00:21 Göktürkmen söýgüsi -9/ romanyñ dowamy | |
DOKUZYNJY BOÝ
Taryhy proza
IKI ODUŇ ARASY Gapy şarka açyldy. Daş işikde Supan göründi. Ogullary Syraç bilen Matymy yzyna tirkäp gelen Supan elindäki şemşerini galgadyp içeri ätdi. Enesini bagryna basyp oturan Peleňi görüp, Supan sägindi. Supany gören gözi ýaşly Peleň enesini ýerde emaý bilen ýatyrdy-da, ýerinden galdy: — Sen meniň enemi öldürdiň. Onuň ýüregine sen dowul saldyň. Sen onuň ýüregini ýardyň! Düýnki güjükligiňi unudyp, neneň het etdiň meniň üstüme gelmäge?! Tapyljak bolsa beterinden beteri tapylar eken, boljak bolsa beterinden beteri bolar eken. Iki kişiniň biri ölüp beýlekisi diri galmaly pursady, ajalyň iki kişiniň arasyna giren pursady birden eşidilip ugran çirkin sesler öýüň içindäkileriň seslerinden, gahar-gazabyndan rüstem çykdy. Daşardan eşidilýän başly-barat sesler adamlary haýdan-haý kömege çagyrýardy. Içerdäkiler daşaryk atylyp çykdylar. — Ýagy çozdy, ýagy çozdy! — Aýşöhläni alyp gaçdylar! — Aýşöhläni Ýekepetdäniň ýanyndan alyp gaçdylar! Duranlar biri-biriniň ýüzüne seretdiler. Adamlar nämä garaşsalar-da, beýle habara garaşmandylar. Nätmeli? Päkine bibi zaryn-zaryn bagyrmaga başlady: — Bagtymyz ýatdy, halaýyk, bagtymyz ýatdy-leý. Aýşöhläni alyp gidipdirler-eý. Adamlar salgy berlen ýere — Ýekepetdä bakan uçdular. Hakyt uçdular. Ylgap gitmek olar üçin haýallykdy. Uçaýmakdan başga olarda çykalga ýokdy. Aýşöhläniň alnyp gaçylandygy baradaky habary, Päkine bibiniň dady-perýadyny eşiden Matym gep-gürrüňsiz göni Ýekepetdä bakan ylgady. Syraç bir barha daşlaşýan inisi Matyma, birem iç işikde serasyma bolup duran babasyna seretdi. Soňam Aýşöhläni halas etmek üçin deňinden topar bolup ylgap geçip barýan obadaşlaryna goşuldy. Serasyma Supan hem Peleňden hununy almagy soňa goýup, ylgawa goşuldy. Peleň birhaýukdan özüne gelip, wagşyýana gygyrdy: — Ene! Ene!.. Peleň patanaklaşyp giden adamlaryň yzyndan seredip durşuna elewredi. Birdenem enesini garsa bagryna basdy. Enesiniň doňan gözleri perzendiniň nähili netijä geljegine garaşýan ýalydy. Ogly enesiniň nazaryna göni bakmaga heder edýärdi. Ol enesini emaý bilen düşekçäniň üstünde ýatyrdy. Başyny galdyryp, göwşül güpjegiň üstüne goýdy. Peleň enesinden gözlerini aýyrman birsalym durdy. Täçhalyň ýatan düşeginiň aşagyndan akja ýylanyň kellesi göründi. Ak ýylan sarymtyl haçja dilini zow-zow edip çykaryp, Peleňe haýbat atdy. Peleň birki ädim yza çekildi. Ak ýylan şeýle tizlik bilen gapydan daş çykdy. Peleň ylgap ýylanyň yzy bilen daş çykdy. Ýylan gürüm-jürüm bolupdyr. Onuň nirä ýitirim bolandygyna Peleň akyl ýetirip bilmedi. Ol ak ýylanyň enesiniň taňlasydygyny1 Peleň näbilsin! — Aýşöhläni alyp gaçdylar! — Aýşöhläni alyp gaçdylar! — Hemmeler Ýekepetdä kömege barmaly! Peleňiň deňinden geçelgäniň uly-kiçisi Ýekepetdä bakan ok bolup atylyp barýardy. Peleň başga bir dünýä düşen dek boldy. Hälki ak ýylan Ýekepetde tarapda gök börä öwrülip özüne garaşyp duran, «Peleň, howluk, ýör, ýör, ylga! Aýşöhlä kömek et!» diýip çagyrýan ýalydy. Gök böriniň gözleri ylla Aýşöhläniň gözleri ýalydy. Peleň öňünde böriniň ýekdugyny, ýöne gök böriniň taňlasynyň Aýşöhlä kömege gitmegini isleýändigini çala aňdy. Özi bilmezden Peleň hem şol kowga goşuldy. Ene ýeke galdy. Göktaňry ogla eneden ýakyn mähremi döredipdir-ä!.. Ene jesedi galdy. Peleň adamlaryň barýan ugruna ylgady. Ol sähel salymda köp kişini ýetip geçdi. Peleňiň öňi giden boşlukdy. Dünýäniň, durmuşyň özi ýaly boşlukdy. Peleň şol boşlugyň içi bilen boşluga bakan ylgap barýardy. Hana, onuň öňünden böri selk-selk edip barýan ýalydy. Peleň böriniň yzy bilen barýardy. Ähli kişi Aýşöhläniň Ýekepetdeden alnyp gaçylandygyny bilýärdi. Ähli kişi Aýşöhläniň Ýekepetdede ýokdugyny bilýärdi. Ýöne ähli kişiniň ugry Ýekepetdä tarapdy. On dördi gijäň dolan Aýy mysaly tegelek öýde Täçhalyň jesedi ýatyrdy. Bütin ömrüne ýekelige werziş Täçhal ähli iş-endişelerinden dynyp rahatlanan dek parahat ýatyrdy… | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |