17:21 Gorkulary deñleşdirmek | |
GORKULARY DEÑLEŞDIRMEK
Publisistika
Hemmeler üçin ynjalykdan gaçyryjy manzara. Häzir şu ýerde, Ýewropanyñ jümmüşinde, iki jahan urşunyñ gursagynda otyrys Ukraina urşuñ ilkinji günlerinden bäri ýalñyş hasaplamalar bilen doly görünýärdi. Putin hamana kartondan gurlan öýler ýaly öñüne düşen Gürjüstandaky, Abhaziýadaky, Krymdaky uruşlarda uruşýan ýaly uruşdy. Kiýewdäki "nasistik hökümeti" ýykmaga 500-den köp esger gerek bolmajagyny, urşuñ birküç günden köpe çekmejegini aýtdy. Öldürmeler we ölümler bilen doly geçen bir ýylyñ yzyndan liderligini öñki "masgarabazyñ" we jenaýat etmekde aýyplanan öñki "günäkäriñ" ynsabyna galan ýaly bolup görünýär. Ýagny, Ukrainanyñ döwlet ýolbaşçysy Zelenskiniñ we "Wagner"-iñ hojaýyny Prigožiniñ... Hiç kim (hatda Putiniñ iñ ganym duşmanlary-da) ganhor tüçjar "Wagner"-iñ Moskwanyñ üstüne eñterilip gaýtjagyny ýatsa-tursa hyýalyna-da getirenokdy. Kremliñ altyn zallary dünýäniñ gözüni bulandyrdy. Çeçenistany ýer bilen ýegsan eden Putin ukrainalylaryñ öñünde durup bilmejege meñzeýär. Köne kontrrazwedkaçy ilki görmeli zady görmedi öýdýän: Ukrainanyñ aç-açan ýagdaýda arkasynda duran güýçler bar, ýagny, ABŞ, Germaniýa, Angliýa, Fransiýa. Bu ýurtlaryñ näme edendigini we näme taýýarlandygyny öwrenmek üçin habarçylaryñ maglumatyna garaşyp oturmagyñ geregi ýokdy. Liderleri şonsuzam muny her gün diýen ýaly ýatladyp durdy. Rus güýçleri gün geçdigisaýy kiçijik posýoloklaryñ ýa-da obalaryñ üstünde ençeme günläp, hepdeläp, aýlap dowam eden gorkunç uruşlaryñ yzyndan yza çekilýärdi ýa-da ýer ýitirýärdi. Gyzyl we ak patyşalaryñ mirasdüşeri hakynatutma harbylar bilen geleşik baglaşmaga mejbur bolýança yzly-yzyna gelen ýeñlişlere sezewar boldy. Bu ýagdaý käte ondan kömek, käte-de ötünç soradýar. Emma Günbatar "uly rus ýeñlişiniñ" netijelerine döz gelip bilermikä? Günbataryñ ýeñişiniñ rus döwletiniñ dargamagyna we munuñam graždanlyk urşuna getirmegine çydam edip bilermikä? Dünýä ýadro energiýasynda ikinji, belki-de, birinji Russiýadaky bu deñleşiksizlige takat getirip bilermikä? Putin we Daşary işler ministri Sergeý Lawrow telim gezek ýadro ýaraglaryna ýapyşjakdyklaryna yşarat etdiler. Lawrow diplomatiki mylakatlylygyñ gutarandygyny duýdy. Sferalar we forumlar olardan dünýäniñ gyzgynlyk derejesini ölçemek üçin indi onuñ gödeñsi görünmegine garaşanok. Güýçliniñ güýji derýadan geçmek ýaly bir zat: derýanyñ suwy-da ony bir gezek geçýär. Sahna ynjalykdan düşüriji: Putiniñ ýanynda oña araçylyk eden Belorussiýanyñ prezidentinden başga hiç kim ýokdy. Ajal söwdagäri onuñ üstüne islendik wagt gorky we howp abandyryp biler. Ikiçäk garpyşyklarda üstün çykmaga öwrenişen rus esgerleridir raýatlary häzir näme pikir edýärkä? Hemmeler üçin ynjalykdan gaçyryjy manzara. Häzir şu ýerde, Ýewropanyñ jümmüşinde, iki jahan urşunyñ gursagynda otyrys. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Sişenbe, 27.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |