17:13 Goşgular | |
GOŞGULAR ÝYGYNDYSY / G.ŞAMYÝEW
Goşgular
▶ Sen sary Sen nirä barýarsyñ, lukman-halasgär?! Sen nirä barýarsyñ, alym, mirasgär?! Sen nirä barýarsyñ, aýdyjy, ozan?! Sen nirä barýarsyñ, elkyssa, gazal?! Sen nirä barýarsyñ, dogaýy salam?! Sen nirä barýarsyñ, mynajat, kelam?! Sen nirä barýarsyñ, nusga, kämillik?! Sen nirä barýarsyñ, süññi tämizlik?! Sen nirä barýarsyñ, arassa ynsap?! ...Bary-da sen sary, eý, gözel ynsan! ◆ ◆ ◆ ▶ Görýändir Görmez öýtme, ähli zadyñ gözi bar, Ýalkawynda aram tapýar janyñam. Basyp ötme, saña diýjek sözüm bar, "Gara günde" diýlen garynjanyñam. Eşidýärmiñ, owazy bar, sazy bar, Ýüregiñi duýmaz öýtme ýel, ýaprak. Şemalyñam täsir edýän näzi bar, Bilersiñ inçeden syn kylsañ köpräk. Seni diñläp, eşidýändir sesiñi, Gara daglar, gara daşlar dymsa-da. Señ görmedik zatlañ görýändir seni, Duýýandyr kalbyñy her bir damja-da. ◆ ◆ ◆ ▶ Näçekä? Gije düýşde goşgy ýazdym, Täze pikirler kellämde. Setirler yşkynda gezdim, Turup, kagyza belläý-dä! "Ýazaýaryn erte" diýip, Ýatdym oýaly-ukuly. Nagt zadymy nesýä goýup, Erte goşguly wakany, Ýatlajak bolsam, ýadymdan Çykypdyr. Hany, gijeki Setirler?! Ýeri, adamda, Şeýle ýitgiler näçekä?! ◆ ◆ ◆ ▶ Sen bolup Ýollar uzaý-uzaý ýatyr sen bolup, Daglar - senin göge göterlen seriñ. Daşlar sarsman, syrly otyr sen bolup, Meýdanlar - ýüregiñ, lälezar, sergin. Bulutlar sen bolup seçýär damjany, Bug sen bolup, saçyn her ýana ýaýýar. Aý sen bolup, nurlandyrýar gijäni, Gün sen bolup, gökden zemini çoýýar. Baglar ýaşyl ýaprak açýar sen bolup, Bezeýär sen bolup, güller dünýäni. Guşlar gonýar, guşlar uçýar sen bolup, Sen - ýagyşlañ ýaga-ýaga diñýäni. Sen - pyntygyñ goly, pudak ýaýdygy, Umman, sähra, dünýäñ bat-ýelinde sen. Sen - jahan mukamy, älem aýdymy, Hem belent Asmanda, Hem Ýerimde sen! ◆ ◆ ◆ ▶ Ýaz bagty Höwürtgede eteneleñ jüýp-jüýbi, Eşidildi, uçjak bolup alñasak. Gülleñ ýapragyny ýazýar gül düýbi, Müşki bilen görkli dünýä ýol ýasap. Çigildemiñ ömri bolsa-da gysga, Uzadyp dur, serhoş eýläp başlary. Kükräp gelen ýaza biri-birinden, Saýrak eken biziñ ülkäñ guşlary. Älemgoşar al-u-ýaşyl yşykda, Ýyldyrym yzyna çakýar ýyldyrym. Garry-juwan - hemmejesi yşkda, Üzüm murty bilen dolap baldagyn. Pyýadalap şerbet paýlap mahmal ýel, Noş edesiñ gelýär demiñe dartyp. Gök lybasa bezenipdir ähli ýer, Janyña şypasy, lezzeti artyp. Adam bary tomaşada, hoş köýde, Ýary gutlap, eli gülli ýar gelýär. Sen neçüýn otyrsyñ, eli boş öýde?! Ýazlaga çyk, Bagtyñ bolup ýaz gelýär! ▶ Baharyñ bossany Garlawajyñ sesi eşdilýär indi, Çar tarapy gurşap alan baglarda. Gazlar "kyrruwlaşyp" keşt edýär indi, Käkilikler saýrap ala daglarda. Mollatorgaý bossanlykda towsaklap, Suwuñ dişi döwülipdir, ýylapdyr. Täsin, keýigokaralar suw saklap, Tebigatdan peşgeş şerbet, gülapdyr. Gülälekli meýdan - janyña toşap, Bahar gelip, serhoş edýär sersagam. Onda bir pursat dem-ömürden nyşan, Giñäp gidýär hernäçe dar gursagam. Ýaza gelşik bökjeklese guzular, Owlak mälemesi - ýaz ýaraşygy. Gijeler gysgalyp, gündiz uzalar, Ýaz gülünden çemen - ýar ýaraşygy. Ene! Saryýagy duldaky küýzäñ Eräp başladymy? Açsana agzyn! ...Gülruh jemalyñy gitdim-le küýsäp, Kükreýip-kükreýip gelsene, ýazym! ◆ ◆ ◆ ▶ Hüwdi Ak posalak bäbegim, Gözüm, gaşym, gabagym. Men ýyglaýyn sen diýip, Guzym bolup mälegin. Birim on bolup geler, Giden dolanyp geler. Saña "Balam jan" diýsem, "Enem jan!" bolup geler. Öz deñiñden galaýma, Ejize gol aýlaýma. Ataşa men baraýyn, Sen oda golaýlaýma. Sen eýjejik läligim, Erte ýagşy pälimiñ myrady sen, ber ile Menden alan tälimiñ. Kerem - ene yhlasy, Seniñ ahyñ - il ahy. Ana, şonda bi naçar, Ak süýdünden razy. Ene goýnunda gülläp, Uç, ak guşum, pel-pelläp. Köp çagaly bolarmyş, Synyny bäbek öllän. Ak posalak bäbegim, Nowçam, gökje gämigim. Ähli balañ enesi Sen doglalyñ bäri men. ◆ ◆ ◆ Göwün içre pespälem, pälimden uly dälem, Tañra mysapyr gulam, hannasyñ guly dälem. Derek tutmaz, nesip etmez husydyñ puly dälem, Kül bolsam - kerkaw küli, akbaşyñ küli dälem, Dil bolsam - syrlar dili, biwejiñ dili dälem. Zer katrasam zer bolar, zer bolmasam mis bolman, Baýlygy göterinmez, ýañy baýan mes bolman. Duşmanyma dost bolman ýa kiçelip pes bolman, Meni dogan saýsañam, tersiñ bilen ters bolman, Nähak ýere ot gorsar kesekiñ eli dälem. Bir derdim bar, aýtmanam, aýdardym dogran enä, Aldy ajal elimden kän görübän men bendä. Aglasa ol aglardy, galan ýalan derdinýä, Hany, onda aýdyñ-da, kim men diýip örtenýä?! Çyn merdanyñ göwni men, namardyñ köñli dälem. Hak işim bar, ol işi özümden gaýry etmez, Ol ham bolsa, käýiđi meniñki, saña ýetmez. Bu gün - ýazygym öter, geljek günämi ötmez, Jäht tutulan maksadym, bir nyşan goýman gitmez, Ol - çuñ derýa, her kesiñ boýlar saý köli dälem. ◆ ◆ ◆ Seniñ bilen bardym derýa boýuna, Derýa heñden dolup akyp başlady. Suwda garap durdum seniñ roýuña, Ol ýüregme nagyş çekip başlady. Seniñ bilen o kenarda dyz epdim, Tallar, toraññylar owaz durşuna. Owazlar içinde men seni tapdym, Dünýäni öñküden gözel duýşuma. Suw seslendi gamyşlara heñ berip, Ol seniñ pessaýja hiñlenmäñ eken. Bu kenarda aýdan aýdymyñ baryp, Añyrky kenarda diñlenýän eken. ◆ ◆ ◆ Agşam Pöwrize çaýyna, Aý geler suwa düşmäge. Aý bilen seýil bagyna Gyzlar geler söýüşmäge. Gije-de nura baý ülke, Ürker, ýagtydan tüm ürker. Ýalbyrap dogupdyr Ülker, Söýgi bilen görüşmäge. Düşdi, ýaş syna ot düşdi, Gyz kalba ot berip gaçdy. Ýigit kowup gitdi yşky, Takat etmän garaşmaga. Dag ýatyr dagy ýassanyp, Ýar ýatyr ýary ýassanyp. Goýsana, Dünýä, birsalym, Gelişmäge, baryşmaga. ◆ ◆ ◆ Men atamyñ unanyny unadym, Iki elim bilen tutup kündügi. Goluma akytdym suwy ýyladyp, Gyş gazaba mündügi, Aýazy özüm dadyp, Oña ody ulaldyp. Men oglumyñ unanyny unadym, Düşe-düşe yhlasymyñ yzyna. Atama eden zadym, Gaýdar öýdüp özüme. Ýa bu nyşanymy hata - günämiñ, Oglum unamady meniñ unanym. Gowşut ŞAMYÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Gözden akan ýaşlaryma / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |