22:26 Gonamçylykdaky oýlanma | |
GONAMÇYLYKDAKY OÝLANMA ÝA-DA"MELE ÝERIŇ ASTYNDA-DA DAŞ GYT DÄL"
Goşgular
Matam güni. Gonamçylyk. Adamlar Öten geçenlerniň ýanyna gelýär. Hatara goýulan ýadygärlikler, Kiçiräk şäheri ýadyňa salýar. Bir ýakymsyz duýgy kalbymy gaplap, Agram salýar ýüregimden aslyşyp. Bu ýerleri hemmä deňlik hasaplap Ýördüm, asyl gurnalan deý bäsleşik, Kaşaň-kaşaň daş goýulan guburlar, Bir-birne abanşyp hatara durlar. Adamlaram sergä gelen mysaly, Olara syn edip gezişip ýörler. Asyl bu ýerde-de deňlik ýok ýaly. Öwünişip bir-biriniň ýanynda, Matam tutman, käsi magtanýar asyl. Haçan döredikä, Türkmen ganynda, Basdaşlyk diýilýän bu nejis kesel. Oýlanyň, diriler, aýyp bolmazmy? Ynjamazmy munda merhum ýatanlar? Olaň ruhuna agram salmazmy, Mermer granitler, demirbetonlar. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |