? — diýip, Sibir beg hatynyna ýüzlendi. — Hiç hili alakam ýok. Sibir beg ýene-de aýalyna garap gürledi: — Onda näme üçin gelipdir? Päkine hanym Uparyň gulagyna çawuş çakdy. — Häzir gaýt. Soň özüm habarlaşaryn. — Elbet. — Upar ýerinden turdy. — Hanan döwletiňize döwlet goşsun! Biziň-ä size hormat-sylagymyz çäksiz uludyr. Nesip bolsa, gatnaşyklar uzagyndan bolsun. Iş-alada ýeterlik bolýar. Gelip hal-ahwalyňyzdan habar alyp durmak isleýärin men. Aýşöhle, seniň ýagdaýlaryň gowumy? Göz degmesin. Babyr begden başga kişiniň öýüne barmaýarmyşyň. Munyň bolanok, Aýşöhle. Biziňkä-de bar. Içiňi gysdyrmarys. Mähribany-da alyp bar. — Heleý!.. — Sibir beg Päkine hanyma alarylyp seretdi. — Upar, ýör men seni ugradaýyn. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |