07:43 Goşga siñdirilen degişmeler | |
GOŞGA SIŇDIRILEN DEGIŞMELER...
Goşgular
— Goňşy, goýunlarňy boşatmaweri, Torç edipdir sübseligmi, darymy. — Bolýar, menem indi, girse bagyma, Gyraryn dermanlap, ähli aryňy. — Ýitiren zynjyrňy gözleýäň welin, Gözüň-ä seň agyl bilen dölede? — Wah, şol ýiten zynjyrymyň ujunda Bolmaly bakylan semiz göle-de. — Eşegiň-ä ýorga eken, bir nas al, Gökläli, gök ýere gaçýanam bolsa. — Wah, sakgaldaş, kädim öýde galypdyr, Nas-a ýok, şu eşek uçýanam bolsa. — Gawunma giripdir eşegiň, goňşy, Awundyryn, daňjak bolsaň, daň indi. — A-how, giren bolsa, kowup goýbärler, Boljakmy sen eşek bilen deň indi?! — Keselhana adam bary üýşüpdir, Känmidi oň garyndaşy, ýeňňesi?! — Ondan dosty, garyndaşy bizar-la, Algydarlar — bu duranlaň hemmesi. — Ketekden ýumurtga almasyn ogluň, Tabşyr, goňşy, çal dulugna bolmasa. — Wah, bilýän-le, gaty betdir Çaryşkam, Kaýyl bolaý, towuklarňy almasa. — Gazanjyňy ýerliklije sowarlar, Pul diýen zat hazzyklyga baranok. — Onyň dogry, goňşy, ýöne men senden Karz pul soraýan, akyl soramok. — Bazarda sataşdym dellal goňşyňa, Ýa ol ähli dellallaryň pirimi?! — Görüşeňde ahmal bolsaň, bildirmän, Alyp galar bäş barmagyň birini. — Bol, how, gardaş, “Kepderini çalyp ber, Düşünemok “Keçpelege”, “Geline”. — Üç sapar-a çaldym, ýa indi ony Pasyrdadyp bereýinmi eliňe? — A-how, eşdip goýuň, alýas, berýäs-de, Undaýýas biz käte hasaplaşmagy. Kimiň şu bendede algysy bolsa, Beýläk baran wagty hasaplaşmaly. — Çagalaryň bilen iýjekmi, goňşy, Ýa az-owlak satjagammy naryňdan? — A-how, hi, çaga-da nar dözüp bormy, Geçýärkä bazarda onki ýarymdan?! Atajan ANNABERDI | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |