23:47 Göktürkmen söýgüsi -8/ romanyñ dowamy | |
SEKIZINJI BOÝ
Taryhy proza
IŇ SOŇKY SARGYT Peleň üç günläp öýden çykmady. Gijelerine aýylganç-aýylganç gygyryp oýandy. Ýanar ot bolup gyzdyrdy. Täçhal oglunyň garaşylmadyk ýagdaýda birden perişan hala düşmegine gyýylmak gyýyldy. Oňa nähili bela-beteriň ýolugandygyny anyklajak bolup, ençe gezek sorasa-da, Peleňden oňly jogap alyp bilmedi. Oglunyň üç-dört ýerine ýara düşüpdir. Ol synasyndan akýan gany saklajagam bolmandyr. Täçhal hem oglunyň synasyndan ganyň akýandygyny bilmedi. Ýöne daşarda ganyň yzlaryny gördi. Ol yz uzaklardan gaýdyp, külbä gelip girýärdi. Bu yzy gören Täçhalyň haýýaty göçdi. Haýdan-haý oglunyň ýaralaryny sarap, gan akmasyny saklady. Ol näme etjegini, ogluny nädip aýaga galdyrjagyny bilenokdy. Arzyny ol kime aýtsyn?! Täçhal gerdenine düşen ýüküň aşagynda ýegşerildi. Ol öň azapsyz ýaşady. Adamsy ony aýasynda saklady. Babyr beg «Rozugär — ähli derdiň gozgar» diýerdi. «Rozugär — ýere urlan künde» diýerdi. Ony çekmäge öküz gerek. Öň öýüň kündesini çekýän Babyr begdi. Olam indi ýarawsyz. Kuban enesiniň arkadagydy. Arman, indi arkadagy-da ýok. Kuban enesiniň ýüregine agyr urgy bolup gitdi. Bu gün rozugär boýuntyrygy Täçhalyň boýnunda. Şeýle zatlar bolar diýip, Täçhal görüp otursa, şu güne çenli bir gezegem pikir etmän eken. Maňlaýyna ýazylan ýazgyt ömürlikdir öýden eken. Ýok, ol ömürlik däl eken. Durmuşdan umyt rişdesini üzen Täçhalyň ýeke-täk göz dikip oturan diregi Peleňdi. Ol hem ýüzüni garaňka tutup, gara gana bulaşyp, elden-aýakdan galyp, öýe hazzar özüni atdy. Oglunyň birnäçe ýerinden gan akýandygyny wagtynda duýup, görüp, em edendigine begenip, Göktaňra alkyş okady. Sebäp oňa oglunyň halynyň harapdygyny Göktaňry duýdurdy. Ine, indi tegelek bir hepdäniň içidir, oglunyň öýden çykman şol ýatyşy. Ne bir jam suw içdi, ne bir agyz tötek iýdi, ne näme boldy diýip enesiniň özelenip soramasyna ýagşydan-ýamandan jogap berdi, ne-de özi bir zatlar aýtdy, ne-de bir ýerden habar eşitdi. Ol alasarmyk halda düşnüksiz zatlary samrady. Täçhal onuň üst-başynyň gan tegmillerini ýuwup aýyrdy. Ene hernäçe üns berse-de, oglunyň ýeke sözüne-de düşünmedi. Peleň çagajykka — entek dil bitmänkä Täçhal onuň ähli güjürdisine düşünerdi. Ogly ýigit çykdy, ýöne indi ene oglunyň näme diýýänine düşünip bilenok. Bu enä hasam agyr degdi. Peleň bir hepdeden soň ilkinji gezek düşnükli gygyrdy: — Aýşöhle meniňki, Aýşöhle meniňki! Dert-bela geljek bolsa, ol gapyň açyk-ýapykdygyna seredip-garaşyp durman, öýüň çem gelen ýerinden parran geçip geläýer eken. Suwsan mal ýaly, eňäýer eken öýüňe. Bir ýerde bela bar bolsa, bu günler bary Babyr begleriň öýüne eňýär. Betbagtçylyk öz meýlislerini bu günler Babyr begleriňkide guraýar. Nirede bal bar bolsa, şol ýere siňekleriň hüjüm eýleýşi deýin, bir güzer edensoň betbagtlygam şol baran gapysyny torç etmän, wes-weýrana öwürmän aňsat-aňsat ýan beräýenok. Bu öýde Aýşöhläniň bagt bolmagyny islediler. Ol bolsa bölek-bölek betbagtlyk bolup geldi. Bagt diýlen betbagtlyk eken. Perizat diýlen Ajal eken. Peleň Aýşöhläni ilki görende «Ajal» atlandyryp, megerem, ýalňyşman eken. Eh, sen adam! Eh, gülüň tikeniniň bardygyny bilmeýän adam! Eh, sen gapyl adam! Ýaradylanda gapyl ýaradylan adam! Bagt diýip tutanyň betbagtlygyň ýakasy, perizat diýip göwün bereniň Ajal ahyryn seniň! Her bir zatda çäk bar, serhet bar, emma betbagtlyk uç-gyraksyz umman eken. Eý, Hudaý, ne beýle gazabyňa tutduň?! Ynsaply-kanagatly bendäňi al-asmandan kelemenledip aşak goýbermek nämä gerek boldy saňa?! «Aýalda — akyl, eşekde — sekil bolmaz» diýip erkek kişiler kepil geçýärler. Belki, dogrudyr, bu kysmat Täçhalyň akylyna-ha syganok. Bütin dünýä başga boş gerden tapmadyk ýaly, göýä başga boş gerden ýok ýaly, bir ejiz binowanyň gerdenine çökdi. Täçhal ony nädip götersin?! Ol gerdene urlan çökder-çökder ýükleri göterip nädip dursun?! Beterinden beteri tapylyp gidip otyr... Bu kysmaty, megerem, Göktaňry az görendir, hana, Täçhalyň üstüne ýene bir betbagtçylyk ýanar ot bolup gelýär. Onuň öňünde aýal görgüli nädip dursun?! Eý-ho! Ol betbagtlygyň gazabyny bir gör-ä! Peleň entegem özüne gelmändi: düşnüksiz samrap, ýanar ot halynda ýatyrdy. Mahal-mahal ýerinden turup, nirädir bir ýerik gitjek bolýardy. Şonda Täçhal oglunyň synyndan aslyşyp, ony ýerinde ýatyrýardy. Üstüne ýorgan basyrýardy. Burçluja gaýnagsuw içirýärdi. Däri-derman berýärdi. Emma enäniň ähli yhlasy ýele gitdi: ol zatlaryň birem ogluna em bolmady. Enäniň bar gorkusy Peleňiň açylyşman, babasynyň halyna düşmegidi. Babyr beg kellesi üýtgänsoň, dünýä bilen seri bolman, törde bulaşyp ýatyrdy. Ol töwereginde nämeleriň bolup geçýändigini-de duýanokdy. Täçhalyňky urna üstüne urna bolupdy. Adamsy o dünýä göç edende ahyrzaman gopandyr öýdüpdi. Uly ogly Kubanyň gara gana bulaşyp ýatan jesedini oňa görkezmändiler. Täçhal Kubanyň ölümini birki gün akylyna sygdyryp bilmän gezdi. Wagt geçdigisaýyn Kubanyň ölendigi baradaky şum pikir onuň titräp duran ýüregini mäjumlap ugrady. Ol bagryny paralap, legze kakyp, aglamak aglady. Uly oglunyň ahyny çekdi. Beterinden Göktaňry saklasyn diýip dileg etdi. «Mundanam uly betbagtlyk bolarmy?» diýip odandy. Görüp otursa, bar eken! Ine, indem Peleň özüne gelmän ýatyrdy. Onuň ýatyşynyň hem näme bilen gutarjagyny ýeke Göktaňry bilýärdi. Täçhal üçin ahyrzaman Peleňiň dert-bela ýolukmagy bilen täzeden alawlap başlady. Peleňiň dilsiz-agyzsyz ýatyşyna bu gün onunjy gündi. On günüň içinde Täçhalyň saçynyň agy artdy. Mundan on gün öňki gara saç durşuna ak saça boýalan ýaly bolaýdy. Ene jigerbendiniň ýanyndan aýrylmady. Ýokarka dileg yzyna dileg saldy: «Eý, keramatly Taňrym! Maňa haýpyň gelsin: maňa agyr-agyr işleri etdir. Gije-gündiz işläýin. Ýöne gije-gündiz ýatman ýetişdiren jigerime aman ber. Biz halal ýaşarys, biz halal işläris. Gör ahyryn, eý, Taňrym, beren amanadyň eräp-akyp suw bolup barýar! Peleň bu dünýä gelip näme gördi, näme bildi?! Dünýäniň süýjüligini dadyp ýaşamagyna ogluma kuwwat ber, eý Taňrym!». Şol mahal daşarda at toýnaklarynyň güpürdisi eşidildi. Täçhal gorky bilen işigi açdy. Görse, gelenleriň gözlerini gan çylgymlary gaplap alypdyr. Ol gözler gana suwsap gelen gözlerdi. Gelenler içeriden nämedir bir zat gözleýän ýaly, çeňerilip seretdiler. Megerem, olar gözleýän ýitiglerini tapyp bilmedi. Olaryň biri gazaply gürledi: — Hany Peleň? — Biz oglumyz Kössegiň hununy sorap geldik. Eý, Göktaňry, seniň bendeleriň erkek kişiniň batyrlygy, gaýduwsyzlygy, deňsiz-taýsyz edermenligi, aýal maşgalalaryň owadanlygy, näzikligi hakda, eliniň çeperligi, süýjüligi hakda birgiden rowaýatlar döredipdir. Ýöne Taňryň bendesine beren gujur-gaýraty hiç egsilmez eken. Beýik Taňry bu gezek erkege däl, naçar maşgala şeýle bir gujur-gaýrat berdi welin, erkek kişileriň injikleri sandyraberdi. Bu gujur-gaýrat ýokardan inmedik bolanlygynda mydama gözüni ýaşlap ýören Täçhalyň başarjak gudraty däl ol, ömür-ömür diýjek-aýtjak sözleri däl onuň. Ol sözler onuň diňe diline geldi. Täçhal şol sözleri diňe gaýtalady. Ol gaýrat oňa diňe ýokardan geldi. Şol gaýrat oňa gapynyň agzyny dolduryp, ýok, öýüň ýarpysyny dolduryp duran erkek kişileriň öňünde naçar kişi däl-de, merdana kişi — Taňry gudraty bolup saklanmaga kuwwat berdi. — Eý, Supan, geregiň biziň gara başymyz bolsa, al, siziňki bolsun. Ýöne siz nähak gan dökmäň. Ertirki gün Kössek gapyňyzdan ýylgyryp girende hyrçyňyzy dişlemeli bolmaň. Meniň oglum indi on gün bäri özüni bilmän ýatyr. Meniň oglumy haýsydyr bir näkes pyçaklapdyr. Kim ol näkes? Men ony bilemok. Onuň nädip beýle güne düşenini bilemzok. Ol öýe gelip ýeke agyz sözem aýdanok. Meniň oglum adamy nähak öldürmez. Men ogluma belet. Meniň oglum ýalan sözlejek ogul däl. Ol özüne gelsin. Siz ýene bir gün tagapyl ediň. Onuň sözüni diňläliň. Onuň sözünden göwnüňize jinnek ýaly güman gitse, onda diňe onuň däl, hemmämiziň başymyzy alyň, wäk diýmäli. — Haçan özüne geljek ol? — Supanyň uly ogly Syraç Peleňiň ýorganyny serpip goýberdi. Peleňiň ýakasyndan ebşitläp tutdy-da, özüne çekdi. — Jögülik edip ýatan bolaýmasyn? — diýip, duranlaryň biri Supanyň uly ogluna ýüzlendi. — Ýok, özüni bilenok ol. Peleň şalkyldap aşak gaýtdy. — Köp garaşmalymy? — Siz ertir geliň. Men oňa çenli oglumy aýaga galdyraryn. Onuň ýagdaýy düýnküsinden kän gowy. Täçhalyň batyrgaý gürlemesi hun sorap gelenleriň ýüreklerine basalyk berdi. Olar Täçhalyň özelenip aýdan pikirini makulladylar. — Nähak gan dökülmesin! Gelenler hyrçlaryny dişläp hüňürdeşip gitdiler. Olar öýden çykdylar welin, ylla ýokardan wagtlaýyn inen güýç-kuwwat yzyna alnan ýaly boldy: Täçhal güpürdäp ýykyldy. Garaňky gatlyşyp ugran uçurlary Peleň garysyna galdy. — Sen ýeriňden turupsyň-a, oglum? Sen özüňe geldiňmi, jigerim?! — Özüme geldim, ene. — Şu zatlar meniň düýşüm-ä däldir-dä hernä. — Ýok, düýşüň däl. Hemme zat hakykat. Meni aýaga galdyran zat gelenleriň gahar-gazaby boldy. — Sagaldygyň bolsun, jigerim, sagaldygyň bolsun. — Sen meni gaýgy etme. Ýöne seniň-ä öňküligiň ýok. Ene, saçyň duw-ak bolaýypdyr-la. Ýekeje-de gara saç galmandyr sende. — Meni gaýgy ýykdy, jigerim. Saňa bir zat bolaýarmyka öýtdüm. Men — balyk, sen — hezreti suw, didäm. Meniň barlygym seniň bilen. — Wah, wah-heý, saçyň bolup agaraýşyny. On günde-de saç beýle agaryp biljek eken. — On gün däl-le ol. — Özüň ýaňy gelenlere on gün diýdiň-ä. — Ol on gün iller üçin on gün, meniň üçin on ýyl boldy ol. On ýylda çekmeli jebir-sütemimi men şu hupbatly geçen on günde çekdim, jigerim. Muňa çekmedik düşünmez. Ylaýym on ýylyň jebrini hiç kim on günde başdan geçirmeli bolmasyn! — Ene, garranyňa gynanýaryn. — Garramak, mertebe! Meniň owal-başdaky arzuwym hem garrap ölmekdi, jigerim. Taňry meni şol islegime ýetirdi. — Ölüm sözüni agzama, ene. — Oglum, maňa düşündir, saňa näme boldy? Zamana näme boldy? Mydama biziň gullugymyzda bolan tapugçymyz bu gün näme üçin üstümize gelýär? Näme üçin üstüme sürünýär? Biz indi begzada neberesi dälmi? Akylyma sygdyryp bilemok. Supan üstümize nagra dartyp dur. Onuň ogly Kössek gürüm-jürüm bolanmyş. Ony iň soňky gezek seniň bilen görenmişler. — Indi ony görmezler, ene. — Näme üçin, jigerim?! Indi ony görmezler diýdigiň näme?! Meniň-ä akylym etegime gaçdy. — Olara kimdir biri ýamanlapdyr. Kimdir biri görendir. — Nirä gitdi ol, jigerim, ol haçan geler?! Olar meniň ýüregimi ýardylar. Kössek nirede, aýt, jigerim, bilýän bolsaň?! — Onuň nirededigini aýdar ýaly däl. — Haram işiň başyndamy ol? — Ol hiç işem edenok, edibem bilmez. — Ony öldürdilermi? Senem meniň ýüregimi dowla salyp ugradyň, aýt, didarym, Kössek nirede? Ol dirimi ýa öli. — Ol ýok, ene. — Ony kim öldürdi? Sen tanaýarmyň ony? — Tanaýaryn, ene. Özem gaty gowy tanaýaryn. — Kim ol? — Täçhal gözlerini petredip ýerinden galdy. — Supanyň diýýäni dogrumy? Ony sen öldürdiňmi? — Oda-köze düşme, ene. — Ony sen öldürdiňmi? — Diýeli, men öldürenmişim. Ýeri, soňy näme? Täçhal aýak üstünde durup bilmedi: özüni aşak goýberdi. — Ene, saňa näme boldy? — Hiç mejalym ýok, oglum. Sen meniň ýanymda otur. Meniň saňa etjek sargydym bar. Meni diňle. — Aýt, ene. — Supan dagynyň niýeti gowy däl. Sen, jigerim, wagt ýitirme. Ynha, häzir Supan ýene geler. Oňa çenli sen gaç. Howluk, gaç, oglum! — Men seni taşlap hiç ýerigem gitmerin. — Men indi kime gerek?! Maňa üns berme. Ýanyňda men bolsam, uzak gaçyp bilmersiň. — Seni taşlap hiç ýerigem gitmerin. — Ýalbarýan, jigerim, git, olaryň meniň bilen işleri ýok. — Başga näme et diýseň ederin. Ýöne meni taşlap gaç diýme, ene. — Eger şu sargydymy etmeseň, onda iň soňky sargydymy hem edersiň öýdemok. — Ederin, gaçmakdan başga näme sargyt etseň, bitirerin. Gara çynym. Aýt, ene. Täçhal öwran-öwran ýuwdundy. Uludan demini alyp söze başlady: — Aýtsam, aňyňdan, ýüregiňden Aýşöhläni çykar. Aýşöhle entek gapymyzy görmänkä, içerimize gan çaýkady. Içerimize girensoň, nähili betbagtçylygyň boljakdygyny diňe Taňry bilýär. Betbagtlyk adamlaň arasyna owadan, ymsyndyryjy bolup gelýär. Ähli betbagtlyk owadanlyk lybasyna girip gelýär. Göktaňry ähli betbagtlyklary biçak owadan edip ýaradýar. Eger betbagtlyk Aýşöhle ýaly owadan bolmadyk bolsa, onda hiç kim özüni betbagtlygyň gujagyna oklamazdy, hiç kim ät galmazdy. «Öljek däl!» diýip perýat edýän ýekeje kişinem gören dälsiň. Ol ähli kişini özüne maýyl etmegi başarýar. Owadanlyk — gapan, didäm. — Bä-ä, ene, nätdiň-ä... — Sen maňa ynan, meniň ýüregim syzýar. Aýşöhle biziň bal ýaly durmuşymyza gan çaýkady. Sen ony dözümlilik bilen aňyňdan aýryp taşla. Eşidýärsiňmi? Çüýrük dişi sogrup zyňyşlary ýaly, senem Aýşöhläni aňyňdan çykaryp zyň! Ýogsam betbagt bolarsyň. Seni bagta ýetirip biljek diňe erkiňdir. Özüňe erk edip, betbagtlygyň alyna garşy durup bilseň, utarsyň. Ýogsam betbagtlygyň içinde erär gidersiň. Alp Är Töňňe: «Sen dözmeseň, saňa dözerler» diýýändir. Sen dözüp ret etmeseň, soňundan seni ret ederler. — Ene, ene, nädäýdiň?! Näme üçin şu sargydyňy hiç bolmanda şundan on gün öň aýtmadyň! Näme üçin, ene, şu sözüňi üç-dört aý mundan öň aýtmadyň! Meniň hyýalymy kül etdiň-ä sen, ene! — Peleň aýylganç bagyrdy. Ýer ýumruklap legze kakdy. — Wah, oglum, ýekeje gün hem bolsa bagtyýar bolmagyňy isledim. Şu sözi aýtmaly boljagymy men başdan bilýärdim. Ýöne sen salgymy — betbagtlygy bagt hasaplap, meýmiräp ýaşadyň. Bu gün betbagtlygyň soňy geldi. Seniň bagtly bolmagyňy isleýärin-ä men. — Öň aýtmaly ekeniň-ä, ene! Men ömrümi Aýşöhlesiz göz öňüne getirip bilemog-a indi! — Mertlik tap, erk tap, didäm! Erkek kişisiň, ýüregiňe berk düwseň, başararsyň. Sen Gündaş neslindensiň. Sen Gün nesline mynasyp bolmalysyň. Sen göktürkmensiň. Maňa söz ber, oglum! Peleň enesine seretdi. Gözüniň ýaşyny enesinden ýaşyrjagam bolup durmady. — Söz ber, oglum! — Ene, men Aýşöhlesiz ýaşap bilmerin! Wah, ene, men saňa ynanýaryn. Seniň ähli diýen sözleriň dogry çykýar. Ýene dogry çykar. Eger sen Aýşöhläni betbagtlyk diýip atlandyrýan bolsaň, onda men ol betbagtlygyň içine çümdüm. Indi ol «derýadan» men çykyp bilmerin. Men biçak uzaklara gidipdirin, yza öwrülip ýetişmerin. — Söz ber, oglum! Peleň öň enesini beýle ahwalatda, beýle halda, beýle zarynlykda görmändi. Ine, mydama arkadagy, howandary, parasady bolan mukaddesligi bir gysym naýynjarlyk, bir gysym intizarlyk bolup bakyp dur. Enesiniň perişanlygyna Peleňiň ýüregi gyýym-gyýym boldy. Duýdansyz geljek elhençligi ýüregi, süňňi syzdy. Gözýaşyna rüstem gelip bilmedi. Sojap-sojap aglady: — Ene, ýalbarýaryn, «söz ber» diýme! — diýip, Peleň içigip-içigip aglady. — Men seniň bagtly bolmagyňy isleýärin, oglum. Bu söz enäniň iň soňky sözi boldy. Maňlaýyna şagga der indi. Ol han deri däl-de, jan deri eken. Derden ýaňa enäniň ýüzi ýalbyrady. Ýalbyrap görünýän deriň aşagynda ahmyrly gözler doňdy galdy. Peleň ýigrimi ýaşap köp zat gördi. Enesiniň birden düýrügip, gara dere batyp, gürrüňini, hereketini kesmegi, «hykk» edip düýrükmegi, möý deýin kem-kem garalmagy Peleňiň depe saçyny düýrükdirip, syh-syh etdi. — Ene, ene, saňa näme boldy? Täçhaldan jogap bolmady. Ene hunçylardan bir gün izin sorap, oglunyň ömrüni uzaldan eken. Ene bir gün aman diläp, ogluny ölümden gutarmak, gaçyrmak islän eken. On günde on ýaşan ene ogly aýak üstüne galansoň, ömrüniň gutarjagyny bilen eken. Ene beýik Göktaňrydan alan karz janyny yzyna tabşyrýança ogluna aman dilän eken. Ene hunçulardan bir gün aman diläp, perzendine iň soňky sargydyny etmekçi eken. Ine, bendäniň bar bitirip bilen zady. — Ene, ene, sen nädäýdiň? Beýtme, ene, sen: «Agtyk görjek» diýdiň-ä. «Seni öýerjek» diýdiň-ä. «Saňa nahar bişirip berýän gelin alyp bermän men ölmerin» diýýärdiň-ä, ene. Sen gitseň men nädeýin, ene?! Kim maňa oglum diýer?! Peleň enesini dik oturtmaga çalyşdy. Onuň göwnüne enesi dik otursa, dem alyp başlaýjak ýalydy. Ýöne enesinden dem-düýt çykanokdy. Ol enesini bagryna basdy. Enesini gujagyndan goýasy gelmedi. Peleňiň göz öňünde Şajar ýomut peýda boldy. Ol bir paýyz seredip durdy. Peleň gaharly gygyrdy: «Giň bol, Peleň, giň bol!» diýip, näme üçin aýdaňok?!» Şajar ýomut uzak garaşdyrman dillendi: «Giň bol, Peleň, giň bol!» | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |