■ Meniň Arkadagym...
Meniň hiç bir zada mätäçligim ýok,
Garşylaýan saçak ýazyp dost-ýary.
Gaýgysyny edemok men ertirleň,
Meniň Arkadagym halkyň hossary.
Elinden gelmeýän hünär ýok-iş ýok,
Ýatladýar ol herugurly ussany.
Uly özgerişler onuň emridir,
Meniň Arkadagym halkyň hossary.
Il-gününe akyl berýär, aň berýär,
“Döwlet guşy” - uly roman-dessany.
Şan-şöhraty, at-abraýy ýaň berýän
Meniň Arkadagym halkyň hossary.
Görülmedik eli ýeňil lukman ol,
Nazar salsa, çalt sagaldar hassany.
Ähli aladasy türkmen milleti,
Meniň Arkadagym halkyň hossary.
Ömrüne bereket, ýaşasyn Ogul,
Tutsun dabarasy zemin-asmany.
Men welin müň ýola gaýtalaýaryn:
Meniň Arkadagym halkyň hossary!
■ Durmuş duýgulary
1.
Mende bir söýgi bar, söýgüň beýgidir,
Ol –Watan hem Arkadaga söýgüdir!
2.
Söýgi diýmek mukaddes bir Eptekdir,
Ol –ylym ulgamy, uly mekdepdir.
3.
Söýmek diňe gyza-gelne söýgi däl:
Söýmek üçin bu topragyň beýgi kän!
4.
Söýgi diýmek köptaraply gylykdyr:
Aňlatmasy bir söz- ahlaklylykdyr.
5.
Dost bolsaň, ýene ýagşy, yşksöýer telbe bile,
Azaşdyr, ýola çykma, bir ýeňilkelle bille!
6.
Meniň saýlan jemalym garapereň jemaldyr,
Kalby ak hem pikiri iň bir kämil-kemaldyr.
7.
Dilim şeker-şerbetde, gözüm yşky ýalkymda,
Kow gussaňy, eý, ýürek, rahat tap galkyn-da!
8.
--Garrasaň, durmuşda näme amatly?
--Söýmek hem söýülmek –bolmak ganatly!
9.
Söýgi gözden başlanýar, gözler göze garasyn,
Jadylanan göreçler ýandyrýar yşk çyrasyn.
10,
Gör-ä, çyrmaşypdyr gül bilen tiken,
Bu-da oýlandyrýan bir taglym eken.
11.
Eger, pälim azsa, mest bolsam aşa,
Gara bulut çöker göz bilen gaşa.
12.
Para berýän bolsa gowy däl, elbet,
Para alýan bolsa, has beter erbet.
13.
Söýgüň bar bolsa, dilegim, sen baky çyrag, sönmäsiň!
Söýgüň ýok bolsa ýürekde, sen hamsyň, terkidünýäsiň.
14..
Bu gün bolan bolsaň, sen meniň taýym,
Bu - seni söýenme delildir, aýym!
15.
Şükür, älhemdilulla,bir-birege ýaranyp,
Ýaşap ýörüs, alňasap, çar tarapa garanyp.
16.
Aldamak ala meňzeş, asla ala baş goşma,
Herki zadyň serhedin bil, hem serhetden daşlaşma!
17.
Para bermejeken para alýanlar,
Iru-giç, bişübhe paralanýarlar.
18.
Tohum sal, ideg et,-gülüň bar bolar,
Gülüni har eýlän mähre zar bolar.
19.
Gulagymda ýaňlanyp, maňa şeý diýdi pelek:
Söýmeseň-söýülmersiň, söýülseň, söýmek gerek!
20.
Eger, ýören bolsaň, “Şol!” diýiň ýanyp,
Ol – şirin-şekerdir, süýjüdir anyk!
21.
Ýeller görüp ýeňlesi, ýelkildetdi, oýnady,
Ol - bireýýäm garrady, ýeller oýnun goýmady.
22.
Söz berme, berdiňmi, goý, tupan tursun,
Şol söz özgermesin, ornunda dursun!
23.
Manyly ýaşaýşa ýalňyz amal bar:
Ähli dertli söýgi bilen dem aýar.
■ Sensiň
Men bir şeýle aşyk, höwes-hyýala
Hem sere ýel berip öwsenim sensiň.
Dodaklary jaýryk-jaýryk teşne men,
Gel, şypa ber, aby-köwserim sensiň.
Gözlerim ümürde seni görmese,
Görse, aý ýagtysy – röwşenim sensiň.
Mähre mätäç, sada, pespäl bende men,
Meniň bar baýlygym-göwherim sensiň.
Saňa gözlerimden gaýyp bolma ýok,
Hem gündüzim, hemem agşamym sensiň.
Sen ynhajyk, ýöne ellerim ýetmez,
Düýşde telim sapar gowşanym sensiň.
Öňde-soňda sönmez umyt bagyşlan
Kalby şeýle ýumşak towşanym sensiň!
■ Gysganma
Gözler göze ot taşlady anyklap,
Goý, ol ot öçmesin – näzi gysganma!
Elwan ýaňaklaryň lowurdap dursun,
Owsunlap görünsin—tözi gysganma!
Nazaryň jan algyç didiwanlykdyr,
Jilwelerňe yşkyň ody garlypdyr.
Ter nowa gülküleň ýadygärlikdir,
Kalba tagma bassyn – yzy gysganma!
Goý, ýansyn, lowlasyn, tütesin aşyk,
Yşky derýa kimin görünsin daşyp.
Gydamlydyr yşkyň derdine ýaşlyk,
Gaýta beter ýene közi gysganma!
Aşa beter ynjamasyn natuwan,
Ýürek diýilýäni ejiz badyýa,
Goý, ol gözlerine etsin totyýa,
Aýak yzlaryňdan tozy gysganma!
Köýende köýen dek bolan bolsak biz,
Söýende söýen dek bolan bolsak biz,
Bir-birege ykjam uýan bolsak biz –
Indi sen, bir ömre ýazy gysganma!
Bu gohly dünýäni söýmek sogapdyr,
Söýülmek – sowaldyr, söýmek – jogapdyr.
Geçen yşky azaplara kybapdyr –
Miweli, hasylly güýzi gysganma!
■ Bent
Aşyk bolan bolsa, aýlygna bakma,
Garyplygna bakma, baýlygna bakma.
Ber gyzyňy, goý, ol öý-işik bolsun,
Nebsiňe ýol berme, bähbide çapma!
■ Tapylsa
Şirin söhbet ýagşy zat, bir gözel ýar tapylsa,
Tar-tar sanap oýnasaň,çyn zülpütar tapylsa.
Ýorgan ýaly saçlara bukup gara kelläni,
Ýüz-ýüz bolup oýnasaň, oýna humar tapylsa.
Gam-gussany unutsaň, ýatdan çyksa dünýeler,
Dünýä bolup görünse, läle-gülzar tapylsa.
Bogun-bogun sökülip, gitse dertler dökülip,
Uçsaň göge-asmana, mähri-dildar tapylsa.
Näzlerine sazlanyp, tolkun atsa ýürekleň,
Ýeňil gopsaň guş kibi, melhem-nektar tapylsa.
Yşkdan tapyp aramy, sermest bolsam bir salym,
Bimar bolsam, meniň deý yşky-bimar tapylsa.
Kararym ýok, aramym hem sabry-takatym ýok,
Ahmet Mämmet, ne arman, ýoklaryň bar tapylsa!
Goşgular