23:40 Göwündäki gündelik -30/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Bäş-alty günlükde Seýitmyrat Geldiýew bilen Çendire gidip geldik. Kärdeşimiz, ykdysady ylymlarynyň kandidaty Gurban Rejebow ýerligi şol ýerden bolansoň, garry öýüne myhmançylyga çagyrdy. “Köne öý” diýilse-de, ol göbek gany daman ýerde-owadan jülgede şarňyldap duran, tüýs dokuzy düzüw jaý gurupdyr. Pah, şoňa ýanaşyp gidýän 5-6 gektarlyk bagyny aýtsana! Tüýs ýeriň üstündäki jennet diýleni. Içine girseň adyny tutan miweli agajyň bar. Eýýäm saýa salan, miweleri sallanyşyp duran hozlary, agajyna gyzyl reňk çalnana meňzäp bişen üljedir çereşnaýalary, alýaňak almalary... görseň keýpiň göteriliberýär. Umuman, gadymy Çendir jülgesi üýtgäpdir. Mülkdarlar, telekeçiler, ýer eýeleri paýlaşyp alyp, boş ýer goýmandyr diýen ýaly. Wah, ýöne Sumbar, Çendir derýalary gurap ýatyr-da. Walla, içinde mal içerlik suw kä ýerinde bar, kä ýerinde teýim-takyr. Aýdyşlaryna görä, gözbaşda-bu görünýän daglaryň aňyrsyndaky jülgelerde ýedi-sekiz sany howdan gurlup, bu derýalaryň suwy şolardan syzsa bärik akaýýarmyş, ýogsamam, bokurdagyň guraýmaly. Belki serhetüsti suwlary paýlaşmak hakynda bir döwletara çözgüdi tapylaýady-da! Bir gowy tapary, bag ekjek, ekin ýetişdirjek, mal saklajak, garaz, ýerden eklenjek adamlara döwlet tarapyndan suwlary burawlap-artezian guýularyny gazyp bermek doly diýen ýaly ýola goýlupdyr. Bu döwletli iş tüweleme, öň boş ýatan ýerlerem hak eýeli edipdir, bagy-bossanlygy döredipdir, ýoldan ýöreseň pada sürülerini geçirmek üçin ulagyňy saklap durmaly. Göz degmesin, sygyrlaryň ýelini ýere degjek bolýar, ökülzer gäwmüş ýaly, aýdyşlaryna görä, diri agramy ýarym tonna ýetýär. Pah, bu ýerde irden içilen gyzgynjak süýdüň, günortanlykda orta gelýän agaran-çalyň, kerkaw oduna gaýnaýan çeşme çaýynyň, şol köze bişýän çişlikdir tokly gapyrgasynyň, çorbadyr börtmäniň tagamyny aýtsana! Olary dadyp gören biler. Şonda duz-nesibe çeken bu toprak bilen bagly wakalar ýada düşüp gitdi. Belki sizem diňlärsiňiz! Türkmenistanyň tutýan meýdanynyň 80 göterimden gowragyny Garagum sährasy, 15 göterimini ekerançylyk, 4 göterimini bolsa daglyk ýer tutýar. Ynha, maglumatlara görä, Türkmenistanda ösümlikleriň 7 müňden gowrak görnüşi bitip, şolaryň 4 müňe golaýy pes, 3 müňden gowrak görnüşi bolsa ýokary derejeli ösümliklerdir. Ylmy maglumatlar, ýurdumyzyň iýmit senagatynda ulanylýan ýabany ösümlikleriň 42 görnüşiniň diňe daglarda bitýändigini habar berýär. Sumbar jülgesine tebigat gözellik taýdan aýratyn paý beripdir. Aýdere jülgesi-de Sumbaryň ugrunda ýerleşýän täsin tebigatly ýerdir. Ol Türkmenistanyň iň gözel künjekleriniň biri bolup, bir görene ýene görsem diýdirýär. Deräniň täsin tebigaty görenleri aňk edýär. Jülgäniň uzynlygy 30 kilometre ýetýär. Deňiz derejesinden iň pes ýeri Aýdere derýajygynyň Sumbara guýan ýerinde 660 metre, iň belent ýeri 1360 metre deňdir. Aýderäniň howa ýagdaýy dag-sähra häsiýetlidir. Günüň şöhlesi ýylyň ähli paslynda diýen ýaly ýokary derejede düşýär. Hazar deňzinden, günbatardan çygly howa akymlary süýşüp gelýär. Ýurdumyzyň we sebitiň beýleki ýerlerine garanyňda, tomsuna howa bu ýerde birneme salkyn bolup, gyş aýlary howada sowuklygyň 20 gradusdan geçýän, tomus aýlary bolsa gyzgynlygyň 40 gradusa ýetýän wagtlary-da bolýar. Ygalyň mukdary, köplenç 300 — 350 millimetr aralygynda bolýar. Tomsuna howa has yssy wagty hoz agaçlarynyň aşagy diýseň salkyn, jana şypa beriji, mylaýym howany emele getirýär. Jülgäniň we onuň töwereklerinde ýerüstüniň gurluşy daglyk we çuň jülgeler bilen kesilendir. Oňa töwereklerden onlarça dereler gelip goşulýarlar. Jülgäniň ýokary başyndaky uly çeşme gaýanyň aşagyndan çogup çykýar. Aýdere derýajygy öz ugrunda onlarça çeşmelerden düzülýär. Onuň iň uly goşantlary Annagara, Deýindere, Çarbag, Galyňhoz ýaly derelerden gözbaş alýan çeşmelerdir. Şularyň we beýleki çeşmeleriň suwy bilen Aýdere ýylyň bütin dowamynda akyp durýar hem-de Sumbara goşulýar. Bu jülgedäki çeşmeleriň suwunyň düzümi özboluşly duzly we kükürtli, turşy duzlardan ybaratdyr. Bu Köpetdagdaky ähli çeşmeler üçin häsiýetlidir. Çeşmeler her ýyl mart, aprel aýlary doly suwly bolýarlar. Derýajygyň ugrunda 4-5 ýerde bir-birinden owadan suw şaglawuklary-da bar. Annagara diýen deräniň ugrundaky 12-15 metr beýiklikden gaýdýan suw şaglawugy has-da gözeldir. Çeşmäniň akýan ugurlarynda dürli agaçlar, otlar gögerip, täsin gözelligi emele getirýär. Aýderäniň suwy jülgäniň iň ýokarsyndaky Garasuw diýen çeşmeden başlanýar. Aýdere derýajygynda balyklaryň 6 görnüşi duş gelýär. Jülgäniň ösümlik we haýwanat dünýäsi-de özboluşlydyr, baýdyr, täsindir. Günbatar Köpetdagda medeni ösümlikleriň ýabany kowumdaşlarynyň 60-dan gowragy duşýan bolsa, Aýderede 51 görnüşine gabat gelinýär. Olar 5 topara bölünip, miwelilere 19, otlara 16, dänelilere 4, gök-bakjalylara 3, bezeg ösümliklerine 9 görnüş degişlidir. Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna girizilen, ýitmek howpy abanýan, gyt we seýrek ösümlikleriň 20-ä golaý görnüşi duşýar. Olardan arçany, nary, hozy, deresoganyny, alwany, almany, armydy, çigildemleriň iki görnüşini görkezmek bolar. Jülgede duşýan endemik ösümlikleriň görnüşleri-de az däldir. Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna girizilen haýwanlaryň dürli görnüşleriniň 25-e golaýyna Aýderede duşmak bolýar. Baryp XIX asyryň ahyrlarynda bu töwereklerden geçip giden jahankeşdeler Günorta-Günbatar Türkmenistan hakynda «...sebit öz geografiki ýerleşişi boýunça-da, howasynyň üýtgeşikligi boýunça-da miweleriň ülkesi bolup haýran galdyrýar» diýlen ýazgylary galdyryp gidipdirler. Günbatar Köpetdagyň ösümlik dünýäsiniň özboluşlylygy Ortaýer deňziniň we Zakawkaziýäniň sebitleriniň tebigy we taryhy arabaglanyşygy bilen şertlendirilendir. Munuň sebäbini Günorta Hazar eteginiň çyglyk ýerine ýakyn ýerleşenligi bilen düşündirip bolar. Şonuň üçinem geçen asyryň 30-njy ýyllarynda akademik N. I. Wawilow Meksikadan şiresinden kauçuk alynýan gwaýula ösümligini getirýär hem-de ony bu ýerde ilkinji gezek ekmegi guraýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň Magtymguly şäherçesindäki ylmy-önümçilik synag merkeziniň taryhy şol döwürden başlanýar, has takygy, ol ýerde synag stansiýasy döredilýär. Alymlardyr hünärmenler bu ýerde indi bir asyra golaý wagt bäri ylmy işleri geçirip gelýärler. Alymlar bu ýerde Günorta-Günbatar Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň genofondyny döredýärler. Merkeziň ösümlik serişdeleri — miweli, subtropiki, miwesi şänikli baglaryň, üzümleriň janly kolleksiýasy. Botanikler, seçgiçiler, beýleki hünärmenler merkeziň hereket edip gelýän ilkinji günlerinden bäri şol iş bilen meşgullanýarlar. Bu ýerde nar, injir, zeýtun, hurma, erik, şetdaly ösýär. Miweleriň görnüşlerini näçe sanasaň sanap oturmaly. Merkeziň fondlarynda we kolleksiýalarynda miweli hem-de subtropiki baglaryň 1937 görnüşi bar. Häzir merkeziň alymlarynyň we hünärmenleriniň ygtyýarynda 734 gektar ýer bar. Çigitli we şänikli miweli baglaryň 80 göterime golaýy, subtropiki agaçlaryň hemmesi merkeziň genofondunyň esasynda döredildi. 1891-nji ýylda guberniýanyň kätibi Ý.Tairow Zakaspiý oblastynyň naçalnigi general-leýtenant Kuropatkine: «Aýdere jülgesinde tokaý bilen örtülen ýerler 14 wýorsta deň. Badam agaçlarynyň köplügi ünsüňi çekýär. Olar deräniň diňe içinde däl, dagyň iki eňňidinde hem ösýärler, hemmesi hem hasyl berýär, köpüsi ajy däneli. Nohur obasynyň ýaşaýjylary süýji badamyň miwesini ýygnap, artykmajyny Aşgabada we Gyzylarbada äkidip satýarlar. Her ýyl süýji däneli badamyň miwesinden 200 — 300 put, ajy badamyň miwesinden 1000 —1500 put ýygnap boljak. Aýderede amatly klimat şertleriniň bolmagy bilen, badam plantasiýalaryny döretmek üçin çäreleri geçirmeli» diýip ýazýar. Şondan birnäçe wagt geçenden soň geçirilen barlaglar Ý.Tairowyň maglumatlaryny tassyklady. XIX-XX asyrlarda Aýderäniň tebigatyny öwrenmek boýunça geçirilen barlaglar biolog alymlar üçin bu jülgäniň hakyky tebigy, tejribe laboratoriýasydygyny subut etdi. 1935-nji ýylda görnükli alym A.W.Gurskiý ilkinji gezek Aýderede, Porderede, Hozlyderede bitýän hoz agaçlarynyň sanawyny geçirýär. Şonda Aýderede 1145, Porderede 560, Hozlyderede 129 agajyň barlygy ýüze çykýar. Dünýä belli görnükli alym N.I.Wawilow geçen asyryň 30-njy ýyllarynda Sumbar jülgesine gelýär we ülkäniň täsin tebigatyna muşdak bolýar. Uly Balkan dagy ýurdumyzyň günbataryndaky beýik hem-de täsin künjekleriň biridir. Onuň iň beýik Arlan gerşi deňiz derejesinden 1881 metr belentlikdedir. Uly Balkanyň dumly-duşy çöl, düzlük relýefi bilen gurşalandyr. Demirgazygynda Çilmämmetgum çöli, günortasynda Kelkör we Darja düzlügi, gündogarynda bolsa Garagumuň çäge giňişligi ýaýylyp ýatyr. Uly Balkan dagy gadymy Uzboýuň orta akymyndan günbatarda Belek stansiýasyna çenli 130 — 150 kilometre uzaýar. Ýerüsti relýefi, fiziki-geografiki şertleri, geologiki we geomorfologiki aýratynlyklary boýunça Gündogar, Demirgazyk gerişlere, Merkezi ulgama bölünýär. Gündogar bölegine Arlan, Annanyýaz, Örümlije, Düneşgala, Ekerem gerişleri girýär. Gündogary belent gaýaly, dik jarly, çuň jülgeli dag bölekleri bilen utgaşýar. Bu ýerde ululy-kiçili gowaklar ýerleşýär. Olardan Jebel gowagy arheologlaryň pikirine görä, ilkidurmuş adamlarynyň duralgasy bolupdyr. Gündogar gerşiň günbatar eňňidi dik jarly, kert gaýalydyr. Dagyň demirgazyk-gündogar eňňidi ýuwaş-ýuwaşdan ýapgyt bolup, Garagum çölüne aralaşýar. Gör-ä, wagtyň suw ýaly akaýşyny! Görüp otursam, Garrygaladaky şol agzalýan instituta baryp görenime çärýek asyrdan agarak wagt boluberipdir. Ondan bäri köp zat özgeripdir. Arman, köne kolleksiýalar, seleksiýanyň köne nusgalary biteňkirläpdir, dagapdyr. Olar gyzyldan gymmat ahyry! Eýe gözi, onda-da hamraklyk hossarlygy nähili zerur! 21.07.2022 * * * Öň okalan zatlaryň güpbe ýada düşmegine birden sebäp tapylaýýar. Ynha, Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystanyň serhedi aralykda awtomobil ýoluny, şeýle-de Garabogaz köl aýlagynyň üstünden awtomobil köprüsini gurmak, bu taslamany Ukrainanyň “Altkom” kompaniýasyna tabşyrmak hakdaky Karar hem hakyda depderiniň şu sahypasyny açyp goýberdi. Ýeri gelende aýtsam, “Altkom” Amydarýanyň üstünden awtomobil hem-de demir ýol köprülerini guranda tüp yssyda-da, aldajy sowukda-da, çapgyn şemally wagtam baryp görüpdim, däli Jeýhunyň iki kenaryny birikdirjek bu gurluşyk hakda uly publisistik makalalar ýazypdym, telegepleşikler taýýarlanypdy. Garaz, ol desgalar 2017-nji ýylda dabaralay açylanda, telpegimi ýyrtjak bolup begeneniň biri men bolupdym. Ine, indem täze Karary okap, “baryp görüp bolaýsady!” diýip, göwün ýüwürdip otyryn. Ýogsam Awazadan Garabogaza çenli 230 kilometrlik ýoldan nijeme ötüp görüpdim-le. Hä-ä, taryh gatynda öçmez bolup galan şol waka dolanaly. Ol 1933-nji ýylda geçirilen Moskwa-Merkezi Aziýa awtomobil ýörişi. Türkmenistan SSR Halk Komissarlar Sowetiniň 1933-nji ýylyň 8-nji iýulynda çykaran № 401 Kararynyň göçürmesi saralyp gidipdir. Şol resminamada umumysoýuz ähmiýetli bu awtoýörişiň Daşkent-Çärjew- Daşhowuz-Garabogaz-Krasnowodsk (şäher atlary şol Kararda ýazylyşy ýaly alyndy-G.O.) aralygynda geçjek ugrunda edilmeli işler, guralmaly çäreler takyk beýan edilipdir. Birwagtlar ýazylan setirler Türkmenistanyň içindäki ýollaryň şonda gaty ýaramaz ýagdaýdadygyndan habar berýär. Ylaýta-da, Dänew, Tagta, Daşhowuz, Porsy, Köneürgenç, Garabogaz taraplarynda ýollaryň durşuna akanak-çukanakdygy, diňe araba ýörärlik derejede dardygy, tomsuna göterilýän tozandan ýaňa gözüňi açyp bolmaýandygy, gyşyna bolsa lüýk bolup ýatan palçyk-batganyň hupbatyndan ýöräp bolmaýandygy... aýdylýar. Hökman göz öňünde tutulmaly mesele hem geçilip gidilmeli ugurlarda bar bolan köprüleri 7 tonna agramlykdaky awtomobiller üstünden öter ýaly derejede oňarylmak, suw ötüklerini abatlamak diýlip kesgitlenen. Guralmalay medeni çäreler, halk bilen duşuşyk, bu wakanyň ähmiýetini düşündirmek, ýaýmak... hem göz öňünde tutulypdyr. Moskwa-Gorkiý-Kazan-Samara-Orenburg-Aktýubinsk-Gyzylorda- Çimkent-Daşkent ugry boýunça guralan bu ýöriş 1-nji iýulda Moskwadaky Gyzyl meýdandan başlanyp, 25-nji iýulda hem Daşkente gelmeli eken. Bu şäherde 4 günläp dem-dynç alnandan soňra ýene ýola düşülip, indiki ugur Daşkent-Samarkand-Çärjew-Daşhowuz-Garabogaz-Krasnowodsk boýunça dowam etmeli diýlip kesgitlenen. Türkmen kenaryndaky port şäherinden, “Orta Aziýanyň deňiz derwezesi” diýlip atlandyrylan Krasnowodskiden ähli maşynlar gämä ýüklenip, Bakuwa aşyrylmaly, soň bolsa Kawkazyň içi bilen yzyna-Moskwa barylmaly edilen. “Bütinsoýuz ähmiýetli” diýlip gaty takyk kesgitlenen bu ýörişiň maksady Sowet Soýuzynyň zawodlarynda öndürilýän dürli kysymdaky maşynlary geografik, klimat-howa hem-de ýol şertlerinde synap görmekden, ol maşynlara goýlan tekerlerde ulanylan, Soýuzda öndürilen rezinleriň, sintetiki kauçuklaryň, elektrodetallaryň, beýleki enjamlaryň, howa filtrleriniň... çydamlylygyny agyr ýollarda synaga salmakdan ybarat bolupdyr. “Uzaklygy taýdan deňi-taýy bolmadyk bu awtomobil ýörişiniň ýene bir hökmany şerti bolsa maşynlaryň çöl şertlerindäki ýagdaýyny bilmekdir. Geljekde Garagum ýaly dünýäde iň uly hem baýlykly çöli adamyň hyzmatyna goýmak üçin bu sährany özleşdirmeli, onuň goýnunda dürli senagat desgalaryny gurmaly bolar. Munuň üçin bolsa awtoýollary çekmek, ýowuz şertlerde dürli kysymly awtomaşynlary ulanmak zerurlygy öz-özünden düşnüklidir” diýlip, bu ýöriş bilen bagly resminamalarda ýazylan. Şeýlelikde, ýöriş üçin 1,5 tonna ýük göterýän “GAZ” maşynynyň 6-sy, şeýle hem üç okly “GAZ” maşynyň 6-sy, “GAZ” ýeňil awtomaşynyň 6-sy, “AMO” ýük maşynynyň hem 2-si-jemi 20 awtomaşyn alnypdyr. “Ýörişiň iň kyn bölegi Garagum çöli boldy. Akyp ýatan, diňe maşyn däl, eýsem adam aýagy hem degmedik çägeler tigirleri gömüp taşlaýardy. Ahyrsoňy kelep ujuny ýitirip, Köneürgençden biz köne kerwen ýollaryny bilýän yzçylary ýanymyza almaly bolduk. Şonda-da üstüňe abanyp, howuňy basýan aňňat-aňňat gum depelerini aralap ötmek şeýle bir jebir berýärdi weli, aýdyp-diýer ýaly däldi. Şeýle bolanda düýelerdir ýabylara, hatda eşeklere çekdirip maşynlarymyzy “çäge hüjüminden” azat etmeli bolan gezeklerimiz köp boldy. Türkmenleriň “ýol azaby-gör azaby” diýen nakylynyň hakyky manysyna Garagumuň akyp ýatan, duýdansyz durkaň tüweleýi bilen ýol-yzy gömüp taşlaýan, suwsuz galsaň, derrew ajal bilen ýüzbe-ýüz edýän tebigy gyňyrlygyny gözi bilen görenler gowy düşünerler. Bu ýowuz çölüň hiç zatdan eýmenmeýän hakyky “maşyny” bolsa “çöl gämisi” diýlip atlandyrylýan düýelerdir” diýip, ýörişe gatnaşanlar soňra öz ýatlamalarynda ýazypdyrlar. Umuman, bu ýörişiň öz döwrüniň uly syýasy-jemgyýetçilik, şonuň bilen birlikde-de ylmy-tehniki, geografik taýdan diýseň ähmiýetli waka bolandygyny ýene bir öwre bellemek gerek. Ine, indi nesip bolsa Garabogazy gabatlap gidýän şol ýol dünýä ülňülerine laýyk derejede gurlar. Şol ýoldan tälkewsiz öter ýaly gadymy kitaplarda, halk hakydasynda “Ajyderýa” diýlip atlandyrylýan Garobogaz aýlagynyň üstünden mizemez köpri salnar. Görmäge gözümiz sag bolsun! 24.06.2022. * * * Ýolbarslar doglan çagasynyň içinde ejizrägi, çala hyltlysy bolsa öz eli bilen ýok edýän eken. Elbetde ulalanda lellm, aýakbagy, ejemogly bolmasyn üçin şeýdýändir. Ylym-zoologlar hem şeýle düşündirýär. 30.06.2022. * * * Russiýanyň “НТВ” teleýaýlymynda ildeşimiz, kinorežissýor Myrat Aliýewiň düşüren “Кодекс чести” atly serialy başlanýaram weli, telewizoryň öňüne baranymy bilmän galýan. Ýogsam wagtymy bisarpa tutmazlyk üçin gaçgynym telewizor. Her gün irden sagat 6-da turup, öz çaýymy özüm demläp, göwün islän ertirligimi howludaky giň tapçanyň üstüne çykaryp, guşlaryň sesine radionyň “Miras” ýaýlymyndan berilýän säherdäki dutar owazyny garyp, çaý owurtlsam, keýpim zaraňlanyberýär. Şondan aňrybaş lezzet bardyr öýdemok. “Onda agşamara telewizoryň öňünde nä körüň bar?” diýjeksiňiz. Jogaby şeýle: kino maýyl bolup däl, şoňa ildeşimiziň, onda-da tutuş Russiýaly kärdeşleriniň aglabasyny zähmeti, zehini bilen ompa oturdyp bilýän Myrat Aliýewe tagzym hökmünde şeýdýän. Öz ildeşiň alys illerde bolsa-da, şeýdip “göz görkeziberse” türkmendigiňe bir gez beýgelmezmiň eýse? * * * Juda zehinli, diýseň tanymal adamlaryň ýürekleri hamrak, göwünleri ýuka bolýan bolmaly. Muny nämeden aýdýan diýseňizläň? Düýn-öňňun ady dünýä dolan artist Ýuriý Nikulin bilen bagly bir zat okadym. ...Säher bilen işe barýan Ýuriý Wladimirowiçi juda haýykdyran garaşylmadyk hem diýseň pajygaly hadysa bolýar. Ýaşajyk aýal alty ýaşly oguljygynyň elinden tutup köçeden geçjek wagty batly gelýän awtomobiliň aşagyna düşýär. Zenan bada-bat ýogalýar. Batly urgunyň zarbyna ejesiniň elinden sypan çagajyk diri galýar. Ýuriý Wladimirowiç derrew egnindäki penjegini çykaryp, jesediň üstüne ýapýar. Muny çaga gan görüp haýykmasyn üçin edýär. Yzýanam milisiýa hem, “tiz kömek” hem ýetip gelýär. Bolan pajygany görüp, “ah” “wah” edýärler, kim günäli, kim günäsizi seljerip ugraýarlar. Boýurganyp aglap oturan çagajyga weli ünsem berilmändir. Belli ariste gözleri düşen milisionerler ellerini papagynyň etegine ýetirip, hormat alamatyny edýärler, beýleki adamlar baş egip salam berýärler, gapdala sowlup ýol berýärler. Ýüregi içine sygmaýan, boýur-boýur gözýaşyny saklabilmeýän oglanjygy köşeşdirmekden ötri, artist boýnundaky gyzlymtyl galstugyny sypyryp, oňa sowgat berýär. Ýüzüne balarysynyň şekili goýlan galstugy oglanjygyň gözügidijilik bilen synlaýanyny Ýuriý Wladimirowiç duýupdyr. Soňam taksi saklap, salgysyny zordan düşündiren çagany enesiniňkä äkidipdir. Asyl şol gün Moskawadaky meşhur “Светной бульвар” sirk gümmeziniň “pygamberiniň” ýapon delegasiýasy bilen duşugy bolmaly eken. Belleşilen wagtdan bir ýarym sagat geçirip gelen, özem kabul ediş jaýyna penjeksiz giren (protokol kadasy boýunça şol penjek daşary ýurtda ýörite buýrdulyp tikdirilen eken), üstesine-de, ak köýnegi galstuksyz, ýeňleri tirsegine çenli çermelen Nikuline gözi düşenler geňirgenipdirler. Ýapon toparynyň ýolbaşçysy Ito Kobaýasi bolsa muny äsgermezlik, resmi protokol düzgünlerinden çykmak hasaplap, sirkiň jaýyndan bilgeşleýin çykyp gidipdir. Diňe bäş ýyl geçenden soňra bolan wakalaryň änigine-şänigine magat göz ýetiren Kobaýasi Nikulini Ýapon paýtagtyna çagyryp, onuň yzyndan kompaniýasyna degişli bolan uçary ýörite ugradýar. Tokioda bolsa... Ýuriý Wladimirowiçi resmi adamlaryň ýetmiş sekizisi penjeksiz, galtsuksyz, ak köýnekleriniň ýeňlerini tirsegine çenli çermäp, baş egip garşylýaralar. Şol döwürde belli artist “Kiçijik gaçgak” atly sowet-ýapon çeper kinofilminde surata hem düşýän eken. 8.08.2022. * * * Edebiýatçy alym, ençeme ýyllap Türkiýäniň ýokary mekdeplerinde işläp gelen, öz döwründe türkmen-türk sözlügini düzmäge gatnaşan Jepbar Gökleň eli bir tagta kagyzly geldi. Aslyýetinde biz onuň bilen köneden gatnaşykly. - Türk gardaşlar türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň Garaşsyzlyk ýyllaryndanky antologiýasyny çykarjaklar. Galamasam şunda ýazaylandyr. Şol kagyzda şeýle ýazylypdyr: “ Garaşsyzlyk ýyllarynda ýazylan Bazar Öwezowyň “Azan sesi”, Gurbannazar Orazgulyýewiň “Sünnet toýy”, Sapargeldi Annasähedowyň “Günä ýükli kerwen” ýaly hekaýalarynda sowetler zamanynda halkyň müňlerçe ýyllyk däp-dessuryny ýok etmäge çalşylandygy beýan edilýär. Ýazyjy Ýagmyr Pirgulyýew “Obadaşlarym” (1930) atly powestinde metjidiň ýykylyşy we muňa obadaşlarynyň dil ýaryp bilmeýändiklerini nygtaýar. Görnüşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýazyjylar geçmişiň gara tegmillerini, halka çekdirilen ezýetlerini çeper dilde suratlandyrýarlar. Ençeme ýazyjylar, şahyrlar şu neşirleriň saýasynda (bolşy ýaly göçürýärin) eserlerini çap etmäge mümkinçilik aldylar. Türkmen edebiýatynyň batly deghinlerde ösýän şu döwründe K.Kulyýewiň “Ömür kerweni” (2010), G. Orazgulyýewiň “Bagt bijesi” (2010), J.Mülkiýewiň “Seljuklar” (2010), A.Allananazarowyň “Ojak” (2008) kitaplary neşir edildi. Zehinli ýazyjylaryň biri Gurbannazar Orazgulyýewiň “Bagt mukamy” (2015) atly kitabyndaky hekaýalar milli ýaşaýşymyzyň dürli taraplaryny täsirli açyp görkezýär. Onuň “Ak çägäniň aýdymy”, “Kerwen ýoly”, “Aw”, “Bedew sesi”, “Lakam”, “Sähra syry” ýaly hekaýalaryny okan adam muňa anyk göz ýetirýär. Onuň publisistik eserlerinde hakyky, anyk wakalar suratlandyrylýär, göreldeli adamlaryň atlary, ýadawsyz zähmeti bilen bilen döwletimiziň mynasyp raýaty bolup bilýän, sylagly, dürli kärlerde işleýän, halkyň hormatyny gazanan zähmet weteranlarynyň diýseň täsirli, çeper keşbi döredilýär. Ýazyjynyň, ýokarda-da nygtaýşymyz ýaly, “Bagt mukamy” diýen kitabynyň “Heňňam hekaýatlary” diýlip atlandyrylýan bölüminde-de şeýle kysymdaky eserleriň ençemesi ýerleşdirilipdir”. Döredijilik adamy, onda-da ýazyjy-şahyr üçin eseriň çykmagy, onda-da özge dilde, alys illerde çap edilmegi uly-toý baýram ahyry. Şeýle bagt eline galam alanlaryň hemmesine nesip etsin! 14.08.2022. * * * Lebap ýakalaryna , has anygy, Köýtendaga sapar-seýran edip geldim. Nähili gözel ýerler! Köýtendag Aşgabatdan 1100 kilometr uzakda. Gör-ä, biziň ýurdumyzyň nähili giňdigini! Aşgabat-Kerki uçar gatnawynyň bijaý bähbitli bolandygyny uçup göreňde bilýäň. Öňler Türkmenabatdan Kerkä baryp, soň Kerkiçä geçip, ondanam Köýtene aşjak bolsaň, 500 kilometr çemesi ýoly ulagda yranyp geçmelidi. Indi hezillik! Kerkiniň halkara aeroportuna bir sagat uçaňsoň, düşäge-de, Amydrýanyň üstünden gurlan köprüden Kerkiçä geçipjik, hatar gurap duran kafe-naharhanalaryň birine sowlaga-da, ýagly lakgadan ýa-da gulaç boçly ak amuryň gowrulansoň goňras öwsüp duran oňurgalyja (gylçyk bolmasa gowu-da) ýerinden garny gözäp, ulaga münersiň weli, tä Köýtene ýetýänçäň ýeňsäp gyzyp, diliň süýjäp barýandyr. Bu mekan weli ýol sökeniňe, göreniňe, ýadaýançaň gezeniňe degýän diýseň gözel künjek. Ýazam-a owadandyr weli, güýzem “pah” diýdirýär. Arnap bagyny aýtjakmy, “Müň ýaşandyr, gör-ä, gabarasy gara öý ýaly bolup tegelenip oturan bu çynaryň bir gapdaly ýarylyp, içine girseň, dört adam arkaýyn çaý içip oturmaly eken” diýdirýän, şonda-da başy bulut direýän, saýasyna toý märekesi ýerleşjek ak çynary (asyl olar üç-dört bär) durup-durup synlamagyň, içine girip surata düşmegiň, “Dinozawrrlaryň aýak yzlary” diýilýän täsin jüljä baraňda, gabaraly tuduň aşagynda döwre guran oral aýallaryň hödürleýän dürli dermanlayk ot-çöplerini synalamagyň, ysgap, eliňe alyp görmegiň, soňam “öýde çaýa demläris” diýip, alyp gaýtmagyň, çorbasy narpyz otunyň suwunda gaýnap, bişip, gaýnagy gaýdansoň, gazanyna çekize guýlup garylýan köýten unaşyndan çemçe dolduryp içmegiň, “Beh, etiniň beýle süýşj-şirelidigini” diýdirýän, üstüne arça pürleri goýlup bişirilen tamdyrlamany bezm edip iýmegiň, dört töweregini dag gerişleri gurşan Köýten kölüni aladaňdan Gün ziresi suwa düşende ýa-da gijöýlänler synlap, Şwesiýada agyn şeýle görnüşleriň bardygyny ýatlap, “Ine, jahankeşdeleri getirseň, göz eglejek täsinlik!” diýip gobsunyberşiň... gataz, täsinlik-geňlik näçe diýseň bar. Eýsem siz Köýten töwereklerinde bişen hoza “ýaňak” diýilýänini eşidipmidiňiz?! Eşidip, gyz ýaňagyny ýatladyp duran, ýap-ýaňyja ýyglansoň gyzlymtyl öwüsýän hozalary synlap, soňam deňeşdirmäni göz öňüne getirip, “älhepus, bilip dakypdyrlar-ow” diýip, agyz suwartmazmyň?! Garaz, seýil-seýran etseň, täze dünýä düşen ýaly bolaýýaň. 13.10.2022. * * * “Türkmenistan” gazeti juda haýyrly, asly sogaply, iň esasam, eline alan okyjyny ýüpsüz baglajak bir täzelik tapdy. Tüýs şahyr Kakamyrat Rejep baş redaktor bolsa bu şeýle bolmalam-da! Anyk aýdanda, edebiýat äleminde sütün-sütün bolup geçen läheňleriň ýatlamalaryny, döredijilige, durmuşa, halypa-şägirtlige, terjimä... degişli oý-pikirlerini bermegi däbe öwürdi. Hernä uzagyndan bolsun, her hepdede bir gezeg-ä hezil edip okap bolýa. Ynha, 1930-2005-nji ýyllar aralygynda ýaşap öten, okyjylara “Bagt hakynda rowaýat”, “Gökdere ýaýlasynda”, “Göroglynyň gözleginde” ýaly diýseň gyzykly kyssa eserlerini goýup giden, Gogolyň 5 tomuny, Tolstoýyň 14 tomuny, Çehowyň 3 tomuny, Gorkiniň 16 tomuny, Puskiniň, Nekrasowyň, Kupriniň, Çernyşewskiniň, Dostoýewskiniň hem-de başga-da nijeme ýazyjy-şahyrlaryň dünýä meşhur eserlerini türkmen diline terjime eden, okaňda “Bäý-bä, rus dilindäki asyl nusgasam şunça barmyka?!” diýdiren Sapargeldi Annasähedowyň (okyjylaryna Sapageldi Annasähet Iner ogly diýdirip tanadan şahsyýetiň) ýatlamasynda şeýle pend-u-nesihat bar: “Köstsüzlik, owadanlyk, sazlaşyklylyk, rejelilik ýazyjynyň öndürýän önüminiň iň tebigy ýagdaýy bolmalydyr. Bu barada sähelçe-de geçirimlilik etmek gadagandyr. Eger bagda saýraýan sary bilbiliň jürküldisi öňkä garanda gyrygrak çykyp başlasa, tebigatyň sazlaşygy nähili aýylganç bozulardy! Eger älemgoşaryň gyzyl ýa şary reňki öňküsinden öçügsi görünse, onda biz özümiziň ägirt uly galaktikamyzyň haýsy çarhy bozuldyka diýip howatyr ederdik!” Ýa-da ynha, şu setirler ähli döwürlere degişli hem-de mydamalyk möhüm dälmidir: “Ýazyjynyň zehininden hem zähmetinden döreýän çeper çeper edebiýat, hakykatdanam, hüýr-peri ýaly gözüňi gmaşdyrýan hem huşuňy uçurýan owadan zat. Emma ol hiç kime hyzmat etmeli däldir diýýän edebiýatçy nämamladyr. Beý diýmek, edebiýatyň jemgyýetçilik gymmatyny ýoga çykarýar”. * * * Ynha-da şol gazetiň soňky sanlarynyň brinde milli edebiýatymyzda ymgyr kän iş bitirip giden, “nädip ýetişdikä?” diýdiren, şeýle-de her eserini diýseň sünnäli döreden halypa ýazyjymyz Osman Ödäniň “Hakyda topukçalary” eserinden bölek çap edilipdir. Osman akga şeýle diýipdir: “Herki zadyň döremeginiň öz sebäpleri bolýar. “Hakyda topukçalarynyň” hem döremeginiň öz sebäpleri bar: kitap okanyňda ýa-da söhbetdeşlikde gowy jümläni, pähimi eşidýärsiň. Men okan kitaplarymdan, eşiden gürrüňlerimden gowy gören, şeýle hem serime gelen jümläni, pähimimi depdere göçürmegi, belläp almagy endik edindim. “Hakyda topukçalary” 1982-2001-nji ýyllar aralgynda depderime bellän jümlelerim...” Ýazyjy muny has delillendirýär: “Gündeligim-meniň syrdaşym, syrly sandygym. Hyjuwumyň sarç keýik deýin baş bermedik çagy, şatlygymyň dolup-daşan pursady men elime gündeligimi alýaryn. Adama özünden gowy düşünýän ýok. Şonuň üçin men gündelikde öz-özüm bilen bolýaryn. Sen beýle bol, sen eýle bol diýip, öz-özüme maslahat berýärin. Gündeligim-içki menimdir, wagt geçse-de, soňundan ýaşlygym bilen duşuşmak mümkinçiligimdir. Gündeligim-meniň öz-özüm bilen içdöküşmelerimdir”. Beýle endik hemmä, ylaýta-da galam ujundan çörek iýýänlere eýgertse, ne söz! Ine, şol “topukçadan” käbir paý: Adam hemişe her bir synaga taýyn bolmaly. Pygamberler hem öz döwründe uly synaglara duçar bolupdyrlar. Hezreti Ýusuby gul edip satypdyrlar. Hezreti Ýakubyň gözleri kör bolupdyr. Hezreti Ýunusy balyk ýuwdupdyr. Hezreti Ybraýyma öz ogluny gurban etmek buýrulypdyr. Ynha-da, Osman akganyň ýene-de bir gulakda galmaly öwüdi: “Adamyň özüni alyp barşyna syn ediň, onuň edýän-goýýan işlerine düşünjek boluň, dynç alýan wagtyňyz boşuny synlaň. Şondan soň hem oňa düşünip bilmediňizmi? Onda ondan daşrak boluň! Adamyň özüni alyp barşy-onuň içki dünýäsiniň aýnasydyr”. Şeýle zatlary okasaň, ägirtleriň-ökdeleriň aýdan geplerini ýürege siňdirseň, beýgelen ýaly bolaýýaň. 18.10.2022. * * * Ine, şu wagtam ýene şol pikir-sowal kellä gelýär: “Meger, dünýäde iň baý adamlaryň biri men bolsam gerek”. Dogry, menden puldar, meniňkiden has kaşaň, köşge gaýra dur diýdirýän ötlem-ötlem jaýly, meniňiden has gymmat, ýüwrük maşyn-ulagly kişileriň kändigine gözüm ýetik. Ýöne ynha, hekaýa ýa oçerkiň soňky nokadyny goýýan weli, dünýäň iň aňrybaş baý kişisi men bolýan duruberýän. Sebäbi puldaryň puly tükener (ylahym, tükenmäwersin), köşgi-eýwan köneler, çagşar, ulag, geýim-gejim tozar, dogrumy?! Ine, meniň galamymdan çykan eserler weli, ilki gazet-žurnalda ýalpyldar, şonda okanlar jaň eder, “höwri köp bolsun!” diýer, men bolsa oglum bolan ýaly begenerin (ogly bolan adam iň bagtly, iň baý adam-a), birhili hekgeren ýaly bolaryn (bu ulumsylyk däl, göwnüň suwlanmagy), ýene hyjuwlanaryn. Kagyz gatynda galan şol ýazgylar ýene ýüz, belki ondanam köp wagtlap ýalypldar durar, hökman gerekleýän okar, ylmy iş ýazylar, we ş.m. Şonda “Hä, muny şu ýazypdyr-ow” diýip, meniň adymy tutarlar. Ine, onsoň degşirip, ölçäp-çenäp biliberiň, kimiň baýdygyny, derjelidigini! Ine, şu wagtam “Mele suwuň mukamy” atly oçerke soňky nokady goýjak bolup, kelle döwüp otyryn. 6.11.2022 * * * Aldygyna kitap okaýan. Sag bolsun, kitaphon Guwanç jan, (Mämmetgeldiýew) ýanyna baramda goşa kitaby goluma gysdyryp goýberdi. Biri “Taryhdaky yzlar” ( След в истории) tapgyryndan Leonid Brežnew hakdaky , beýlekisem, Nikilaý Zenkowiçiň Boris Ýelsin hakdaky kitaby. Sahypalarynyň hersi bir taryh parçasy. Ynha, öz döwründe SSKP diýilýän diýdimzorlukly düzgüniň ideologiýasyna 1955-nji ýyldan tä ömrüniň ahyryna-1984-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk eden-Merkezi Komitetiň sekretary wezipesinde oturan Mihail Suslowyň günäsi bilen sowet halky (sol sanda biz hem) döwrüň iň talantly, guýmagursak ýazyjy-şahyrlarynyň naýbaşy kitaplaryndan, sahna hem kino eserlerinden binesip galypdyrys. Hat-da ol ilkibaşda Mihail Şolohowyň “Ýuwaş Don” kitabynyň çap edilmegine hem garşy bolup, birnäçe bölümlerini gaýtadan işledipdir, hegözel ýerleini parçalap, sahypadan gopardyrdyr. Meşhur kiborežissýorlar German, Tarkowskiý, Klimow, Eldar Rýazanow dagynyň döreden kinolaryny ekrana goýbertmän, öňüne demir gözenek goýupdyr. Ýazyjy Dudinsowyň “Не хлебом единым”, Grossmanyň “Жизнь и судьба” ýaly ajaýyp kitaplarynyň çap edilmegini gadagan edipdir. Kitapda “Dünýäniň ähli sagatlaryny bu adamyň takyklygyna düzse bolardy, ýagny ol irden 8 sagat 59 minutda işe gelip, agşam bolsa 17 sagat 59 minutda işden çykyp gidýärdi” diýilýär. Ýene bir täsin ýazgy: Suslow 1955-nji ýylda egnine geýen gabardinden (matanyň bir görnüşi-G. O.) tikilen paltosy bilen rezin galoşynyny ömrüniň ahyryna çenli täzelemändirem, çalyşmadyram. ”Şeýle geýim-gejimleri Moskwada iň soňuna çenli geýen Suslow bolsa gerek. Syýasy Býuronyň ýütgewsiz agzasy, tutuş Soýuzyň ideologiýasyny elinde saklan adamyň bu görnüşi döwürden yza galanyň, gadymýeti küýseýäniň simwoly bolup gözde galýardy, ýakymsyz täsir döredýärdi” diýlip ýazylan. “Onuň bu boluşy hemmäni kejikdirýärdi (syýasy býurodakylar manysynda). Bir gezek aeroportda kimdir birini garşylajak, ýa-da ugratjak bolup durkak, Leonid Iliç (Brežnew) ýarym degişme bilen: “Mihail Andreewiç, gel, biz-Syýasy býurodakylaryň hersi bir gyzyl onluk zyňyp, saňa modaly-şaplaşyp duran palto alyp beräýeli” diýdi. Suslow düşündi, paltosyny täzeledi, ýöne galoşyny ölýänçä süýredi ýördi” diýip, Brežnewiň giýewisi, general Ýuriý Çurbanow ýazýar. Bu tutuksy, garasöýmez adam ylaýta-da Soýuz respublikalara, şolarda ýaşaýan milletleriň urp-adatlaryna, medeniýetine juda äsgermezçilkli garapdyr. “Türkmenler şeýle samsyk, şo zadyny kesdirip (sünnet manysynda-G. O) toý edibilýän millet” diýlen söz hem şoňa degişli. Şeýle zatlary okap, “Saňa gurban, Garaşsyzlyk!” diýmezmiň! * * * Ýazyjy-şahyryň, alymyň, aýdymçynyň, hudožnigiň, garaz, ylahydan paý ýetip, döredijiligiň güzerine inen adamlaryň hüý-häsiýetiniň, edim-gylymynyň, geýnişiniň birhiläkdigi ozaldan belli. Olaryň içinde öýkelegem, garasöýmezrägem, ynjygragam, juda ýukaýüregi-sähel zada gözüni ýaşlap durany... her hilisi bar. Bu asyl tutuş Älem içnde-de şeýle eken. Ynha, dünýä belli ýazyjy-şahyrlar bilen tirkeşen, duz-emek bolşan Atajan Taganyň diýýänleri: “Umuman, meniň garaýşymdan gelen netijäm şeýle: şahyrlar-alçak, prozaçylar tutugrak. Olaryň işleýişleri-de birmeňzeş däl. Azerbaýjanyň belli prozaçysy Ekrem Aýlisi işe başlamazyndan ozal içerini syryp-süpürip, myhmana garaşýan ýaly tertibe salýan eken. Şahyr Hikret Goja bolsa içeri dyr-pytrak bolsa gowy işläpdir. Berdi Kerbabaýew maşynkanyň başyna geçende, galstugyna çenli dakynyp, toýa gidýän ýaly bezenýärdi. Ata Atajanow goşgy ýazan mahaly şerbet içmegi halaýardy. Ýan Parandowskiý ”Sözüň alhimiýasy” diýen kitabynda şeýle ýazýar: “ Kadadan çykma” häsiýeti ýok ýazyjyny tapaýmak aňsat iş däl. Şiller işlän mahaly aýagyny sowuk suwa sokup oturýan eken. Balzak da:ş düşelen poluň üstünde aýagyny ýalaňaçlap durupdyr. Prusgüçli atyr, Ýakobson çüýrük alma ysgapdyr. Gýote sarymsagy, äýnekli adamlary halamandyr. Işleýan mahaly Ibsen gerekmejek kagyzlaryny, gazet böleklerini ýyrtyşdyrypdyr. Russo ýiti Günüň astynda kellesini ýalaňaçlap işläpdir. Bossýue sowuk jaýda galyň eşik baryny geýip kellesini hem deri bilen büräp işläpdir”. Atajan Taganyň özünde-de özgeleriňkä meňzemeýän häsiýetleriň bardygyna, ýüzünem öwseler halamaýandygyna, ýöne garaz, hoş söz aýdylsa, monça bolýandygyna, ylaýta-da gyz-gelinler öwäýse hekgeriberýänligine, başgalara, ylaýta-da biçärä kömek edilmeli bolsa elewräberýändigine bile işleşemde mazaly göz ýetiripdim. 12.11.2022. * * * Taryhyň gaýtalanýandygyny gözüň bilen görýän, gulagyň bilen eşidýän wakalaryň açyk-aýdyň görkezip dur. “Uly uruşlar her ýüzýyllykda bir gezek gaýtalanmaly” diýilýär. Munuň dogrudygyna häzir dowam edýän rus-ukrain urşy şaýat. Aslyýetinde siňňin yzarlap otursaň, bu uruş Jahan urşuna meňzeýär. Ukraina-da, asl-ha soňky wagtda Russiýanyň Ukraina bilen serhetleşýän ýerlerindäki uly çäklerde bolýan, göwrümi-“front söweşleri” diýilýän ýerlerde ýaýbaňlanýan uruş hakyky Jahan urşuna meňzeýär. Sebäbi bu urşa diňe golaý-goltumdaky Ýewropa (asla-ha tutuş Ýewropa Birleşigi ýurtlary), ummanyň aňyrsyndaky Amerika, iň demirgzykdaky Kanada hem ýaraglary, maliýe kömegi, meýletinçi söweşijileri bilen gatnaşýar. Ýene-de bir iň uly hakykat aýdyňlaşýar. Olam Gadymy hem dana Gündogardaky “Nähak gan ýerde ýatmaz” diýlen pähim. XIX asyryň ahyrlarynda Russiýanyň Orta Aziýa, ondan öňräjik Kawkaz sebitlerine eden harby epspansiýasyny (basybalyjylykly ýörüşini) ýada salyp görüň! Gökdepe galasy, Gazawat gyrgynçylygy, goňşy özbek topragyndaky Kokant söweşi, Daşkent garşylygy, Buhara, Samarkant töwereklerinde bolan ganly jeňler... sanasaň sanap oturmaly. Soňky demini sanap ýatyrka hem Gökdepäni gana boýan general Skobelew “näme armanyň bar?” diýlende, “türkmenleriň iň soňkusyna çenli gyrmanynyma ahmyr edýän” diýip, gözüni ýumupdyr. Ilki aýakly mahluga şundan aňyrda wagşylyk mahsusmyka? Ynha, şu ýazgylar döreýän wagty hem gözüm “Аналитический материал ОО ГРУ Турк ССР о состоянии борьбы с бандитизмом. 25 сентября 1931 г.” diýen, öz wagtynda gaty gizlin saklanan galyň kagyzly dokumentde egelenýär. Egelenýär, diýdigim, okadygymsaýyn gözüme biygtyýar ýaş geliberýär. Her setiriň ahyrsy “basmaçylyk”, kolhoz gurluşygyna garşy”, baý-kulak”, “işan-molla” diýen gara ýarlyga duwlanan ahy-pygandan doly. Öz döwründe-“Krasnowodsk-Gazanjyk” raýonlary diýen çäklerde, has dogrusy bolsa, gazak sähralaryna golaý Goýmat, Jamal guýy, Tüwer gyrlary, Dähli töwereklerinde bolşewikleriň gyran bigünä bendeleriniň sany eýsem näçeräkkä? Sanajak, soňam statistika saljak bolmandyrlar, aşakda okdan, ýokardan bombadan geçiripdirler. Anyk maglumatlara görä, Garagumyň gujagyndaky şol pajygaly söweşde diňe türkmenler däl, eýsem Maňgyşlakdan, “Etek gazak gyry” diýilýän ýerlerden bolşewikden gaçyp gaýdan ýüzlerçe, belki-de, müňlerçe gazak maşgallary hem şehit bolupdyr. Hamana hil bir gahrymançylyk görkezenden bolup, bolan pajyga hakda doldurylan resmi maglumatda ýazylyşy ýaly, şol söweşe akyp ýatan çägede ýöremejekdigini bilseler-de, “tanketka” diýilýän kiçi tanklary hem sürüpdirler. Iň köp gyrlanam bala-çaga, aýal-ebtat bolupdyr. Şonda beýle elhençligi zerre günäsi bolmadyk biçäreleriň başyna towky edip ildiren “azatlyk getirijiler” özlerine edilen garhyşyň, lagnatyň, “özüňizem görgeýsiňiz, özüňiz bolmasa kowum-hyşdyňyz, ýedi arkaňyz görsün!” diýlen ajy hakykatyň ir-u-giç dömüp çykjakdygyny şol wagt gümanam eden däldirler. Ine, bu gün şol hakykat dömüp çykdy. Şol zulmaty başa salan milletiň kowum-hyşdy şol näletiň ezýetini gan bilen, gaç-ha-gaçlyk bilen, öwezini dolup bolmajak ýitgi bilen görýär. Eýsem siz şu uruş zerarly syýasy jedeliň pidasy bolup, Orsýetden gaçyp, Ysraýyldan çykan, öz döwründe Russiýanyň gülüni çirten, sungat ýyldyzyna öwrülen, “batsaň çykyp bolmaz” diýilýän baýlyga eýe bolan Maksim Galkiniň kimlerdendigini bilýäňizmi? Daşkentiň general-gubernatory, ganhor Galkiniň neberesinden, meger, çowlugyndan bolan bala. Maksimiň özem Daşkentde doglan. General Galkiniň türkmen topragynda döken gany sil bolup akan. Taryhda “Galkin ýyly” bolup galan 1916-nji ýylda gözi ganly general “Hywa türkmenlerini mugyra getirmek” üçin guralan jezalandyryjy goşuna komandir bolup, Daşkentden gaýdyp, Hywanyň etegindäki Ýaňyýap, Aksaraý obalaryndan tä Ýylanlynyň etegine çenli aralykda erkek göbeli-hä beýlede dursun, ýaňy doglan bäbege çenli gyrdyrýar. Ýok, höküm edip özi gyrdyrýar. Beýle ynsansöýmezlige nähili baha berip bolar? Şonda soň gözi bilen görenleriň aýtagyna görä, keramaty güýçli Ysmamayt ata özüni atanlar halas bolupdyr. Aýtmaklaryna görä, gudraty güçli öwlüýä tarap süren ganymlaryň atlary düz ýerde büdrä, özleri eýerden agyberen. Haýp, namysjaň türkmenler şonda duşman eli degmesin diýip, göze görnen gyzyny, ýaňy başy boglan gelnini çuň arna, palçykly köle, lummurdap akýan ýaba oklapdyr. Biziň günlerimizde bolsa gözi gan bilen ýumlan general Galkiniň pöwhe şöhrat bilen ady Äleme dolan, şol şöhrat, weşeň-weşeň puk üçin öz ejesi ýaly aýbygadyma-belli artist, aýdymçy Alla Pugaçýewa öýlenen, ahyrsoňam, “doýranyň sakgalyna”, musulmançalap aýdanda bolsa, duz iýen tabagyna buşugyp, daşary ýurda-Ysraýyla gidip, dogup-dörän Watanyna (eýsem şol tetellileriň ýüreginde “Watan” diýlen mukaddes düşünje beri barmyka?!) pitjiň atýan, aýbyny gözleýän Maksim Galkine bu belki Allanyň berýän temmisidir? Türkmen aýtmaýarmy näme: “Ylahym, edeniňi görgeýsiň, özüň görmeseňem ýedi arkaň görkezeniňi görsün!” diýip. Ýok ýerden tutaşan, özem dogan halk bolup bir-biregi gaýgyrman gyrýan bu uruşda birwagtlar türkmen milletine hunaba baryny görkezen, ýok görgüni günäsiz bendeleriň boýnuna kement edip ildiren, bu nurana topragy gana boýan şol “edermenleriň” nesilleriniň bardygyna güman ýokdur. Diýmek, nähak gan ýerde ýatýan däldir. Gudraty güýçli Allanyň ir-u-giç ähli zady ornuna getiripjik, “Edeniňi egniň bilenjik çekersiň” edişi gör nähili täsin, tagzymly! 13.11.2022. * * * Леонид Брежнев hakdaky kitabyň sahypalaryndan kän zatlary tapyp bolýar. Okap azaldyp barýan. Her gün säher bilen turup şoňa ýapyşýan, agşam ýatmazdan öňem okaýan. Päh-eý, biz dagam özümizi derejeli žurnalist, ýurtda, dünýäde bolýan syýasy wakalardan habarlydyrys, baha berip bilýändiris öýdüp gomalyp ýörüs weli, öňküleri görende, bahamyz gara şayy bolýar galyberýär. Ynha, şol kitapda belli halkara žurnalisti, döwrüniň syýasy işgäri, Brežnewiň maslahatçylar toparyna ýolbaşçylyk eden Feodor Burlaskiý şeýle ýazýar: “Haçanda ýakyndan tanşan mahalymyz Bowin (meşhur syýasatçy, belli žurnalist) eýýäm iki kandidatlyk dissertasiýasyny- hukuk hem-de filosofiýadan alymlyk derejesini üstünliki gorap ýerişipdi. Haýp, ol Şahnazarowdan (Soň Brežnewiň baş kömekçisi, SSSR Ýokary Sowetine Daşhowuz oblastyndan deputat bolan) tapawutlykda, ýaltalygy sebäpli, doktorlyk işiniň başyna barmady, Şahnazarow bolsa ylymlar Akademiýasynyň habarçy-agzasy bolmagy başardy. (jöhüt-ermeni gany bolsa ýapyşan ýerini goparmaly-da-G. O). Bu kitapda G.Arbatow, R.Medwedow, A.Graçew ýaly syýasatçylar, (şol döwrüň syýasy, hökümet ýolbaşçylary hakda-ha gürrüňem ýok) A.Aleksandrow-Agentow, W.Pribytkow, W.Karpow ýaly Kremliň içinden girip-çykan, syýasy liderlere ýakyn duran žurnalistleriň täsin ýatlamalary bar. Şolaryň biri şeýle: “Beýik Ýeňşiň 20 ýyllygy mynasybetli 1965-nji ýylyň 8-nji maýynda Žukow birinji gezek (Hruşewiň gazabyna duçar bolan wakadan-1957-nji ýylyň oktabryndan soň) Kremldäki dabaraly agşama çagyrylýar. Haçanda ol dabaranyň geçirilýän ýeri Gurultaýlar Köşgüne girende, oturanlaryň ählisi ör turup, owasiýa-şowhun bilen Ýeňşiň marşalyny garşylaýarlar. Soňra hem dokladda şöhrat gazanan harby ýolbaşçylaryň hatarynda Žukowyň familiýasy agzalanda, zalda ýene-de köşeşmeýän şowhun döreýär, hemmler ör turup, dowamly el çarpýarlar. Beýle “reaksiýa” täze saýlanan Baş sekretar Brežnewe ýaramaýar, şeýdip ýene-de Žukowyň üstüne “gara bulut” süýşýär. Gabanjaňlykdan ýaňa ýarylaýjak bolan Baş Sekretar Ýeňşiň marşalynyň kitaplarynyň çap bolmagyna gizlinlikde päsgelçilik döredýär, nämemiş, uruşda polkownik Bžrežnewiň “taryhy roluna” ähmiýet berilmänmiş. Iň gorkan ýerem, tizara geçjek pariýanyň XXIII gurultaýyna delegat saýlalan marşala gözi düşen beýleki delegatlar “göçäýse”-şowhun bilen el çarpsalar, ör tursalar, bu Baş Sekretaryň abraýyna şek ýetirmezmi? Şu wehim sebäpli bolan waka gözli şaýat A. Mirkin şeýle ýazýar: “Brežnew marşalyň daçasyna jaň edip, Georgiý Konstanowiçi däl-de, onuň aýaly Galina Aleksandrownany telefona çagyrdy: - Ýeri, marşalyň gurultaýa şaýlanýany çynymy? - Ol delegat saýlandy ahyry! - Ol düşnükli-le. Ýöne beýle uly çäre onuň saglygyna agram salaýmasa. Bilýäňizmi, dört sagatlap tur-otur, çydaýmasa-Brežnew degşen bolýar-Özüm-ä barmazdym. Ýöne men mejbury-da. Görüň-dä, barmagy maslahat beremok. - Düşüniň, Georgiý Konstaniwoç gurultaýa barmagy örän küýseýär, muny partiýanyň öňündäki soňky borjy hasaplaýar. Iň esasam, ol bu gurultaýa gatnaşmagy özüniň aklanmagynyň subutnamasy hökmünde görýär. - Hym-m, onuň delegat saýlanmagy aklananynyň alamty ahyry, ýeri başga näme gerekmiş. “Trubkany goýup ýetişip-ýetişmänkäm zyýaratçylyga gelnene dönäýdi-diýip, Galina Aleksandrowna aglap gürrüň berýär-bir ýerlerden bejeriji lukmanlar üýşüp geldiler, dürli wezipedäki adamlar işikde peýda boldular. Hemmesem Georgiý Konstanrinowiçe gurultaýa gatnaşmazlygy, “saglygyň zerurdygyny” nygtap-düşündirip ugradylar. Ol garşy çykmady. Hemmesine düşündi. Soň...hemmesi dyr pytrak bolansoň, gyra çekilip aglady. Ol ýowuz uruşda aglamandy. Şol gün weli aglady. Şondan uzak wagt geçmänkä-de infarkt aldy”. Bu setirleri okap, uludan dem alýan: “Beýik Ýeňşiň Beýik marşaly meger, şonda ady taryhdan öçüp gitjek wezipeparazlaryň, pöwhe şöhratyň badyna gaýýanlaryň parahat günlerde ýüreginde turzan “urşuna” çydaman sözýaş edendir! 14.11.2022. * * * Toýuň gyzygy, şowhuny, baran myhmanlara berýän keýpi-lezzeti tutulýan ýeriniň kaşaňlygynda, bezminde däl bolmaly. Ynha, Atajan Tagan ejesiniň ady dakylan Ejeşiň durmuşa çykma toýuny ümsümje, kiçeňräk “Aýly güzerde”-hemmeleriň “Aziýa planeta” diýýän ýerinde etdi. Allanäme, birwagtlar Halyl Kulynyň “Aşyklar alleýasy” diýip goşgusyna salan ýerleri. Ejeş Halkara gatnaşyklary institutynyň žurnalistika fakultetinde okaýar, anyk aýdanda, meniň talybym. Söz berdiler, gutladym, Atajan Tagan ýaly uly ýazyjynyň agtygy bolany üçin illerden azajyk artykmjarak-has akylly, has agras, has mährem, has sowatly bolmagyny arzuw etdim. Stol başam gyzykly, bijaý şowhunly boldy. Ýazyjylar, şahyrlar, terjimeçiler, alymlar (ýeke-ýeke atlaryny tutup durmaýyn), Atajan halypanyň köne şepeleri baý, göwün açdylar-a! Ylahym, şeýle toýlar köp bolsun, bizem mymany bolup duraly! 11.11.2022. Täze ýyl hem gapyny kakyp dur. He-eý, ömür salynyň beýle şaglap akaýşyny! Eýsem geçen ýyl süwütli bir bitiren işiň boldumyka? Şu sowaly özüme berip otyrkam, “Garagum” žurnalynda “Goşa ýyldyz” atly dokumental powestimiň birinji bölüminiň çap edilendigi hakdaky habar gulagyma degdi. Çyn eken. Elketron görnüşini Hemit ogly Akmumahemmet getirip berdi, sag bolsun! Wah, barmaklaryňa tüýkürip, kagyz görnüşini okap bolsady. Belki bu arzuwymyzam geljekde bitäýedi-dä! Oturyp, saçak başynda “höwri köp bolsun!” hem etdik. Ýazanyň çykyp dursa, şondan zyýada bagt ýok. Ylahym, indiki ýyllar hem şeýle bagt alnymyzdan aýrylmawersin! 17.12.2022. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |