22:59 Göwündäki gündelik -24/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Käbir metbugat makalalarynda, taryhy maglumatlarda balarylaryň Türkmenistana on dokuzynjy asyryň ahyrlarynda demirgazyk Kawkazdan getirilendigi barada ýazýarlar. Hakykatda weli bu jandar bilen Köpetdagyň arçaly jülgelerinde mesgen tutan türkmenler örän gadymy döwürden bäri höwrügipdirler. Özem şolar ýabany görnüşdäki balarylar eken. Nohur baradaky goşgularyň birinde: Arçalaňda bal arylar öý gurar, Köwekleňden damýan ballaryň bardyr - diýen setirler bardyr. Dagly türkmenleriň ençeme döwürlerden bäri ýüz ýaşdanam aňyrdaky äpet arçadyr kerkawlaryň, hat-da melleklerde gögerip oturan garry baglaryň köweklerinden ary balyny alandyklary baradaky dürli rowaýatlar häzirem aýdylýar. - Ussat balçylar nädýär ekenler diýsene - diýip, bir gezek bu töwereklere düşemde, Garrynohuryň ýaşaýjysy, diýseň jepekeş hem okumyş Aşyr aga Seýitnurow gür sakgalyny sypalap, söhbetine has süýjülik çaýdy. - Dag çeşmelerine suw içmek üçin gelen bal arylarynyň uçup giden uguryny yzarlap, tapyp, gaýdanda onlarça kile arassa ýabany ary baly bilen dolanan adamlaryň atlaryny henizem ýatlap ýörler. Ýabany ary baly, tagamy, ysy, dermanlyk häsiýeti, ýokumlylygy taýdan eldekileşdirilip alynýan ary balyndan deňeşdirip bolmajak derejede ýokarydyr. Bir ene balarysynyň 1000-den 2000-e çenli tohum taşlaýandygy mälim. Maşgalada täze ene bal arysy emele gelse, olaryň hökmany özbaşdak maşgala öwrülýändigi, bir balary maşgalasyndan ýylda 2 sapar 40-60 kilogram aralygynda bal alynýandygy, 1 gektar gowaça meýdanyndan 100-300 kilogram aralygynda ary baly toplanýandygy, şonuň bilen birlikde balarylarynyň gowaçalaryň güllerini tozanlandyryp, hasyllylygy ep esli ýokarlandyrýandygy ylmy taýdan kesgitlenen. Ylaýta-da miweli agaçlar güllände balarylarynyň hyzmaty möhüm hasaplanýar. Sebäbi bärdäki gül bilen aňyrdaky gül balarysynyň aýajyklary arkaly tozanlandyrylanda, miweler hem-ä boldumly, hemem tagamly bolýar. Garaz, şol gezek aýdylyşy ýaly, arylar hakda bal ýaly gürrüň edip, göwün solpymyzdan çykdyk. Käbir maglumatlardyr deňeşdirmelerden soň oýlanýarsyň. Ýurtda azyk bolçulygyny döretmek abadan ýaşaýşyň, ykdysady taýdan berkemegiň baş şerti. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz bazar bolçulygyny döretmek, ilkinji nobatda bolsa, türkmen topragynda önýän önümleriň saçaklarymyzyň esasy nazu-nygmaty bolmalydygy hakdaky talaby öňe sürýär. Şunda eýsem ary baly bilen biz halkymyzy bol-elin üpjün edip bilmerismi?! Elbetde, bileris. Bu arzuw däl eýýäm amala aşýan hakykat. Bazarlarymyza baryp görüň, dürli güllerden ýygnalan, dürli ýerlerden getirilen ary baly münber bolup durandyr. Şu ýerde käbir maglumatlardyr deňeşdirmeleri agzasyň gelýär. 1899-njy ýylyň «Obzor Zakaspiýskoý oblasti» neşirinde Garrygala obasyna bal ary maşgalasynyň getirilendigi barada ilkinji maglumat berilýär. «Balçylygy ösdürmegi höweslendirmek hem-de tejribe geçirmek maksady bilen getirilen bal ary maşgalasynyň üçüsi birnäçe ýyl mundan öň Garrygala pristawynyň uprawleniýesiniň ýanynda goýuldy. Häzir bal ary maşgalasynyň 5-si bolup, şondan 10 funt bal alyndy». (1 funt-0,409 gram) Taryhy maglumatlar şondan soňky ýyllarda-da bal arysyny türkmen ülkesine getirmegiň dowam edendigini habar berýär. Esasanam bal arysyny Gara deňziniň ýakalaryndan bärik düşen maşgalalar köpeldipdirler, ýaýradypdyrlar. Pöwrizäniň-häzirki Arçabiliň eteginde şol wagtlar Komorowa posýology (soň Kalinin posýology) diýlip atlandyrylýan dag obajygyna göçüp gelenleriň özleri bilen ary maşgalasynyň ikisini getirip, şol ýerde arylary eldekileşdirmegiň düýbüni tutandyklary hakda takyk maglumatlar bar. Beýleki bir ary maşgalasy Aşgabatda, ýerli muzeýiň ýanynda ýerleşdirilipdir. Ary maşgalasynyň uly topary Baýramalydaky patyşa mülkünde hem goýlupdyr. Şol ýere arylar 1896-njy ýylda Kawkazyň ýüpekçilik stansiýasyndan getirilýär. 1910-njy ýylda Baýramalyda eýýäm ary maşgalasynyň 36-sy bar eken. Ary maşgalasyny 5 ýyl kärendesine alan, balçy Silin olaryň ýaşaýşyny dürli şertlerde barlap görýär. Şonda ýandak gülünden tenekar toplan arylardan alnan balyň möçberi möwsümde her gapyrjakda 72 funta ýetýär. Has köp alnan güni 9 funta ýetýär ýa-da her gapyrjakdan ortaça 1 put bal alynýar. Bal aryny Çärjewe-Lebaba eltmäge-de synanyşylýar. Mysal üçin, 1894-nji ýylda Amyderýa flotiliýasynyň çinownigi Kasatkin, polkownik Werigin, demir ýoluň bagbany Teýfel täsin jandary idedip başlaýarlar. Olaryň bu pişe bilen meşgullanmaga wagtlary çäkli bolsa-da, köp bal ýygnamagy başarýarlar. Ýygnalan bal 3 puda barabar bolýar. Baly köp berýän ösümliklerden ýandak has peýdaly hasaplanýar. Onuň baly ysy we ýokumllylygy taýdan öz döwründe patyşa köşgünde-Piterde hen meşhur bolupdyr. Daragtlaryň arasynda muskat ysyny berýän aýlanta agajy, şeýle-de ýapon soforasy, ak akasiýa arylaryň köp gonup, şire toplaýan ýeri bolupdyr. Şol döwürde pagtanyň we ýorunjanyň bal berýändigine şübhelenipdirler. Ýöne bu ösümliklere “hüjüm eden” bal arylary olaryň ýalňyşyny görkezipdir. «Türküstan ülkesinde we Zakaspi oblastynda balçylyk» diýen kitabyň awtory Nikolaý Nikolaýewiç Şawrow (1858-1915) ýüpekçilikden uly alym. Ol Tbilisidäki ýüpekçilik stansiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Şol ýerdenem Türkmenistana ençeme bal ary gutusy getirilýär. Geçen asyryň ahyrynda türkmen ülkesine getirilen bal arylary, megerem, K. A. Gorbaçýowyň ady bilen baglanyşykly kawkaz daglarynyň bal arylarydyr. Başga bir gyzykly maglumat bolsa Türkmenistanyň şol wagtky kolhozlarynda balçylyk meselesi bilen bagly. Şonda aýdylynyn görä, 1931-nji ýylda ilkinji gezek Demirgazyk Kawkazdan bal arysynyň 5 müň maşgalasy getirilipdir. Şeýdibem ýörite karar esasynda Baýramalyda balçylyk sowhozynyň düýbü tutulýar. Balçylar W. W. Budarew, A. N. Witýuk dagy bu işe ýolbaşçylyk edýärler. Şolar respublikanyň kolhozdyr sowhozlaryny bal arysynyň maşgalasy bilen üpjün etmäge borçly hem edilýär. 1933-nji ýylda bu iş has işjeň häsiýete eýe bolýar. Şonda Baýramaly raýonynda kolhozlaryň ikisinde 110 maşgaladan ybarat ary saklamagyň giň ýaýbaňlanan ýyly bolan 1941-nji ýyl agzalýar. Respublikanyň 32 raýonynyň 469 kolhozyndaky bal ary maşgalasynyň sany eýýäm 35.100-e ýetýär. Ýöne 1941-45-nji ýyllarda olaryň sany 11 müňe çenli azalypdyr. Munuň sebäbi bolsa elbetde, köp adamlaryň, ylaýta-da gerekli hünärmenleriň Beýik Watançylyk urşuna- fronta gitmegi bilen baglydyr. 1972-nji ýylda jemgyýetçilik sektoryndaky bal ary maşgalasynyň sanynyň 20 müň töweregi bolandygy hakda-da maglumat agzalýar, 1984-nji ýylda Türkmenistanda ähli hojalykdaky bal ary maşgalasynyň sany 25 müňe ýetip, harytlyk öndürilen balyň möçberi 800 tonna bolupdyr. Baýramalyda döredilen balçylyk sowhozy gaty meşhurlyk gazanypdyr. Tarp ýerde döredilen sowhoz gür baglygy bilenem belli bolan. Bu ýerde miweli agaçlaryň dürli görnüşleriniň on müňlerçe düýbi bol hasyl beripdir. Hatda hojalygyň kişde serýän, ony gaplaýan bölümlerem bolan. Şol önümleri öňki Soýuzyň aglaba ýerine ugradypdyrlar. Ine, şol bir wagtda-da bärde Türkmenistanda öz döwründe iň girdejili, iň peýdaly, ugruny bilseň zähmeti o diýen kän bir talap etmeýän, ýöne ýylyň islendik paslynda gerekli, islendik ýerde geçginli balçylyk degerli derejede ösdürilipdir. Häzir bu hojalyk gallaçylykdyr pagtaçylyga geçirilenem bolsa, il içindäki ady ýörgünli-“Balýylyk obasy”. Ýurtda telkeçilige, hususysyýetçilige ak ýol açylýan häzirki günlerimizde diňe öz bazarlarymyzy doldurmak däl, eýsem, “Türkmenistanda öndürildi” belgili bal gutulary bilen dünýä bazarynda ymykly orun eýelemek yrsgaldan hem bagtdan nyşan dälmidir? Eger-de Türkmenistanda ekilýän gowaça meýdanlarynyň her 2-3 gektarynda bir balary maşgalasy saklansa, diňe bir öz halkymyzy üpjünlemek bilen çäklenmän, daşary ýurtlara çykarar ýaly ep-esli mukdarda arassa bal öndürip boljagyny hünärmenler aýdýarlar. Göz öňüne getirip görüň! Taňry nazary düşen ýurdumyzda diňe 1-2 aýlap gülleýan gowaçadan başga-da, kop ýyllyk ekilýän ýorunja, tebigatyň gujagynda özi gögerip oturan ümmülmez ýandakly, buýanly, ýylgynly meýdanlar, müň dürli gül-gülälekli sähralar, ynsan eli bilen ýetidirilýän miweli baglar, gök, bakja ekinleri, tebigy çemenzarlydyr bossanlar... mahlasy, ary gonup bal çöpläre ýer diýseň kän. Iň täsin hem ykdysady taýdan peýdaly tarapyna üns bereliň! Gülleýän ösümlikleriň 80 göterimi gül tozanjyklarynyň bir-birine geçmegi arkaly hasyla durýar. Şeýlelikde ol ösümlikler hökman bal arylarydyr beýleki mör-möjejikleriň kömegi arkaly bolýan tozanlandyryşa mätäçdir. Tejribelerdir ylmy barlaglar bal arylarynyň üsti bilen geçirilen tozanlanyşyň beýleki usullar bilen geçirilen tozanlanyşdan has peýdalydygyny- ekiniň hasyllylygynyň hem-de tagamynyň üýtgeşik bolýandygyny bireýýäm subut etdi. Sebabi bal arylary bir gezekde 100-150 güle gonup, diňe şire-tenekar toplaman, ösümlikleriň gül tozanjyklarynyň täsirini bir-birine hem geçirýär. Uly bal ary maşgalasy meýdan işini ýerine ýetirýän wagty bir günüň dowamynda 50-60 million güle gonup ýetişýär. Tanyşlarymyň biri howurly Garagumyň gujagynda dörän “Altyn asyr” Türkmen kölünde diňe bir dürli görnüşdäki balyklaryň köpelendugi däl, eýsem, onuň ýakasynda alabaharda oturdylan gapyrjaklardan çogup gykýan arylaryň bu ýeriň tereň howasynda, guba çägesinde gögeren otlardyr köp ýyllyk sazak, gandym, ýylgyn, sözen, siňren... ýaly agaçlaryň gülünden bal ýygnaýandygyny gürrüň berdi. Ol balyň tagamy, hili gör nähili gowudyr! Tebigatyň ylahy gudratyndan dörän naşyjadan zähmetkeş bal arylarynyň zäherem derman hasaplanýar ahbetin! Lukmançylygyň gadymy taryhynda käbir dertleri bal arylaryny çakdyryp bejerip bolýandygy hakda aýdylýar. Wah, aly barynyň lezzetini, tagamyny aýtsana! Elimiň aşagynda duran kitabyň sahypalaryny agdaranymy duýman galýan. Ol bolgariýaly alym Stoýmir Mladenowyň 1971-nji ýylda çap edilen “Bal we bal bilen bejermek” (“Med i medoleçeniýe”) atly kitaby. Şonda lukmançylykda belli professor A.Zlatarowyň aýdan sözi epigraf getirilýär. Ol şeýle: “Ary baly-öz hili babatda hiç zat bilen çalşyp bolmaýan tebigy iýmitdir. Ol bize tebigatyň güller hem-de dermanlyk otlaryň üsti bilen beren tenekarlarynyň arasynda ilkinji orundadyr. Bal gany täzeleýän, herwini rahatlandyrýan, täze ýaşaýşy peşgeş berýän witaminlerlre eýedir”. Görüp otursak, ary baly, aşgazan, ýürek, böwrek, nerw ulgamy, diabet, azganlylyk, ginekologiýa-aýal keselleri, inçekesel, dem alyş ýollary, allergiýa, ýanyk, görejiň peselmegi... garaz, 30-a golaý derde em eken. Häzirkizaman lukmançylyk we farmasewtika ylmy bolsa düzüminde ary baly, ary zäheri, ary süýdi, şeýle-de balarynyň işläp çykarýan beýleki maddalary bolan has täze dermanlary senagat taýdan işläp çykarmaga barha üns berýär. Sebabi tebigy häsiýeti güýçli bolan şeýle dermanlaryň bejerijilik ukybynyň diýseň ýokarydygy bireýýam aýan edilen. Ary balynyň özi özüne sanitardyr-arassalajydyr, süňňüne hapa ýokdurýandan däldir. Iň bärkisi, ary gapyrjagynyň öňünde garry arylaryň biri garawulçylyk çekip, haparak ýerden getirilen tenekarly, ýa-da özi juda arassa bolmadyk aryny guta-öýe goýbermeýär. Eger-de bir säw bilen bal guýlan gaba göze görünmeýän gyl gaçsa, ýa-da nazaryň ilip durmaýan garynjajyk goşulsa, bal şolary hökman ýüzüne çykarýar, iýeňde, alaňda, göze görner ýaly edýär. Gepi jemläp aýtsaň, türkmen topragy bal arylarynyň hem tüýs mekanydyr. Özem biziň ýurdumyzdaky tenekar, müň derde derman ot-çöplerden, ýüzlerçe görnüşli miweli agaçlaryň gülünden, ýabany hem medeni ýagdaýda ýetişýän ösümliklerden toplanan ary baly diňe bir iýmit hem däldir. Ol närse tapdyrygsyz dermandyr. Şol bir wagtda bu pudak azabyndan gaçmaýany galkyndyrjak, hem-de üstüni alkyşdan gömjek rehnetdir. * * * Agşamara öýden çykyp, aýaklarymyň ýelini alaýma gylygym bar. Öňküler “Hahardan soň ýedi ädim ätleseňem, gezelenç et!” diýip bilmän aýdan däldirler. Öýden çykan ýeriň giden alleýa-baglyk, suw çüwdürlimleri, iki gyrasy gülden jähekli ýanýodaly, garaz, göwün açyp ýöräbermeli ýadaýançaň. Ýeke özüm däl, gezenç edip ýören kän. Içinde eňegi ýere ýetiberen garrylaram, orta ýaşlylaram, ýaňy durmuş gurany el tutuşyp ýörşünden, ýöreýşinden aňdyrýan çatynjalaram, ylgap ýören, welosiped sürüp ýören türgenlerem, ýaş-ýeleňlerem... garaz, ähli ýaşlylar bar. Hol gyrarakda, agaçlaryň aşagyna ýukajyk düşek atyp, agşamlygyny şu ýere gelip iýip-içip oturanlaram, otuň üstüne çöküp, hümürdeşip gürrüňe tutanlaram görünýär. Hezillik. Durmuşyň gözelligi-gönezligi şu görnüşlerde jemlenen ýaly. Ýöne men jagyl-da-jugul, oýunmydyr-da ylgaşlap, käte basalaşyp, garaz, töweregi gohdan dolduryp ýören çagalaryň ýanynda säginip ötýän. Islän dillinde “saýraýan” çagalaryň şadyýana alawagyrdysy, kä ylgaşyp, kä basalaşyp, kä böküşip oýnap ýörüşleri, bir gyrada ata-eneleriniň (köpüsi ene-le) özara hümürdeşip, mesawy gürrüňe tutup oturyşlary...-meiňň göwnüme parahatçylygyň simfoniýasy. Görüp gözüň, eşidip gulagyň gananok! Ylahym, şundan aýyrmasyn! 13.08.2021. * * * Her gezek paýtagtymyzyň Seýdi köçesiniň çüňkünden Teke bazarynyň esasy girelgesine (öňki Kalinin köçesi bilen kesişýän ýeri) öwrüläýen ýeriňdäki çüňkde gözüň düşenden “Beh, özboluşly gulan eken-aý” diýdirýän bir jaý dur. Howly, ik gatly, megerem, ýerzeminem bar jaý. Gündogar hem Ýewropa arhitektura utgaşyklygynda gurlan jaý. Ýöne idili idi-issiwat edilmeýänligi üçin ekilen agaçlar ugruna ösüp, käbir ýerlerini o:t-çöp basyp gidipdir. Hiç kim ýaşamaýan borly, agşamaralar geçeňde-de yşyk-çyra görnenok. Bu howly türkmeniniň ady dünýä dolan ussady, belli suratkeş, öz döwründe SSSR Ýokary Sowetine deputat bolan, Soýuzyň hem Türkmenistanyň döwlet baýraklarynyň eýesi, professor Yzzat Gylyjowyň aýdyşlaryna görä öz proýekti-ülňüsi bilen guran jaýy. Özüm-ä her gezek geçemde tagzymly seredip ötýän. Ylahym, beýle ussatlar bu toprakda ýene-de döräp, türkmeniň adyny Äleme dolduryp dursun! Indi başga bir wakany aýdaýyn. Singapuryň «Çangi» Halkara aeroportuna gonanymyzda, hakyt, türkmeniň «Ýer ala — ýurt ala» diýilýänidi. Agaçlar ýaýbaňdan ýognasdy, şahalary burlup goýberilene meňzäp, agşamyň symgylt garaňkysynda haýsydyr bir jandaryň keşbini ýada salýardy. Dogrusy-ha, siňe synlaberseň, birhili ýolbarsyň göwresine meňzeýärdi. Howasy çyglydan yssy bolansoň, derrew derlediberýärdi. Klimat bärde ekwatorial häsiýetli. Geografik dilde aýdanda, Singapur Ýer togalagynyň ekwator çyzygynyň edil ortarasynda ýerleşýär. Şeýle bolansoň, galyberse-de, ummanyň içinde oturansoň, ygal kän ýagýar, sanlarda aýdanda, aýda 170-250 millimetr derejede ygal düşýär. Tomusy-gyşy, tapawudy ýok, ortaça 34 gradus derejede yssy. Ýene bir aýratynlygam hökman agzamaly. Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşen Singapur adalar ýurdudyr. Hawa, uçar pessaýlap ugraýar weli, çyrpynyp ýatan ummanyň içinde ululy-kiçili adalar bir-birine degşip diýen ýaly otyr. Ýurtda 63 ada bolup, şolaryň onlarçasy ýaşamak üçin ýaramsyz hasaplanýar. Ýöne bärde bir söz ýörgünli: «Singapuryň ýaşalmaýan adalaryna jahankeşdeler höwes bilen baryp, daş bölejigini alyp, ornuna gyzyl pul goýup gidýärler». Hakyt, şeýle. Iň esasam, ýaşalmaýan adalar goralýan tebigy zona- zapowednik diýlip yglan edilendir. Bukit-Timah bu sebitde tropik tokaýlarynyň ýeke-täk tebigy goraghanasy hökmünde jahankeşdeleriň iň köp höwes edýän künjekleriniň biri. Türkmeniň «Hakyt, ýeriň aýagujunda ýerleşýän eken» diýýän bu ýurduna internet maglumatlaryna görä, her ýylda ortaça 17 million syýahatçy gelýär. Şeýle bolansoň milli ykdysadyýetiň bu pudagy çalt ösýän hem iň girdejili hasaplanýar. Şol bir wagtda Singapur dünýäniň iň gymmat şäheri hökmünde hem bellidir. Ilaty esasan hytaýlardan, şeýle-de malaý, tamil, hindi milletlerinden düzülen Singapur 1965-nji ýylyň 9-njy awgustynda özbaşdaklyk alýar. Ine, 2019-njy ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet saparynyň hökümýet wekiliniň düzüminde bu ýurda barmak nesiip edipdi. “Iýen-içeniň özüňki, gören-eşideniňden habar ber” diýleni. Bu döwletiň adybir paýtagtynyň “Shangri-La” diýilýän diýseň kaşaň myhmanhanasyna baryp ýerleşen günümiziň agşamy orta boýluraga-da, tegelek ýüzli, 50 ýaşdan geçiberen zenan maşgala geldi-de, zenanlarymyz bilen-ä hakyt gujaklaşyp görüşdi, erkeklere-de, gözüne ýaş eýläp “Sag-aman geldiňizmi, doganlar?!” diýip, türkmençe hal-ahwal soraşyp dur. Soraşyp-ideşip otursak, ol Yzzat Gylyjowyň gyzy bolup çykdy. Adynyň Maraldygyny, Türkmenistan garaşsyzlygyny alaýan badyna Hazar ýalpaklygynda işlemäge baran Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynda terjimeçi bolup işländigini, şeýdibem sulhy söýüp, malaý ýigidine durmuşa çykandygyny, häzir Singapurda ýaşaýandyklaryny, iki oglunyň bardygny biriniň adyna Batyr, beýlekisiniň adyna (ýalňyşmasam) Myrat dakandyklaryny, öýde ogullarynyň “Eje, hany türkmençe gürleşeli-le” diýýändiklerini, uly oglunyň häzir Londonda ýaşap, şol ýerde kibernetika ugrundan hünärmendigini, özüniňem bärde çagalara surat çekmek ugrundan sapak berýändiugini... tolguna-howluga gürrüň berdi. Ol bizi öýlerine myhmançylyga hem çagyrdy. Ýöne her minudyň hasaplyka baryp bolýarmy näme? Garaz, gepiň keltesi, şol naçar dogan tä biz gaýdýançak myhmnahadan gitmedi diýen ýaly. Özem “Hany, türkmençe gepleşeliň-le!” diýip özelenýär. Soň aşagabada gelemsoň, ynha, bir makala öňümden çykdy. Ony belli mirasgär hem galama ezber erk etdirip bilýän halypa Seýitli Söýün ýazan eken. Gepimize deli bolary üçin şol makaladan bir bölegi getireýin: “Annagylyç Suwhannazar ogly 1878-njy ýylda Baýramalynyň Müjewür obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Annagylyç ilki öz önüp-ösen obasynda, soň maryly Molla Töre ahunyňkyda okaýar. Soňra bolsa Buharadaky Gögeldaş medresesine okuwa girýär. Agy-garany aýyl-saýyl etmäge düşünip başlan ýigit medresesindäki okuwlarynyň daşyndan gizlinlikde geçilýän täze (jezit elipbiýini öwredýän) okuwa gatnaşýar. Ol bu okuwda dünýewi ylymlara baş goşýar. Annagylyç aýratyn çydamlylygy hem-de erjelligi bilen medresäni 1908-nji ýylda gutaryp, öz obalaryna dolanyp gelýär. Agasy Nurgylyjyň ýanynda ep-esli wagtlap daýhançylyk edýär. Mümkinçilik bolsa ol günübirin okuwa-çagalara sowat öwretmäge başlajakdy. Emma hany häzirkiler ýaly mekdepler, okuw kitaplary? Nätmeli? Baýlaryň işiginde, hakynatutma molla bolmalymy ýa-da daýhançylyk edip ýörmelimi. Ýok, her zat etmeli okamaga başlamaly-sowatsyzlyga garşy göreşmeli. Ine şeýle maksat bilen Annagylyç dogan-garyndaşlaryna, oba ýaşulularyna maslahat salýar. Maslahat soranlarynyň hemmesi diýen ýaly Annagylyjyň tutan maksadyny unaýarlar. Oňa nähili kömek gerek bolsa, ikelläp bermäge taýýardyklaryny aýdýarlar. Şondan soň Annagylyç Suwhannazar Gyzylgümmezde (Baýramaly etrabynyň Harsanly, häzirki Agaýusup ýaly obasynda) 4 otagly jaý gurduryp okuwa başlaýar. Bu ýerde ol bary-ýogy 2 ýyl okadýar. 1910-njy ýylda Molla Annagylyç Gyzyldaýhanda — häzirki Parahatlyk obasynda öňkä görä has uly, 8-10 otagly jaýyň-mekdebiň gurluşygyna başlaýar. 1912-nji ýylda mekdebiň gurluşygy doly tamamlanyp, okuwa başlanýar. Gyzylgümmezdäki hüjrede bary-ýogy 8 çaga okan bolsa, indi bu ýerde diňe ýatyp okaýanlaryň özi 40-dan geçýär. Täze mekdepde dini kitaplardan başga-da, taryhdan, jugrafiýadan, arifmetikadan sowat öwredýärdi. Okuw kitaplaryny bolsa Annagylyç Suwhannazar ogly Kazandan, Daşkentden ýazylyp alýardy. Okuwçylara sowat jezit elipbiýinde öwredýärdi. Jezit elipbiýiniň öwrenmesi arapçadan has aňsatdy. Bu bolsa çagalaryň tiz sowat öwrenmeklerine getirdi. Täze usulda okadylýan okuwyň gün geldikçe dabarasy artyp ugrady. Täze mekdebiň dabarasy artdygyça Annagylyç mollanyň üstüne howp abanyp başlady. 1914-nji ýylda ýerli häkimiýetler Annagylyç mugallyma täze mekdebi ýapmaga 24 sagat puryja berýärler. Mekdep görkezilen pursadynda ýapylyp, talyplar öýli-öýüne dargadylýar. Täze mekdebine gapysy 1919-njy ýyla çenli şol ýapyklygyna durýar. Soň görüp otursalar, ýerli işan-mollalar ony Mary häkimlerine ýamanlan ekenler. 1919-njy ýylyň ahyryndan başlap, Annagylyç molla Müjewür obasyndaky 40 orunlyk mekdepde täze döwrüň mugallymy bolup çagalary okadyp başlaýar. 1919-1920-nji ýyllarda bolsa gerek, Maryda 3 aýlyk pedagogik kurs açylýar. Molla Annagylyç şu kursda täze döwrüň ilkinji mugallymlaryna sapak berýär. Soň bolsa ýene-de öňki mekdebine gelip işläp başlaýar. Molla Annagylyç 1925-nji ýyla çenli Baýramalydaky internatda mugallymçylyk edýär hem-de Türkmenistan Halk magaryf komissarlygy bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. 1925-nji ýylda Baýramalyda Politehnikum açylýar. Annagylyç Suwhannazar ogluny täze açylan tehnikuma mugallymçylyga çagyrýarlar. 1930-njy ýyla çenli ol türkmen dili hem-de edebiýaty predmetleri boýunça şu tehnikumda sapak okadýar. Molla Annagylyç 1925-nji ýylda Moskwada açylan mugallymlaryň Bütinsoýuz I gurultaýyna Marydan Bäşim Kazyýew, Aşgabadyň Köşi obasyndan Gulmyrat Şahmyradow bilen delegat bolup gatnaşýarlar. Molla Annagylyjy gurultaýyň prezidiumyna saýlaýarlar. Gurultaýdan soň molla Annagylyç kärdeşleri bilen «Известия» gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda bolýarlar hem-de ýadygärlik surata düşýärler. 1928-nji ýylda molla Annagylyç 50 ýaşynyň dolanlygy mynasybetli Türkmenistan Halk Komissarlar Soweti tarapyndan «Hormat haty» bilen sylaglanýar. 1930-njy ýylda molla Annagylyç halk magaryfynda bitiren hyzmatlarynyň 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan hökümetiniň karary bilen «Türkmenistanyň at gazanan mugallymy» diýen belent ada mynasyp bolýar hem-de hormatly dynç alşa çykýar. Molla Annagylyç diňe bir görnükli magaryfçy däl-de, eýsem türkmenlerden ilkinji fotografdy, tanymal hünärmentdi. Annagylyç Suwhannazar baryp-ha rewolýusiýadan has ir Moskwadan fotoapparat getirdip, şony özbaşdak öwrenipdir. Ilkinji türkmen fotografynyň 1915-1916-njy ýyllardaky alan suratlary, ol suratlaryň negatiwi hem saklanýar. Entek obada elektrik yşygynyň adynyň-da ýok wagty Annagylyç mugallymyň fotosurat çykaryşy örän täsin hem-de gyzykly. Annagylyç mugallymyň baý kitaphanasy bolupdyr. Ol kitaphanadan Aşgabatda çykýan «Zakaspiýskaýa tuzemnaýa gazetyny-da», Ufada çykýan «Wakyt» gazetini-de, Kazanda çykýan «Alemi Niswan» žurnalyny-da, A.M.Gorkiniň, Žýul Werniň romanlaryny-da tapmak bolýardy. Bulardan başga-da, ol Krymda, Astrahanda, Daşkentde çykýan gazet-žurnallaryň köpüsini alýardy — diýip, Annagylyç mugallymyň ilkinji okuwçylary gürrüň berýärler. Annagylyç Suwhannazar öz ene dilinde ilkinji okuw kitaplaryny ýazmaga hem aktiw gatnaşan adam. 1925-nji ýylda Poltoraskide (Aşgabatda) Annagylyç mugallymyň awtorlygynda başlangyç klaslar üçin ene dilinden, jugrafiýadan, arifmetikadan okuw kitaplary çykýar. Ol okuw kitaplarynyň diňe birini jugrafiýadan okuw kitabyny ele salmak bize başartdy. Beýleki okuw kitaplaryny bolsa, ideg-sorag etsek hem heniz tapamyzok. Hormatly mugallymyň elinde başlangyç sowadyna çykan onuň ilkinji okuwçylary öz döwrüniň tanymal adamlary, belent mertebeli mugallymlary bolup ýetişdiler. Türkmen dil biliminde kän hyzmatlar bitiren, Türkmen döwlet uniwersitetiniň merhum professory Gurban Sopyýew, respublikamyzda magaryfçylaryň arasynda ilkinjileriň biri bolup Lenin ordenine mynasyp bolan Annadurdy Amangylyjow, Türkmenistan SSR-niň at gazanan mugallymy, merhum Sapardurdy Bekmyradow we ýene-de birnäçe mugallymlar Annagylyç Suwhannazar oglunyň mähir siňdiren şägirtleridir. Annagylyç mugallymyň elinde sowat alan ilkinji okuwçylarynyň gürrüň bermegine görä, 1923-nji ýylda bolsa gerek, Mary obalstynyň mugallymlarynyň tomusky maslahaty Baýramalynyň, Gyzyldaýhan obasyndaky täze sowet mekdebinde geçýär. Annagylyç Suwhannazar ogly çagalara sowat öwretmegi zähmet terbiýesi bilen utgaşykly alyp barypdyr. “Çagalary ýaşlykdan diňe bir okamagy ýa-da ýazmagy däl, ekinlere seretmegi hem, mallary idetmegi hem öwretmek gerek, zähmet terbiýesini bermek mydama gerek”, diýip, dana mugallym öz kärdeşlerine aýdar eken. Manyly ömrüni il-günümiziň çagalaryna sowat, edep öwretmäge bagyşlan pähimdaryň aýdanlary dogry hem bolup çykdy. Ýakymly ýatlamamyzyň soňunda ýene-de bir zady belläp geçesimiz gelýär. Annagylyç ahun il-günüň çagalaryna sowat öwredişi ýaly, öz çagalaryny hem hatly-sowatly etmäge köp üns beripdir. Annagylyç ahunyň elinde başlangyç sowadyna çykan iň uly ogly Reşit Gylyjow Baýramalydaky politehnikumy tamamlansoň (1930 ý.) ömrüňi welaýatymyzyň suw gurluşyk işlerine bagyşlady. Reşit Gylyjow TSSR-iň at gazanan irrigatorydy. Hormatly mugallymyň iň körpe ogly Yzzat Gylyjow ajaýyp hudožnik hökmünde diňe bir Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzdan başga-da, eýsem daşary ýurtlarda hem tanalýar. Yzzat Gylyjowyň ýiti zehininiň gülläp ösmeginde kakasy Annagylyç Suwhannazar oglunyň täsiri uludyr. Danalara gol beren, öz döwründe ýaş nesilleriň egsilmez bagtyna guwanan Annagylyç Suwhannazar oglunyň durmuş ýoly, onuň bitiren işleri ýatdan çykmaz. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň şöhratly baýramçylygy mynasybetli, ajaýyp mugallymyň ady ebedileşdirildi. Onuň bitiren hyzmatlaryna uly hormat goýup, Baýramaly şäheriniň iň owadan köçeleriniň biri, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky böwrek hem ýürek kesellerini bejerýän sanatoriniň işigindäki gül-çemenli ýol Annagylyç Suwhannazar adyndaky köçe diýlip atlandyryldy”. ... Ine, aşgabadyň nurana agşamlarynyň birinde men ýene-de Yzzat Gylyjowyň eli bilen guran jaýynyň-howlusynyň deňesinden geçip barýaryn. * * * Iş ýerimdäki telegon jyrlady. Galdyrdym. Tanyş ses: -Gadyrdan, bu men Hajy milisedirin. Onuň hemişe özüne şeýle diýýändigini bilsemem men: -Biziň üçin-ä sen Hajy şahyrsyň, agam-diýýän. Onuň bolsa şol kiçigöwünligi: -Wah, bizden idili şahyr çykasy ýok-la. Ömür şo kärde işlämizsoň iliň “Hajy milise” diýip dakan ady çyndyr öýdüp ýörüs. Men näme üçin jaň edýän diýsene. Ýaňy şu günki “Edebiýat-sungatda” Döwlet Hojabaý hakdaky makalaňy okadym. Bende tirsegine diklenendir. Menem Aşgabadyň sirkinde onuň at üstündäki oýunlaryna agzymy açyp seredipdim. Ine, ömrüni şöhrada gaplap geçiren şeýle adamlar hakda köpräk ýazmak gerek. Gapdalynda Kömek kakaň (Kömek Kuly bolmaly-G. O.) ajaýyp bir zady bar eken. Diňe ýaşlara däl, galam ýöredýännleň hemmesine melhem boljak maslahatlar. Durmuş tejribesi ýetik, galam ýöretmekde ezber adamyň ýazyşy üýtgeşik bolaýýa-laý, dogrumy?! Men hem diňleýän, hemem onuň özi hakda bilýän zatlammy ýada saljak bolýan. Hany, göreýin, onuň bilen ilkinji gezek 1992-nji ýylyň bahar ortasynda Aşyk Aýdyň piriň hatyrasyna Daşoguz topragynda tutulan toýa ýoldaş bolupdyk öýdýän, ýalňyşmasam. Aşgabatdan döredijilik işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, alymlar bir awtobusy doldurypdy. Baý, gowy şagalaň bolupdy. Şonda men Aşyk Ýadyň piriň nepesi düşen beýik düzde dikilen ak öýde Hajy Kakalynyň şahyr hem alym Nazar Gulla bilen dutary deň düzüp, heň kowalaýşyny görüp, “aperin!” diýipdim. Mugallymyň (Nazar Gulla) aýdym-sazdan ganymat baş çykarýanyny bilsemem, Hajy Kakaly meniň üçin “açyşdy”. Mgerem, onuň: Başyňa döneýin, Aşyk Aýdyň pir, Bu gün düýşümize girer günüňdir. Älem içre owazasy binezir, Bu gün düýşümize girer günüňdir- giýen gowy goşgusynyň maňzy şol gezek garader bolup gara gazmany çalyp otyrka dörändir belki. Onuň goşgy ýazýandygyny, özem aglaba rusça ýazýandygyny bilýärdim, şol wagtlar işleýän “Ýaşlyk” žurnalymyzda topbak-iki sahypa edip beripdigem. “Züleýha” diýen dilden düşmeýän aýdymyň şonuň sözlerinedigindenem habarym bardy. Inçesagtdan uzynak, kakçekgeden bugdaýreňk, çalt hereketli gadamy bilen gelen döwürleri “Garagum” žurnalynda işleýän mahallarymyzam “garynja” gatnawymyz bardy. Baş redaktorymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, belli lirik şahyr Sapar Öräýew mahal-mahal: -Hä-k, goşgynam Hajy Kakaly ýaly ýazaýsaň, her setirinden aýdym sesi gelip duran ýaly-diýibererdi. Şonda: -Sapar aga, ol orsça ýazýandyr-a-diýemde, gaşlaryny çalaja çytybrak: -Sen ertir şony tap-da, türkmençe ýazan goşgularyny alyp gaýt, žurnalyň indiki sanynda bereli, bilersiň şonda-diýerdi. Onuň goşgulary seýregrägem bolsa garaz, görnerdi. Özem bazara setanda-seýranda düşýän halwa ýaly “süýjüdi”, hyrydarlydy. “Diýar” žurnalyna geçemsoň-a, özüm mahal-mahal jaň edip, ony “dürtgüläp” durardym. Üç dilde çap edilensoň, arkaýyn “Haýsy dilde ýazanam bolsaň, getiriber” diýerdim. Bir gezek ol jaň etdi: -Gadyrdan, Hajy milisäňdir bu. Magtymgulydan birje goşgyny rusça geçuirdim weli, ilki okap görüň, göwnüňize ýarasa... Men onuň sözüni böldüm: -Çap edeli-de, ýaranyny-ýaramanyny okyjylardan soraly, ugrat, gardaş! Hut aýdyşymyz ýalam bolardy. Jaň edibem, ýöriteläp gelibem “Ajap bolupdyr, şeýtmelidir” diýliberdi. Şonda ol goşgyny geçiren işgärimiz-belli ýazyjy hem terjimeçi Atajan Tagan begene-begene şeýle diýipdi: -Magtymgulyny Twardowskiden gowy terjime edip bilýän ýokdur öýdüp ýördüm weli, bar eken. Bä-äý, bu ýigit orsçanyň beýle şireli gürledilişini nireden öwrenip ýörkä?! Şol bir wagtda Puşkiniň, Lermontowyň käbir goşgularynam ol türkmençe edil bilbil owazynda ýaly edip türkmençä geçirdi. Olary biz “Diýar” žurnalynda çap edipdik. Soň bilip galdym, Hajy Kakalynyň Aşgabatda 1951-nji ýylda doglanyny, ýogsam onuň Sibirde-Omsk şäherinde Ýokary milisiýa mekdebini tamamlanyndan çalaja habarym bardy. Dutar çalmagynyň “syrynam” bildim, asyl ol mekdep okuwçysyka-paýtagtyň 28-nji rus mekdebinde okaýarka, Nowçalar we ýetginjekler köşgüne gatnap, ussat sazanda Bäşim Lallykdan tälim alan eken-ä! Onsoňam olaryň maşgalasy dutaryň hakdan ezelli “pygamberleriniň” biri diýdiren Mylly Täçmyratlar bilenem duldegşir goňşy oturan. Onsoň heýem şolaryň “ysy” urman bolarmy?! Has täsin ahwalat başga ýerde. Ýigidiň pederi Kakaly aga aşgabada belli zergär Hümmet ussa bilen gatnaşykly eken. Hümmet zergär diýilýänem şahyr Gurbannazar Eziziň atasy bolmaly. Hajy oglan wagt şeýdip Gurbannazar bilen sataşýar, dostlaşýar. Soň “tüýi” ýeten şahyr çykansoň Gurbannazar şeýle diýýär: “Şu oglanjykdan başga meniň bilen ýolagçy boljak başga birini islemezdim”. Tüýs zehin bolanda şeýle bolýandyr elbetde. Mekdebiň 9-njy synpynda okap ýörkä-1967-nji ýylda ýazan “On ýedimiň bahary” atly goşgusy şol wagtky “Ýaş kommunist” gazatinde çap bolanda, oňa ozalky medisina institutynyň (häzirki Mytar Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti) talyby Şanepes Şanepesow saz ýazyp, aýdym döredýär. Turuwbaşdan alnyp göterilen ol aýdymy ilkinji bolubam Akmyrat Geldiýew aýdýar. “On ýedimiň bahary” entegem garranok, häli-şindi radioýaýlymda gidip dur, murty tabap başlan ýetginjekleriňem hiňlenýäni şol aýdym. Hawa, ömrüniň agramly bölegini jemgyýetimiziň asydalygynyň goragyna bagyşlap, podpolkownik çini bilen ätiýaçlyk hataryna ugradylan Hajy Kakalyýew häzirem şygryýetiň gullugynda. Ol terjimeçilik käriniň gapdalyndan poeziýa meýdanynda-da goja göwnüni “seýisleýär”. “Gürgen”, “Gözleme” atly goşgular ýygyndysy çap edilen badyna kitap dükanlarynda ýatman, dessine okyjylaryň öýleriniň törüne, göwünleriňem sandygyna bardylar. Diňe türkmen iliniň däl, eýsem dürli ýyllarda çap edilen ýygyndylarda rus, gazak, türk, gyrgyz halkarynyň okyjylaryna hem ýetirildi. Nijeme goşgularyna aýdymlar döredildi. Meger, Hajy Kakalyýew ýaly milli poeziýamyzda iki dilde kämil, edil ýüpek ýaly goşgy ýazybilýän şahyr seýrekdir, özüm-ä başga kim baryny ýadyma salyp bilemok. Hajy kakanyň ýakynda rus dilinde “Родина-счастье моё” (Watanym-bagtym meniň”) atly eliňe saldam berip duran kitaby çykdy (Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2021). Täze kitap başky sahypasyndan tä soňuna çenli poeziýasynyň owazyndan ýaňa zarňyldap dur. Diňe öz goşgulary däl, eýsem Magtymguly, Mollanepes, Andalyp, Garajaoglan ýaly klassyk şahyrlarymyzdan, şeýle-de döwürdeş şahyrlary Gurbannazar Ezizow, Atamyrat Atabaýew, Allaýar Çüriýew, Ýaban Sapar dagynyň türkmençe goşgularyny rus dilinde “saýradyberşi” hut “berekella, originalyndan-asylkysyndan kem däl” diýdiriberýär. ...Kitaby elime alýan. Açaýan ýerimde şeýle ýazgy bar (rusçadan geçirilen): “Şir ýürekli Gurbannazara uly hormatyň hem egsilmez hoşallygyň nyşany hökmünde H. Kakalyýewden, 28.07.2021”. Gowy goşgularyň, ajapdan-ajap terjimeleriň döremelei günleri öňdedir, Hajy kaka! 15.08.2021. * * * Urp, Adat, Däp, soň sanasaň, dessur, kada, kaýym-bularyň hersi bilip otursaň aýry zatlar eken. Hemmesiniň düýp kökem arapça bolup çykdy. Muňa Arazbaý Öräýew “Geçmişden eşidilýän ýaň” (Aşgabat, “Magaryf”, 1992) kitabynda anyk seljerme beripdir. Şularyň içinde iň ulusy hemem wajyby (aslynda hemmesem wajyp) Adat bolup çykdy. Adat 16 sany talapdan ybarat bolup, şolaryň 10-sy her bir ynsan tarapyndan hökman bitirilmeli parzlar, 6 bolsa düýbünden gadagan ediilen zatlar. (Dürli döwürlerde bularyň sanynyň artyp ýa azalan bolmagam ahmal). “Adatyň” agzalan talaplary we bitirilmeli şertleri şeýledir: Birinjiden, her bir dünýä inen çaga at dakmak hökmandyr. Bu işi bitirmek bäbegiň ata-enesi, hossarlary üçin şertdir. Ikinjiden, her bir erkek göbeklini sünnetletmek hökmanydyr. Bu işi bitirmek bäbegiň ata-enesi, hossarlary üçin şertdir. Üçinjiden, her bir kämillige ýeten, sagdyn ynsanyň nikadan geçip, aýal almagy we äre barmagy hökmanydyr. Ata-eneleriň öz perzentlerini öýermegi, çykarmagy şertdir. Dördünjiden, her bir ynsan üçin özünden ulyny sylamak hökmanydyr, şeýle-de her bir ýaşy kiçä ulularyň bildiren kanuny talaplaryny ýerine ýetirmek şertdir. Bäşinjiden, her bir ynsanyň hökümdaryň-patyşanyň emrine boýun bolmagy hökmanydyr, şeýle-de raýatyndaky adamlar üçin patyşanyň permanlaryny berjaý etmek şertdir. Altynjydan, her bir dile düşünýän ynsan üçin adam bar ýerde eşikli bolmak hökmanydyr we bäş zerur ýagdaýdan ( ýagny nikalysynyň, lukmanyň, kazynyň, ýeňňäniň kanuny talaby bolan wagtynda hem-de bile suwa düşýäniň ýanynda) başga wagtda adamlaryň ýanynda eşikli bolmak şertdir. Ýedinjiden, her ynsanyň Watany, ar-namysy goramagy hökmanydyr, eger-de wajyp bolsa janyny bermegi-de şertdir. Sekizinjiden, ýeke adamyň uly iliň, azlygyň köpüň aýdanyna, edenine görä bolmagy hökmanydyr we onuň iliň tutan ýoly bilen gitmegi şertdir. Dokuzynjydan, Her bir ynsana haky goldamak, hakykatyň tarapynda durmak hökmanydyr hem-de hakykatçynyň lebze, ygrara, wada, kasama, anta, messebe wepaly bolmagy şertdir. Onunjydan, her bir ölen ynsany jaýlamak hökmanydyr, şeýle-de merhumy jaýlamaga mümkinçiligi bolan her bir ynsanyň gatnaşmagy şertdir. Adat tarapyndan adamlara gadagan edilýän alty talap şulardyr; Birinjiden, her bir ynsana haram zady iýmek, içmek gadagandyr. Ikinjiden, her bir ynsana haramy bilen jynsy gatnaşykda bolmak we harama galtaşmak gadagandyr. Üçünjiden, her ynsanyň adam janyna, şol sanda öz janyna-da kast etmegi gadagandyr. Dördünjiden, her bir ynsana ata-enesiniň göwnüni ýykmak gadagandyr. Bäşinjiden, her bir ynsana tebigata kast etmek gadagandyr. Altynjydan, her bir ynsana Taňrynyň emrine garşy gitmek gadagandyr. Adatyň talabyna görä, şu aşakdaky zatlar haram hasaplanypdyr he-de olary iýmek, içmek gadagan edilipdir: Gany, gan gatyşan suwuklygy içmek gadagan bolupdyr, gan siňen närsäni iýmek hem şonuň bilen barabardyr. Her bir awlanylyp tutulan jandaryň ganyny dökmek hökmanydyr. Gany dökümledik handary etini iýmek mekrupdyr. Maslyk haram, maslyk batan suw haram, içinde janly-jandar ölüp galan suw-guýy haram. Ýerden ýöreýän hanly-jandaryň, haýwanlaryň ot iýýänlerinden, olaryň hem toýnaklysyndan, paşmaklysyndan, şeýle-de, toýnagyň, paşmagy arasy iki bölünýäniden başgasy haram. Doňuzyň paşmagy iki bölünen, ýöne onuň maslyk iýýäni we gan içýäni üçin eti haram. Suwda ýüzýän, çümýän, ýerde hem-de suwda gezýän jandarlardan endamynda peri, tüýi hem-de teňňesi bolanlary halal, galanlary haram. Guşlardan maslyk iýýänleriniň, şol sanda ölen balyk iýýänleriniň-de eti haram. Ýerde süýrenýän jandarlaryň dört aýaklysynyň eti haram. Ganatly jandarlaryň-da dört aýaklysynyň eti haram. Ýerde gezýän haýwanlaryň penjelisiniň eti haram. Ýeriň astynda hin gazyp ýaşaýanlaryň eti haram. Dörtden köp aýagy bolan jandarlaryň eti haram. Adamyň endamyndan, janly-jandaryň endamyndan bölünip çykýan zatlar haram, şeýle-de şolary iýýän jandarlar haram. Şolardan diňe bal, süýt, owuz halal, süýdüňem diňe eti halal haýwanyňkysy we adamyňky halal. Ogurlanyp iýilen, öldürilen kişiden, ýagny adamy öldürip alnan, talanan zat haram. Para diýlip alnyp iýlen zat haram. Sap tylladan bolan gaplarda iýlen zat haram, şeýle gapdan içilen içgi haram. Derman diýlip iýilmeli ýa içilmeli bolan zat halal. * * * “SENI GÖRESIM GELÝÄR” Bu sözbaşyny azajyk ýütgedip, «Dostlar bolup seni göresimiz gelýär, Rejepgeldi!» diýesiň gelýär. Onuň bolsa dostlary juda kändi. Ilki bilenem poeziýanyň çyn muşdaklary bu şähyryň tüýs dostlarydy. Ýaz ýaly gylykly, göwni jomart, «Tapany saçagynda» diýdiren ýigidiň köňüldeş dostlaram kändi. Ol kyrk çilläniň gerşinde dünýä inen ýigit bolansoň, kalbam ak gar ýaly päkdi. Şu ýerde onuň «Terjimehal» goşgular toplumyndan şujagaz bölegi getirsek, onuň keşbi meger, göz öňüne gelse gerek. 1958-nji ýyl. 30-njy ýanwar. Şol gün asman gaýgyrmandyr garyny, Ilkiagşamdan tä ertesi guşluga. Şol gün tutan towşanlarynyň baryny, Berek eken kakam ýeke buşluga. Öýkelejik uýam aýry ýatypdyr. Hamsygyp, Kine edip şol gün ejemden. Eýýämhaçan goňşymyzyň aýaly, Gyzjagazyn gabanypdyr içinden. Şatlyk paýlanypdyr gapyma-gapy, Görsene bu däbiň gowulukdygyn. Buşluga öwrülip gyşyň şol güni, Dogulupdyryn. Onuň bilen bile bir okuw jaýyna — Magtymgyly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine bile giripdik. Soňra žurnalistika hünärine bolan höwes üç ýyldan soň herimizi bir ýerden çykardy. Rejepgeldi Mejikow Sankt-Peterburgyň döwlet uniwersitetini, biz bolsa häzirki belli žurnalistler Juma Ataýew, Ýazmyrat Şadurdyýew, Keýik Umarowa, Annaberdi Begdurdyýew dagylar bolup Ýekaterenburg şäherindäki Ural döwlet uniwersitetini tamamladyk. Soňam tas bir müçe wagtyrak Rejepgeldi bilen bir gapydan girip-çykyp işlemek nesip etdi. Häzir ýurdumyzda iň baýry- 105 ýaşy arka atyp barýan adam, «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly ada mynasyp bolan Baba Garaýewiň «azysynyň» astyna düşdük. Beýle diýdigimiz, şol wagtky «Kommunizm ýoly» oblast gazetiniň baş redaktory bolup işleýän bu adam diýseň talapkär halypady. Işiňde çig- çarsylyk boldygy, gyr jynydy. «Söz bilen oýun etmek, ot bilen oýun eden ýalydyr. Bek diliň, kagyza ýazylan zady soň gylyç bilen kesip ýa palta bilen çapyp aýryp bolýan däldir. Her setriňize ýürek yhlasyňyz siňip, gara başyňyz bilen jorap bermelisiňiz. Şony oňarmasaňyzam saçyňyz wagtyndan ir agaryp, abraýdan yrak düşersiňiz» diýip zynharlardy. Rejepgeldi bolsa özüne juda bek ýigitdi. Il içinde aýdylyşy ýaly, kärine-de, süňňüne-de kir ýokdurmazdy. Sebäbi onuň şahyr ýüregi bardy, ähli zada hoşbagtlyk, ähli kişä hoşwagtlyk bilen serederdi. Ol öz sada häsiýetine görä obany gowy görerdi. Şonuň üçinem dogduk depesinde—üç ýüz altmyş pirleriň ýatan ýeriniň golaýyndaky göbek gany daman ýerde jaý salyndy. Beýdişini geň dörüp, oňa sowal berenimiz ýadymda: — Mejik (dostlary onuň adyny şeýle tutardylar), seň deň-duşlaryň-a şäher diýip eňek atyp ýatyrlar. Sen bolsa oba diýip ýapyşyp otyrsyň. Şähyr adam üçin, döredijilik adamlarynyň içine, gazet-žurnallarynyň köpräk ýerine golaý bolsaň ýagşy dälmi?! O myssa ýylgyrypdy: — Indi siz maňa aýdyň, Kakabaý Ylýas Boldumsazda, Atajan Annaberdi Murgapda, Mämetnazar Babanazar Akdepede, Allanazar Begnazar Türkmenbaşyda, Öwülýaguly Möwlam Türkmenabatda ýaşap, gunt ýaly goşgulary, agramy köşek ýaly hekaýalary, powestleri bilen okyjylaryny yzyna düşürip ýör, dogrumy?! Iň bärkisi, Wasili Şuksin özüniň iň gowy hekeýalaryny Sibriň künjegindäki çet obalarda ýazypdyr. Okasaň agzyňy açdyrýar özem. Obanyň gadryny oba öwrenşip giden adamlardan soraň. Şolaryň ýüreginden çykýan setirlerden yzarlap görüň. Soňam ol özüne muwapyk nazym bilen şu setirlerini okap beripdi: Boluberşim boz oglana kybapdaş, Gaşynda çökmegim sežde-togapdyr. Awçy üçin belki ýetmez sogapdyr, Jeren gözlerini öpmek bar eken. Kyn günümde söýenenim, arkamsyň, Durmuş bolup boýna ilen halkamsyň. Bagtym, sag bol, meni juda ýalkapsyň, Dünýäden hoş bolup ötmek bar eken. Şondan soň ol elini gür baglyga bürenip oturan obanyň günbataryndaky ýaşylzarlyga uzatdy: — Ýör dost, balyk tutmaga gidili. Hol şaly atyzlarynyň suwuny gaçyrypdyrlar, içi ululy-kiçili balykdan doly. Ejeme eltip bereris weli, bal ýaly edip gowurar. Hawa, onuň ejesi Gülnabat daýza juda mährem, gürrüňçil enedi. Agalary Dädebaýdyr Gölli dymmarak bolsa-da, Rejepgeldi olaryň tersine, şahandaz, ýok ýerden gülki ýasap bilýän ýigitdi. Rejepgeldi Mejikowyň ömri gysga eken. Neresse “Watan» radioýaýlymynyň Daşoguz welaýaty boýunça habarçysy bolup ylgap ýören wagty birden ýapyşan kesel ony düşege baglady. Şeýdibem ýaňy 53 ýaşan ýigit pany bilen hoşlaşdy. Agtyga gözi düşmese-de, hernä ogul öýerip, gyz çykaryp ýetişdi. Onuň goşgular ýygyndysy «Seni göresin gelýär» diýlip atlandyrlypdy. Bu ykbaly gör-ä! Ýaz ýaly ýigidiň, pespäl şahyryň inçe lirizme ýugurlan, duýgulardan püre-pür, pikir ýüki ýetik, şol bir wagtda-da juda düşnükli goşgulary okyjylaryň köňül sandygynda orun tutdy. Biziň seni juda göresimiz gelýär, dost! Herhal seniň nurana keşbiň döredip giden setirleriň arasyndan bize seredip dur. * * * Gadymy grek (ýunan) şahyrlary öz goşgularyny haýsydyr bir saz guralynyň ( köplenç halatda liranyň) sazandarlyk etmeginde aýdypdyrlar. Şu ýerden hem lirada aýdym aýtmak diýmegi aňladýan “lirika” diýen söz döräpdir. Gadymyýetde şahyrlar sözüň doly manysynda goşgularyny okaman, ony aýdym edip aýdypdyrlar. Şol döwürde şahyr aýdymçy, köplenç ýagdaýda kompozitor hem bolupdyr. Aýdym söze çeýelik, täsinlik, owaz, äheň taýdan kesgitlilik beripdir. Söz aýdyň täsirlilige eýe bolupdyr. Umuman, gadymy greklerde liriki poeziýa aýdymdan üzňe bolmandyr. * * * Dünýä belli kompozitor Lýudwig wan Bethowen (170-1827) gapma ker bolupdyr. “Geýilgenştatdaky wesýetnama” atlandyrylýan hatynda (bu tragiki hat geniý ýogalandan soň tapylýar) ol şeýle ýazypdyr: “...Meni halamaýan, ketjal garasöýmez hasap eden ýa-da atlandyran adamlar, siz maňa nähili adalatsyz garaýarsyňyz. Siz göz öňüne getirýän zatlaryňyzyň syrynyň sebäbini bilmeýärsiňiz... meniň düşünjesiz lukmanyň bejergisinden barha erbetleşýän, bejerip bolmaýan keselden ejir çekýänime alty ýyl. Men sagalmaklyga bolan arzuwlarymy ýyl-ýyldan ýitirip, uzak dowamly näsaglygyň öňünde durun (bejergi belki, birnäçe ýyla çeker ýa-da, ähtimal bejermek mümkin däldir)... Men örän ýalňyz we köpçülik ýerlerinde juda zerurlyk bolan ýagdaýynda görnüp bilýärin... Haçanda meniň ýanymdaky uzakdan fleýtanyň sesini eşidip, men bolsa eşitmedik pursadymda örän kemsiniji duýgyny başdan geçirýärin!... Şeýle ýagdaýlar meni lapykeç etdi, ýene-de biraz wagtdan men özüm özüme kast ederdim. Meni diňe bir zat-sungat saklady. Maňa özümiň duýýan arzuw-ukyplarymy ýerine ýetirmän, bu dünýäni terk etmeklik netijesiz göründi...” Ykbalyň garşysyna gidip, beýik kompozitor şondan soň ölmez-ýitmez eserleriniň onlarçasyny döredipdir. Bir gezek italýan kompozitory Joakkino Rossini konsertde Bethoweniň “Gahrymançylyk” atly simfoniýasyny diňläninden soň haýran galyp şeýle diýipdir: -Şeýle sazy döredip, ker bolmaga-da razy bolsaň bolsaň bor-la. Wah, mundan ajap simfoniýany döretmek asla mümkin däl. 25.08.2021 * * * Nobatguyl Rejebowyň belli amerikan ýazyjysy Robert Frostdan eden terjimesi bar. Şahyr tüweleme, iňlis dilinde ýazýany türkmençe “gürledende” edil öz dilimizde ýaly bolup dur. “...Men ýaş şahyrlaryň goşgularyny haýsydyr bir ýerde çap etdirmekden lezzet alman, olaryň goşgy ýazmagyň özünden lezzet almagyny isleýän. Siz entek ýaş, gowy goşgulary ýazyp, döretmek diýlen gudratyň eşretini, lezzetini görmeli. Ýaş ýetginjekler futbol oýnaýan mahaly ölenini-galanyny bilmän oýnaýarlar, ölmeli, ýöne utup çempion bolmaly diýen pikire gulluk edýärler. Ynha, eline galam alyp, eser döretmegiň kül-külüne düşen ýetginjekde hem şeýle gaýduwsyzlyk bolmaly. Arassa ýazuw sapagyndaky ýaly ýazmak endigini ele almagyň ýa goşgy ýazmagyň hatyrasyna ýazmaly däl. Aýtmaga pikiriň barmy-diňe şonda ýazmaly. Eger aýtmaga gowy pikiriň bolsa, ýaş futbolçylar ýaly, öleniňi-galanyňy bilmän ýazarsyň, işlärsiň”. Bu hut Nobatguly şahyryň öz göwnündäki pend-u-nesihat bolmaly. Sebäbi ol ýaramaz goşgy görse, ýa diňlese, gapdala bakyp, “Şundanam bir goşgy bormy, her hili ýüzigalyňlar bar-ow” diýäýerdi. Juda ýuka göwün poeziýa galyň ýüz, ýagny duýgysy egsik göwün bilen ýapyşmak diýmek, ýalňyşam däl-de, hut gödeklik bolmaly. Näziklik bilen gödeklik hergiz bir ýere sygyşmaýar. Käte-käte Nobatguly halypanyň eliň aýasyndan sähel ulurak “Al-ýaşyl gar” atly kitabyny elime alasym geliberýär. Kitap şeýle setirler bilen başlanýar: Daglaryňyz beýik bolsun, bulutlary lemmer-lemmer. Daşlaryňyz lagyl-mermer, derýalarňyz tereň bolsun. Seýkin basyp gelsin ýazlar, Kenizleri-näzik ýeller, Çal dumanly jülgelerde umga bolsun, jeren bolsun. Ýelden ýyndam bedew bilen şan getiriň iliňize, Hiç kim dutaryndan gaýry ýanyna ýarag almasyn. Biliňizden önen perzent kuwwat bolsun biliňize, Ýüregňizden önen gyzlar ýürege ýara salmasyn. Nobat akganyň (özünden ýaşkiçiler oňa şeýle ýüzlenerdiler) ömrüniň harmany bolan kitap “Kalbymyň senasy”. Eliňe saldam berip duran bu kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2019-njy ýylda çykardy. Oňa awtor öňli-soňly iň gowy soşgularyny (ýeri, Nobatgulyda erbet goşgy barmy diýsene) girizmek üçin, baý, azap çekipdi. Bir günem iş ýerime geldi. Aýak üstünde duran ýerinden: -Inim, şu kitaba goja (Atamyrat Atabaýew) ikiňiz sözbaşy ýazmaly-diýdi. Men ör-gökden geldim: -Nobat akga, men şahyr däl-ä. Onsoňam Nobatguly ýaly beýik şahyryň kitabyna sözbaşy ýazardan men müçejedirin. Sypdyrarly däl: -Nähilijedigiňi özümiz gowy bilýäs. Göwnüm ýetensoň saýlandyryn. Agaň aýdanyna arkan gaýşyp durma-da “bolýa” diýäý, inim. Özem gijikdirmeli däldir. Ýogsam oturlyşygam gijä galar. Ertesi Atamyrat halypanyň ýanyna ýöriteläp bardym. Ýaýdana-ýaýdana hem “Özüň bir zatlar edäýmeseň-ä, Nobaygula ýapyşardan men ejizdirin” diýdim. Ol “Men bir zatlar garalaýyn, sen taraşlap berseň bolar” diýdi. Içimden “Seň ýazanyňy taraşlar ýaly men kim, how?!” diýdim. Hobat akgadan gorkujygyma bolsa begene-begene “Näme etmeli bolsa, taýýar” diýip, gaýtdym. Şözbaşynyň elýazmasyny gaýta-gaýta gözden geçirdim: ...Nobatguly Rejebow geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ahyrynda-heniz Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň nemes dili bölüminde okap ýörkä ilkinji goşgularyny, şeýle hem beýik nemes poeziýasyndan eden çeper terjimerini metbugatda çap etdirip başlaýar. Ol 1969-njy ýylda uniwersiteti tamamlap, öz obalaryna, bag-bossanlyga bürenen Sandykgaçyky mekdebe işe gidýär. Ol mekdep okuwçylaryna türkmen dilinden we edebiýatyndan sapak berýär. Ýöne çeper döredijilik ony öz erkine goýmaýar we ýene-de şahyry paýtagta- Aşgabada alyp gelýär. Tanymal rus şahyry Ýuriý Kuznesowyň aýtmagyna görä, beýik pikirler, beýik ideýalar ýurduň paýtagtynda ýüze çykýar, hut şonuň üçinem uly şahyrlar paýtagtda ýaşamalydyr. Şeýleikde şahyryň ajaýyp, özboluşly, filosofiki oýlanmalara baý goşgulary şol döwürdäki “Ýaş kommunist” (häzirki “Watan”), “Edebiýat we sungat” gazetinde yzygiderli çap edildi we onuň il içinde gowy şahyr hökmünde adygyp gitmegine sebäp boldy. Şondan soň dürli döwürlerde şahyryň “Topragyň tagamy”, “Ajaýyp dünýä”, “Al-ýaşyl gar”, “Jemşidiň jamy”, “Diňe söýgi hakynda” ýaly şahyrana kitaplary neşir edildi we okyjylaryň söýüp okaýan kitaplaryna öwrüldi. Şahyr 1977-nji ýylda Moskwada geçirilen ýaş ýazyjylaryň Bütinsoýuz maslahatyna gatnaşdy we goşgulary uly ussatlaryň gowy bahasyna mynasyp boldy. Şeýleikde onuň goşgulary Moskwada neşir edilýän “Поезия” almanahynda çap boldy. Şahyryň “Durnalaryň düşelgesi” diýen şahyrana kitaby Moskwanyň “Молодая гвардия” neşirýatynda rus dilinde okyjylara ýetirildi. Oňy tanymal rus şahyry Ýewgeniý Winikurow sözbaşy ýazyp, goşgulara mynasyp baha berdi. Bu bolsa türkmen şahyrynyň şol kitabynyň Nikolaý Ostrowskiý adyndaky baýragy almagyna getirdi. Şahyryň goşgulary köp halklaryň diline terjime edilip, örüsi giňedi. Şahyryň goşgulary öz ýurdumyzda hem şol döwürdäki Lenin komsomly (häzirki Ýaşlar) baýragyna mynasyp boldy...” Bu setirleri ýene-de uzaldyp bolardy. Ýöne şu ýerde saklanaýalyň. Sebäbi edebiýat bilen sähel-mähel gyzyklanýan kişileriň Nobatguly şahyryň häiliräk “gorunyň” bardygyny bilýänine ynanýas. Onuň islendik goşgusam mahabata mätäçlikden has belentde. Edebi seljerme geçirmek, döredijiligini ilik-düwme etmek alymlaryň, edebiýatçylaryň işi. Biziňki bolsa ýatda galanlary sere getirmek, beýik şahyryň galamdaşlaryna, döwürdeşlerine beren bahasyny ýene bir gezek şu ýazgylary okajaklar bilen paýlaşmak. Onuň ýegre dosty, ussat ýazyjy Osman Öde bir gezek şeýle diýipdi: -Nobatyň poeziýasy düýş ýaly owadan, nika suwy ýayl süýji, ylahy meý deý heserli, fontanlary älemgoşarly dünýä. Onda inçe billi, lebleri posaň yzyna meňzeş, çyrany öçüräýmeseň aklygyndan görünmeýän jadyly Selbi ýaşaýar. Şahyr oňa aşyk bolup, ony döreden bolsa, Mejnun bolup söýen bolsa, indi oňa poeziýanyň muşdaklary aşyk... Nobat akga şahyrlaryň aýdyşy ýaly “gysgançdy”. Anyk aýdanda, juda göwni ýetmese hoş sözüni aýtmazdy, gönümeldi hemem sypaýydy. Gowy şahyr ýa ýazyjyny bolsa özündenem belentde goýardy. Bir gezek ol şeýle diýdi: -Didarberd (Allaberdiýew) ýaly Gurhany hem geçmişi şeýle gowy bilseň, Hudaýam gursagyňa birje çümmük zehin guýan bolsa, şoň ýaly zor şahyr bolup bolar. Filologiýa ylymlarynyň doktory, belli edebiýatçy Muhammetguly Amansähedow şeýle ýatlaýar: -Adygyp ugran şahyr mahallary Nobatguly bilen Atamyrady iş ýerime-Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutyna myhmançylyga çagyrdyk. Mejlisler zalyndaky duşuşyk gyzykly, şowhunly geçdi. Soň çykyp barýarkak, Nobat elimden çekip: -Hanjan, sen nähili bagtly adam-diýdi. Geňirgenip ýüzüne seretdim. Ol topar tutup, alaýaz ýaly bolup gidip barýan tayp oglan-gyzlary görkezip: -Gör-ä, sen ýaşlygyň içinde işleýäň-ä. Ýaşlyk diýmegem joşgun diýmek, hyjuw diýmek. Beýle bolanda adam garramaýar-diýdi. Goşgularynda-da, prozasynda-da üns etseňiz, ýaşlyk dyňzap durandyr. Atamyrat ikisiniňki dostlukdan aňyrdady. Atamyrada “goja” lakamyny dakanam Nobatdy. “Goja dünýäň özi ýaly şuň bilmeýän zady ýok, how. Halys başyň çaşyp, ýanyna baraňda-da, Eflatun ýaly bir çykalga tapýar duruberýär” diýip, gülerdi. Hudaýberdi Diwangula-da sarpasy uludy. “Ýaş kommunistde” goşgularymy sahypalap, onda-da suratym bilen berip, meni ile tandan redaktordyr. Çyn zehine baha berip bilýän adamlar beýikdir” diýer ýörerdi. Arman, ir gitdi-dä, özem kükreginde Görogly hakynda uly göwrümli çeper film döretmek hakyndaky arzuw-hyýalynam özi bilen äkitdi. Onuň işjanlylygam görelde. Öýündäki iş otagyndan bir aýlap diýen ýaly çykman, basa oturyp, ajap eserler döreden. Başbermezek erkiňi jylawlara tutumly eserler heser berýändir-dä elbetde. Bir gezek Atamyratlarda otyrkak, şahyryň ýanýoldaşy Bibi (Orazdurdyýewa-G.O.) edip oturan gürrüňimize goşuldy: -Nobat Görogly bilen “dälirän” bolaýmasa. Ýazýan zatlarynyň içinde şonuň gürrüňlerine, häsiýetine salgylanşyna heý, üns berdiňizmi? Ýolda-yzda duşanda-da, işe-beýlekä baranda-da Görogla salgylanasy gelip dur. Atamyrat üstüni ýetirdi: -Magtymguly temasam böwründe “bükgüldi” ony aýtsaň. Şol ikisine sataşan bolsa däliremänem görsün. Hawa, ýazan, çap etdiren zatlarynyň agramyndan çen tutsaň ol hezreti Magtymguly hakda roman döreden bolmaly. Arhiwini içgin agtarsaň, belki golýazmalary bardyr... Alymyň, edebiýatçynyň, şahyryň söwer dostunyň bu aýdanlaryny mahal-mahal ýatlaýan-da, içimden “çeperleşdirip aýdaňda, söz köşgüniň gapysynda gul bolmasaň beýle ajaýyp hem harmanly eserleri döredip bolmazdy” diýýän. ...Soňky gezek Hobat akga bilen şahyr Kakamyrat Rejebowlaryň öýünde ýazylyp-ýaýrap oturypdyk. Şahyr Seýitmyrat Geldiýew, şahyr, terjimeçi Orazmyrat Myradow, ýene birki ýigit bardy. Belli aýdymçy Atageldi Garýagdyýew joşup-joşup aýdymalar aýtdy. Giň supranyň başyndaky söhbet saz, sungat, goşgy, kitap hakda boldy. Şahyrlar, artistler, aýdymçylar, ýazyjylar bilen bagly heneklar ýatlanyp, Nobat akganyň aýdyşy ýaly, käseleri meý, göwünleri gülki bilen doldurypdyk. Ýöne onuň öňki işdäsi ýokdy, çümhörekdi, şahandazlygynyňam üstünde çalaja gubar bar ýalydy. Göýäki ömrüniň paýawlap, yrsgynyň-çöplejek çöpüniň gyralap barýanyny duýýana meňzeşdi. Şondan sanly gün soň sataşamda: -Nobat akga, “Kalbymyň senasyna” biz ýaly garypgöwün iniňize niýetlän sözüňiz-arzuwyňyz bolsa, ýazyp beräýseňiz, juda hoş bolardyk-diýemde, ol çalaja ýylgyrdy: -Inim, ol kitaby açan ýeriňdäki sözbaşyda adyň dur ahyry. Onsoň oň ýanyna awtoryň sözi nämä gerek?! Wah, gerek eken, Nobat akga. Illeriňkiden üýtgeşik şahyr ýüregiň bardygyny, özüňiň nähili şahyrdygyňy aňryýany bilen bilseňem, pukaraýa gylygyň, kimirsiz göwnüň bilen ýazmaly ýazgyň ýetmän dur-da, agam! Çyn şahyrlar bihal däl, meger, welilige ýetiberýän kişiler bolmaly. Görüň-ä, Nobat şahyryň ýazyp giden iň soňky setirlerini: Geçdi gitdi ömrüň gözel möwrüti, Ýaşaýyş gutardy, galdy töwüri. Nobat akga, ýaşaýyş seniň üçin gitaranam bolsa, adyň edebiýat meýdanynda baky galandyr. Diýmek, sen dirisiň-goşgularyň bilen ýaşap ýörensiň! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |