12:37 Kel-köwserlik etmäñ... | |
KEL-KÖWSERLIK ETMÄÑ...
Halk döredijiligi we rowaýatlar
On dokuzynjy asyryñ aýaklary. Ine-de Mary-Ahal aralygyndaky ulgamly ýol. Onuñ aññytly aşyrymlary. Ana-da beýikden ykaşakly pesede inişine düşlän ýolagçylar. Ýazylyp-ýaýrap oturyşlaryndan çen tutsañ-a, olae toýa barýan ýaly. Edil şo halatam çagataý bir eşekli çykmazmy hürrüt goçak, hälkileñ barýan tarapyndan. Emin-erkinlikde çaýlap oturanlary görenden, sered-ä, onuñ çañjaryp duran ýüzüne çaýylyp gitdi-dä, şatlyk şuglasy. - O-how, çykan! Gelýäñizmi, sag-salamat?! - Gelýändiris, halypa. - Aý, şu gañçakly günlerde baş esen, bagry bitin gelýän bolsañyz, oña ýetesi zat ýok. Bilen üçin, ol Hudanyñ haladygy. - Aý, menem Mara barýan. Agalammyzyñ biri toý edensoñ. - Bizem, şoñ ýaly toý aladasy bilen ýola çykdyk. Allany çagyryñ, at münüp, atan gamyşymyza. - Onda çykan, siziñem, Ahalda gap-düwün garyndaşyñyz bardyr-da. - Haý, halypa, halypa! Ahalda garyndaşy ýog-a maryly, Maryda garyndaşy ýogam ahally saýylýan däldir, ozalybetinde. - O gaty bir beýle däl bolaýmasyn, çykan? - Beýdip, bärden gaýtma-da, sen diñ sal. Aslyýetinde, "Ahal ili oturmaga hoş gala, ýöne welin nan ýetenok maşgala" diýlip, Ahaldan etege, Bäşgaladyr Tejen tarapa, soñam Sarahsdyr Mara göçülip barlandygyny bilýänsiñ. Şonda on ogullyñ bäş, sekiz ogullyñ dört, alty ogullyñ üç, dört ogullyñ iki, ýagny, ýarpy tüýnük tutan Ahaldan ýokarylygyna göçmeli edilýär. Emma edil aýagynyñ aşagyny görýän köwkelç pyýadalar "Täze ýer-ýurt üçin biz bölünjek däl. Galsagam-gitsegem, ordamyzy ownatman, bile boljak" hem diýen. Onda-da, näme, öñden görýän welitaraşlar: - Ýok, kelte kakmañ. Yzda galanlary ganym gyrjap ugrasa, göçenler kömege ger. Gidenlere duşman daraberse-de, köne oturymlylar goldawyny gaýgyrmaz. Galyberse-de, saý-sebäp bilen bir gapdalyñ bugdaýyny bulut ursa ýa ýasmyk göterse, beýleki tarap, hüşür-zekatdyr aýdan-diýenini bugdaýa öwrüp garyndaşyna göndermelo, desbidähel - diýip, belli-besli kesgit-karara gelenler. - Bä, çykan, maryly bilen ahallyñ synmaz süñk garyndaşlygyny biz bilmän ýörsegem, gepiñ gojaman-a, bu taýdan çykd-ow! - Sen, beýdip, kel-köwserlik etme! Diñe Ahal-Mary däl. Eýsem, Lebap, Daşhowuz, Şagadam hem bir jan-bir tendir. Kim ara tow taşlap, olary kelle gözüni iýenlige ýetirjek bolsa, bilip goýsun. Şo halatda öñ aşyklysyny owradyp, ýandym şäherinden haty ger ýaly ederin. Ýöne, sen, aýdyp otyr. Ikimiziñ nireden çykan bolýanymyzy? - Siz-ä, o ýapydan, bizem bu ýapydan çykamyzsoñ, çykan bolýas-a. - Ýöntem ýasawrak diýmeseñ, onyñam bir hasap. Ýöne ýapylañ pesedinde uçraşylyp, çykan bolunýan däldir. Aslyýetinde Adam atañ ujasyndan uzap, ýanyndan ýaýranyñ goly-ganaty, döli-damary bolany üçin, beşer balasynyñ barjasy bir-birine gardaşdyr, syrdaşdyr. Daýydyr-ýegendir, çykandyr-dogandyr... Ümür ESEN. # turkmensesi_98 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |