ALTYNJY BOÝ
GÖZ GÖZDEN UTANAR
Sibir Peleňden biçak gorkupdyr: ol günäkär deýin başyny aşak salyp dur.
Hezreti Güne salam berlip, şu gün üçin nygmat eçilmegi dileg edilenden soň, Sibir maslahat sorap Şajar ýomça ýüzlendi.
Näme etmeli?
Sibir Peleňe begligi tabşyrmalymy?
Sibiriň begligi Peleňe tabşyrmak islemeýändigi welin duýulýardy.
Peleňiň Hananda ýeke razdaşy bardy. Ol Supan taýlagyň ogly Kössekdi.
Kössek Peleňden iki ýaş uludy. Ol çagalykdan Peleňiň tapugçysydy, çawuşydy. Babyr beg bilen Supan taýlak olara seredip öz çagalygyny ýatlardylar: «Biziň çagalygymyz gaýtalanýar» diýip guwanardylar. Peleň Gaýmart beglerde ýaşanynda käte babasyna: «Kössegi göresim gelýär» diýerdi. Şondan soň Gaýmart beglere Kössek gelerdi. Ol birki aý Peleňdir Wahşunwaryň hyzmatynda durardy. Olar bilen oýnardy. Sähel zat üçinem käteler Kössegi urardylar. Kössek kysmatyna kaýyldy. Kysmata kaýyl bolmalydygy hakda oňa babasy Supan taýlak hem zynharlardy.
Supan taýlagyň Syraç atly uly ogly hemem Peleňden iki ýaş kiçi Matym diýip ogly bardy. Peleň Syraç bilen Matymy halamaýardy. Olara ýüz bermeýärdi. Syraç köp gepleýärdi, Matym aşa arzuwçyldy. Kössek welin, polady ýumşakdy. Akyllydy. Gowy-gowy sazlary çalýardy. Peleň onuň bilen saz çalmagy gowy görýärdi. Kössek üçin Peleňiň her bir sözi kanundy. Ýöne indi Kössek öňki Kössek däldi. Onda birmahalky polady ýumşaklyk ýokdy. Ol özüni Peleňden gaça saklaýar Onuň bilen öňküleri ýaly razdaşlyk etjek bolmaýar. Peleň babasynyň düşen gününi görüp, öýünden çykyp, göni Kössegiň ýanyna bardy. Ondan ýürekdeşlik isledi. Ol welin, ýagşydan-ýamandan hiç bir zat aýtmady. Soňam pursadyny tapyp Peleňiň ýanyndan gürüm-jürüm boldy. Gaýmart begiň: «Asly bolmadyk adamdan wepa garaşmagyn» diýen sözleri ýadyna her dem düşdi durdy.
Kössekden raz tapmadyk Peleň iki ýana urundy. Näme etjegini bilmedi. Ýöne kimdir biri bilen razlaşmak isledi. Kössekden özüne raz tapyp bilmänden soň, Peleň Ýekepetdäniň ýanyna baryp, içini hümledip ýatmagy nysak edindi. Ol bu günem Garçgaýy bilen Ýekepetdä geldi.
Uzak ýatdy.
Garçgaý tebil tapdy: boýnuny talawladyp, yzly-yzyna pyşgyrdy.
Peleň garysyna galyp, töweregine garanjaklady, töwerekde hiç kimi görmedi. Diň saldy, ýakynda bir däl, birnäçe argamagyň bardygyny aňdy.
Çawuşlarmy?!
Kössekmi?
— Kim bar?! — diýip, Peleň gygyrdy.
Şu sowala garaşyp duran ýaly, ýakyndan bir topar argamakly göründi. Olaryň içinden dor argamakly saýlanyp, Peleňe bakan gaýtdy.
Argamagyň üstünde oturan Sibiriň şol owadan gyzy Aýşöhledi.
Ony gören Peleň zöwwe ýerinden galdy.
— Bir aý bäri hiç ýerde görünmeýän rudapa1, gör, asyl nirede bolýan eken...
Peleň baş atdy:
— Bu ýerde meniň doganym Kubany tylla böri parçalapdyr.
— Meniň hem siz ýaly doganym bardy, ony Enehudaý aldy...
— Eşitdim...
— Ol meni goraýardy.
Garaşylmadyk ýagdaýda asmandan ýagyş damjalady.
— Wale, ýagyş! — diýip, Aýşöhle ýüzüni sypady.
— Sen barkaň ýagyp bilmez — diýip, Peleň ýylgyrjaklady.
— Wale, näme üçin? Goý, ýagsyn.
Bir «garynlak» bulut ähli ýagşyny içinde saklap bilmän, ýolboýy seçeläp, Peleň bilen Aýşöhläniň depesinden geçip gitdi.
Aýşöhläni bir paýyz synlan Peleň biygtyýar dillendi:
— Men şu güne çenli siziň ýaly owadan gyz görmändim. Siz ýönekeý gyz däl. Siz hakyt Humaý... Sizi Humaý — Enehudaý gorar.
— Wale, bu oglany. O gün-ä maňa ajal diýdiňiz, bu günem Humaý diýýärsiňizmi?
Peleň gyzardy:
— Siz ony eşitdiňizmi?
— Diňe men däl, meniň akgyzlarym hem eşitdi. Enemem eşitdi. Maňa şol güne çenli hiç kim sögmändi.
— Ajal deňsiz-taýsyz owadanmyş diýýärler. Zemin gyzy däl sen.
— Elbet, men Günüň nurundan döräpdirin. Men enemden doglamda Asmanda ýyldyz süýndi diýipdirler. Aslynda ýyldyz süýnmändir, Günüň bir parçasy — nury bolup men doglupdyryn...
— Sen adaty gyz däl!..
— Aý, oglan, siz bize azar bermäň-dä!
— Men size azar beremog-a.
— Babam sizden gorkýar. Her gün bararyňyza garaşýar. Bizi öldürjekmi?
— Siziň garşyňyza men şeşperimi-de, şemşerimi-de elime almaryn. Göktaňrydan ant içýärin. Özem diňe siziň hatyraňyz üçin.
— Hanana beg bolmak islemeýärsiňmi?
— Begligi babam Sibir bege peşgeş beripdir. Göktürkmen bir lebiz edenden soň, hernäçe agyr güne galýan-da bolsa, lebzinden dänmeýär.
— Çynyňmy?
— Çynym!
Peleň Aýşöhläniň nämedir bir söz aýdandygyny bilýärdi, ýöne näme diýendigini welin anyk bilenokdy. Näme diýendigini soramak Aýşöhläniň ikinji gezek göwnüne degmek boljakdy. Eý, Taňry, şeýle owadan gyza näme üçin hapa söz aýtdymkam?? Hapa söz aýtmaga, ýigrenmäge dözer ýaly däl-ä bi.
Ol Aýşöhläniň ýüzüne dikanlap seredibem bilenok. Ol Aýşöhle ýakynyna geleninde bir paýyz göz aýlady. Şondan soň ol gyza dikanlap seretmäge gaýraty çatmady. Ol diňe ýere bakyp gürledi. Ol-a Aýşöhläniň mübärek jemaly eken, onuň bal ýaly sesi hem Peleňiň ýüregini elendirip, ýüregini sandyradyp, öldürip barýar!
Göz gözden utanýar: Peleňiň ýanyna gelen Aýşöhle hem Peleňe dikanlap seretmäge utanýardy.
Olaryň ikisem biri-birinden utanýardy. Olaryň ikisem nazarlarynyň birek-birege düşmeginden ejap edýärdiler. Aýşöhle Peleň özüne seredip durandyr öýdüp aşak bakýardy. Peleň hem özüne Aýşöhle seredip durandyr öýdüp aşak bakýardy.
Olaryň ikisi hem häliden bäri başlaryny aşak salyp gürleşýärdiler. Keseden seredeniňde olar tersleşip, nämedir bir üýtgeşik zadyň ýerden ýokaryk göterilerine garaşyp duran ýalydylar. Akgyzlar ogrynlyk bilen seredip, öz bikeleriniň hem Peleňiň näme üçin butnaman ýere bakyp duruşlarynyň sebäbine teý düşünip bilmeýärdiler.
Aýşöhle birden gozgalaň tapdy: argamagyny debsiledi.
Peleň başyny galdyrdy. Dor argamak eýýäm çapyp barýardy.
Peleň Aýşöhläniň gitmesine biçak gynandy. Birden dünýäsi boşap galan ýaly howpurgady. Ol şol howsalasy bilen Aýşöhläniň yzyndan uzak wagtlap seredip durdy.
Gitdi.
Aýşöhle gitmesine gitdi welin, Peleňiň ýüreginem özi bilen alyp gitdi.
Peleňiň şeýle tolgunan pursady, şeýle begenen pursady öň ýeke gezegem bolmandy.
Peleň ýüreksiz galdy.
Peleň borram-boş galdy.
Peleňiň begenji-tolgunmasy içine syganokdy.
Ol iki gezek aşyrym atdy. Az göründi, eliniň üstünde ýöräp Garçgaýynyň ýanyna bardy, onuň boýnundan gujaklady.
— Gördüňmi? Gördüňmi? Humaý ol!
Sähra Peleňe dar göründi. Ol bir bökende Garçgaýyň üstüne mündi.
Garçgaý düşündi.
Çapdy.
Çapdy.
Öňlerinden sogd bezirgenleriniň kerweni çykdy. Peleň olaryň deňinden ellerini galgadyp, gykylyklap geçip gitdi.
Peleňem ýadady, Garçgaýam.
Peleň öz içki ahwalatyna geň galdy. Ol indi öňki Peleň däldi. Ähli älem, ähli barlyk onuň içinde orun alan ýalydy, indi ol güýçlüdi, joşgunlydy. Göni uçup gidiberjek ýalydy. Dünýä ondan aýry däldi. Dünýä onuň hut özüdi. Dünýäde özünden başga diňe Aýşöhle bardy. Älemde başga hiç kim, hiç zat ýokdy. Onuň gözüne hiç kim görünmeýärdi. Onuň gözüne hiç zat görünmeýärdi. Onuň aňynda, göz atuwynda Aýşöhläniň mübärek jemaly durdy.
Peleň içki joşgunyny Kössege ýetirmegi makul tapdy. Baryp ony gujaklady!
— Näme boldy-how saňa?
— Kössek, men şeýle bir owadan gyz gördüm.
— Aýşöhledir ol.
— Hawa, Aýşöhle! Humaý ol, Humaý! Ol meniňki bolar. Eşidýärsiňmi, ol meniňki bolar — diýip, Peleň Kössegi silterledi.
— Eşidýän-how, eşidýän. Goýber meni.
— Aýşöhle meniňki bolar!
— Meniň eşidişime görä, Aýşöhle Göktaňry hem Humaý tarapyndan ýalkawly gyz bolmaly. Kim şol gyza öýlense, şol ýigit patyşa göterilýärmiş. Tütjar baý bolýarmyş...
Aýlar-günler geçip durdy. Peleň bilen Aýşöhle her gün diýen ýaly sährada duşuşýardy.
Kössek soňky günler onuň şatlygyna şatlanmaýan ýalydy. Peleňiň bu pikiri dogry eken. Ol muňa bir gezek Kössekleriň öýüne baranda akyl ýetirdi.
Onuň öňünden Kössegiň babasy Supan taýlak çykdy. Ol Peleňiň şadyýanlygyny özüçe ýordy.
— Kössegiň naýyp bolanyna senem begendiňmi?
— Kössek Sibiriň naýyby boldumy?
— Näme, eşideňokmy? Men-ä bolşuňy görüp, Kössegiň Sibiriň naýyby bolanyny eşidip gutlamaga geldiňmikäň öýdüpdirin.
— Eşidemok.
— Aý, Kössek beg indi uly adam, biz bilen dagy gepleşmezligem mümkin — diýip, Kössegiň dogany Matym şelaýyn gürledi.
— Sen Kössege göwnüýetmezçilik etme, Matym. Sen oňa gulamlyga dur. Sibiriň Aýşöhle atly gyzynyň ýönekeý gyz däldigi, onuň Göktaňry tarapyndan ýalkawly gyzdygy görnüp dur. Kim bu gyza öýlense, oňa Humaý özüniň mertebe saýasyny salar. Onsoň şol gerçek kişi — Aýşöhläni heleý edinen kişi älemde işi rowaç, bagty towsana bolup, uly-uly beglik-patyşalyk derejelerine ýeter. Aýşöhlä öýlenen ýigit — eger ol elli ýaşynda bolsa — göni ýigrimi ýaşyň hyjuwyna dolanyp geler. Hawa, hawa, Göktaňry, Humaý ýalkanda şeýdip ýalkaýar. Aýşöhle — patyşa awy. Patyşa awuny awlan kişiniň patyşa boljakdygy düşnükli dälmi näme?
Peleň nämä garaşsa-da, kössekden beýle zada — Aýşöhlä öýlenmek üçin Sibire işe durmasyna garaşmandy. Şonuň üçinem ol:
— Kössek maňa hiç zat aýtmady — diýip, özbaşyna hüňürdedi.
— Sibir beg: «Kim meniň naýybym bolsa, meni, meniň maşgalamy gorasa, men şol är ýigitden hiç zat gysganjak däl» diýipdir. Kössek ylgap meniň ýanyma geldi. Sibir beg şeýle-şeýle diýýär diýdi. Onsoň men Sibir begiň ýanyna bardym. Gürleşdim. Kössegiň naýyp bolmagyna razylyk berdim. Kössek şu günden başlap gullukda. Kössegiň Sibir bege giýew bolaýmagy ähtimal.
— Näme, Kössek Sibiriň gyzyna öýlenmek isleýärmi? — diýip, Peleň Supan taýlagyň ýüzüne seretdi.
— Nätdiň-aý sen, Peleň?! Aýşöhlä ähli kişi öýlenmek isleýär. Sen öýlenmek isläňokmy?
Peleňiň bermeli jogabyny Matym berdi:
— Kössek han naýyp bolup, asmandaky Aýa agyz suwartsa suwardybersin. Bagdaky güli kimiň ýoljagy belli däl entek. Nesibeliniň kimdigini Göktaňry görkezer.
Peleň Matyma tiňkesini dikdi: näme diýmekçi bolýar? Kim ol nesibeli? Peleňiň Aýşöhle bilen duşuşanyny Matym göräýdimikän? Ýa ol özüni nesibeli hasaplaýarmykan? Onuň şelaýyn ýylgyryp durşy-ha köp zatlardan habarly ýeňijä meňzeýär... Eý, Göktaňry, özüň gowusyny et!
* * *
Nirede zenanlara hormat goýulýan bolsa, şol ýerde ýaşaýyş gowy bolmaly.
Ähli döwürde-de gözel ýaryň göwnüni tapmak, özüňe maýyl etmek uly bir döwleti basyp alan bilen deň hasaplanypdyr.
Gözeller — erkekleriň başarnygyny bilmek, basyp alynmak üçin Göktaňry tarapyndan adamlaryň ýanyna ýörite gönderilen ajaýyp bir döwlet! Erkek kişi ömrüniň ahyryna çenli şol basyp alan döwletiniň hökümdary bolýar. Aslynda, ähli hökümdarlygyň hyzmatkärlikdigini erkek görgüli bilmese näme! «Sen meniň hökümdarym» diýip özüňden güýçlini hyzmatyňda duruzmaga başarnyk gerek. Ana, şol başarnyk bolsa zenanlara Göktaňry tarapyndan elin berlen.
Hanan geçelgesinde peýda bolan owadan bir döwleti basyp alyp, onuň gullugynda durmak kime eýgerderkän?!
Ony diňe Göktaňry bilýär.
Hana, ol döwleti basyp almak üçin Peleň çarp urýar.
Eý, Göktaňrym, Peleňiň Aýşöhläniň ýanynda özüni ökde görkezmek üçin çeken jebri-jepalary çekip-çydar ýaly däl-ä. Aýşöhläň ýekeje ýylgyryşyna, ýekeje garaýşyna mynasyp bolmak üçin Peleň özüni süteme tutdy. Gije-gündiz atyň üstünden düşmedi. Çapyp barýan atyň üstünde aşyrym aýtmagy öwrendi. Ol aşyrym atmany öwrenmek üçin, gör, näçe gezekler atdan sermagallak ýykyldy. Gör, näçe gezekler ölüm bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ýöne bu zatlar Peleňiň howuny basyp bilmedi. Ýeke pursatlyk ýylgyryş üçin Peleň bir aýlap, iki aýlap türgenleşik geçýärdi. Enesiniň töwellalary, käýemesi ýol almaýardy. Onsoň, Täçhal oglunyň bu göçgünliligine başyny ýaýkap, hyrçyny dişläp oňmaly bolýardy.
Peleň Aýşöhläniň argamakly gezelenje çykýan sährasyna aladaňdan barardy. Demini sanap, Aýşöhläniň gelerine garaşardy.
Aýşöhle akgyzlary bilen görnende Peleň ylla awa salnan laçyn deýin galkyjaklardy. Aýşöhle öňde gaçan bolardy. Peleň bolsa gara çyny bilen onuň yzyndan kowardy.
Aýşöhläniň näz-kereşmeli bakyşlary Peleňi däli-porhan eýlärdi.
Bedewiň howalasy, şemally üsti-de Peleňi däli-porhan eýlärdi.
Onsoň, Peleň joşman kim joşsun?! Aýşöhläniň näzli bakyşlary-da ýaş juwany däli-porhan edip barýar. Onsoň, Aýşöhle bilen kä deň ýöräp, kä öňe geçip, bedewiň üstünde aşyrym atyp, çapyp barýan argamakdan böküp düşüp, soňam towsup münüp, Peleň şeýle bir oýunlar-tomaşalar görkezerdi welin, bu zatlar diňe bir Aýşöhläniň ýa akgyzlaryň däl, Peleňiň özüniňem hoşuna gelerdi.
— Birden ýykylaýma, beg ýigit! Ýykylarsyň, Peleň! — diýip, Aýşöhle jöwlan urardy.
Bu sözler Peleňi däli-jeýhun ederdi, ol bu sözlere gylawlanyp, hasam göçerdi. Göýä iň gowy tomaşasyny Aýşöhläniň şu sözlerinden soň ederin diýip niýetläp goýan ýalydy.
Akgyzlar iki juwanyň özara näz-u-kereşme edişmelerine pursat döretmek üçin nämedir bir «wajyp» zada güýmenen bolardylar.
— Men gorkýaryn, gorkýaryn-a men, Peleň, indi beýtmesene! Ýykylarsyň ahyry!
— Ýykylamda näme?
— Ýykylsaň, bir ýeriňi agyrdarsyň-da.
— Ýeri, bir ýerimi agyrdamda näme?
— Hiç ýeriňi agyrtma-da, oglan!
— Bir ýerim agyrsa, ýykylsam, sen gynanarmyň?
— Elbet, gynanaryn.
— Ynha, onda ýykylýaryn. — Peleň gara çyny bilen çapyp barýan argamagyň üstünden ýykylýardy. Bir ýerim agyrar, bir ýerim döwler diýen pikir asla ýokdy onda.
Göktaňry tarapyn oguzlara peşgeş berlen gamyşgulak argamaklarda bir üýtgeşik üşük bar: eýesiniň bilgeşleýinden ýykylýandygyna düşünip, onuň hiç ýeriniň agyrmazlygy üçin argamaklar şeýlekin bir hereketler ederdi, özleri şeýlekin ýykylyp, eýeleriniň aşagyna düşek bolýardylar, ony söz bilen düşündirer ýaly hem däldi.
Garçgaý atly argamagyndan ýykylyp, ýüzin süýnüp ýatan Peleňiň ýanyna Aýşöhle bir böküşde barardy. Onuň argamakdan towsup düşüşini Peleň ýatan ýerinden gözüniň gyýtagy bilen synlardy.
— Janyň beri barmy seniň, Peleň?! — diýip, Aýşöhle näzijek elleri bilen Peleňiň kellesini galdyrardy.
Peleň onuň janykmasyna meýmirärdi. Onuň elleriniň gyzgyny endamyna, on iki synasyna tenekar deýin gurp bererdi.
— Wiý, bu oglanyň edäýenini!
— Humaý!.. — diýip, Peleň Aýşöhläniň näzijek ellerinden tutdy.
— Sen dirimi, oglan! Ýüregimi ýardyň-a meniň!
— Humaý, elleriňe döneýin men seniň. Sen meniň ýüregimiň urgusyna bir diň salyp gör-ä! Humaý, meniň kellämde, asyl tutuş göwrämde senden başga pikir ýok.
— Näme diýýärsiň-ä?!
— Seniň owadanlygyň deňsiz-taýsyz, Humaý. Seniň ýaly owadan gyz dünýäde başga ýokdur. Meniň bagtym sensiň. Nämede çäk barsa bardyr, ýöne meniň saňa bolan teşneligimde çäk-de, serhet-de ýokdur, Humaý.
— Näme diýýärsiň, oglan?! Men hiç eşidemok-da. Hany, täzeden gaýtala.
— Men seni juda eziz görýärin, hyýalymda gije-gündiz seniň bilen ýaşaýaryn.
— Eşidemok-da, oglan — diýip, Aýşöhle jykyr-jykyr gülýärdi.
— Ýene gülsene, Humaý. Maňa seretsene, meniň gözlerime seret!
— Eşidemog-a men! Näme diýýärsiň?
— Seniň şeýle bir mylaýym sesiň bar, Humaý!
— Sesiň bar diýýärsiňmi?
— Ol sesiň meniň ähli synalarymy bogun-bogun sökýär. Seniň tylla saçlaryň!..
— Meniň saçlarymdan çeksene, Peleň!
Peleň Aýşöhläniň owsun atýan tyllasow saçlaryny eline alyp bagryna basýar.
— Gatyrak çeksene!
Peleň nogta-nogta tylla saçlary emaý bilen özüne çekýär.
— Agyrdyp çeksene, agyrtsana!
— Ýok, ýok, agyrdyp bilmerin.
— Hiç wagtammy?
— Hiç wagtam seniň hiç ýeriňi agyrdyp bilmerin. Sen hakyky Enehudaý — Humaý ahyryn.
— Urjagam dälmi?
— Ýok, men seni hiç wagt urmaryn, Humaý.
— Wiý, bu oglany, sen näme erkek dälmi? Sen, näme, göktürkmen dälmi?
— Erkegem bolsam, göktürkmen bolsamam urmaryn.
— Ähli kişi üstüňden güler.
— Gülselerem urmaryn.
Humaý tukatlandy.
— Saňa näme boldy, Humaý?!
— Urjak diýäý-dä! Ýogsam men gaty gynanaryn.
— Başarmajak zadymy et diýme. Ýogsa lebiz berenimsoň men urmaly bolaryn. Öwlüýä kesek at diýseň, islemesem hem seniň göwnüň üçin ataryn. Ýöne saňa el göterip bilmerin. Onsoňam bilýäňmi näme, Humaý!..
— Bilemok-da!
— Kelläme käteler şeýle bir hyýallar gelýär. Men seniň bilen häzirkimiz ýaly çemenzarlykda at çapdyryp, ylgap hezil edýärin, seniň owadan jemalyňa mährimi gandyrýaryn. Onsoň men Taňrynyň dergähine barýaryn-da, şeýle diýýärin: «Eý beýik Taňrym! Indi meniň seniň bu dünýäňde armanym galmady. Janymy alaý. Men ölüme taýýar».
— Wiý, bu oglany! Ýaşaýyş şol çemenzarlykdan başlanýar ahyryn. Senem bagtymyzyň başlanan güni meni taşlap gidiberjekmi?
— Diýýäniň näme, seni taşlap gidip bolmaz! Men nirede bolsamam gözleriňi ýazym, dilleriňi bilbilli bagym saýyp, mähir-muhabbetiňi bakylygyma öwrüp ýaşaryn. Ýüregimiň her gürsüldisi sen-sen diýýär, Humaý. Ikimize ölüm ýokdur, Humaý.
Aýşöhle Peleňiň döşünden asylgy tumara geň galma bilen bakdy.
— Beg ýigit, boýnuňdan asan zadyň näme?
— Hä, bumy? — diýip, Peleň boýnundan asylgy tumaryna elini ýetirdi — Bu sugunyň gözi...
— Onuň näme güýji bar?
— Bu suw tapýar.
— Suwy näme üçin agtarýarsyň?
— Bagtymy tapmak üçin.
— Tapdymy onsoň?
— Tapdy.
— Hany? — diýip, Aýşöhle ýylgyrjaklady.
— Ynha, alnymda dur-a! — diýip, Peleň gyzyň elini eline aldy.
— Indi näme etmekçi?
Indi Göktaňryň patasyna garaşýaryn.
— Sen sugunyň gözüni meni tapmak üçin dakyndyňmy?
— Bagtymy.
— Men bagtyň dälmi?
— Göktaňry aýdar.
— Haçan aýdar?!
— Tiz aýdar.
Aýşöhle birsellem sesini çykarman Peleňi synlady, onuň gulagyna elini ýetirdi:
— Şajar: «Gulagy uly bolan adamlar uzak ýaşaýarlar» diýýärmiş. Seniň gulagyň hem kiçi däl, uly. Sen hökman köp ýaşarsyň.
— Seniň ýaly hemrasy bolan ýigidem heý ölermi?!
— Seniň hemraň boljagym belli däl entek.
— Belli. Sen meniň hatynym bolarsyň. — Peleň bu sözi aýdanyna öz ýanyndan monça boldy.
— Men saňa lebiz bermedim.
— Eger maňa synyň oturmadyk, göwnüň ýetmedik bolsa, sen meniň bilen häzirkiň ýaly ysnyşmazdyň.
— Sen babamyň on dört çawuşyny öldürdiň.
— Olar meni öldürjek boldular, men gorandym. Onsoňam, bil, Hanan meniňki, senem meniňki bolarsyň.
— Hakykaty wagt aýdar.
— Wagt — men!
— Men näme?
— Sen — älem. Sen — dünýä...
Peleňiň bu sözüne näme jogap berjegini bilmedimi-nämemi, Aýşöhle ýerinden galdy:
— Ýör, gülleriň içinde ylgaly!
Iki juwan al-elwan sähranyň içi bilen ylgady. Olaryň yzy bilen argamaklar barýardy.
Iki bedew biri-biri bilen ysgaşyp, eýeleriniň bagtlaryna guwanyşyp, segreşip, ümdüzine çapýardylar.
Iki bedew galady — eýeleriniň ýanyna hiç kimi getirmejegi hakdy.
Şuňkar dor bedewdi, boýnuny talawlatmagy, Aýşöhlä gysmyljyramagy eý görýärdi. Demir gyr Garçgaý göründigi dünýäni unudardy. Her hili oýunlar edip, kişňäp göwünhoşlugyny mälim ederdi.
Aýşöhle bilen Peleň sährada ylgaşýan pursady Şuňkar bilen Garçgaý hem porhan bolardy. Soňam boýunlaryny biri-biriniň üstüne atyp ysgaşardylar, ysnyşardylar.
«Seret, iki boýdaşyň mähremdeşligine» diýip, Aýşöhle Peleňe biri-birine gysmyljyraşyp duran bedewleri görkezerdi.
«Biziň birek-birege teşneligimiz bedewlerimize-de geçipdir» diýip, Peleň galkyjaklardy.
Dogrudanam duşuşyklar seýrekleşse, bedewleriň haly teňleşerdi.
* * *
Argamak toýnaklarynyň sesleri geçelgäni gaplady. Peleň gelýän bolaýmasyn diýen pikir bilen Täçhal ýola seretdi. Bir topar atly tozan turzup geldi. Olaryň argamaklaryny sürüp gelişlerini görüp, Täçhalyň depe saçy düýrükdi.
— Birgiden argamakly gelýär!
Nätanyş argamaklylar geçelgäniň içinden bir eýläk, bir beýläk iki-üç ýola geçdiler. Olaryň aljyrap ýörşüniň sebäbine düşünen adam bolmady. Ýöne parahat oturan hananlylaryň haýýaty göçdi.
Atlylar hiç kime ýagşydan-ýamandan ýeke agyz söz aýtman Hanandan çykyp gitdiler.
Täçhal gorkujygyna gaty-gaty gygyrdy:
— Peleň, Peleň, sen nirede?
Perzentleriniň aýagyna batan tiken enäniň ýüregine batýandyr. Ene oglunyň başyna düşen ahwalaty demsaýyn duýup ýaşaýar.
Enäniň örtenmegi perzendiň ýüregine ýeter.
Peleň enesiniň örtenmesini eşitdi. Göwnüne, ylla enesi golaýynda elewräp özüni gözläp ýören dek boldy. «Men bärde, ene!» diýip, Peleň hyýalynda dillendi. Enesiniň nirededigini anyklamakçy bolýan ýaly, daş-töweregine ýalt edip seretdi-de, ýene burugsap duran oda üflemäge durdy...
Taryhy proza