02:25 Goşhaltada galan goşgy | |
GOŞHALTADA GALAN GOŞGY
Goşgular
Ýykyldym kä, ömrümde, Ýadymdan çykdy gitdi. Arşa galan döwrüm-de, Aňymdan ýitdi gitdi. Ýöne... on ýedimdekäm, On altyňda, gyz, sen-de, Obanyň eteginde Giç agşam ekine biz, Suw tutanda ikimiz, Tötänlikde degende Bir-birmize elimiz, Galpyldady bir demde, Bütin göwrelerimiz. Gaçdy pilim egnimden, Ýagçyraň seň eliňden. El-aýakda sakladyk, Böwedimiz ýykmadyk. Günäsizje utanyp, Bir-birmize bakmadyk. Näm bolsa boldy bize. Oňaýsyz duýup özüň, Sen tiz gaýtdyň öýňüze. Gursagy ýarjak bolan, Şol galpyldy, gürsüldi, Düşünsem indi-indi, Ejap-haýamyz eken, Agraslyga ýugrulan, Hamyrmaýamyz eken. Şol galpyldy, gürsüldi, Dert hem däldi, em-ýom-da. Şatlyk däldi ýa gam-da, Näm bolsa-da şo galdy, Ömürlik hakydamda. 2007 ý. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||