11:13 Gaýrat goýazy gelende... | |
GAÝRAT GOÝAZY GELENDE...
Sport we turizm
Sen türkmen aganyñ ujasyndan uzap, ýanyndan ýaýran, goly ganaty, döş-damary dälmi? Onda sen saýhallydan sarmakly, gaýratlydan görmekli, namysdyr arly, çyn kesbi-kärli, didesi nurly bolmaga borçlusyñ. Eger sen gowulygyñ gyrasynda görünmän, baran ýeriñi çaý-çanak edişiñe, oglan atasy bolansoñam, diriniklilik bilen waýa başyny çatmadyñmy? Onda, ilk-ä señ, şärikli öwlüýäñe ýatan atañ tümmegi titrär. Soñam... Hawa, hawa, süñkleri şakyrdap oñurgasyna beze çykar. Yzyndanam, señ soñy saplanmaz pyssy-pyjurlykly alasarmyklygyñ zerarly, tä kyýamat-magşar bolynça görinde dik oturar. Ana, şol sebäplem, biz bakylyga baran baba-kelanlarymyzy birahat etmezlik üçin, gitdigiçe wakyballyga, gitdigiçe pugtumallyga ýetip, gitdigiçe-de, goşgunymyzy syrdamaly. Edep-ekramdyr girim-çykymymyz bilen ýagşylyga ýaran bolup "Aý, ini, atañ rahmet!" diýdirip, alkyş almaga çalyşmaly. Şeýle-de, ynsaby täretli ynsan balasy öz kökenli kowçumyna egele guradyp otyrmy ojagyndaky saçak başynda? Şonda ol ýerliksiz ýañralyga ýaran bolşuna, pyñkyragetdin, sümügine at dañaýmaly etmän, ýa gaýry bir gotur gijemä ýetmän, belaý-kalaý öz hatyrasyny goraglamaly. Goñşy-golamyñ ýaýlymly ýygynçagyna baranda-da öz nesil ulgamyna ysnat getirmän, oñ at-abraýy üçin çalyşmaly. Işdir ýa aýry alada dahyl gelşiñe, ýanaşyk syrgyna düşdüñmi? Onda-da sen öz küren-kendiñe kesapat, ýagny çirk ýetirmezligiñ aladasyna berlişiñe, pälipäkizelik bilen bile dem alaýmalysyñ. Oñ başga dagysy bolmaz. Ýa-da sen etrapdyr welaýatyñdan çykyp, golaý uluslañña aralaşdyñmy? Täleý tüweleýi tigirlänsoñ. Şeýle halatlarda hem sen egniñi sallaýman, guýmy dürdäneligiñi saklaýşyña, göbek ganyñ gatylan sahawatly topragyñ üçin kükrek germäge taýýar bolaýmalysyñ. Eger sen birden-bire dogduk Diýaryñdan daşlaşyp, uzak ülkelere aýak basdyñmy? Şonda sen öz mährem mekanyna gep getirmeden-ä, elli bizar, gaýta oñ mertebesini göge galdyrmaly. Çynma-çyna gelende bolsa, Ata Watan üçin gandyr jan bermäge ýekeje-de ikirjiñlenäýmeli dälsiñ. Hawa, eziz ýurduny garaçygy ýaly apalap ýören il ogly, hakykatdanam, şeýle ýanbermez bolşuna, meşhur Magtymgulynyñ "Iş geldi, başa düşdi, merdana boldum indi" diýen ýörelgesindrn ugur almaly elmydama. Onsuzmy? Onsuz onuñ ýyndamly samanhana çenlidir. Onsuz ol ýalan ýylgyranyñ synyndan aslyşagetdin, bäş günlük elpe-şelpelik üçin, alyslara aşar-da "Aý, bir ýazykdan är ölesi ýok-la" diýşine, ýandym şährimden hatyny gönderip ugrar. Eger il ogly-gerçegiñ, aýasy sürçegiñ, deri burçak-burçagyb Watana-götene bolan mähir-muhabbeti baş perdedeb owazlanma, onda-da, zarñyldyly owazlanma berdimi? Onda ol baran işini bitirip, giden ýerinden getirip, eden işi nusgalyk, geplän gepi güwälik merdi-merdana öwrülme bilendir. Şan-şöhraty dünýä doluşyna, türkmen topragyna at-abraý äkelen Altymyrat inem jany jenewüt ýaly gaýraty goýazylaryñ biri. Köpden bäri onuñ bile ýüzbe-ýüz oturyp, hemsöhbet bolmañ arzuwynda gezip ýörsemem, herki zadyñ wagty-sagady bar diýleni. Tä azaphon aşnalam Amanmuhammet Nepesdir Hangeldi Myrat Kiçi dagy yzlaryna kelte tirkelen ýaly edip, akýaply Altymyrat Orazdurdylara eltinçä, rä ýazyjy Amanmuhammet Nepes özüniñ Altymyrat barada ýazan oçerkine meniñ redaktor bolmagymy ündeýänçä, men üç öwrä dünýä çempiony bolsa-da, onuñ erjellikden gelip çykýan edermenlige beslenen ömür ulgamyna beletligem diñe daş gulakdandy. Şonda biz Altymyrat inini trener agasy Orazberdiniñ öýünden gözlesegem, ahyry ony bir duşdaşynyñ aýdym-saz üýşmeleñinden tapdyk. Dogrusyny dogry diýmeli. Men: Gerdenleri çiginlek, Syrdam boýly, eginlek, Erleñ-ýarlañ burunlak, Gujak ilmez garynlak - - ýapy ýaly bir äpet pyýada bilen gabatlaşdakdym welin, gör-ä! Onuñ! Atamyrat pälwan Artyk pälwan Alymämmet pälwan Balkan - Rejep pälwan Amangeldi pälwan Bähbit pälwan Annaberdi pälwan Beken pälwan Annadurdy-Ýagsoran Berberi pälwan Arabaçy pälwan Bähit pälwan Wellek pälwan Dady pälwan Gazak pälwan Dowul pälwan Gapur pälwan Doñ pälwan Gara pälwan Düýe-Begjan pälwan Garly pälwan Jeñ pälwan Geldimyrat pälwan Jollyk pälwan Gotur pälwan Jumamyrat pälwan Guldurdy pälwan Zomy pälwan Gurban pälwan Kese pälwan Güýç pälwan Kiçi pälwan Möwlan pälwan Leññer pälwan Mämmet pälwan Molla pälwan Mäti pälwan Mommy pälwan Naýza pälwan Torköýnek-Orazdurdy pälwan Nepes-Çaka pälwan Täşli-Goçak pälwan Nurgeldi pälwan Hojamyrat pälwan Öküz-Gurbanberdi pälwan Hokgaýaka pälwan Öwezli pälwan Hudaýberdi pälwan Pallak pälwan Çary pälwan Palta pälwan Çoluk pälwan Peleñ pälwan Çopan pälwan Pendili pälwan Ylýas pälwan Popuş pälwan Şalar pälwan Poşmak pälwan Şally pälwan Päwi pälwan Şeññew pälwan Salar pälwan Ekizbaý pälwan Teke pälwan Ýazjan pälwan Töre pälwan - ýaly atly türkmen pälwanlarynyñky kysmy syrtlaşyp münäýmeli murtam, ýüzüñe garadygy howuñy basyp zamanañy jünnek edýän hyrsyz syratam, guşak ýetmez bilem, at maýrar agramam ýok. Agam pahyr aýtmyşlaýyn, bisakgaldan bir ýalyñ ýüz ýaş ýigit. Ýöne jigerli ýüzünde dogum ody oýnaklap duran orta boýly Altymyrat ini edil çeñk ýaly. Seredäýmäge müçesi çaklañrak görünse-de, basan ýerinden ot çykyp, gördügiñ gözüñi dokundyrýar. Görşende elleriniñ gatañsylygy aýalamma añdyrmadygam bolsa, onuñ otlukly gözlerindäki güýç-gujur gorabany diýsene. Aslyýetinde, şeýdip, dogumyñ daşyp, hyjuwyñ joşup, imriner ilerlemelere ýetirmese, sen her näçe ýürek ursañam, telwasly ýeññe ýaran bolmarsyñ. Galyberse-de, azym-azym ülkelerden eline tüýkürişine, ynamyny uçganakladyp, müñde bir arzuw bile bäsleşmä gelen gözi ýetik gerçekleri tozanyna garagetdin, Türkmen aganyñ berkararly baýdagyny parladyp, onuñ Gimnine kebzäñi jümşüldeder göçgün berdiräýmek Ärmämmediňem Ärmämmediniñ işi ahyryn. Ine, şeýdibem Türkmeniñ abraýyny arşa götermek üçin berçawly böwetleri böwsüp gelen Altymyrat jan bilen tanyşdym. Oña egin deñäp, Baýramalynyñ pagta arassalaýjy zawodynyñ işgärleriniñ öñünde-de çykyş etdik. Ana, şonda jemagatyñ oña buýsançdyr begenç, söýünçdir guwanç bile garaýşyny göremde "Wah, meñ şu kem-köşeligim haçan galarka? Näme üçin Altymyrat inini zähmet kollektiwleri bilen ýüzbe-ýüzlüge irräk ýetirmedimkäm?" diýip, özümem sykladym. Ol dözmez janköýerleri bile pikirini paýlaşyp durka-da, türkmen sportunyñ asyrlardan aşa-aşa biziñ günlerimize gelip ýeten şanly sahypalaryny ýatladym. Taý tapylmaz talantydyr pähim-paýhasy bile jümle-jahanda birinji bolup sadranç-küşt baýdagyny bulan Muhammet as-Suly as-Şadranjy. Atasy Jygalybeg tarapyndan tekini tutulan Gyraty bile görülmedik menzillere ýetip, giñliginden elheder alaýmaly çaýlardan dal bedewini towusdyryp, ýedi pilden ok geçiren Görogly agam. Ala golly sapany bile ganymyna paýhynlama salan erenler biçüwli Garaja çopan. Sesini ýarym menzile ýetirişine, Garrygala söweşinde (1857 ý.) öwrüliş pursatyny döreden Durdy han ýanyk. Şol uruşda çyrpyly sapanyny şarpyldadyp, ýowuz ýagynyñ serkerdesi Japarguly hanyñ eýeriniñ gaşyndan uran Söýün Sapanly. Birinji jahan urşunda ýüzin salyp barýan bedewleriniñ bykynyna bukulyp "Be, biz goçak bagtl-ow! Gör-ä, bir topar tagy at gelýä-dä, üstümize tasap" diýşip duranlary berdilik işgiline (zynjyryna) kökeren ýelden ýüwrük türkmen jigitleri. Egnine boýunturuklyk agajy alyp, Tejenden Mara çalganaklap barýarka, ýazlagçylañ ýanda düşlände, olara kowalap keýik tutup beren Garaýyndam akgam. Jöwmes jahylka haýatyñ ugruja haýdaşlap, onuñ erñeginde goýlan telpegi aýagy bilen kakyşyna, ýanaşdyrylyp goýlan ýedi taýharyñ üstünden, şeýle-de, Güljemal hanyñ toýunda iki sygyr döläñ depesinden gaýdyrylyp geçen, Gandaharda ýesirkä, çommalyp, ýagny, it oturyşyny edip, okdurylyşyna, elini ýere dirägetdin uly haýkylyk bile ýokarysy gyzganly iki adam boýy howludan aşyrylyp, owganly garyndaşlara şowhunly tomaşa görkezen Garryr bagşy... Hawa, biziñ kebzinde sök seräýmeli, baldyrlary juwazlyk ýaly, ineriñ budundan burun aldygy, oña uzyn-uzyn bagyrdyberýän döşi gapak kysmy könelemmiz nirede bolsa-da, halkynyñ abraýy üçin aşyklysyna agram düşürip, garşydaşlaryna çopan badakdyk şallyny, (ol emeller Çopandyr Şally pälwana dahylly) salmadan gaýra durmady. Şeýle-de olar: Bir ýyl öñe seretseñ, Süle ýetişdir. On ýyl öñe seretseñ, Daragt ýetişdir. Elli ýyl öñe seretseñ, Gyz ýetişdir. Ýüz ýyl öñe seretseñ, Ogul ýetişdir. Müñ ýyl öñe seretseñ, Şägirt ýetişdir ~ - diýen ýörelgä ten berip, mynasyp oruntutarlaryñam burnuny sykdy. Hawa, jan jigim! Sen türkmen sportunyñ lowurdyly bir halkasy. Sen külli Türkmeniñ göz guwanjyna öwrülip, onuñ adyny äleme çawlandyrdyñ. Goý, seniñ aýagyña ýörme çolaşman, gadamyña gül bitsin! Señ ýeñişli ýörelgäñe husurlanma saljak kastly kitüwkeşleññem, näme, ýoly ters bol-a. Şeýdip, il buýsanjyna ganaty goşalanmalar girizip ýörkäñem, şägirtleñ daşyñda egele gurap, yzyñ janly kerwene dönsün! Ümür ESEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||