00:38 Göktürkmen söýgüsi -2/ romanyñ dowamy | |
IKINJI BOÝ
Taryhy proza
DÜNÝÄNI GÖWÜN DOLANDYRÝAR Dünýäni göwün dolandyrýar. Hanan geçelgesinde göwün awlamak esasy pişe. Geçelgäniň adamlary derýadan geçmek üçin gelen her bir kerweniň, her bir bezirgeniň, her bir adamyň ýanynda näçe akja1 baryny bada-bat duýarlar. Öz öýlerindäki akjalarynyň sanyny bilmese bilmezler, ýöne gelen müşderiniň ýanynda näçeräk baýlygyň, akjanyň bardygyny welin, anyk bilerler. Ondan näçeräk akja gazanyp boljakdygyny ýalňyşmazdan, şeýle bir takyk, kesgitlärler welin, olaryň başarnygyna agzyňy açarsyň. Özem olar Oguz çölüniň içinden derýa bakan kerweniň gelýändigini çala nazarlary kaklyşandan bilip durandyrlar. Başlaryny galdyryp, çiňerilip seretmegem o diýen zerur däl. Nähili howpuň abanýandygyny, gelýänleriň haýsynyň ganojakdygyny gadam uruşlaryndan bilip durandyrlar. Haýsy bezirgen bilen nähili gürleşmeli? Kime näme diýmeli? Bu zatlary maslahatlaşmak zerurlygy ýokdur. Şeýle bolansoň, geçelge goňşy galanyň adamlaryndan gowy ýaşaýar. Göwün awlap bilýän oba, heý, ýaramaz ýaşarmy? Her ýeriň öz kanuny bar: geçelgäniň-de öz kanuny bar: derýadan dost bolup geçseň-de, duşman bolup geçseň-de, geçirilendigiň üçin bellenilen möçberde akja tölemeli. Öz güýjüne masaýynyp, hananlylara tölemeli akjalaryny tölemän geçmekçi bolýan adamlary, ilki bilen, begiň çawuşlary, galyberse-de, hezreti Gün berkden-berk jezalandyrýar. Göktaňry asmandan ähli kişini, ähli kişiniň edýän ähli işini oraşan görüp-bilip dur. Onuň nazaryndan sypýan zat ýok. Diýdimzorluk bilen derýadan geçmekçi bolaýsalar, ol şeýle bir däliligine tutýar welin, ýowuzlyk bilen olary holtumyna salyp ýedi gat suwuň aşagyna dykýar, onuň doýdumy-doldumy ýok. Derýaň Enehudaýy — Humaý2 öz üstünden geçip barýanlary derrew tanaýar, niçik şeriň ýaranydygyny bileninden soňam olary çökder-çökder jezalandyrmaga girişýär. Ýogsam hananlylaryň jeňňel toraňňylaryndan ýasan ullakan sallary çepbe çöwrülerden has uly, onda üç-dört düýe, otuz-kyrk adam ýerleşýär. Geçen uzyn döwür içinde Oguz derýasynyň öz holtumyna düýnän baýlyklary, adamlary, zatlary bäri-aňry däl. Dünýäniň derýalarynyň içinde iň baý derýa bu. Ähli baýlygy, otuz-kyrk düýe altyny bilen geçip barýan şalary-da holtumyna düýnän derýa bu. Ýöne ol alan zatlaryny aňsat-aňsat yzyna gaýtaryp bermeýär. Bu derýadan diňe Babyr beg bir gezek yzyna almagy başarypdyr. O gezek derýa gaty adalatsyzlyk eden eken. Paýkent şäherinden gelen görgüli derýada alty aýlap işläpdir. Ol Babyr beg bilen hasaplaşyp, derýanyň kenaryna barypdyr. Suw almak üçin eglipdir welin, goltugyndaky akjalary derýa gaçypdyr. Görgüli derýa girip, akjalaryny gözlemek gözläpdir, emma ýekeje akja-da tapyp bilmändir, düşen gününe çydap bilmän gözýaş döküpdir, onuň bu düşen gününi gören hananlylar oňa: «Babyr begiň ýanyna bar» diýip maslahat beripdirler. «Wah, Babyr beg meniň bilen hasaplaşdy. Ol indi maňa hiç zat bermez» diýip, saýrywan janygypdyr. «Babyr beg seniň bilen, elbet, ikinji gezek hasaplaşmaz, ýöne ol adalatly bir çözgüt tapar. Obada adalaty saklamak begiň borjy» diýip, hananlylar düşündiripdirler. Saýrywan başga çykalga tapman, göwünli-göwünsiz Babyr begiň huzuryna baryp, arzy-halyny aýdypdyr. Babyr beg saýrywan bilen akjanyň gaçan ýerine — güzere gelipdir. «Ine, şu ýerde elimi ýuwmak üçin egildim welin, barja beren teňňeleriňiz3 jyňňyrdaşyp döküldi. Derýaň içine girip agtardym, emma birje teňňe-de tapmadym». Babyr beg görkezilen ýere girip teňňe agtarypdyr, ol hem ýeke teňňe-de tapmandyr. Şondan soň Babyr beg dergazap bolup, derýa haýbat atypdyr: «Eý, derýa, sen nä bu saýrywanyň ähli akjasyny alypsyň?! Ol teňňeleri gazanmak üçin bu görgüliniň alty aýlap gara der saçanyny özüň gördüň. Ol teňňeler bu saýrywanyň halal haky. Alan teňňeleriňi derrew gaýtaryp ber!». Babyr begiň bu sözlerinden soň agyr bir ümsümlik aralaşypdyr. Birdenem derýa dälireýän ýaly, äpet-äpet tolkunlaryny biri-birine urup, güwwüldäp ses edip ugrapdyr. Soňam äpet bir tolkun Babyr beg bilen saýrywanyň boýundanam ýokary galypdyr. Tolkun ikinji gezegem ýokary galyp, şogurdap yza gaýdypdyr. Äpet tolkun üçünji gezegem ýokary galypdyr-da, saýrywanyň akjalaryny Babyr begiň aýagynyň aşagyna seçeläp goýberipdir. Beg teňňeleri ýerden göterip, saýrywana uzadypdyr. Saýrywan begenjine gözüne ýaş aýlapdyr, Babyr bege minnetdarlyk bildiripdir. «Men bu teňňelerimden umydymy üzüpdim. Pulumy yzyna gaýtaryp alyp berendigiňiz üçin men şu akjalaryň ýarysyny minnetdarlygym hökmünde size bermek isleýärin. Ine, alyň!» Babyr beg ör-gökden gelipdir: «Ýok, ýok, men senden hiç zat alyp bilmerin. Men öz wezipämi ýerine ýetirdim. Men adalatyň goragçysy. Seniň minnetdarlyk hökmünde berýän akjalaryňy häzir kabul etsem, soňky gezek derýa meni diňlemez. Soň meni geçelgäniň adamlaram diňlemez. Meniň güýjüm adalaty hantamaçylyksyz goraýanlygymda». Hanan geçelgesiniň adamlary Öküz derýasyny ýöne bir akyp ýatan derýa hökmünde däl-de, äpet bir güýçli jandar hökmünde görýärler. Derýa bilen gürleşýärler, derýa sygynýarlar. Onuň ähli ýowuzlyklaryny hökmürowan jandaryň çözgüdi hökmünde kabul edýärler. Olaryň ömürleri derýada geçýär. Şeýle bolansoň, olaryň toý-baýramy-da, köplenç, derýa bilen, suw bilen baglanyşykly. Dal-daragtlar janlanyp, gök öwsüp ugranda, Öküz derýasy alys daglardan kän-kän suw bilen dolup-daşyp akanda özge obalar deýin hananlylar baýram geçirýärler. Baýramda kän-kän nazy-nygmatlar taýýarlanylýar, ol nazy-nygmatlardan adamlar birek-birege hödür-kerem edýärler. Güzere baryp, taýýarlan nazy-nygmatlaryndan derýa hem berýärler, derýadan bereket dileg edýärler. Adamlar näçe köp eçilseler — köp nazy-nygmatlaryny derýa oklasalar, Öküz derýasy olara sahawatyny şonça köp eçilýär: kän-kän adamlaryň derýadan geçmek üçin gelmeklerini gazanýar, adamlaryň derýadan tälkewsiz, kösençsiz geçip gitmekleri üçin parahat akýar. Ol öz üstünden ýaramaz adamlaryň hem geçip barýanyny duýup-bilip dur. Derýa duýup-bilip dursa-da, hananlylaryň hatyrasy üçin, köplenç, parahat akýar. Ýogsam ýaramaz adamlar derýadan geçmekçi bolanda bir hepdeläp, käteler iki hepdeläp äpet-äpet tolkunlaryny güwledip, aňsat-aňsat ýakynyna hiç kimsäni getirmeýär. Derýanyň birahatlanyp, harasat gopduryp ugramagynyň hikmeti gaty düşnükli. Derýa birahatlanyp ugrasa, göktürkmenler Öküz derýasynyň haýsydyr bir ýerinden ýaramaz adamyň geçjek bolýandygyny, muňa derýanyň ýol bermeýändigini magat bilýärler. Hananlylar Gün hezretlerine, Aý hezretlerine sygynyşlary ýaly derýa — Enehudaýa-da sygynýarlar, hananlylar suwa sežde edýärler, oňa ýüregini açýarlar, agyr derde ýolugan kişi-de derýa baryp derdinýär. Enehudaý dergähine gelen kişiniň arzy-halyny diňläp, islese, näsagyň derdini dep edip goýberýär, islemese-de hiç zat etmeýär. Il arasynda berk ynanç bar: aşyk ýigit suwa sygynyp, ondan haýsy gyza öýlenmek isleýändigini aýtsa, ýardam bermegini dilese, Enehudaý şol aşyk ýigidi gürrüňsiz wysala gowşurýar. Şeýle bolansoň, derýanyň kenaryna, köplenç, ýaş juwanlar gelýär. Suwdan wysal tapan kişiler bütin ömürlerini alkyşda geçirýärler. Obada Istemi hakanyň goşunynda hananly ýigitleriň ýigrimisi gulamlyk edýär. Olar gulamlyga gidenlerinde küren oba derýanyň kenaryna üýşüp geldiler. Derýa obadan hiç kimiň gazanç üçin goşuna gulamlyga gitmegini islänok. Her sapar derýanyň rahatlygy gaçýar, çyrpynyp urunmaga başlaýar. Derýany razy etmän nädip gitjek, ýöne Istemi hakanyň islegini-de berjaý etmeli. Iki dogan bolup hökümdarlyk etmek dünýäde diňe türkmenlerde bar: Bumyn han hem Istemi han dogan. Bleda han bilen Atylla han dogan Bilge han bilen Kultegin hanyň ýoluny ýöredýär: dünýä oguzlaryňky — göktürkmenleriňki bolmaly diýýärler. Dünýä göktürkmenleriň elinde bolmaly. Bu maksat üçin her oba Göktürkmen şalygynyň berkemegi, kuwwatlanmagy üçin salgyt tölemeli, özüniň batyr, edermen goç ogullaryny goşunda gulamlyk etmäge ugratmaly. Bumyn hanyň goşunyna her alty öýden bir adam gulamlyga ugradylýar. Şeýle bolansoň, Hanan geçelgesinden Bumyn hanyň ygtyýaryna on adam gitmeli boldy. Şonda Peleň öz ýanyna üç sany tapugçy alyp gidipdi. Ana, şol günden bärem üç ýyl geçipdir. Hananlylaryň göwnüne, derýa üç günläp ýigitleriň gulamlyga gitmegine garşy çykyp çyrpynmasy ýöne ýere däl ýaly bolup duýulýar, bu gün. Üç ýyl geçse-de, giden batyr ýigitlerden habar-hatyr gelenokdy. Hananlylar her gün ertir daňdan Gün hana salam berenlerinde, garaňky gatlyşanda Aý hezretlerini ýüzlerine sylanlarynda gidenleriň sag-salamat dolanmaklaryny dileg edýärdiler. Anygyny — haýsy patyşadygyny, haýsy döwürdedigini anyk bilýän ýok, haýsydyr bir döwürde hasydyr bir patyşa goşunyny Gün derýasyndan geçirende Hanan geçelgesi ýok eken. Ýöne patyşa gowy görýän serkerdeleriniň Hanan atly birine şu ýerde galmagy, derýadan geçmek üçin ýasalan sallary garawullamagy, kimdir biri geçmek islese, şu ýasalan sallarda geçirmegi, şeýdibem gazanç etmegi, gazanylan girdejini bolsa özüniň gaznasyna ugratmagy tabşyrypdyr. Şondan bärem geçelgäniň ady Hanan begiň ady bilen tutulýar: Hanan geçelgesi, Hanan kerwensaraýy, Hanan begligi, Hanan obasy. Gaty köp ýyllap bu ýerde bäş-alty maşgala ýaşady. Hananyň nähili adam bolandygy, näme işler edendigi hakda bu gün obada o diýen bilýän adam ýok. Biri bilse, Hananyň neberesi, Hananyň begligini saklap gelen Gündaş bilmeli, ýöne onuňam bilýän oňly zady ýokdy. Gündaş döwründe oba ulalypdy, Hanan geçelgesinden geçýänlerem köpelipdi. Altmyş maşgala gije-gündiz işlese-de, zordan ýetişýärdi, käte adam güýjüniň azlyk edýän pursatlaram bolýardy. Gündaş öz geçelgesiniň adamlaryny berk tutardy, aňsat-aňsat geçirimlilik etmezdi. Ol geçelgede ähli adamlardan ir turardy. Ilki bilen, kerwensaraýa barardy. Kerwensaraýda — rabatda düşlän bezirgenleriň düýeleriniň iýmine idi-yssywat ederdi, hyzmatçylary turuzyp, her kimiň etmeli işlerini anyklaşdyrardy. Alawhanadan köz getirip, ot ýakardy. Daňdan Gün derýasynyň güzerine gelerdi. Çünki geçelgäniň ähli adamy her gün säher bu ýere Gün hezretlerine hemem Enehudaýa salam bermäge ýygnanýardy. Başda bir sal bilen işlenen bolsa, indi geçelgede üç salda işleýärdiler. Her salyň salçylary4, saldawçylary5 bardy. Edilýän iş çendenaşa agyrdy, şoňa görä gazanç-da gowudy, geçelgäniň adamlarynyň ýaşaýyşlary-da gowudy. Gündaşyň üç oglunyň ikisi goşuna gulamlyga gidip dolanmandy. Gündaş beg garrap, oba kethudalygyny ýalňyz ogly Babyr bege ynandy. Ýöne onuň Babyr bege göwni ýetenokdy. Babyr beg polady ýumşakdy, sypaýydy. Adama ýok diýmegi başaranokdy. Gündaş gerek ýerinde ýok diýmegi başarmazlygy hor-zar ýaşajakdygyň alamaty hasaplaýardy. «Isleseň, sen hor ýaşap bilersiň, ýöne kethuda bolup iliň öňüne düşeňsoň, obanyň adamlarynyň hor ýaşamagyna sebäp bolmaga hakyň ýokdur. Geçelgäniň abadanlygy, bolçulygy üçin sen gaty berk durmaly, bezirgenler bilen buýtar-suýtarsyz gürleşmeli, ýogsam olarda ynsap ýok» diýip, Gündaş ogly Babyr begiň her bir işine gözegçilik edýärdi. Geçelgäniň ilatynyň rysky — bezirgenler, kerwenler. Gündaş Babyr begiň bezirgenler bilen dözümli gürleşmegini isleýärdi. Nädip dözümli gürleşmeli? Olaryň ýanynda öz mertebäňi nädip ýokary götermeli? Gündaş bezirgenler bilen gürleşende aýtmaly ähli sözüni, nähili hereketler etmelidigini Babyr bege çintgäp-çintgäp öwredýärdi: — Ynsabyňy öldürmeseň, bezirgenlik edip bolmaýar. Derýadan geçýän bezirgenlerde jinnek ýaly ynsap ýok. Olar seni bir aý işledibem bir kesemen tötek bermän gitmegiň aladasyndadyrlar. Sen bezirgenleri namysyňa degen ýagyň hasap et. Ýöne etjegim içimdedir diýgin. Kerwen gelende ýanyna barma. Çagyrsalar-da barma. Bezirgen gelende derrew geçip gitmek islär, ýöne seniň kömegiň bolmasa, suwdan geçip bilmez. Mugyra gelýänçä — seniň kömegiň bolmasa, işiniň harapdygyna doly hakyl ýetirýänçä, ejizleýänçä sen bezirgeniň ýanyna barmagyn, üç-dört adamyň mydama kerwen gelende taýýar bolmalydyr. Kerwen düşlänsoň, esli garaşdyryp ýanyna barsyn. Bezirgen baý bolansoň onuň howalasy belentdir, ol seniň birinji adamyň bilen ulumsy gürleşer. Zyýany ýok, birinji adam kerweniň ýüküni düşürip, begiň häzir gelip biljek däldigini aýdyp gaýtsyn. «Derrew beg ýanyma gelsin» diýip, bezirgen hapa-hapa sögüner. Sen giň bol, geçirimli bol. Goý, gelenler saňa garaşsynlar. Gelenler dynjyny alyp biraz naharlananlaryndan soň, ikinji adamyň barsyn. Ol biçak suhangöý kişi bolmalydyr. Ol gelenlere derýanyň gudraty hakda rowaýatlary gürrüň bersin, begi razy etmedik, begiň göwnüne degen adamlary hezreti suwuň heläk edýändigini, tutuş kerweniň suwa gark bolýandygyny, soň olardan ýekeje adamyň hem halas bolmaýandygyny gürrüň bersin. Bu pikirini delillendirmek üçin gark bolan adamlar hakda gürrüň bersin. Gark bolan adamlaryň atlaryny tutsun! Rabadyň, geçelgäniň kethudasynyň gudratly adamdygyny, aňyrsynyň keramatlydygyny, hezreti suwuň ony öz penasynda saklaýandygyny, näme buýruk berse bitirýändigini, beg gürlände güýçli tolkunlaryň hem ýatyşyberýändigini aýtsyn-da gaýtsyn. Biraz wagtdan soň üçünji adamyň — dowulçyň barsyn. «Ynha, häzir beg gelýär, üst-başyňyzy tertibe salyň. Dagaşyp ýatan zat bolmasyn. Begiň ýanynda artykmaç gürrüň edilmeli däldir» diýip, dowulçy sandyramalydyr. Dowulçynyň gorkusy, saňňyldysy kem-kem bezirgenlere geçer. Ýolagçylar begden gorkmalydyrlar. Her gelen kişi suwdan derrew geçip bolmajakdygyna akyl ýetirsin, howp duýsun. Seniň adamlaryň bolsa gelenleriň ruhuny öldürmelidirler. «Aý, beg derýa çykmaga bu aý rugsat bermese gerek. Iki-üç aý garaşmaly bolarsyňyz» diýmelidir. Näçe berilse, näme berilse az görülmelidir. «Bar berýäniňizem şujagaşmy?» diýip, dokmäde bolan bolup, bezirgen utanjyna ýene berer ýaly etmelidir. Birinjiden, derýadan geçirmek üçin töleg alynmalydyr, ikinjidenem, derýadan geçýändigi üçin paç almalydyr. Hasap-hesip geçilensoň, seniň adamlaryň kerwenleriň ýükleriniň nämedigini anyklap, eger harydy mata-marlyk bolsa, onda «Begiň aýaly şeýle matalary biçak gowy görýär» diýip goşmaça almalydyrlar, eger kerweniň ýüki başga bolsa, onda «Beg şeýle zatlary gowy görýär» diýip ýaňzytmalydyrlar we kerwendäki şol harytdan nädibem bolsa, beg üçin sowgat almagy başarmalydyrlar. Şu işleri edýän adamlaryňa başga iş buýurma, seniň wezipäň şeýle-şeýle zatlary etmek diýip anyklaşdyryp ber». Babyr beg bezirgenler bilen işleşmekde öz öwreden zatlaryny etmändigi üçin kän gezekler atasyndan gamçy iýmeli bolupdy. «Heý-de, bezirgeniň gözýaşyna ynanarlarmy? Bezirgenler urup aglaýarlar. Eger ýüregi — ynsaby bar bolsa, oňa bezirgen diýmek bolmaz. Olarda ýürek bolmaýar. Derýa gurapdyr diýseler ynan, ýöne bezirgen halymsyrasa ynanma, ynanma, ynanma! Olar halymsyrap seniň işiňi görýärler» diýip, Gündaş oglunyň depesinden rehimsizlik bilen gamçysyny inderýärdi. «Meniň gamçym saňa akyl-pähim getirer, bolçulyk getirer, ýöne bezirgene ynanandygyň üçin Göktaňry depäňden gamçysyny inderse, aýňalyp bilmersiň» diýip, Gündaş Babyr begi öz isleýän güzerine salmakçy bolýardy. Babyr beg atasynyň pendini tutmak isleýärdi, atasynyň berýän öwüt-ündewlerini berjaý etse, baýajakdygyna-da düşünýärdi, ýöne rabada baranda bezirgenleriň ýalym-ýulumyna, hažžyk-hužžugyna erkini aldyranyny özem duýman galýardy. Bezirgenlerem Babyr begiň ýüregi ýukalygyndan peýdalanyp, haýdan-haý onuň uguny ýekeleýärdiler. Onsoň Babyr beg: «Aý, göwnüňizden çykaran zadyňyzy beräýiň» diýýärdi. Bezirgenleriňem göwünlerinden çykýan zat ýokdy. «Bezirgenleriň jany çykar, ýöne göwünlerinden zat çykmaz» diýip, Gündaş beg janyny ýakardy. Ol ogluna gahar edip, örtenip-örtenip bu dünýäden ötdi. Atasynyň wesýetini saklamak Babyr bege eýgertmedi, ol hernäçe jany ýansa-da, obadaşlarynyň depesinden gamçy galgatmady. Ol götermesine atasynyň gamçysyny göterdi, ýanyndan aýyrmady. Ýöne gamçy oňa ýeke gezegem gerek bolmady. Ol adamlara hoşamaý söz aýtdy. Hoşamaý sözüň ýol almadyk, gezegiň gamça gelen pursady Babyr beg ýeňini çermäp, özi işe girişibererdi. Möhüminiň bitirilmändigi üçin hiç kimden göwün-garyn etmezdi. Babyr begiň üç jümlede jemlenýän öz ynanjy bardy. Ol ynanç ýönekeýdi. Şol üç jümlede jemlenen pikiri kejebesi darygan pursady ýatlardy: «Pendare nik, guftare nik, kerdare nik — ýagşy niýet, ýagşy söz, ýagşy iş»6. Babyr beg öz ömrüniň manysyny şu üç jümlede görýärdi. Onuň geçelgede janyny ynanýan iki ýegana razdaşy7 bardy. Olaryň biri Supan taýlakdy, ikinjisi Şajar ýomutdy. Supan Babyr begden üç-dört ýaş uludy. Olar çagalykdan bile ösüp-ulalypdylar. Supanyň babasy Gündaş begiň çawuşydy. Supan hem çagalykdan başlap, Babyr begiň çawuşy boldy. Ony mydama goraýardy, mydama onuň hyzmatyna gaýymdy. Şeýdibem bir kesemen tötek gazanýardy. Supan mydama Babyr begiň hoşuna geläýjek işi etmäge, ýaranmaga çalşardy. Ony özüne naýyp-orunbasar edip belläpdi. Naýybyň wezipesi Babyr begiň iň ýakyn ynagy, nedimi bolmakdy, onuň çawuşlarynyň hem ýolbaşçysy bolmakdy. Babyr beg ony gowy görýärdi, oňa janyny ynanýardy, ondan zadyny gysganmaýardy. Ol ilki aşyk bolan Rahadaý atly gyzyny Supana berdi, oňa tünek gurup berdi, geçelgäniň köp zatlaryny oňa ynandy. Şajar bilen Babyr beg babasy ýogalan ýyly tanyşdy. Ol Paýkentden Hyrada geçip barýardy. Derýadan geçen ýomçy gije rabatda düşledi. Agşam hananlylaryň Aý hezretlerine tagzym edişine, daňdan görkli Gün hezretine salam berşine gatnaşdy. Agşamky Aýa tagzym ediş ýygnanyşygynda öz porhanlyk, şamanlyk hem ýomutlyk başarnyklaryny görkezdi. Onuň başarnygyna Babyr begiň syny oturdy. Ony geçelgäniň ýomudy8 edip ýanyna işe aldy. Şondan soň geçelgäniň adamlarynyň arasynda geçirmek islän ýomdur ündewini Şajaryň üsti bilen etdi. Supan taýlak — Babyr begi, geçelgäni her hili kast hem sütem etmelerden gorasa; ýomut Babyr begi, geçelgäniň adamlaryny her hili gara güýçlerden, arwahdyr-jynlardan gorady. Göktaňrynyň gahar-gazabyny getiräýjek etmişleriň edilmeginden saklady. Geçelgäniň adamlarynyň arasynda mobedlik9 etdi. Göktaňrynyň ýoluny geçelgäniň adamlaryna düşündirdi. Hananlylar Gündaş döwri gowy ýaşadylar, ýöne olaryň güni Babyr beg döwründe-de erbet bolmady. Adamlara hemle atmak, gorkuzmak gerek däl, her kimiň aňyna etmeli işi berk guýlupdyr, her kim öz etmeli işini edip ýör. Babyr beg obany dagadar, gedaý goýar diýip Gündaş beg nähak howsala düşen eken, hana, hananlylar şol öňküsi ýaly ýaşap, işläp ýörler. Gündaş beg ogly Babyr bege: «Oglum, sen aşa sypaýy, aşa süýji. Seni iýerler. Saňa bir ýerden zyýan gelse, diňe gowulygyňdan geler. Onsoňam sende rehimgöýlük bar, şu hem seniň başyňa bela-beter getirer» diýipdi. Babyr begiň rehimdarlygy geçelgä bela-beter däl-de, köp-köp düşewünt getirdi. Babyr beg edil atasy ýaly hemmeden öň oýanýar, turubam göni rabada ugraýar, onuň käteler rabatda ýatýan gezeklerem bolýar. Rabatda edilmeli iş köp, kerwen ýa-da goşun köp bolsa, Babyr beg gije-gündizini rabatda geçirýär. Goşun geçmeli bolanda öýe gidere bolanok, goşuna baş bolup gelen patyşanyň, serkerdäniň bar maksady tizden-tiz derýadan geçmek bolýar. Onuň ýaly ýagdaýda adamlaryň wagtly-wagtynda iýip-içmegi, atlaryň, düýeleriň suwa ýakylmagy, ot-iým endişesi hupbatly bolýar. Babyr beg daňdan rabatda hyzmat edýän adamlaryň edýän işlerini birlaý gözden geçirip çykýar. Her kime anyk görkezmeler berýär. Ol meýlis guramagy, meýlisde dünýäni unudyp gülmegi, şatlanmagy gowy görýär. Meýlis guramak üçin onuň köplenç wagty bolmaýar. Asyl, onuň özüne meýlis gurap oturmagyň zerurlygam döränok. Meýlisi geçelgä gelen serkerdeler, bezirgenler guraýar. Şeýle bolanda ol ýazylyp-ýaýraýar, süňňi ýeňleýär. Onuň oturyp-turşy, bolup ýörşi adamlaryň öňünde diliniň gysga ýeri bar ýalydy, ol adamlar bilen çekinjeňlik, ýygralyk, sadyklyk bilen iş salyşýardy. Ol ähli kişä gowy görünmek, ähli kişiniň göwnünden turmak isleýärdi. Adamy ol-a urmak eken, käýemegi hem gelşiksiz görerdi. Babyr begiň durmuş hakda babasynyňka meňzemeýän öz pelsepesi bardy. Ol şol pelsepesine berk uýýardy. Babasynyň beren öwütleriniň galabasyny ol oňlamaýardy. Çünki Babyr beg geçelgäni dünýä hasaplaýardy. Her kim bu dünýä myhman. Geçelge hem bu dünýäniň bir kiçijik görnüşi: adamlar geçelgä-de myhman. Olar bu gün bar, ertir ýok. Bir günlük duşuşykda adama näme üçin ýowuz darajak?! Diňe ondan köpräk akja almak üçinmi? Bendesinden alyp doýup, baýap bolmaz. Bendesinden alanyň dadymlyk, Göktaňrydan alanyň doýumlyk. Göktaňry bermese, bendesinden alanyň bilen doýup, baýap bolmaz! Göktaňrynyň hoşuna geljek işleri köpräk etmeli. Ana, şonda Göktaňry desserhanyňy nygmatdan, sandygyňy altyndan doldurar. Adama, bezirgenlere ýowuz daraşmaly däl, şonsuzam olaryň günleri ýowuz. Çyn deňzinden şu ýere çenli ýüz elli gün ýol ýöreýärler. Bu ýerden Rum serhedine — Nasybyna çenli hem segsen gün ýol geçmeli.Onça günläp ýolda bolmak görgi ahyryn. Gazanç üçin, gör, adam özüni nähili görgülere salýar. Ýöne olar bu güzaba nädip döz gelýärler? Näme üçin bu güzaba baş goşýarlar? Sebäp olar bu güzabyň soňunyň baýlykdygyny görüp durlar. Gazanç ähli sütemden, horlukdan rüstem gelýär. Olar gazanç üçin ýüz elli günlük, segsen günlük ýoly kerwende geçýärler. Başga hiç bir güýç şonça ýoly geçmäge olary kaýyl edip bilmese gerek. Şeýle görgüler bilen gazanylýan akjalary almaga nädip dözjek?! * * * Damja kanuny Deňze daman damja «ýitýär»: bitewülige öwrülýär. Damja kanuny bu. Her kimse — damja. Adamlara goşulyp, köplügiň, bitewüligiň içinde her kimse «ýitýär», ýöne adamlaryň içinde bitewülige öwrülmeýän «damjalar-da» bar. Bitewüligiň içinde ýitip gitmeýän kişiler — beýik şahsyýetler... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |