17:20 Gowagyñ we hazynanyñ tapawudy | |
GOWAGYÑ WE HAZYNANYÑ TAPAWUDY
Publisistika
"Kanagat tükeniksiz baýlykdyr" Liwanyñ Merkezi bankynyñ başlygy Riýad Selame bilen onuñ dogany "şahsy hasaplaryna pul geçirmekde we bikanun pullary kanunylaşdyrmakda" aýyplanypdy / Fotosurat: AA Otuz ýyl öñ Londonda bir liwan bankynyñ müdiri bilen tanşypdym. Ol hem özüniñ, hem bankynyñ gelejekde ýetmeli üstünlikleriniñ ýañy birujyndan giripdi. Şondan soñ ony kän görmedim, çünki bankirleriñ bankda sçýoty ýok adamlara sarp etjek wagtlary ýok. Emma bu edeni ugruna bolýan adam hakdaky habarlary yzygiderli eşdip durýardym. Menem bir gün eşiden begençli habarymdan soñ ony gutlamak maksady bilen jañ etdim. Telefonyny galdyrmady. Özümi äsgerilmedik ýaly duýdum. Emma birküç gün geçensoñ Welid Janbolatyñ oña jañ edendigini we oña-da jogap bermändigini bilenimde, az-kem köşeşdim. Onuñ edeni ugruna bolup, işleri şowlansoñ, banks bilen birlikde özi-de ulalýardy. Ähli akmaklar ýaly menem özüme şu soragy berýärdim: "Başga näme isleýär? Nämüçin ýeten üstünlikleri bilen oñanok we ýerini pugtalandyrjak, gazanan zatlaryny gorajak, özüni gowy görýänleriñ kalbynda ynam döretjek bolanok?" Birdenem ol we gaýyrýan işleri hakdaky habarlaryñ tüýsi üýtgedi. Onuñ Müsürdäki şahamçasyny satandygyny, Stambuldaky şahamçasynyñ batandygyny, Beýrutdaky merkeziniñ howp astyndadygyny eşitdik. Öz ýanymdan "indi-hä aklyna aýlanan bolsa gerek" diýdim. Emma Liwanyñ Merkezi bankynyñ başlygy Riýad Selameniñ bank sistemasyny goramak üçin käbir uly banklara kömek etjek bolýandygyny we bu kömeklerde "jumbo" paýyñ ýokarky agzalýan tanşyma berilýändigini okadyk. Liwanyñ başyna gelen holtumlama heläkçiligi üçin şu adamy mysal hökmünde saýlap aldym. Şindi Liwanyñ Merkezi banky başlyklaýyn Ýewropa suduna çekilenleriñ hemmesi doýmadylar we belli bir çäkde durmakdan ýüz öwürdiler. Hiç biri belli bir çäge kanagat etmedi. Million, millionlar, milliardlar olara az boldy. Şonuñ üçinem käbirleri bikanun pullary kanunylaşdyrmak ýaly iñ masgaraçylykly jenaýatlary etdiler we özleri bilen birlikde ýakynlarydyr tanyş-bilişlerini-de muña bulaşdyrdylar. Açylan derñew işi Liwanda kabul edilse, indi olaryñ biriniñem Ýewropada edeni ugruna bolmaz. Belki-de, häzirden Beýrut banky dawasynyñ obýekti Rana Koleilatyñ gaçan Braziliýasyna gaçmaga taýýarlanýandyrlar. Hilegärler açgözçülikli we çakgan hereketleri bilen bank sistemasyny aldaryn öýtdüler. Ýöne "Iñ soñky gülen gowy güler" diýen fransuz nakyly bar. Hilegärler ahyrynda diñe özlerini aldadylar. Bular halkara maliýe trotuarlarynyñ palýaçolary (masgarabazlary) we "üç kagyzly artistlerinden" başga hiç kim däl. Şular ýaly sud prosesleri bilen gyzyklanýanlaryñ öñümizdäki hepdelerde, aýlarda "Aly baba we kyrk garakçylar" ertekisini okamaklaryna zerurlyk galmasa gerek. Tragediýanyñ iñ ýokuş degýän tarapy: bularyñ barsy Braziliýa, "banan respublikalaryna" ýa-da Meksika gaçyp giderler. Emma garyp depozit eýelerinden, bank sistemasynyñ maslygyndan, bir mahallat iñ meşhur maliýe jennetleriniñ biri bolan ýurdunyñ harabalygyndan talan we oljalan pullaryny-da alyp giderler. Geçmişde akylly adamlaryñ dükanlarynyñ diwarynda asyp goýan şu hikmetli sözüni goýup giderler: "Kanagat tükeniksiz baýlykdyr". Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 12.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |