10:44 Gara Biý | |
Mirasgäriniñ ummanyndan: Täsin şahsyýetler
Taryhy şahslar
▶ BALKANLY BILGE: GARA BIÝ Türkmende geñ adamlar köp bolan. Olaryñ birem balkanly bilge Garabiý Annadurdy Mämmetnyýaz ogly. Ol Mergen çeltek, Ýegeje kaka, Ýahýa pir ýaly ýagymçylaryñ (ýagny, kebzeçileriñ) kowumyndan bolup, ile-güne hasap-hesibi, öñdäki gar-gaýy, haçan durnadyr gazyñ geçjegini aý dogan ýaly edip aýdyp berer eken. Gara Annadurdy ogly ilki düýe bakypdyr. Ine, bir ýola-da ol gonamçylygyñ gapdalyndan geçse, biri ýatyr-da, göründe hüñürdäp. Şonda haýýaty göçen Gara o pelidiñ kimdigini kesgitlemek üçin, oña-muña gep gatsa, ol mal-haldyr puluny göterimine berip, gargyş alyp ýören ýakasy gaýyşly süýthoryñ gabry bolsa nätjek. - Bä, indi, ol ýelemýüwlet, mydama, şeýdip, hoñur-hoñuryny goýman, öwlüýä gelen-gidenleri üýşendirer ýörermikä? Heý, onuñ sesini sem etmäniñ täri tapylmazmyka? Wah, onuñ alajy añsat welin, oña terpenmez ýüregi gola kysymly Ärmämmet gerek-dä. Onsoñam, sen entejik näme görýäñ? O myrryh kepeniniñ bir ujuny agzyna ýetirdig-ä, obadaşlarynyñ işiniñ gaýtdygy. Her gün biriniñ düýşüne girip, olary ertesi öwlüýä çeker durar, pürreläp. Tä geýmini çeýnäp gutarýança. Onsoñam, ýene bir zat. O imansyzyñ kepenem iner bahaly mawutdandyr. Ana, şonam bilip goýaýgyn, özli-özümizkäk. - Aý, janym agam! Munça bolanyna görä, o teýsiziñ jyñky çykmaz ýaly etmänem, öwretsene ýoluny? - Oñ üçin, ilkä haramhoruñ görüni agtarmaly. Soñam, Allany çagyryp, aýpalta bilen mañlaýyny darka ýaragetdin, gaýtadan öldürmeli. Egnindäki kepenem, iliñki ýaly, biýz bilen çalşyrmaly, sypyryp. Ony ýedi ýola ýuwdurybam, kösän garyp-gasarlaryna bermeli, ballym. - Sag bol, jan agam! Onsoñam bu aýdanlaññy bitdi biläý - diýen Gara aýrylmaz aşnasy Ýolma söwdagär bile Hudaýy çagyryp, göz öñüne getirilmez töwekgelçilige ýüz urýar. Ýöne şondan soñ, Gara birhili ýeldirgän ýaly, egnine düşüp duran saçyny selkildedip, boljagy-geljegi aýdyp ugramazmy öñünden. Adynyñ yzyna-da "biý" (halatly bilge) lakamy tirkelýär. Özem säher bilen turup, her ýarym aýdan bir gün oraza tutup başlaýar. Ýolma söwdagärem bir gözüni dañyp, Hywa argyşa gatnap ugraýar. Sähel salymda, il-halkyna saýa salýan merdi-merdana öwrülýär. Şeýdip, bilgeligi bilen töweregine ýardamyny ýetirip başlan Garabiý gitdigiçe adygýar. Jaladyr dolanyñ geljegini, haçan tupan boljagyny, haýsy gün ýaza göçmeli, nirden-nirä geçmeli, garasaý, baryny kesgitläp bilýän, akyly daýaw peşeneli pyýada öwrülýär. Garabiý "Tomus guýudan suw içen düýe yga bakyp çökse, gyş gaty ger. Ýelä bakyp çökse, maýyl bor" diýdimi? Onda, guş gunyñy syrdap, ýagdaýyña görä bolubermelisiñ. Ýa Garabiý ýaşuly, bir ýaña ötüp barýarka "O ýapyda oturmañ-da, bu ýapa geçeweriñ" diýende, ýokma kerlige salsañ, haýsydyr bir derde dahyl gelip, aññalak gapdym hasaplaý. Bir saparam Garabiý aga, şaly oturdýanlaryñ ýanyna barýar. - Indi ekmäñ muny. Guşluga çenli oturdanyñyz bolsa-da, ondan soñkulaññyzdan pak pisseligem peýda görmersiñiz. Şol mahal señriklerini ýygryp, pitiwa kylmasalaram, olar orakda kiçi sakgalyny dişläp başyny ýaýkamazmy. Şeýdip, Garabiý aga gepine gulak salynýan, aýdany alga alynýan kişi hökmünde tanymallyga aralaşýar. "Kybladan bulut ördügi ýygnanyşyberiñ" diýen Garabiý goja martyñ altysyna gyşy çykaryşyna, özüne "Hä-hawa" berenlere tebigatyñ diline düşünip, mal-garany ölüm-ýitimsiz ösñetmäniñ täsin tärlerini öwreder eken. Ýaşulynyñ dört ogly bolup, ol iñ ulusy gañyrmarak Tumaçdan köp zatlary tama edipdir. Hakykatdan hem "Ununda bolsa urbalygynda dadar" diýleni. Uzagyndan Tumajam ganatyny goşalandyryp, barmasa toý başlanmaýan nazarkerde ýaşula öwrülýär. Gep gerdişine gelende, Tumajyñ ujasyndan uzap ýanyndan ýaýran Atja Meläniñem Garabiýiñ bilgelik ýörelgesini ýöredendigini ýatlatmaly. Bir ýola-da, Garabiý aga ýüp gulaçlamazmy düýşünde. Ol eýlägem däl, beýlägem däl, ylaýyk 99,5 gulaç bolup duruberen. Şonda beýik bilge "Megerem, men ýüze ýetip ölsem gerek" diýipdir. Dogrudanam, Garabiý aga 100 ýaşap ýogalypdyr. Özünem ýanýolumdaky "Ak donly ata" gonamçylygynda goýanlar. Ine, bu gün bolsa, Garabiý baba barada biziñ bilen pikirini paýlaşan Hudaýar Şyrdy Goja, Koý Annasähet, Mämmet Hajygylyç, Keşer Aman, Jepbar Goýunly, Rahymberdi Arbat, Annatagan Nurgeldi, Aşyr Goñur, Musadyr Ýusup Bally, Nurberdi Gul, Täçmämmet Weljan, Kiçandyr Sary Hudaýberdi, Mirweli Tumaç, Begnazar Ata, Abdya Kitjim, Pyhydyr Owadan Tagan ýaly balkanly danyşmentlere ýene bir öwrä alkyş aýdyşyma, olaryñ bilge baradaky beren maglumatlarynyñ bir ülşüni okyjylara hödürlemekçi. ■ Peşmegi ýassanyp... Ine, bir günem "Türkmeniñ dagy işi bolmasa, düýesi ýaban çöker" diýleni gelip, Balkan Aladagynda (Aradagynda) 6-7 ýaşly oglanjyk ýitýär. Onsoñ oña ylga, muña galga. Düzi dör. Dere sök, edol göge uçan ýaly. Şonda Garabiý aganyñ ýanyna gelmezlermi, ýüzlerini çañjardyp. - Arkaýyn boluñ! O dogmañyza döwem çalmaz. Sebäp dek düýn ýere ýyly gitdi, togsan dolup. Ine, nesip bolsa, çykar bir ýerlerden ýyljyraklap. "Eje jan! Kaka jan!" diýip. Emma oglanjygyñ hossarlary karar tapaýsa nädersiñ. Asyl, mazalary ýok, zowzuldaşyp. Onsoñ, olar ýene Garabiý aganyñ işigini itmezlermi. Gözlerini höwlendirip. - Wah, Garabiý aga! Oglumyz näderkä? - Nätmeden Hudaý saklasyn! Siz, ýatyp çirim etmeseñizem, o ballyñyzyñ-a, bitiniñ burnam ganamaz. Ýañy geleniñizde-de aýtdym-a. Ýere ýyly ýöredi diýip. Onsoñ, näme, ogluñyz aglaý-aglaý uklap galar, peşmegi ýassanyp. Şonda onuñ ilki aşak tarapy ýylar. Üşäp eýlesine öwrüldigem, beýleki gapdaly. Ondan bu ýanam, ine, nesip bolsa, onyñyz ylgap gujagyñyza dolar welin, sorap göräýiñ özünden, maña ynanmasañyz. Soñ oglan tapylýar. Onuñ daşyny gaplap, näme-nämeleriñ bolandygynyñ anygyna ýetseler, eýlägem däl, beýlägem däl, edil Garabiý babanyñ aýdyşy ýaly ekeni. ■ Goý, çomra gonsun. Mal gözläp, Garaja batyra baran Garabiý ýerli çarwalar bilen gabatlaşýar. - Bo-how! Tüýdeş! Taplañ nähili? Bir mydar barmydyr, Garabiý dogan! - Mydara, bir zeýilliräkdir welin, siz şu taýdan göçseñiz gowy boljak. Ýogsam howa gaýlap, mallaññyz emgekläýjek ýaly. - Bä, şeýdiýsene? - diýen kişi çalarak böwrüni diñlese-de, başga biri: - Ýa walla, senem-ä, haýsy gaýalak gözläp ýöreniñ gepine gitjek - diýip, has içýakgyjyny tapýar. Şondan soñ pylan zeýilli wagt geçmänkä-de, hälkileriñ maly gyrylýar gaýlap. Edil şol uçurlarda-da, bir düýe ýitiren barmazmy, Garabiýiñ öýüne. - Wah, men göremokda, señ şo ýasy dabanyñy. Ýöne bir towakga. Garaja batyra duşsañ, şol malyny gaýladanlara ýatlat. Goý, olam çomra-garaça gonsunlar. Ekin ekip, daýhançylyk etsinler. Sebäp "Daýhan-daýhanyñ yzyndan bir ýylda, maldar-maldaryñ yzyndan on ýylda, söwdagär-söwdagäriñ yzyndan bir şañbatda ýetýändir. Şeýdibem, yrsy gumrulaşyp guýlubam, añyrsy iki ýyldan ýene öñki kaddyna baryber, olar. ■ Orta çölde suwy baýap... - Garabiý tomsuñ orrugynda agyr kerwene daklyşyp, Hywadan gelýär eken. Şol barmana-da guýudyr beýlekisiz, orta çölde olaryñ suwy gutarmazmy. Şonda Garabiý kerweni gerdene - ýapyýüze düşüripdir, goş-golam suwda galmaz ýaly. - Indem, siz çaý gaýnadar ýaly odun çöpläñ. Beýdip, endişe edip ýaýdanmañ-da. - Sen, how, nä dälirediñmi? Çaý diýip depinip dursuñ-la? Bir damja-da suw ýog-a, bu meşikdir mytaralaryñ hijisinde-de. - Eýle-beýle gürrüñi goýuñ-da odun çöpleseñizläñ, kyn görmän. Ine, menem, şujagaz ýerden suw ýygnanar ýaly howdan gazaýyn - diýşine haýdaşlap ugraýar. Onýança-da, bir bölejik akja bulut gelip, Günüñ öñünde sähelçe gaýmalaýşyna, suw-sil edip, taşlamazmy tutuş töweregi. Onsoñ näme, göwrümler giñäp, çaý içilýär. Dem-dynç alynýar. Ähli gap-gaçlar suwdan püre-pürlenibem, ýola düşülýär. © Ümür ESEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |