22:58 Göktürkmen söýgüsi -25/ romanyñ dowamy | |
DOKUZYNJY BOÝ
Taryhy proza
ÝARANYŇ NEBSIŇ BOLSA, TAŇRYNYŇ GOLDAWAM EJIZ GELER Döwbasan bu günem ýerinden turmasa turmazdy, ýöne goňşy beglikleriň birinde beglik edýän ogly Taran babasyna üýtgeşik bir bedew getirendigini aýtdy, onsoň Döwbasan nädip rahat ýatsyn?! Göktürkmen begleri bir-ä bedew atyň, ikinjem gözel gyzyň mährinden asla ganyp bilmeýärler. Döwbasan ogly Taran: «Baba, seniň üçin gözel gyz getirdim» diýen bolsa, meger, turmasa turmazdy, ýöne bedew — garry bile gurbat ahyryn. Ol sowgat getirilen bedewi görmese bolmaz. Döwbasan çawuşlarynyň tekgesi bilen bedewiň ýanyna bardy. Eý-ho! Göktaňry göktürkmenine bedew-ä eçilip bilipdir. Göktürkmen bedewi — tekge bedewi! Öwüşgin atyşyny, gyz duruşyny bir görüň-ä onuň! Bedewiň tegelek, mähirli ala gözlerine nazary düşen Döwbasanyň endamyna gurp çaýylan ýaly boldy, bedew argamaga atlanasy geldi. Boýnuny talawladyşy bir enaýy onuň. Iň gowy atlarda bolýan dört sypat bu atda hem bar. Dört sypat — üç gysga, üç dury, üç uzyn, üç giň; üç dury — gözüniň dury bolmagy, derisiniň öwüşgin atyp, lowurdap durmagy, toýnaklarynyň ýalpyldamagy; üç gysga — guýrugynyň, injiginiň we arkasynyň gysgalygy; üç uzyn — burnunyň, boýnunyň we öňki aýaklarynyň uzyn bolmagy; üç giň — garnynyň, burnunyň deşiginiň, maňlaýynyň giňligi. Döwbasan öň ýeke gezegem beýle owadan ak argamagy görmändi, ýöne ol Oguz handa, Akşuňkarda şeýle owadan ak argamagyň bolandygyny eşidipdi. Dogrusy, Bumyn hana şeýle bir ak argamagy özi peşgeş beripdi, ýöne ol ak argamak bu argamak ýaly, juda bir owadan däldi. Söz ýok, olam taýsyz gowudy. Onuň diňe bir sekili dor diýäýmeseň, gözüňi gamaşdyryp barýan akdy. Sagrysy gümmezekläp duran argamak Bumyn hanyň biçak hoşuna gelipdi. — Taranym, beýle döwletli bedewi nireden tapdyň? — diýip, Döwbasan ýylgyrjaklady. — Beýle owadan bedewi tapmak üçin Döwbasanyň ogly bolmaly! — diýip, Taran galkyjaklady. — Bu argamagyň atasy özüne kast edipdir. Döwbasan beg Tarana soragly bakdy. — Bu argamak deňsiz-taýsyz argamagyň neslinden. Bu argamagyň biçak gowulygyny, owadanlygyny görüp, Paýkent hany şeýle argamak isläpdir. Hanyň islegini bitirmek üçin bu argamagyň ene baýtalyna özünden bolan argamagy çekmeli bolupdyrlar. Ýöne argamak enesine bökmek islemändir. Hana argamak göwnemedi diýip ynandyryp boljak däl. Şonuň üçinem bir tilsim tapypdyrlar: ene baýtalyň üstüni mele basryk bilen örtüpdirler. Ana, şonda argamak enesini tanaman, ony başga bir baýtaldyr öýdüp, üstüne böküpdir. Soň baýtalyň üstüne atylan basrygy aýranlarynda, argamak enesini tanapdyr. Şonda çarpaýa galyp kişňäpdir, adamlaryň üstüne sürnüpdir, soňam ümdüzine çapyp gidipdir. Beýik dag gerşinden özüni aşak taşlap ölüpdir. Garasaý, bu tohum argamak Paýkent hanynyň küýsän argamagy. Bu argamak meniň babama mynasyp. Babamyň münmeli argamagy bu. — Haý, meniň ogullarym — algyr bürgütdir. Meniň ogullarym öküzi bir ýumrukda ýykýan, aç gurtlary iki bölüp taşlaýan ärler äridir. Babasyna saý argamak peşgeş tapan ogullarym siz! — Bu bedewe münseň, ýigrimi bäş ýaşa dolanan ýaly bolarsyň, babam! — diýip, Arslan babasynyň göwnüni götermäge çalyşdy. — Meni bedewe mündüriň! — Häzir seniň ýarawlygyň ýog-a, baba — diýip, Gaýa beg odandy. — Ýarawsyzlykdan saplanmak üçin hem bedewe münmekçi bolýaryn-da — diýip, Döwbasan närazylygyny ýaňzytdy. — Göktürkmen begleri bir nähoşluk tapsalar, bedew argamaga münüp dertlerinden gutulýandyrlar. Saý bedew münen ynsanda hiç bir dert galýan däldir. Dälini dälilikden açýan, ysmazy kuwwatlandyrýan melhemdir bu at. Ata münen kişiniň ýanyna ajal gelip bilmez. Ajal atdan gorkýandyr, gaçýandyr. Rast, Döwbasan aýtdymy, gutardy, şol işi edäýmeli. Bedewe münjek diýse, ol ölýänem bolsa müner, muňa onuň ogullary Pamyram, Gaýa-da, Taran-da, Arslan-da, çawuşlary-da düşünýär. Gep düşündirjek bolup durman, Göktaňrydan ähli zadyň gowulyk bilen gutarmagyny öwran-öwran dileg edip, ony sowgat getirilen bedewe mündürmäge durdular. — Taran, sen muny maňa münmek üçin getirensiň-ä. — Münmegiň üçin getirdim, baba, eýsem näme! Öňki gezek gelemde sen maňa ak at hakda gürrüň beripdiň. Afrasýapda, Akşuňkarda ak bedewiň bolandygyny aýdypdyň. Şonda babam hem ak at isleýän bolaýmasyn diýip pikir etdim. Soňam ak at tapyp getirdim. — Göktaňry ýalkajak bolsa, ýüregiňe, islegiňe düşünip duran ogul berer. Göktaňry hem meni ýalkady. Kutuly Allak beýik adam eken, ol üýtgeşik ogul ýetişdiripdir. Göktürkmen bedewiniň üsti — tebip, lukman. Göktürkmen bedewine ölini mündürseň hem direler ötägider. Göktürkmen bedewinde gudrat hem jady bar. Oglunyň beren ak atyna münen Döwbasan hem hakyt gujurlandy. Asyl, onda ysgynsyzlyk hem dert galmadyk bolsa näme. Hakyt hiç bir dert galmady onda. Döwbasan bagyň içinden ak bedewli aýlandy. Bir öwrüm däl, telim öwrüm etdi ol bagyň içinden. Asyl, bedewden düşesi gelmedi onuň. Ol atdan düşensoňam içeri giresi, ýatasy gelmedi. Onuň nirä bolsa-da bir ýere pyýada ýöräp gidesi geldi. Ýöne ak bedewe bir zad-a boldy. Döwbasan daşlaşyberse, ynjalygy gaçyp, teblesine zor salyp, aýlanmaga başlady. — Bedewe näme boldy? — Siziň uzaklaşmagyňyzy islänok ol, baba — diýip, Taran getiren argamagynyň biynjalyk bolmasyny «terjime» etdi. — Içeri giresim gelenok. Bazarlara aýlanyp geläýsem diýip pikir etdim welin, şu pikirimi aňaýdymyka? — Hiç ýerik gitme, baba! — Wah, Gaýa, sen maňa hiç ýerik gitme diýýärsiň. Höwes edip ýören bedewimi Taran tapyp getirensoň, özüňiz gördüňiz-ä, bedewe münüp ýigrimi bäş ýaşly ýigide öwrüldim men. Bir ýerde durasym gelenok. Men, oglum, gündogar bazarynyň rabadyny görüp, yzyma gaýdybererin. Döwbasanyň bu sözünden soň ak bedewiň bolşy hasam üýtgedi. Ol özüniň täze eýesine bakan gaýtjak bolup, rişdesini üzere getirdi, öwran-öwran kişňedi. — Wah, bir aýby dili ýok, ýogsam ol bir zady-ha aýtjak bolýar — diýip, Döwbasan bedewe gynanç bilen seretdi. Elbet, rabatlaryň ählisine aýlanyp çykyp bolmaz. Onuň üçin ertirden agşama çenli wagt gerek. Ertirden agşama çenli aýlanmagyň Döwbasana geregem ýok. Oňa wagtam ýok, güýjem. Döwbasanyň aramgähinden şäheriň bazarlary uzakda däldi. Gündogar rabady diýip atlandyrylýan rabat aňyrsyna-bärisine göz ýetmeýän uly bazardy. Döwbasan bazaryň söwdasynyň derejesini, köplenç, gündogar rabatdaky düýeleriň, ýabylaryň sanyndan çen tutup bilerdi. Rabatdaky adamlaryň sany köp bolsa, onda bu şäherde ýagdaýyň gowudygy, bazaryň gyzanlygy. Uzak argyşdan gelýän bezirgenler Gün derýasyndan geçmeli bolanlarynda-da, Gün derýasynyň sag kenaryndan geçip gelenlerinde-de rabadynda bir gün düşläp dynç alardylar, her gün bolýan bazara çykardylar. Ýüpek ýolunyň ugry bolansoň, rabatlaryň adamy azalmazdy. Ýerli ilat şol bezirgenleriň hasabyna ýaşaýardy. Kim hammalçylyk, kim terjimanlyk edýärdi, kim rabatlarda bezirgenleriň aşyna-suwuna seredýärdi, kim otluk ýerlerden bezirgenleriň düýeleri üçin ot getirip satýardy. Nähili iş edýän-de bolsalar, ilatyň ýaşaýyş derejesi gowudy. Döwbasan gündogar rabadyň derwezesine ýakynlanda özüne tarap gelýän bezirgeni görüp saklandy. Bezirgen dylym-dylym edip gelşine Döwbasanyň keýpini gaçyrdy: «Eý, Göktaňrym! Bu nekgendä näme gerekkä? Näme hyzmaty barka?». Bezirgen Döwbasandan öz harytlarynyň satylmagyna dellallyk edip bermegini towakga etdi: — Siz dellallyk etseňiz, meniň söwdam gowy geçýär. Öňem siz meniň harytlarymy satyp beripdiňiz. Döwbasan dellallyk etmegi gowy görýärdi. Bazardaky köp alyjy Döwbasany tanaýardy, oňa hormat goýýardy. Ýene şeýle boldy. Bezirgeniň söwdasy oňdy. Ol ýylgyrjaklap Döwbasana ýüzlendi: — Siz maňa uly ýagşylyk etdiňiz. Men harytlarymyň baryny satyp gutardym. Men siziň adyňyzy bilmeýärin, ýöne gowy adamdygyňyzy bilýärin. Indi men size harytlarymdan şeýtel bermek isleýärin. — Maňa hiç zat gerek däl. Öz maksadyna ýetmese, onda oňa bezirgen diýiljekmi?! Kyrk ýaşlaryndaky bezirgen öwran-öwran gelenine begenýändigini nygtaýardy. Bezirgen nirä barmalydygyny anyklap, kerweniniň ýanyna gitdi. Döwbasan aramgähine dolandy. Bezirgen Döwbasanyňka dolup-daşyp geldi. Garrylygyň kejirligini boýun alan Döwbasan gelen nätanşyň lowurdap duran nyşapur donuny engam-şeýtel berýändigine heziller etdi, dony geýip, üst-başyny tertibe saldy. Wah, Döwbasanyň zada mätäçligi ýok-la. Öýündäki donlary hem bir obanyň erkek göbeklisine ýetjek. Ýöne engam-şeýtel diýlip berlen zady almagyň öz lezzeti bar. Onsoňam, ol bütin ömrüne zat ala-ala şu ýaşa ýetdi. Şeýtel Döwbasany biraz galkyndyrdy. Ýöne Taranyň getiren ak bedewi közüň üstünde duran ýaly bir duran ýerinde duranokdy. Öwran-öwran kişňeýärdi, çarpaýa galýardy, onuň tebil tapmasy Döwbasanyň kejebesini darykdyrdy. Atyň kişňemesinden ýaňa Döwbasan bezirgeniň näme diýenini birki gezek eşidip-de bilmedi, şol sebäpli bezirgen şol bir sözüni gaýtalamaly boldy. — Taran, argamagy bagyň aňyrsyna äkit, bagbanyň teläriniň ýanynda daň — diýip, Döwbasan gaharyny daşary çykarmazlyga çalyşdy. — Entek öwrenişip bilenok — diýip, Taran getiren bedewiniň bolşuny aklamaga çalyşdy. — At tebil tapýar welin, ýöne ýere däl bolaýmasyn?! Ýer yranjak bolanda atlaryň şeýdip birahat bolýandygyny men Çynda gözüm bilen gördüm — diýip, bezirgen argamagy synlady. Babasynyň gaharlydygyny aňan ogullary ondan daşrakda bolanlaryny kem görmediler: olaryň hersi bir tarapa gitdi. Bezirgeniň mylakatlylygy, aşa hormat-sylagy Döwbasanyň hoşuna geldi. Durşuna dogum bolup duran bezirgeni Döwbasan gözügidijilik bilen synlady. — Munça engam-şeýtel edeniňe görä menem saňa hezzet edeýin, bezirgen. Hany, öýe gir — diýip, Döwbasan bezirgeni içeri alyp girdi, içerde jaýlaşykly oturanlaryndan soň bezirgene ýüzlendi: — Hany, bezirgen bolsaň, gürläp otur. Bezirgen gürrüňçil eken. Ol Döwbasanyň ýüregine düşmedi. Uzak-uzak ýurtlar hakda geň-enaýy zatlar gürrüň berdi. Ol entegem köp-köp gürrüňler berjekdi!.. Içerik Gaýa girdi. Ony gören bezirgen zöwwe ýerinden galdy. — Oh-o, Peleň? Oh-o! Sen bu ýerdemi? Ýigit birgeňsi ýylgyrdy: — Onda men nirede bolaýyn? — Bä-ä? Ine, gudrat! Ine, gudrat! Peleň! Peleň-ä sen? — Meniň adym Gaýa. Ýöne, dogrusy, Peleň diýip meniň ikinji adym hem bar. — Sen diri ekeniň... — Diri. — Men-ä, dogrymy aýtsam, saňa bir zatlar bolandyr öýdüpdim. — Maňa-ha hiç zat bolanok. — Eý, ynanar ýaly däl — diýip, bezirgen aljyrady. Gaýa bezirgeniň seredişini halamady. Onuň babasyna ýaramajak bir sözi diýmeginden heder edip, içerden çykmak bilen boldy. Galpyldap duran bezirgeni synlan Döwbasan giňlige saldy. — Bezirgen, sen o ýigidi nireden tanaýarsyň? — Men onuň bilen obadaş ahyryn. Onsoň men ony nädip tanamaýyn. — Haýsy obadan sen? — Hanandan. Ýöne ol obadan göçüp gaýdanymyza gaty köp wagt geçdi. — Hanandan diýdiň-ow!.. — Tagsyr, onuň ady Gaýa däl, Peleň. — Peleň diýip Gaýa diňe enesi ýüzlenýär. Enesinden başga oňa Peleň diýýän ýokdy. Sen ikinji bolduň. — Peleňiň enesi öldi ahyryn! — Indi öläýmese, häzir-ä diri ol. — Men onuň enesiniň ölenini gözüm bilen gördüm. — Bezirgen rahat oturyp bilmedi, ol öwran-öwran gapa bakan seretdi — Eý, tagsyr, ol Peleň! Peleň ol. Men ony görenimden tanadym. Geň ýeri, ol garramandyr. Ol menden iki ýaş uly bolmaly. Şumat ol kyrk bäş ýaşlarynda bolmaly. Ol ýigrimi ýaşyndaky ýigdekçä meňzeýär. — Göwnüňedir. Meňzeş adamlar bolýar. Menem durmuşda kän gezek duşdum. Gaýanyň ýaňy on sekiz ýaşy bar. Seniň aýdýan Peleňiň hakda menem eşidipdim. — Bezirgeniň gürrüňini Döwbasan halamady. Başgarak gürrüň edilenini kem görmedi. — Sen, iň gowusy, bezirgençilik hakda, gören ýurtlaryň ýagdaýy hakda gürrüň ber. Bezirgeniň oturybam, gürläbem mazasy bolmady. Gaýa onuň dünýäsini sarsdyrdy gitdi. Hälki görnüşden bezirgen aýňalarly däldi. Nädip aýňalsyn! Ömrüni çepbe çöwren ýigit öňünde lowurdap dur. Özem bir obanyň beginiň — şäheriň bazarlarynyň abraýly dellalynyň — belli bezirgeniň ynamdar adamy. Ýaşaýşy erbede meňzänok. Ýylgyrjaklap dur. Özem bezirgeni tanamadykdan bolýar. Öň-ä ol: «Matym, Matym!» diýip gaty içginsireýärdi. Ýa tanamadymyka? Garrap, ýüz keşbim tanalmaz ýaly özgeräýdimikän?! Aý, ýok, meni gören: «Matym, sen şol ýaşlygyňdaky bolşuň, birjigem üýtgemänsiň» diýýär. Ýigrimi ýyldan soň duşuşan adamlarym hem meni görenden tanaýar. Peleň hem meni tanan bolmaly, ýöne tanamadyksyraýar. Oňa begiň ynamyna girip, bal kölünde ýaşap ýören kezzap diýerler. Görnüp dur, ony gowy görýändigi! Ýogsam begiň rugsady bolmasa, heý, içeri girip bilermi ol?! Meni görüp, bege aýtmaly habaryny hem aýtman zut gitdi. Habarsyz, keýpine gelen däldir-ä! Hökman bir bähbit arap gelendir. Meni görübem haýdan-haý gaçmak bilen boldy. Men şu nejis sebäpli Hanan geçelgesinden çykyp gaýtdym ahyryn! Şu mahaw sebäpli maşgalamyz, gör, näçe horluklary gördi. Doganjygym Kössek neressäni öldüren hem şu bolmaly! Syraç hem şu nejis sebäpli öldi! Şeýle bolansoň babam: «Aýşöhle sebäpli Matym oglum bir öläýmesin» diýip, Hanandan çykyp gaýtdy. Babam Hanan obasyny, aýratyn hem Aýşöhläni meniň unutmagym üçin, gör, näçe güzap gördi, gör, näçe yhlas etdi. Göçüp baranymyzdan soň ýüregime dowul düşüp, Aýşöhläni ýene bir gezek görmek üçin Hanana gidemde, gör, nähili erbet hala düşüpdi. Gelemsoň, babam aýagyma ýykylyp ýalbardy: «Oglum, aýagyňa ýykylýaryn, aňyňdan Aýşöhläni aýyr. Aýşöhle seniň taýyň däl, ol şalaryň, patyşalaryň taýy. Her kim öz hetdini tanasa gowy. Aýşöhle owadan, sözüm ýok. Ýöne ol patyşalaryňky! Düşün, oglum! Aýşöhle üçin Kössek wepat boldy. Syraç wepat boldy. Sen meniň körpeje dikrarym! Men seniň ajalyň Aýşöhle sebäpli bolmagyny islämok. Men obadan seni goramak — Aýşöhle sebäpli ölmezligiň üçin çykyp gaýtdym. Men erbet düýş gördüm. Düýşümde sen hem Aýşöhle sebäpli ölýärmişiň. Men bu düýşüň oraşan bolmazlygy üçin ähli horluklara kaýyl. Ýöne, aýagyňa ýykylýaryn, oglum, Aýşöhleden daşda dur. Aýşöhläni aňyňdan çykaryp taşla. Ondan başga islän gyzyňy alyp bereýin. Goý, on gyz al, isleseň, ýigrimisini al! Göktürkmende duz bilen gyza gytlyk ýok». Matymda birden Peleňden aryny almak islegi peýda boldy. Ýöne nädip? Ähli zady bolşy-bolşy ýaly bege aýtmaly, goý, Döwbasan goltugynda ýylan saklap ýörmesin. — Tagsyr, ýaňky ýigit hakda men siziň hakykaty bilmegiňizi isleýärin. Ol aýylganç ýylan. Siz ondan habardar boluň! — Onuň nähili etmişi bar, bezirgen?! — Men size hakykaty aýdaýyn. Men Hanan obasynda ösüp-ulaldym. Ýöne Göktaňry biziň maşgalamyza ýowuz darady. Biz obadan göçüp gaýtmaly bolduk. Göçüp gaýtmagymyza, esasan, ýaňky ýylan sebäp boldy. — Peleň gidiň diýdimi? — Ýok... — Onda näme? — Geçelgäň begi Babyr beg ähli zady bulaşdyrdy. Ol beg bolmagy başarjak adam däldi. Sebäbi ol aşa adamkärçilikli, aşa sahy adamdy. Biri özelenip, gözýaş döküp dursa, özi juda ajam bolsa elindäki nanyny özgä berip goýberýän adamdy. Guşlar deýin ertesiniň aladasyny etmeýärdi. Geçelgä gelýän adamlar onuň sypaýylygyndan, sahylygyndan peýdalanýardylar. Derýadan geçende hiç zat tölemän geçýärdiler. Gaýtam, nämesi bar bolsa, ýalbaryp mura-mugt alýardylar. Günleriň birinde Sibir atly biri derýadan geçýär. Enehudaý ony halamandyr. Ýalňyz ogluny, on bäş düýe baýlygyny düýnäpdir. Ogluny, baýlygyny Enehudaýa aldyran Sibir ahy-nala edipdir. Babyr beg görgüli onuň çekýän ahy-nalasyna ýüregi awap, öz ähli baýlygyny, begligini, öýüni berdi oturyberdi. Lebiz lebiz bolýar. Bir lebiz edilensoň, göktürkmen şol lebzinde öljegem bolsa durýar. Babyr beg begligini tabşyryp tumaýak galyberýär. Sibir beg geçelgä beglik etdi. Ana, şol Sibir begiň Aýşöhle diýip bir çakdanaşa owadan gyzy bardy. — Kim, kim?! — Aýşöhle diýýärdiler ol gyzyň adyna. Ol gyz Aýşöhle diýseň Aýşöhledi. Eý, tagsyr, ynanmarsyňyz, ol gyz Aýşöhle diýseň hakyky Aýşöhledi. Onuň jemalyny gören süňňüni saklap bilenokdy. Bütin oba şol gyza aşykdy. Aýallaram magşukdy oňa. Goňşy obadan hem gelerdiler ony görmäge. — Eşidipdim, eşidipdim. — Döwbasan gürrüňiň kim hakda barýandygyna düşündi. Düşünip-düşünmez ýaly zat ýok bu ýerde. Bezirgen gürrüňi örän anyk edýär. Onuň bolar-bolgusyz gürrüňleri aýtmagy mümkin, ýöne ýaramaz gürrüň Döwbasana gerek däl. Onuň ýaramaz gürrüň diňlemäge asla höwesi ýok. Onda-da Aýşöhle hakda. Aýşöhle hakda bir bolgusyz sözüň aýdylmagy Döwbasanyň keýpini gaçyrmagy mümkin ahyryn. Ýaşaýyş tenekaryna — Aýşöhlä şek ýetirilmegi begiň ölümini çaltlaşdyryp biler. Bezirgeniň gürrüňiniň öňüni alandan gowusy ýok. Ýöne häzir nädip bezirgeniň gürrüňiniň öňüni aljak?! Onuň bolşy içini dökmese, rahatlanjaga meňzänok. — Şol gyza ogullarym aşyk bolar, ol gyz bolsa, meniň ogluma durmuşa çykmaz, soň it masgarasy bolarys diýip, babam pakyr meniň kösenmezligim, ony unutmagym üçin başga oba göçdi. Ilki baran obasynda hem erkek kişileriň bar gürrüňi Aýşöhle boldy. «Siz Aýşöhläniň ýaşaýan obasyndan gelen bolsaňyz, ol perizat hakda köp zat bilýänsiňiz» diýip erkek kişiler üýşüp gelip ugradylar welin, babam ol obada-da durmady, başga oba göçdük. — Hä, şeýledir-le — diýip, Döwbasan uludan demini aldy. — Sen köp zatlary bileňok. — Men bilemokmy? — diýip, bezirgen içýakgyç güldi. — Men köp zat bilýärin. Ol bilýän zatlarymyň içinde hiç ýerde aýtmajak, hiç kimiň bilmejek, ol syryň özüm bilen gitjekleri-de bar. — Sen-ä meni geň galdyrdyň, bezirgen. — Eý, tagsyr, men saňa hälki ýigidi görüp örtenmegimiň sebäbini aýdaýyn. — Eger ol syr bolsa aýtma. — Size aýdanym bilen üýtgejek zat ýok. — Ýalňyşýan bolaýma?! — Kim ýalňyşsa ýalňyşar, ýöne bezirgenler ýalňyşmaz. Hälki ýigidiň Aýşöhlä öýlenjekdigini eşidip men uzak oýlandym: Aýşöhlä nädip öýlenmeli? Aradan Peleňi nädip aýyrmaly?! — Sen meniň kölegäm-ä dälsiň, bezirgen?! — Ýok, men siziň kölegäňiz däl. Ara biraz dymyşlyk düşdi. Dymyşlygy Döwbasan beg bozdy: — Ýeri, tapdyňmy onsoň çykalga?! — Şol wagt göwnüme tapaýan ýalydym, ýöne tapmandygyma şu gün düşündim. — Bezirgen, sen maňa hiç zat aýtma. Meniň rahat ýaşasym gelýär. — Gorkuzma, tagsyr — diýip, bezirgen hezil edip güldi. — Men uzak oýlandym, ahyrynda Peleňi öldürmeli diýen netijä geldim. — Nädip?! — Gepem şunda-da! Özüm-ä elimi gana bulamak islemedim. Onsoň ganhorlaryň birine ýüz tutmagy makul tapdym. Özüň bilýärsiň, hiç kim peýda görmese, adam öldürmeýär. Maňa elli dinara adam öldürýändiklerini aýtdylar. Men derrew elli dinaryň gözlegine çykdym. Onça akjany hiç kim karz berenok. Onsoň men babamyň ähli akjasyny ogurladym. Ähli akjasy ogurlanandan soň, babam bagyryp aglady. — Ikimiz ykbaldaş ekenig-ow. — Sizem bir gyz üçin babaňyzyň akjasyny ogurladyňyzmy? — Şu ömrümde etmedigim görde galdy. — Döwbasan begiň sahyby meni aldapdyr. — O nähili aldapdyr? — Size nähili aýtsamkam?.. — diýip, bezirgen aýtjagyny-aýtmajagyny bilmeýän ýaly böwrüne diň saldy. — Sen çekinme. Sen ähli zady bolşy ýaly aýdyber. — Men hiç zatdan çekinemok. Tapdyň gorkuzjak adamyňy! Aýtsam, tagsyr, men Sibir begiň gyzyna öýlenmek isledim. Döwbasan beg diýen kişi Peleňiň toýuny oňlady. Oňa sahybyndan köp sowgat iberdi. — Sen Döwbasan diýýän adamy öň görüpmidiň? — Ýok, ony görmändim. Ol biziň obamyza baranda men Merwe argyşa gidipdim. Ýöne onuň sahyby bilen welin, duz iýişdim. Men oňa Peleňiň Aýşöhlä öýlenmegini islemeýändigimi aýtdym. Ol meni maksadyma ýetirip biljekdigini aýtdy. — Nädip? — Peleňi öldürmäge söz berdi. — Diýmek, sahybyň ýanyndan çykan ýigrimi alty altyn bilen ýüz akjany sen beripsiň-dä! — Bä, dogry — diýip, bezirgen geňirgendi. — Siz ony nireden bilýärsiňiz? — Häzir ýadyma düşenok. Mende huş galmandyr. Bezirgen rahatlanan bolarly, sözüni dowam etdirdi: — Tagsyr, Peleň siziň öýüňizde näme edýär? — Bezirgen, sen ýalňyşýarsyň. Ýaňky gelip giden ýigit entek ýigrimi hem ýaşanok. Seniň diýýän Peleňiň bolsa kyrk ýaşdan geçen bolmaly. — Dogry. Döwbasan beg bezirgeniň bir ýaramaz söz aýtmagyndan heder edip, gürrüňi başga ýana sowmak isledi: — Bezirgen, men seniň şu günki harytlaryňy gowy gördüm. Gowy matalar! Sen ol matalary nireden getirdiň? — Begiň sesi saňňyldap çykdy. — Ýaňky matalary men Çanandan getirdim. Men, köplenç, Jujandan ýüpek mata satyn alyp, ony Merwde satýaryn. Bu sapar siz meni Merwe gitmekden azat etdiňiz. Ömrüm ýolda geçýär meniň. Gazanjym erbet däl. Ýöne ömrümden lezzet alyp bilemok. Meniň bagtymy ýatyran Peleň. Men ony teý unudyp bilemok. Ondan ar almak isleýärin. Näme üçindigini bilmeýärin, ýöne ony Göktaňrynyň ýalkandygyny, mertebe berendigini welin bilýärin. Eger onuň bagty mende bolan bolsady, onda men ölmäge-de kaýyl gelerdim. — Onuň nämesine gözüň gitdi? — Bir gezek Aýşöhläni alyp gaçdylar. Obaň adamlarynyň bary alamanlaryň yzyndan kowdy. Yzyndan ýetdiler. Atdan ýykylyp, Aýşöhläniň aýagy burkupdyr. Şonda bir giden erkegiň içinden Aýşöhle Peleňi saýlady. «Men seniňki» diýip, Peleňiň gujagyna girdi. — Peleňiň gujagyna girdi? Ýalňyşýan bolaýma? — diýip, Döwbasan titir-titir etdi. — Aýşöhläniň Peleňiň gujagyna girenini bilmeýän barmy näme?! — Men-ä ynha şumat eşidip otyryn. — Oba gürrüňlerini eşitmeýän bolmagyňyz mümkin. Siziň öz aladaňyz ýetik. Ýöne muny hananlylaryň haýsy birinden sorasaňyzam aýdyp berer. — Ýalňyşýan bolaýma, bezirgen? — Ýok-la, ýalňyşamok. Aýşöhle Peleňi basdy bagryna, ine, şu gözlerim bilen gördüm. Geçelgäniň ähli adamlaram seredip dur. Aýşöhle utanmadam: «Men ölsem ýeriňki, ölmesem seniňki» diýdi. — Beýle diýen däldir. — Eger ýalan sözleýän bolsam, Göktaňry indersin depämden şeşperi, kesim-kesim etsin! — Aýşöhläni kimiň alandygyny bilýärsiňmi? — Bilmeýärin. Sebäbi biz Hanandan göçüp gaýtmaly bolduk. Babam meniň Aýşöhlä öýlenmegimi islemedi. Babam aýagyma ýykylyp, «Aýşöhläni unut, Hanan obasyny unut» diýip ýalbardy. Diňe meniň janymy aman saklamak üçin obadan çykdy. Aýşöhle hakda, Hanan geçelgesi hakda, Peleň hakda hiç zat bilmeýän oba göçdük. Babamyň özelenmesinden soň men özüme erk etmegi ýüregime düwdüm. Obany, ýaşlyk heserlenmelerimi unutdym. Bezirgenlige baş goşdum. Üç-dört ýurtda öýüm-ojagym bar. Kem zadym ýok. — Sen meni ünjä goýduň, bezirgen... — Men bir zady anyk bilýärin: Aýşöhläniň gülüni Peleň ýoldy. Olar biri-birinden hiç aýrylyp bilenokdylar. — O nähili aýrylyp bilenokdylar? — Är-aýal ýaly-da! Olar köp wagtyny sähralyklarda çola ýerlerde hylwatda geçirdiler. Ine, men şuny anyk bilýärin. — Ýalan sözleýärsiň, bezirgen, ýalan! Aýşöhle durmuşa çykanda gyzdy... Bezirgen jykyr-jykyr güldi. — Haý, tagsyr, näme eşitseň ynanyp ýörsüň öýdýärin. — Ýok, men diňe gözümiň gören zadyna ynanýaryn. — Döwbasanyň damarlary syh-syh boldy, maňlaýyndaky, çekgesindäki gan çylgymlary mesaňa görnüp, tirs-tirs etdi. Özi bilmezden ýekedyz oturdy. Onuň bolşy bezirgeniň üstüne towusmaga häzirlenýän ýalydy. — Olaryň hylwatda çyrmaşyp ýatanyny Hananda gaty köp adam görüpdir. Olar biri-birini kowalan bolýardylar. Basalaşan bolýardylar. Aýşöhle Peleňe aňyňy — gyzlygyny aldyrdy. «Ynha men, Peleň. Men seniň gyrnagyň» diýip duranmyş diýip gürrüňini etdiler. Peleňiň enesi ýogalanda Aýşöhläniň gözýaş döküp duranyny bolsa, hut gözüm bilen gördüm. — Bes et indi, bes et! — Näme, tagsyr, maňa ynanmajak bolýarsyňyzmy? Şondan soň il arasynda gürrüň ýaýrady. «Aýşöhläniň söýgüsi ýaly» diýip. Görküniň owadan, üýtgeşik bolşy ýaly, söýgüsem üýtgeşik boldy onuň. — Bes et! — Göktaňry içimden ursun şeşperi, tagsyr. — Bes et diýýärin! — Döwbasan gazap bilen ýerinden turdy. Gapyny şyrkyldadyp ýapyp gitdi. Ýeke galan Matym öňündäki şerbetden owurtlady. Daşardan gykylyk eşidildi. Kimdir biri zaryn-zaryn gygyrdy. Matym bir käse şerbet däl-de, bir käse gan owurtlan dek boldy. Uly iňkise gitdi. Agraslygy, salyhatlylygy bilen nurana ýüzli Döwbasanyň birden dergazap bolmagy, ýerden ýaş ýigdekçe deýin towsup turmagy, soňam gahar-gazaba öwrülip, daşaryk ýumlukmagy Matymyň göz atuwynda birnäçe gezek gaýtalandy. Birden Matymyň depe saçy düýrükdi, ony nähilidir bir düşnüksiz howp basmarlady. Özüni müýnli duýdy. Gojany şeýle hetde ýetirer ýaly, ol näme diýdi?! Göräýmäge, onuň üýtgeşik bir aýdan zady ýok. Bu öýe gelip, Peleňi görüp aýdan sözlerini ol hakydasynda mydama-da gaýtalap ýör. Ol sözler Matym üçin üýtgeşik sözler däl. Eý, Göktaňry! Bir harasad-a gopdy. Men ol harasadyň näderejede howpludygyny entek aňyp bilemok. Eýgilige bolsun-da hernä! Wah, meniň özümi öldürmeli! Peleň bilen ne işiň bar seniň, Aýşöhle bilen ne işiň bar. Ýaşaber-ä bezirgenligiňi edip! Öýüňde çagalaryň garaşyp oturandyr. Söwdaňy edip bolduň, taň etdiň, öýüňe gidiber-ä! Düýeleriňe ot ber, suw ber! Haý, Matym, senem adam boljak däl öýdýärin. Kyrk ýaşan-da bolsaň, akyl gelmändir-ow saňa. Öýüň eýesi nirä gitdikä? Men dellalyň adynam soramandyryn. Öz-ä gelýän ýaly! Gapy şarka açyldy. — Eý, bezirgen, çyk daşary! Matym ortada bugaryp duran sülgün kakmaçlaryna göz aýlady-da, daşary çykdy. Matym daşarda altyn saply hanjaryndan gyrmyzy gan sarkdyryp duran Döwbasany görüp doňup galdy. — Gel bäri! Matym gorkdy, biçak gorkdy. Gorkmaz ýaly däldi. Öý eýesiniň gözlerine gan öýüpdir. Onuň kimdir birini öldürendigini duýmak kyn däldi. Matym näme etjegini bilmedi, aýaklarynda ragbat-deramat galmady. Döwbasan giň işikde haýbatly durdy. Onuň öňünde bolsa, aýal maşgalanyň kellesi ýatyrdy. Matym ol kelläniň kimiňkidigini tanady. Aýşöhle! Birmahalky gara saçlar duw akdy. Öň ol saçlar altynsow bolup gözüňi gamaşdyrsa, indi aklygy bilen ýalkym saçýardy. — Şu seniň diýýän Aýşöhläňmi? Matym Aýşöhläni beýle ýakyndan synlap görmändi. Onuň balkyldap duran ala gözleriniň mähirliligi ýüregiňi daşa çykaraýjak bolýar. Onuň gözleriniň owadanlygyny! Ol gözler meni nä güne saldyň diýýän dek Matyma seredip durdy. Matym ol gözlere uzak seredip bilmedi. Başyny aşak saldy. — Tanadyňmy? — T-a-nadym... — Men öýde, gör, nähili ýylany saklan ekenim. Men muny öýden çykarman sakladym. Bu bolsa, Peleň bilen duşuşypdyr. Hakykaty açyp bereniň üçin sag bol! Men hyzmatyň üçin halat ýapmakçy. Sen mynasyp. — Ýok, ýok, tagsyr, maňa hiç hili halat gerek däl. Men beýle halady kabul edip biljek däl, geýibem biljek däl. Men bir samsyk! Men nämeler etdim-ä! Gahar Döwbasanyň gulagyny gapypdy. Ol Matymy gazaply nazary bilen dalady. Ýöne onuň sesi ýer sarsdyryp gitdi. — Sen git-de, hananlylaryňa aýt, goý, olar öz jelebiniň läşini meniň öýümden ýygnasynlar. Ýogsam men bu lolynyň maslygyny itlere şamlyk ederin! Matym doňan ýaly bolup durdy: — Meniň jynym aňdy, ýöne giç aňdy. — Ajaldan gaçyp gutulma ýok, munuň soňy hut şeýle gutarmalydy. Munuň şeýle gutarjakdygyny men öýlenen ilkinji aýymda düşünipdim. Ýöne ýigrimi ýyllap saklandym. — Wah, tagsyr, öldürmeli däl ekeniň. Wah, öldürmeli däldiň!.. — Onda nätmelidim, bezirgen?! Akylyň köp ýaly-la seniň? Belki, öwredersiň?! — Haý, nähak öldürdiň. Ynha, indi giç!.. — Matym Aýşöhläniň jesedinden gözlerini aýyrman durdy. — Näme giç? — Gerek däl bolsa, öldürmän sataýmaly ekeniň. — Näme, näme? — Özüňe gerek bolmasa, sataýmaly ekeniň-dä. Döwbasan gulaklaryna ynanmaýan ýaly, bezirgene tiňkesini dikdi. — Näme diýdiň? — Özüňe gerek bolmasa, sataýmaly ekeniň diýýärin. Ine, öldürdiň. Mundan görýän peýdaň näme? — Näme peýda görüp bilerin? — Öldürmän, gyrnak hökmünde satan bolsaň, näçe baha kesseň, diýen bahaňa alardym. Babam Aýşöhle diňe baý adamyň aýaly bolmaga mynasyp diýipdi. Men bezirgenlik edip baýlyk ýygnadym. Kyrk ýaşda baý boldum. Indi men Aýşöhlä mynasyp boldum. — Näçe akja bererdiň? — Näçe akja diýseň bererdim. Isleseň, ähli baýlygymy, mal-mülkümi, rabatdaky ýigrimi sekiz düýämi, bar altynymy, harydymy bererdim. — Belki, jesedini satyn alarsyň? Matym Aýşöhläniň jesedini howlukman synlady. Onuň gyrmyzy gany günüň ýaşyp gelýän çagy bolansoň, şapagyň nuruna ýalkym saçýardy. Hanasyndan çykara gelen ala gözleri mähirden doludy, ol gözlere öli gözler diýer ýaly däldi. Aýşöhläniň jesedine hyrydar çykan Matym çöke düşüp, göwreden aýra ýatan kelläni synlamaga durdy. Ine, gijesine-de, gündizine-de Matyma rahatlyk bermedik perizat! Göktaňry Aýşöhläni ýakyndan synlamak mertebesini-de maňa rowa görmedi diýip, Matym örtenip ýördi. Gör, Göktaňry Matymy Aýşöhle bilen nirede duşurjak eken?! Eý-ho! Göktaňryň edýäni bendesiniň akylyna sygar ýaly däl! Baýlygyň gudratyny görüň-ä! Baýlyk Matymy Aýşöhle bilen duşurdy. Wah, ol Aýşöhlä öýlenip-de biljek eken, ýöne ol dilini salajyn1 goýberdi-dä! Baryna diňe özi günäkär! Gününi sanap oturan gojanyň namys damaryna kakdy. Ýogsam ol Aýşöhläni satardy. Hökman satardy. Eh, Matym! Edeniň bar bolsun seniň! Matym Aýşöhläniň balkyldap duran gözlerine seredip, gijelerine eden arzuwyny ýatlady. «Eý, Göktaňry! Aýşöhläni bir gezek elläp görmäge rugsat-pursat ber. Men onuň ylahy bedenine birje gezek elimi degrip göreýin! Soň janymy alaý! Bir gezek Aýşöhlä elimi degrip görsem, soň men armansyz ölerin. Meniň dünýäde başga armanym ýok» — diýip, mundan ýigrimi ýyl öňki eden arzuwyny ýatlady. Matym gorka-gorka Aýşöhläniň akja ellerine elini uzatdy. Eý, Göktaňry! Men senden razydyryn. Ine, Aýşöhläniň akja ellerine ellerimi degirdim. Bu elleriň gyzgyny gitmändir entek. Bu eller ýönekeý eller däl! Bu eller Aýşöhläniň eýjejik elleri! Aýalynyň elini başga bir erkek kişiniň elinde gören Döwbasanyň gabanjaňlyk damary depesine urdy: — Eý, eliňi degirme! Eliňi degirme diýýärin! Ol meniňki! Ol meniňki!.. Matymyň gulagyna şuwwuldy eşidildi. Boýnundan urlan şemşeriň güýçli zarbasyndan ýaňa gözleriniň alny ak dumana öwrüldi... ONUNJY BOÝ SOŇKY WESÝET Döwbasanyň giň howlusy al gana boýaldy. Beg doňan dek iki jesede seredip esli durdy. Öýdäkiler begiň gözüne görünmezlik üçin içeri sümüldiler. Döwbasan birden aýňalan ýaly, töweregine garanjaklady. — Gaýany çagyryň! — Döwbasan bu sözüni özleri görünmeseler-de, hyzmatkärleriniň, çawuşlarynyň eşitjekdiklerini bilýärdi. Ol elindäki tygy zyňyp goýberip, öz otagyna ugrady. Gaýa ýüzüni duw ak edip, babasynyň gaşyna geldi. Ol daşardaky ahwalaty görüp, özüne gelip bilenokdy. — Baba, edeniňe däl diýmäge hetdim ýok. Seniň eden işiň telek ýa telek däl diýip pikir ýöretmäge-de hetdim ýok, çünki men seniň ogluň. Sen menden aýyplaşma. Men bu ýagdaýy görüp saklanyp bilemok, çydap bilemok. Baba, men seniň bolşuňa düşünemok, maňa bu eden işiň hikmetini düşündir. Bu ýaşdan soň gabanan bolmaň näme? Enemiň ikilik etmändigini bilýäň-ä sen?! O gabanýan ýigidiňi öz eliň bilen ýoklapsyň-a. Onsoň nädip?!. — Haý, oglum, oglum! Sen meni biçak gynandyrdyň! Sen entegem babaňa düşüneňok. Babaň oýlanman hiç zat edýän däldir. — Pederim, men düşünmeýärin, düşünmek isleýärin. — Düşündireýin. Goý, il Döwbasan aýalyny biwepalygy üçin öldüripdir diýsin. Hakykat ýigrenji döredýär, şonuň üçin hem meniň saňa hakykaty aýdasym gelenok, ýöne aýtmazlyga mende alaç hem ýok. Aýdaýyn. Hakykatynda men ölemsoň, eneň diri gezip ýörmegini, aňsyz erkek göbeklileň agyzlaryny suwardyp oňa seretmeklerini islämok men, islämok! Eneň menden öň ölmeli. Öň ölse, onda men bu dünýäden arkaýyn gidip bilerin. Ýöne eneň gezip ýörse, men o dünýäde rahat ýaşap bilmerin, biler bolsaň, oglum, men o dünýäde-de eneň bilen ýaşamak isleýärin. Dünýä — alaw, adam — perwana. Göktaňry dünýäni şeýdip ýaradypdyr. Ot — Taňry. Biz Taňry üçin ölmeli. Adam ogly dünýäden ganjak bolýar, doýjak bolýar. Perwana her gezek özüni oda urýar, her gezegem ýanýar, barybir, oňa pent däldir, çünki şeýdip ölmek oňa Taňry tarapyn ýazgyt. Adam dünýäde özgeleň ýalňyşyny sapak edinmeli diýýärler. Gep adamlaryň ýalňyşlyklary sapak edinip bilmeýändiklerinde, gep ýalňyşlyklary sapak edinip bilmejekdiklerinde. Ot bilen öwrenişip bolmaýar — durmuş, dünýä bilen öwrenişip bolmaýar. Sen bu bakylyga bary-ýogy bir pursatlyk gelen myhman. Sen hökman ölmeli. Ana, şol ölüm sen kyrk ýaşaýançaň özüni görkezmeýär, özüni senden bukup geçirýär. Onsoň sen özüňi bu dünýä baky gelen ýaly duýup tarhan ýaşaýarsyň. Kyrk ýaşdan soň bolsa, ölüm duýgusy birden bukulyp ýatan ýerinden keserip öňüňden çykýar... Şeýle galagoply pursatda men näme üçin şeýle uzyn nutuk söýleýärin? Meniň häzirki diýýän we diýjek zatlarym, eziz oglum, Döwbasanyň ýetmiş üç ýaşap ýygnan, ýetmiş üç ýyldaky pelsepe miwesi — meniň ömrüm. Meniň geçen ömrümde hakyl ýetiren zatlarym. Meniň saňa häzirki aýdýan zatlarym — meniň mazmunym. — Babam, düşünýärin... — Menem seniň näme diýmekçi bolýandygyňa düşünýärin: «Enem daşarda ýatyr, howlugaýyn» diýmekçi bolýarsyň. Howlukma. Indi eneň howlugýan ýeri ýok. Sen otur-da meni diňle. Özem gaty üns berip diňle. Men saňa häzir iň soňky wesýetimi etjek bolýaryn. — Iň soňky?!. — Hawa, hawa, iň soňky. Men bu gün gitmekçi. — Ýok, ýok, men bir günde iki pajyga döz gelip bilmerin! Babam, ýalbarýaryn! — Ýalbarma! Men tiz barmasam, dünýäde bir kezzabyň Aýşöhlä eýe çykaýmagy mümkin. Eneňsiz dünýäni başyma ýapaýynmy men. Eneňsiz ýaşap bilmejegimi bilýänsiň-ä sen. Men eýýäm belli bir çözgüde geldim. Sen mert bol-da, meni diňle. Otur! Gaýa sadyklyk bilen oturdy. — Eneň maňa ýigrimi ýyl ömür berdi. Men ömrümiň ýigrimi ýylyny hiç bir baýlyk-engam bilen, öňki elli üç ýaşym bilen çalyşjak däl. Ömür diýip ýaşan günleriňe aýdylmaýar, ýok, ýaşan günleriň ömür däldir. Ömür — ýatda galan günlerdir. Ömrüňde ýadyňdan çykmaýan günleriň näçe bolsa, ýaşan ömrüň hem şonçadyr. Oglum, ýaşaňda ýadyňda galjak günleriňi köpeltmäge çalyş. Galan zatlaryň bary biderekdir. Men durmuşda özüme diňe ýaran, lezzet beren zatlary edip ýaşadym. Çünki durmuşyň galan zatlarynyň biderekdigine Bumyn ölende hakyl ýetirdim. Ol-a dünýä eýe boldy, şol pursat hem Göktaňry oňa ideg saldy, aldy. Men Göktaňra akyl ýetirmäge çalyşdym. Göktaňry Bumyny Anahuandan rüstem etdi. Karuna günde kyrk argamagy bezäp berdi, ýöne Isa pygamberi bir gök eşek bilen çäklendirdi. Göktaňry bendesine ähli zady berenok: birine hökümdarlyk berse, perzent berenok, birine uzak ýaş berse, baýlyk berenok, ýa baýlyk berse, uzak ýaş berenok. Göktaňry maňa hemme zady berdi. Uzak ýaş berdi, hajyraw-hajyraw perzent berdi, hökümdarlyk berdi, baýlyk berdi. Göktaňry meni ýalkady, juda ýalkady, ikinji ömür berdi. Özem juda owadan ömür berdi. Ýöne Göktaňry ol beren ikinji ömrüni bir ajy galampyry bilen berdi. Men ýigrimi ýyllap ol ajylygy çekmeli boldum. Özem ol ajyny hiç kime aýtman pynhan sakladym. Ýöne ol pynhan syry men saňa aýtmak isleýärin. Şonda sen eneňiň ýöne ýere öldürilmändigine düşünersiň, oglum. Eneň ýaşka Peleň atly bir ýigide söz beripdir. Ony söýdi, ýürekden söýdi, onuň hem sebäbi eneň ilkinji ysnyşan erkek adamy şol ýigitdi. Şeýle bolansoň, eneň ol ýigidi aňyndan çykaryp bilmedi. Bu duýgusyny eneň menden ýaşyrmady. «Men Peleňi ýadymdan çykaryp biljek däl. Saňa durmuşa çykyp, ony ýatlasam hem sen halamarsyň, meniň hyýalymda-da biwepa aýal bolasym gelenok» diýdi. Barybir, eneň maňa duýguda biwepalyk etdi. Eneň päkdi. Päkligini maňa bagyş etdi. Peleň bilen aralarynda hiç zadyň bolmandygyna, onuň bilen bolan ilkinji gijämde göz ýetirdim. Eneň başda Peleňi unudyp bilmeýändigi üçin, duýguda maňa biwepalyk edýändigi üçin özüne kast etmäge synanyşdy. Men onuň gizläp saklan hanjaryny tapyp aldym. Oňa ýörite gözegçi goýdum. Men bu işi diňe öz bähbidim üçin, öz ömrümi uzaltmak üçin şeýtdim. Sen dünýä ineniňden soň eneň biraz köşeşdi, özüne kast etjek bolmady, seni höwür edindi. Men öz eşretim üçin eneň duýgudaky biwepalygyna göz ýumdum. Käteler bu ýagdaý meniň namys damarymy lerzana getirdi. Men baryna döz geldim. Indi ýaşaýşymyň soňy geldi. Ajy hem bolsa, soňy geldi. Men muny on iki süňňüm bilen syzýaryn. Men bu gün eneňe birmahalky eden etmişi — hyýalynda eden biwepalygy üçin almytyny berdim. Her kim eden etmişi üçin almytyny almaly, jezasyny çekmeli. Men eneňi jezalandyrjakdygymy, dogrymy aýdaýyn, mundan ýigrimi ýyl öň — öýlenenimde hem bilýärdim. Biler bolsaň, Gaýa, men eneň bilen bir günde ölmegi ýigrimi ýyllap ýüregimde göterdim. Bu wysal meniň üçin, biler bolsaň, biçak ýakymly, lezzetli. Men armansyz ölýärin. Men Taňrydan razydyryn... Zaratuştraň sözüni ýatla: öldüren adamyň o dünýäde seniň guluň bolar. Eneňi men öldürdim, diýmek, eneň o dünýäde meniň gulum, tapugçym bolar. — Eý, babam!.. — Gepleme, gepleme! Sen meni diňle! Sen meni ýazgarma, oglum! Sen meniň oglum. Sen meniň oglum. Men muny açyk bilýärin. Ýöne men ýene-de bir zady bilýärin: «Ene — gap, ata — sap». Sen eneň söýgüsi! Sen eneň yhlasy! Hut şonuň üçin hem seniň ýüz keşmeriň eneň söýgüsine — Peleňe meňzeş boldy, ýöne sen menden dörän ogulsyň! Indi meniň saňa etjek soňky sargydym şeýle: sen eneňi meniň bilen bilen bir ýozkada jaýla! Meniň o dünýäde-de eneň bilen bile ýatasym gelýär. — Ýok, ýok! — diýip, Gaýa birden dälirän ýaly bolup gygyrdy. — Men eneme Hananda jaýlamaga söz beripdim... ON BIRINJI BOÝ YŞKYŇ KEŞBI Gaýa Hananda ösüp-ulalmadyk-da bolsa, enesiniň gürrüňleri boýunça obanyň ähli adamlaryny, kimiň kim bilen garyndaşdygyny, kimiň kim bilen gatnaşygynyň bardygyny, her kimiň edim-gylymyny, rabadyň ýagdaýyny, ol ýerde bezirgenlere nähili hyzmat edilýändigini, hezreti Gün derýasynyň gudratyny, ol hakdaky täsin-täsin rowaýatlary, obaň taryhyny, bu derýa geçelgesinden geçmişde haýsy görnükli adamlaryň geçip gidendigini, olar bilen baglanyşykly wakalary bilýär, geçen sapar ýüzüne gara nikap çekip oba gelip ýozka gurup gidende-de, enesiniň salgylary, gürrüňleri esasynda oba aýlanypdy. Ol enesiniň gürrüňleri esasynda alawhananam, Sibir begiň öýünem, Şajar porhanyň öýünem, rabatam ýalňyşman tapypdy. Özem ol, hiç kimiň ünsüni çekmezlik üçin, oba garaňkylykda aýlananda-da ýalňyşmandygyna, enesiniň gürrüňleriniň, salgylarynyň şeýle takyklygyna haýranlar galypdy, şol haýran galmasyny enesine birin-birin gürrüň beripdi. Enesi onuň gürrüňlerini heziller edip diňläpdi, oglunyň oba hakda, oba bilen baglanyşykly owunjak zatlar hakda ýaltanman, uzak gürlemegini isläpdi. Gaýa enesi bilen gürleşip oturmagy gowy görerdi, ýöne babasy onuň uzak gürleşmegine ýol bermezdi, bolgusyz bir işjagaz-ýumuşjagaz tapyp, ogluny enesiniň ýanyndan haýsydyr bir ýere ugradardy. Adam bende gadagan edilen zada has höwesli topulýar. Babasynyň gabanjaňlygy — ogluny enesinden daşda saklamaga ýykgyn etmegi Gaýanyň kejirligini artdyrdy, ol sähel maý tapdygy enesiniň ýanyna gelerdi, onuň bilen Hanan obasy, durmuş hakda gürleşerdi. Ol özüniň Peleň atly ýigide meňzeşdigi, özem edil bir almany iki bölen dek meňzeşdigi barada ilki Mähribandan eşidipdi. Ýöne bu meňzeşlige teý akyl ýetirip bilenokdy. Ol Arslandan Peleňiň öldürilendigi hakda eşidipdi. Arslan bu hakda gürlemegi juda bir halap baranokdy, ýöne Döwbasanlaryň öňlerinde maksat goýansoň, hiç bir zatdanam gaýtmaýandygyny, bu okgunlylygy Döwbasanyň ogullaryna-da mahsus bolmalydygyny tekrarlamak üçin aýdypdy. Bu hakda ol enesinden soranda enesi: «Adam beren sözünde tapylmasa, näme etmeli?» diýip sorapdy. Gaýa oýlanmazdan — diýiljek bolunýan pikiriň anygyna ýetjek bolmazdan «Öldürmeli!» diýip jogap berdi. Gaýa diýse-de diýdi welin, agyr bir ýalňyşlyk goýberendigine düşündi, onuň esasy düşünen, ýok, düşünen däl, aňan, çak eden zady söz berip sözünde durup bilmedik adamyň ýedi ýat däldigidi, gürrüňiň öz mähriban enesi hakda gidýändigidi. Şonuň üçin hem oýlanman aýdan pikirini ýuwmarlamaga çakyşdy: «Hemme zat öz isläniň ýaly bolup duranok. Sözümde durup bilmedim diýip adamy öldüribermek bolmaz...». Gaýa gürläp durşuna enesinden gözüni aýranokdy, ol aýdýan sözleriniň enesine nähili täsir edýändigini biljek bolýardy. «Oglum, sen sözünde durup bilmeýän adamy aklajak bolma. «Beren sözünde durup bilmeýän adamlary öldürmeli» diýip örän dogry aýtdyň sen» diýip, Aýşöhle kesgitli aýtdy. «Ene, gürrüň kim hakda?». «Gürrüňmi? Gürrüň, oglum, özüm hakda. Men Peleňe: «Men diňe seniňki bolaryn» diýip söz berdim». «Ol ölüpdir-ä, ene». «Hawa, ölüpdir, ýöne men onuň gapysyny saklap oturmalydym». «Ölen adamyň gapysyny saklap oturjakmy?». «Men Peleňe ömrümiň ahyryna çenli men seniňki bolaryn diýip söz berdim ahyryn». Enesi Peleň hakda arkaýynçylykda gürrüň bermegi soňa — başga bir güne goýdy. Özem birinji gezek däl, gör, näçinji gezek aýtmaly sözlerini soňa galdyrdy. Iň soňunda-da, Gaýa Peleň hakdaky gürrüňleri enesinden doly eşidip bilmedi. Ol babasyny jaýlap, göni Hanan obasyna gaýtdy. Erkek kişi aglamaly däl diýip, onuň aňyna guýmak guýdular, ýöne, barybir, Gaýa aglaman saklanyp bilmedi. Bir günde iki hossaryny — hem babasyny, hem enesini ýitiren Gaýa aglaman durup bilmedi. Arslan hem onuň gözýaş dökmesine garşy çykyp, aglatmajak bolup durmady. Onuň içini gowzatmagy üçin esli wagt ýeke goýdy. Özi bolsa eneligi Aýşöhläniň jesedini düýä ýükledi. Ýola gitmeli adamlary, ýanlary bilen äkidilmeli zatlary taýynlap, Gaýanyň ýanyna bardy. Gaýany gölegçi düýesine mündürip, Hanandan aman-esen dolanmagyny dileg edip, ruhdan düşmeli däldigini öwran-öwran nygtap ýola saldy. Uzak ýol Gaýa üçin oýlanyş menzili boldy. Ol ýolda ömrüni, ömrüniň manysyny terezä saldy. Jana-jan babasynyň soňky sargydyny amal edip bilmeýändigine ýanyp-bişdi. Wah, duşmanyňam iň soňky sargydy bitirilýär ahyryn. Ýöne ol babasynyň soňky wesýetini bitirip bilmeýändigi üçin özüni teý aklap bilmedi. Ol iki oduň arasynda örtendi. Neneň örtenmesin, Gaýa enesine bireýýämler Hananda jaýlamaga söz beripdi. Özem mundan dört-bäş ýyl owal söz beripdi. Ol bu hakda şol wagtlar dogany Arslana-da söz beripdi. Arslan: «Eneňe söz ber, goý ol rahat ýaşasyn» diýipdi. Ana, şondan soň Gaýa enesine islegini bitirmegi wada edipdi. Şol wadadan köp wagt geçmänkä Gaýa Hanana gelip, Peleňiň galdyran saganasyny giňeldip hem beýgeldip gidipdi. Şol gezek baranda köp ýyllardan bäri hiç kimiň ýaşamaýan, Peleňiň yhlas edip guran öýünde ýatyp-turupdy. Adamlar gelip, olara sagana gurmaga kömekleşmek isläpdiler, ýöne Gaýa hiç kimden kömek almandy. Şol gezek ol adamlar bilen ýüzi nikaply gepleşipdi. Ýöne ol bu gün oba ýüzi nikapsyz girdi. Geçelgä ýüzi nikaply girmek ýa nikapsyz girmek barada Gaýa uzak oýlandy. Öýünden çykanda Hanana ýüzüm nikaply girmeli bolaryn diýen pikir bilen ýanyna enesiniň yhlas bilen ýörite taýýarlap beren gara başlygyny — nikabyny hem alyp gaýdypdy. Soňam oba nikapsyz girmeli diýen pikir bilen başlygyny tokaýlygyň içine zyňyp goýberipdi. Sibir beg ýogalansoň, bu obada kethuda-da ýokdy. Geçelgede häzir wagtlaýynça öňki sahyp Garadag beglik edip ýördi. Gaýa enesiniň isleýşi ýaly, Hananda ýaşamakçydy, Hanana beglik etmekçidi. Özem saganaly öýde, alawhananyň günorta tarapyndaky Peleňiň guran öýünde ýaşamakçydy. Ol bu pikirini dogany Arslan bege-de çalarak ýaňzydypdy. Gaýa oba girip, ilki nirä barjagyny bilmedi, ýöne nirä barmalydygyny, Aýşöhläniň nirede jaýlanmalydygyny düýeler bilýän eken: öz maýdalyna gelýän düýeler alawhananyň öňündäki meýdança — Peleňiň saganasyna sary göni gidip barýardylar. Düýeler meýdançada — Peleňiň saganasynyň ýanynda biraz durup, çökmek bilen boldular. Düýeleriň bu çözgüdi Gaýanyň ýüregine makul boldy. Gaýa baryp, kerweniň öňüni çekip gelen arwananyň boýnundan gujaklady. Ýeri, adamyň bilmeýän zadyny duýýan bu janawara nädip haýwan diýjek! Ýeri, adamyň ýüregindäki pikirini, daşyna çykaryp bilmeýän pikirini duýup, şol duýgusy boýunça hereket edýän bu janawarlary nädip gowy görmejek, boýnundan gujaklap minnetdarlygyňy bildirmejek! Gaýanyň bu minnetdarlygyna arwana düşünýär. Oba adamlary, goňşy obaň adamlary, rabatdaky dürli ýurtlaryň bezirgenleri ýygnanyşyp geldiler. Gaýa enesiniň jesedini Peleňiň ýanynda, saganada ýerleşdirdi. Adamlar Peleňiň agysyny agladylar. Adamlar Aýşöhläniň agysyny agladylar. Adamlar Peleň bilen Aýşöhläniň keç söýgüsiniň agysyna agladylar. Adamlar döwre gurap, çirkin-çirkin sesler edip, ýas aýdymyny aýtdylar. Adamlar döwre gurap, çirkin-çirkin sesler bilen ýas rakysyny edip, legze kakdylar. Adamlar Göktaňra ýüzlenip, Peleň bilen Aýşöhläniň söýgüsiniň näme üçin keç bolandygyny soradylar, olar Peleň bilen Aýşöhlä, olaryň päk söýgüsine bakylyk dilediler. Adamlar görkli Güne, görkli Aýa, görkli Enehudaýa — Humaýa ýüzlenip, Peleň bilen Aýşöhläniň söýgüsiniň näme üçin keç bolandygyny soradylar, olar Peleň bilen Aýşöhlä, olaryň päk söýgüsine bakylyk dilediler. Hananlylaryň ahy-nalasyny, ýüzlenmesini Göktaňry eşitdi. Görkli Gün eşitdi. Görkli Aý eşitdi. Görkli Enehudaý — Humaý eşitdi. Hezreti suw eşitdi. Gün derýasy güňleç-güňleç ses edip, Peleň bilen Aýşöhläniň keç söýgüsine nagra dartdy. Güwwüldäp-güwwüldäp, tolkunlaryny al-asmandan aşak inderdi. Suw hananlylar bilen goşulyşyp, Peleň bilen Aýşöhläniň agysyny aglady. Tebigat kem-kemden garalyp ugrady. Gündogardan kowçum-kowçum gara bulutlar geldi. Soňam gök gümmürdäp, ýyldyrym çakmaga durdy. Hezreti Göktaňry, görkli Gün, görkli Aý hezretleri hananlylaryň ahy-nalasyny, ýüzlenmesini eşitdi: olara öz duýgudaşlygyny bildirip, ýagyş çisňedip ugrady. Adamlar legze kakmalaryny, gudratlylara, keramatlylara ýüzlenmesini dowam etdiler. Il dileg edende, patyşa dileg edende, Göktaňry şol dilegi bitirjek eken. Bu gezek hem bitirdi. Adamlar oňa gudrat diýýärler. Sagananyň ýakynyndan argamaklaryň kişňemeleri eşidildi. Adamlar argamaklaryň seslerini eşidip hüşerilişdiler: töweregine nazar aýladylar. Töwerekde ýeke argamagam görünmedi. Ýozkadan Günüň ýitiligindäki ýalkym adamlaryň gözlerini gamaşdyryp gitdi. Iki sany owadan bedew kişňäp, hokranyp, sagananyň daşyndan aýlandy. — Bä, bu bedewler nireden çykdy? — diýip, Göktaňra mynajat edip duran adamlar legze kakmasyny goýup, bedewlere bakan süýşüp ugradylar. — Ýaňam-a bu töwerekde ýekeje argamagam ýokdy. — Asmandan inen bolaýmasyn? — Eý, olar saganadan çykdymy? — O demir gyr argamag-a Garçgaý — Peleňiň aty, ýanyndaky dor argamagam Şuňkar. — Dogry, dogry, hakyt Şuňkar bilen Garçgaý. Idisi ýetirilipdir, gör-ä lowurdap duruşlaryny! — Serediň, serediň, Şuňkaryň üstünde Aýşöhle otyr! — Hakyt Aýşöhle-e! Görseňizläň onuň owadanlygyny! — Hana, Peleň! Garçgaýyň üstünde oturana serediň-ä! — Aýşöhle bilen Peleň ikisi! — E-eý, olar atyň üstüne haçan münüp ýetişdiler-ä?! — Olar suwa barýarlar! — Bä, olar hakyt suwa barýarlar! Bedewler kişňeşip, çarpaýa galdylar, soňam biri-birine gysmyljyraşyp, boýunlaryny talawlandyryp, hezreti Gün derýasyna sary ok bolup atyldylar. Bedewler duranlaryň hakydasynda doňup galdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |