11:50 Göktürkmen söýgüsi -17/ romanyñ dowamy | |
SEKIZINJI BOÝ
Taryhy proza
ZENANLAR — ERKEKLERIŇ ÇÖWRE ÝÜZI Upar aňyrdan guş deýin uçup geldi. Gelibem ylla bir möhüm işi köýüp ýatan ýaly bolup, içeriniň ýorgan-düşeklerini tertipläp ugrady. Syraç bilen Matym onuň bu bolşuny nämä ýorjagyny bilmän, biri-birine seretdiler. Olaryň ikisem Uparyň osmakçylyga giden öýünden getirjek habaryna garaşyp otyrlar-a! Gitdi, taň etdi, gelensoň habaryny aýtman oturmasy näme Uparyň? Syraç: «Keýwany, näme boldy?» diýip, Matym: «Gelneje, näme habar?» diýip, Uparyň alkymyna dykylyp bardylar. Upar ylla olaryň soragyny eşitmeýän ýaly, münderlenip duran ýorganlary bir ýygnady, bir ýazdy, soň ýene täzeden ýygnamaga durdy. — Şu gün-ä howa gyzmak gyzdy. Ýerden howur göterilýär. Gün ýatjak-ýatjak bolup dur welin, şonda-da yssy aýrylyberenok. Päkine joramyň öýünden şu ýere gelýänçäm tas eräp gutarypdym. Biz-ä suwuň boýunda ýaşaýarys, herhal, gowy, gumuň içinde ýaşaýan görgülileriňki nähilikä? O görgüliler nädip yssa çydaýarkalar? Päkine joramyň otagy-ha buz ýaly eken. Aýşöhle bir jam buz ýaly şerbet berdi, ýogsam dagy öýe-de gelip belmezdim bu yssydan ýaňa. Aýşöhle jigimiň ömri uzak bolsun, men diýip ölüp-öçüp barýar. Syraç onuň elindäki ýorganyny kakyp alyp, ho beýläk zyňyp goýberdi. Şonda-da Upar ýylgyrjaklap gürlemän dur. Ýa näme gürlejegini bilenok ol. Garasaý, Upar adamsy bilen ýüwürjisini gürlemän kösemek kösedi, Syraç titräp, gaharlanyp ugraýança dymdy. — Iş bitmedi diýmegiň ebeteýini tapman dymýarsyň sen — diýip, Matym öwhüldäp ugransoň, Upar dil açdy: — Gelnejeňe gözüň öwrenişipdir seniň, Matym. — Seniň otdugyňy bilýän-ä men, gelneje. — Yzyňa ýel çalmanka dolanyp gelşiň-ä iş bitireniňkä meňzänok. Eliňden düwünçegiň alynsa, gepiň alşyp biraz eglenerdiň ahyryn. Saňa Humaýlara barmaga gorkup, düwünçegem ýolda gizläp gelen heleý diýerler — diýip, Syraç aýalyna ynanmazlyk etdi. — Siz maňa ömür ynanman geçdiňiz — diýip, Upar öýkesini ýaňzytdy. — Men nämeden gorkaýyn? Aýşöhle-de meniň ýaly adamdyr-da. — Aýşöhle bilen özüňi deňeşdirip otyrsyň-ow. Belki, ondan owadanraksyň? — Zenanyň hakyky owadanlygy birki burny sümükli dogransoň belli bolýandyr. Aýşöhläniň owadanlygynam görüberýäris entek. Ömür uzak. Birki çaga dogransoň, Aýşöhle Uparyň basyp giden yzyça-da bolmaz... — Derrew gelşiň-ä, Syrajyň aýdyşy ýaly, bir hili düşnüksiz. — Onuň sebäbi bar. — Aýt-da sebäbini. — Men bimahal bardym olara. Barsam, Sibir Päkinäni urup duran eken. — Hä? Näme üçin? — Näme üçindigini-hä bilmedim. Päkine görgüliniň üst-başy gara gan. Ýerinden turup bilenok. Ähli ýer Päkinäniň gany. Onuň ganyndan ýaňa oturara ýer ýok. Günbatar burçda el ýalak ýer bar eken. Ana, şol ýere Sibir düşek ýazdy. Ana, şondan soň şol düşegiň üstünde biraz dyz epdim. Olar meni oturtjak bolýarlar. Meniň welin, hernäçe ýalbarsalar-da, olaryňkyda oturasym gelmedi. Öz öýüňden gowusy ýok. Görüň, meniň ähli zadym ýerli-ýerindedir. Gaýtjak bolanymda Sibir: «Päkine, bar Upar bikäni ugrat!» diýdi. Päkine zordan ýerinden turup meni ugratdy. Şonda göz astyndan Päkinäni synladym. Endam-jany persala edilipdir görgüliniň. Maňa: «Gitme, sen gitseň, Sibir ýerçeken meni ýene urup başlar. Häzir ol seniň hatyraň üçin meni uranok. Sen meni ölümden alyp galdyň» diýýär. Meniň elimi sypaýar. — Sibir beg seniň adyňy nireden bilýär? — Sibir beg menden sorady: «Siz kimiň gelni bolarsyňyz?» diýip. — Menem jogap berdim: «Men Supan taýlagyň, ýagny dellalyň uly ogly Syrajyň baýbikesi Upar men» diýip. — Sibir beg seniň bilen gepleşen däldir. — Men Gün hezretlerinden ant içýärin: hakyt sorady. Menem: «Men Supan dellalyň uly ogly Syrajyň baýbikesi Upar men» diýip jogap berdim. Siziň maňa gözüňiz öwrenişipdir. Men baran ýerimde adamlar bilen dil tapmaga gaty ökde. Men adamlaryň ýüregine düşünýärin. Onsoň ähli kişi meniň bilen gürleşjek bolýar. Adamlar meni özlerine ýürekdeş saýýarlar, meni gowy görýärler. Meni görüp, Sibir begem çag-çag açylyp galdy. Sibir beg diýýäniňiz üýtgeşik adam däl eken. Päkine görgüli ärden oňmandyr. Sibir beg durşuna süňk. Ol uzyn bir garantga. Kyrk gün açlykdan turana meňzeýär ol. Ýüzem çopur. Agzynda ýeke dişem ýok öýdýärin. Meniň Gurt oglumyň-a ýüregi ýarylar ony görse. Eger şonuň ýaly adam äriň bolar diýseler, men-ä namys edip özümi öldürerdim. — Meniň ýaly är gyt bu dünýäde — diýip, Syraç güpledi. — Sibir aýalyny urup dur eken diýdiňmi häli? — Hawa, hawa. Sibir Päkine görgülini urmak urupdyr. Sibir Humaýam uraýypdyr öýdýärin. Olam-a aglap-eňräp duran eken. Gözi gyp-gyzyl, ýüzüne sereder ýaly däl. — Sibir Aýşöhlänem urupmy?! — Urupdyr öýdýärin. Sen howlukman, hemme zady bolşy-bolşy ýaly aýt — diýip, Matym sandygyň üstünden tirseklemek üçin güpjek aldy-da, süýndi. Upar näzini çekdirjek bolmasyny goýdy: gürrüň bermek üçin ykjamlandy: — Men baramsoň, Sibir aýalyny urmasyny goýdy. Näbileýin beýle ýagdaýy. Bilen bolsam, soňrak barardym. Köp zatlary, köplenç, öňünden aňýaryn men. Päkinelere özüme galsa şu gün barmakçy däldim. Sebäbi sol egnimde oturýan perişde Ahuramazda maňa: «Upar, şu gün Päkineleriňkä barma!» diýip aýtdy, ýöne barmasam Matym öýkelejek Matymyň göwni synandan şeýtanyň boýny omrulsyn. Bardym, işimi bitirdim. Päkine görgüliniň gara gana bulaşyp durşy göz öňümde şindem dur meniň. — Sen ýöne «Sibir Päkinäni urupdyr» diýip dursuň. Maňa bu hakda aýtma! Ursa ursun. Goý, ýene ursun. Sen maňa esasy gürrüň barada aýt. Hiç zat aýtman düwünçegi goýup gaýdyberdiňmi? — diýip, Syraç ýaňy joşup gürlemäge başlan hatynynyň sözüni böldi. — O näme üçin hiç zat aýtman? Aýtdym. Hemme zadam aýtdym. — Anygrak gürrüň ber! Hemme zat diýýäniň näme? — Men olaryň öýüne bardym. Meni görüp Sibir beg Päkinäni urmasyny goýdy. Soň men Päkinäni köşeşdirdim, «Giň bol!» diýdim. Soň düwünçegimi berdim. Men oňa: «Päkine, aý, ýelni kesilen, men-ä size garyndaşlyk açmak niýeti bilen geldim. Ynha-da jübüt nan. Şuny alyp gal!» diýdim. — Göni şeýle diýdiňmi? — diýip, Syraç ynanmazlyk etdi. — Diýdim. Näme üçin diýmäýin? Matym üçin başga näme diýmelem bolsa men diýerin. Adamymdan başga kişiden çekinemok men. — «Ýelni kesilen» diýdiňmi? — Diýäýdim öýdýärin. — Diýen dälsiň. — Näme diýmän. Ondan beterinem aýdaryn men. Siziň maňa gözüňiz öwrenişipdir. — Äh-ä, olar näme diýdi?! — «Matym juda edenli ýigit, gowy ýigit. Onuň ýaly gowy ýigit Hananda başga ýok. Siz bilen garyndaş bolup bilsek, armanymyz ýok. Size öňräkden bäri garaşyp ýördük» diýdi, Päkine. Päkine hakyt şeýle diýdi. Göni aýtdy oturyberdi ol. Sibirem «Päkine örän dogry aýdýar» diýip, ýöne baş atyp otyr. Ine, şu dony görýärsiňizmi? Bu don hakyt Aýşöhle janyň geýýän dony. Çykyp gaýdyberemde Aýşöhle yzymdan ýetdi. Aýşöhle maňa: «Upar!» diýdi. Menem: «Aýşöhle, utanma-da aýdyber!» diýdim. Ol: «Matyma söýgimden nyşan hökmünde bir zatlary senden ibermek isleýärin. Näme ibersemkäm?!» diýdi. Men oňa: «Aýşöhle, näme iberjegiňi özüň bil. Aý, ibermeseňem bolar-la» diýdim. Meni ugratmaga çykan Päkine bolsa, gyzynyň sözlerine utandy: «Men siziň gürleşmegiňize päsgel bermäýin» diýip, meniň bilen hoşlaşyp içeri girdi. Men Aýşöhläniň egnindäki donuna seretdim. Nähili matadan tikilendigini bilmek üçin çala elledim. Aýşöhle bolsa derrew egnindäki donuny çykaryp maňa uzatdy: «Elti, şuny meniň adymdan Matyma elin bersene, ýalbarýaryn» diýdi. Men birhiliräk gördüm, alyp gaýtmajak boldum. «Özüň eltip beräý» diýdim. Görsem, Aýşöhle gözüni ýaşlap, ýalbaryp dur. Soň dözmän alyp gaýdyberdim. Me, al, saňa Aýşöhleden sowgat — diýip, Upar Aýşöhläniň donuny Matyma uzatdy. Matym oraýany kumaşdan tikilen dony birsalym synlady-da, soňundan ony birki ýola ysgady, bagryna basdy. — Çynyňmy-aý?! — Wiý, bu oglany. Eýsem näme diýsin?! Geçelgede Aýşöhlä senden başga mynasyp ýigit barmy näme?! Aýşöhle seniň ýaly goç ýigidi tapyp bilse, depesine täç ediner. — Saçagy ýöne goýup gaýdyberdiňmi onsoň? — Ýok-la, menem bir saçagy ýöne goýup gaýdybererinmi, meni tanaňzokmy? Göni sözüm bar meniň. «Çörek alşalyň. Ynha saçagym!» diýip, saçagy uzatdym. Päkine aýtdy: «Upar, saçagyňy eliňden Aýşöhle alsyn, yrym edýärin» diýdi. Aýşöhle bir başda utanjak ýaly etdi-de, ýanyma geldi. «Upar, saňa elti bolmalymy?» diýdi. Menem Sibiriň ýanynda Matymy taryplap durmagy gelşiksiz gördüm-de, baş atdym. «Onuň ýaly bolsa, saçagyňyzy begene-begene alaryn» diýdi. Päkine içindäkini saklap bilmedi: «Gyzymyz-a ärsiräp gidipdir» diýdi. — Haý, gelneje, şu aýdanlaň ýarysy dogram bolsa men razy. Bu sözleriňe ýalanam bolsa gaty ynanasym gelýär. Upar içerä göz aýlady: — Wah, içerimi bir tertibe salaýyn. Hemme zadym akan-dökän bolup ýatyr. — Sibirleriňkidemi? — diýip, Matym sorady. — Olaryň öýünden-ä çykasyň gelenok. Hemme zatlary ýerbe-ýer. Babyr begden galan zatlaryň baryny çykaryp zyňyp, täzesini goýupdyrlar. Men öz öýümiziň gürrüňini edýärin. Çagaly öý-dä. Bir zady tertipläpjik goýdum diýýärsiň, çagalaryň sähel salymyň içinde ähli zadyňy agdar-düňder edýärler. Çagalar daşarda oýnaberselerem boljak. Şu gün-ä daşaram çykar ýaly däl. Yssy. Üwf. Öýe gelýänçäm yssydan ýaňa tas ölüpdim — diýip, Upar kejirlik bilen Aýşöhleli gürrüňiň üstünden baranokdy. Adamsynyňam, Matymyňam ýalbarmagyny isleýärdi. Ol häzir joşgunlydy. Şeýle bir gürläsi gelýärdi, hyýal aty bu mahal çarpaýa galypdy. — Heleý, gürrüňiň soňuny «hyşa çygşylda» öwräýdiň-le. Soňunyň näme bilen gutarandygyny aýtmadyň-la?! Başda «Sibirleriň öýüne girer ýaly däl. Päkinäniň sakar ganyndan ýaňa aýak basara ýer ýok» diýdiň. Indem: «Olaryň öýi gowy, çykasyň gelenok» diýýärsiň. Seniň haýsy sözüňe ynanmaly? — Ärden oňmadym, maňlaýym gara eken meniň. Ol maňa bütin ömrüme ynanman, janymy ýakyp geçdi. Päkineleriň öýüniň biziňkiden gowudygyna söz ýok. Ähli zatlaram ýerbe-ýer. Ýöne düşekleri welin gara gan. Gan topugyňdan gelýär. Daşary çykyp aýagyma ýokaşan ganlary ýuwup aýyrdym men. Gara gan bolup öýe gelmäýin diýdim. Yrym etdim. Mydama meniň yhlasymyň ýüzüne urýarsyňyz. Islegiňiz meniň gürlemezligim bolsa, gürlejegem däl men, özüňiz gürläberiň. Sawçylyga-da özüňiz gidiň. Siz ökde ahyryn sawçylyga... — Upar torsarylyp öýden çykyp gitdi. — Heleý, derrew gel! Ýogsam häzir urup öldürerin. Upar geldi. — Indi gürlejek däl! Owf, howa yssy. — Gelneje, beýtmesene. Humaýyň näme diýenini aýtsana. Biz garaşyp durus-a. Senem howanyň yssydygynyň gürrüňini edýärsiň. Jähennemiň dik düýbüne yssy bolsa! Biz, näme, muny bilmän durusmy? Buz ýaly howany bu iki arada saňa nireden tapyp bereli. Sen bize bilmeýän zadymyzy aýt. — Içerde durarlygy ýok — diýip, Upar gapa ýöneldi. — Şajar ýomut gürrüň berýärmiş: Baýköl diýen ýerde yssy hiç wagt bolmaýarmyş diýip. Afrasýap atamyz yssy geçýänçä her ýyl Baýköle gider eken. — Kim nirä gitse, şoňa gitsin! Sen öz giden ýeriň gürrüňini ber! — Näme, üstüme dazarylýaňyz? Size Aýşöhle gerekmi? Aýşöhle ýok size! Üstüme gygyrsaňyz, hiç zadam gürrüň berjek däl. Siz — erkek kişiler. Baryň, özüňiz Sibir begiň ýanyna. Meni ibermäň. — Wiý, gelnejemiň öýkeläp duran zadyny! Syraç äriň-how seniň. Ol-a üstüňe gygyrmak eken, islese uraram. Syraç degişýär-ow. Syraç, gygyramok, degişdim diýsene! — Matym, goýsana, men heleýimiň ýanynda heý kiçelerinmi? — Uparyňam sözi sözdür, rast, Aýşöhle ýok diýdimmi, ýok. Gutardy. Ölsemem sözümden dänmerin! — Gelneje, kejeňek, öýkeçil bolmak aýal maşgala asla gelişýän zat däl. Sen äriň bilen deň bolma! — Meniň bilen deň bolup bilmez ol. — Islese bolar. Hatynlardan herki zat çykar. — Matym Uparyň ýüzüne naýynjar garady. — Ynan, bütin ömrüme hyzmatyňda bolaýyn, ýag iýdirip, ýüpek-keteni geýdireýin. Hany, Sibirleriňkä barşyňy täzeden jikme-jik. — Otur onda gaşymda... DOKUZYNJY BOÝ PERWANANYŇ KYSMATY Supan taýlak aladaňdanlar ogly Matymy oýardy. — Oglum, olar bu gün günortan gelerler, oňa çenli biz ony-muny taýýarlaly. Matym başujunda oturan babasyna geňirgenme bilen seretdi. Ukudan oňly açylyp-açylman, geňirgenmesini daşyna çykardy: — Nämäni taýýarlamaly?! Supan oglunyň bu sowalyny halamady, şonda-da giňlige salyp jogap berdi: — Bu gün günortan Uparyň hossarlary geljek. Olar bilen düşünişmeli bolarys. — Nämäni? — Matym artykmaç sowal berendigine düşünip gyzardy. Supan dellal ýene giňlige saldy: — Bu gün gelnejeň yzyndan hossarlary gelýär. Matymyň göz atuwynda gözi ýaşly gelnejesi Upar janlandy. Gelnejesi onuň üçin, gör, näçe yhlas etdi. Ýöne bolmajak bolsa, bolmaz eken. Yhlas bilen iş bitmeli bolsa, şol işi Upar bitirmelidi. Haýp, bolmady-da. Indi şol yhlasly gelnejeň gidibermelimi? Indi ony özi islemese, saklap bolmaz. Äri ölse, aýala talakmydyr? Supan taýlak hem, elbet, Matymyň şu pikirini telim sapar içinden gaýtalan bolsun gerek, öwhüldäp demini aldy-da, ýerinden turdy. Matym oýaly-ukuly halyna babasynyň yzyna düşdi. Dünýäde garaşýan zadyňdan garaşmaýan zadyň köp bolýar. Ýöne Syrajyň kimdir biri bilen garpyşjagy, öldüriljegi garaşylmadyk zat däldi, onuň bu gün bolmasa, ertir kimdir biri tarapyndan öldürilmegine küren Hanan garaşýardy. Sebäbi ol diliniň eýesi däldi. Aýtmaly däl zady aýtmakdan lezzet alýardy ol. Aýdylmaly däl zady aýtsaň, seni hiç kimiň halamajakdygy köre hasa. Aýby açylan kişiniň Syraç bilen ýakalaşjakdygam köre hasa hakykat. Bir zadyň bolmagyndan ätiýaç edip, Sibir beg iki sany deşli kişini gorag hökmünde mydama Syrajyň ýanynda goýardy. Mydama gürlemezligi sargyt edýärdi. Öýe barsa babasy, işe barsa Sibir beg ähli zatdan öň oňa «Gürleme! Gürleme!» diýýärdiler. Göktaňry alaýyn diýse, ähli kişiniň gözlerini güýdüşdiribem alyp bilýär eken. Syraç hem kysmatyndan gaçyp gutulyp bilmedi. Derýadan aňry geçilende ol bezirgenleriň birine bir batnyksyz sözüni — batnyksyz söz bolsa onda kän, şol kän sözlerini çem gelene aýdyp, adamlaryň myrryhyny atlandyrmasa ol rahatlyk tapanok — aýdypdyr. Işi biten — derýadan geçen bir bezirgenem onuň minnetini çekip durman, göz açyp-ýumasy salymyň içinde jugdanyndan ak saplyny urup, gyrmyzy gan edip çykarypdyr. Goragçy iki kişi «haýt» diýmäge-de ýetişmän galypdyr. Şol iki kişiniň sözüne görä-hä Syraç bilen bezirgen Aýşöhläniň gürrüňini edipdir. Anyk gürrüň etmäge ýetişilmändir, iki hananly hem bezirgeniň almytyny beripdir. Ýöne bezirgeni öldüreniň bilen Syraç direlenok. Jesedi Hanana getirdiler. Ilki Kössegi, soňundan Syrajy elden gidiren Supan guduzlan ýaly bolup gezipdi. Soňky günler içini hümledip, uzynly gününi ýatyp geçirdi. Şonda-da Sibir beg ony hiç zada mätäç etmedi. Gizläp goýan altynlarynyň, akjalarynyň ogurlanmagy-da Supan dellala gaty uly urgy bolupdy. Urgy üstüne urgy. Syrajyň iki ogly ir bilen turup, ojaga ot salyşdy. — Siz näme üçin bu gün ir turduňyz? — diýip, Supan taýlak agtyklaryna ýüzlendi. Olar näme üçin ir turandyklarynyň sebäbini näbilsin?! — Bu gün toý edýärismi? — diýip, bäş-alty ýaşlaryndaky Gurt atasynyň gujagyna doldy. Supan taýlak agtygyny gujaklap durşuna, oňa näme jogap berjegini bilmän kösendi. — Ata, biz toý edýärismi? Matym atasyna kömege ýetişdi. — Günortan babaň geler, mamaň geler. Ýüz berilse, çagaň soragam köpelýär, gepem. Atasynyň, agasynyň yhlaslydygyny aňan Gurt ýene atasyna ýüzlendi. — Ata, ata, mamam gelse, biz olara gezmäge gidäýeli? — Gezmägemi? — Oýnamaga. — Meni göresiň gelmezmi? — Men derrew geljeg-ä. Supan taýlak agtygyna näme jogap berjegini bilmedi. Bu günki iddäniň1 näme bilen gutarjagyny Supanyň özem bilenokdy. Onsoň, ol agtygyna näme jogap bersin?! Birden Supan taýlagyň göwnüne güman gitdi: — Mamaňlara gitmeli diýip biri saňa aýtdymy? Eneň aýtdymy mamaňlara gideli diýip? Gözlerini petredip, sandyrap gürleýän atasynyň bolşundan Gurt biçak gorkdy: — Ýo-ýok. — Gurt, sen gorkma. Sen erkeg-ä. Erkekler hiç zatdan gorkmaly däl. Dogrumy? — diýip, Matym Gurduň başyndan sypady. — Dogry. — Seni gowy görýäris gerek? Gurt baş atdy. — Eneň saňa şu ýakynda: «Mamaňlara gideris. Şol ýerde ýaşarys» diýdimi? — Biz mamamlara gidýärismi? Mamamlarda ýaşamalymy? Enem bilse-de, babamlarda ýaşajagymyzy maňa aýtmandyr. — Seniň mamaňlarda ýaşasyň gelýärmi? Gurt süýjülik bilen baş atdy. — Bu ýeri gowumy, mamaňlaryňky? — Mamamlaryňky gowy. Supan taýlak ýene sowal berdi: — Olaryň nämesi gowy?! — Mamam her gün ertir süýt berýär. — Eneň süýt berenokmy? — Enemmi? Enem süýt bermeýär. Hiç bermeýär. — Gurt haýsydyr bir iş bilen daş çykan enesini görüp, atasyna gysmyljyrady. — Heleý, aý, heleý! — diýip, Supan taýlak aýaly Rahadaýa ýüzlendi. — Meniň agtyklaryma her gün süýt beriň. Goý, olar süýt içsinler. Öý bikesi baş atdy. Baý-ba, süýt içjek iki jigit hil bir iş bitiren dek, enesine nädendiris diýýän ýaly, ýylgyrjaklaşyp bakdylar. Iki sany ümbilmez çaganyň yzyndan seredip duran Matym uludan demini aldy. — Supanyň hatyny ärim öldi diýip çagalaryny döküp gidibirmikä? — Aýal bir naçardyr-da, onda näme ygtyýar bar. Git diýseň, gider, otur diýseň, oturar. Aýala sala salynýarmy näme. — Gitse-hä birhili agyr degjek. — Upar — Supan taýlaklaryň gelni. Oňa ýat erkegiň eli degmeli däldir. Çagalary kesekiniň gapysynda syňsyramaly däldir. — Näme diýmekçi bolýarsyň, baba? — Agaň yhlasyna keseki demi düşmesin diýmekçi bolýaryn. Ysnady ikimize ýeter. Jigileriň kesekini hossar tutunmasyn, kesekiniň taýagyny iýmesin. — Ol meniň gelnejem ahyryn. — Babasynyň näme diýmekçi bolýandygyna düşünen Matymyň tutarygy ejiz göründi. — Salar Gazan atamyzyň wesýeti şeýledir. * * * Akmeýdanly gudalar bir topar bolup geldi. Olary ataly-ogul arzylap garşylady. Atasyndan hoş söz eşidip geçisi daga ýaýran Gurt mamasyna bakan okduryldy. — Mama, mama, biz sizlere gidýäris. Enemem gidýär. Bizlere ýene süýt berermiň? Gurduň habary duranlary serpmeden gaýdan ýaly etdi. Oglunyň bu sözi ýöne ýere aýtmandygyna düşünen Upar horkuldap aglamaga başlady. Supan taýlak agtygynyň nädogry gürländigini bilýär, ony ähli kişem bilýär. Ýöne çaga çaga bolýar. Onuň öz dünýäsi bar. Ulularyň borjy çagalaryň ýalňyşyny düzetmek. Supan taýlak hem agtygynyň döreden dartgynlylygyny gowşatmaga çalyşdy: — Hany, gudalar, içeri giriň. Upar, goý senem sesiňi. Öýümize ezizleýän adamlarymyz geldi. Gözýaş bilen däl, mynasyp garşylalyň, göktürkmen adyna mynasyp bolalyň. Ähli kişi iňňäniň üstünde oturan ýalydy. Supan taýlak bu dartgynly ýagdaýy aradan aýyrmak üçin birki gezek arçyndy-da, söze başlady: — Guda, göktürkmeniň ata-baba gelýän öz kadasy, öz düzgüni bar. Hersi öz ýerinde bolsa gowy. Bizem şol kada-düzgüni saklasak gowy. Ýöne käte garaşmaýan ýagdaýyňam ýüze çykaýýar. Agtygymyz özi bilmezden ýüreklerimize dowul saldy. Şonuň üçin nahardan öň agtygymyzyň ýaňky gozgan gürrüňini çözäýsek, soň rahat oturarys. — Maslahat sizdendir, Supan! Dakylmak adyny alan bu kada Oguz hanyň, onuň nebereleriniň oýlanyp-oýlanyp, gaty pähimlilik, parasatlylyk bilen oguz-göktürkmenlerine girizen kadasy. Bu kada iň ýörgünli kada. Bu kada-dessurynyň nähili geçirilýändigini her bir göktürkmen bilýär. Kim söze başlamaly, kim näme diýmeli, soňundan näme etmeli? Bu zatlary götürkmen ýaşlykdan bilýär. Sebäbi bu kada ähli maşgala agzalary, çagalar-da gatnaşdyrylýar. Dakylmak dessurynyň geçirilişine obanyň kethudasy-da, ýomudy-da, din hadymy-da, goňşy-golamlar-da gatnaşdyrylýar. Bu gün dakylmak kadasynyň ediljegi-edilmejegi belli bolmandan soň, Supan taýlak hiç kimsäni çagyrmandy. Bu günki ýygnanyşyk gudalaryň ilkinji özara geňeşi bolmalydy. Entek taraplaryň pikirleri anyk däldi. Eger makul tapylsa, dakylmak kadasy, has anygy, dakylma toýy soň bolmalydy. Şu günki gelinjek pikir mundan buýanky ediljek işleri, tutumlary çözmelidi. Supan taýlak arkaýyndy. Çünki ol şu gün daňdan ogly Matym bilen anyk bir pikire gelipdi: — Bolan betbagtçylykdan habaryňyz bar. Upar indi meniň perzendim. Onuň başga bir gapydan girip-çykmagyny, başga bir kişi üçin ot ýakmagyny islämzok. Syna özümiziňki. Öz synamyza ýene özümiz eýe durmakçy, eger garşy bolmasaňyz-a. Garaman guda içerdäkilere birlaý nazar aýlady-da, ýuwaşja gürledi. — Gyz — atasy öýüne myhman. Biz myhmanymyzy ugratdyk. Maslahat sizden, yzyna al diýseňiz alajymyz ýok, eýe çykmaly bolarys, alarys, ýok, özümiz ýene eýe durarys diýseňiz, oňa ýetesi zat ýok. Ýöne... — Ýönesi näme onuň? — Matym bir ýaş ýigit. Iki çaganyň garamatyny boýnuna almak agyr düşäýmesin, oňa?! — Maňlaýydyr-da. Onsoňam agasynyň garamaty — öz garamaty onuň. Ony keseden gelip çekişjek ýok. Meniň indi köpüm geçip azym galypdyr. Şu ojagyň bar garamaty indi Matyma düşýär. Indi Matym Syrajyňam, Kössegiňem ýerini tutmaly. — Matym öýlenjek däl diýip kasam içenmiş diýýärler-le?! Oturanlaryň soragly nazarlary Matyma gönükdi. Elbet, bu günki geňeşde Matym gürlemeli. Hökman gürlemeli. Sebäp Uparyň mundan buýanky ömri Matyma bagly. Bu gün ähli zatlary aýdyňlaşdyrmaly bolar. — Durmuş meniň pikir edişimden çökderräk eken. Men diýen sözümden boýun gaçyramok. Ondan gelnejemiň... — Aýdyber, aýdyber. Ýüzi köz deýin gyzaran Matym «gelneje» sözüni nähak aýdandygyna düşündi. Indi şol öwrenişen sözüňi aýtmaly däl. — Oglum, aýdyber, bir zad-a diýjek bolduň. Matym ardynjyrap sözüni dowam etdirdi: — ...Ondan Uparyň hem habary bardyr. — Ömründe birinji gezek gelnejesiniň adyny tutan Matym ýene-de ardynjyrady. — Agamyň namysy — meniň namysym. Agamyň yzyny saklamak meniň erkeklik borjum. Men göktürkmen adyma ysnat ýetirmerin. — Gelnimiz näme diýýär? Upar näme diýsin görgüli, ol enesini gujaklap, bagryny paralap, möňňürip-möňňürip aglap otyr. Gaýynenesi Rahadaý gelni Uparyň synyndan çekdi. — Bizden närazy ýeriň bolsa aýt, gelin. Niýetimiz-ä seni aýamyzda götermek. Uly ogluma yhlas etdiň. Senden gaty razydyrys. Göni gelen ajala bolsa çäre ýok. Indem saňa ýene-de özümiz eýe bolsak diýýäris. Yhlasyňdan, adamkärçiligiňden örän razydyrys. Uparyň enesi dillendi. — Gyzymyzyňam, özümiziňem Matyma nebsimiz agyrýar, dogrusy. — Başga birine öýeremizde-de, gelnimiz Upardan gowusy tapdyrmaz — diýip, Rahadaý janykdy. Oturanlaryň nazary Matyma gönükdi. Olar Matymdan jemleýji söze garaşýarlar. Matym gürledi: — Maňa nebsiňiz agyrmasyn. Siziň gowy gyzyňyz bar. Görk ýerinde görki, erk ýerinde erki bar. Men gyzyňyzy hiç bir zada hor-zar etmerin. Hiç bir zatda kemsinmez. Nesip bolsa, Uparam, Gurdam, Hikmetem hiç bir zada mätäç etmerin. Ara dymyşlyk düşdi. Indi kim näme diýsin?! Ähli zat düşnükli. — Onda gürrüňi jemläliň. — Supan taýlak ýene birlaý oturanlary synlap çykdy. — Agtyklarymyz bir gün, ýarym gün mamasynyň süýdüni içip gaýtsyn. Soň çagalaryny Matym baryp alyp gaýdar. Gurt jandurmazaklygyny etdi. — Akga, akga, bizi haçan alyp gaýtjak? — Maňa akga diýme, oglum. Maňa: «Baba» diý. Sen meniň oglum ahyryn. Birki günden soň alyp gaýtmak üçin yzyňyzdan bararyn. Siz öýde bolmasaňyz, biziň içimiz gysar. Meniň sizi göresim geler, oglum... ONUNJY BOÝ BIR KESEK BIR SÜRI GUŞY UÇURÝAR Başga obalarda-da şeýledir-le: delräk zadyň üstünden barsalar, derrew şol ýere ýygnanyşyp, tomaşa görmek bilen bolýarlar. Bu gün Supan taýlak hem geçelgäniň adamlaryny öýüniň daşyna irgözinden çakylyksyz ýygnamagy başardy. Sebäp onuň edýän işi geçelgede hiç kesiň etmeýän işidi. Ol daň atandan agtyklaryny daşary çykardy. Soňundanam öýüň içindäki goş-golamlary daşaryk çykaryp ugrady. Onuň bolşuny aýaly geňledi: — Näme etjek bolýarsyň? Matym sorady: — Göçýärismi, baba? Başky soragyna jogap alyp bilmedigem bolsa, Rahadaý garabaşyna gaý bolup içeriniň goşlaryny daşaryk çekýän adamsynyň yzyndan galmady: — Göçjek diýip öň aýtmandyň-la? Göçsek, nirä göçýäris? Hiç kime ýagşydan-ýamandan hiç zat aýtman obadan çykyp gidibermek bolarmy? Supanyň agtyklary Gurt bilen ýaňyja dil biten posala Hikmet sorag bermekde özara ýaryşýan ýalydylar: — Ata, öýi otlajakmy? — Ata, biz göçýärismi? — Ata, bizem öýüň goşlaryny çykaralymy? Hojaýyn bolsaň, sende birgiden artykmaç hukuklar bolýar. Maşgalanyň eýesi çagalarynyň sowallaryna islese jogap berýär, islemese jogap berenok. Supan hem şeýle. Soraglara jogap berjek bolup duranok. Çünki ol erkek, çünki ol maşgalabaşy. — Haýsy bir işi men size aýdyp etdirmeli?! Rast, babaňyz edýärmi, sizem ediberiň! Supanyň bu gazaply sözünden soň Rahadaýam, çagalaram sorag berip, gykylyk eşitjek, öz keýplerini gaçyrjak bolup durmadylar. Rahadaý özüne göwünlik berip, içini gepletdi: «Atasy edýän işini bilýändir. Öý goşlaryny öýden çykarýan bolsa, şeýtmek gerekdir. Ata maşgalasyny bile-göre tüneksiz goýmaz! Göçülýän bolsa, diýmek, günümiz şu günümizden gowy boljakdyr. Kim ýaramaz durmuşda ýaşamak üçin başga oba göçer?! Näme bolsa bähbide bolsun! Iň esasy, soňy gowy bolsun! Göktaňry gowusyny etsin». — Goňşy, eýgilikmi?! — Supan, goşuňy paýlaşjak bolýarsyňmy? — Bu zatlaryňy satlyga çykardyňmy? — «Öýümde ogurlyk boldy, köp zadymy ogurlapdyrlar» diýip alazenzele etdiň welin, öý goşlaryňa seretseň-ä ogurlyk bolana meňzänok. — «Öýümi taladylar» diýip, bizden öýke edip göçjek bolýarsyňmy? — Supan, gije çepiňe ýatdyňmy? — Oba ýagy çozjak bolsa, bizem ät galmaly, habaryňy aýt-how, Supan han... Geçelgäniň bu ýere ýygnanan adamlarynyň bu soňsuz hem sansyz sowallaryny depme kerem ahyr eşiderdi. Ýöne Supan eşitmedi. Adamlar bolsa işlerini taşlap Supanyň öýüniň ýanyna ýygnanyşyp, jogap alsalaram-almasalaram sowal yzyna sowal berýärdiler. Olar Supanyň sesini çykarman, soraglara-da ýagşydan-ýamandan jogap bermän öý goşlaryny daşaryk daşap durşuny nämä ýorjagyny bilmeýärdiler. Şol hem adamlaryň içini it bolup jyrrym-jyrrym ýyrtýardy. Supanyň dymyp işlemesi Rahadaýa-da, çagalara-da geçdi. Atasy gaharlyka gürlemegiň oňlugyň üstünden eltmejekdigini göçülýän öýüň agzalarynyň içinde bilmeýäni ýok. Şonuň üçin olar hem kere, hem lala öwrülipdiler. Goş-golamy daşaryk doly çykarylandan soň, Supan öwhüldäp demini aldy-da, nepesini dürsemek üçin aşak çökdi. Rahadaý, çagalar: haçan öýerseňem ir öýeripsiň diýdirmejek, jaýty murty lowurdap duran japy Matym, kömegi ýeten Gurt, körpe Hikmet Supanyň bolşuny gaýtaladylar. Supan uzak oturmady: depe bolup duran ojar odunlary öýüň içine çekip ugrady. Onuň bu bolşuny nämä ýorjagyny bilmedik Rahadaý saklanyp bilmedi: — Babasy, näme etjek bolýarsyň? Matymam sorag berdi: — Näme etjek bolýandygyňa düşünýän däldiris. Düşündir, baba. Supan depesinden soraglaryň ýagyş bolup guýulmagyny islemedik bolarly, aýalyna, Matyma gazap bilen seretdi. Bu bakyş: «Sorag berip gaharymy getirmäň. Gaharymy getirseňiz, menden eýgilige garaşmaň. Bu boş haýbat däl» diýildigi. Muňa belet bolanlaryndan soň öýdäkiler ýene dymmak dymdylar. Sorag bermeli däldigi belli bolansoň, içerik odun çekmäge başladylar. Adamlar Supanyň bu bolşunyň hikmetini bilmeseler, heý, rahatlanyp biljeklermi, olaryň birki sanysy gitdi-de, Sibir begi çagyryp geldi. Sibir beg birmeýdan Supanyň eden işlerini, soňundan edip ýören işini synlady. Onuň gelenini gören Supan odun çekmesini goýdy. Taňry salamyny berip, kethudanyň ýanyna bardy. Bu kişi bilen isledigiňçe däl-de, onuň isleýşiçe gürleşmeli, özem gaty edepli-ekramly gürleşmeli. Çünki ol şu geçelgäniň kethudasy. Kethudany sylamazlyk — Taňryny sylamazlyk bilen barabar. Sebäbi han hem beg Taňrynyň ýerdäki wekili. Taňry özüniň ýerdäki wekilini sylamadyk kişini — özüni sylamadykdan hem iki esse agyr jezalandyrýar. Göktaňry: «Maňa «sen» diýip bilersiň, ýöne wekilime «siz» diýmelisiň, hormatlamalysyň. Eger meniň wekilimi hormatlamasaň — «sen» diýseň, almytyňy iki esse agyr alarsyň» diýipdir diýip, hut Sibir jemagatyň öňünde, gör, näçe gezekler tekrarlady. Şonuň üçin, gaty mylakatly bolmak gerek, Taňrynyň wekiliniň gaharyny getirmekden Göktaňrynyň özi saklasyn! — Supan, görýän welin, sen Hanandan göçmek isleýärsiň. Nirede ýaşasaňam janyň sag bolsun, agyran-ynjan ýeriň bolsa aýt, biziň günämizi geç. Bizden gaty görme. Bizden razy bol. Sag gidip, aman ýaşa. Näme kömek gerek bolsa, elimizden gelen kömegi seniň üçin gaýgyrmarys. — Sibir, Göktaňrynyň ýeke bendesindenem nägileligim ýok meniň. Bu barada men saňa öň aýtdym. — Sen ol gün göçjekdigiňi, Göktaňry bilen gürleşendigiňi aýdaňsoň, saňa ýüregim awady. Rast, Göktaňry aýdan bolsa, dogrudyr, belanyň öňünden gaçan ýagşy. Bizi ýagşylykda ýatla, Matym örňäp gidensoň oba dolangyn. — Nesip bolsa... — Supan, ogurlyk babatda men käbir zatlary anykladym... — Anykladym diýdiňmi? — diýip, Supan taýlak gaşlaryny bürüşdirip Sibir bege seretdi. — Anykladym, Supan. — Dur, dur. Sen bu babatda kimdir biriniň ýanynda gürlediňmi? — Muny Şajar ýomutdan başga hiç kim bilenok. Seniň bilen geňeşmän, hiç kime hiç zat aýtmaly däl diýişdik. — Onda men ikiňizdenem towakga edýärin. Ogrynyň kimdigi, näme üçin ogurlyk edilendigi, nämeleriň bolandygy barada hiç kime hiç zat aýtmaň. Ine, meniň barja-ýokja akjam. Başga ýeke akjam-da ýok. Gürrüň üçümiziň aramyzda galsyn — diýip, Supan taýlak goltugyndan bir çal düwünçek çykaryp Sibir bege uzatdy. — Sen başga oba göçüp barýan adam. Baran ýeriňde ornaşýançaň saňa akja gerek bolar. Şonuň üçin hem bize hiç zat berme. — Ýok, ýok, al. Men rahat ýaşamak isleýärin. — Goý, seniň diýeniň bolsun. — Sibir beg düwünçegi goltugyna saldy. Öýi ýakjak bolup köp çytraşdylar. Ýanmady. Hernäçe odun bilen ýakyljagam bolsa öý ýanmady. Odun ýandy. Tükendi. Heý, göktürkmeniň öýem bir ýanarmy?! Göktürkmen öýi ýanmaýar. Ýanýan bolsa, onda ol göktürkmen öýi däldir. Supanyň jany ýandy. Supanyň jigeri ýandy, öýi welin, ýanmady. Supan taýlak bäş sany düýä goş-golamlaryny ýükläp, suwuň akymynyň ugry bilen ýola düşdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |