01:41 Göwün binasy | |
GÖWÜN BINASY
Goşgular
Baýram Jütdiýewe "Ala meýdanlarda" seýisi "Yhlas", Şygyrlaryñ üsti şemally bedew. "Abraýy" getiren ol şahyr ykbal, Diñe çyn ussada nesipler eden. "Bagyşlanýar" her setiriñ il-güne, Onda ykbal barmy ilinden aýry?! Zemin lälesine beslenen, ine, Türkmeniñ daglary, türkmeniñ baýry. Aşyk şygryñ bilen ýara garaşyp, Dile sena ol "Owazlar kökeni". Gül gyzlaryñ kamatyna ýaraşyk, Kalbyñdan lowurdap çyksa keteni. Dyñzap dur duýgular, serler göçgünli, Ýürege müdimi geçýär setirler. Halal şygyr haryt däldir geçginli, Üsti ötmän ýatan zatdan geçginli. Ýürek mizanynda ölçeler şygyr, Zehine nyrh kesmek zehine seýrek. Okañda bagryña ýapyşsa bagyr, Ine, ykbalyñda üýtgeşik baýrak! Giñden tutulypdyr ol "Göwün binañ", Ýerleşipdir duýgularyñ ajaby. Duşmanyñ öñünde ýekeje günäñ - Zehiniñ bar - kütekleriñ ajaly. Gardaş, seniñ menzilleriñ uludan, Türkmeniñ göwnüne barabar ahyr. Şägirt galan bolsa Magtymgulydan, Megerem, özüñsiñ, eý, zanny şahyr. Iliñe sygynyp, ilden alanyñ, Gör, niçe göwünden bina edilen. Duýgusy durlanar muña geleniñ, Bu binadan hajy bolnup gidiler. Ömrüñi süýt edip sagypsyñ, gardaş, Süýt dek duýgy küýsänleriñ göwnüne. Çyn goşgular goşýandyrlar ömre ýaş, Çyn goşgular alnyñ dirär gowy güne. Şygyr kuwwatydyr şahyr bilinin, Ol tamakin däldir dünýäden uly. Gör, bagty çüwüpdir türkmen iliniñ, Bolansoñ özüñ deý şahyr oguly! II "Dünýäni göterip geldim Eýrandan!" Baýram Jütdiýew. Şahyrym, şahyrdan getirdiñ nyşan, Ine, çyn ärleriñ edasy şeýle! Her kes hormat goýsa birek-birege, Köp bormudy ynsan pidasy beýle?! Alnyma däl, ýüregime sylaýyn, Pyragynyñ guburynyñ topuryn. Kejeñek bagtymy teññeden däl-de, Owal-ahyr halal gumdan taparyn. Getiripsiñ şahyr penalan gumdan, Getiripsiñ bir ummanyñ ülüşin. "Gara daglañ gylyç bolup arada"[1] Ah, türkmeniñ ýürek-bagryn dilişin. Ýatyrmy ataly-ogul bir ýerde, Mazarlary külli türkmen Käbesi. Ata-baba mekanydyr türkmeniñ, Ol ýeriñ keseki - bize nämesi? Taryha aýandyr iliñ bagryndan Bu ýerleri dilbilmeziñ keseni. Türkmen öz ilinde saplanýar dertden. Türkmen ýat illerde tapýar keseli. Alys ýerden adym tutlup getirlen Bu toprak göwnüme bolar çyn melhem. Ýaşaryn dirikäm bagryma basyp, Ýene bagra basyp giderin ölsem! Salyp getiripsiñ şahyr göwnüñe, Doga edip asaryn men boýnumdan. Şol çümmük topragy sepiñ üstüme Bir gün ýer alamda zemin goýnundan. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |