22:40 Yşk magrajy / goşgular toplumy | |
• “SEN MAŇA BAGŞ ETDIŇ YŞGYŇ MAGRAJYN” Hatda men özümi goja saýamok, Sen «garraýan» diýip bilýäň neneňsi?! «Solar» diýseň hiç ynanyp bilemok Şu ter ýaňak, jennetiň boz almasy. Wagtdan eýmenýärmiň, eý, serwi-nahal? Ol – bady-hazany gül-gunçalaryň. Men Wagty tanaýan. Wagt bilen jedel Işi däldir seniň kimin naçaryň. Wagt bilen, goý, şahyr etsin jenjeli − Meniň özüm gürleşerin Wagt bilen. Diýerin: «Sen dälmi duş eden meni Şu alma ýaňakly perizat bilen? Meniň oňa yşgym gün-günden otly, Onuň maňa mähri gün-günden näzik; Indi özüň ara düşme, Wagt atly, Eý, ýigrenji görip, eý, päli bozuk! Güýçli bolsaň, galma sen bileniňden — Bük meniň bilimi, çöňňelt görejim; Emma serwi-näzi seniň goluňdan Gutarmagyň taparyn men alajyn! Ýok, boýag bermerin ony ýaş etjek, Bu oňa peýda däl, belki, zyýandyr; Baky juwanlygy oňa bagş etjek Ak kagyzym bilen gara syýamdyr! Onuň keşbi meniň şygryma siňer, Aýdymymda güler gülgün gamzasy; Güller gözelligi ondan öwrener, Bolmaz onuň saralmasy, solmasy. Meniň özüm toprak bolup tozsam-da, Bagş ederin oňa aby-haýaty, Şeýda şygrym ýaňlanýarka waspynda, Egilmez onuňam zyba kamaty! Durky nagmalara dönen söýgüliň Parlak jemalyna düşmez gasynlar, Baky näzik, baky juwan dilberi Dile dessan eder uzak nesiller. Gül jemaly bilen dünýä ýaz saçyp, Mydam zülplerinde daň şemal ösüp, Gider ol asyrlaň içinden geçip, Kaddy belent, seýkin ýöräp, uz basyp. Ol maňa bagş etdi yşgyň magrajyn, Ruhum arşa galar ýaly hyruçly; Ol hem peşgeş alar bakylyk genjin – Ömürlerden uzak, wagtdanam güýçli!» • SÖÝGINIŇ SEBÄBI Men ony söýýändir öýtme Görki-gözelligi üçin; Men ony söýýärin – Şol öňümdekä maňa Gözelligiň gerek däldigi üçin. Men ony söýýändir öýtme Yşkyň hezilligi üçin; Men ony söýýärin – Şol ýanymdaka maňa Hezilligiň hökman däldigi üçin. Meni bagtyýardyr öýtme Bagtym oýanany üçin; Emma men bagtyýar – Şol bagtly bolsa maňa Özge bagtyň zerur däldigi üçin. • "ÇYKDYM GÜLLERIM" Sen gideliň telbe köňül Gün-günden bikarar boldy; Ýürek gopup, tapyp tebil, Her dem seni sorar boldy. Ol älemde jaý tutduňmy, Ömrüzaýa dek batdyňmy? Mežnunyňy unutdyňmy ─ Yzyňda ahy-zar boldy. Sensiz ýaşap aýyn-ýylyn, Neýlesin ol ýazyň ýelin? Ýüreginde dagy-düwün: Bu dünýäden bizar boldy. Kä sowadym, kä tutaşdym, Kä lowladym, kä köşeşdim; Bägüllerde görüp keşbiň, Köne derdim körär boldy. Gözümde galdy didaryň, Bagrymda galdy azaryň. Gelmezmiň, gül ýüzli ýarym? Älemler gülgüzar boldy... • DIŇE BIR GÜNÄŇ BAR... Il bilmezdi neneň sada, päkligiň, Meniň üçin melegidiň gökleriň. Diňe bir günäň bar çekip-çydalmaz: Indi ýoklugyň... • NESIHAT Diýme: “Kämil çykyp, söýgimi ýeňdim, Meniň erkim söýgä boýun egenok.” Seniň ol ýeňeniň çyn söýgi däldir – Çyn söýgini ynsan ogly ýeňenok. Diýme: “Men betbagt söýgimden dyndym, Onuň agyr ýükün indi duýamok.” Betbagt söýgisin terk eden adam Şondan soň barybir bagtly bolanok. Diýme: “Men söýgüden belende galdym, Söýgi maňa täsir edip bilenok.” Söýgiden belende galsa bir adam Şondan soň ol hiç bir söýgä degenok. | |
|
√ Ala ýektaý bedroý / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Kim görer hurşydy, ol mahy-sima bolmasa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Oýnam setirler / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Goşgularym / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Baýar bagşa / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Janymdan özge ýary... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |