23:15 Sopuçylygyñ görnükli aksakaly Bahaweddin Nagyşbendi | |
SOPUÇYLYGYŇ GÖRNÜKLI AKSAKALY BAHAWEDDIN NAGYŞBENDI
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Gojalaryň gep salgyna görä, Bahawetdin Nagyşbendiniň, garyp işi bitik, ata-enesiniň köp wagtlap perzende ýüzi düşmändir. Ýöne olar Beýik Biribara sygynyp, umydy goldan bermändirler. Ine, bir öwrä-de ýaňkylara hudaýhonlygy halallyga sepleşen, perişde pisint pyýada myhman bolýar. Ol taýsyz Taňrydan dileg edişine: "Enşallah, Allam size ogul berer. Ýrne ýedi ýyldan gelip oňa özüm at goýup giderin" diýýär. Ana, şeýdibem, Bahawetdin Nagyşbendi (Buhara (131.-1389) dünýä inýär. Ol oglanlygyndan tikin-çatyn işlerine gümraýy ezber bolşuna, her bazar arasynda keşdesi hikmetli jambörükleriň ençemesini taýynlap, eklenç töwjidine berilýär. Uzagyndanam, goýazy göreldesi arkaly Merkezi Aziýa, Eýrandyr Azerbaýjana giňden ýaýran Nagyşbendi ýörelgesini uly rowaçlanmalara aralaşdyrýar. Onuň sopuçylyk (sufizm) akymy datly dünýä, birek-birege, hoşnutly ömre, barça janly-jandara mähir-muhabbet oýaryşyna gitdigiçe gadamyny gerimlendirýär. Ýöne dost sekiz, duşman dokuz" diýleni. Käbir kalby kesapatly kişiler oňa, onuň ulgamly ýörelgesine ynanmazçylyk bilen garamasyny goýmandyr. Ine, bir günem, Nagyşbendä örümi çig kerpiçli küräni ertire çenli bişirip dynmagy tabşyranlar. Şonda iki aýagyny ataşhana (othana) sokup "Allahy ekber! Alla huw! Allahy ekber! Alla huw!" diýip, sesini ýaňlandyryp ugran Bahaweddin sähel salymda küräni gyzyl ot edip taşlaýar. Bu ahwalata aňk bolan jemagatyň ondan-mundan bosup ugran halatam gör-ä! Nagyşbendi owazasyna nagra äheňini girizen welin, ähli kerpiç lowurdyly wazzyldy bilen atylyp gitmezmi dumly-duşa. Sowansoň seretseler, olaryň ýüzüne "Allahy ekber! Alla huw!" ýazgysy nagyş bolan ekeni. Ümür ESEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |