09:53 Gola | |
GOLA
Goşgular
Donuñ etegine, gözleri ala, Dakypsyñ birgeñsi eýjejik gola. "Jyññyrdap" seslenýär düşeñde ýola: "Görüñ, görüñ, görüñ, gyz geçip barýar!" Seniñ golañ sesi şeýle ýakymly, Haýranlar galdyrýar adam akymny. Duýdurýar hem näzik hemem hökümli: "Halaýyk, ýol beriñ, gyz geçip barýar!" Diýýär: "Ýañrap duran eý agzy paýyş, Eger mümkin bolsa, sendenem haýyş: Diliñi ýygşyr-da, bir gyra süýş, Ýokmy haýa-şeriñ, gyz geçip barýar! Düýşleriñe gyzlar girip, birçaklar, Murty tabap, ýigit ýeten gerçekler, Irde-giçde süýji durmuş gurjaklar, Bagty synap görüñ, gyz geçip barýar!" ...Barýarsyñ uz ýöräp, gözleri ala, Donuñ etegine dakypsyñ gola. Golañ ýetişeniñ buşlaýar ile: "Sawçylyga baryñ, gyz geçip barýar!" Hemra ŞIROW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |