■ Gyzyl köýnekli
Ýakasy nagyşly gyzyl köýnekli,
Ýaz ýaly söýgüni sen döretdiňmi?
Bar oýnaşylmasy, dalaşylmasy-
Baz ýaly söýgüni sen döretdiňmi?
Melekmi, peýkermi türkmeniň gyzy,
Ýer-gögüň ýyldyzy, Aýy hem özi,
Syraty,
Suraty uzlaryň uzy-
Uz ýaly söýgüni sen döretdiňmi?
Posa berse, az mukdarda üşürlän,
Kä agladyp, käte ruhdan düşürmän,
Öýke etse, ýürek-bagry bişirýän
Köz ýaly söýgüni sen döretdiňmi?
Käte aşyk jebirleňden dat eder,
Käte özün bir bigäne-ýat eder,
Birden hoş söz aýdyp, göwni şat eden –
Ýaz ýaly söýgüni sen döretdiňmi?
Käte çakdan aşa gahar-gazapda,
Ne “Gel!” bar, ne-de “Git!”, saklar duzakda.
Çydap-da bolmaýan gyşda-aňzakda
Buz ýaly söýgüni sen döretdiňmi?
Çeksin aşyk kalbyn kalbyňa bakan,
Diýmezmi ol “meniň ýekämsiň, ýekäm!”
Şirin söz, näzik ses misli bir mukam-
Saz ýaly söýgüni sen döretdiňmi?
Bahar geçdi gitdi gökli-ýaşylly,
Yhlasa ýugurdyk tomus pasylny,
Miwesi köp, bereketli, hasylly
Güýz ýaly söýgüni sen döretdiňmi?!
■ Tebigat köňlünde
Seniň dury suwuň suratym aldy,
Goý, ol galsyn saňa ýadygär bolup.
R. Seýidow “Ýapjagaz”
Tomus düşdi, küýsäp köne dostlary
Uçup diýen ýaly gitdim Lebaba.
Howa gyzdy. Yssy, petişdi jöwza,
Içmäge sowuldym kiçijik ýaba.
Salkyn eken ýapjagazyň kenary,
Jäheklenipdir ol söwüt, derekden.
Ýelemi, gör, kime baş atýar bary,
Göýä söhbetleşýär halys ýürekden.
Saz çalýardy toraňňylaň tallary,
Ýapraklar el çarpyp, şat gülüşýärdi.
Ýapjagazyň akyp ýatan ballary,
Guş sesi durmuşa mas-gelişýärdi.
Arassadan akýan durna gözli suw
Ak ýürek adamyň kalby ýalydy.
Eňek basdym. Içdim. Diýdim: “Näme bu?,
Ýapjagazym suwuň suwmy, ýagmydy?”
Onýança-da gördüm ajap wysaly,
Tanadym. Tanyşym gözümde galdy:
Kim diýýärmiň? Onda janly mysaly
Şahyr Rehmet Seýdiň suraty bardy!
■ B E Ý T L E R
Adam adama bogundyr,
Ata-ene-gyz-oguldyr.
***
Elbetde, et ýagşylyk, ol bilsin-u – bilmesin,
Ýagşylygyň özüňe ýaman bolup gelmesin.
***
Ýagşyda-da ýamanlyk guşak guşany bardyr,
Ýamandyr, ýamanda-da gowluk nyşany bardyr?!
***
Bir-birege umydy baglamak dym gowy däl,
Umyt sönse köp bolup aglamak hem gowy däl.
***
Deňziň çuň düýbünde ýatan merjeni,
Alyp bilýär diňe yşkyň erjeli.
***
Goňşy. Tanyş, dos, nätanyş,
Ýüreklere salnan nagyş!
***
Tikensiz güllerden he haýyr yşka?
Tikenli gülleriň höziri başga!
***
Söýmek hem söýülmek meniň aýdymym,
Ýok meniň söýmekden yza gaýdymym.
***
Güle gonup, saýrap, şeý diýdi bir guş:
“Söýgüň ýok ýerinde sowukdyr durmuş!”
***
Bir gün ýykylsa ger, ynam binasy,
Ol ne Taňryň, ne-de diniň günäsi!
***
“Men musulman” diýip, kör bolma aşa,
Dünýewilikdenem ýüklenip ýaşa!
***
Söýüp-söýülmekden ýadama, ynsan,
Ýadasaň, bilip goý, sen diri bir san.
***
Bu nä beýle? Diýdiler: Eşek münüp ile çyk,
Bezäp bedew atyňy, “Toýa!” –diýip, ýola çyk!?
***
Hiç kimden hiç zat üçin öýke etme, burulma,
Gyjyt berjek tapylar, hiç bir gepe yrylma!
***
Yşkbaz aňy burnunda,
Ajyň aňy garnynda.
***
Gar ýaly ak ýürek bol, emma welin gar ýaly
Sowuk bolma, ýüzüňde mähir dursun nur ýaly!
***
Özgeleriň gylygny synlap, aňlap ýörmeli,
Soň “Men neneň”” sowala dogry jogap bermeli!
***
Balykçy tor taşlap, tutýän balygy ap-ak,
Biz aňa agram berip, täze bir nysak tapýaç.
***
Abraý gazanmak aňsat, bagtyň gelse ýokardan,
Geýjegiň simu-zerden, iýjegiň bal-şekerden
***
Düýnleri goý terezä, agyr däldir çekerden,
Şu günüňe şükür kyl, ertir hakda pikirlen!
***
Gümmürmama gümmürdäp goýar ýerde goýmady,
Soňra ol bulutlary ýelekledip oýnady.
***
Asmanyň kä ýaňlanyp, kä ses-üýnsüz dymmagy
Nämedenkä? Çen-çak et, bilip bilseň, dym gowy!
***
Gözýaş bilen gülküniň aralary uzak däl,
Bir-birinden olary aýryp tersin düzetmäň!
***
Adym Ahmet, özüm adam, bilmeýän bir syrym bar:
Olam-özüm. Kim men eýsem? Ganatym ýok, perim bar?!
***
Iki bölek dünýe bu, sarpa goý dirä, ölä,
Hersiniň ýarsyn alyp, bir bütin adam bol-a!
***
Başgaň mertebesin elinden alma,
Halallyk rysgyndan binesip bolma!
***
Pişiklerden gorkup gaçýan syçan dek
Gaç haramdan şir-peleňden gaçan dek.
***
Karam bilen dogurlasa hasabyn,
Ol dirikä görer dowzah azabyn.
***
Kim biri ýalňyşyn ýaşyrar, emma,
Ýaşyrylan ýalňyş paş bolan hemmä.
***
Salawat okaýan şygrymda halka,
Ol iru-giç meni ýetirer bagta.
***
Abraý näme? Ol-ýel berlen şöhrat däl,
Her öňýeten yşka berlen Perhat däl!
***
Göwün diýilýäni aýnadyr näzik,
Onuň özündenmi, çat açsa-ýazyk?
***
Ol tanymal, beýik bir pähimdardyr,
Onuň pespälligem şonçarak bardyr.
***
Her bir türkmen üçin bir kada bolgaý:
Päli pes, ak niýet hem sada bolgaý!
***
Bir gulakdan göçmeklik degişli bir maşgala,
Köp gulakdan göçmeklik, bu – jemgyýet, başga zat!
***
Dutarçylar sazyny bir gulakdan göçürýär,
Müň gulak göz-garaýşy halk aňyna geçirýär.
***
Peýda bilen zyýany paýhas atly iňňeden
Halkyň özi geçirýär, gowy bilýär hemmeden.
***
Men şahyr, halkdan aldym, sözlerimiň beýanyn,
Halkdan alan zadymy halka bermek hyýalym.
***
Ýagşylyk bir gowy zat, hatda ýaman birine,
Wah, ýöne ol bagly zat ýamanlygyuň hiline!
***
Toslamada ýazyjy dursa çen-aralykda,
Şonda çeper wakalar bolýar ynanarlykda.
***
Köp bolsa-da baýlygy-da, maly-da,
Göz giderrlik mertebe ýok dälide.
***
Köp gülseň, erňeksiz diýerler saňa,
Aglasaň, görmeksiz diýerler saňa!
***
Geň-taňlykdan doly Täňryň panysy,
Aglaňda açylýar gülkiň manysy.
***
Daga çykdym-diýip, döşüme urdum,
Wah, ýöne ol dagy düýşümde gördüm.
***
Bir obanyň goçy bolup, etse ýörse edenini,
Onuň äsgermedigidir ata-baba edebini.
***
Ýaňyl dünýä, mundan öňem telim ýola ýaňylan sen,
Halal-haram “gazyklara” sypmaz ýaly daňylan sen!
***
Meniň goşgulammda bir bilbil bardy,
Bir gunça gül solsa ol aglaýardy.
***
Il-halkyň-da dili bar, goý, geplesin, saýrasyn,
Türkmeniň jem paýhasy tutuş dünýä ýaýrasyn!
***
Nakyl ýa aýtgy bolup, il sözi ilde galar,
Her neneň, ýol söhbeti-ýol sözi ýolda galar.
***
Ýel elinde oýnaklap, gaýyp-gaýyp düşmegi,
Ahyry bölek-bölek etdi ýeňles peşmegi.
***
Ata-ene perzende jan-jiger penakärdir,
Eger, olar ynjasa ogullar günäkärdir.
***
Eý, ýar, jäjek kysmy däl seniň görküň,
Merjenden, göwherden ýasalan durkuň!
***
Oýlandym diň salyp ýüregmiň urşun,
Ülüşim toprakdan, suw eken durşum!
***
Ýerde bolsam, al-asmanda pikirlem,
Gökde bolsam, ýere gaýdýar şükürlem.
***
“Elek suw saklamaz...” Emma bu elek
Asla suw üçin däl, bilmegiň gerek!
***
“Eý-ho, eý-ho!” sözi doldurdy zaly,
“Goý how, goý how!” diýip ses gelen ýaly...
***
Egri-dogry diýenok, söz saýlap seçmesi ýok,
Ýöne bir höwesdir bu, wah, ýöne öçmesi ýok!
***
Gülüň pudagna gonýan diňe ýalňyz bilbil däl,
Käte garga-da gonýar, kel kellede ýelgin kän!
***
Bir mahalky söýgüňi ýatlamak hem ýat tutmak,
Eýsem näme, aýypmy goja göwni şat tutmak!?
***
Aşyk bolmak, elbetde, bir ömre tüýs gönezlik,
Hiç bir zeper ýetirmän söýülýändir gözellik!
***
Bir gelne dost diýsem soňky sagada
Çenli, diňe dostluk bolar arada.
***
Garrymy, juwanmy, erkekmi aýal,
Şübhesiz dostumdyr, ger bolsa halal.
***
Ýel äkitse aşyk ýigdiň diýýänni,
Kim günäkär, söýülýänmi, söýýänmi?
***
Ýagşylyk gelýändir bildirip özün,
Ýamanlyk duýdurman basýandyr közün.
***
Ol ýaşka-da betgylykdy, dogrusy,
Şondan boldy il içiniň ogrusy.
***
Ol şeýle bir sagat, döw ýaly jany,
Göwreden ne peýda, bolmasa aňy.
***
Gadyrlaýan bolsaň, eger, bu jany,
Daglardan ýokarda goýgun ejäni!
***
Görüp durka näze köýdürýänini,
Ol özüne gelmez, keýp eder, aldar,
Şeýdip uzak synlar söýdürýänini.
***
Kim bir akmak iş etse, işi telli-pellidir,
Bu onuň özbolşundan, sözleýşinden bellidir.
***
Baş bolmasa göwre läş, munuň başga şerhi ýok,
Halk bolmasa başyň hem bir teňňelik nyrhy ýok!
***
Dogry, hak söz üçin howp salsa ölüm,
Ýalan sözlemegem sogapdyr, biliň!
***
Hakyň Kelamyny okagyn ümsüm,
Halk kelamyna-da berginiň ünsüň!
***
Aglamaly zaman-a däl, döwrümiz,
Gülkümiz bar welin, başga göwnümiz.
***
Bilbile-alkyş, kelpezä gargyş,
Her kimiň gylygna görädir ýorgut.
***
Goşmak, bu – baýlyga baýlyk goşmakdyr,
Aýyrmak, bu—kem-kem pese düşmekdir.
***
Okaýan barlaýar, synlaýar, bilýär,
halk bilen bir bile aglaýar-gülýär.
***
Edep-terbiýede nusgalyk adam
Mydam beýik bolup görünýär şadan.
***
Adam bar, tüýs Gorkut, akylda apat,
Adam bar, ýep-ýeňil peşmek mysaly,
Güle umyt berer, bilbile takat.
***
Razy men Senden eý beýik Kerdem,
Aýagmy üzmeseň, bes maňa, ýerden!
***
Hakdan üýtgeşik zat etmerin höwes,
Pessaýlap uçmaga ganat berse bes!
***
Kimiňdir, bolsa ki ahlagy tämiz,
Durmuşda diňe şol her ugra kämil.
***
Syryl bulut, aýryl bulut, tutup durma gögüň ýüzün,
Goý, Gün çyksyn, dünýe gülsün, ýagtylygy görsün gözüm.
***
Gaşawuçlap bu dünýäniň bar baýlygny ýygyp bolmaz,
Bardy-geldi ýygaýdygyň, soň bu dünýä sygyp bolmaz!
***
Atam saňa çörek berdi, çörek berdi keýpe gerim,
Ýöne welin, ogullaram az dökmedi maňlaý derin.
***
Ynha, saňa ýene tymsal, dana bilen däli hakda,
Göterim bolsa ol däli, eý, dana, sen diliň sakla!
***
Adamlar bizar bolmasyn, köňüller tutmasyn gubar-
Diýip, gyş-ýazy nobatda döredipdir Perwerdigär!
***
Ata-babalarmy tutunyp arka,
Soňra men özüme goýýaryn sarpa.
***
Namart adam özi özün eý görer,
Mert welin, halk bilen bile beýgeler!
***
Geçen danalara diräp arkaňy,
Şondan soň saldarlap görgün sarpaňy!
***
Ýetişipsiň, yşka beripsiň seri,
Herne, yşk jäjegi bolaýmaweri!
***
Utanmaly bolmalyň goňşularyň ýanynda,
Duralyň hem görneliň bizem adam sanynda!
***
Rahmen bilen şeýtan dünýäni başda
Bile döredipdir dawa-darkaşda.
***
Pygamber ýa weli, şamy ýa geda,
Päle görä janyn edýärler pida.
***
Dana boljak bolup galma azara,
Berilýär ol diňe halal azaba!
***
Köpi dost tutunmak-dostsuz bolmakdyr,
Käte ýalan sözläp rastsyz bolmakdyr.
***
Dostuňa aýan et, bolsa nalyşyň,
Göwünlik biýr, ýerde goýmaz haýyşyň!
Ahmet MÄMMEDOW.
Goşgular