00:42 Gopuz | |
GOPUZ
Goşgular
![]() Müňläp ýyl türkmeniň taryhy sende, Diňdirýäň aglany-ýyglany gopuz. Saňa güle meňzeş lebler degende, Sesiň elendirýär dünýäni gopuz. Bir bilbil saýran dek gülde-çemende, Ynsan kalbyn göterýärsiň belende. Kümüş şelpeleriň sesi bar sende, Ýakymyň gulaga gül ýaly gopuz. Sende bar türkmeniň düýe sagyşy, Kejebeler besläp gelin alyşy. Saňa meňzeş baharyň ak ýagyşy, Hem ümürli günleň öýläni gopuz. Gül gyzlaryň gursagyna sygmadyk, Duýgularny ýara aýdyp bilmedik, Seniň süýji owazyňdan diňledik, Sesiňde müň jady, müň many gopuz. Sen duýgudan doly gyzyň kalby sen, Gawunda waharman, tutda balhy sen, Guşda bilbil, gamyş içre gargy sen, Oýlara çümdürýäň diňläni gopuz. Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW, Ýolöten etrabynyñ Momataý obasy. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |