23:20 Görogly | |
GÖROGLY
Goşgular
- Atam pahyr “Göroglynyň” başga şahalaryny aýdyp berdi-de, onuň ölümi hakdaky şahasyny öwretmedi. Sebäbini soradym: “Diňleýjilere batyryň ölümini aýdyp, gynandyrmazlyk üçin, şol bölümi aýtmasyz edip, bagşylar şert etdiler” diýdi. (Meşhur göroglyhon Palwan bagşynyň aýdany). Ýüz ýigrimi ýaşap geçen Görogly Oglumyş diýýärler gadym zamanyň, Elmydama goragynda haýyryň, Gözlerinde ot ýakypdyr ýamanyň. Ulanyp müň hili, müň dürli hile, Ýygnanypdyr şalar, begler... başgalar. ...Gapyllykda ok çenelen ömürüň Ölmi hakda dymar otyr bagşylar. Gözüňden ýaş döküp, aýylganç kişňäp, Gyrat derelere, daglara çapan. Ine, şodem sarsyp giden Çandybil Oglunyň jesedin gowakdan tapan. Ondan bäri hasaby ýok ýyllaryň, Geçen eken öwrüm-öwrüm ýollary. Ýüreklerde bir hakykat ýaşaýar, Ýaşaýar ol söküp ilden-illeri. Ol heňňamlar, ol döwranlar ötse-de, Bar eken öz Göroglysy her kimiň. Mahal-mahal hyýalyma getirip, Çöşleýärin ýumagyny örkümiň. Ynanmaýan Göroglynyň ölmüne, Çünki beýle ärlar asla ölmeýär. Iliniň başyna hasrat inende, Arkaýyn uzalyp ýatyp bilmeýär. * * * “Söwet edebiýaty” jurnalynyň 1944-nji ýylda çykan sanlarynyň birinde Gafurow familýaly frontçy esgeriň içinden ok geçen “Görogly” kitabyny Moskwa getirendigi habar berilýär.Bu kitap söweşde gurban bolan türkmen esgeriniň kemerine gysdyrylgy eken. Häzir ol kitap Moskwadaky harby muzeýda saklanylýar. Asuda oturan iliň Üstüne ýygyn süründi. Gal aýaga, Görogly beg, Kyrklar, hany turuň indi! Kelleleri gümmez kimin, Agyzlary ojak kimin. Dişleri bäş apbasylyk, Süýşip geldi ylaýhorlar. Bakanok garry-ýaşyňa, Hem gözden akan ýaşyňa. Ýowuz gün salyp başyňa, Awy gatyp ýör aşyňa. Ömürleri gemirjek ol. Nebir-nebir şäherleri, Obalary ýumurjak ol. Ine, şonda düýrme gylyjyň alyp, Gyratyna böküp mündi Görogly. Duşman gaçdy wellemşaha döz gelmän, Görmän eken asla beýle zor ogly. Çapar gönderilmese-de, Halk ýygnandy gaty kän. Bu ýygyn bäş günde-hä däl Bir ýylda gaýtjak däl. Läşin serip ylaýhoryň, Bu toprakdan kowmalydy. Toplap-toplap ýüzden-ýüzden Ýere diri gömmelidi. Watan söweşe çagyrýar, Adam jany howp astynda. Gana suwsan guduz açan Faşistler onuň kastynda. Söweş meýdanyna çykdy, Halkym misli bir dogan deý. Duşman sary gönderildik, Misli bir doly ýagan deý. Teblesinden üzüp Gyrat, Çarpaýa galdy söweşe. Üstüňde Görogly agam, Gitdi döwüşe=döwüşe. Esgerleriň arasynda Bardy Köse, bardy Mätel. Geljek buýruga mähetdel Öwezjan söweşe taýyn. Hajy Sumsar dur gaýym. Gulaklary garyş sere, Boýlary misli minara. Kükreýşi meňzäp inere, Görogly agam haklaşýar. Çete çykan gutulýar, Maslyk-masylyga kaklyşýar. Kesä sowulan tutulýar, Görogly agam hakdaşýar. Simap kimin sandyranlar, Gamyş kimin galdyranlar, Başagaý baş aldyranlar, Görogly agam haklaşýar. Keýmir okly, gaty ýaýly ýigitler, Gyryp, sürenine dykdy duşmanyň. Ülker kimin toplanyşyp ýigitler, “Ýeňilmezek” tugun ýykdy duşmanyň. Bu hakda kän gürrüň berdi, Urşdan maýyp gelen atam. Diýerdi ol : “ Geçmişiňe Dolanmasaň, uly hataň!” Indi onuň aramyzdan Kän ýyl boldy gidenine. Edermenlik hakda onuň Täsin gürrüň edenine. Diýerdi ol: “Göroglynyň Ýaşyn ýaşap ýörsiňiz siz”. Diýerdi ol: “Göroglynyň Dowamy siz, dowamy siz”. “Göroglyny görjek bolsaň,-- Diýerdi: “Öt Garagumdan. Gülzarlyga gözüň düşüp, Galmaz sende gaýgy-gamdan. Göroglynyň gany urýar, Damarynda edermenleň. Göroglynyň ýüregi bar, Ýüreginde edermenleň. Görjek bolsaň Göroglyny, Çyk sen ýola biliň guşap. Nesli onuň asly daýhan, Has beýgeler, gitmez uşap. Watana howp abananda, Diýlen çagy oýanar ol. Gyratyny kişňeder-de, Düýrme gylja daýanar ol. Kyrk ýigidem galmaz ondan, Mert—merdana boluň diýer. Naýza galkana degende, Duşman başyn alyň diýer. Görogly hiç ölmeli däl, Ýyldyz görse, gutulýar ol. Eger duşman guduzlasa, Gülle bolup atylýar ol!”.. ▶ “GEL, OBAMYŇ LÄLESI” atly aýdyma On sekizde ýazan söýgi aýdymym, Bu gün altmyşymda diňläp doýmadym. Juwanlyk ýelgini ýüzümi ýelňäp, Ýatlamalar derýasyny boýladym. Ilkinji aýdymym, sen niçik eziz, Kuwwat berdiň bu ýollarda bilime. Daşdyň göwünlerde, joşduň dillerde, Meňzäp misli Manamanyň siline. Ilkinji aýdymym, sen niçik mährem, Ýaryň hoştap demi ýaly melhem sen. Goja ýaşda tagzym kyldym, diýdim men: --Gülgün aýdym, ömürime ylham sen!. 26.12.2009ý. ▶ GARAŞARYN Sowulsa sowulsyn baglar, Janym, saňa garaşaryn. Gara bürenende daglar, Läläm, saňa garaşaryn. Öwüsse öwüssin şemal, Hanym, saňa garaşaryn. Durnalardan ýollap salam, Janam, saňa garaşaryn. Oturyp çynar astynda, Sonam, saňa garaşaryn. Ýaşasam zemin üstünde, Läläm, saňa garaşaryn. Ýusup söýmüş Züleýhany, Ýarym, saňa garaşaryn. Diýseler-de bu bir pany, Gülüm, saňa garaşaryn. 03.02.2010ý. ▶ LÄLÄM Söz gözledim söýlemäge waspyňy, Ejiz geldi tapan sözlerim, läläm. Jadylady birje gezek bakamda, Ölinem direltjek gözleriň, läläm. Bägül goşmak bilbil deňlemesinde, Yşkym ýüregimde heňlemesin-dä! Muny eşdip iller geňlemesin-dä! Ojakda sönmesin közleriň, läläm. Iller diýdi: “Goja, sen nä hyýalda?” Diýdim: “Mejnunam men çöl-beýewanda!” Gülgün adyň gije-gündiz zybanda, Saýladym içinden uzlaryň, läläm. Sen şa, hökmurowan, bende gülüň men, Ejap etdim ysgamga gülüňden. Aýtjak zadym ýel kakypdyr tilimden, Soňky deme çen el üzmerin, läläm. Sen asmanyň Aýy, zemin lälesi, Bir mährem enäniň mährem balasy. Goýnuň içre jennet hudaý halasa... Halamasa ömür bozlaryn, läläm. Diýme: “Bu sözleriň barysy ýalan!” Eger şeýle bolsa dowzahda ýanam. Suw istedim, suw ber eliňden jenan, Teşne men, gandyrsyn näzleriň, läläm. Mollanepes wasp etdigi dilberden Belki, rüstem, kem däl birje, gül beden. Diwana diýsinler, akyly giden, Barybir ýoluňa gözlärin, läläm. “Goja samramasy” diýme sen, hanym, Diýsem gülme eger: “Weýrandyr halym!” “Sen” diýip urýandyr damarda ganym, Göze sürme aýak tozlaryň, läläm. 01.03.2010ý. ▶ GERÇEKLER Watan howp, astynda, aýgytly pursat, Watan goragyna çykan Gerçekler. Gylyçdan geçendir gylyçly gelen, Duşmany sürene dykan gerçekler. Başyňyzdan ýowuz günler geçendir, Şehitlermiz gara ýeri guçandyr. Niçeme öýleriň şemi öçendir, Egsik göwünde şem ýakan gerçekler. Söwer ýaryň gujagyndan sogrulan, Ýyllar ýatyr ömrüňizi ogurlan. Çeken derdiňize ýürek zygyrdar, Baky mertlik odun ýakan gerçekler. Ýyllar geçse geçsin, ýatda siz mydam, Size dil ýetiren nadandyr nadan. Eger-de bar bolsa sizi unudan, Şolar üçinem gan döken, gerçekler. Mertebäňiz gitdigiçe beýgeler, Nesil daragtyňyz size eýgerer. Şöhratyňyz öçmez, ýürek eý görer, Mertlik ordenini dakan gerçekler. Edebiň-ekramyň ygraryn haklan, Mukaddes ojagyň mährini saklan. Şu güne çen söwer ýaryny ýatlan Gelinleň derdine ýanan, gerçekler. Segsenden geçen bar, togsandan geçen, Gözleriňiz röwşen, däl nury öçen. Kalbyňyz ýaş, zemzem suwuny içen, Gerçek bilen öňe bakan gerçekler. 25—26.03.2010ý. ▶ SÖÝÜŇ, TÜRKMENISTANY! Watandan eziz zat ýok, Eziz Watan didary. Başymyzyň täjidir, Türkmenistan diýary. Bolsak-da biz nirede, Ýaşaýar mydam serde. Misli bir jennet ýerde, Söýüň, Türkmenistany! Galkynyşlar mübärek! Özgertmeler mübärek! Sen diýip urýar ýürek, Söýüň, Türkmenistany! Oguz, Gorkut atanyň... Mesgeni sen Watanym. Nesli biz bir atanyň, Söýüň Türkmenistany! Güýjümiz—kuwwadymyz, Abraýymyz, adymyz. Şanymyz—şöhratymyz— Söýüň, Türkmenistany! Ýaýlasynda baýlygy, Baş-baýlygy—saglygy. Gerçek ogluň şalygy— Söýüň, Türkmenistany! Ýaşa sen, Türkmenistan, Ýaşa sen, bagy-bossan. Çar ýanyň gül-gülüstan, Söýüň, Türkmenistany! 07.04.2010ý. | |
|
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |