20:46 Göreldelik gelnejeler | |
GÖRELDELIK GELNEJELER
Pedagogika we edep-terbiýe
Türkmen zenany! Onuň merdi-merdanalygy! Aýdan-a ary, Günden durulygy! Päli päkligidir ahlak arassalygy! Guşdan ürker zehin zülmiýanalygy! Çynma-çyna gelende, ýöwsel ýasaw on adamynyň deregine durup bilşi! Maňyzly-meňizli türkmen maşgalasy hakda dil ýarylanda Uzboý Garageçidiniň açmazynda aldaw bilen oglunyň başyna ýeten Kiriň kellesini gandan doly tuluma taşlan Tumargülüň ýanbermez keşbi örboýuna galýar. Adamsy Salyr Gazanyň mertebesini ýere çalmazlyk üçin söwer ogly Orazyň gowrulan etini iýen Burla hatyn hyýalyňda janlanýar Göroglynyň Görogly bolmagy ugrunda göwün goruny gaýgyrmadyk Gülendamdyr Agaýunus kibi tälimkeş gelnejeler hakydaňda köwsarlaýar. Meşhur Magtymgulyny ese-boýa galdyryp, Iliniň gujagyna dolduran Orazgül ýeňňe, 1859-60-njy ýylyň gajar basgysynda erkek geýmini geyen gaňrylmaz gelin-gyzlara baştutanlyk edip, jygba-jygly jeňe giren Bike serdar göz öňüňe gelýär. Şeýle meşhur türkmen natuwanlarynyň birem pendili Gurban bagşy Apbas oglunyň öýlügi Gurbangül han. Ol at araba ýeke ýük bolşuna, wagtal-wagtal iki süri goýnunyň üstüne aýlanar eken. Çopan-çoluklarynyň ýapy-ýagdaýyny sorap, hak-heşdeginem berer eken daş yany bilen. Obadaky tersigenleri ýaraşdyryp, garyp-gasaryň toýuna birküç janly goşant elter eken. Ine, bir günem ýazlaga çykan Gurbangül dogan çöle-gyra kemsiz ýetik ýerçil aksakallara sala salýar. Şeýdip, olaryň maslahaty bilenem, daňdan bulut çõkýän pesiň pesinden, doly ýoluny gündogara garadyp, suwy bal ýaly. jūňňürdili guýy gazdyrýar. Uzagyndanam oňa «Ejäniň guyusy» ady galyberen. Şeýle-de, Gurbangül hanyň Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, deňinde durulmaz Aman saçly Annanyň manasydygyny nygtamakcy. Gep gerdişe gelende, täze Marynyň (ýagny, 1823-24-nji ýyllarda tekini tutulan Hangeçeniñ) günbatar goltugyndaky Ýaýlalygarahmetde ýaşap geçen Näzik Çopan aýalynyň hem öz döwründe uly tanymallyga ýetendigini ýatlamakçy. Adamsy Çopan zergär uzyn ömrüne ýasan şaý-sepleriniň iñ naýly, iñ şähterlisini gün-güzerany üçin harçlaman, aýalyna dakar eken. Onsoñ, näme, otuz-otuz bäş ýaşlaryna ýetiberen Nazik deganyň çaprazmy çañña, asykmy hoza, tumarmy giç, dagdanmy apbasy, kökenli ýüzükmi şelpell gülýaka... ýaly gözüňi gyýyp gelyän zynatly zatlardan ýüki ýetýär. Onsoň toý-tomgudyr gaýry üýşmeleňlere gidýän Näzik doganyň her gapdalyndan bir çalawuntly gelin ýöräp, dūňňürdisi ýetik şuglaly şaýlaryny götör eken. "Adamlar! Serediň-de, synlaň. Bu biziň Näzik gelnejemiz! Munuň şelpeleriniň şyňňyrdysy köpüň kalbynda gözellige söýgi dõredip, ýürekleri ýumşadýar. Ýüregi ýumşak beşer balasam birek-birege kast kylmadan müň mertebe daşda durýar ahyryn» diýýän ýaly. Şeýderkä-şeýderkä örüsi giňän Näzik ýeňňäni ilki golay-goltumdaky çagyryjy gaýtaryjylara, soňabaka bolsa, tutuş töweregiň zynały ýetik natuwany obanyň ýaraşygy hökmünde, ýatymlyk gelnalyjylara-da äkidip ugranlar. - Hany, eliñi uzad-a, jan gelneje! Kömekleşeli, saña. Ýogsa, iki put gowrak gyzyl-kümüş bile ýeriňden galaýmak aňsat däl-öl Siz barmasaňyz, gelnalyjylar gozganyp bilenog-a-diýişlerine. Nazik dogany bezegli araba ataryp, gelinalyjyny ugradar ekenler, pir patasyny berip. Ümür ESEN. "Zenan kalby" žurnaly, 1-2010 ý. Surat: Maral Annanurowa / "Dessançy" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |