22:15 Goşgy | |
GOŞGY
Goşgular
Men ýazyp bilemok, ýazman bilemok, Men ýagyp bilemok, ýagman bilemok. Gün ýaşýar her agşam serip gollaryn, Men bolsam henizem dogup bilemok. Günüñ syçran şöhlesini diýsene, Adamlara ýagtylygy paýlaýar. Gowgaly dünýede, bagtly dünýede, Gör, niçeler bagtsyzlykdan aglaýar. Belki, şahyrlaryñ azlygy üçin, Pyraga, Puşkine uýýandyrys biz. Ýa-da betbagtlañ barlygy üçin, Uly bagta sarpa goýýandyrys biz. Ýaz gelýär, guşlary, gülleri bilen, Dagdan güwläp inýän silleri bilen, Eger şahyr bolsam ahyrsoñunda, Dagly hem sähraly illerim biler. * * * Şirmaýy daragyñ goýup gidipsiñ, Şir ýaly ynamym alyp öýümden. Şondan bäri ýalñyzlygyñ hesretin, Hiç çykaryp bilemok men küýümden. Daragyñda saçyñ ysy gelip dur, Ýüregimde bolsa parlaýar yşkyñ. Göze görünmeýän perişde bolup, Meni nirä barsam barlaýar yşkyñ. Saña bolan söýgim - baş syrdaşym Her işde ol söýgi maña geñeşdar. Diñe saña bolan söýgiñ tugunyñ, Aşagynda maña ýeñiş garaşýar. Durdymuhammet GURBANOW. "Sowet edebiýaty" žurnaly, 1983 ý. | |
|
√ Kargär duşmaz hadaňy-tognaýy-duşman maňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |