22:10 Göktürkmen söýgüsi -7/ romanyñ dowamy | |
ÝEDINJI BOÝ
Taryhy proza
ÝEKME-ÝEK Diňe adamlar däl, derýalar hem üýtgäberjek eken. Gün derýasy Hananda Aýşöhläniň ýaşaýandygyny aňýan bolmaly. Lummurdap akyp gelýän derýa Hanan geçelgesiniň deňine ýetende hanasyndan çykyp göni Sibirleriňkä — Aýşöhläniň husny-jemalyny görmäge eňibererli görünýär. Kenaryna urunmak urunýar! Kenary şeýle beýik bolmadyk bolsa hakyt barjak bu suw. Şogur-şogur, göwür-göwür edip, kenaryna şol urup dur, urup dur. Suw kenara urula-urula saňsary çykyp, aglaýan deý ses edip geçip gidýär. Gözýaşlary — köpükler Aýşöhle derýadan geçen gününden bäri kemänok. Jeýhun derýa beýleki obalaryň deňinden ahy-nalasyz geçip gidýär. Hanan obasynyň deňindäki ahy-nala welin, hiç obanyň deňinde hem egsilenok. Ýöne aşyk Öküziň söýgüsini özünden başga görýän, duýýan ýok. Aglaýar, aglaýar, agysyny diňe gyşda egisýär. Öküz derýasy öň ençe ýyllap aksa-da beýle güne sataşmandy. Ulugyz deýin edaly, ýuwaş akypdy. Aýşöhle Öküz derýasynyň gyrasyna o kenara — Hanana geçmek üçin gelende welin, onuň mübärek jemalyny görüp, tas akylyndan azaşan eken. Aýşöhläni gören derýa bütinleý üýtgäpdir: suwuň geçip gidiberesi gelmändir. Ol ýygnanyp-ýygnanyp al-asmana galyp, Aýşöhläniň depesinden — ýakynjagyndan seredip duranmyş. Şonda Sibiriň baýlyklaryny, ýalňyz ogly Aşyny holtumyna atybam köşeşmändir. Ol Aýşöhläni holtumyna atmak istäpdir. — Humaý! Huma-aý! — diýip, derýa zaryn-zaryn bagyrypdyr. Derýalaryň içindäki iň ýuwaş derýanyň bagyryp aglamasyny — aşyk bolmasyny synlap oturan Göktaňrynyň bu görnüşe ýüregi elenip, katra-katra gözýaş dökenmiş. Derýa nebsi agyryp, oňa nädip ýagşylyk etjegini bilmändir. Soňam Asman lerzana gelip, salda enesine gysmyljyrap oturan Aýşöhläniň üstüne iri-iri ýagyş damjalaryny patrak deýin seçeläpdir. Damjalar Aýşöhläniň, onuň akgyzlarynyň ýuka eşiklerini ezip, belendini belent, pesini pes edip aşyk derýa iň soňky ýola görkezipdir. Gözýaşa ezilen gözelleriň kaddy-peýkerleri öňküsindenem müň mertebe owadanlaşypdyr. Beýik Göktaňrynyň döreden ähli zatlary gözel, owadan. Ýöne Göktaňry ýaradan ýüz zadynyň togsan dokuzynyň owadanlygyny zenanlara eçilipdir. Özem iň üýtgeşik owadanlygy gözelleriň gözeli, owadanlaryň owadany Aýşöhlä — Humaýa eçilipdir. Gözellige aňk bolanlar Aýşöhläni ýatlap aperin diýipdirler. Aşyk derýa alty aýlap bagyryp aglapdyr. Ekerançylaryň ekinlerini gözýaşyna gark edipdir. Şol ýyl suwuň känligi sebäpli il hasylsyz galypdyr. Hananlylar Sibire igenmek igenipdirler. Elbet, Sibiriň ýok ýerinde. Özi barka heý-de onuň ýaly zady ýüzüne aýdyp bolarmy?! Hudaý saklasyn! — Sibiriň şo perizady sebäpli ekinimiz bitmedi!.. Ýüzüne hiç zat diýilmese-de, Sibir geçelgede, goňşy obalarda aýdylýan her bir sözi eşidip otyr. Ol hiç kime hiç zat diýmesine diýmedi, ýöne Humaýa derýa ýakyn barmagy gadagan etdi. Ana, şondan soň Aýşöhläni hernäçe özelense-de, Gün derýasynyň kenaryna getirmändirler. Jeýhun däliränden soň onuň kenaryna gelýän adam ýok. Öň-ä kän adam gelerdi. Käbir toýlar hem derýanyň kenarynda geçirilerdi. Söýgä uçrap ýalňyz galan derýa bu gün dertdeş tapyndy. Göktürkmen iliniň ençe ýyllap derýa dakan adyny üýtgetdi oturyberdi. Derýa ýüpünden boşan hakyky öküze dönüp, akylyny ýitiren gününden bäri onuň adynyň öňüne däli sözüni goşýarlar. Däli derýa diýýärler. Däli Öküz derýasy diýýärler. Däli Gün derýasy diýýärler. Däli Jeýhun diýýärler. Derýa mahsus häsiýet — şol derýanyň suwundan içýän halka-da mahsus bolmaly. Dälilik — batyrlyk. Jeýhun — Gün halkynyň, göktürkmeniň söýgüsi. Her bir halkyň söýgüsiniň keşbi şol halkyň derýalarynda akyp ýatan bolmaly. Söýginiň gözi kör diýýärler. Ýok, söýginiň gözüniň batyllygy üçin diýlenok beýle. Söýginiň gözi batyr diýmek eken ol. Eý-ho, söýginiň kör güýji dünýädäki iň ägirt güýç. Söýginiň güýji — egsilmez güýç. Özge güýçler söýgiň güýjüniň ýanynda ejiz geler. Göktaňrynyň gursagyňa söýgi guýmagy — Göktaňrynyň bedeniňe tükenmez güýç-kuwwat berdigi eken aslynda. Jigeriňi daglan hasratlar wagt geçip, yzasyny aýyrýar. Ýatdan çykaňkyrlaýar. Emma söýgi hasraty ömrüň garrylyk tabydyna ymykly münensoňam aýrylanok. Bir ýerde aýrylsa, hunlaryň derýasynda — Jeýhun derýasynda aýrylmaly. Ýok, eger-eger aýrylanok. Gaýtam, ýyl geçdigisaýy söýginiň agysyny batly aglaýar. Şondan bäri kim kenaryna gelse, geleniň duran ýeri bilen bilelikde gujagyna alýar-da ötägidýär. Bir oýnam ýer bir pagşyldanda suwuň aşagyna gidýär. Adamlar serasyma bolşup, derýanyň ýuwdan adamynyň suwdan çykaryna garaşýarlar. Derýa gujagyna alan adamyny barlaman, sermemän, däli hyjuwyny-mährini gandyrman goýberäýenok. Holtumyna gireniň Humaý däldigini bilen derýa ony allowaradan çykaryp, honda zyňyp goýberýär. Köne ertekilerde şeýle wakalar bar: bir äpet döw obanyň ýakynyna gelip, ilata salgyt salýar: — Her günüme owkatlyk bir gyz getiriň. Ine, dälirän derýa hem ertekilerdäki şol döwe çalym edýär. Ertekide bir batyr gerçek tapylýar-da, doýmaz-dolmaz döwi öldürýär. Obany betbagtçylykdan halas edýär. Ertekiler mydama gowulyk bilen gutarýar. Döwler, aždarhalar amana gelýär, çyn aşyklar duşuşyp, maksat-myratlaryna ýetýärler. Derýany kim maksadyna ýetirsin! Derýanyň ahyny kim diňleýär?! Derýanyň diline kim düşünýär? Derýany diňlemäge däl-de, oňa derdini egismäge gelýärler. Däli derýa öz dergähine gelenleriň-de derdini öz derdiniň üstesine çekmeli bolýar. Derýa — Ýerdäki Enehudaý. Derýa — Aý hezretiniň Ýerdäki keşbi. Bu gün derýanyň kenarynda iki ýigit ot ýakmak bilen başagaý. Olaryň geçelgäniň alawhanasyndan alyp gaýdan közleri azalypdyr. Iki ýigit ot ýakjak bolup biçak kösendiler. Herhal, olaryň yhlasyndan ot tutaşdy. Tüssä boglup ot ýakjak bolýan ýigidiň gözi ýaşardy gitdi. Ýigit Peleňiň keýik göterip gelenini görüp, üflemesini goýdy. — Kössek, aglapsyň-la? — Humaý bilen tüssäniň bar işi meni aglatmak. Meniňem elimden gelýän hem gelmeýän ýeke-täk zat — aglamak. — Tüsse — keç ykbal... — Erkegi diňe bir güýç — aglamak üçin ýaradylan aýallar hem aýallaryň işi agladyp biler eken. Şolardan başga erkek kişini agladyp biljek ýekeje güýjem, gudratam ýok. Ýöne häzir-ä aýallaryň oduny ýakyp bilmän gözümi ýaşardýaryn. — E-eý, sen maňa göniňi aýt. Soňky döwür sen menden gaçganaklaýarsyň welin, göwnüme bolmasa, seniň içiňde tüweleý turýar. Sen Aýşöhlä göz gyzdyryp ýörsüň öýdýärin. Ýa bu meniň göwnümemi? Awa gideli diýip men seni şu ýerik alyp gelip, ine, şu hakda soramak isledim. Sen menden hiç zat ýaşyrma! — Wah, islämde berilýän bolsa, onda ol bireýýäm meniň dulumda bolmaly. Men näme üçin Sibir begiň naýyby boldum? Senden gizlin syrym ýok. Men diňe Aýşöhläni heleý edinmek üçin Sibir begiň gullugynda durdum. Özem onuň: «Meni, meniň maşgalamy goraýan adamdan hiç zadymy gaýgyrjak däl» diýen sözi üçin gullugyna bardym. Onuň gullugynda dursam, Aýşöhläni görerin, oňa öýlenerin diýen pikir boldy mende. — Eý, men her gün onuň bilen Ýekepetdede duşuşýaryn. Ony ysgaýaryn. Ikimiz nähili ýaşajakdygymyz hakda hem gürleşdik. Men saňa bu hakda gürrüň berdim. Meniň şol gürrüňlerimden soň, Aýşöhläniň meniň bilen çyrmaşyp ýörendigi hakda eşideniňden soň sen nädip oňa hyrydar çykmaga het etdiň? — Ol: «Saňa äre barjak» diýip lebiz etdimi? — Ýok. — Gördüňmi? Ilki towşany tut, soň soý. Sen Gypjak çölündäki towşany eliňdäki kakmaç hasaplaýarsyň. Eger saňa söz beren bolsa, onda başga gep. — Saňa lebiz etdimi? — Edenok. Ýöne men Sibir begiň pikirini bilýärin. Sibir beg näme diýse, şol hem bolar. — Sen nä Aýşöhläniň diňe Peleň diýip ýaşaýanyny bileňokmy? Men her gün onuň bilen ysgaşyp ýatýaryn. Onuň saçlaryny boýnuma dolap ýatýaryn. Onuň endamyny sypaýaryn. Onuň bilen ikiçäk ýaşaşmak, özem süýji ýaşaşmak hakda göwün ýüwürdýäris. Onsoň bu arada, Kössek, sen artykmaç bolýarsyň. — Sen şu pikiriňi öň aýdanyňda bolmadymy? Sen Sibiri öz ganymyň hasaplap ýörsüň. Onsoň men onuň gyzyna göwün berjegiňi akylyma-da getirmändirin. Özüň bilýärsiň. Men Aýşöhläni hatyn edinmek üçin Sibir begiň tapugçysy boldum. Diňe Aýşöhläni hatyn edinmek üçin! Özem men senden bu maksadymy bir günem ýaşyrmadym. Sen meniň maksadymy bilip durkaň, meniň gelinligim bilen sährada çyrmaşyp ýatan bolsaň, onda men seni nähili atlandyrjagymy bilemok. — Men bu zatlary edeýin diýip etmedim... — Goý, goý, Peleň, sen özüňi aklajak bolma! Namartlygyňy mert durup boýun al! Men seni doganym-howandarym hasaplap ýaşadym. Ýüregimi ynanyp ýördüm. Senem meniň ýeňsämden şemşer urduň. Mert ýigitler şemşeri göni gelip döşden urýar. Ýok, ýok, seniň bu dönükligiň üçin almytyňy bermesem, men köşeşip bilmerin. E-eý, ýelemýüwlet, sen neneň het etdiň meniň namysyma tokunmaga! «Kössek, sen Aýşöhlä tamakin bolma, ol eýýäm meniňki» diýip göni aýdan bolsaň, men saňa ýok diýmezdim-ä! Gaýtam, saňa ýardam ederdim. — Ynan-how, men onuň bilen sen tapugçy bolan günüň ysnyşyp ugradym. — Meniň hatyram, meniň mertebäm üçin ysnyşmaly däl ekeniň. Özüňe erk etmeli ekeniň. — Bolmady, bolmady. Ýogsam özüme erk etjek boldum, Kössek. Ynan maňa. Ýöne ähli zat öz-özünden boldy. — Öz-özünden hiç zat bolmaýar. — Kössek, ynan, boljak bolanda bolýar eken. Aýşöhle bilen nädip ýakynlaşanymy özümem duýman galdym. Bu ýerde bir gudrat-a bar. — Sen öz namartlygyňy boýun almajak bolýarsyň. Sen meniň oba beg bolmagyma göriplik edýärsiň. — Hanan obasy meniň obam, atamyň obasy, biziň neberämiziň döreden obasy. Sibir beg hakyky beg däl... — Goýsana, Peleň. Sizden döwran geçdi, mertlerçe boýun al, ýogsam senem ataň ýaly akylyňdan jyda düşersiň. Söýgiň hem ataň Aýşöhlä bolan söýgüsi ýaly gülkünç bir zada öwrüler. Peleň gahardan ýaňa sandyrady. Bu gahar-gazap Kössegiň öz neberesini kemsidýänligi üçindi. Atasy beg bolmasa-da, ol özüni beg saýýardy. Kössek Peleňe ýigrenç bilen seretdi: — E-eý, sen diňe bir maňa däl, Peleň, sen Gaýmart begiň gyzy Dolanaýa-da ikilik etdiň. Ol saňa üç ýyllap garaşdy. — Wah, men Dolanaýa öýlenjekdim. Dolanaýa öýlenmek üçin pul ýygnadym. Ýöne Göktaňry meniň Dolanaýa öýlenmegime ýol bermedi. — Utanmasaň, herki zadam bahana edinip boljak eken... — Kössek, ynan maňa. Men saňa gara çynymy aýdýaryn. — Ynan diýseň ynanan bolaýyn, ýöne ynanyp bilemok. — Men Bumyn hanyň goşunyndan hasaplaşyp gaýdanymda hyýalymda diňe bir pikir bardy. Göni Hanana bararyn. Dolanaýy toý edip alaryn hemem babamyň ýanynda işlärin diýip. Ýöne ýolda toý etmek islän ähli pulumy ogurladylar. Şer rüstem geldi. Oba gelsem, şer beterinden beterini goparypdyr. Şer maňa hökmürowan boldy. Meger, şer meni Aýşöhle bilen ysnyşdyrandyr. Belki, haýyr şerden rüstem gelendir. Bilmedim. Bolan zatlar maňa baglylykda bolmady. Ähli işi şer dolandyrdy. Gör, pullarymy ogurladan günümden bäri meniň serimde şer höküm sürýär. Meniň erkimden gelýän zat ýok. Häzirem näme bolsa, şeriň hökmürowanlygy bilen bolmaly. Belki, ol meniň janymy almak isleýändir. Dogrusyny, Göktaňry biler. Şer söwer dostumy meniň garşyma goýýar. Ine, meniň üçin iň erbedi şu. Kössek goltugyndan ak düwünçek çykardy. — Ine, şuny görýärsiňmi? — Ak mata dolangy ýaglygy Kössek elinde galgatdy. — Görüp-görmez ýaly men näme, körmi? Onyň-a bir çit ýaglyk. — Ýönekeý ýaglykmydyr şu? Ä, ýönekeý ýaglykdyr öýdýärsiňmi şuny? — Aýşöhläniň ýaglygy diýjek bolýarsyňmy? — Sen Kössek ýönekeý ýaglygy ýüreginiň üstünde göterip ýörer öýdýärsiňmi? Aýşöhläniň ýaglygyny gören Peleň ör-gökden geldi: — «Humaý maňa ýaglygyny berdi» diýip öwünjek bolýarsyňmy? — Hakykaty aýtmak öwünmekmidir? — Humaýyň saňa ýaglygyny bermedigine men Oguz derýadan ant iç diýseňem içeýin. — Haý, Peleň, sen entek köp zatlary bilmeýärsiň. Bizde Humaýyň donam bar... Özi berenok, elbet. Ýöne muny maňa getirip berdiler. — Utanman-gorkman eneňi sawçylyga iberäýdiňmi? — Nämä utanaýyn, seniň ýaly arwahsypat däl men. Peleň bilesigelijiligini kössekläp bilmedi: — «Gyzymyzy äkidiň!» diýäýipdirlermi onsoň?! — Wah, diýjek ekenler. — Ýöne diýmändirlermi? — Enemiň dili tutulaýypdyr, Aýşöhläni görüp. Ol: «Aýşöhle biçak owadan eken, oglum. Oňa eýe bolmak çäksiz uly bagta eýe bolmak bolýar. Ýöne bize onuň ýaly uly bagt götertmez, oglum. Sen oňa öýlenme» diýip, hakyt ýer depip dur. — Ýetmiş guşuň akyly bir aýalyň akylyna, ýetmiş aýalyň akylam bir özüň ýalak samsyk erkegiň akylyna deň bolmaly. Gör, sende ýeke guşuň akylyça-da akyl ýok eken. Gör, eneň akylly eken senden. Dogry aýdypdyr. Eneň aýdanyny etmeseň, uwlarsyň. — Sen salgyma çapma, Kössek. Peleň pessaý gürledi. — Men Aýşöhle — Humaý bilen her gün duşuşýaryn. Her gün onuň bilen sährada bile bolýaryn, gürleşýärin, onuň gülden näzik endamyny sypaýaryn, onuň bihuş ediji hoşboý ysyny ysgaýaryn. Biz birek-bireksiz bir günem ýaşap bilemzok. Eger häzir men seniň eliňden ölsem, o görgüli üçin gaty agyr bolar. Şonuň üçin, Aýşöhläniň hatyrasy üçin meniň ölmäge hakym ýok. Ýöne onuň üçin ölmegi men özüme mertebe hasaplaýaryn. Men baýlyk üçin, haýsydyr bir ýer üçin ölemok. Eger Aýşöhlä ýetip bilmejek bolsam, meniň üçin iň gowy, ýalňyz çykalga — ölüm. Dogan, ikimiziň ykbalymyz şeýle ters geler diýip men eger-eger pikir etmändim. Henize-şu güne çenli men seni özümiň iň ýakyn dostum hasaplap ýaşadym. Kössek atly gowy doganym, gowy dostum bar diýip ýaşadym, ýöne söýgi ikimizi duşman eýledi. Söýgi hökmürowan eken. Söýgi dostlukdanam, söýgi puldanam güýçli. Men seniň garşyňa çykmaly bolaryn diýip ýatsam-tursam aňyma gelmändi. Ýazgydym şeýle geldi, birden öldürsem, doganym, sen menden aýyplaşmaweri! — Ýok, ýok, men saňa düşünýärin. Meniň senden närazy ýerim ýok. — Menem senden närazy däl. Sen öküz deý kuwwatly ýigit, Kössek. Ýöne bir zady öňünden gürleşeli. Eger öldürseň, Aýşöhläni aýaňda saklagyn. Agyr iş etdirmegin. — Aýdyşyň ýaly ederin, Peleň. Menden ýaňa ýasy ýanyň ýerde bolsun. Eger sen ölseň, men oglumyň adyna hem seniň adyňy dakaýyn. Ýöne men ölsem, sen nädersiň?! — Edil seniň häzirki aýdyşyň ýaly ederin, Kössek dogan! Depäme täç ederin. Ilkinji oglumyň adyna hem Kössek dakaryn. — Jesedimizi nätsekkäk? — Jesedimiz şagallara şam bolmasyn, kim ölse, adam şekilli jaýlaly. — E-eý, onuň ýaly bolsa, gabryňy gazyş. Ýeke özüme agyr bolar. Iki aşyk gabyr gazmaga durdy. Toýunsow ýerden gabyr gazmak aňsat däldi. Ýöne gazmalydy. Başga alaç ýokdy. Durmuş barha süýjeýärdi. Keýik etinden kakmaç etdiler. Başlaryny aşak salyp, içlerini hümledip, gürlemän, şeýle bir kakmaç symyşladylar. Aňyrlaryna il gonduranlaryndan soň, biri-biriniň ýüzüne seretdiler. Dokluk — ýaltaçylygyň hem pinegiň ýarany, ol alada-ünjiniň-de üstüni örtýär. Dokluk Peleň bilen Kössegi-de kössekledi: oduň başyndan olaryň turaslary gelenokdy. Oda meýmiredikleriçe meýmiräsleri gelýärdi. Ýöne gabyr gazmalydy. — Peleň, sen biraz gaz. Men keýikden galanja etlerem syha düzeýin hemem suw getireýin. — Şeýtsene, ynansaň, agzym kepäp dur. Biraz tolgunýaryn öýdýärin. — Menem tolgunýaryn. Zyýany ýok, Aýşöhläniň kimiňkidigi belli bolsa bolýar. — Sen suw getiriber, oňa çenli men gabyr gazaryn. Küýzede suw getiren Kössek garabaşyna gaý bolup gabyr gazýan Peleňe ýüzlendi: — Indi bolar. — Dogry aýtdyň. Soň çykyp-girip ýörmeli bolmasa, şu çukura ýerleşersiň — diýip, Peleň döşünden gelip duran gabyrdan çykdy. Kössek sesini çykarmady. Synlady, içini hümletdi: öleniňden soň nähili çukurda ýatanyňda näme?! Iki aşyk seslerini çykarman kakmaç iýdi. Olar tolgunýardylar. — Kim ölerkä diýip, ýüregimizi bükgüldedip oturman, bir ýaňalyk edeli, dogan — diýip, Kössek ýerinden turdy. — Belki, bije atyşarys? — Peleňiň Kössege haýpy geldi. — Aý, ýok, Aýşöhläni bijä saljak däl. Onsoňam, meniňki bijede mydama çüwmeýär. Bije atyşyp alan gezegim ýok. Şuny bilip durkam, bije atyşyp, özümi ät goýmaýyn. Darkaşymyz açyk bolsun! Peleň şemşerini eline aldy. Kössek hem şemşerini gynyndan çykardy. — Kössek, birden men öläýsem — gaýtalap aýdýaryn — Aýşöhläni hor etmegin. Özem Aýşöhläniň üstüne başga hatyn almagyn, ondan owadan indi o dünýäde-de, bu dünýäde-de dünýä inmez. Ony meniň üçinem söýgün. — Aýşöhläniň üstüne hatyn almazlyga söz berýärin. Ýöne birden men ölsem, senden etjek towakgam hem şeýle. Aýşöhle bagtly ýaşasyn. — Goý, ikimiziňem diýenlerimiz bolsun. — Peleň hüjüme häzirlendi. — Ýok, men başlamaýyn, özüň başla, men goranaýyn. — Meniň ganym gyzanok, ganym gyzmasa, men seni nädip öldüreýin. — Meniň hem gaharym gelip baranok. Özüň bir çykalga tap. — Hany, sen maňa hapa-hapa sözler bilen sög! — Ýok, ilki sen başla! — Men mydama seniň hyzmatyňda boldum, sögmäge dilim baranok. Özüň sög! Peleň gaýta-gaýta ýuwdundy: — Meniň saýlan gyzyma göz gyzdyrmaga het eden nejis sögmegem başarar! — Özüň nejis! Sen nejisiňem nejisi. — Maňa nejis diýmäge — öz hojaýynyňa hapa söz aýtmaga nädip diliň barýar seniň? — Barýar şol-a! — Barmaz şol! — Barar şol! Görkez eliňden näme gelýän bolsa! Olar şemşerlerini güne lowurdadyp, birmeýdan durdular, soňam biri-birine: «Aýşöhle meniňki!» diýşip haýbat atdylar. Her haýsy «Aýşöhle meniňki!» diýip, biri-biriniň üstüne sürünişip ugrady. — Eý, Göktaňry, Humaýa ýetmäge medet bar! — Eý, Göktaňry, meni Humaýa ýetir! Aşyklar birden garpyşdy. Kössegiň şemşeri Peleňiň iki-üç ýerini gyltyz ýaralady. Peleňiň şemşeri-de Kössegiň ýüzüni dildi. Kössek ýüzüniň gara gana boýalanyny görüp, arlap, şir bolup Peleňiň üstüne topuldy. Darkaş beýle tötänlik bilen çalt gutarar diýip olaryň hiç birem pikir etmändi. Uzakdan seredeniňde, uzak aýralykdan soň iki dogan gujaklaşyp duran ýalydy. Hakykatda ýagdaý düýpden başgaçady. Töwerek gara gana boýaldy. Göreçler biri-birine bu nähili beýle boldy diýýän dek, soragly bakdy. Döşi şemşerli göwre sessiz aşak çökdi. — Bu nähili boldy?! — diýip, Kössek alasarmyk halda seslendi. — Bolmady, oňarmadyk, beýtmeli däldik, Kössek — diýip, Peleň ýüzüniň ganyna elini ýetirdi. — Ikimizde ikinji çykalga ýokdy ahyryn. — Ýadyňdamy, sen maňa: «Men ömrüň ahyryna çenli seniň sadyk, wepaly tapugçyň bolaryn» diýipdiň. Sen eden lebziňde durmadyň. — Näme üçin öň ýatlatmadyň?! Lebzinde durmadyk göktürkmeni Göktaňry ýowuz jezalandyrýar. Gör, ol meni-de senden yrak eýläp jezalandyrdy. — Günämi geç, Kössek. — Göktaňrynyň isläni bolar. Sen öýümize aýt, Kössek uzak bir ýurda gitdi diý. — Arkaýyn bol, aýdaryn. — Peleň! — diýip, Kössek özüne zor salyp seslendi. — Meniň bir sargydymy bitir. — Aýdyber, aýdanyňy ederin. — Peleň, ölmezimden öň meniň gözlerimi apar-da, ýanyňa al! — Gözleriňi näme edeýin?! — Sen meniň gözlerimi bosagaňdan asyp goý. Men her sapar Humaýyň girip-çykanyny görüp duraryn. Maňa şu bagty rowa gör. — Ýok, ýok, bu sargydyňy bitirip bilmerin men. Humaýy görmegiňi islämok. Meni öz günüme goý. Peleň Kössegiň döşünden şemşeri sogurjak boldy. Kössek onuň elinden ýapyşdy: — Hanjary sogurma! O dünýäde maňa Aýşöhläniň ýanynda «Men seniň üçin öldüm» diýmäge gerek bolar. Dursun. Razy bol. — Senem razy bol, deň söwda. Maňlaýym işlemände men seniň ýeriňde şeýdip ýatardym, dogan... — Men ölýänime birjigem gynanamok. Aýşöhle üçin öleniňe degýär-ä. Aýşöhle öleniňe degýär gerek? — Degýär, degýär... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |