23:37 Göwündäki gündelik -29/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Beh, şunça ýaşasagam, bilmeýän, aňmaýan zadymyz entek köp-ow. “Ýakal” diýlende, göwreli gelniň iki ýaňagyna garalybrak çykýan (käte bagrynda näsazlyk bar adamlarda-da ýakalam meňzeş börtýär) zada aýdylýandygyny bilýärdim. Ýöne ynha, mirasgär, Türkmenistanyň ussat mugallymy Hangylyç Tagangylyjowyň gazetde çykan makalasynda “akal” sözüniň erkek kişiniň aşaky dodagynyň etegine bitýän bölejik tüýdügini, käbir ýerlerde oňa “sarmak”, “şamut” diýilýändigini okap, gaýybana sag bol aýtdym. Ýöne şonda uzynlygy bir garyşrak, özem demirden ýasalan çaklaňja gazyga “temle” diýilýändigini okap, böwrümi diňirgendirdim. Muňa gadymy dilimizde “teble” diýilýämikä diýýädim-le. Belki şiwe ýa-da ýaşalýan ýerine laýyk üýtgäp, şeýle atlandyrylýandyr. Söz diýleni bir umman-a, onuň aňyrsyna ýetmek barmy eýse! 19.01.2022. * * * Doglan günümi gutlap balkandaky şahyrlaryň biri SMS ugradypdyr: Gurbannazar, 58-de doglan ekeniň, Göwnüň gül-çemenden boglan ekeniň. Altmyş dört ýaş dagy saňa nämejik, Walla, sen-ä entek oglan ekeniň. Ýatlanlaryna, hormatlap, şygra salanlaryna sag bolsunlar. Şygra salan bolsalar, diýmek, göwünlere hem salandyrlar. Meger, bu Didar däde bolsa gerek. 5.02.2022. * * * “Biznes reklama” gazetiniň şu ýylyň 14-hji fewaralyndaky sanynda berlen goşgularyny okap hem galkyndym, hem gyýyldym. Nähili ajap setirler! Tüýs çyn şahyryň “sandygyndan” çykany bildirip dur-la. Ynha, diňle: Ýaýla aýdym aýtdy... Ýagtyldy saba, Gülki, gözýaş bolup gaýtalady heň. Öz başyny sypap aýdymdan ýaňa Adamyň ýüregi ýukalan eken. Ýada ynha “Eneli-gyz” goşgusyndaky bu şahyrana ündewe gulak goý: Yhlasyn bagş edip, ölüp-öçüp düýn, Soň ýagdyryp aýralygyň garyny. Niçik bolar her kim ýeke söz üçin Goýup gidiberse söwer ýaryny. Beýle pikir etme, oýundan-çyndan, Düşüniş, arany tutmasyn kerep. Ejizlik dälmidir, öz ojagyňdan Gitseň, Mertebäňi gorama derek. Özüm-ä şu setirleri okap, agzalakykdan, düşünizmezlikden, göwni galmakdan ýaňa gyldyrgana dönen-üzülere gelen ýaş maşgalalaryň toba geljegine ynanýan. Eýsem keremli sözüň güýji şunda dälmidir?! Wah, ynha, ýöne şu setirleri okap, biygtyýar gözümi ýaşladym duruberdim: Dostuň ýada düşýär gözleriň solsa, Adam bir-birine şatlykdyr, gamdyr. Eger dünýämizde boşluk bar bolsa, Tapylmadyk ýa ýitirlen adamdyr. Sebäbi şondan birje gün öň biz türkmeniň bir uly şahyryny-Mämmetnazary ýitirdik. Ol 68 ýaşynyň içinde bizden üzüldi gidiberdi. Imanyň hemra bosun, halypa! Hawa, men şahyr dälem bolsam, oňa “halypa” diýmäge doly hakly. Muny aýdamda, hökman ömrüň yzda galan Mämmetnazarly günlerine dolananymy duýman galýan. Dowamy hökman ýazylmaga degişli. * * * “Проект Россия” (Moskwa, “Eksmo”, 2008) kitabynda şeýle maglumaty okadym: “Rus söweşijisi ýewgeniý Lwowiç Kolowrat özüniň iki müň esgeri bilen mongollaryň Baty hanyň serkerdeliginde gabawa alan Rýazan tarapyna howlukmaç sürýär. Ýöne ýetişmeýär. Kül-peýkun edilen şäheri görüp ol säginmezden tatar-mongollaryň sapynda 150 müň esger bolan goşuny bilen söweşe girişmekçi bolýar. Bu habary eşiden Baty han on müň esger-tümen ýollarýar. Barşyna ýeňiş teblini kakarlar öýdübem tamakin bolýar. Ýöne göwni suwluja hanyň tumşugyna kakylýar. Rus egerleri gaty batyr durup, hüjümi serpikdiren. Baty han ikinji tümeni ýollaýar. Ruslar ýere çüýlenen ýaly ýeke ädimem yza süýşmedik. Olaryň gaýduwsyzlygyna haýran galan hem haýýaty göçen han indi ilçi ugradyp, para-peşgeş hem wezipe-emel wada berýär. Ýöne gidenler “ýok” diýen jogaby alyp dolanýarlar. Ýene ilçi gidýär: “Näme isleýäňiz, aýdyň?!” jogap kesgin bolýar: “ Biz şu topragy gorap ölmek isleýäris”. Muňa gyr jyny tutan gedem han ähli goşunyny jemläp, başegmezek ruslaryň üstüne hüjüme geçýär. Ynam hem watanparazlyk gara güýçden rüstem gelýär. Basybalyjylaryň şonça goşuny egbarlaýar, olar damja ganyny seçip, “öleris, yza tesmeris” diýip, gylyç salyşýarlar. Üç gije-gündizki söweşden soň, halys paltasy daşa degen Baty han daş zyňyjy gurallary getirtmäge mejbur bolýar. Äpet daşlaryň zarbyndan parça-parça bolan rus esgerleri “ganymyz şu topraga siňse ne arman!” diýşip gurban bolýarlar. Taryhyň bu parçasy Jelaletdin serdaryň Çingiz hanyň başyna salan gurt oýnuny ýatladyp goýberdi. Watan mukaddesligi, ene topragy gara başy gurban edip soňky damja ganyňy seçip goramak parzy gör nähili ajaýyp hem hasratly. 20.02.2022. * * * Şu gün daň-säher başlan ýagyşyň şybyrdysyna goşup, irden hüýpüpik gygyrdy. Diýmek, kükräp bahar gelipdir. 27.02.2022. * * * Kör köri ideklese, ikisem ganawa gapgarylar. Napeleonyň iň gowy görýän generaly Taleýraon şeýle diýmegi halaýan eken: “ Naýza gowy zat, ýöne onuň üstünde otyrmak elhenç”. Uinston Çerçil bolsa öz ýazgylarynyň birinde şeýle diýýär: “Geçmişe biz näçe çuňňur seretsek, geljegimizi şonça-da aýdyň göreris”. 1.03.2022. * * * “Içgini agzyma alamok” diýib-ä özüme akja jüýje diýibiljek däl. Toýda-tomguda, oturlyşyklarda, meýlislerde, garaz, käte jyňkydylaýmasy bar. Atamyrat Atabaý joşup otyrka gülüşdirerdi: -Arak içmeseň il içende, Abraýyň bolmaz il içinde -diýip. Abraýy bu zährimardan gazanyp bolmaýanyny, gaýtam barja abraýyňy dökýänini, üstesine-de, çenden çykyberseň jübüňem bilbiliň ketegine dönderýänini durmuş görkeze-görkeze gelýär. Diýmek, ýokarky setirleri şahyryň häki ili güldürmek, onda-da setirleriň aşagynda ajy kinaýany goýup ýazandygyna özüm-ä ynanýan. Ine, kitap gatlaryny dörüp otyrkam bolsa şeýle maglumatlardyr pikirleriň üstünden bardym: Pýançylyga garşy göreş boýunça birinji Bütinrussiýa gurultaýy 1909-njy ýylyň 28-nji dekabrynda geçirilipdir. Peterburgda geçirilen bu foruma intelligensiýanyň giň gatlagy, “Halk saglygyny saklamagyň rus jemgyýetiniň” agzalary, Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri çagyrylypdyr. Şol döwrüň belli alymlary M.N.Nižegorodsew, W.M.Behterew, W.P.Osipow, N.F.Gamaleýa, N.P.Krawkow, G.W.Hlopin we beýleki tanymal adamlar gurultaýa işeňňir gatnaşypdyrlar. Gurultaýda çykyş edenleriň aglabasy alkogolizmiň ösmeginde we ýaýramagynda sosial faktorlaryň täsirine anyk seljerme beripdirler. Pýançylyga garşy göreş boýunça ikinji Bütinrussiýa gurultaýy 1912-nji ýylyň 6-12-nji awgusty aralagynda Moskwada geçirilipdir. Akademik Behterow şeýle ýazýar: “Alkogoliklerden (her ýüz adama) on sany bedroý, sekiz tentek, on bäş sany garaguş agyryly çaga dünýä inýär. Öz-özüni heläkleýänleriň ýarysy alkogoliklerdir”. Ol sözüni şeýle jemleýär: “Ilatyň jan başyna içilýän spirtli içgiler orta hasapdan näçe köp boldugyça, ölüm, ýitgi, betbagtçylyk hem şonça köp bolýar”. Geçirilen barlag-derňewleriň soňky netijelerine görä, sürüjiniň işe ugramazdan öň içen bir kürüşge piwosy içmedik adama garanyňda heläkçilikleriň sanyny ýedi esse, 150 gram arak 30 esse, 300 gram arak 130 esse köpeldýär. Yzygiderli içýän adamyň ömrüniň içmeýäniňkä garanyňda 15-20 ýyl gysga bolýandygyny ylym bireýýäm subut etdi. Eger yzygider içýän adamyň 50 ýaşdan soň serhoşlykdan ölmese-de, aglaba agyr kesele sezewar bolýandygyny tejribe görkezipdir. Ine, bu pikir bolsa dünýä belli Žek Londona degişli: “Wagşylygyň ýüze çykmalarynyň biri bolan alkogolizm baryp gadym eýýamlardan bäri adamzadyň ýakasyndan ebşitläp tutup, ondan ummasyz paç alýar, ýaşlygy ýalmap, ysgyn-mejalyny gaçyrýar, gujur-gaýratyndan mahrum edip, adam ähliniň iň gowy gülüni çürtýär”. Ýewropalylaryň arasynda “Derýa çeşmejikden başlanýar, serhoşlyk rýumkajykdan” diýen nakyl-aýtgy bar eken. Lew Nikolaýewiç Tolstoý özüniň “Adamlar näme üçin özlerini zäherleýärler?” diýen makalasynda şeýle ýazypdyr: “Meňiň, tirýegiň, çakyryň, temmäkiniň bütin dünýä ýaýramagynyň sebäbi olaryň tagamynda, berýän lezzetinde, güýmenjeliginde, şähdaçyk edýänliginde däldir, diňe wyjdanyň salgy berýän zatlaryny öz-özünden gizlemek zerurlygyndadyr. Bir gezek men köçeden gidip barýardym, şonda gürrüň edip duran paýtunçylaryň duşundan geçenimde, olaryň biriniň beýlekä: “Düşnükli zat-sersag üçin utnaçdyr” diýenini eşitdim. Sersag üçin utanç serhoş üçin utanç däl. Adamlaryň kelläni sämediji zatlara ýüz urmasynyň düýp sebäbi şu sözlerde jemlenipdi diýip düşündim. Adamlar olary wyjdanlaryna ters gelýän etmişlerinden utanmazlyk üçin ýa-da özlerini wyjdanlaryna ters gelýän herekete taýýarlamak, haýwan duýgularyny oýarmak üçin edýärler”. Lukmançylyk ylmynda şeýle maglumat bar: Alkogol çagalara entek dünýä inmänkäler zyýanly täsir edýär. Halk paýhasynyň öwredişi ýaly, diňe bir içegenleriň çagalary däl, eýsem çaga göwrede galmazyndan öň ýekeje gezek içenleriň çagalary hem köplenç lellim, ösüşde yza galan, akyl taýdan bikemal, hatda käte öli dogulýarlar. Okasaň, geň zatlaryňa üstünden baraýýaň. Ine, gadymy Rimiň kanunlary ýaşlara 30 ýaşa çenli, ýagny nesliň has işjeň döredilýän ýyllarynyň dowamynda spirtli içgileri içmegi gadagan edipdirler. Gadymy Ýunanystanyň kanunlaryna laýyklykda, serhoş äriň aýalyna golaýlaşmagy berk gadagan edilipdir. Russiýada Pýotr I döwründe öýlenýän ýigit bilen durmuşa çykýan gyza toý güni içmek gadagan eken. Dünýäniň we Olimpiýa oýunlarynyň çempiony Wladimir Kus şeýle diýipdir: “ Her bir içilen ýüz gram arak spotsmeni-türgeni iki hepdeläp öňki kaddyna getirmeýär”. ... “Gowja ýadapdyn-la, gel-aý, biraz süňňüme ýeňillik bereýin” diýip, elime alan bulgurymy ýerde goýdum. Sebäbi ýokarky okalan hemem “dogrudanam dumuşda-da gördüg-ä hut şeýle bolýanyny” diýen pikir. 2. 03. 2022. * * * Şu ýylyň baharynyň gelişi tüýs “tüweleme!” diýerlik. Nowruzyň başlaýşy “tüýs çomrynyňam, çarwanyňam ýazy boljak” diýilýänden. Ynha, üç günläp yzy üzülmän diýen ýaly ýagyş ýagdy, arasynda dag eteklerine gar bolubam düşdi. Özem ýurduň ähli ýerinde-Lebap ýakalarynda-da, Mary-Pendi töwereklerinde-de, Daşoguzda-da, Ahal ýaýlasynda-da, Balkan degresinde-de ygal düşme kemi galanok. Bile işleýän ýaş kärdeşim Çary Rejep gumly ýigit, ýerligi Kyrkçulba tarapdan. “Gum içleriniň ygaly nähili?” diýýän weli, ýyrş-ýyrş edip, “Agam, ýaňyja gepleşdim (indi Garagumyň iň çetki obalary bilenem internet arkaly arkaýyn habarlaşybermeli, döwre döneýin), baý, ýagypdyr-a, kaklar köl bolup ýatyrmyş” diýýär. Nowruzdan soň nesip bolsa, onuň bilen Üňüz aňyrsyna-gum içinde, ýazlaga göçen çarwalaryň arasyna gitmegi wadalaşdyk. Gör-ä, muny! Mundan sanly gün ozal-13-nji martda bahary şeýlekin gowy görýän zehinli žurnalist, prozada-da güýjüni terezä salyp “boljak” bahasyny alan, öz döwründe “şu-ýa gowy şahyr” diýdiren, arman, soň diňe gazet işine ulaşşyp hakyt atyň dişi ýaly oçerkleri, tutumly publisistik makallary ýazan Amannepes Mätgylyjowyň ýagaldy habary geldi. Ol meniň dogan daýym-enemiň erkek dogany Mätgylyç aganyň ortanjy ogly. Ýukaýürek, mährem, özem ýigit görnüşi ýadymda galypdyr. Mekdepde okaýarkam, gazetlere odur-budur ýazardym. “Entek gowşak” diýen hatlary alybam lapykeç bolardym. Şol döwürler “Mydam taýýar”, ylaýta-da “Ýaş kommunist” gazetlerinde Amannepes Mätgylyjowyň makalaary günübirin diýen ýaly çap edilerdi. Onsoň enem Jäjege “Ýör, meni Amannepes daýymlara äkit, ýazan zatlarymy görüp bersin, “şeý diýibem sen aýt, men utanýan” diýip, “igelär” oturardym. Ýükaýürek enem “Düş öňüme, şony men oňarýan-da, doganjygym men aýtsam baýam eder, hemem gelnejem bilen gümür-ýamyr edip gaýdaryn” diýip, tirkeşer gidibererdi. Garaz, ýörjen-ýörjen makala ýazmaga ugrukmagymda şol pahyryňam gatanjy baryny ruhunyň öňünde minnetdarlyk bilen ýatlaýaryn. Imany hemra bolsun! Amannepes gowy adygan uçurlary Aşgabatdada ençeme ýyl galam ujundan çörek iýdi. “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalynda ilki edebi işgär, soň jogapkär kätibiň orunbasary bolup işläpdir. Belli ýazyjy Beki Seýtek aýdyşlaryna görä, Amannepesi juda gowy görer eken. Ol “Şu ýigit how, agasyndanam (agasy belli ýazyjy Hojanepes Meläýew) artykmaç, ýag ýaly ýumşak, galamam gowja işleýär” diýer eken. Şol döwürde žurnalda çykan goşgularyna belli edebiýat tankytçysy, filolofiýa ylymlarynyň doktory, professor Jora Allakowyň beren synyny okanymam ýadymda. Hoş söze, uly umyda ýugrulan edebi seljermedi. Hawa, Beki aga bilen bagly halypa-şägirtlik degişme-ýomaklary häzirem dillerde. Şolaryň biri: ...Hojanepes dagy Hasanow köçesinde (häzir onuň ýerinde Türkmenistanyň Merkezi banky seleňläp otyr) ýaşaýan wagty guşlugrak wagty Beki aga barypdyr. Gapyny kaksa, içerden Amannepes çykypdyr. “Hojanepes ýokmudy, bar bolsa Gökdepä äkidäýjekdim” diýipdir. Beki aganyň bu gepi aýtmagynyň sebäbi, şol döwürde Gökdepede gowy tamdyr çöregi bişirilýän eken-de, ol hepdede bir gezek gidip alyp gaýdýan eken. Elbetde Hojanepesem ýoldaş edesi gelendir-dä. Amannepes gülmän-yşman: “Ýaşuly, ol ýere özüňiz gidiberiň, heniz Hojanepes giderden irräk” diýipdir. “Bolýa-da onda” diýip ugran Beki aga Köşüniň deňinden geçiberenlerinde sürüjiniň egnine kakypdyr: “Äl-aýt, ýaňkyja bizi çüýläp goýberäýen ýaly-la. “Özüň gidiber, Hojanepes giderden irräk” diýşine düşündiňmi?” Sebäbi şol döwürde respublikan dälihana-psihonewrologik keselhana barylýan ýerde eken. Beki aga oturan ýerinden dyzapdyr: “Aýla yzyna maşyny, şol deýýusjygyň özüni daňybam bolsa alyp gatmasak bolmaz”. Soň bir sebäp bilen yzyna-obasyna göçüp gaýdypdyr. Ýogsam maşgalasy bilen aşgabatda kireýine bir jaýda ýaşap ýörenini okuwçy wagtym paýtagta görenim ýadymda. Hawa, soňra uniwersiteti tamamlap, göni bir müçe-12 ýyllap “Kommunizm ýoly” (häzirki “Daşoguz habarlary”) gazetinde işlän mahallarymymam gögele gelýän ýerlerimde Amannepes daýymdan haraý islän ýerleim az bolmandy. Ol azy ýaran, hut guýmagursak žurnalist, ýok, tüýs publisist bolansoň, aýdan gepi, beren maslahaty jüregiňe jüňk, ýetmeziňe ýarna bolar durubererdi. Onuň bilen nijeme gezek welaýatyň dürli ýerlerine şol döwürde aýdylyşy ýaly, komandirowka-döredijilik saparyna hem gidipdik. Şonda derrew-gyzgyny bilen ýazýan zatlary edil nabatly çaý ýaly süýjüligi bilen “beh” diýdirerdi. Soň raýon (etrap) gazetleri açylyp, ony dogduk mekanyndaky-Tagtada (häzirki Görogly) çykan “Gyzyl Baýdak” gazetine jogapkär kätip edip bellediler. Guýmagursak şahyr, ýiti ýazyjy Gazakbaý Ýolly bilen ýegre dostdular. Bir-biriniň döredijiligine ýowuz daraşslaram, sylag-sarpalary ýürekdendi. Oglum Ezizi öýlendiremde obada tutulan toýa Gazakbaý bilen bile tirkeşip baryp, bileje-de gaýdypdylar. Soň bäş-alty ýyllykda inim Sapagulynyň ogly, atamyň ady dakylan Öwlüýagulyny öýlendiremizde bagşyly toýa Amannepesiň ýekeje özi gyrmyldap barypdy. Ol wagtlar Gazakbaý pahyr dünýäden gidipdi. Şonda hem tabynyň pesrakdigini görüp, “Daýy, bilzik näme hyzmat?!” diýem-de, şo-ol özüne muwapyk ýylgyryşyny edip, “Ýegen, gowy zatlaryňy okap, radioda diňläp, telewizorda özüňi görüp ýörsek, biz üçin iň uly derman şol” diýipdi. Bir gylygy bardy-owarramçyldy. Şol wagtlar etrap merkezindenem, soň “Ýaş kommunist” gazetiniň Daşoguz welaýaty bobunça habarçysy wezipesinde işlände Daşoguz şäherindenem jaý beriljek bolnan. Asyl şol wagtky “Obkom komsomol” diýilýän edara şäher ispolkomyna (häzirki şäher häkimligi) öz işgäri hökmünde limitden daşary jaý berilmegini sorap hat taýýarlap, “Sen diňe gerekli hat-petegiňi taýýarlap getir” diýlende hem Amannepes “erte-erte” bilen şondan el ýuwup galan. Soň obada garaz, bir jaýjagaz dikledi. Bende ömrüniň ahyrynda agyr derde ýolukdy-da, hiç aýňalybilmedi. Geň gylygy, kärini-žurnalistikany şeýle söýýärdi, ezizleýärdi. Ýadyma düşýär, o döwürler häzirki ýaly kompýuter, interner, faks diýlen zatlar ýokdy. Her hepdede iki gezek diýen ýaly ýazanlaryny bukja salyp, Daşoguz aeroportuna giderdi. Asyl oňa özümem birki gezek ýoldaş bolmaly bolupdym. Uçýanlaryň içinden tanşyny-beýlekini tapyp, “Ynha, şu hatly bukjanyň daşynda redaksiýanyň anyk salgysy, kime gowşurmalydygy, telefon belgisi bardyr. Gaýrat edip gowşursaň-a has gowy, ýogsamam jaň etseň, baryp alyp gaýdarlar” diýerdi. Soň şol “uçup” giden bukjalardaky oçerklerdir zarisowkalar sanly günden soň gazet ýüzünde parlap, okyjy göwünlerine baryp “gonardy”. Ynha, meniň elime bir söý bilen sahylalary saralyp giden “Cовет едебияты” (häzirki “Garagum”) žurnaly düşdi. Dagy nä, üstünden kyrk ýyl basalykly wagt geçiberipdir-1986-njy ýylyň ýanwar aýyndaky sany. Şonda Myrat Rejebow bilen Amannepes Mätgylyjowyň awtordaşlygynda ýazylan “Gowgaly günleriň gelni” atly göwrümli dokumental powest ýerleşdirilipdir. Bu žurnaly maňa agzalýan eseriň baş hahrymanynyň gyzy, häzir 80 ýaşy tegelebären Tamara Kakabaýewa berdi. Ol Aşgabadyň ilersinde gür baglyga bürenip oturan Bekrewede ýaşaýar. Wah, okuwçy döwrümizem, soňam, asyl ýolumyz düşse häzirem Görogly şäherçesindäki Soltan Kakabaýewanyň adyny göterýän tämizden bagly köçeden geçýäs-le. Ýöne adyny eşitsegem, üns etmändiriris. Asyl görüp otursak, ol bu jelegaýlarda hat-sowat ýaýratmakda, ylaýta-da aýal-gyzlar üçin likbez açmakda, şol döwrüň täze durmuşynyň, ylaýta-da parahat günleriniň nesip etmegi üçin erkekler bilen deň durup göreşen zenan bolsa nätjek?! Ýazýan-galam ýöredýän adamlaryň “gözüňi açýanyna” ýene bir mysal. Gadymy Aksaraý obasynda Ilamanow adyndaky pagta bazasy bardy. Ol häzirem güýzde bu bereketli toprakda ýetişýän “ak altyndan” depe dörediip, uzaklardan görnüp dur. Şo döwürde üns etmedimizi, biljek bolup sorammadymyzy diýsene! Ine, indi häki agzan powestimiziň içinden şol unudylan sowalyň jogabyny görüp, “beh” diýýärin. Sebäbi Ýegelek Ilamanow diýilýän edermen ýigit öz döwründe obalara ornaşdyrylan täzelikleri ýaýradyjy bolup şol maksady ugrunda hem gurban bolupdyr. Onuň adyny göbek gany daman toprak unutman, senagat kärhanasyna dakyp, gör nähili sogaply iş edilipdir. Edebi eser hem edil taryh sahypasy ýaly. Ynha, agzalan powestde agzalýan galalardyr oba-kentleriň atlary, şahsyýetler, ady tutulýan beýleki adamlar öň gulaga degen. Ýöne eserde çeperleşdirilip, hakyt nabat garylan çaý ýaly edilip berlende okamagyň lezzeti başga-la! Amannepesden gürrüň çyksa “hä-ä, omy?” diýip, ýüregindäkini diline getiriberýän kän. Ynha, şolaryň biri-Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýewiň ýatlamasy: -Gürrüňi onuň halypa žurnalist hemem ajaýyp ynsandygyndan başlamasak, gepimiz kem kakar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Baradyr» diýen şygrynda «Nobat bilen ýagşy-ýaman barysy, // Panydan bakyga ötüp baradyr» diýşi ýaly, kim bolaňda-da ahyr ýüzüňi baka tutmaly. Aslynda, toprakdan alan amanadyňy ýene topraga tabşyrmaly. Men-men diýen ärlerem, dili dogaly pirlerem bir gün gara topraga dulanýar. Bu zatlara aňryýany bilen akyl ýetirýänem bolsaň, ýagşy adamyň, onda-da bir mahallar bile işleşen, duz-emek bolan kärdeşiň «gaýdyş boldy» habaryny eşideniňde ýapydan gaýdan ýaly bolýarsyň. Şeýle ahwaly köne kärdeşim, halypa žurnalist Amannepes Mätgylyjowyň ýogaldy habaryny eşidenimde-de başdan geçirdim. Birsalym äm-säm bolup oturşyma, Amannepes aganyň mydama ýylgyryp duran keşbi göz alnymda janlandy. Soňam onuň bilen bagly wakalar kino lentasy ýaly birin-birin göz öňümden geçip başlady. Amannepes agany ýatlanyňda, ilki bilen, onuň ýumşak häsiýeti, hemmeleriň göwnüni awlap bilýän süýji sözleri, degişgenligi, gülküli gürrüňleri tapmaga ökdeligi ýadyňa düşýär. Ol köp ýyllar şol mahalky ýaşlar neşiri bolan «Ýaş kommunist» (häzirki «Watan») gazetiniň Daşoguz welaýaty boýunça öz habarçysy bolup işledi. Ana, şol döwürde-de onuň bilen bolan ilkinji tanyşlygymyz basym dostluga öwrülip gitdi. Men bu gazetiň jogapkär kätibiniň orunbasary, soňra jogapkär kätibi bolup işlän döwürlerim häli-şindi Amannepes halypa bilen habarlaşmaly bolýardym. Daşoguzdan bir habar ýa-da surat geregem bolsa, derrew oňa jaň ederdim. Ol işine örän jürdi, aýdan zadyňy öz wagtynda ýerine ýetirerdi. Onuň bu häsiýeti belent adamkärçilikli sypatlarynyň üstüni dolduryp, redaksiýamyzyň işgärleriniň arasynda hormatyny has belende götererdi. Asyl, redaksiýamyzda Amannepes agany hormatlamaýan, onuň bilen döredijilik hyzmatdaşlygyny dostluk gatnaşygyna öwürmeýän işgär ýokdy diýsem, ýalňyşdygym bolar öýdemok. 1987-nji ýylyň gyşy bolsa gerek. Redaksiýanyň tabşyrygy boýunça Amannepes halypa ikimiz gazet üçin Daşoguz welaýatynyň ýaşlarynyň durmuşyndan goşa sahypa taýýarlamaly bolduk. Şonda men Amannepes aganyň öz ilinde-de sylagynyň ýetikdigine şaýat boldum. Ýolda barýarkagam, haýsydyr bir edara-kärhana ýa-da daýhan birleşigine baranymyzda-da Amannepes Mätgylyjowy tanamaýan, onuň bilen gülerýüzli salamlaşmaýan adam ýok diýerliklidi. Şonda: «Tüweleme, gowy häsiýetleri, işjanlylygy, hakykatçyllygy bilen ile özüni aldyran eken-ow» diýip, içimi gepledenim ýadymda. Şol döredijilik saparymyz gyşyň orruk ortasyna düşensoň, howa gaty sowuk bolupdy. Şoňa görä, men ýyly geýnip gitmek maksady bilen garyndaşlarymyzyň birinden ýüňi bir garyş gaýyş possun haýyş edip alypdym. Gonjy gysga ädik, galyň jorapdyr jemper, telpek geýip, edil sowuk Sibire gitjegiňki ýaly taýýarlyk görüpdim. Bu bolşuma öýdäkiler ýylgyryşan-da bolsa, ol ýere baramsoň özümiň dogry edendigime, hatda geýinmekde entegem kemterräk gaýdandygyma düşündim. Eý-ho, gyş gazaply gelende Daşoguzyň sowugy Sibiriňkiden peslärli däl eken. Amannepes halypany-ha bilemok welin, özüm-ä baran ýerimde elimi peje tutup, mazaly ýumşatmazdan ruçkama aýdanymy etdirip bilemokdym. Şeýdip işläp ýören günlerimiziň birinde şol mahalky Daşhowuz raýon komsomol komitetiniň jogapkär işgärleriniň biriniň gaýdyş bolandygyny aýtdylar. Özümiz ýaşlaryň merkezi gazetinden bolanymyzdan soň, ony soňky ýoluna ugratmaga gatnaşmak üçin pata ýere bardyk. Şonda ýarym sagat dagy daşarda durmaly bolşumyz heniz-henizlerem ýadymdan çykanok. Egnimde galyň possun baram bolsa, tutuş göwräm titreýär. Onda-da üşeýänimi bildirmejek bolup, eýläk-beýläk gezmelän bolýan. Töwerekdäkileriň duýanlaryny ýa duýmadyklaryny-ha bilemok welin, şol sapar süňňüm bilen doňanym-a çyn, çünki häli-häzirlerem sowuk howa çyksam süňňüm gagşaberýär. Şol gün patadan çykyp, bir mekdebe barmalydyk. Özem gezek-gezegine maglumat alanymyzdan soň, mekdepde söhbetdeşlik geçirmek gezegi meniňkidi. Haçanda mekdebe baryp, ýandepderçämi açanymda, teý elim ruçka tutanok. Oturan otagymyzyňam howasy sowuk bolansoň, barmaklarym diýen edenok. Ahyr bolmajagyny bilip, maglumatlary ýandepderçesine bellemegi Amannepes agadan haýyş etdim. Ol özüne mahsus ýylgyryş bilen ýüzüme seretdi-de: «Bolmanda-da paýtagtyň ýyljajyk otaglarynda ýazyp öwrenişen barmaklar bu ýerde işe ýaramaz» diýip, özi belleşdirmäge durdy. Şol gezek Amannepes halypanyň işjanlylygyna nobatdaky sapar magat göz ýetirdim. Hernäme-de bolsa, bilelikde taýýarlan goşa sahypamyz gowy görüldi. Kärdeşlerimiz habarlarda daşoguzly ýaşlaryň ähli ugurlarda zähmet çekişleriniň, ýaşaýyş durmuşynyň aýdyň şöhlelenendigini bellediler. Kim bolaňda-da öwgi hoş ýakman duranok, çeken zähmetimize berlen gowy bahalardan soň, süňňüme-de ýylylyk aralaşan ýaly boldy. 1992-nji ýylyň ýazynda döredijilik saparyna baranymda ýene-de Amannepes aga bilen didarlaşmak, bilelikde birnäçe makala taýýarlamak nesip etdi. Şol gezek ol meni häzirki döwürde juda öndürijilikli işleýän halypa publisistimiz, zehinli ýazyjymyz Gurbannazar Orazgulyýew bilen tanyşdyrdy. Gurbannazar o döwürler Daşhowuz welaýatynyň «Kommunizm ýoly» gazetiniň habarçysy eken. «Gowy kişi bilen ýoldaş bolsaň, gowy adamlar bilen duşarsyň» diýenleri. Gurbannazar bilen indi näçe ýyldyr dostlukly gatnaşyk saklap, birek-biregi hormatlap, goldaşyp ýaşap ýörüs. Men hemişe Gurbannazar ýaly belent adamkärçilikli, örän işjanly, üýtgeşik zehinli ýazyjy bilen tanyşmagyma, dost bolmagyma sebäp bolan Amannepes agany ýagşylykda ýatlaýaryn. Şeýle ýatlamalaryň girdabyna çümen mahalym onuň bilen baglanyşykly başga-da kän-kän wakalar hyýalymda janlanýar. Nesip bolsa, olar hakynda geljekde ýene-de gürrüň ederis. Häzirlikçe bolsa halypa žurnalist, gowy dost, ajaýyp ynsan Amannepes Mätgylyjowyň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagyny Gudraty Güýçlüden dileg edip, gysgajyk ýazgyma nokat goýmakçy. Hoş sözüň Alladan gaýtsyn, Döwran! Şulary aýtmak bilen, özüm üçin eden açyşymam siziň bilen paýlaşaýyn. Ol- Amannepesiň irginsiz giden bolsa kyssa žanrynda hem öz yzyny goýup biljekdigi hakdaky kireňsiz hakykat. Aslyýetinde-de onuň galamyndan çykan oçerkleri häzir okasaň, tüýs dokumental hekaýa bolup dur. Aglaba oçerk üstünden wagt geçmegi bilen dokumental häsiýetini alýar. Ýöne Amannepesiň galamyndan çykanlar şeýlekin çeper-sünnäli, ediýatyň iň ýokary “kakuwlary” siňdirilip ýazylany üçin şeýle. Dur-la, Halyl şahyr aýtmyşlaýyn, ýene-de ýagyş aýnamyzy kakyp ugrady ynha. Beýle-de gabat gelme bolar oguşýa! Şol günem bahary buşlaýana meňzäp, siňňin ýagyş ýagýardy. Men daşary çykyp, bu gözel görnüşi synlamaga alňasadym. Şol wagtam “Amannepes ýurduny täzeläpdir” diýen ajy habar ýüregimi tisgindirip goýberdi. Içimden “Iman baýlygyny bersin!” diýdim-de, Zemine nur bolup guýulýan ak ýagşyň sesine gulak goýdum. Damjalaryň arasy bilen Amannepesiň “Ýör, ýagşa bir ezileli-le!” diýen mährem sesi eşidilen ýaly boldy. 18.03.2022. * * * Ir bilen düňküldäpjik örýän, ýöne ilki oýna gyzygyp, çaýyny-ertirligini unudaýýan (älhepus, dil bitmedi-gu-dil biten çagalaryň beýle telefondaky oýunlara gyzygaýşyny) dört ýaşly agtygym Mälikden soradym: -Balam, çaýyňy içdiňmi? -Ýok, bişirip durlar. Wah, adam pahyr diliň inçeliklerini ömürboýy öwrenmeli oguşýa. 19.03.2022. Nowruzyň edil öňýanjagazy-20-nji martda bahar göwünli adam, diýseň hamrak hem ýukaýürek, elinden gelse hemmä kömek etmäge taýyn Paltaş aga Şajanowy soňky ýoluna ugratdyk. Çoganlynyň öwlüýäsine märeke ýer süýşen ýaly bolup bardy. 21.03.2022. * * * Şu gün irden telewizora seredip otyrkam, Kawkaz halklary hakdaky gepleşikde bir del zat eşidip “beýle eken-ow” diýdim. Asyl diňe şol töwerekde däl, eýsem, Stawropol, Kuban, Ural, Don, Zaporožýe kazaklarynyň arasynda ýörgünli hem juda hormat bilen tutulýan “ataman” (goşunbaşy, general, kethuda derejesinde) adalgasy gadymy türk dilinden ýaýran eken. Anyk aýdanda, “ata men” diýen düýp sözden gaýdypdyr. “Ata men” bolýan bolsa nähili mana eýedigi düp-düşnükli ahbetin! * * * Şu gün öýlän sagat 4-de Magtymguly adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda aýdymçy Atageldi Garýagdyýewiň 70 ýaş ýubileýi bilen baglanşykly döredijilik agşamy geçirildi. Atageldi halypa sözüň doly manysynda uly ussat. Hiç kimiňkä meňzemeýän owazy, ýerine ýetirijilik kämilligi bilen dünýä sungatynyň taryhyna giren şahsyýet. Gurbannazar Ezizow-Nury Hallmämmedow-Atageldi Garýagdyýew diýen üçlügiň täze nusgasyny döredibilen maestro. Ondan öň şeýle üçlügi Gara Seýitli-Daňatar Öwez-Hojaw Annadyrdy ýaly ägirtler döredipdirler. Aýdym, saz, goşgy garramaýar, bezikdirmeýär. Şolardan galan miras entegem gönezlik ýaly, diňleseň janyň gönenäýýär. Soň bu däbiň ýoluny soňky üçlük has giňeltdiler, repertuar taýdan baýlaşdyrdylar. “Türkmen sährasy”, “Daglar, “Iki agaç”, “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok” ýaly aýdymlary diňläp görüň, ýürekleriňiz eleniberer. Agşamky döredijilik agaşamynda geçmişe syýahat etdirýän kinohroniki görnüşler, köne ýazgylar görkezildi, gören gözler ýatlamalaryny paýlaşdylar. ...1971-nji ýylda Nury Halmämmedow Gurbannazar Ezizowyň sözlerine uly bir eser ýazýar. Onuň ady “Wokal simfoniki poema” atlandyrylyp, ol 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlarça wepat bolan türkmen gerçeklerine bagyşlanypdyr. Şonyň ýekleikde aýtmaly ýerini Atageldä ynanýarlar. Ol wagtlar gögele ýetginjek Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk uçilişesiniň ikinji kursunda okaýan eken. Öňki opera-balet teatrynyň zalynda bu eseriň tanyşdyrylyş dabarasy bolýar. Çykyş tamamlanandan soň, sahna Nury Halmämmet ylgap gelip, Atageldini gujaklaýar. Ýanyndaky uzynakdan agajet ýigit bilenem tanyşdyrýar: -Gurbannazar Ezizow, şahyr. Şondan soň üçüsiniň arasynda gyl geçmez dostluk, iň esasam, sütün-sütün eserleriň döremegine sebäp bolan döredijilik hyzmatdaşlygy başlanýar. Soň muňa Rejep Rejebow, Daňatar Hydyrow ýaly aznawur kompozitorlar hem goşulyp, Gurbannazaryň sözlerine gulaklara ýag bolup damýan birnäçe aýdymlary döretdiler. Ol ýadymlar Atageldiniň ýerine ýetirmeginde juda hoş owazly ýaňlanýar. Eger ekranda ýa-da radioda “Aşgabat”, “Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi”, “Şahyr ýüregi”, “Gyzlaryma”, “Dostlaryma” ýaly aýdymlar ýaňlansa, erksiz saklananyp, gulaga öwrüleniňi bilmän galýaň. Asyl “Aşgabat” aýdymy üçin Atageldi Garýagdy Aşgabadyň döredilemeginiň 125 ýyllyk ýubileýi bellenen-2021-nji ýylda Türkmenistanyň şol wagtky Prezidentinden iň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin juda naýbaşy ýeňil awtomaşyny sowgadam alypdy. Saçakly gatnaşmasagam, halypa bilen gara-gadyr “salawmaleýkimimiz” bar. Ýaňy-ýakynda hem Kakamyrat Rejebiň doglan gününde saçak başynda joşup-joşup aýdyp beren aýdymlary gulakda ýaňlanyp dur. Ylahym, halypanyň jany sag, ömri uzak bolsun, ylham joşguny lummurdap dursun! 23.03.2022. * * * Hindistan hakdaky gepleşikde Täçmahaly görkezdiler weli ýüregim gobsunyp gitdi. Hezreti Magtymgulynyň: -Hindige bagş etdiň ýeriň ýagşysyn- diýip tarypyny ýetiren ýurduna baranym ýadyma düşdi. Gör-ä, ondan bärem ýedi-sekiz ýyl geçiberipdir. Şonda Täçmahaly görmek bagtam nesip edipdi. Deliden agşamara mikroawtobusa münüp, gijesi bilen ýol ýöräp ertesi ir bilen Agra şägerine barypdyk. Şol mahallar Ýewropanyň günorta bölegindäki wulkanlaryň gaýnap-atylyp duran mahallarydy. Älhepuz, bu tebigatyň geňdigini! Ýeri Ortaýer deňziniň ýakasyndaky Italiýa, Ispaniýa nire, Hind ummanynyň kenaryndaky Hindistan nire? Wulkanlardan göterilen tot-tozan şonça aralygy geçip, Agranyň üstüne duman bolar-da, tebigatyň beýle gudratyna geň galmazmyň? Hawa, 2007-nji ýylda dünýäde 100 million ses bermek arkaly Ýer togalagynyň ýedi täsinliginiň biri hökmünde ykrar edilen Täçmahalyň gözellik, täsinlik kemi ýok. Ýasan ussalaryna aperin! Agra şol wagtlar Babur imperatorlygynyň paýtagty bolan. Çyrpynyp ýatan ummanyň kenaryndaky şäheriň howasy, tebigy geň-enaýylgygy tüýs “Ýeriň üstündäki jennet” diýilýänden. Janah şa bolsa Babur şalygynyň bäşinji höhümdary. Onuň söwer aýaly Mümtaz Mahalyň asly türkmen kowmundan. Ajala alaç bamy? Biwagt gelýär-de, heniz juwan wagty ýanşoldaşyny alyp, patyşanyň ýüregini paralaýar gidiberýär. Hindi halkynyň atasy, ruhy hemaýatkäri hasaplanýan Mahatma Gandiniň ”Aýalyň hakyky bezegi onuň häsiýeti we arassalagydyr” diýşi ýaly, Mumtaz hanym juda görmegeý, häsiýeti ýumşak, ýukaýürek, päkize, pesgöwün zenan bolan. Şonuň üçin ony hemmeler hormatlaýar eken. Kalbyny gam-gubar basan patyşa ýitginiň öwezini dolmak üçin heniz görlüp-eşidilmedik bir köşk saldyrmagy ýüregine düwýar. Şol döwürlerden galan ýatlamalara görä, onuň hökümdarlyk edýän memleketiniň ähli ýerinden işçi, heýkeltaraş, surat çekýän, kerpiç örýän, daş ýonýan, nagyşbent... garaz, dürli hünäri başarýan 22 müň adam bina ediljek köşgüň gurluşygyna ýygnalýar. Adam güýji ýeterden çökder işler, agyr zägmet üçin 1 müňden gowrak pil-bu ýeriň güýçlüden diýenediji jandarlary hem getirilýär. Ol äpet jandarlar dagdan ýonulan nijeme putluk daşlary süýräp, äpet agaçlary çekip getirmekde işledilipdir. Täçmahal köşgüniň gurluşygyna 1631-nji ýylda başlanypdyr. Beýikligi 44 metre ýetýän, şeýlelikde juda uzaklardanam howalanyp görünýän, umumy meýdany 176900 inedördül metre barabar köşgüň her garyş ýeriniň bezegi-haşamy bir-birine meňzemeýär. Onuň çäginde aňyrsy-bärsi görünmeýan, adyny tutan agajyň bitip oturan bag, uly metjit, haşamly howuz, mawzoleý bar. Onuň gurluşygy 32 million hindi rupiýiýasyny derjesinde bahalanýar. Ýene bir görülmedik aýaratynlygy ilerden gaýra, ýa-da gündogardan günbatar tarapyna geçseň, köşgüň aýna şekilli gurluşy bir-birini görkezip dur. Býele inženerçilk, onda-da obserwatik takyklama arhitekturasy şol döwür nädip başardypdyr, bilýän ýok. Özem şeýle dürs ýerine ýetirlilen, baş ýaýkap durmaly. Zanny şahyr, diýseň duýgur Kakamyrat Rejebow surata düşüreni bilenem doýman, ýüregindäkini aýtdy: -Beh, göwnüňe bolmasa, goýny geň-taňlykdan doly Hind ummanynyň özem bu gözellige aşyk bolup, tolkunlary bilen Täçmahalay sypalap-sypalap gidýän ýaly. Gözüň ýagyny iýip barýan jowur ak mermerden gurlan dört minarasy zümerret, ýakut, merjen, göwher hem-de beýleki gymmatbaha daşlar bilen haşamlanan. Aýdyşlaryna görä, Täçmahal köşgüniň mermerçilik işinde 30 çemesi gymmat hem ýarym gymmat daşlar ulanylypdyr. Pöwrüze daşy gapdaldaky Tibetden, çäde Hytaýdan, esasy mermer daşlary Rajasthan sebitlerinden getirilipdir. Gurluşyk işleri 20 ýyldan gowrak dowam edip, 1654-nji ýylda tamamlanan. Ýene bir edien ýagşy işi ýatlamaly. XIX asyryň ahyrynda Hindistanyň şol wagtky hökümdary Lord Korzon Täçmahal mawzoleýiniň dikeldilmek-rejelemek işlerine başlap, gurluşygy 1908-nji ýylda doly tamamlaýar. ... Täçmahaly ýakyn durup synlaýsaň. Demiňi tutup haýran galanyňy duýmarsyň. Gör-ä, Täçmahalyň ak mermerleri irden gülgüne, Gün dik depä galanda jowur ak, iňrik garalanda altynsow öwüsýär. 1983-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ajaýypdan täsin Täçmahala jahanyň dört künjünden ýylda 4 million syýahatçy jahankeşdelige gelýär. ...Bu köşgi synlap durkaň, Mahatma Gandiniň sözleri ýene ýada düşýär: “Bagt, pikir edýän zadyňyz, aýdanlaryňyz we edýan zatlaryňyz bilen sazlaşykly bolanda döreýär”. Täçmahal ine, şeýle sazlaşygyň köşgi bolup lowurdaýar. 7.04.2022. * * * Aňrybaş ussatlygy göreňde ýüregiň gopup, geň galmakdan ýaňa gözüň tegeleniberýär. Käte telewizorda futbolmy ýa woleýbol, billiard ýa hokkeý oýnalanda, radio diňläňde çalynýan sazlardaky, aýdylýan aýdymdaky käbir ussatlaryň garaşman durkaň ediberýän oýunlary, görkeziberýän “hokgalary”, käte kitaplarda awtoryň wakalaryň gidişinde oslamaýan ýeriňden edýän “göçümleri” walla, “aperin, saňa!” diýdiriberýär. Wah, tutan işiňde, “bogjak sübsäňde” şeýdibilsediň! Kemsiz-kössüzlik başga, aňrybaş, edil jadygöýlüge meňzäp duran ussatlyk bir başga. Olam göwün ýüwürdeňde-de ýetdirýän bagmy diýsene! * * * Eger ykbal täzeden gaýtalanyp, bir jady bilen “Hany, kär-hünär saýla!” diýiilse, ikirjiňlenmän bagbançylgy saýlardym. Belki ýaşyl baglary ömre hemra edinsem, güllän agaçlaryň aşagynda uklasam, bişen miwelere özgelerden artyk guwansam, belki käte ele galam alamda häzirkimden gowy ýazardym. Sebäbi galam ýöredýäni ylham atyna atarýan ilki bilen tebigat gözelligi ahyryn. Edil tebigatyň asyl durkundaky owadanlygyna, näzikligine, terligine meňzeş eser döredibilseň, edil agaç ekeniňki ýaly, belki adyň bakylyga ýazylmagam ahmal. 17.04.2022. * * * “Türkmenistan” gazeti juda sahawatly, diýseň döwletli bir iş edip, okaýanlary begendirdi. Düýnki sanynda şahyr Nobatguly Rejebowyň (ylahym, iman baýlygyny bersin!) “Hezreti Magtymguly” atly bir sahypalyk şeýle täsin, täsirli makalasyny berdi. Ömri uzak bolsun, Kakamyrat Rejebiň, baş redaktorlyk borjuny aňryýany bilen ödäp, beýik şahyryň şahsy arhiwinden meger, iň soňky ýazan bu eserini tapdyryp, okyjylaryna ýetirdi. Äperin, beýle täsindigini! Daşoguzdan şahyr Juma Nurtaý jaň edip, “Entegem täsirinden aýňalibilmän otyryn. Ynansaň, kelläme at depen ýaly bolaýdy. Sebäbi içindäki pikirler, gozgalýan meseleler öň eşidilen, agzalan däl. Nobatguly diňe zanny şähyr däl, görülmedik filosof hem eken. Şulary aýdaýyn diýip jaň edýän” diýdi. Menem iki gezek okap çykdym. Her gezegem täzeden täsirlendim. Beh, Magtymguly-Meňli meselesini Nobat halypanyň beýle welilik bilen änik-çänik edişi, walla, agzymy açdyryp, aňkamy aşyraýdy. Özem zöwwe turup, “Hut şeýle bolandyr, şu tüýs çyndyr” diýip, gygyryberesiň geliberýär. Sered-ä, delillerini Zemine myh kakan ýaly ediberşine: “Ýyldyrym ýaly çabrap dünýä gelen Magtymgulynyň Meňlisini almaga kim het edip biler? Men öz goşgymdan mysal getireýin: Dagy adam ogluna Magtymguly, heýde, seni berjekmi?! Seni asman ýuwutdymy, ýer çekdi? Ile-güne bellilerem bet işde Milt edermi Pyragynyň paýyna? Meňli! Sen ölmeýen girip gitdiň taryha . Diri sen! Döndüň sen diri gaýyba! Biz “Magtymguly Meňlä öýlenipdir” diýen pikiriň tarapynda durýarys, birinjiden, ony şahyryň öz goşgulary tassyklaýar, ikinjiden, ýaş başyndan alym çykan, şahyr çykan Magtymguly Meňlä öýlenmedik bolsa, goşgularynda kesekiniň gyzynyň adyny dünýä ýaýmazdy! Magtymgulynyň poeziýasyna, onuň döwrüne düşünmek üçin Magtymgulyny okamaly! Ol Döwletmämmet molla bagyşlap ýazan goşgusynda: Görmesem söýlemen oý bilen çenden, Maksadyna ýeter ýykylan çyndan, Ýarysy melekden, ýarysy jyndan, Müjewürsiz bolmaz üsti atamyň. Müňkür bilmez, muhlyslaryň şeki ýok, Pygamber destidir, desti atamyň. Magşar güni gaýgysyz girer behişde, Her kim çyndan bolsa dosty atamyň- diýip, atasynyň keramatly kişidigine, onuň golunyň pygamber goly ýaly gudratlydygyna güwä geçip dur. Hany, indi pikir edip görüň! Gerkez, gökleň, ýomut taýpalarynň kethudasy, aksakgaly, serdarlaryň geňeşdary bolan Döwletmämmet molla Magtymguly ýaly ýanyp duran ogluna Meňlini alyp berip bilmezmi!? Heý, ol iliň ýumşy bilen ilçilige giden oglunyň ölendigini gözi bilen görmän, onuň maşgalasyny Magtymgula dakarmy?” Aperin, Nobat halypa! Şu wagta çenli ýüz dürli bolar-bolgusyz delilmidir toslama bilen aňlary bulaşdyran meselä belli-külli, onda-da sypara ýer goýman nokat goýup bereniň üçin! Ynha, makaladan ýene bir bölek: “Magtymguly “Watan, seni söýýän!” diýip gygyrmaýar, beýan edýär, emma onuň her bir jümlesi, bendi, şygry Watana, topraga, il-güne bolan söýgüden, mähir-muhabbetden, buýsançdan möwç urup lummurdap dur, onuň egsilmez söýgüsi kalbyňa dolýar, onsoň şahyryň uly söýgüsi gursagyňa sygman, Diýaryňy, Magtymguly ýaly gudraty dünýä beren halkyňy söýýän diýip gygyrasyň geliberýär: Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý, Watany terk edip gidiji bolma! ýa-da: Ilinden aýra düşen Ah urar, ili gözlär. ...Magtymgulynyň Meňlä bagyşlap ýazan ýigrimiden köpräk goşgusy bar. Entek türkmen poeziýasynda Meňliniň keşbi ýaly göze doly görnüp, uýalyp, näz-kereşme bilen ýeňini dişläp, uz ýörüşläp ýören gyzyň keşbi döredilen däldir. Magtymgulynyň ataş sowrup duran yşky Meňli gyzyň keşbini ölmez-ýitmez, jawudan etdi, Meňliniň yşkam Magtymgulynyň ganat ýaýyp, Allatagalnyň yşkyna göterilmegine basgançak boldy. Hezreri Magtymguly dumanly başy asman diräp duran gudratly dagdyr, alymlarymyz, Magtymgulynyň şygyrlaryna bendiwan adamlar şol dagyň kötel hem gözel gerişlerine çykýarlar, emma onuň çür başyna çykmak mümkin däl! Magtymguly-çaýkanyp ýatan umman, möwçli-möwçli tolkunlarynyň aşagynda dür-göwher, merjen pikirleriň hazynasy ýatyr, emma oňa çümüp, onuň ähli baýlygyna göz ýetirip bilen kişi ýokdur. Magtymguly bimöçber dünýädir, alymlar bolup, halk bolup, Magtymgulynyň akyl ýetiren, göz ýetiren ýerine barmak mümkin däldir!” Sözüniň soňunda Nobatguly şahyr hezreti Magtymguly şahyry gör nähili derejeleýär: “Biz Magtymgulynyň goşgularynyň bendiwany bolan halky hökmünde onuň ölmez-ýitmez, baky goşgularynyň dünýäniň ähli dillerine terjime edilmegini gazanyp, Magtymgulyny dünýä bagyş etmelidiris. Dünýäniň Magtymgulyny öwrenýän alymlary bilen birleşip, Magtymgulynyň syrdan, hikmetden, gudratdan, kerem-keramatdan doly goşgularyny jikme-jik öwrenmelidiris, sebäbi türkmen halky näçe beýik bolsa-da, Magtymguly bir halkyň derýasyna sygjak gämi däldir, ol umman gämisidir, ol bütinadamzat şahyrydyr, şonuň üçinem ony külli adamzada ýeter ýaly etmek biziň mukaddes borjumyzdyr”. Ine, çyn şahyryň özünden ägirde berip biljek bahasy şeýle bolmalydyr. Şeýdip özüňden ökdäni beýgeldeňde, hökman özüňem beýgelýärsiň. Wah, siz bu makalany okap görüň, şonda ony tutuş göçüresiňiz, ýok, dolulygy bilen köňül kitabyna öçmez edip ýazyberesiňiz geliberer. Taňryýalkasyn, Nobat halypa! Öleňden soňam dirileri tisgindirip-heýjana salyp bilýän şeýle mirasy döredibilen bolsaň, senem bihal dälsiň! Meger, seni hezreti Magtymgulynyň ruhy goldandyr. 29.04.2022. * * * Uzboýyň taryhy gör nähili geň hem hasratly! “Beýik Biribar ýaradan ynsanlaryna ýer paýlanda türkmenler gijräk barypdyrlar. Şonuň üçin hem türkmenlere köp ýer ýeten bolsa-da, suwsyz çöllük ýerden ýetipdir” diýilen gadymy aýtgy bar. Aslyýetinde tebigat türkmenlere dünýäde iň baý tebigatly, bol suwly, uly-uly gämiler gatnaýan Uzboý derýaly bereketli ýurdy eçilipdir. Muny belli taryhçy Gerodotyň we beýleki alymlaryň, gezendeleriň ýazgylary hem subut edýär. Gerodot öz döwrüniň taryhyny oňat bilen adam eken. Ol Iýerusalim ýykylandan soň 587-nji ýyldan Eýranyň gündogar tarapyndaky Midiýan we Fars welaýatlarynda ömrüniň köp bölegini geçiripdir hem-de 2459 ýyl mundan öň türki halklaryň ýaşan ýerleriniň taryhyny ýazypdyr. Pygamberden 150 ýyldan soň Gerodot öz çaklamasyny beýan edipdir. Ummanlara üns bersek, Uzboý derýasy Yssyköl jülgesinden gözbaşyny alyp gaýdyp, özünde bäş jülgäniň suwuny jemläp, Girkan deňzine, ýagny Hazara–Kaspiý deňzine tarap akypdyr. Ol 5 jülge Amy jülgesinden (Amyderýanyň gadymy ady Gun-şuý bolupdyr. 761-nji ýylda araplar gelende olar derýany “Jeýhun-däli derýa” diýip atlandyrypdyrlar. “Lebap” pars dilinde “kenar ýakasy” diýmekdir. Bu derýanyň öz gözbaşyny Amy jülgesinden alyp gaýdandygy sebäpli, häzire çenli Amyderýa ady bilen bellidir). Zarewşan jülgesinden Syrderýa, Yssykköl jülgesinden Çu derýasy, Murgap jülgesinden Murgap derýasy, Sary derýa ybarat bolup, olaryň barysy Uzboý derýasyna birigipdir. Uzboý derýasy 24 asyr mundan öň dünýäde iň uly derýalaryň biri bolupdyr. Biziň eýýamymyzdan 11 asyr öň Amyderýanyň ýakalaryndaky iň uly şäherleriniň biri Pendi şäheri bolup, onda Dahy hanlyk sürüpdir. Şeýle hem Amy derýanyň ýakalarynda 100-e golaý ownukly-irili şäher ýerleşipdir. Uzboý derýasynyň üsti bilen Çynma-Çyn (Hytaý), Şyndy (Hindi), Arap ýurtlary, Ýewropa ýurtlary bilen söwda gatnaşygy ýola goýlupdyr. Şol döwürde dünýäniň iň ösen döwleti Müsür hasaplanan hem bolsa, derýanyň gämi gatnawynyň üsti bilen geçirilýän söwda üçin tölenýän pajyň netijesinde Uzboýň boýundaky halklar ykdysady taýdan Müsürden hem baý bolupdyr. Uzboýuň kenarlary bambukdyr kedr ýaly agaçlardan ýaňa jeňňel bolup oturypdyr. Uzboýyň ini 2 kilometr, günbatar taraplarynyň kä ýerlerinde bolsa 6-8 kilometr bolupdyr. Derýanyň çuňlugy 30-40 metre barypdyr. Bu çäklerde biziň eýýamymyzdan öňki VII asyrda ekerançylyk bilen bir wagtda maldarçylyk hem ýokary derejede ösüpdir. Emma 24 asyr mundan öň pygamberiň ýazylaryna görä, “Uzboýdan akan suwy Hudaý saklady, Aral jülgesinde güýçli ýer titreme emele gelip, Amyderýa bilen Syrderýanyň Uzboýa guýýan ýerinde uly oprulyşyk bolup, Uzboý derýasy ugruny üýtgetdi. Aral jülgesine tarap öwrüldi”. Şeýle hem öz ýazgylarynda, şondan soň Aral jülgesinde adybir Aral deňziniň emele gelendigini belläp geçýär. Uzboý bolsa gurap galýar, Kaspi-Hazar deňzi hem öňküsinden has kiçelýär. Öňki bol suwly derýanyň kenaryndaky uly tokaýlyklar gurap, derýanyň akan ýerleri çöllüge öwrülip başlaýar. Şeýlelikde, türkmen taýpalarynyň 24-si oturan öz mekanlaryny taşlap, dürli ýurtlara göçüp gitmäge mejbur bolýarlar. Amyderýany Uzboýuň akan ýerlerinden akdyrmaklyk meselesi şol döwürde hem türkmen taýpalaryny oýlandyrypdyr. Ýöne Kaspa çenli şeýle uly derýa bolan Uzboýy suw bilen doldurmak üçin azyndan 300 ýyla golaý wagtyň gerek boljakdygyna akyl ýetirip, alaçsyz indiki ýaşalmaly ýeriň gözlegine çykypdyrlar. 2.05.2022. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wagty Jimmi Karter şeýle diýipdir: “Syýasatşynaslyk-bu dünýädäki iň gadymy hünärleriň ikinjisidir, ýöne birinjisi bilen berk baglanşyklydyr”. * * * Il içinde halk hazynasyny eşrepi ýaly ýygnaýanlar bar. Şolara gaýybana “taňryýalkasyn!” aýtmak parz. Ynha, özüni görmesemem, ýazanlary hezil edip okalýan Hangylyç Tagangylyjow bar. Balkan degresinde ýaşaýan mirasgär, Türkmenistanyň ussat mugallym hakda Didar dädeden (şahyr Didarberdi Allaberdiýew) sorasam, “Hany bir gelsene, segsene ýetip barýan Hangylyç däde bilen bir duşuraýyn, bir günläp ýanyndan gaýdybilmersiň” diýipdi. Ynha, gazetleriň birinde şonuň ýazan gysgadan manysy dok setirlerini-halk içinden ýygnan köne gürrüňleridir tymsallaryny okap otyryn. Şu setirleri belläp alasym geldi durdy: “Gündogar okumyşlarynda şeýle bir gep bar. Olar adamlary dört topara bölüpdirler. Birinji topar: bilýär, bilýänligini-de bilýar. Bu topara girýänlere akylly, alym adamlar diýilýär. Ikinji topar: bilýär, ýöme öz bilýändigini bilenok. Bu topardakylar hem dana, alym adamlardyr. Bular köplenç çekinjeň, ýygra häsiýetli bolýarlar. Üçünji topar: bilenok, ýöne özüniň bilmeýandigini bilýär. Bu hili kişiler köpçülikde “akyl satmakdan” daşdadyr, diňleýjidir. Dördünji topar: bilenok, ýöne özüniň bilmeýandigini-de bilenok. Bular bilmese-de, bilýänden bolup, eňek bermeýärler. Şu hili adamladan Alla gorasyn! 5.05.2022. * * * “Gurt ýaly dogumly” diýilýän jümle möjege degişli aýdylan. Bu jandar diýseň namysaň jandar. Eger diri ele düşen möjegi eşege ýükleseň, bada-bar öläýýärmiş. Sebäbem şeýlemiş: “Meni gel-gel, haram eşekçe-de görmediler-ow”. * * * Çopan goşundaky köpek agşamara “haw-hawlap” habar berermiş: “Görýämiň, eýämiň daýawdygyny, her çemçe uranda tabak titräp gidýändir”. Möjek uwlap jogap gaýtararmyş: “Görýän, ýöne sen görýämiň şonuň çemçesi bilen agzynyň arasynda ýeke gylyň gaýmalap durandygyny”. * * * Möjek aýdarmyş: “Wah, şu gulaklarym päsgel beräýýär-dä, ýogsam sürüniň ýanyna çopana görünmän, eşek tezegine bukulybam barybilerdim” diýip. * * * Eger möjek höwre gelen döwri-fewral ýalarynyň ahyrlarynda bolaýmasa, onda-da üýşüp gelegurt sürüsiniň döredilýan wagty bolaýmasa, pete-pet gelende-de adama erişmezmiş. Çagalaryny ekläbilmän, halys ajygaýmasa, sürä darandanda-da, çopanyň hut özüni öldüräýjegini bilmese, ondan sowlup geçýärmiş. Halys garrap lagar düşen möjek süreninde ýatyrka, sülekeýini akdyrarmyş: “Şo görünýän süri meňki bolsady, her günem birje goýun salama gelsedi” diýip. Möjek edähedi şeýlemiş: öz daraýan ýaýlasynyň iň gür otly-hakyky maýsaly ýerine buşugarmyş. Özem hiç üýtgetman, hajatyny şol bir ýerde bitiriermiş. Şoň ysyny alan beýleki möjekler “Hä-ä, bu meýdan eýeli eken, girmäli” diýip, seňkildäp beýleden aýlanyp gidiberýärmiş. Eger süri şol ýaýla agyz otuna barsa, möjegiň buşugan ýerine golaýlanda goýunlar tebil tabyp, ürküp, yzyna dönüp gaýdyberýär diýýärler. Şol buşugan-özüniňki hasap eden ýaýlasyndaky sürä möjek hergiz daramazmyş. Şol “Bulary enşalla, garramda iýerin” diýip, kesesinden guwanar ýörermiş. * * * Möjek seňkildisini ýazdyrman bir günde ýedi menzil (1 menzil 14 kilometr çemesi) geçibilýn jandar. Onuň ödi şeýle ýadamazlygy üpjün edibilýär hasap edilýär. * * * Gurt-möjek aslyýetinde bihal hasaplanmaýar. Gadymdan galan gürrüňe görä, möjek aýdarmyş: “Eger sürä “bismilla” diýip daraşsam, boş çykmaryn, al emma, gyssanyp ýa ýadymdan çykaryp şony aýtman çozsam, sürüniň içinde ýaýnap ýörenem bolsam, awum oňmaz”. Ýene bir häsiýeti, möjek sürä daraşsa, hökman tutan malynyň ilki damagyny dişi bilen çalyp, onsoň parçalaýar. Şeýtmese, onuň alan awy halal bolmazmyş. Eger-de gyssaga düşüp, bir mal bilen oňmaly bolsa, tutan goýnunyň bir gezek gulagyndan dişläp, silkeläp öňüne salanda, şol mal onuň özi bilen deň ylgaýar gaýdyberýär diýýärler. Eger-de, bir tär bilen şol mal alnyp galnaýsa-da, janawer soň otuň, suwuň ýüzüne seretmäge rawgat tapmaýar. Onsoň ony horlaman soýaýmakdan gowusy ýok. Şol mal hergiz etigip gitmeýär. Sebäbi aşa gorkudan ýüregiň damarlary üzülýär. Ýene bir zat, goýnuň endamynyň öz gözi düşüp duran ýerine möjegiň dişi degse, eger-eger bitmeýär. Bu öte gorkudan şeýle. Eger guýrugynyň bir bölegini goparanam bolsa, şol bitýär gidiberýär. Haýran galmaly, “Gözüm görmese, syrtymy böri iýsin” diýlen gadymy nakyl şondan döräýdimikä? * * * Tebigatyň ýasawyna hem sazlaşygyna haýran galyp oturmaly. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Pendi ýaýlasynda, Garagum giňişliginde möjek aşa köpelip, mal-gara hezil bermändur. Şonda ýörite karar esasynda awçylar topary döredilip, bu janawerleri paýhynlapdyrlar. Imi-salalygam bolupdyr. Ýöne şondan birküç ýyl geçensoň ownuk mallara köpçlikleýin bir kesel ýolugypdyr. Anyklap otursalar, ol “dalak keseli” diýilýän dert bolup çykypdyr. Giden sürüler sababeripdir. Şonda uzak ýaşan, köpi gören çopanlaryň biri (adyny aýdypdylar weli, bu gürrüňleri ýandepderçä belläp ýetişmämsoň, unudypdyryn) “Bu sährany goýun bilen möjek deň gepelemese, sürüňiz örňemez” diýipdir. Alymlar hem bu pikire goşulypdyrlar. Onsoň döwlet derejesine çykan meseläniň çözgüdi üçin, Gazagystandanmy, Özbegistandanmy, birküç jübüt möjek getirilip goýberilipdir. Asyl görüp otursalar, goýun diýlen janawer möjek sesini eşitmek däl, eýsem, şonuň ysyny alsa hem hemme dertden saplanýar gidiberýän eken. * * * Pendi ýaýlasynyň gündogar-“Kerki çöli” diýilýän ýerine golaý sährada uly ýylanlar az bolýar. Diňe äper kepjebaşlar gabat gelip, çopanlaryň gürrüňine görä, olar gyzyl gömlen, hazyna goýlan ýerleri goraglaýarmyş. Şeýle ýylanlaryň içinde hatda sakgal çykyp, äpet göwrä öwrülip gidenlerem görünýärmiş. Ýylan näçe gorkunjam bolsa, bilmezlikden basaýjagyňy bilse, suwlup ýoluňdan aýrylyp gidiberýän janawer. (Bu gürrüňleri Mary welaýatyna döredijilik sapary wagtynda ýedi ýyllap Tagtabazar, Kerki töwerekde çopan bolan Öwez aga gürrüň berdi). 11.05.2022. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |