22:53 Göwündäki gündelik -23/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
“Inim Gurbannazara iň oňat arzuwlar bilen Arazbaýdan” diýen ýazgy “Ruh” neşirýatynda 1995-nji ýylda çykarylan “Adat” diýen galyň kitabyň açaýan ýeriňe ýazylypdyr. Ortadan uzynrak boýly, agajetden garaýagyz Arazbaý Öräýew göz öňüme gelip gitdi. Saçakly-sarmykly gatnaşmadygam bolsak, meniň oňa bolan hormat-sarpam çuňdy. Men ony heniz mekdepde okap ýörkämem görüpdim. Çäýnekde çaýam eltip öňünde goýupdym. Ol şeýle bolupdy. Dädem oba kitaphanasynda işleýärdi. Bir günem “Aşgabatdan barlagçy (barana şeýle diýläýýärdi) barypdyr” diýildi-de, agşamara ony myhman aldylar. Onuň Respublikan kitaphanasynda işeýän Arazbaý Öräýewdigi anyk ýadymda. Sebäbi dilewar myhman ony gep arasynda birküç gezek agzapdy. Baý-bow, gokuzynjymy, onunjyda okap ýören, özem kitaby gujaklap uklaýan oglan üçin del myhnanyň aýdyp berýän gürrüňleri edil erteki ýalydy. Ylaýta-da onuň kakam (garry atam) Öwlüýaguly aga bilen üýni alyşdy. Daýhançylyk däbi, suw, ekin... hakdaky gürrüňleri, Gaýybynyň “Otuz iki tohum kyssasyny” säginmän, onda-da labyz bilen okaýşy edil häzirem gulagymda. Şonda ekeni ekin, göreni atyz, tüýs daýhan atam göwnündäkini güzledip goýberipdi: -Myhman, seni kolhoza başyk goýsak, şu aýdýan, bilýän zatlaňňam amal etsek, ýylda iki dolardyk. Arman, Arazbaý aganyň ömri gysga eken. Ýaşap ýörenliginde ol şeýlekin azaphonlygy, uçursyz köp bilýänligi bilen täsinden gyzykly kitaplary dörederdi elbetde. * * * Ynha-da, müçesi kiçirägem bolsa galyňja kitabyň gatyny açýaryn. Ol Rejepmyrat Durdyýewiň “Keremli soltana sowgat” ady bilen “Ruh” neşirýatynda 2000-nji ýylda çykan kitap. Ýazyjy öz eli bilen şeýle ýazypdyr: “Zehine baý, ynsapçylyga baý inim Gurbannazara hemişelik sapranyň nyşany hökmünde awtordan. 23.05.2000”. Aşgabada gelemde ilkinji ysnyşan, soň saçakly gatnaşan halypalryň biri Rejepmyrat aga bolupdy. Biziň Rejep kakamyza öwrülip giden kişi ol wagtlar “Magaryf” neşirýatyna ýolbaşçylyk edýärdi. Petine gar ýagyp diýen ýaly ýatan “Äraly pir ýa-da täleýiň kötelli ýoly” atly kitabymyň bagtynyň açylmagyna gönüden-göni sebäpkär bolan Rejep kakady. Soň onuň bilen awtordaşlykda ýazan “Topraga tagzym edenler” atly powestimiz “Magaryf” neşirýatynda 1998-nji ýylda çap edilipdi. Şol kitaby ýazmak üçin ýurdumyzyň iň demirgezyk künjeginde-Aýböwürde şatylama gyşyň iki hepdesini geçiripdik. Şonda gazak gyrlarynyň etegindäki bu obada ertir turup daş çykamyzda, aýazdan ýaňa saňgaty bolup, simsütüniň ýa-da ýalaňaç baglaryň şahasyndan aşak patylap gaçan gargalary görüp, owaly-ebedi ýüregi ýuka Rejep kaka “ Biziň illerde-de beýle sowuk ýerler bolýan eken-ow” diýip, geň galypdy. Soňam agşamara künji ýagyna bişen sary palawdan soň kesilen uzynlygy golboýy garagaş gyş gawunynynyň tagamyna haýran galanda, öý eýeleri “Garagyşyň sowugyndan ýaňa ýer jaýrylanda, şol toprakda şeýle süýji nygmatlar bitýär” diýnde, “Şu aýdanyňyzy men ýazyp alaýyn” diýip, ýandepderçesine ýapyşardy. Şol görlen, eşidilen hekaýatlar “binýady” şol ýerde tutulan kitaba hem siňdi. Mekdep okuwçylarynyň 9-njy synpyna niýetlenip ýazylan edebiýat kitabynda şol powestiň ady “Aýböwürli gerçekler” bolup gidipdir. Meger, kitap bolmazdan öň “Garagum” žurnalynda şeýle at bilen çykanlygy üçindir. Ikisi bolanda-da bähbit! Ýetimlikde ýetişen, öz aýdyşy ýaly, dabany çöňür çümüp gatan, eliniň aýasy orak tutup gabarçak bolan Rejep kaka tüýs daýhanpisint adamdy. Aşgabadyň ilersindäki Garadamak obasyndaky howlusynda haçan görseň gydyrdanyp ýörendir. Şonuň üçin agylda mäleşýän goýun-geçisem, ketekda pasyrdaşýan towuk-jüýjelerem bardy. Öz döwründe howlusynda sygyr saklap, Oguljan ýeňňemiz bilen çagalaryna irden gaýmak ýaladyp, ýyljajyk süýt berendiginem hezil edip ýatlardy. Nesibe çekip, Mary illerine-de, Daşoguza-da, Pendi ýakasyndaky Ýölöten taraplara-da, Ahal ýaýlasynyň içlerine-de ýoldaş bolup gördüm. Şonda men bir zada üns etdim. Pi:l depip durany görse, orak orap ýörene gözi düşse, durubilmez, özi bilmezden baryp, kömekleşenini duýman galar. Ýazylyp-ýaýrap otyrkaňam, ýa ýolda gidip barýarkaňam, del-düregeý gürrüňmidir nakyl, tymsal eşitse, “dur, belläp alaýyn şuny” diýip, ýandepderçesine ýapyşar. Degişgendi, alçakdy, belki şolar üçin kitaby köpräk ýazany üçindir, juda çaga göwündi. Araman, irräk gitdi-dä, ýogsam Rejep kaka ulular üçinem, çagalar üçinem gowy eserler ýazar ýörerdi. * * * Il içinde Allamyrat Esen diýilse häzirlerem tanamaýany ýokdur. Ilki tanşaýan wagtlarymyz ortamiýana boýly, birhili büküdübräk ýöreýäne meňzeş, bugdaýreňkden tegelek ýüzüne gür gaşlary gelşik berip duran, seýrek saçlyrak bolansoň, bir göreňden “alymdyr-ow” diýdirýän adam gazet-žurnallaryň redaksiýalaryna kän barardy. “Salawmaleýkimden” soň derrew gulaga del kakýan gürrüňlere, eşidilmedik geplere tutdurýan Allamyrat akga görüp otursak, çyn alymam, tüýs ýerinden çykan adamam eken. Ol gönümeldi, bassyr-ýussur etmän, göwnündäkini suňşurar goýbererdi. Aňyrsynda zat ýoklugy üçin, juda gaňryşa tutýan kişi bolaýmasaň, ondan gaty görjek gümanyň ýokdy. Onuň käteler agasy, ýurda belli mirasgär, uçursyz sowatly Ümür akga (Ümür Esen) bilenem aýlanybermesi bardy. Baý, şonda gep haltaň agzy çözlenip, wagtyň nirä ýetenem bilinmän galardy. Ömrüniň soňky ýyllarynda oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, guýmagursak žurnalist, irinmez mirasgär Allamyrat Esen “Bereketli toprak” gazetine baş redaktorlyk etdi. Asyl bu neşiriň döredilmegi üçin iň köp ylganlaryň, azap siňdirenleriň biri şoldy. “Sag bolsun, hormatly Prezidentimiz, ahyry daýhanlaryňam gazetine gözümiz düşdi” diýip, dilinden düşürmezdi. Ýolbaşçylyk eden döwründe bu gazet oba hojalygyna dahylly alymlaryň hakyky söz “meýdanyna” öwrülipdi. Maldarçylyk, pagtaçylyk, gallaçylyk, guşçulyk, bagçylyk, balykçylyk, tohumçylyk, suw, ekologiýa, täze tehnikalar, dökün, ekin... hakda täsinden gyzykly makallardyr pähimler, daýhançylyk däpleri, ylmy garaşyşlar, täze teklipler... ýalpyldap çykardy. Şonda harman alan ýaly begenýän Allamyrat akga duşup, duşmasa-da, jaň edip, “inim, okadyňmy?!” diýip sorardy. Bizden başga-da okyjysy ýetikdi. Bu neşiri şeýle meşhurlyga ýetirip gidenligini häli-häzirlerem ýatlaýarlar. Juda işjanlydy. “Elujy edilen işden külüň, göwnejaý bitirilen işden gülüň ysy geler” diýerdi göwnündäki ýaly bolanda. Bir gezegem “Jennet” bazarynyň gabadyndaky “Metbugat öýüniň” 3-nji gatynyň iň gaýra çetindäki gapysy açyk duran iş otagyndan “Baýramaly, Baýramaly, häkimligiň oba hojalyk bölümimi, kim bilen gepleşýän, kim diýýäň?” diýip gepleýän sesi däliziň iň ilersindäki meň oturan otagymyň çala aççyk işiginden kürsäp urýar. Çaky, güýz ortasy bolansoň, meger pagta ýygymyndan bir maglumaty elin aljak boldy öýdýän. Sesi gyrlyp gitdi. “Meger, trubkany goýup, dälize şemallamaga çykan bolaýsaň gerek” diýip, çykdym. Göwnümdäki ýaly-da. Elýaglygy bilen el-ýüzüni süpürip duran Allamyrat akga golaý bardym-da: -Agam, beýdip telefony azara goýup duraňdan, ýüzüňi Baýramala öwrüp ýaňky sesiň bilen gygyraňda-da eşidiljeg-ä diýdim. Bir öwşerildi-de, gülüp goýberdi: -Aldyň, inim. Gaty geplemek gyglgym galman geçjek-dä. Öýe baryp (ol Änewiň ýeňsesindäki “Ylmy-önümçilik merkezi” diýilýän ýerde ýaşaýardy) gepläp ugrasam, “Sesimiz şundan gaty çykmaz-laý” diýip, obanyň itlerem sesini goýaýýalar. Ol jaý degişmäni götermänem, ýeri gelende “çüýlemänem” oňarýan adamdy. Tarhandökerdi. “Öýde ýetişdiren gawunym, dadyp görüň!” diýip, goltuklap geträýýärdem. “Düýn obadan goýberipdirler, Maryda biten naryň tagamyny görüň” diýip, paýlap çykmaga-da ýaltanmazdy. Ine, elimiň aşagyndaky daşy ýaşyl, eliňe agram berip duran, türkmen, iňlis, rus dillerinde dürli suratlar bezelip çykan, “Ruh” neşirýatynda neşir edilen “Türkmen gawunlary” atly, okasaň bu tagamyň süýjüligi bilen ysy bark urup duran kitapda awtoryň şeýle ýazgysy bar: “Hormatly dostumyz we kärdeşimiz Gurbannazar Orazgulyýewe täze ýylda iň oňat arzuwlar bilen A. Esen, 5.01.2000 ý” Allamyrat aga sözüň doly manysyndaky oba hojalykçy žurnalistdi. Murgabyň boýundaky obada öz aýdyşy ýaly kesek ysgap, toprak gysymlap ulalan, ýumtuk ýalylygyndan daýhançylgy bäş barmagy ýaly öwrenen, şol ugurdanam alymlyga ýetişen, galam işletmäge ezber adamyň “beýnide bişiren” eserleriniň, publisistik makallarynyň, pikir ýötetmeleriniň, ylmy çaklamalarynyň, iň esasam, gadymy daýhançylyk däbimiziň çuňuna düşüp, gyzyl gyryndysy deýin ýygnan milli mirasymyza degişli kitaplarynyň gymmaty ölçärden agyrdyr. Ylaýta-da, gawunçylyk däbimize degişli toplan gymmatly ylmy materiallaryny ähli ýaşdaky okyjylar okar derejede publisisitik “dile” geçirip bilşine hut telpek goýaýmaly. Allamyrat akga hemişe ýol ogludy. Tejende ýa Saýatda bolsun, Gubadagda ýa Gadymy Gyzylarbadyň ýeňsesindäki takyrlarda bolsun... gawun-garpyzyň täze görnüşi bar diýilse, ýa-da gadymdan gönezlik bolup galan del-täsin gürrüň, hekaýat, rowaýat eşitse, hökman şa taýa şaýlanardy. Şeýdibem “Dama-dama köl bolar” edip, daýhançylyga degişli gyzykly eserlerdir kitaplary miras goýup gitdi. * * * Men Aşgabada 33 ýaş töweregi wagt göçüp geldim. Ondan öň göni bir müçe-12 ýyllap şol wagtky “Kommunizm ýoly” (häzirki “Daşoguz habarlary”) gazetinde, soň, “Halk sesi” gazetiniň Daşoguz welaýaty boýunça habarçysy, yzýany “Güneş” žurnalynyň Daşoguz we Lebap welýatlary boýunça öz habarçysy bolup işledim. Garaz, Gurbannazar sahyr aýtmyşlaýyn, oba dumuşyny torç etdim. Daşoguzda işlän ýyllarym Hangeldi Garabaýew, Şamyrat Taganow, Reýimbaý Sabyrow, Allanazar Begnazarow, Juma Nurtaýew, Mämmetnazar Babanazarow, Gazakbaý Ýollyýew, Amannepes Mätgylyjow, Bally Seýitberdiýew, Rejepgeldi Mejikow, Rejep Arazdurdyýew, Jumadurdy Garagulow ýaly galam ýöredýänler bilen bile işleşmek, gatnaşmak, ýola ýoldaş bolmak, duz-emek boluşmak miýesser etdi. Şolaryň içinde iň dilewary, aýtjak gepi agzyna gelip durany Allanazar Begnazardy. Ýaşaýan ýerinden-häzirki Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan saý-sebäp bilen redaksiýa gelen güni tüýs toý-baýramçyllykdy. Henek atanda-da, satiriki goşgularyny okanda-da, degişmelerinden gürrüň berende-de, mesawy gepe tutanda-da, içi gülküden doludy. Şonda baş redaktorymyz Baba Garaýew: -Allanazar, sen bulary gepe güýmäp otyrsyň weli, gazetem-ä çykmalydyr-diýer. Olam jogabyny jübüsine salyp gelen ýalydyr: -Indiki sanyňyzy “Allanazr Begnazar bizde myhmançylykda” diýäge-de, dört sahypasynam meň şu aýdanlam bilen dolduryň, okyjylaram hezil eder, awtoram. Göterilen gülküden ýaňa jaý sarsaýjak bolar, gözler ýaşarar gider. Ine, çelpek ýaljak, ýöne içi juda dokmäde “Täsin gelin” atly kitaby elime alýan. Açaýan ýerimde “Hormatly dostum hem-de galamdaşym Gurbannazara iň oňat arzuwlar bilen, awtor” hem-de nazymlanyp çekilen goluň aşagynda “29.XI.1985 ý.” diýen sene bar. Ýumoristik-gülküli hekaýalary bir okap ugrasaň, eliňden goýasyň gelmez, içiň byjyklananan ýalydyr özem. Arman, biwagt gelen ajal ýanyp duran zehiniň gursagyndaky ne ajap eserleri bize nesip etdirmedi. * * * Hudaýberdi Diwangulyýewi ýatlamda, onuň “Kalbymda galan keşpler” kitabyny (“Ruh” neşirýaty, 1996) elime alanymy duýman galýan. Sapar Beki, Beki Seýtäkow, Gara Seýitli, Körhan Balaka, Gurbannazar Eziz, Italmaz Nury, Nobatguly Rejep ýaly sazyň, sözüň sütüni bolup öten ägirtler hakda şeýle bir süýjedip ýazýar weli, eliňden düşürmän, kitaby ahyrlaberesiň geliberýär. Soňam oýlanýaň: “Hudaýberdi halypa ýaly işeňňirlik, irginsizlik, sowatlylyk, dilewarlyk bir göwrede jem bolmasa, şeýlekin gyzykly kitaplar döremezdi”. Bir gezek Pendi töwereklerinde gezip ýörkäk, çaý başynda edebiýatdan, kitapdan gürrüň çykanda mugallym bolup işleýän bir adam şeýle diýdi: -“Çuwal bagşy” kitabyny okadym. Her sahypasyndan gulagyma dutar gümmürdisi bilen Çuwal bagşynyň sesi gelip duran ýaly. Ine, gyrak-çetdäki bir obada ýaşap, işläp ýören okyjy eseriňe şeýle nyrh kesse, bu aňrybaş bagt, azabyň tüýs ýerine gowuşdygy. Şonda Hudaýberdi halypanyň hemişe dilinden düşmeýän gep: “Akyldarlaryň biri aýdypdyr: “Kitabyňy okan her bir okyjy seniň alan demir galaňdyr” diýen aýtgy güpbe ýadyma düşüpdi. “Kalbymda galan keşpler” kitabynda ýazyjy şeýle wakany ýatlaýar: “Döredijilik hakda gürrüň gidende bir gezek Beki aga şeýle diýipdi: -Ýetmiş ýaşyňa çenli-hä ýazanyňy ýazsaň, şondan soňam segseniňe çenli olary täzeden işleseň, togsanyňa çenli hezil edip ýaşasaň, bu dünýe ýaşanyňa degjek. Arman, ol ýazan eserlerini täzeden işelmäge ýetişmedi”. Pelegiň bu oýnuna sered-ä! Hudaýberdi halypa hem ýazan eserlerini gaýtadan işlemäge ýetişmän, panydan gidiberdi. Ol döwürler halypa köne Metbugat öýüne pyýada gatnardy. Dagy nä, öňdäki suw çüwdürimli meýdançadan ätlän ýeriň-öňki Atabaýew köçesiniň gündogar çüňkündän geçäýen ýeriňde ýaşaýardy. Bir däliziň ugrundaky gabatlaşyp duran redaksiýalaryň birinde “Garagum” žurnaly, beýlekisinde-de şol wagtky “Galkynyş” gazeti bardy. Hudaýberdi halypa şol neşiriň baş redaktorydy, men žurnalyň jogapkär kätibidim. Geýnişine gözüň giderdi. Asyl-ha ol “Geýen zadyň diňe synaňy örtmek üçin däldir, egin-eşigiň saňa hoşnutlyk bermelidir” diýerdi. Eli boşadygam dosty hem kursdaşy Gowşut Şamyýewiň ýanya gelerdi. Gowşut kaka “Garagum” žurnalynyň baş redaktorynyň orunbasarydy. Turuwbaşdan degişmeden başlanýan gürrüň esasan edebiýatyň, ýazyjy-şahyrlaryň töwereginde aýlanardy. Iki ussadyň ol gürrüňleri biz üçin hakyky halypalyk sapagydy. Haýp, şol eşiden zatlarymy şol wagt ýazyp almandyryn, häzirem aglabasy hakydadan öçüpdir. Köp okamak, galamdaşlaryň döredijiliginden elmydama habarly bolup durmak ikisineňem dilinden düşmezdi. Ilki görenimimden-tanyşlykdan ol meniň “towumy ýetiripdi”: -inim, galam ujundan çörek iýjegiň, onda-da ile gülki bolman, ýazanyňda özüň lezzet alyp gezjegiň çyn bolsa, bir zady bek belle. B ir kagyzlyk zat ýazmak üçin şoňa degişli sekiz kagyzlyk zady oka. Gury gepiň, powhe gürrüňiň kime gerek? Myhyny ýere urup, mizemez et, ganatlaram al-asmanda bolsun. Aha, şonda okajak köpeler. Ýazmak başga, kagyz garalamak başgadyr”. Sag bol, halypa, şeýdip ganat-per bitireniň üçin! Ýaramaz goşga gözi düşdügi, gyr-jynydy. “ Wah, birki goşgylar kitabym çykanam bolsa, “senden şahyr çykmaz” diýip, göni ýüzüme bazyladyp basyp, goşgy ýazmagymy düýp-teýkary bilen goýduran Gurbannazar Eziz gerek bulara” diýip, gözündäki äýnegini çykaryp-geýibererdi. Ine, oňümde onuň “Men haçan goşgy ýazmagymy goýdum?!” diýen agramly ýatlama-makalasy dur. Şonda şeýle diýilýär: “Hawa, şeýleikde goşgy ýazmagymy goýanam bolsam, çyn ýürekden göwün berenimden-döredijilikden gidip bilmedim. Hekaýalar, powestler, romanlar ýazyldy. Kitaplar çap edildi. Şonda-da, özüm-ä alan galam bardyr öýdemok. Özüňden ökdeleri okasaň, şolarça ýazybilmeýäniňi aňyp, öz-özüňi çeýnäp ýörsüň. Olary okaman-a oňup bileňok. Okasaňam, öz ýetmezleriň açylyp gidip otyr. Çyda-da çydabilseň”. Soňam gidip-gidip, şeýle diýýär: “Soňraky ýyllarda gündelik gazetlerde işlän döwürlerimde Beki Seýtäkow, Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow, Sapargeldi Annasähedow... ýaly halypalar bilen ençeme ýyllap duz-emek bolşan ýyllarymda men hakyky döredijiligiň nämdeigine, kämilligiň çäginiň ýokdugyna düşünip ugradym. Has dogrusy, tapapkär halypalarymyň gyzykly döredijilik söhbetleri maňa bahasyna ýetip bolmajak edebi sapaklar boldy. Men her bir setiriň, çeper sözüň bogun ýaryp çykýandygyna, Gurbannazaryň maňa jaý wagtynda gowy maslahat berendigine göz ýetirdim”. Şu setirleri okap, kinaýaly ýylgyranymy duýman galýan. Birküç günlükde edebi žurnallaryň birine işe gelen biri ýanyma gelip, terjimeçilik edýändigini, ýöne “boldum “ eden, öz göwnüne jaý hekaýajyklarydyr tymsallarynyň hem gowşak görlüp gaýdyp durandygyny aýdyp, zeýrendi. Men soradym: -Öň Tolstoýy, Şolohowy, Şekspiri, Çehowy,Gorkini, Gogoly terjime eden Bäşim Ata, Jürmenek, Annaly Berdi, Sapargeldi Annasähet bardyr, şolary okadyňmy? Ol ýüzüme jikgerilip, ”juk” diýdi. Oňa derek özüm utanyp gitdim. Ol-a asyl Berdinazar Hudaýnazaryň, Hudaýberdi Diwangulynyň, Atajan Taganyň, Agageldi Allanazaryň, Aşyrberdi Kürtüň ýekeje kitabynyňam gatyny açmadyk bolsa nätjek? Altmyşdan agan erkek kişiniň, ýa-da “pensiýa çykdym weli, indi goşgy ýazyp ugradym” diýip, gyňajyny galgadyp gelýän zenanlaryň “zarbyndan” käte gowşagam däl, hut ýöntem, görseň gaharyňy getirýän goşgularyň metbugatda peýda bolýanyna nädip janyň ýanmasyn?! Hernä, ýene-de Hudaýberdi halypanyň ýazgylaryna ýapyşyp köşeşäýýän: “”Hudaýa şükür, türkmen hiç mahalam zehine mätäçlik çeken halk däl. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň merdana halkymyza peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Sapar Öräýew, Baýram Jütdiýew, Atajan Tagan, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow, Gowşutgeldi Daňatarow, Sona Ýazowa, Agageldi Allanazarow, Kömek Kulyýew, Gurbannazar Orazgulyýew, Ahmet Halmyradow... ýaly ýazyjy-şahyrlarymyz ajaýyp döwrümiziň waspyny ýetirip, öz döredijilik harmanlarynyň dokdäne çäjine guwanyp ýörler”. Soňam halypa, edebiýatymyza zehinli tolun bolup gelen Kakamyrat Rejebow, Seýitguly Geldiýew, Gülşirin Hanowa, Leýli Gurbanowa, Aýgül Garaýewa, Laçyn Pürjäýewa dagynyň atlaryny agzaýar. Men bolsa bir kitaba el ýetirýärin. Ol milli edebiýatymza “Edebi keşpler” žanryny getiren Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýewiň “Gurbannazar Ezizowyň edebi edermenligi” atly golýazma görnüşli saldamly ktaby. Gyzgyp okaýan okyjy bu ýazyjynyň onlarça eseriniň adtlaryny säginmän tutup biler. Hersem özbaşyna bir dünýä, hersi bir döwrüň wakalaryna ýugrulan. “Dumana dulanan dnüýä”, “Şatlyk Şemsetdinowiçiň doglan güni” ýaly kitaplary döretmek bilen, milli prozamyza fantastik žanry getirenliginiň özem aýratyn bir hyzmat. “Göwher ýüzüklije gelin” kitabynyň häzirem dilenip-soralyp okalyp ýörlenine özüm gözlüje şaýat. Beýle bagt diňe “eli gelen” ýazyjy-şahyra nesip edýär. Edebiýatyň ala meýdanynda “sägredip bedew münüp” ýörenlerem, goruna görä çybşyldap ýörenlerem, gury gykuw bilen bogaz ýyrtyp orun aljak bolýanalaram bar. Hernä ahyrsoňy agramyňy ölçeýän mizan terezisi her kimi oz ornundajyk oturdýar. Hudaýberdi Diwangulyýew ýaly aznawurlaryň orny bolsa tördejik durandyr. Onuň edebi tärleri, kitaplarynyň örüsi, diliniň owazy, temalarynyň giňligi... hakda gürrüň etmäge men het edibiljek däl. Ol bu ugurda çorba sowadan alymlaryň, edebiýatçylaryň, tankytçylaryň (seljerme-syn berýänleriň) paýyna galýar. Men bolsa elimiň aşagynda duran iki kitaby gaýta-gaýta sypalaýaryn. Olaryň biri “Şatlyk Şemsetdinowiçiň dogalan güni”. Açan ýeriňde şeýle ýazgy bar: ”Ykrar edilen kärdeşimiz Gurbannazar Orazgula”. “Göwher ýüzüklije geliniň” başky sahypasyna sünnälenip, basma harpa meňzeş edilip ýazylan ýazgylary gaýtadan okaýaryn: “Zehinli inimiz Gurbannazar Orazguly ogluna iň belent arzuwlar bilen. 21. V. 97”. Halypanyň beýle ýazmagynyň sebäbi bar. Ol kakam-Orazguly bilen köne tanyş. “Hudaýberdi bilen geçen 50-nji ýyllaryň başynda Aşgabadyň Gara Seýitliýew adyndaky medeni-aň bilim tehnikumynyň kitaphanaçylyk bölüminde okap ýörkäm Hojanepes tanyşdyrypdy” diýip, kakam häzirlerem ýatlaýar. Ine, bu ktap bolsa “Gurbannazar Ezizowyň edebi edermenligi” atly ýatlama –esse kitabynyň golýazma nusgasy. “Gurbannazar inimize edebiýat meýdanynda öz yzyny galdyrmak miýesser etsin. Şu arzuwyň yzyna döredijilik rowaçlyklaryny, uzak ömür, maşgala bagtyny, ähli gowulyklaryny goşmak bilen, agasyndan ýadygärlik”. Soňam gol hemem “16-njy ýanwar, 2016 ý” diýen sene dur. Käşgä, edebiýat meýdanynda Hudaýberdi halypa ýaly agaň bolaýsady! * * * “Garagum” žurnalynda işän ýyllarymy ýatlaýan. Indi-indi görüp otursam, “men-men” diýen ýazyjy-şahyrlar, alymlar, edebiýatçylar, galamy ötgür žurnalistler, küti kitaby ýazanlardan kän bilýän okyjylar... bilen didarlaşylan ýyllar eken. Käbiriniň goltugynda galyň päpgedir, diýmek, içinde romanyň ýa powestiň, ýogsamam saldamlyja poemamy, goşgular toplumynyň maşynkadan geçen kagyzlary gübrçekleýändir. Käbiri ýaýdana-ýadana girer-de, goltugyndan birje goşgy ýa-da müçesi üç-dört kagyzlyk hekaýa alyp, çekine-çekine uzadar. Mahal-mahal gapydan göwresi ýapy ýaly, tegelekden ýaýbaň ýüzünde gyýtak gözleri kiçeňräk ýaly görünýän, goçak kellesi ýalpyldap duran, diňe dik maňlaýynda bir çogdamjyk saçy tokga tutansoň birbada “beh” diýdirýän adam agras ädimläp gapydan girerdi. Kä goltugynda mele päpgesi, kä gelende-de goňrumtyldan sarymtyl portfeli bardyr. Gyş-güýz bolsa-ha, etekleri giň, galyň gara, ýaz-tomus bolsa-da, suw süzübermeli çalymtyk tor şlýapasy başyndadyr. Ol filolofiýa ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professory Jora Allakowdy. Heniz orta mekdebiň okuwçysykak, poçtalýonyň ýoluna göz dikip garaşyp, elimize düşen “hörege”-“Edebiýat we sungat”, “Ýaş kommunist” gazetlerine, “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnallaryna çörekden öň ýapyşardyk. Şonda käteler Jora Allakowyň täze çykan kitaba, ýa-da haýsydyr bir ýazyjynyň dördedijiligine bagyşlap ýazan makalarynam okardyk. Dogrusy, käbir hekaýadan gyzyklydy, “içiňi gyjyklaýandy”. “Beýle okumyş, eline alan kitabyny edil özi ýazana meňzäp, “çigit çigitlän” ýaly edip oturan adam näjürekä?! Aý, beýle adamlar dogabitdi alym-bilermen bolup dogulýandyr, süýde deregem pikir-pähim emendir” diýip, oglan göwnümiz ham-hyýaldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girenimizden soň Öde Abdyllaýew, Jora Allakow, Hanguly Taňryberdiýew, Nazar Gullaýew, Halyl Kulyýew, Kakajan Durdyýew ýaly gazet-žurnallar sahypalarynda hälimi-şindi gözümiz düşüp ýören alym-läheňleri ýakyndan görüp, gürrüňleriniden gulagymyzy gandyrmak nesibämize ýazyldy. Hawa, redaksiýa Jora Allak, Nazar Gulla dagy has ýygyrak baradylar. Jora aga geldigi, Akmuhammet Hemidow ikimiziň oturýan otagymyzdan sesini eşidip, gapdaldaky gapydan Gowşut Şamy, sähel soňragam däliziň gabadyndan Hudaýberdi Diwangyew çykardy. Şowhunly gürrüň, käte göterilýän çasly gülki hemişe diýen ýaly açyk durýan gapysynda gulagyna ilýändir-dä, baş redaktorymyz Sapar Öräýew hem gelerdi. Bärik ýoly düşen ýazyjy-şahyr dagy hem “baý, bar gürrüň bärde eken-ow” diýip, gelýäse, bar onsoň! Gürrüňiň “örüsem” edebiýatyň, haýsydyr bir ýazyjynyň ýa şahyryň soňky ýazan eseriniň, käte-de henekdir gülküli wakalaryň töwereginde aýlanar. Jora Allagyň gazetdemi, žurnalda çykan soňky makalasynyň töwereginde hem jedel turardy. Ýöne göwne deger ýaly, ýeňse tüňňerder ýaly däl-de, açyk göwünden pikir-garaýyş oklanardy. Bir gezgem men Jora aga gelende: -Ýoldaş mugallym, “Öde Abdyllaýew” diýen kitabyňyzy okadym. Tüweleme, köp ýerini-hä tankytçy däl-de, hut ýazyjy bolup, ýatlama berlip ýazypsyňyz weli, täsirli bolupdyr-diýdim. Ol şol bolşuna görä, mylaýym ýylgyrdy: -Beh, beh, doly okadyňmy? -Ýalňyşdyňyz, iki gezegem okadym. Edbiýat tankytçysy bolan bolsam-a, synam ýazardym, ýoldaş mugallym. Şol günüň ertesi ir bilen ol gapydan girdi. Goçak portfelindenem şol aýdan kitabymyzy çykaryp uzatdy. Onda şeýle ýazylypdyr: “Zehinli ýazyjy, ezber žurnalist, uly adamkärçilikli, hoşgylaw ýigit Gurbannazar awtordan ýadygärlik. 21. X. 1996”. Goly. Men hem-ä begendim, hemem degişdim: -Ýoldaş mugallym, walla, wagtynda öwenim gowy bolupdyr, ýogsam-a binesip galjak ekenigem. Ol uludan güldi: -Onyňam dogry, inim. Kitabam gadyryny bilýäne berseň gowy. Öýüne eltip, bir ýerlerik oklap goýberse, kitabam armanly, kitap berenem. Edebiýatyň keşigini är ýaly çekibilen, şeýdibem pikir-garaýyşlaryny kellede “gaýnadyp-gaýnadyp” kagyza geçiren, her setirini beýnide müň bişirip-düşüren Jora Allakow ýaly alym-tankytçylaryň heýem, kitaplary okalman galarmy?! * * * “Edebiýat we sungat” gazetiniň şu gezekki sanynynyň ( 6-njy awgust, 2021 ý.) 6-njy sahypasynda Ahmet Halmyradyň “Kerwensaraý kyssalary” eserinden bir parça (ol bu gazetde dowamly çap edilýärem) berlipdir. Onuň diline sered-ä: “Dostluk duýgusynda, dost hatyrasynda ybrat alyp bolýan inçelik bar. Heý, ol ýola barýan ýodany terk edip bormy?! “. Dilimiň gymyldanyny duýman galypdyryn: -Galamyňa hümmet ýagsyn, dost! Okap boldum-da, ony ilkinji gezek haçan görenimi hakydama getirmäge howlukdym. Hä-ä, göwresi Garagumyň sözeni ýaly inçemikden dim-dik, atýüzlüräge-de, bugdaýreňk, ýörände dagy aýaklary ýer galtmaýan ýaly ýigidi uniwersitetde okap ýörkämem görsem görendirin, ýone ilkinji gezek Aşgabadyň şol wagtky Ata Atajanow (ondan öň “Коммунистическая”) köçesiniň biljumja ýerindäki kiçijik howludan ýazyjy Hojanepes Meläýew bilen çykyp gelýärkä ine-gana gördüm. Ol howluda 1980-nji ýyllarda Türkmenistanyň Kitapsöýüjiler jemgyýetiniň merkezi edarasy ýerleşýärdi. Hojanepes Meläýew hem şonuň başygydy. Şol ýere galtaşyp diýen ýaly duran howlynyň ýarynda belli žurnalist, terjimeçi Döwlet Esenow, beýleki ýarymynda-da ýakyn garyndaşymyz, taryh ylymlarynyň kandidaty, ömrüniň agramly bölegini Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mugallym bolup ötüren Kuwwat Mätgeliwiň inisi, alym hem mugallym Söýeg kakamyz (tutulýan ady Otuz) ýaşaýardy. Men Aşgabada düşsem, hemişe Otuz kakamyň myhmanydym. Asyl uniwersitetde okan döwürlerem şu ýerde ýaşapdym. Hawa, şol gezek menem howludan çykyp, pete-pet gelemizde Hojanepes maňa (ol dogan daýymdy): -Bu ýigidi tanaýamyň, Ahmet Halmyrat diýýändirler. Özem Magtymguly Garlyň gandüşer garyndaşy-diýipdi. Baý-buw, beýle bagşyň ady ara düşensoň, uzyndan hortap, saryýagyzdan atýüzli, goýun gözleri gülüp duran kişi bilen ikelläp salamlaşmazmyň?! Ýöne men ozalam Ahmet Halmyradyň adyna seýregrägem bolsa “Ýaş kommunist”, “Edebiýat we sungat” gazetlerinde gabat gelýärdim. Çaklaňragam bolsa janyň gönenäýýän helaýalaryny okap, “hä-h, şunuňky ýaly diliň bolaýsa” diýip, göwün ýüwürderdim. Şirin-şekerligi Çuwal bagşyň namalaryny diňlän ýalydy. Ýegre dostdur, belki kursdaşdyr, men Ahmedi birküç gezek Kömek Kuly bilen tirkeşip barýarkalaram görüpdim. Soň Osman agaly günler başlananda, bu usssat hem pälipes, hemme kişi hakda hemişe ýagşy pikirdäki ýazyjy bir gezek: “Ahmet Halmyrat, Kömek Kyly, Gowşutgeldi Daňatar ýaly ýazyjylar ýazyp ýörse, okyjylar okar ýaly zat tapar” diýipdi. “Garagum” žurnalynda işlän döwrümiz Ahmediň hekaýalaryny biz-ä gyzyl tapan ýaly begene-begene bererdik, okyjylaram hezil edip okardylar. Diňe ýolugra gep alşylanda, ýa-da telefon gürrüňinde däl, ýöriteläp “Ahmet Halmyradyňky ýaly hekaýalary köpräk bereweriň!” diýip, taňryýalkasynly towakga edýänlerem az bolmandy. Ylaýta-da Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýew onuň çyn muşdagydy, talapkär halypasydy. “Häý, “Ýaşkomda” negözel işläbem ýördü-laý. Kellesine bir heser urdy-da, “Men arheologiýa, taryh bilen gyzyklanjak” diýdi-de, Mänä-Çäçe düzülgindäki köne kesekleriň arasyna siňdi gidiberdi. Soň bildik, şeýtmek bilen gowam edendigini. Sebäbi Abiwerd galasynyň içinden gadymýetiň galyndysyny gözläp ýörşüne, Mäne babaň hasa süýräp derwüşlik eden ýerlerinde gizlenip galan eşidilmedik gürrüňlerem, görülmedik ahwallaram, täsin gep-rowaýatlaram Ahmediň öňünden çykaýýan ýaly bolup dur. Okap gör-ä! “Wah, beýdibem suratlandyryp-sypatlandyryp boljak eken-ä” diýdirip, saç penjeletdiriberýä. Tapýan sözlemleri dagy walla, ozal kagyz ýüzünde görülmeik-laý. Şeýdip ýylda birje hekaýa ýazsaňam, döşüňi gaýşardyp gezse bolar. Onsoň oňa “seýrek ýazýaň” diýip igenenenem bolaýýas”. Hawa, gowy hekaýasyny aljak bolsaň Ahmedi “kowalap tutmaly” bolýandygy-ha çyn. Jaň edersiň, özelenrsiň. Olam pylan wagtrak Aşgabada barjakdygyny aýdar. Onsoň özüňden başga biri öňürtiläýmesin diýip, “Şu ýerlere geläýse gerek” diýip, Osman Ödäň ýa Kömek Kulyň töwereklerinden habar alyp duransyň. Olam gezendeleginden, hemişe “aýagynyň ýelini alyp”, galam ýöretmäge eliniň ýetmeýäninden bolmaly. Bir görseň-ä, ol Ümür Esen bilen tirkeşip, Haweran düzlüginden ýel ýaly göterilip, Pendi tarapdan bir ýerlerden çykandyr. Diýmek, il içindäki geň-taň gadymy hekaýatlardyr rowaýatlardan, aýdylyşy ýaly, folklor baýlyklaryndan ýüklenip geljekdirler. Bir görseňem aýdym-sazyň çyn aşygy, Magtymguly Garlynyň aýak yzy degipdir diýlen ýere ýatman-ýaltanman, iýmän-içmän gidip, şoň magadyna ýetmese ynjalmajak, galjak mugallym Baýram Meläýew bilen tirkeşip, gadymy Horezminiň içinde dabyrap ýörendirler. Şondanam Tejen ýeňselerinden çykarlar ýol aşyp. Şol wagt il-gün-ä däl, özlerem güman edýän däldirler şol saparyň harmanyndan Çuwal bagşy hakda bir gyzykly kitabyň dörejekdiginden. Başga bir gezegem tomsuň jowzasyna depesini gaýnadyp, mirasgär Atda Gurbangeldi ikisi gadymy Gyzylarbadyň ýeňsesindäki takyrda biten gawundan doýup, gadymy ekerançylygyň bu töwereklerde gömlüp galan yzlaryny yzarlap, Maşady-Missirian düzlüginde paý-u-pyýada gezip, derwüşe dönüp giderler. Güne ýanyp, epgege daglanyp, ýele gaýzygyp gaýdyp gelende weli, Ahmediň hasam garalyp giden mährem ýüzi öňküsindenem gülüp durandyr. Diýmek, edebiýatyň meýdanynda heniz “gögermedik” täze bir hasyla garaşybermelidir. Şonuň “çigidini” tapyp, şinesini ýüreginde göterip gaýdandyr “ykmanda”. Osman Ödäniň şeýle bir ýatlamasy bar: “Biziň neslimiziň gowy ýazyjylarynyň biri Ahmet Halmyradowyň mähri ýaly mylaýym, nurana, ýüregiňe şugla bolup girip gidýän mähriban kyssasy bar. Ahmediň özem kyssasy ýaly ýürekdeş. Şundan ýörite Ahmedi göreýin diýip gidiberýärin. «Ýörite didarlaşaýyn diýip geldim» diýsem, ol: – Maşynyň ýanynda näme ýol bü aralyk?! Ibn Sina – Lukman Hekim Mäne babanyň adyna aşna bolup Köneürgençden Nusaýa, Nusaýdanam Mänä ýörite gelýär. Garagumuň jöwzasyna çydaman ýolda şägirdi Mäsihi ölýär. Gelse, Mäne baba hem Amula giden eken. Lukman görgüli ýene aýagyny süýräp, Amula barypdyr-a”. Şahyr Nobatguly bolsa şol gezek oňa şeýle diýipdir: – Ahmet, Ahmedim, sen Ümür Eseniň yzyna düşüp, nirde bir delje nakyl barka diýip oba-oba, syrgyn-syrgyn söküp ýörmeli ýigit däl. Delje sözleri senden gowy kim döredip bilýär? Il gezip, derwişlik edip atalar sözi, erteki çöpläniňden, şu Haweran düzünde saçyňy-sakgalyňy ösdürip, Mäne Babanyň aýak yzlaryny çöple! Mäne Babanyň aýak yzlaryny! – Soňra ol maňa ýüzlendi. – Mäne Baba – Sokrat! Sokratdan hem beýik ynsan! Ol musulman dünýäsinde beýik alymlygy üçin iki ýola hyrka geýen kişi. «Iki hyrka geýdi» diýmek, iki gezek Nobel baýragynyň laureaty boldy diýmek bilen barabar!.. Mäne Baba Gorkut ata-da däl, gije-gündiz Gurhan okap ýatan Hoja Ahmet Ýasawy hem däl! Mäne Baba dünýäniň özi ýaly dana, dünýäniň özi ýaly çylşyrymly, dünýäniň özi ýaly gapma-garşylykly alym. Ol ýeretikligi zerarly, ölümiň bäri ýanyndan gaýdýar. Arak-şerap içip, meý-mes bolup, ýoluny urduryp, yşkbazlyk hem edýär. Mäne baba çaýly käsäni ýerden ýokarda, howada saklap bilýän, keselliniň derdini bir sypanynda aýryp bilýän adam! Gudrat ol! Gudrat! Üstesine-de, beýik şahyr!.. Ahmediň özi bolsa şeýle diýýär: “Men näçe köp işledimmikäm diýsemem bar edenim”Iman syry” atly” bir kitap eken. Onam Osman aga günüme goýman, “getir-getir” bilen “Ruh” neşirýatynda wagty çykardyp beripdi”. Gör nähili kiçigöwünlilik! Dur how, onuň ýene bir kitaby bolmal-a! Bir gezek Didar däde (şahyr Didarberdi Allaberdiýew) duşamyzda mesawy gürrüňiň arasynda jübüsinden eplenen bir tagta kagyz çykardy: -Garaşmaýan zadyň bolanda, beýlekilere-de görkezesiň geliberýär. Me, okap gör! Arap hatyna meňzedilip, setirleriniň hem sözleriň arasy açyk edilip ýazylan setirleri gözüm bilen garbap tutdym: “Didarberdi jan, Senäly inim! Saňa ozaldanam sarpam uly. Şu gün “Adamlar, bagyşlaň birek-biregi” şygyryňy okap, şeýle tolgundym. Hakyky şahyryň sözüni şahyr ýüregi bilen aýtmagy başarypsyň. Men ynanýan, müňlerçe adamyň birek-biregini bagyşlamagyna sebäpkär bolup bilersiň. Munuň sogaby çäksizdir. Şahyr şeýle bolmaly. Hukugym barmy, ýokmy, bilemok, ýöne “Ustad” diýlen derejä ýetendigiňe gözüm ýetdi. Galamyň ýiti, kalbyň owazly, ömrüň uzak bolsun, halypa! Ahmet Halmyrat, Kaka, 2019, iýul, 16. Gol.” Didar däde tolgunçly gepledi: -Sähelçe zada özüňçe monça bolup bilýän adamlar gör nähili beýik. Ylahym, şolar köpelibersin! Men Ahmediň şeýle ünslüdigine, özge galamdaşlaryna mynasyp baha berip bilýändigine haýran galdym hem guwandym. ...Şu zatlaryň hyýal-oýundan aýňalmanam, şol diýýän kitabymy gözläp tapýan. Çelpek ýaljagam bolsa seni owazlar kökenine atarýan, açan ýeriňden nagma-aýdym eşidilip durana meňzeş “Öwezgeldi Tekäýew” diýlen kitabyň başky sahypasynda şeýle ýazylan: “Dostum, zehinli žurnalist, kyssaçy Gurbannazara. Gol. 27.I 95.” Göwnüme bolmasa, uzynakdan hortap, howlukmaç Ahmet Halmyrat Haweran düzlüginiň içi bilen ýüzüni daglara tarap tutup “hazyna” gözlemäge barýan ýaly. Onuň “Kerwensaraý kyssalary” eserinde şeýle diýilýär: “Adamlaryň kalbyna aň dünýäsine ýagtylyk hem mähir-muhabbet eçilýän kitaplary ýazan ussatlar egsilmez sogaba eýe bolýandyrlar”. Şol sogapdan senem ýetdik paýlysyň, Ahmet gardaş! * * * Onuň ady agzalandan bir gülküli waka ýadyma düşýär. Ahmet Mämmet 70 ýaşanda käreşlerini, galamdaşlaryny, ýakyn adamlaryny üýşürip, gowy üýşmeleň etdi. Atabaýew bilen Surikow (häzirki “Galkynyş” hem B. Annanow) köçeleriniň çatrygyndaky restoranda özem. Bir stoluň başynda Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow, Atajan Tagan, Kakajan Açyl dagy oturan. Atajan halypa giň supranyň başynda çäm-çümmüş. Nahar getirilende-de, duzuny dadyp goýaýýan. “Aşgazanym heläk edýär” diýip, guýlan suwmy, beýlekidenem datman, hasasyny tyrkyldadyp oturan. Şonda Atamyrat aýdypdyr: -Ahmet Mämmet uly alym, gowy şahyram bolsa şu gezek gaty ýalňşyşypdyr. Ýeri, şu gül ýaly oturlyşyga Atajany bihuda çagyrmak nämäsine gerek bolduka? Soňam Atajanyň özüne igenipdir: -Ýeri iýere-içere aşgazanyň bolmasa, gyzykly gürrüňleri diňläre gulagyň bolmasa, gyz-geline seredip guwanar ýaly gözüň bolmasa, toýda towsaklap tans oýnar ýaly aýagyň bolmasa, beýle hezillikli meýlisde nä körüň bar?! Ýadyma ilki tanyşlyk düşýär. Onuň bilen meni gaýtalanmajak lirik şahyr, özboluşly galam ýöredişi bilen tapawutlanýan, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sapar Öräýew tanyşdyrypdy. “Garagum” žurnalyna jogapkär kätip bolup ýaňy işe baraýan günlerimdi. -Ine, bu-da redaksiýaň ýarym işgäri Ahmet Mämmet. Meniň düşünmän gözümi tegelänimi aňan orta boýluraga-da, tegelekden bugdaýreňk ýüzli, goýungöz adam gyryljygrak sesi bilen gülüp goýberdi: -Sapar agamyz “ýarym-ýarty işgär” diýmedi. Şoňa-da şükür. Men esasy işimiň daşyndan žurnaly korrekturasyny okaýan, onsoň ýarym işgär boldugy-da. Ýör hany, okan sahypalarymy saňa gowşuraýyn. Şondan bäri Ahmet Mämmediň ady ýüregimize ýazyldy. Ol gabady gelende suňşurmanam oňarýan adam. Degişmäňem göterýär. Ol hakda ýadylýan zatlaram ýazyjy-şahyrlaryň, ylmy jemgyýetçligiň arasynda az däl. Asyl onuň edebiýata gelip düşüşem soň öz agzyndan, galyberse-de, beýlekilerden eşidişimize görä, gara görgülik bolupdyr. ...Heniz häzirki Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde okap ýörkä ady gazet-žurnallarda görnüp başlan ýigit eline diplom alanda göwni suwluja eken. Dogurlapjyk aýdanda, merkezde-gazet-žurnallaryň birinde ýa-da radioda alnyp galynaryn diýen inçe tamada bolan. Ýöne iş ugradyş topary ony bäri-bärden däl, Çeleken çölüniň bärsinden çykarypdyr. Öz gülüp aýdyşy ýaly, içi ýangyjyndan ýaňa edýän uwwuldysam Aşgabada eşidiljek dälden. Ol obalarda şo döwür mugallym kemterlik edýänem çyn, ýöne eýýäm “edebiýatda, onda-da poeziýada ýüzüni görkezip ugrady” diýilýän ýaş şahyram tapdyryp duran “çöp” däl. Iň ýaman ýerem, ýaşaýyş-durmuş şertem ýabygorludan beterräk. Garaz, eýdip-beýdip bir ýyly geçiripdir. Özem üsti “sagat” bilen gömlensoň, döredijilige-beýlekä el ýeter ýaly däl diýýä. Şonda dilini sallap zordan tomusky dynç alşa ýeten Ahmet aşgabada aşyp, şahyrlygy ýatdan çykarmajak bolup näçe dyzasa-da, güýzde ýene bialaç yzyna gitmeli bolupdyr. Hernä ýene zehiniň gadyryny bilýän Sapar Öre eýdip-beýdip, Beki agany yryp, ony merkeze getirilmegiň alajyny iýipdir. Bärde-de ýazylyp ýatan elpe-şelpelik ýok. Tarpdan özüň diklemeli. Iň esasam, eýýäm maşgalaly bolana sümelge gerek. Aşgabada gelenine begenjinden özi aýtmyşlaýyn, arkasyna kerpiç ýükläp, goltugyna pürs gysdyryp, şäheriň gaýra çetinden kepbe galdyrýar. Ýatan ýeri ýagty bolsun, zanny şadyýan Kakabaý Gurbanmyrat pahyr gülüp gürrüň bererdi. Ol gowy şahyrlygyndan başga-da, guýmagursak alym bolansoň, Ahmet Mämmet bilen ýegre dostdy. Meger, ikisi Magtymguly adyndaky Dil edebiýat we golýazmalar institutynda (ol ýer asyl Ahmet Mämmediň ýütgewsiz işlän , öz aýdyşy ýaly ömrüni ötüren ýeri-G. O.) bile işlän hem bolmaly. -Geçen 70-80-nji ýyllarda Ahmet Aşgabadyň şol wagtky “Pagta oba” diýlen ýerinde, darrajyk bir howluda ýaşaýardy. Özi salyp alypdy gerek. Ha ynanyň, ha ynanmaň, Daşoguzdan Aşgabada gelenler, ýa-da Aşgabatdan Daşoguza uçjaklar hökman ilki Ahmetlerde “gonup”, soň uçardylar. Bir gezek gijara barsam, ýatmaga ýer tapylmansoň, Ahmediň otagyndaky hat ýazylýan stoly ýüp bilen jaýyň ýokarsyndaky pürse çekdirip daňaýypdyrlar. Haçan barsaň, howlynyň bir burçundaky uly gazan gaýnap durandyr. Onsoň degşerdik: -Ahmet, gapdaljygyň et kombinaty bolansoň, süňkden hor bolaňok öýdýän-diýşip. Bir gezegem Atamyrat Atabaýyň (jaýy jennet bolsun)aýdan bir gepi ýadymda galypdyr: -Biziň Gökje obamyzda Ahmet Mämmediň garyndaşlaram az däl. Olar geçen asyryň 3o-njy ýyllaryndaky gaç-ha-gaçlykda, göç-hä- göşlükde şo töwerege düşüp galypdyrlar. Indem uly oba bolup gitdiler. Her gezek oba baramda ýöriteläp gelip, Ahmediň özüniň, öý-içersiniň saglyk-amanlygyny sorap gidýärler. Salam gowşurmagy sargaýarlar. Özleriniň aýdýanam: “Ahmet inimiz, myhmansöýerdir, bärden keselhana ýerleşjeklerem, gulluk edýän oglunyň yzyndan gidýänlerem, aşgabadyň üstünden ötüp, dynja-beýlekä gitjeklerem oňkuda düşläp ötýändirler. Ahmetlerde iýlen palawyň tagamy entegem agzymyzdadyr”. Onsoň bäri gelende oňa duşup, soňam “Ahmet, sen palawy azrak bişir how, ýogsam, oň ysyny alyp, marydakylaň bary seňkä geljek bolşup durlar” diýdim. Ol bolsa gülýär: “Myhman geler işikden, yrsgy girer deşikden” diýlenidir. Gapyňy ýel açyp, ýel ýapyp durmakdan Hudaý saklasyn. Biz-ä her gezek gazana myhman paýyny atmagy öwrenipdiris” diýip. ...Bir gezek ol iş ýerimize geldi. Aýnanyň öňündäki stola ýaprylyp bir zatlar ýazyp oturaymy görüp, az-maz kürtdürdi: -Inim, bir uly işiň başyny tutupsyň öýdýän?! Men haňk-huňka urdum. Gapdalymda oturan Akmuhammet Hemidow weli “satdy”: -Jüneýit han hakynda uly bir eser ýazýar. Muny eşiden Ahmet aga ýeser ýylgyrdy. Soňam maňa golaýlady: -Inim, eýle bolsa özüňe sak bolaweri. Ozalam bitiren işlerini ýazyjy-şahyrlaryň kagyza geçirişinden göwni bitmedik han dädemiz birden “Inim Kakabaý, hany şujagaz oglanyň ýeňsesine aýlan, muňkam öňküleň edişi ýaly boljak bilsa, ýeňse çukuryndan gan alyp goýber, gaýdyp galam gözlese eli titräp durar ýaly” diýäýmesin. Şondan ep-esli ýyllar geçdi. Bir gün “Ahmet aga bokurdagyndan operasiýa edilipdir” diýip eşitdim-de, soramaga bardym. Palatada başga-da, birki adam bar eken. Ahmet aganyň bokurdagy hasa bilen galyň saralaypdyr. Sesem çykanok. Ýöne ýazylyp gapdala goýlan kagyzlar esli bar. Men degişjek boldum: -Hä-ä, görseň han dädemiz “oz inimiz biý-a” diýip, maňa degmän, seň bokurdagyňa ýapyşaýandyr. Aman sypdyranyna şükür et! Ol hasyr-husur gapdalynda taýyn duran ruçka bilen kagyza ýapyşdy. Ýazanynam maňa uzatdy: “Akylly adamlar kän lakgyldap ýörmän, sesini-üýnüni çykarman işläberýändir”. Men diňe: -Aý agam, bu gezegem aldyň!-diýip, baş ýaýkaýdym. Hawa, ol wagty bihuda tutýanlardan däldi. Şonuň üçin-dä, ýazan ylmy kitaplaram eslije bar. Eliňe agram berip duran goşgular ýygyndysam kitap dükanlaryndan towsa göterilen arzyly kitap boldy. Ylaýta-da rubagylaryny diýsene! Meger, biziň döwrümizde şygryýetiň şu žanrynda Ahmet Mämmet ýaly ýazanyndan “harman üýşüren” şahyr az bolsa gerek. Özüne “sary bilbil” diýdiren” Amandurdy Annadurdyýew (ýatan ýeri ýagty bolsun) hem soňky ýyllarda seýrek ýazypdy. Ýöne okaňda “beh, beýdibem bolýan eken-ä” diýdiräýýärdi. Ahmet aga hem tüýs “tüweleme!” diýäýmeli. Elbetde, olaryň edebi döredijilgini “elekden geçirmek” meň işim däl, ony alymlara, edebiýaty öwrenijilere goýalyň! Biziňki diňe ýürekde galan ýatlamalary aýtmak. Onuň çyn şahyrdygy birwagtlar ykrar edildi. Özem tutuş okyjylar tarapyndan. Onlarça kitaplaryny okyjylara bagş etdi. Kitaplary dükanlarda çaň basyp ýatman, towsa göterildi, diýmek, göwün güzerinden ýer tapandyr. Ynha, iň soňky kitaby-“Ylham ýaýlasynda” ýazyşy ýaly: Akyl bazarynda çäç bolup biljek. Bize şeýle gözel şygyrlar gerek. Bu onuň şahyr bolup özünden edýän talaby. Şony aňryýany bilen ödeýärem. Bu bolsa Taňry beren zehiniň bagtdan ýetirýän eradasy. Elimde bolsa “Sönmeýän we süýnmeýän ýyldyz” atly agramlyja kitap. Onuň annotasiýasynda-mazmuny hakdaky ýazgyda şeýle setirler bar: “Öde Abdyllaýew türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda we edebi tankydynda öçmejek yz galdyrdy, bu ygurlar boýunça ilkinji bolup öz edebi mekdebini döretdi. Onuň edebi mekdebinde bu gün ençeme alym, tankytçy ýetişdi. Olar türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň we edebi mekdebiniň kerwenbaşysy Öde Abdyllaýewiň ýoly bilen gidip, türkmen edibiýatynyň ösmegine önjeýli goşant goşdular. Öde Abdyllaýewiň edebi mekdebiniň uçurymy, filologiýa ylymlarynyň doktory, şahyr Ahmet Mämmedow bu kitabynda halypasynyň ömri, döredijilik, pedagogik hyzmatlary hakda anyk faktlar esasynda täsirli gürrüň edýär”. Kitabyň başky sahypasynda el bilen sünnälenip şeýle ýazylan: “Hormatly dostum, ajaýyp Adam, ilhalar ýazyjy Gurbannazar Orazgula iň gowy arzuwlar bilen, awtordan. 22. VI. 98.” Ahmet aga, ylanym, ýazjak goşgularyň ýene kän bolsun! * * * “Edebiýat we sungat” gazetiniň 2021-nji ýylyň 6-njy awgustdaky sanynda ýazyjy Çary Geldimyradowyň “Edebiýat-dostana gatnaşyklaryň köprüsi” atly tutumly makalasy bar. Ol şeýle jemlenýär: “... Ata Hamdam maňa türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň täjik dilinde çykan bir tomlugyny indiki sapar bilen sergä gelende getirjekdigi barada beren sözünde tapyldy. Şol kitapdan birini däl, eýsem ikisini getirip berdi. “Nasimi Hazar” (“Hazaryň demi”) atly kitaba Kaýum Taňrygulyýewiň, Atamyrat Atabaýewiň, Baýram Jütdiýewiň, Oguljemal Çaryýewanyň, Döwlet Annamyradowyň, Orazguly Annaýewiň, Şadurdy Çarygulyýewiň, Bäşim Ödekowyň, Bibi Orazdurdyýewanyň, Ahmet Mämmedowyň, Gurbanýaz Daşgynowyň, Ahmet Gurbannepesowyň, Allaýar Çüriýewiň goşgulary, Osman Ödäýewiň, Hudaýberdi Diwangulyýewiň, Çary Geldimyradowyň, Juma Hudaýgulyýewiň, Agageldi Allanazrowyň, Kasym Nurbadowyň, Gurbannazar Orazgulyýewiň hekaýalry girizilipdir”. Muny dolulygy bilen mysal getirmegimiň sebäpjigi bar. Şol diýilýän kitabyň biri Duşanbe şäherinden maňa gelipdi. “Hazaryň demi” türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleriniň bir tomlugy. Eliňe agrm berip duran kitaby çapa taýýralan belli täjik ýazyjysy, dramaturgy, terjimeçisi, neşirýatçysy, Täjigistan Respublikasynyň sungatda at gazanan işgäri Ata Hamdam. Uzynakdan tegelek ýüzli, ala gözleri mähir bilen lowirdap duran, gep alşaňdan “okumyş kişi eken” diýdirýän Ata Hamdam türkmen edebiýatynyň çyn muşdagy. Ol häzirki zaman söz ussatlarymyzyň saýlama eserleiniň täjik metbugatynda yzygider çap edilmeginde hyzmatyna “berekela!” diýilmeli adam. Ata Hamdamyň eserleri bilen türkmen okyjylary-da az-da-kände tanyş. Onuň “Şol garaňky gijede”, “Ene arzuwyna gutarma ýok”, “Ynsan synagy” ýaly hekaýalaryny ussat terjimeçi Çary Geldimyrat türkmençe “gürletdi”. Ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda onuň “Kyrk örüm saçly” atly komediýasy hem sahnalaşdyrylypdy. Ony ýalňyşmaýan bolsam belli dramaturg hem terjimeçi Hudaýberdi Bäşim täjikçeden türkmençä geçiripdi. Duşanbe şäheriniň “Адиб” neşirýatynda 2008-nji ýylda täjik dilinde neşir edilen kitabyň başky sahypasynda “Türkmenistanly ýazyjy-şahyrlaryň eserer ýygyndysy” diýen ýazgy bar. Beýle kitabyň çap edilendigini, onda özümiňem birküç hekaýamyň bardygyny daş gulakdan eşidipdim. 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly kitap sergisinde Ata aka bilen tanyşmak miýesser etdi. Şonda ol şol kitapdan birini maňa ýetirmäge söz beripdi. Sözünde-de tapyldy. Çary Geldimyrada gowşurylan şol iki kitabyň biri maňa eken. Soň-2017-nji ýylda ýene kitap sergisine gelende gelende ol maňa täjikçe hem rusça eserleri ýerleşdirilen “Бехтарин истирохат бароям коп аст” (“Лучший отдых для меня-работа”) atly kitabyny sowgat etdi. Onda şeýle ýazgy galdyrdy: “Dostum hem galamdaşym Gurbannazara iň gowy arzuwlar bilen Ata Homdamdan ýadygärlik”. ...Ýandepderçämde “20-23.06. 2018, Duşanbe” diýen ýazgy galypdyr. Hawa, şol senede nesibe çekip täjik topragynda bolmak miýesser edipdi. Täjigistan Respublikasynda geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Duşanbe şäherine barypdy. Ganaty laçyn nyşanly “BOEING” Duşanbe şäheriniň halkara aeroportuna gonmak üçin aşak inip başlanda, illiýuminatoryň aýnasyna ak damjalar degip ugrady. Goltugy ýagyşly ala bulutlar biziň bilen salamlaşmaga howlugýan ýaly, asman gümmezinden ýüzüp gelýärdi. Bu görnüşler gör nähili owadandy! Sebäbi ak damjalardan ýagyş döreýär. Ak ýagyşdan çeşme-çaýlar lummurdaýar. Çeşme-çaýlar birigip, joşly derýalar şaglap akýar. Joşly derýalaryň damjasy düşen ýerde bag-bakja döreýär, ekin gögerip, harman beýgelýär. Ekin biten ilde bereket döreýär, bagt bulagy akýar. Şonda Ata Hamdamyň aýdan gepi ýadyma düşüp gidipdi: -Bir derýadan suw içen halk dogan bolýandyr. Täjik, özbek, türkmen bir akardan-Amyderýadan suw içýändir. Täjigistan daglaryň hem derýalaryň ýurdudyr, bilseňiz. Şonuň üçin Rudaki, Ferdöwsi, Unsuri ýaly şöhrat-şany Jahana ýaýran şahyrlarda, ady Äleme dolan “Bostan”, “Gülistan” eserleriniň içinden çeşme-çaý, bagy-gülzarlyk eriş-argaç bolup geçýändir... Sözden dörän derýalar-kitaplaram hiç wagta guramaýar, gaýtam ýyllar geçdigisaýyn has möwç alýar, kalbyňda lummurdaýar. Munuň hut şeýledigini Ata Hamdamyň kitraplary aýdyp dur. Haýp, şol gezek Duşandä baramyzda wagtymyzyň gaty gysbylygy, saparyň resmi bolanlygy üçin Ata aka duşup bilmedim. Diňe “Hä-ä, Ata akamy, juda ýagşy tanaýandyrys” diýen täjik kärdeşlerime salamymy gowşurmagy towakga edip gaýtdym. Salamam kelam ahyry! 8.08.2021. * * * Dörünip otyrkam, şeýle bir “hazynanyň” üstünden bardym. Sizem göräýiň: “Her bir sanyna sabyrsyzlyk bilen garaşylýan žurnalymyz «Diýara» täze ýyl arzwulary: Başy ak telpekli, egni possunly, Gutly bolsun täze ýylyň, «Diýarym!» Gujagy bagtyýar, goýny hoş günli, Gutly bolsun täze ýylyň, «Diýarym!» Aýdymlara nagma goşup, saza — heň, Gyş diýjeksiň, her günümiz ýaza deň, Demi bilen derýalary buz eden, Gutly bolsun täze ýylyň «Diýarym!» Teşne dostlaryňdan üzmezden araň, Her pursat bolgaý sen köňüldeş, ýaran. Bagtyýar döwrüniň şanyna saýrap, Asala ezilsin diliň, «Diýarym!» Hoş hyýallar içre oýlanýar her kim, Ýaýna ummanlarda balyk deý erkin. Her setiriň, jümläň, sahypaň — durkuň. Yşyny ýaýratsyn gülüň, «Diýarym!» 2015-den kändir tamamyz, Çawuny has giňden ýaý sen zamanaň. Arzuwma ýetjegne bolmaz gümanam, Gülleýärka ylym-bilim, «Diýarym!» Il-gün bir jan-u-bir ten bolar, Her sanyň ünsüni çekýär hemmeleň, Mukam bolup köňüllerde ýaňlanar, Kagyzly-galamly eliň, «Diýarym!» Hoş geldiň, täze ýyl, billeriň guşap, Gir sen eýýamlardan heňňama uzap, Okyja eýeleýäň hoş sözi sogap, Uzabersin ömür salyň, «Diýarym!» Bally SEÝITBERDIÝEW. (7.01.2015-de ýazylan ) * * * Şeýle bir zady okadym: “Ýüpek gurçugy 26 günde özüniň ilkinji janlanan günündäkisinden 56 müň esse ulalýar”. “Älem ajaýyplyklary” atly kitapda Madagaskar adasynda bir ýumurtganyň tapylandygy, onuň uzynlygynyň 35,2 santimetre, ininiň hem 22 santimetre ýetýändigi, şol ýumurtga gabygyna guýlan suwuň 8 litre ýetendigi ýadylýar. Şol ýumurtga towugyňkydan 140 esse uludyr. Her hili geň-taňlyk bar-ow! * * * Gündogaryň beýik şahyry, dana akyldary Saady-Şirazy, doly ady Musliheddin Abu Muhammet Abdulla ibn Müşrif Eddin öz ömrüni juda täsin ötüripdir. Gadymy ýazgylara, aýdylýan rowaýatlara görä, Saady 110 ýyl ömür sürüp, şonuň 30 ýylyny kitap okap, bilim almaga, 30 ýylyny syýahat-zyýarat etmäge, 30 ýylyny bolsa gazal, poemalar düzmäge sarp edipdir. “Bostan”, “Gülüstan” eserleri ölmez-ýitmezdir. * * * Hezreti Magtymgulynyň meşhur (onuň meşhur däl eseri-gazaly barmy diýsene!) “Şypa ber” atly goşgusynda: Hywanyň ýurdunda ýatan jenanlar, Ýa Ismahmyt, är Päliwan, şypa ber... diýilýär. Pälwanbaba, Pälwan pir, Är päliwan, Päliwan ata, Pilmahmyt atlary bilen il içinde ýörgünli bolan (häzirem şeýle) Mahmyt Pälwan 1247-1326-njy ýyllar aralygynda ýaşap ötüpdir. Öte okumyş, taryhçy, edebiýatçy Arazbaý Öräýewiň “Geçmişden eşidilýän ýaň” (Aşgabat, “Magaryf””,1992) kitabynda aýdyşy ýaly, Horezmin ýurdunda ýagyrnysy ýere degmedik pälwan, öňüne ussat düşürmeýän hünärment, ökde şahyr hökmünde tanalan. Ol din ugrundanam (kitapda agzalmasa-da) meşhurlyga ýeten şahs bolan. Mahmyt pälwan aradan çykandan soňra Hywada onuň guburynyň üstüne haşamly metjit-mawzoleý galdyrylypdyr. 1719-njy ýylda Şirgazy han şol metjidiň golaýyndan edil şoňa meňzeş edip ýene bir metjit saldyrypdyr. Okan medresine golaýjygynda gubury bolan Ismahmyt hezretleriniň ömri, döredijiligi, kesp-käri bilen Magtymguly uçgin tanşan bolmaly. Sebäbi Mahmyt Pälwanyň rubagylary, döreden käbir setirleri ýatan gubrynyň-metjidiniň diwarlaryna nagyş edilip, haşamly ýazylan. Tagta (häzirki Görogly) etrabynyň çägindäki iň uly ömlüýä Ysmahmyt ata diýilýär. Bu şol şahs bilen bagly bolmaly. Sebäbi oňa öňler Özbegistandan, Garagalpagystandan, Gazagystanyň bäri çetlerinden gelýän zyýaratçylaryň köpdügini özümem gördüm. Her anna ýa juma günleri Horezm welaýatynyň dürli ýerlerinden uly-kiçi maşynly, hat-da traktora tirkelen telejkada hem dolup zyýaratçy gelerdi. Sadaka berlerdi, gazan-gazan naharlar bişirilerdi. Häzirem her gün Ysmamyt işanyň mähellesi ýetik. Goý, ol ýere barýanlaryň zyýaratlary hem dileg-dogalary kabul bolsun! 11.08.2021. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||