10:31 Göktürkmen söýgüsi -5/ romanyñ dowamy | |
BÄŞINJI BOÝ
Taryhy proza
SABYR DONY Hanan geçelgesiniň günorta-günbatar tarapy giden sähralyk, tokaýlyk. Sähralygyň, tokaýlygyň, Oguz çölüniň içinden Merw şäherine sary kerwen ýoly uzap ýatyr. Geçelgeden iki çakyrym1 günbatardaky ýaýbaň depäniň üstünde bir äpet toraňňy ösüp otyr. Ol toraňňyny hananlylar Ýekepetde diýip atlandyrýarlar. Depäniň üsti giden gyrtyçly meýdan. Bu ýerden seretseň, Hanan geçelgesi eliň aýasyndaky ýaly bolup mesaňa görünýär. Ilki görünýän öý — Babyr begiň öýi. Peleň Kuban bilen oglanlykda bu depäniň üstünde durup geçelgä, geçelgäniň aňyrsyndaky hezreti suwa tomaşa ederdiler, dünýäni unudyp aşyk oýnardylar. Aşyk oýnuna kelleleri göçüp, gör, näçe gezek garaňka üstlerini basdyrypdylar. Ýekepetde diňe bir Peleň bilen Kuban üçin däl, ähli hananly oglanlar üçinem ezizdi. «Ýekepetdäniň ýanynda boldum» diýmek, ajaýyp bir şäherde bolup geldim diýen ýaly ýakymly eşidilýärdi. Onuň hem sebäbi bardy. Ýekepetdäniň töweregindäki giňişlikde gyrtyçdyr ýylaklaryň üstünde ýatyp, ýere diň salmaly. Ana, şonda iki çakyrym uzaklykdaky derýanyň şogurdy sesini eşidip bilseň, bu seniň hakyky erkekligiň alamaty hasaplanýardy. Peleň bäş ýaşyndaka derýanyň sesini eşidipdi. Ýere-göge sygman, begençli habaryny babasydyr enesine ýetirmek üçin geçelgä sary düňk ýasapdy. Şonda onuň begenjiniň çeni-çägi bolmandy. «Men Ýekepetdeden derýanyň güwwüldisini eşitdim! Men Ýekepetdeden derýanyň güwwüldisini eşitdim!» diýip, öňünden çykan adama söýünjiläpdi. Derýanyň güwwüldisini eşitmek — gelejekde Göktaňrynyň saýasynda, hemaýatynda boljaklygyň alamatydy. Derýanyň güwwüldisini eşitmek — bolçulykda ýaşajakdygyň kepilidi. Käbir kişi topraga gulagyny goýup diňleýärdi. Başga birleri çägä gamany sokup, onuň sapyny dişläp, ýere diň salyp görýärdi. Peleň haýsy usulda diň salanda-da, derýanyň güwwüldisini eşidýärdi. Peleň bäş ýaşda diňe bir gulagyň däl, eýsem ýüregiňem eşidýändigine düşündi. Peleň ýaz aýlary tapugçysy Kössek bilen Ýekepetdäniň ýanyna her gün gelerdi. Kuban olara ýeri nähili diňlemelidigini öwredýärdi. Ol aýbogdaşyny gurap oturyşyna ýeňsesindäki Peleň bilen Kössegiň nähili hereket, nähili pikir edýändiklerini bilmegi gowy görýärdi. Ol bu başarnygyna Göktaňryny diňlemegi başarmak diýýärdi. Babyr beg ogullarynyň bu müždeleri bilen her gün gyzyklanardy. Adam gorkanda endamyndan nähilidir bir ýag çykarýandygyny, ol ýagyň ysyny itleriň uzakdan alýandygyny, adamyň gorkýandygyny-gorkmaýandygyny şol ys boýunça derrew aňýandyklaryny, garşydaşyň hem içki pikirine girip, onuň näme etmek isleýändigini aňyp bolýandygyny, hakyky söweşijiniň güýjüniň duýgurlygyndadygyny gürrüň berýärdi. Ol gürrüňler Peleň üçin gyzyklydy, özüne imrindirijidi. Peleň bu gün Ýekepetdäniň ýanyna ýaşlyk ýatlamalary üçin däl, bu ýerde agasy Kubanyň wepat bolandygy üçin gelipdi. * * * «Tylla böri Kubany parçalapdyr» diýmek Peleň üçin gaty geňdi, iň esasy hem ynandyryjylykly däldi. Köp zatlara ynanyp bolar, ýöne tylla böriniň adamyň üstüne towusjagy ynandyryjylykly däl. Peleň tylla börini çagalygyndan bäri tanaýar! Tylla böri geçelgäniň adamlarynyň goragçysy! Ol geçelgäni goraýar! Henize-şu güne çenli ýeke adama-da azar bermändi. Ýakynyna barsaň, gaçýardy. Geçelgäniň oglanlary gök gyrtyç otlaryň üstünde süýnüp göge garap ýatanlarynda tylla reňkli böri Ýekepetdäniň günortasyndaky süýri depäniň üstünde sereder oturardy. Tylla böri aňsat-aňsat adamyň üstüne topulmaýardy, özüne tarap biriniň ýakynlaşyp gelýändigini gördügi zut gaçýardy. On-on iki ýaşlarynda Peleň tapugçysy Kössek bilen möjegiň üstüne topulypdylaram. Şonda-da böri olardan gaçypdy. Hananlylar oba adamlaryny bela-beterlerden goramagyny dileg edip, her ýyl bir maňramazy gök börä hem Enehudaýa sadaka bererdiler. Sadaka berlen maly her gezek tylla böriniň oturýan depesiniň üstüne daňyp gaýdardylar, Enehudaýa berilýän sadakany bolsa derýa goýbererdiler. Sadaka berlenden soň, suw ýuwaşardy, geçelgede asudalyk başlanardy. Gadym-gadym döwürde geçelgäni goraýan böri bir gezek özüne berlen sadakany kabul etmändir. Ol özüne getirilen maly geçelgäniň güzerinde goýup gaýdypdyr. Soň görlüp oturylsa, möjek şol ýyl suwuň gazaplanjagyny bilen eken. Şol ýyl Hanan neberesinden bolan Gündaşyň ogly Ärdaban beglik edýän eken. Adamlar böriniň özüne berlen sadakany güzerde goýup gidendigini aýdanda, ol Enehudaýyň biçak gaharlanjakdygyny aňypdyr. Geçelgäniň şol wagtky ýomudy hem bu hakda adamlara aýdypdyr. Enehudaýyň gazabyna kaýyl bolmaklygy wesýet edipdir. Birki günden harasat başlanypdyr. Enehudaý biçak gazaplanypdyr. Köp ýerlerini suw basypdyr. Harasat köşeşmändir. Tas bir aýa çeken weýrançylyk adamlary lagar düşüripdir. Enehudaýyň köşeşmegi üçin sadaka bermeli bolupdyr. Bermesine bir däl, ýigrimi malam beripdirler, ýöne Enehudaý maly hasap etmändir mallary holtumyna alman, kenara çykaryp goýberipdir. Derýa, ýagny Enehudaý geçelgäniň beginiň iň gymmatly zadyny talap edipdir. Ärdaban begiň iň ezizi — körpe ogly Aban eken. Aban — suwy goraýan perişdäniň ady. Bu ady Ärdaban beg oglunyň hezreti suwdan goragly bolmagy üçin dakypdy. Abanyň hakyky adyna mynasyp bolmaly güni geldi. Begligiň abadanlygynyň hatyrasyna Ärdaban beg alaçsyz bolupdyr. Bu dünýä geleňsoň, gidesiň-ä gelenok. Özüniň derýa sadaka berilmelidigini eşiden Aban birden gürüm-jürüm boldy. Ony gaçandyr öýtdüler. Şondan soň Ärdabanyň üç ogly bijäniň kimiň üstünden düşjegine demlerini alman garaşdylar. Abana derek kim pida bolmaly? Aban doganlaryny uzak kösemedi: geldi, özem gaty arkaýyn geldi. Öljege meňzänok ol. Ýaňy murty taban pälwansypat Aban gürüm-jürüm bolanda şu ýere — Ýekepetdäniň ýanyna gelip ýatan eken, oýlanan eken. Soňam ol güzere ýygnanan adamlara bakyp hoşlaşdy. Enesiniň, babasynyň, obadaşlarynyň, hatyn edinjek bolup ýören söýgüli gyzynyň aglamazlyklaryny towakga etdi, ýöne hiç kim gözýaşyny saklap bilmedi. «Aglamaň, hiç aglamaň! Men Aban ahyryn! Men adyma mynasyp bolaýyn! Meniň Enehudaýyň huzuryna pida bolmagym abadanlyk getirer. Rahat ýaşarsyňyz. Men siziň rahat ýaşaýandygyňyzy her gün güzere geleniňizde görerin» diýip, Aban adamlary köşeşdirmäge çalşypdyr. Ol iň agyr pursatda-da ýylgyryp bakmagy başarypdyr. Aban ýylgyrjaklap güzerden derýa girip gidipdir. Şondan soň Enehudaý kanagatlanypdyr. Adamlar güzerde Enehudaýyň habaryna garaşyp oturypdyrlar, gije şol ýerde ýatypdyrlar. Nädip uka gidendiklerinem bilmän galypdyrlar. Daňdan oýananlarynda derýa öz hanasy bilen parahat akyp ýatyrmyş. Ana, şondan bäri bäş-alty nesil çalşypdyr. Enehudaý şondan soň Hanan neberesinden pida talap etmändir. Mydama Hanan neberesine döwlet-rysk eçilipdir. Şol günden bäri Ärdabanyň ogly Aban her gezek Gün doganda derýanyň ortasyndan hananlylara owadan ýylgyryşy bilen seredýärmiş. Mydama goldap, döwlet-rysk eçilip gelen Göktaňry, Enehudaý näme üçin bu gün neberesine ýowuzlyk etdi?! Näme üçin Hanan neberesinden begligini aldy? Göktaňry öňden miras beren begligini yzyna gaýtaryp berermi?! Ýarygije öýünden çykyp gaýdan Peleň Ýekepetdä geldi. Bu ýer — garaňkylygy üçin bolsa gerek — oňa syrly hem howatyrly göründi. Garaňkylyk bolsa-da, bu ýer Peleňe tanyş! Ol Ýekepetdäniň öň ýanyndaky giňişde uzyn süýnüp ýatdy-da, sowallaryna jogap gözledi, ýöne göwnemakul jogap tapyp bilmedi. Peleň töweregine garanjaklap, dogany Kubanyň haýsy ýerde tylla böriniň pidasy bolandygy hakda oýlandy. Tylla böriniň Kubany pida alandygy Peleňiň göwnüne ýalan ýalydy. «Tylla böri Kubandan gaçýardy ahyryn!» diýip, Peleň aňynda indi, gör, näçinji gezek gaýtalady. Tylla böri Peleňdenem, Kössekdenem gaçypdy ahyryn! Peleňiň göz öňünde Sibir beg janlandy. Onuň sypaty köp-köp ejirdir sütem çekene meňzeýärdi. Sebäp ol biçak hordy. Ýüzi çopurdy. Iki egnine dökülip duran saçlary altynsow öwüsýärdi. Gözleri içine çöküp durdy. Çukurdaky gözleri ýitidi. Hernäçe sypaýysyran-da bolsa, ol gözlerde rehim görünmeýärdi. Sibir begiň egninde senjap derisinden geými bardy. Köseleç ýüzündäki bir oýnam sakgaly onuň mäşirikden uly bolmadyk kiçi kellesine, çopur ýüzüne gelşenokdam. «Şeýle betnyşan çopurdan şonuň ýaly owadan gyz nädip döredikä?!» diýip Peleň oýlandy. «Bolanda näme owadan. Bolsa bolupdyr-da! Dolanaýam owadan!» diýip, Peleň pyşyrdady. Ol erbet bir pikir aýdan ýaly boz-ýaz boldy. Nirelerdendir bir ýerden: «Peleň, ýalan sözlemesene! Enehudaýyň, Humaýyň hatyrasyna Sibir begiň gyzy Aýşöhläniň owadandygyny boýun alsana! Dolanaýda üýtgeşik gözellik ýok. Aýşöhle bilen deňeşdirseň-ä, onda onuň onçakly owadan däldigi hasam açyk görünýär. Aýşöhle welin, owadan! Onuň ýaly owadan gyz, meger, dünýäniň hiç bir ýerinde-de ýokdur! Aýşöhle Istemi hana, Anuşirwan Adyla mynasyp gözel!». Kimiň aýdandygy belli bolmadyk sözlere garşy çykmaga Peleň delil tapmady, söz tapmady. Hakykat gürlände söz gutarýan eken. Peleň öwran-öwran ýuwdundy: «Bolsa bolsun owadan! Maňa näme! Ertir gümüni çekip gitsin. Gözüme görünmesin! Ýok bolsun!». Ejesi Täçhalyň örtenmeleri Peleňiň aňynda gaýtalandy: «Didäm, Göktaňry bizi näletledi: biziň üstümize şer perişdesini gönderdi. Şer elimizden begligimizi aldy. Şer elimizden Kuban didämi aldy. Şer dag deýin beýik howandarymyz Babyr begi hakylyndan jyda eýledi. Göktaňry şerini — betbagtlygyny Sibir begiň üsti bilen gönderdi. Sibir beg başymyza musallat bolup indi. Ol elimizden ähli zadymyzy aldy...». «Ol ertir Hanandan gümüni çekmese, men ony çapym-çapym ederin. Ene, sen arkaýyn bol!». «Ýok, ýok, belagerdanym, gara güýjüň çözgüdi uzak gidýän däldir. Sibir — sommagy bilen şer. Sen ondan gaça dur. Zulum zulum getirer». «Men Kubany tylla möjegiň öldürendigine ynanmaýaryn. Kubany, belki, Sibir öldürendir?! Belki, babamy şu güne salan-da Sibirdir? Men Sibiri näme üçin öldürmändigime henizem düşünemok. Çawuşlary däl-de, ilki bilen, Sibiri öldürmeli ekenim. Wah, şonuň ajala meňzeş gyzy öňümden çykyp aňkamy aşyrdy. Ýogsam men ony öldürerdim...». «Bu Göktaňrynyň islegidir, belagerdanym. Ol ýöne-möne beg däl. Ol Göktaňrynyňam aňkasyny aşyryp biljek adam sypatyndaky arwah, şer. Sen ondan daşda dur, didäm. Ýalbarýaryn, belagerdanym, sen ondan daşda dur. Biz Göktaňrynyň sütemine kaýyl bolaly. Ýazgyt bu». «Ene, men Sibiriň Hananda beg bolmagyna kaýyl geleýinmi?». «Göktaňrynyň islegi, emri şeýle boldy, didäm. Babaň geçelgäni Sibire peşgeş berdi. Berlen sowgat göktürkmende yzyna alynmaýar. Bu ölüme barabar masgaraçylyk hasaplanýar. Sen Şajar ýomut bilen duşuş. Ol seniň näme etmelidigiňi aýdar. Sen oňa ýalbar, goý, ol seniň mundan buýanky näme etmelidigiňi Göktaňrydan sorap bersin». Eý, Göktaňry! Bu nädip beýle bolýar?! Bir neberäniň emlägine geçip barýan bir çopur kişi eýe bolýar? Emläk eýesini öýünden çykaryp, onuň öýünde özi ornaşýar. Emläk eýesine bolsa bir hütdüjik tünek berýär. Nädip beýle etmäge onuň ynsaby çatýar?! Gürrüňini diňleseň-ä beýle ýowuz işleri etjek kişi däl ol. Gürrüňini diňleseň, ol Babyr bege kän-kän ýagşylyk eden, yhlas eden kişi bolup dur. «Yhlasymyň ýüzüne urma» diýýär ol. Bu ýerde etmiş eden, edilen ýagşylygy bilmeýän — Peleň. Peleň — günäkär! Sibir — ynsaply, yhlasly, beýik adamkärçilikli beg. Geçelgäniň ähli kişisi Peleňiň ýanyna geldi. Olaryň ählisi Peleňiň Hanana beglik etmegini — eýe durmagyny isleýär. Sibir begiň ýanynda adam galdymyka?! «Peleň, biz saňa garaşdyk!». «Peleň, biz seniň sadyk guluňdyrys». «Peleň, geçelge Hanan neberesiniňki. Öz neberäňe, öz zatlaryňa, öz adamlaryňa, öz sallaryňa, öz rabatyňa eýe dur!». «Biz seniň bilen ölüme gitmeli bolsa-da taýýardyrys!». Peleňiň ýegana tapugçysy Kössek Sibir begi öldürmek üçin hut häzirem bolsa gitjek ol. Garadag öz salçylary bilen topar bolup dur. Peleň geçelgäniň ähli adamlary bilen hal-ahwal soraşdy. «Peleň, näme üçin bu tünekde ýaşamakçy bolýarsyň? Näme üçin öz öýüňe eýe çykmaýarsyň? Sen nämeden gorkýarsyň? Ýör, Sibir begiň ýanyna baraly. Ony seniň öýüňden kowup çykaraly. Öldüreli! Owadan gyzy bar diýýär. Onuň owadan gyzyny özüňe hatyn edin. Biz uly toý edeli» diýip, Kössek Peleňiň elinden çekdi. «Kössek, howlukma! Eýýäm garaňky düşdi. Ertir Güne salama baranymyzda ähli zady çözeris. Men entek Şajar ýomçynyň sözüni-de diňlemek isleýärin. Howlukmaly!». «Nämäniň hatyrasyna garaşmakçy bolýarsyň, Peleň! Gije ýatyrkaň Sibir begiň çawuşlary gelip seni öldürmekleri-de ähtimaldyr». «Garadag, Kössek, men Şajar ýomçy bilen duşuşmaga, onuň suwuň boýunda Gün hezretlerinden özümiň mundan buýanky kysmatymyň nähili bolmalydygyny soramagyny towakga etmäge lebiz berdim. Ertir daňdan ählimiz derýanyň kenarynda duşuşarys. Şonda ähli zady çöp döwen ýaly ederis». Peleňiň enesine lebiz berendigini eşidenlerinden soň, Kössek bilen Garadag ahmyrly dymdylar. Peleň gije ýatmak üçin tünege girende Kössek on sany janköýeri bilen daşarda garawullyk etdi. Enesidir babasy süýji uka giden-de bolsa, Peleňiň gözüne uky gelmedi. Dar tünekde onuň içi gysdy. Dem almagy üçin howa ýetmeýän ýaly boldy, Kössegiň gözüni güýdüşdirip, Ýekepetdä geldi. Bu ýeriň howasy ýakymlydy. Aý aýdyňdy. Peleň ýyldyzly asmana seredip esli salym ýatdy. Garçgaý tebil tapdy. Peleň garysyna galdy. Garşysynda duran jandary görüp aňk-taňk boldy. Peleň nämä garaşsa-da, häzir tylla böri bilen ýüzbe-ýüz bolaryn öýdüp garaşmandy. Be, tylla böri indi Peleňiň kastyna çykdymykan?! Tylla böri Peleňiň on-on iki ädim günorta tarapynda gorky-ürküsiz durdy. Ol birden uzyn-uzyn süýükdirip uwlamaga başlady. Peleň gazap bilen ýerinden galdy. Ol tylla böriniň üstüne sürünjekdi, ony düýt-müýt etjekdi. Ýöne tylla böriniň bolup durşy kysmatyna kaýyl jandaryň bolşuna meňzeýärdi. Tylla böri syrtyny ýere berip, öňki iki aýagyny göterip, eden etmişine toba gelene meňzeýärdi. Peleň onuň bolşuna biçak geňirgendi. Tylla böri nämedir bir zady Peleňe düşündirmäge çalyşýana meňzeýärdi. — Seniň edip ýören işiň näme, eý, tylla möjek? Sen bizden näme ýazyk tapdyň? Bu seniň bizi goradygyňmy? Peleň onuň üstüne topuldy. Tylla böri uzak gaçman, yzyna öwrüldi: çünki ol boýny gysga bolansoň yzyna seredip bilmeýärdi. Tylla böri yzyna öwrülip, uzyn-uzyn uwlady. Peleň ýene onuň yzyndan ylgady. Tylla böri ýene gaçdy. Peleň onuň yzyndan ýetip bilmejegini aňyp yzyna öwrüldi. Ol ýene öňki ýatan ýerine baryp aşak çökdi. Göz atuwynda agasy Kuban janlandy. Kuban baradaky hakykaty Peleňe oraşan edip berip biljek ýeke bir adam bardy. Ol hem Şajar ýomutdy. Ol ýürekden islese, ähli zady bilýär. Ol örän parasatly goja. Peleň Kuban bilen onuň ýomlaryny köp diňläpdi. Kuban ýomlary tiz ýat tutýardy, ýöne Peleň ýomlary kynlyk bilen özleşdirýärdi. Peleň ýomudyň pelsepe, serkerdelik, söweş tilsimatlary hakdaky ýomlaryna höwesjeňdi. Ýomudyň käbir ýomlary hut şu gün aýdylan ýaly, Peleňiň aňyndan çykanok. Ýöne Şajar ýomut öten agşam oduň başynda ýom aýdanda, Peleňiň göwnüne bolmasa, ol örän syrly gürledi. Ýomudyň näme diýmekçi bolandygyna, dogrusy, Peleň düşünmedi. «Begzada nesli hökümdar bolmalydyr ýa hökümdaryň hyzmatynda bolmalydyr. Begzadalar ogullaryna ata-enäni, uly doganlaryny sylamagy öwretmelidir, ýetim-ýesire, äri ölüp, dul galan enelere kömek-goldaw bermelidir, elinden gelen ýagşylygy gaýgyrmaly däldir, garyp-gasarlary gözden salmaly däldir — ine, şonda halk begiň buýruklaryna parahat boýun sunar, onuň diýeninden hergiz çykmaz. Begiň buýruklaryny halk biragyzdan goldaýan bolsa, beg begligi parahat dolandyryp biler. Beg bir gämi bolsa, halk hem suwdur: suw gämini endigan ýüzdüribem biler, agdaryp hem biler. Birmeňzeş zatdan ugur alyp, dürli-dürli zatlara baha berýäris, ýalňyz zatdan gaýdyp hem köp zada nyrh kesýäris. Başlangyç — soňy, soňy hem başlangyçdyr, bu bir aýlaw, tegelek çyzyga meňzäp duran närsedir, onuň ne başy, ne-de aýagy bardyr. Bu şeýle bolmasa, ahyrzaman bolar, asman-zemin lerzana gelip, ýer ýüzünde janly-jandar galmaz. Asman, zemin — ähli mahluklaryň, haýwan-ynsanyň başlangyjy; däp-dessur, öz borjuňa düşünmek — düzgün-tertibiň başlangyjy; kämil adam — borç duýgusynyň başy. Halkyň däp-dessurynyň bütin dolulygy bilen berjaý edilmegi, öz borjuny yzygiderli ýerine ýetirmek, şu sypatlaryňy birsydyrgyn kämilleşdirmek hem-de olary sežd etmegiň iň belent derejesine ýokary götermek — bu kämil adamyň ilkinji gadamydyr, onuň başlangyjydyr. Kämil adam zeminiň hakyky ogludyr, ol halkyň hem enesidir, hem atasydyr. Ol şu görýän, bilýän, eşidýän zatlarymyzyň, mahlasy, ýurduň patyşasydyr. Eger kämil adam bolmasa, hiç hili düzgün-tertip bolmaz, däp-dessurlar rejeli ulgama salynmaz, borçlar unudylar, ýokarda ne hökümdar, ne-de maslahatçy, ne ýomçy, ne şägirdiň ussasy, aşakda-da ne ata, ne ogly bolar — ine, şuňa baryp ýatan bidüzgünçilik diýilýär. Ata bilen ogluň, aga bilen ininiň, är bilen aýalyň arasynda çäk bolmaly, şeýle bolanda bu başlangyç ahyry bolýar, soňy bolýar, ahyry, ýagny soňy-da başlangyjy bolup, şol başlangyç ýeke-täk düzgün boýunça dolandyrylýar, özem ömürlikdir bu, asyrlarboýy şeýle, muňa beýik hamyrmaýa, baky esas diýilýär. Şoňa görä, merhumy soňky ýoluna ugratmak däp-dessury, nowruz hem mährjan baýramçylyklaryny öňden gelýän dessurlar boýunça geçirmek, begiň her bir emrine gepsiz-gürrüňsiz kaýyl bolup boýun sunmak, näme buýursa, ýerine ýetirmek, begiň, ýaşulularyň ýanynda dymmagy başarmak, hyzmata gaýymlyk — bularyň hemmesi ähli adamlar üçin des-deňdir, bir bitewi zatdyr. Biri baý, beýlekisi garyp-pukara bolýar, biri wepat bolýar, başga biri dünýä inýär, birine baýlyk berilýär, ýene birinden alynýar, bular Göktaňrynyň islegine, emrine görä bolýandyr — bu-da hemmeler üçin des-deň sütündir. Hökümdar hökman hökümdar bolmalydyr, raýat hem — raýat, ata — ata, ogul hem ogul, aga — aga, ini hem ini, körpe dogan — körpe dogan bolmalydyr — bu-da hemmä deňdir. Daýhan2 — daýhançylyk etmelidir, ýomçy — ýomçy bolmalydyr, senetkär — senetçi, bezirgen hem öz bezirgenligini etmelidir — bu-da hemmä deňdir. Şu ýokarda aýdylanlaryň hemmesiniň manysy — begiň diýenini hemmeler etmelidir diýmekdir, emeldarlar hem, raýatlar hem şuňa boýun bolmalydyr diýmekdir. Adam ýylyň dört paslynda etmeli işlerini ilik-düwme bölüşdirip, howlukman — alňasaman gününi aýlaýar, bu onuň işini rowaç edýär, berekedini artdyrýar, onuň ähli kowumlary bol-telki günde ýaşaýar. Borjuňy bilseň, berjaý etseň — mydam işiň şow bolýandyr. Adamlar jem bolup ýaşamaly, ömür sürmeli. Eger olar şeýdip jem bolup ýaşaýan bolsalar, ýöne wezipe bölünişigini etmeseler, onda bäsdeşlik diýen bir zat döreýär. Bäsdeşlik hem bidüzgünçilige sebäp bolýar. Bidüzgünçilik ýüze çyksa bolsa, eden-etdilikler köpelip, adamlar biri-birine hyýanat edip ugraýarlar. Onsoň adamlar beýle agzala ýerden gaçmak bilen bolýarlar: göçe-göçlük başlanýar, bosgunlar köpelýär, her kim öýüni-öwzaryny taşlap, gaçmak bilen bolýar. Bu-da begligiň güýjüni gaçyrýar, begligiň güýji gaçsa-da, adamlar zatlara diýenini etdirip bilmeýärler, sebäbi olaryň hem ysgyny paýawlap ugraýar. Şeýle ýagdaýda, öýde rahat ýaşaýyş bolmaýar...». Ýomudyň köp gaýtalaýan sözleri bardy. Ol sözler hiç wagt hem Peleňiň ýadyndan çykmaz: «Bir-ä atasy guwduratmadyk, atabegden, ýomutdan tälim-ýom alan ogul, ikinjem, çekijiň astynda ýenjilen altyn — ynsanyň bezegidir». «Ýomçydan ýom-tälim almak isleýänler sekiz zatdan daşda durmalydyr: söýgüden, hyjuwdan, süýji nygmatlardan, bezenmekden, gahar-gazapdan, çekinjeňlikden, aşa köp ýatmakdan, ýalan sözlemekden». «Bäş ýaşyna çenli çagaňa şa, on bäş ýaşa çenli gul hökmünde seretmeli, on alty ýaşyna girende onuň bilen ýegre dost ýaly bolmaly». «Bilimsiziň göwnüni tapmak aňsat, bilimliniň göwnüni tapmak hasam aňsat, ýöne çala bilimliniň göwnüni tapmakdan Taňrynyň özi saklasyn!». Peleň Şajar ýomudyň ýomlaryny çagalygynda, Bumyn hanyň goşunyna gulamlyga gitmezden öňem köp diňläpdi. Her sapar onuň ýomlaryny diňläp güýçlenen ýaly bolardy. Ýomut dogruçyldy, gönümeldi. Eger öldüriljegini bilse-de ýalan sözlemeýärdi. Ol ölümden gorkmaýardy. Çünki özüniň haçan öljegini diňe Göktaňrynyň bilýändigine berk ynanýardy. Peleň onuň bu häsiýetini gowy görýärdi. Köplenç gönümelligi, dogruçyllygy üçin ýomçynyň kötek, taýak iýýändigini görüp welin gynanýardy. Käbir ýerlerde onuň dymmagyny, gürlemezligini isleýärdi. «Ýomut akylly adam. Şonda-da käbir ýerlerde käbir adamlara aýtmaly däl zady aýdýar, etmeli däl işi edýär» diýip, Peleň gynanýardy, gyýylýardy. «Köp gürleýän adam köp ýalňyşýar. Meniň işim ýom aýtmak — gürlemek. Diýmek, meniň işim ýalňyşmak» diýip, ýomçy özüni aklaýardy. Peleň ýomçynyň adam synalarynyň häsiýetlerine edýän täsirleri hakdaky gürrüňlerini aýratyn gowy görýärdi. Bu hakdaky ýomlary, gürrüňleri diňlemekden asla ýadamaýardy. «Badam gabakly gözler — garagulagyň gözlerine meňzeş, şeýle gözleri bolan adamlar ähli zady inçeden yzarlamagy gowy görýärler. Gabaklary gasyn-gasyn, ullakan gözler ýolbarsyň gözüne meňzeýär. Gasyn-gasyn gabak, kiçi göz piliň gözüne meňzeýär, gasyn-gasyn gabakly, kiçi gözli kişiler ýuwaş häsiýetli, giň göwrümli, pes göwünli bolýar. Uzyndan süňkli burun iş salyşýan adamlaryna göwnüýetmezçilik edýän kişilerde bolýar. Ujy tegelek, iki ýan gapdaly guşuň ganatyna çalymdaş bolsa, onda beýle burunly adamlar maksada okgunly, dogumly, galjaň, edermen bolýarlar, eger adamyň burnunyň ujy suw damjasyna meňzeýän bolsa, beýle burunly adamlar alçak, wäşi, göwnaçyk bolýarlar. Burny bürgüdiň çüňküne meňzeýän adamlar mekirräkdir, syrlyrakdyr. Gulagynyň ysyrgalyk eti uly bolan adamlar akylly bolýarlar. Peleň, seniň gulaklaryň uly — bu uzak ýaşajaklygyň alamaty. Gulaklaryň ýokarysy gaşlaryňdan ýokarrakda. Bu seniň pähim-paýhasa teşnedigiň, akyllydygyň, durmuşyň, dünýäniň köp zatlaryna akyl ýetirmäge höweslidigiň alamaty». «Agzy kiçi, dodagy ýuka adamlar ownukçyl bolýarlar. Sen beýle däl. Seniň agzyň ululygy rysgalyňyň mydama uludan boljakdygyny, özdiýenli, özüne buýrup bilýän adam boljakdygyňy aňladýar. Bumyn han: «Boýy kelte adam ýa-ha zalym, erbet gylykly bolýandyr ýa-da bedroý, bahyl bolýandyr. Eger uzyn boýly adamlaryň arasynda akyllysy bar bolsa, onda baryp oňa sežde et. Çünki uzyn adamlaryň akyllylary juda seýrek bolýandyr» diýipdir. «Boýy uzynyň akyly gysga bolar» diýen pähimi döreden hem Bumyn handyr. Giň maňlaý akmak, kiçi maňlaý ýumşak häsiýetli, dar maňlaý gaharjaň adama mahsusdyr. Eger adamyň gaşy goşuk hemem göni bolsa, ol adam namartaýrak, ejizräk bolýar. Gaşlary uzalyp gidýän adamlar tekepbir bolýarlar. Ine, seniň gaşyň burnuňa tarap uzap gidýär. Bu seniň ýumşak häsiýetlidigiň, akyllydygyň alamaty». Peleň ýomudyň özi barada aýdan sözlerini ýadyndan çykarmaýardy. Megerem, ol sözleriň gulagyna hoş ýakanlygy üçin bolsa gerek, ol sözleri köplenç ýatlaýardy. Ýomut Peleňe: «Durmuşda seniň mydama edeniň ugruna bolýar. Hiç hili kynçylyk görmeýärsiň» diýipdi. Peleň bu söze güp ynanypdy. Şol ynam bilenem Bumyn hanyň goşunynyň sapyna gidipdi. Şeýdip, ölensoň huzurynda hyzmat etjek tapugçylaryň sanyny köpeldip gaýdypdy. Şajar ýomudyň aýdyşy ýaly, öldüren adamlary o dünýäde hyzmatkäri — tapugçysy boljak bolsa, onda Peleň o dünýäde hor bolmaz, hökümdar bolar3. Gaty köp adam onuň hyzmatynda tapugçy bolar. Şajar ýomut Peleňiň darkaşlarda ölmejekdigine kepil geçipdi. Onuň diýeni dogry çykdy. Ýöne onuň söweşden soňky ýaşaýşynyň gowy boljakdygy hakdaky aýdanlary nädogry çykdy. Hanana gelýärkä ähli gazanan akjalaryny ogurlatdy. Täleýi küle çökdi. «Şajar ýomut näme üçin aldadyka? Näme üçin? Beglik elden gitdi, beglik! Ýeri, ertir Sibiri Hanandan kowanymdan soň men näme etmeli? Babamy nädip sagaldyp bolar? Nädip? Eger babam sagalmasa, men begligi ýöretmeli bolarynmy? Begligi saklamak üçin gerekli boljak akjalary nireden almaly?! Eý, Göktaňry, akylyma getirmedik zatlarym başyma gelýär meniň. Begligi ýöretmek, adamlary saklamak üçin köp mukdarda akja gerek. Ol akja mende ýok. Akjaň bolmasa, adamlar seniň aýdanyňy etmezler. Sibir babamyň ähli baýlygyny alypdyr. Indi ony yzyna almaly. Sibir begiň ähli baýlygyny yzyna almaly. Wah, Kuban hem ýog-a! Wah, Kuban bolan bolsady! Ol duran bir otdy, dogumdy! Ol duran bir akyldy, pähimdi! Men erkana, bigana ýaşaýyş küýsäp geldim-ä! Bu bolan betbagtlyklary Gaýmart beg bilýärmikän?! Bu bolan zatlary Dolanaý bilýärmikän? Dolanaý meniň gelenimi eşiden däldir. Men näme üçin Akmeýdana özümiň gelendigim hakda habar göndermedim? Men Dolanaýa: «Gulamlykdan gelen günüm size çakylyk göndererin» diýip lebiz etdim-ä. Daňdan güzerdäki tagzym edişlikden soň, men hökman Akmeýdana çakylyk ugradaýyn. Gaýmart beg parasatly kişi. Onuň bilen maslahatlaşaýyn. Ol maňa hökman oňyn maslahat berer. Wahşunwar geler. Dolanaý hem geler. Bolan wakalar hakda eşitseler, olar maňa «Näme üçin gelen dessiňe habar göndermediň?» diýip durmazlar. Güzerden gelenimden soň, men babam bilen enemi öýe alyp gideýin. Näme üçin biziň öýümizde gelmişek ýaşamaly? Sibir ýok bolup gitsin! Owadan gyz hem gitsin! Aýşöhle gitsin! Gaýdyp gözüme görünmesin! Onuň ýaly owadan gyz köp dünýäde! Ondanam owadan gyzlar bar. Men ony Dolanaýyň basyp giden yzyça-da görmeýärin. Ýok bolsunlar! Sibir ynsapsyz adam eken. Ol näme üçin Hanandan çykyp gitmedi? Belki, ýene beglik isleýändir?! Men onuň gözünde ot ýakaryn». Jahan ýagtylyp ugrady. Peleň gitmeli wagtynyň bolandygyny, özüne garaşýandyklaryny, tiz wagtdan hezreti Güne salam bermek üçin güzere barmalydygyny ýatlady-da, göwünli-göwünsiz ýerinden turdy. Garçgaýa atlanyp, geçelgä ugrady. Dogrudanam, on-on bäş kişi tünegiň öňünde nämedir bir zadyň gürrüňini edip duran eken. — Saňa bir zat bolandyr öýdüp gorkmak gorkduk — diýip, Kössek begenip Peleňi gujaklady. — Ýekepetdä gitdim. — Wah, şeýledir öýtdüm-le — diýip, Kössek ahmyrly ýylgyrdy. — Sibiriň bäş sany çawuşy üýşüp geldi — diýip, Garadag Peleňe habar berdi. — Içi düzüw däl-ow onuň. — Içi düzüw bolýan bolsa, bu ýerde köri barmy onuň. — Peleň, men saňa ýüregimdäkini aýdaýyn. — Aýt! — Eger sen Sibiri daň atmazdan burun öz öýüňden çykarmasaň, daň atansoň sen ony hijem çykaryp bilmersiň. — Onuň özi ertire çenli puryja sorady. — Sibir ýeňdy, sen ýeňildiň. Indi ol öýden çykmaz. — Çykar! — Ol seni ýeňdi. Özem ol seni gyzyny ýarag edip ýeňdi. Ol seniň öňüňe gyzyny tutdy. Ol gyzy görüp, senem lagşadyň. — Onyň-a dogry. Men lebiz etdim, Kössek. Indi «Öýümden çyk!» diýip barsam, gelşiksiz bolar. — «Gelşiksiz» diýdiňmi? Onuň edip ýören işi gelşikli-de, seniňki gelşiksizmi? — Taňy garşylaly! — Ertir ol özüniň mamladygyny saňa, ile subut edip görkezer. Menem seniň ýanyňdan gitmeli balaryn, oňa hyzmat ederin. — Sen öňem meniň tapugçym, indem tapugçym bolarsyň. Olar pyýadalap güzere ugradylar. Täçhal oglunyň yzyndan gygyrdy: — Didäm, Göktaňrynyň emrine kaýyl gelgil! Gün dogdy!.. Taň dogdy!.. — Saňa tagzym edýärin, eý hezreti Gün!.. * * * Peleň ýomuda ynandy, ýok, ynanasy, bil baglasy geldi. Ynanmakdan, bil baglamakdan başga alaç ýok bolsa nätjek, asyl?! Hezreti Güne sygyndy. Ol hezreti Güne nalyş etdi: düşen gününi beýan eýledi. Ol hezreti Enehudaýa nalyş etdi: düşen gününi beýan eýledi. Hezreti Gün Peleňi diňledi. Hezreti Enehudaý Peleňi diňledi. Peleň hezreti Günden, hezreti Enehudaýdan hoşamaýlyk tapdy. Ýomut derýadan bir goşawuç suw aldy-da, Peleňiň depesinden seçelendirdi. Soň küýzesini suwdan doldurdy, ony Peleňe uzatdy. Peleň ýomudyň uzadan küýzesini maňlaýyna üç ýola togap etdi. Derýa görkli Gün hezretiniň nuruna altyn ýalkym saçýardy. Görkli Gün hezretiniň, Enehudaýyň parahatlygy Peleňe belli bir derejede giňlik berdi. Şajar Peleňi gujaklady: — Gözüň aýdyň, gözüň aýdyň, Peleň! Men görkli Gün hezretiniň öňünde hata iş edensiň, şere ýaran bolansyň öýdüp gorkdum. Göktaňry seniň bilen, Peleň, Göktaňry seniň bilen! — Eý, ýomut, bu bolan işler rast işlermidir? — Sen özüňi gaharyň, şeriň eline berme! Kine — bedeni ýakýan oduň; pul — aşyk-magşuk odunyň; pähim — hakykat odunyň; dünýä — başarjaňlyk odunyň ýangyjydyr. Sen özüňi oda berme. — Men edilen sütemi çekip-çydamalymy? Nämäniň hatyrasyna? — Peleň, Göktaňrydan ýaşryn hiç bir iş gopýan däldir. Ähli amallaryň güzerinde Göktaňry bardyr. Meniň senden isleýän ýeke zadym bar. Ol hem Göktaňrynyň gursagyňa salan ýüregine görä bolmagyň. Bilýän, Göktaňry seniň gursagyňa owadan ýürek salypdyr. Men seniň öz ýüregiňe, özüňe muwapyklykda ýaşamagyňy isleýärin! Şere özüňi aldyryp — şer donuny geýip, eliňe şer şeşperini alyp, onuň islegini amal ediji bolma. Şer seniň günüň has bulaşmagyny isleýär. — Mundan beter näme bar?! — Egniňdäki şer donuny çykaryp, egniňe sabyryň, pähimiň donuny geýseň, ana, şonda mundan beteriniň bardygyna akyl ýetirersiň. Sen ýagdaýa şeriň gözi bilen seretme. Sibiriň saňa ýamanlygy ýok. Ol dogry aýdýar: «Sen häzir begligiň garamatyny egniňe alyp bilmeýärsiň. Sebäbi häzir sende begligi dolandyrar ýaly akja ýok. Begligi gerdeniňe alyp, adamlaryňy hor-zar, aç etseň, şeriň göhi has artar. Ýagdaýyň soň has erbet bolar. Ana, şonda: «Munan beter näme bar?» diýen sowalyňa «Mundan beterem bar eken» diýip, özüň jogap berersiň. Çykalgasyz ýagdaý ýokdur. Herki zadyň öz çykalgasy bardyr. Sen giň bol, ana, şonda Göktaňry mundan bu ýanky etjek işleriňi salgy berer. Sibir sizi bol-telkilikde saklamaga söz berýär. — Maňa onuň hiç zady gerek däl. Ol meniň babamdan alan zatlaryny bersin. — Subut edip bolmajak zatlaryň dawasyndan diňe kellagyry gelýändir, başga hiç zat gelýän däldir. Peleň öwhüldäp demini aldy. — Babyr beg maňa öz öýüni, begligini peşgeş berdi. Göktürkmen lebiz edensoň, ölýänçä sözünde durýar — diýip, Sibir janykdy. — Men ýüz müň altyn çykdajy etdim. Peleň maňa şony — ýüz müň akjamy bersin. Men begligi Peleňe tabşyryp gideýin. Şajar ýomut araçy boldy: — Peleň, sen howlukma. Göktaňra sygyn, ol saňa gowy çykalga tapyp berer. — Bu çopur Hanandan gümüni çeksin. Maňa başga çykalga gerek däl! — Sibir seni hiç zada mätäç etmän saklar! — Men Peleň üçin ähli zady ederin. Men ony, hossarlaryny hiç zada mätäç etmän saklaryn. Ýüz müň akjany beren güni gideýin. Peleň Şajar ýomçynyň pendini tutdy. Sibiri kowmady. Peleň öýli bolup öýsüz galdy. Indi beglik onuňky däl. Peleň muny içine sygdyryp bilmän, kösenmek kösendi. Göktaňra sygyndy, onuň tapyp berjek çykalgasyna garaşdy. Öň Hanan begligi Peleňiňkidi. Indi ol hiç kim! Peleň güzerden ýeňlen halda gaýtdy. Şajar ýomudyň telärine bardy. — Eý, ýomçy, men-ä bilmedim... Güzerde begligi Sibirden almanymdan soň, köp adam menden ýüzlerini öwürdi. Men anyk bilýärin: indi olar meni hormatlamazlar. — Sen sabyr donuny geý. Biraz garaş. Wagt — akyldardyr. Wagt — Göktaňrynyň hut özüdir. Ol şeri dep edip, saňa haýyr gapysyny açar. Sen güýç — şeşper bilen ýagdaýyňy bir ýüzli etjek bolýarsyň. Sen Göktaňrynyň wagt bilen ediberişini bir gör entek! Wagt şeşperden güýçlüdir. Elbet, dünýäde iki hökümdar bar: biri gylyç, ikinjisi, pähim... — Pähim gylyja daýanmasa, onda güýç ýokdur. — Bar, bar, pähim gylyçdan hem ýiti. Gylyçdan hem rüstem. — Ýok, pähimiň howandary gylyç bolmasa, ol iş bitirip bilmez, ony hiç kim diňlemez. — Sende onuň ikisem bar, Peleň. Ýöne sen gylyjyňy däl-de, pähimiňi başky orunda goý. Seniň Sibir begi açyk tanamagyň üçin käbir zatlary aýdaýyn: eger adamyň gözi kiçi bolsa, onda ol adama ähli erbet häsiýetler mahsusdyr. Eger adamyň gaşy gözüne düşüp duran bolsa, onda ol adam baryp ýatan içigaradyr, bileni-biteni adamlara içigaralyk etmekdir. Bedeniniň haýsydyr bir synasy nemis adamlar görip bolýarlar. Arryklyk içigaralykdandyr. Iýeni-içeni endamyna siňmeýän adamlar arryk bolýarlar. Olaryň iýenleriniň-içenleriniň endamyna siňmeýşiniň sebäbi bolsa, diňe maňa bolsun, özgeler heläk bolsun diýip pikir edýändikleri üçindir. Beýle adamlar çendenaşa ulumsy bolýarlar, özlerini densiz-taýsyz akyldar hasaplaýarlar. Bilen bolsaň, men saňa diňe Sibire mahsus sypatlary aýtdym». Olar gezekleşip, küýzeden suw içdiler. Kakmaç iýdiler. Aňyrsyna il gonansoň, Peleň töweregine diň salyp esli oturdy. Burundyk toraňňylar gawun-garpyz ekilen atyzyň daşyna guşak bolup durdy. Her hili guşlar ses edýärdi. Şajar guran duzaklaryny barlamaga ugrady. Peleň hem onuň yzyna düşdi. Göktaňry ýalkaýar. Olar uzaga gitmeli bolmadylar. Ekine iň ýakyn ýerden gurlan duzaga bir keýik düşüpdir. Muňa Peleňiň göhi geldi. Ol keýigi egnine alyp teläre getirdi. Derrew arassaladylar. Täzeden iýip-içmäge girişdiler. Peleň şeşperini, şemşerini gije ýatanda-da, ertir görkli Gün hezretine salama gidende-de ýanyndan aýyrmandy. Çünki ol Sibiriň adamlarynyň oslagsyz ýagdaýda üstüne dökülmegine garaşýardy. Ýöne salam berişden dolanyp gelensoň, Peleň biraz rahatlanypdy. Şeýle-de bolsa, ol şeşper bilen şemşerini teläriň sütüninden gyssagly ýagdaýda garbap almaga amatly bolar ýaly edip asyp goýdy. Peleň ýomçy bilen Hanana ugrady. Babasy bilen enesiniň ýanyna bardy. Olary keýik kakmajyndan naharlady. Babasynyň perişan haly Peleňiň ýüregini gyýym-gyýym etdi. Ol uzynly gününi teläriň aşagynda ýatyp geçirýärdi. Hiç bir zat bilen seri ýokdy. Käte argamagy Garçgaýy münüp Ýekepetdäniň ýanyna gelerdi. Bu ýere gelibem töweregine diň salyp ýatardy. Sibir begiň özüni ünsden düşürmeýändigini, yzarlaýandygyny Peleň aňýardy. Hiç bir zada baş goşman ýatyp-turup ýörmesi, meger, Sibir begi kanagatlandyran hem rahatlandyran bolarly. Bir aý geçenden soň, Şajar ýomudyň bakjalygyna baryp ogryn seretmeler seýrekläpdi. Ýekepetdäniň ýanyna gelip ýatanda-da jyklaýan gözleriň ýokdugyny Peleň aňdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |