05:27 Goşgular | |
GOŞGULAR
Goşgular
Gyzymyň: "Men doglamda nähili gündi?" diýen soragyndan soň ýazan setirlerim Bilýäňmi näme... Seň gelen güniň. Ählije zat üýtgedipdi reňkini, Görküni senden alypdy göýä. Bu ýaşaýyş owadandy, ýagtydy Göwnüme däl... Men asmanda uçýan-da Ähli kişä buşlap ýörün bagtymy. Şol güni güllerem tans oýnaýardy Çalaja öwüsýän güýzüň ýeline. Baglaram pişme deý seçip ýapragyn, Toý edýärdi begenip doglan günüňe. Hawa... Seň gelenňe üýtgäpdi adym, hemem Gözlerime gözlük dakan deý Ýaşaýyşy görüp bildim başgaça. Bu Zemine bagt bolup döränim, Saňa sowgat gyzym Ýol bilen kitap. ✳ ✳ ✳ Ýüregmiň sessizje aglamasyny, Köne gussalarmyň ýatlamasyny Ýatladýaň-da täzeläp derdim Kalbymy ne beýle otlaýaň ýene. Özümi mert saýyp gezýänem bolsam Düşünemok hiç... Bir Seniň öňünde ejizleýänme Hemem Seni juda ezizleýänme. Gözýaşlarym ýaly asla diňmejek Seň has gussaly agras keşbiňe Ýagyş damjalaň deý siňip gidýänme. Sary ýapraklarňa meňzeş dünýämde Ýogsam ýerem ýog-a Aýdymdan, Mukamdan, şygyrdan başga. Nämüçinkä?! Başgaça bolup bilmeýän. Sary Güýzüm! Sen bilýäň-ä... Bilbil KAKABAÝEWA. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |