HALKYÑ HAZYNASYNDAN
▶ GEPE GITSEŇ…
-Aý, jan ini, bu guluňy, näme, beýle arzan bahalap dursuň-la?
-Wah, jan agam, saman astyndan suw goýberen bir arabozar bolmasa, degerine-degmezine ömür berjekmi men muny?
-Çaky, munyň gepi kän. Sepini bildirmänem adamlaň arasyna alamöý giren ýaly edäýýär-ow, onda.
-Hawa-la, jan agam, pul bermäň, märekebozaryň baryp ýatany-da şü.
-Her näme-de bolsa, şu guluň meňki! Hany, gep guzladyp, elinden näme gelýärkä? Ýekegulak pile kökerip, aňyrsy görünmez atyzyň gyrasyndan goýbärin welin, enesiniň adyny tapman, ýöne: “Mäsme!” diýip, duraýsa nädersiň? – diýen kişi ýaňky guly alýar. Ýer agdarmadanam gözüni açanok.
Ine, daşyndan göräýmäge bir päkize pyýada. “Şundan şeýläni pilgerdan edip çyk” diýersiň welin, asyl, daş ýany bilen doňuz dören ýalakdyr. Öňki hojaýyny: “Ýakasy gaýyşly alu-şeýtandyr bu” diýse-de, sered-ä, edil gulagy depilen ýaly. Gep-gürrüň derkaryna däl.
Şeýdip, bir ýyl alty aý geçiberýärem welin, hälki gul gypdyklaýşyna, eýesiniň ýanyna gelmezmi?
-Agasy, aý, agasy! Dişim dürtereli bäri kän-kän döwletmende duşanam bolsam, özüň ýaly yrsgy yranmaza gabat gelmändim. Tüweleme! Tüweleme! Siz şol pişigi towşan tutýanlardan, agasy. Nazarkerdeden nurana, hemem perişdä pisint syratyňyza seretdigim, nämesindendigini bilemok welin, birhili, göwnüm dokunaýýa-da.
-Ýeri, ýeri! Öweniňi öküz etjek bolma beýdip.
-Ýok, agasy! Adamyny ýüzüne öwmek tilkini diri soýan ýaly görünse-de, ilde: “Ýagşyň ýagşylygyny aýt, sahawaty artsyn” diýen gep bar. Hawa, hawa, görjegiň gowy bolup, döwletiň daşsyn.
-Sag bol! Agzyňdan Hudaý eşitsin!
-Hudaýam-a eşider welin, agasy…
-Ýeri, “weliniň” nä görgi?
-Aý, agasy, seň oňküdenem dokuzyň düzüwlenäýmeli welin, şu ýeňňem, birhili, gysga gaýdyp, bu elpe-şelpeligi göterinibilmeýän ýaly. Zülpüni öňünden örüp, başga-başga zatlara göwün goýmaň kalbalasynda. Dogry: “Är öwünmese, heleý bezenmese bolmaz” diýen aýtgam-a bardyr welin, herki zadyň çaky ýagşy-da.
-Be, aýtsaň-aýtmasaňam-aý! Soňky döwürde ýeňňemiň ökjesi ýeňläp, her dişinde bir gülki diýýädim welin, senem aşaklyk bilen oň pyglyny bozup ýörenini aňan ekeniň-ow.
-Ana, şoň üçinem, agasy, gije-girim bakybalrak, hüşgärräk bol! Birden “Heleýde akyl bolmazlaryny” edişine, ýok hokga çykaraýmasyn.
Şeýdip, öý eýesiniň göwnüne güman goruny guýşuna, eýýäm elhemini alty edip, nekabadyny görüberen myrryh onuň aýalynyňam ahmalyny aňtan.
-Bo-how! Baý ene! Ilki göremde, siz diňe öz öýüňizi bezeýänsiňiz öýdüpdim. Ýöne ýalňyşan ekenim. Asyl, siz kürendir kendiaem şuglaly şamçyragy ekeniňiz.
-Baý, sizem-ä.
-Ýok, ýok! “Baý, sizem-ä” däl. Şu töwerekdäki tüllükleň soramynda siz ýaly sarmakly, siz ýaly saldamly, siz ýaly saýhally, siz ýaly maňyzly, siz ýaly meňzeşikli, siz ýaly mylaýym maşgala ýok bolaýsa gerek. Eger baram bolsa, atyň depeli ýaly, iki-ýekedir. Ýöne şonda-da, arman…
-Näme, beýle arman çekiberdiň-le birden?
-Aý, baý ene! Beýdip, giň ýeriň gürrüňini etmeseňizläň. Siz-ä adamyňyzyň üstünde kökenek. Ol bolsa käbir karkarasy köwlümli gelinler bilen gizlin guýruktutdy oýnajak bolup, haram-heläk. Ana, şonuň üçinem, baý ene, sizi süýtdeş siňlim ýaly eý göremsoň, ýatladyp goýýan. Öňünden gaçyp najadyňy göräýmeseň-ä…
-Wah, şu ýaşdan soň şeýdip ýören, ak girse-de, aň girmedik netikaza, men nalaçlar edeýin-ä, özüň bir zatlar salgy beräýmeseň.
-Меn-ä bilen däldirin, baý ene! Ýa süýji ukuda ýatyrka gyrkylykdyr syndy bilen sakgalynyň bir gapdalyny düýbünden gyrkaýsaň näderkä? Şonda о sakgaly beýleki taýy bilen deňleşinçä öýden çykybilmän, öňki tiň-tix etmesinden kele-kütä bolmasa-da, azak-tenek sowaşardy. Onynça, näme, sizem ony özüňize ykjam ylykdyraýadyňyz-da.
-Bä, şeýdäýsemmikäm onda – diýen görgüsi ýeser gaýa-gopuz ýok ýerden dowla düşüşine, uly bükgüldä galmazmy?
Ine, bir Aýsyz garaňky gije. Edil daňyň öň ýanam hälki pahyr ýerinden galýar. Sazanaklap esli duransoňam, ýüregine daş baglandyr-da. Heregiň ýokary etegindäki düzi ýüpe el ýetirişine, öňden taýynlap goýan syndysyny alýar.
Ärem, näme, alas-gopaslyk şemaly galtap, howsala tapan biçäre, çirim etmese-de, ýalandan hor çekişine, köreçel yşygyň ýagtysyna о zatlary synlap ýatan. Haçan-da keýwanysy üstüne eglip, sakgalsapyna el ýetirendenem:
-Haý, pygly pis wennezina! Haý, ýylana awy beren albassyň mollasy! Şeýdip, meni ýoklap, segredesiň gelýämi asyl indiden soň – diýip, zöwwe galýar. Haýýaty göçen pahyryň elinden syndysyny alybam, ony syhlap ugraýar.
Bulawaç dili bilen duz iýen ojagyna gan çaýkan peläket soňam ýöne ýatarmy diýsene! Ol il görmänkä alakjap barşyna, öldürilen maşgalaň doganlarynyňam ýüregini çişirýär. Olaram näme: “Sen eýtseň, biz beýderis” diýägetdin, eýýämhaçan, ýüzi köpüljiräp ugran körekenleriniň kellesini kakmazmy.
Şeýdip, obany ahy-nalaň gujagyna gaplap, göwün solpudan çykan peläketem, heý, beýle erew-berewlikden peýdalanmazmy? Ol baýyň ýyl seýisligine duran dal bedewine atlanybam, ýurtdan çykýar.
Hawa, şeýlelik bilen agzy bişen eždatlarymyz: “Wah, biz bir işigaýdan idisiz bolmasak, öwlüýäsi şärik däle diň salşymyza, aňňalyk gapar ýörmüdik?” diýip, kiçi sakgalyny dişläpdir.
Halk döredijiligi we rowaýatlar