GORKULY GIJE
Düýn agşam iki köçe aňrymyzda ýaşaýan synpdaşym Berdilere gitdim."Hem-ä gümür-ýamyr ederis,hemem synpymyzdaky Dursunaýa hat ýazarys"diýip mekdepdepden gaýdyşymyza maslahat edipdik.Barsam Berdiniň öýünde ýeke özi eken.
Gürleşip otyrdyk.Hat ýazdyk.Şol wagtam daşary ýurt telekanallarynyň birinden täze kinofilm başlady.
Kinofilmiň başynda alym-professorlar ýygnanyşyp,ylmy barlaghanada haýwanlaryň üstünde dürli barlaglar geçirip başladylar.Bir ters täsir edýän sanjym urdylarmy nämemi iki sany it ölüp ýatyberdi.Ölen itleri bir gyra aýryp,barlaghananam ýapyp dargaşdylar.Hemmeler gidensoň,ýaňky itler janlandylarda,adam iýiji,ganhor mahluga öwrülip gidiberdiler.Özlerem öňünden çykan iti dişleýäler welin ol item ganhora öwrülip,bularyň yzyna düşüp,adam görse iýip ýör...
Aý,garaz kinofilm gutarýança giden bir süri boldylarda,tutuş şäheriň adamlaryny gyryp gutardylar.Bulara ne ok täsir etdi,ne-de ýarag.Iň soňunda-da uly şäheriň adamlaryndan (köp kinofilmlerde bolyşy ýaly) diňe bir oglan bilen bir gyz diri galdy...
Sagadam gije 12-den geçipdir.Öýe gaýtmaly indi.Berdi "Bu gün bizde ýatyp gidäý" diýsede göwnemän,öýe gaýtdym.
Daş-töwerek garaňkam bolsa,kä ýerlerde ýakylan çyralar köçeleri az-kem ýagtyldyp durdy.Köp ýöremänkämäm,obamyzyň ähli ýerindäki çyralar birden söndi.Hakyt "Göze dürtme garaňky" diýilýäni boldy.Görüp gaýdan kinofilmimiň täsirimden çykyp bilmämsoň,şol aýylganç adamhor itler bir gapdaldan çykyp üstüme topulaýjak ýaly,erbet gorky bilen zordan ýöräp barýaryn.Yzyma,gapdalyma seretmägede gorkýaryn.Kim bilýär belki öňümde şolaryň biri,başga tarapyma serederime garaşyp durandyr?!
Şular ýaly tüm garaňky gijede bir özi ýol ýöremeli bolaýsa,meşhur aýdymçymyz S.beatr hem "Çyralar öçsün,hiç kim bir-birini görmesin" diýip aýdym aýtmasyny goýaýmagam mümkin.
Garaz öz-özüme:"Gorkma Şirhan! Bu ýeri ýurdumyzyň iň asuda obalarynyň biri.Bärde barlaghanada ýok,haýwanlary öwrenýän adamam ýok" diýen ýaly sözler bilen göwünlik bere-bere bir köçäni geçdim.Ýolymy gysgaltmak üçin,köçeden sowuldymda mellekleriň arasyndan gönüläp öýe tarap ugradym.(Öýe näçe ýetseň şonça gowyda).
Ahyryn öz mellegimize ýetdim.Goňşylar bilen aralykdaky çile çykyp ýöräp barýan,birki günlekde mellekler suwarylansoň ondan ýöremegem kyn.Şol wagtam mellekdäki jöwenligimiziň içinde bir zat ala-şagyrdy boldyda,jöwenleri basgylap maňa tarap gaýtdy."Şunça ýoldan sag-aman geçip,öýe golaýlamda üstümi basdyrdymow" diýip pikirlenip,bar güýjim bilen ylgap,öýe ýetjek boldym.Emme iki ädim ätmänkäm taýyp ýykyldym.Erbet gorkanymdanmy,nämemi gygyrjak bolsamam sesim çykmady.Jöwenlikden gelýän zadyň "şagyrdysy" bolsa barha ýakynlaşýar."Indi meňki bolaýdy öýdýän" diýip öýe tarap "iň soňky" gezek seretdim.Şu wagta çenli ýaşanja ömrüm göz öňümden geçdi."Iň bolmanda Dursunaýa ýazan hatymy bir beren bolsadym" diýip ahmyr bilen oýlanyp,gözümi ýumup,bokurdagymyň çeýnelmegine garaşdym.
Näçe garaşsamam "adamhor it" bokurdagymy çeýnemedi.Gaýta töweregimden aýlanyp,ysgaşdyryp,ellerimi çalaja ýalap başlady."Bu nä meni buzgaýmak iýen ýaly edip,iýäýjekmikä?" diýip gözümi açdym.Görsem öz itim Peleň üstüme abanyp dur.Mydama daňylgy durýady welin,bir oňaýyny tapyp boşanypdyrda,şoňa begenip meniň bilen oýnasy gelip dur janaweriň...
Şol wagt men öz-özüme söz berdim: Indi gaýdyp fantastiki kinolara seretmerin. Size-de görmezligi maslahat berýän.Adamçylykdyr,her hili zat bolup biler.
©Şirhan Allaberdiýew.
Mistika we fantastika