SÖZ MANYSYN AÑAR BOLSAÑ...
■ JÜRE
Degen malynyñ añyny-mañyny bermän almaga çalyşýan gylýal keseli. Özem öýken çişme-gara lebse kysmy. Jürä ýolugan ýaby derläbilmänsoñ, içinden sanjy tutýan ýaly, bitakat sandyraklama sataşýar. Şonda könelerimiz ony sakyz bermek ýa-da gaýnadylan andyzy burnuna guýmak bilen bejerer ekeni. Meger, şol zerarlam "Gyzyñ keselini gopuz açar, atyñ keselini sakyz", "Andyz iýen at ölmez, egrije iýen är" diýen halk pähimleri dörändir.
Ýöne bamyly dag döwnän danyşment Allanazar Berdiýew biz bilen söhbetdeş bolanda, bilip goýaýmalt başga bir zadyñam gürrüñini etdi:
- Bir gün taýy heniz enesiniñ içindekä seýisläp ugraýan tanymal ýaşulynyñ ýanyna jüre degen dal bedewi äkeldiler. Şonda goja haýatyñ jaýrygyndan bir jyk-jygy gözläp tapdy-da, onuñ kellesini aýyrdy. Çörege dolaýşyna: "Al, dorum, al" diýip, ony ýañky ata uzatdy. Janawer gözýaş edişine ahyry ýüregine daş baglap, ony zordan-zara iýdi. Soñam "zar-zar-zar" edip, üstüne münülerine mähetdel ýüzüni salyp gitdi. Bäş-alty kilometri çapyp gelşine, gara suw bolup, "par-par" etdi-de, ap-allanäme açyldy duruberdi.
Kakanyñ Arapgala obasynda ýaşaýan ýaşuly Ýagdy Çary bolsa jüre degen atyñ juda tebibi duşaýmasa, añsat-añsat açylmaýandygynu ýatlap, wagtynda duýsañ, jüre getirip ugran malyñ diliniñ ujuny çalaja kesäýmelidiginem nygtady.
■ ZOR GETIRME
At çarpaýa galanda ýa bir zatdan täsgenç tapyp, büdrände-beýleki edende, ýa oslagsyz güýç görende oñurganyñ inçelen ýeri çalarak burgup, käte mal zor getirýär. Şonda husuryndan saplanar ýaly, onuñ iýmine ýumurtga çakylypdyr, hatda boýag berlen halatlaram bolupdyr.
Zor getirme barasynda käbir zatlary aýdyp bermegini soranymyzda, ömrüni atçylyga bagyşlan maryly Ýazberdi Ojy bir ahwalaty ýatlady:
- Iki sürä, ýagny, br müñ atly ýüz goýna çalşylan meşhur Teleke ilki-ilkiler Agsaklaryñ gumunda çapylanda ençan gezek tozana garylýar. Gürrüñler göge galyp, näçe oda-köze düşülse-de dagy alaç ýok. Asyl, onuñ näme üçin keýin basýandygyny bilýän tapylaýsa nädersiñ. Ýöne bir ýygynçakda bedewiñ eýesi aty çykýan tarapyñ seýisiniñ Telekäni synlap, kellesini çalaja ýaýkandygyny görüpdir.
Onsoñ näme, ol ýañky ýaşulynyñ bir yrga obadaşyny aldap-ogşap, öz tarapyna çekişine, pula imrindirýär. Soñam gije-girim ol seýsiñ öýüni diñlemegi tabşyrýar. Ine, şondan soñ, pylan zeýilli wagt geçmänkä, üsti kese omaçaly palawdan gähnän inileriniñ biri seýisden, indi gel-gel, etraby baglan tanymal Telekeden näme üçin ozýandygynyñ sebäbini soraýar.
- Hawa, aýtsam, Teleke çalarak zor getiripdir. Oñ emem itiñ añsady. Aýlawa goýberilmeziniñ öñ ýanynda semiz bir erkeji şakga-şukga soýmaly. Derisinem ökde duzlap, atyñ arkasyna ýapyşyña üstüni keçelemeli. Soñam irişmesinden tutuşyña, tä onuñ endamyndan duzly suw şabrap ugraýança gezdirmeli. Soñam elin eýerläp, jylawuny gowşadyp goýber. Nädersiñ, şondan soñ ondan ozan bolýan bujagaz bedewiñe dagy zygam etdirmän, ony edil kölaby ýaby ýaly guma garar ötägider.
■ SÜÑK GETIRME
At gyzyp gelýärkä aýagyna daş, gamçy ýa gaýry bir zatjagaz degse, ol debsidähel, süñk getirme bilen bolýar. Şonuñ üçinem, kirpigi kaklyşdygy, seredýän malyna nägeñsi şikeslenmäniñ galtaşandygyny syzýan seýisler-ä şeýle halatlarda tä ýadynça bedewiñ aýagyny sypalar. Şeýdilende, ol süñkem getirmez, damar ýellenmä-de uçramaz.
Säwlik sypyp, süñke düwrerip ugransoñ, duýan ýagdaýyñda ony tapdyrs-a, tuwulga, bolmasa-da, adaty gamçy sap bilen irginsiz owkalar. Şonda ol dessine ýom-ýok bolaýar. Käbir kişiler-ä, süñk getiren ata ýylangoñak hem iýdiripdir.
Ýöne Ýazberdi Ojy özüne "Yrsgyñ atdan bolsun" diýip, ak pata beren halypasy Hajynyýaz aga Hojan seýsiñ Peşanalydan getirilen ýorganyñ aýagyndaky bakan ýaly düwrelip duran süñki-de aýrandygynyñ gürrüñini berdi:
- Ine, gözüñ akýagyny iýip gelýän bir ajap ýorga. Endamyna-da zer suwy çaýylan ýaly, diýseñ täsin-dä.
Hajynyýaz aga ony güýldi. Soñam oduñ üstünde bagyrdap duran goýnuñ saryýagyndan hälki süñke çalyberdi, çalyberdi. Asyl, görsek, süñkem bir hili tütäp barýar. Ýaşulam irmez-armazlyk bilen şol çalyp oturandyr. Ahyry aty dikeldip, üç-dört gün süñküñ ýara ýerine mesge çaldy welin, şol-a ýüzüniñ ugruna bitdi ötägitdi.
Bamyly Allanazar Berdi bolsa, Hojamyrat arçynyñ awyternegiñ, ýagny, esenekmeziñ sogaşyk süýdi bilenem süñk getirmäni bejerendigini ýatlady:
- Ol aty güýlüp, süñküñ üstüni tüýden arassalady. Soñam daşyna hamyrdanjyk agyl aýlady. "Ak tamyñ" ýanyndan hem awyternek äkeldi. Onuñ üç damja ak suwuklygyny ýañky süñküñ üstüne guýubam, on bäş minut çemesi saklady welin, tegeledi-de, süñk goparyp aldy. Soñam ýedi ýyl aşan saryýag çalyp, aty turzup goýberdi.
Ýokarky mysal ata-babalarymyzyñ başynyñ buýsanjy hökmünde goraglan dal bedewlerine nähili gadyr goýandyklarynyñ subutnamasy. Galyberse-de, ol geçmişine sarpaly seretmegi başarýanlaryñ barjasy üçin hut huşda saklaýmaly sapagam bolup durýar.
■ KETEW
Ýaby, gatyr, eşek ýaly ýeke toýnakly haýwanlaryñ ýokançly bokurdaş çişme keseli. Ol gyzyp durka suw içen ýa-da sowukda derläp ýol ýörän mala degýär. Şonda mäşi ýa arpadyr bugdaýy gaýnadyp, duz atyşyña, kemsiz bulap, gyzgyny bileb at torba salyp, ketewläne geýdirmeli. Iki-üç öwrä şeýdilensoñ, ýañky ketewlän mal edil gulanalmadyr. Käte bolsa könelerimiz ketew degen haýwanyñ burnuny ujy ýaga batyrlan ik bilenem gorjalabam bejeripdirler.
Gazagystanly seýisler bolsa ketewlän ýaba kelledir guýruk gapdaly zyñlyp, iç goşu aýrylan ýylany iýdiribem dertden saplanypdyrlar.
Ümür ESENOW,
folklorçy.
"Edebiýat we sungat" gazeti, 04.08.1989 ý.
Türkmen dili