18:13 Göwün-göwünden suw içer: SEN MAÑA GEREK! | |
SEN MAÑA GEREK
Psihologiýa
Bu dünýäde gereksiz, durmuşda hiç bir orun tutmaýan adam ýokdur. Goý, ol görksüz, kärsiz, hiç bir zadyñ alnyndan däl bolsun. Ýöne ol ýa häsiýeti bilen ýa-da öz eden işi bilen kimdir biriniñ iñ bolmanda kalbynda ýylylyk goýandyr. Giñ jahan syrdan doly. Ösümlikleriñ biri-birine bagly bolşy ýaly, adamlar hem biri-birinden üzñe däldir. Siz tokaýda bir agaç çapylsa, onuñ töweregindäki agaçlaryñ süllerýändigini gördüñizmi? Sebäbi agaçlar biri-biri bilen energiýa alyşýar. Çapylan agaç sebäpli şol energiýa bozulýar. Ýa-da tokaýda bir agaç kesellese, beýleki agaçlar şol agajy öz bejeriji häsiýetli energiýasy bilen bejerýär. Adamlar hem şolar ýaly biri-biri bilen energiýa alyşýar. Biziñ energiýa diýýänimiz mähir. Nähoş adamy soramaga baranymyzda, biziñ duýgudaşlyk mährimiz ony bejerýär. Üns berseñiz şeýle adam birhili gutulan ýaly bolýandyr. Türkmen şonuñ üçin "Göwün göwünden suw içer" diýip ýöne ýere aýtmandyr. Adam adama gamly günem, şadyýan günem gerek. Bu dünýäni saklap duran zat hoşgylawly gatnaşyklardyr. Bu barada Muhammet pygamber (s.a.w): "Hudaý ýolunda dostlaryñyñ sanyny artdyr. Dostsuz kişi çep elsiz sag ele meñzeýär, ýagny, dostsuz hiç iş bitmez (31)... bilgil ki, her kimiñ dosty az bolsa Allatagalanyñ öñünde onuñ gadyr-gymmaty ýokdur" (32) - diýip, öz wesýetlerinde aýdyp geçipdir. Dosty köp adamlar sagdyn bolýar, uzak ýaşaýar. Lukman Hekim dostlary bilen her oturylyşygyny bir ýyl ömrüne deñäpdir. Türkmende "Dost ýeke-täk bolýar" diýen paýhas bar. Dogry hemmeler bilen dost bolmak mümkin däl. Ýöne adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmak ajaýyp netijesini berýär. Söýgi, dostluk mährinden başga adamçylyk mähri hem bardyr. Ol mähir birek-birek bilen mylakatly gatnaşyk etmäge ýol açýar. Şeýle gatnaşygy başarýan adamyñ hemişe keýpi çag bolýar. Ol hiç haçan ýamanlyga uçramaýar. Ol adamlar Arşda Hudaýdan, Zeminde ynsandan goldaw tapýar. Olaryñ ýoly açyk bolýar. Ýöne şeýle gatnaşyklar hemişe bolup duranok. Onuñ hem bäş sebäbi geçirimli bolmagy başarmaýanlygymyzdan gelip çykýar. Gaharjañlyk, öýke-kine, garasöýmezeklik diñe bir beýlekiler bilen oñat gatnaşygy kesmän, ynsanyñ saglygyna, ömrüne zyýan edýär. Köplenç nerw dartgynlylygy, dürli keseller şu zatlardan gelip çykýar. Geliñ, gaharjañlygy, öýke-kinäni, närazylygy, garasöýmezligi ýaramaz duýgular diýip atlandyralyñ. Ýaramaz duýgular adamyñ kalbyny, saglygyny, ömrüni, görk-görmegini güýäniñ ýüñ matany iýşi ýaly iýýär. Şonuñ üçin şol duýgulary kalbyña salmajak bolmaly. Adamlar bilen çyn gatnaşykda bolmaly. Garasöýmez adamlar oñşuksyz bolýarlar. Olar gatnaşanda-da senden diñe peýda görjek bolup gatnaşýarlar. Olaryñ her bir eden hereketi, oñatlyklary hasaply bolýar. Hatda sowgat berseler hem seniñ üçin ýakymly bolsun diýip däl-de, "Sen şular ýaly iş edeniñ üçin bizem şuny edýäris" diýýärler ýa-da şol hereketleri ýañzydýarlar. Haçan-da, seniñ hyzmatyñ gerek däl bolansoñ, olar saña bolan gatnaşygyny üýtgedip başlaýarlar. Öñ törde oturdýan bolsa, soñ seniñ ornuñ gapynyñ agzy bolýar. Ilki ýygy-ýygydan habarlaşýan bolsa, soñ habarlaşmak seýrekleşip başlaýar. Özüñ habar tutanyñda bolsa işli, aladaly bolan bolýarlar. Şol wagt hyzmat eden adamyñ ahwaly düşnükli. Ol darykýar. Öýkeleýär. Ýogsam ol öz hyzmatyndan uly zat hantama-da däldir. Adamçylyk gatnaşygy. Öñ özüñe dostdur öýden adamyñdan ýüz tapman örtener, yhlasy ters düşüp, ot alar. Şeýle adamlar giñ bolmagy başarmaly. Gaýta ömür boýy şeýle adamyñ ulanyş serişdesine öwrülmänine şükür etmeli. Olar ýaly adamlara gargamak, sögünmek gerek däl. Hudaý hemme zady görüp dur. Beýleräk bolsa çyn yhlaslar bir ýerden urup çykýandyr. N. atly zenan bir maşgala bilen gatnaşýar. N-niñ aýagy ol maşgala düşýär. Diñe oñatlyk getirýär. Ýöne bir zat welin, N-iñ mañzyna batmaýar. Ol myhmançylyga baranda, maşgala çlenlerinden kimdir biri, iñ bolmanda, çagajyk onuñ ýanyndan aýrylmaýar. Ilki ol muña hormat diýip düşünýär. "Ynan, hatda egin-eşiklerimi çykaranymda-da ýanymdan aýrylanoklar. Indi şolaryñ içinde iki sany erkeginden başga aýal-gyz maşgalalaryñ bary meniñ endamymy gördi. Asyl, görüp otursam, olar diñe maña däl, öýün gelen ähli adamlara şübheli seredýän eken. Kimdir biri bir zatlaryny alaýjak ýaly. Beýle-de bir myhman kabul edip bolarmy? Ynanmaýan adamyñ bilenem bir gatnaşyp bolarmy? Men gerek bolup, olar meni çagyrsalar, diýseñ ýaýdanýan. Ilki bilen "garawullanýandygym" ýadyma düşýär" diýýär. Eger N. ynanylmaýan bolsa, öz aýdyşy ýaly gaýdýança "iññäniñ üstünde oturan ýaly" bolup ýörmeli däl-de, ol gatnaşyklardan saklanmaly. Şonuñ üçin adamçylyk gatnaşyklaryny hemmeler bilen edip bolar. Ýöne dostluk gatnaşygynda oýlanmaly. Dostlukda bähhit aralmaýar. Kimdir biri bilen gatnayk edeniñde, oña dostluk göwnüñi, dostluk eliñi bermänkäñ, şol gatnaşygyñ soñy nirä eltýär, şol barada oýlanmaly. Eger olar seniñ hyzmatyña mätäç bolup gatnaşyk edýärmi, kömek et! Ýöne göwün berme. Sebäbi, soñ olardan göwün diýen tamañ çykmasa, adam ejir çekýär, gama batýar. Bu bolsa öz eliñ bilen kalbyña pyçak uran ýaly zat bolýar. Bir adam bilen aragatnaşygy üzjek bolañda-da gatnaşjak bolañdaky ýaly oýlanmaly. Aýdaly, sen ol adamy mert, hakyky erkek (ýa-da aýal) birsözli, özüñe wepaly dost hökmünde kabul edipsiñ. Ýöne wagt diýen zat ähli zady açyp gidip otyr. Ol adam söz berýär - tapylanok, syr aýdýañ - paş edýär, haýyş edýäñ - ýerine ýetirenok. Onsoñ ol adama bolan garaýyşlaryñ üýtgäp başlaýar. Tamañ çykanok. Göwnüñ geçýär. Şeýle ýagdaýda ol adam bilen hasyr-husur arany üzmek bilen bolmaly däl. Eger ilki başda sen ony oñat adam hökmünde tanan bolsañ, hakykatdan hem şeýle bolaýmasyn. Ýöne iki taraplaýyn gatnaşyklarda ýalñyşlyklar bolup, şeýle ýagdaýlar ýüze çykan bolaýmasyn. Belki, onuñ saña ýaramaýşy ýaly, senem oña ýaramaýan bolaýma. Şu zatlary anyklap, hemme zada göz ýetirip, ondan soñ gatnaşygy üzmek barada pikir etmeli. Onda-da nähili?! Eger şol adam bilen aragatnaşyk saklanyñda bir zat ýitirýän bolsañ, gatnaşygy üzeniñse hem bir zat gazanýan bolsañ, gatnaşygy üzmeli. Eger şol adam bilen hal-ahwal soraşmak, käte oturyp, söhbet etmek saña ýakymly bolsa, sen ol oñatlykdan özüñi kesme. Oña derek sen oña haýyş etme, syr aýtma! Soñra-da gatnaşygy düýbünden üzmeli diýen zat ýok. Goý, ol seniñ ýönekeý tanşyñ bolup galsyn. Sebäbi dost bolan adamyñy isleseñ-islemeseñ birbada ýadyñdan zyñyp bolmaýar. Dostuña geçirimli bolmaly. Onuñ artyk we ýetmez tarapyny özüñki ýaly kabul etmeli. Onuñ bilen düşünişmeli. Eger ol gaharjañ bolsa, gahar diýen zadyñ pähimsizlige eltýändigini düşündirmeli. Ýöne dosta ýapja bolunýan däldir. Ol ýerde mertebe deñdir. Dost-dostuñ arasynda öýke bolýan däldir. Eger ol uzaga gitse, ol galyñ diwara öwrüler. Soñ ony ýykmak üçin ençeme güýç gerek. Diwarlar ýykylandan soñ hem ähli zat öñküsi ýaly bolýan däldir. Bir zat ýetmeýän ýaly, bir ýalanlyk bar ýaly. Dostuñ "Sen maña gerek" diýip gelse begen. Sebäbi hiç kime gerek däl adamyñ ýoly diñe JÄHENNEME BARÝAR. "BU DÜNÝÄDE DOST GAZAN, O DÜNÝÄDE JENNETE BARAR" diýip ýöne ýere aýdylanok. Garajaoglan: "DOSTA BARÝAN ÝOLDA YZAM BAR" diýipdir. Goý, ol yzlar kesilmän, şaýola öwrülsin! Oguljemal ÇARYÝEWA. "Watan" gazeti, 1997 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||