23:31 Göwündäki gündelik -28/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
...Hany göreýin, ilkinji tanyşlygymyz haçan başlandyka?! Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başlary bolsa gerek, ýalňyşmasam. Hazar kenaryndaky Türkmenbaşy şäherine döredijilik saparyna barypdyk. Biz ikidik-şahyr, şol döwürde “Galkynyş” gazetinde işleýän Toýly Öwezow hem bardy. Şonda köne tanyşlaryň biri myhmançylyga çagyrdy. Asly şahandaz-wäşi öý eýesi duýdurdy: “Biliňiz guşalgy bolsun. Ýene bir myhmana “gel, bäri!” edendirin. Söze, saza ökdedir. Öräniň Aşgabatdan gelen myhmnalary asgyn eken” diýdiräýmäň!”. Başdan aýdaýyn. Asgyn bolup gaýdanymyz-a çyn. Giňden ýazylan supranyň başyna geleniň Didarberdi Allaberdiýewdigini, özüniňem hukukçydygyny aýdanlaryndan soň kellelerem gyzdy, meýlisem. Goşgy okaldy, aýdym diňlendi, edebiýatyň söhbedi boldy, az-owlak jedelem edildi. Garaz, göwün solpusyndan çykyldy. Şonda Magtumgulydan gürrüň çykanda, adyny agzan goşgyňyy güzledip oturşy, ondan gaýdyp, Balgyzyl, Garajaoglan, Baýram şahyr, aşyk Çaňly, Ärsarybaba... agzalsa-da, änik-şänik ediberşi, Atamyrat Atabaýyň, Nobatgulynyň, Gurbanýaz Daşgynyň goşgularyny ýatdan okaberşi... gönüjämi aýdaýyn, agzymyzy açdyrdy. Balkan degresiniň haýsy jelegaýyndan gep açylsa-da, şol ýeri “özi ýasan ýaly” änik-şänik edip oturşam, “gezende eken-ow” diýdirdi. Şonda näme üçindir “özem ýazýar” diýip, janygylsa-da, ýeke seririnem okamady. Diňe süýnmegräge-de bugdaýreňk ýüzündäki burgutburunuň aşagyna gelşik berýän gür gara murtlaryny sypalap, çukurrakdan owalary giň gara gözlerini mähir bilen güldürip, “bizden şahyr çykasy ýok-la” diýip, ýylgyryp “ýeňäýdi”. Şondan kän wagt geçmänkä ol Aşgabada geldi. Işleýän ýerime-“Garagum” žurnalyna gelip, “sowuldym-da, salamlaşyp ötäýeýin” diýip dur. Gyssanmaçlyk bilen päpgesinden sogran bäş-älty sahypa kagyzyny uzatdy: -Okap gör, derdiňize ýarasa peýdalansarsyň, bolmasa-da ýyrtyp goýber. Ýyrtyp goýbär ýalymy?! Okap, zoňam çapa gidäýeri ýaly maşynkadan geçirip (o döwür kompýuter bamy?), baş redaktorymyz Sapar Öräýewiň stolunyň üstünde goýduk. Ertesi çagyrdy: -Şu Didarberdi Allaberdiýew diýilýäniň özi geldimi, ýa goşgularyny iberipmi? -Özi geldi, Sapar aga. -Onda näme men habarsyz? Şahyr bolsa ýakasyndan tutup meň bilenem salamlaşdyrmaly ekeniňiz-dä. Onda-da beýle goşgy ýazyp bilýäni. -Her gelen awtory ýanyňyza salsak, iş-dertden goýarys öýdüp... Ol aýgyt hem joşgun bilen gepledi: -Beýle goşgular ýazybilýän şahyr bolsa men agzymdan gan aldyrjak ýaly günuzyn aňkarylyp oturmaga-da kaýyl. Me, indiki sanymyza beriň. Özem şo Didarberdi ýene Aşgabada gelende, meni görmän gitmesin, düşnüklimi?! Hele-müçe zada göwni ýetmeýän, juda talapkär uly söz ussadyna beýle diýdiräýmek üçin “hikmetli” bolmaly. Şodur-da, şodur ady Didar dädä öwrülip giden şahyr öýmüze göwnemese-de, gazet-žurnalalaryň ýygy, onda-da arzyly myhmany” boldy gidiberdi. Şunuň bilen bagly dörän bir degişmeli wakada bar. Ol “Türkmenistan” gazetiniň redaksiýasyna sowlupdyr. Çyn şahyr, pespälden adamçylykly baş redaktor Kakamyrat Rejebow çyny bilen özelenipdir: -Didar däde, öýe gideliň, her gezek çaý-naharsyz gidýäňiz/ Şonda Didar däde şeýle diýipdir: -Öýleşip oturmaly, Kakamyrat jan. Gazetiňden birküç goşga ýer berseň, öýüňde söwüş soýup bereniňden bize şol arzyly. Söýläp şygyr şalygynyň tagtyny, Eýerläp Pyragyň münen “atyny”, Gezsem yşk dagynyň kemer-gatyny. Kalbymda lowlaýan bir o:t gerekdir Beýle setirleri ýazaýmak üçin nähili hyjuw-joşgunyň gerekdigi aýtmasaňam düşnüklidir. Munuň üstüne ýene bir “syry” goşmaly. Ony men Didar dädäni tananymdan has soňrak bilip galdym. Onam özi aýtmady. Gaty ýakyn tanaýanlaryň, her gün görşüp, oturşyp-turşup ýörenleriň biri aýtdy: -Didarberdi bir-ä “Kurany-kerimi” başdan-aýak hatm edendir. Soňam ol arapçany, parsçany, azerbaýjançany, türkçäni, tatarçany, gazakçany, rusçany suwara bilýändir. Soň bilip otursak, bir rabagsynda asyl şeýle setirleri baram eken: Hyýalymyň ýaryşany ýel boldy, Gitdigimçe ýol inçelip gyl boldy, Ýetmiş iki dile höwes etsem-de, Öwrenip bilenim ýedi dil boldy. Aperin saňa! Bereket etrabynyň bir gapdalyny Garagumyň gurbany gitdigim guba çägelerine direýän, beýle degresinde dag gerşini ýassanyp ýatan Isgender obasynda 1967-nji ýylda dünýä inen oglanjygyň emer-damary çarwaçylyk bilen güzeran aýlan, özem il içinde halalhonlygy, sahypkerenligi bilen tanalan nebereden. Ýumruk ýalylygyndan atasy Atjantemek Allaberdi oglunyň yzyna düşüp, dabanyna çöňür çümdürip, injigini gyzgana ganadyp, goýun-geçi bakan Didarberdi ýyldyzlar bilen sözleşip, nurana Aý bilen oglan ýüregindäki arzuw-hyýallaryny paýlaşyp, çölüň ysyny, dagyň keremini on iki süňňüne siňdirip ulaýar. Atasy gündiz dymmaragam bolsa, iňrik garalalyp, dowarlar gäwüş gaýtaryp, töweregi ümsümligiň owazy gaplanda, söwer agtygyna Magtymguly işanyň (ol şahyryň adyny şeýdip tutan) goşgularyny ýatdan şeýle bir labyz bilen, damaryňy yzarlaýan owaza salyp aýdyp beren. Käbir goşgular-a bir diňländen Didarberdiniň bekemedik beýnisine magnit bolup ýapyşan. Galan goşgularam her gije gulagy ganansoň, tutuşlygyna ýat beklän. Köneden habarly, il içinde Temek däde diýlip tanalýan çopanyň “sandygy” bihal bolmadyk. Ol eli egri taýaklam bolsa, Gurhany keremi başdan-aýak ýatdan bilen kary eken. Onam agtygynyň gulagyna guýan. Didarberdem eşidenini, ýatlanyny eşrepi ýaljak edip, köňül sandygynda gaýym gizlän. Soň kämil çykanda ol muny kagyza geçirer: Dünýä göz ýetmek eken, Sogap iş etmek eken, Giden bir mekdep eken Atamyň aýdanlary. 1975-1980-nji ýyllarda şol döwürdäki Türkmen oba hojalyk institirynyň awtomehanizaýa fakultetinde okap, diplom alandan soňam Balkan welaýatynyň ençeme ulag, gurluşyk-gurnama kärhanalarynda öz ugrundan işlän, kärine kir ýokdurmadyk. Ýöne Magtymgulydan doly ýüregi, halallyk, haýyr, haram bilen şer, bir gyly iki bölýän adyllyk hakdaky pikir-oýlar ýigidiň küýünde gaýnap, ahyrsoňy ony Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň gapysyndan getirýär. 1988-1994-nji ýyllar aralygynda okap, hakyky hukulkçy bolýar. Öz ugrundan çirksiz işläp, alkyş barynam alýar. Käte-käte “içine sygmadygyny” kagyza geçirse-de, hergiz hiç kime görkezmäýär. Käte halys heýjana salyberende iň ýakyn dostlarynyň ýanynda okap, içini gowzadýar. Tüýs ýeri gelende birje zady aýdaly. Özi aýtmyşlaýyn, akyl käsesi tüýs doluşansoň, özem gullukdan raýatlyk işine geçensoň, gazet-žurnallarda ady görnüp ugrasa-da, hergiz petde kagyz göterip gelip, redaksiýalary ýeke gezegem bezikdiren awtor däl. Gaýtam, aznawur şahyryň edebiýatyň ala meýdanyna bil guşap gelenini bilip, gazet-žurnallar Didarberdä jaň edip, hat ýollap goşgularyny gowşurmagyny towakga edýärler. Bu juda arzyly awtorlara nesip edýän bagt. ...Bir gezegem Hazar kenarynda şeýle ahwalat bolýar. Haýsydyr bir baýramçylyga barlanda öňden bir-birini gaýybana bilip, didarlaşmagy küýsäp ýören iki ussat-Nobatguly şahyr bilen Didarberdi sataşýar. Oturlyşyk-bezm göwündäkidenem gowy bolup, goşgynyň, pelsepäniň, durmuşyň, şahyrlaryň, edebiýatyň, taryhyň... gürrüňi daňa çenli kelleleri mis ýaly gyzdyrýar. Aşgabada gelip Nobatguly şeýle goşgy ýazýar: Dünýäň depesinden Zemine bakýar “Höregine ataş çeýnäp, o:t çeýnäp. Aftaba hamyny seren” Pyragy. Gudrat bilen Jebrut älemne çykyp, Geçmişiň, geljegiň gaflatyn ýakyp, Ýyrtyp Wagtyň, giňişligiň serhedin, Ylahy dünýäni gören Pyragy! Hakyň dergähine baran Pyragy! Oka beýik şahyrlaryň serwerin! Magtymguly-akyldardyr, welidir. Çarhyň poeziýasyn çepbe çöwüren, Goşgyny aýata-doga öwüren, Pyragy türkmeniň pygamberidir. Oka, dostum! Goşgyň özi ýazylar, “Gögi büküp, gara Ýeri ýarybam”. Ýazylar, hut däli silli çabganyň gelşi ýaly, garnyn ýaryp asmanyň. Tüweleýläp ýanýan çagyň ýazylar! Ýazylar, tamdyra dönse içiňem. ...Ýöne şahyr Pyragyny ýat bilmez, Didarberdi bolmaz bihal kişiden! Uly şahyr çykanda bolsa sol ahwalatlary “Magtymgula ýüzlenmesinde” şeýle beýan edýär: Sa:lymy söz ummanyňa okladym, Gijelerne şygryň bilen ukladym. Tutuş kitabyňy ýatdan bekledim, Ýazan setirlerim-güwäm gelipdir. “Kişini tanajak bolsaň özgeleri gürlet” diýipdir türkmen aga. Özümiňem-ä Didar däde hakda “içime sygman” duran zatlar azlyk eder ýaly däl weli, ýöne özümden ökdeler bar. Ine, Osman Ödäniň Didarberdi Allaberdiýewiň “Sözlär Senaly dilim” (Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015) atly goşgular kitabyna ýazan sözbaşysy bar. Ýöne ýeri gelende, okyja has düşnükli bolar ýaly bir zady aýdaly. “Senaly” Didarbediniň edebi tahullasy-lakamy. Indi Osman akgany diňläli: “Onuň dünýä edebiýatyny erjellik bilen özleşdirendigi, Gündogar edebiýatyny içgin öwrenendigi, galyberse-de, yslam edebiýatyny, keramatly kitaplary has-da yhlas bilen okandygy, onuň beýan edýän temalarynda, getirýän delilleridir mysallarynda mese-mälim görnüp dur. Şahyryň Watan, Berkarar döwlet, bagtyýar döwür hakda ýazýan setirleriniň owazly hörpi has-da belent”. Belli edebiýatçy, filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedow şeýle ýazýar: “Didarberdiniň Magtymgulynyň şygyrlaryny tutuş ýat bilýändigi, diňe bir bilmek däl, şygyrlary örän çuňňur yzarlaýandygy, neşirlerdäki goýberilýän säwlikler baradaky pikirleri, beýik şahyryň şygyrlarynyň arapçasyny, parsçasyny, rusçasyny deňeşdirişi meni haýran etdi. Didarberdiniň dil we edebiýat ugrundan ýörite bilimi ýok. Onuň işlän käri hem çeper döredijilik bilen galtaşykly däl. Zehini Biribar eçilse, dannawy bolmaz ekeni. Didarberdiniň aýdym-saz sungaty baradaky örän çuňňur makalalary ýörite saz öwrenijiler üçin-de peýdalydyr diýip pikir edýärin”. Dogrudyr. Şahyryň süňňünden syzylyp, ýüreginden üzülip gaýdýan setirler seni heýjana salýar: Ömrümiň her güni ýaz bolar ýaly, Janymyň saglygy saz bolar ýaly. Başarsam hemişe gülüp gezjek men, Aglamaga wagtym az bolar ýaly. Ine, şahyryň ömür ýörelgesi. Munuň üstüne eli açyklygyny, myhmansöýerligini, tarhandökerligini, mertligini hem goşsaň, tüýs özi bolar duruberer. Bir gezek Awaza gidilip-gelnensoň galamdaşlarynyň biri Nobathulydan sorapdyr: -Ýeri, sapar neneň boldy? -Hemme zat gowy boldy, ýöne tas aşa düşüpdik. -O ne beýle? -O ýerde Didarberdi diýip biri bar, gerk-gäbe edip eňkiňi aljak. Entegem biz goşgy okadyp badyny alaýdyk. ...Bir gezek bizem Awaza bir baýramçylyga barypdyk. Didar däde Osman aganyň bir dert tapynyp ýörebinden habarly eken. Baryp myhmanhana ýerleşip-ýerleşmänkäk, jaňlaşdy-da, sorady: -Men odur-budur eltäýjekdim weli, Osman akga nämeler iýip içýä, şonam bir bileli. -Gaty-gury nahar bilen-ä kän ugry ýok. -Düşündim, boldy. Agşamara ol gazan süýräp geläýdi. Özem goşa gazan. Birinde düşeme aş-balykly palaw bar, beýlekisinde towuk çorbasyna bişen unaş. Özem tabaklara-tarelkalara guýuşdyryp ýörşüne: -Öňem ata-babalarymyz “unaş-garra aş” diýipdirler. Şuny ilki Osman akgaň öňünde goýalyň, iň ýaşulyňyz-diýip, sypaýylyk bilen sepini bildirmän hödür-keremi sazlaýar weli, haýran galdym. Ýaşkiçiler bolsa düşemeaşly gazanyň düýbüne ýetdiler. Şahyr Gurt Näzliniň Didarberdä bagyşlanan bir goşgusy bar. Birje bölek: Ýedi dlde gürläp bilýär suwara, Saz çalanda dil bitirýär dutara. Göçümlerde ýolun baglap tutan ýok, Küşt oýnunda heniz ony utan ýok. Durşy bilen Zehin, Talant, Ylham ol, Her bir sözi jana şypa, melhem oň. Il üçin, dost üçin haýgyrmaz jany, Hormatlar, hezzetlär, gelen myhmany. Maryly şahyr bu goşgusyny Balkana myhmançylyga baryp gelenden soň ýazypdyr. Öňräjik balkanly bir bagşy tutuş onuň goşgularyna döreden aýdymlarynyň elektron ýazgysyny sowgat edip iberipdir. Eý-ho! Ajap goşgy goşa taryň “gulagyna” gowy aýdym bolup münende, diňläp doýmaz ekeniň! * * * Bir gezek Awazada dynç alyp ýörkäk, ýöriteläp ol bizi Garaçagyla alyp gaýtdy. Gaty täsin çeşme. Balkanabada ýetmän, gaýrak-kiçi Balkana tarap ýüzüňi tutup gitseň, sähel ýöräňsoň öňüňden çykýan bygyrdap ýatan çeşme. Gyzgynlygy 50 gradusdanam geçýär diýdiler. Suwa düşer ýaly jaýjagaz bar üstünde. Gara dagyň goýnundan gaýnap çykyp ýatan melhem suwuň köp derde derman boljagy bilen baglylykda geljekde şypahana guruljakdygy düşnükli. Girip-çykýaň weli, gyzgynylygy endamyňa ornap, süňňüňi guş ýaly ýeňlediberýäni, ysgyn-deramatyňy alýan ýalam bolsa, burçak-burçak derledip, endamyňdaky azar-derdi sokga sorýany soňrak özüňe magat bildiriberýär. Beýle şepagatly-sahawatly zyýaraty bagş edeni üçin Didar dädä alkyş aýtdyk. Gaýtam ol bize söýünýär: “Şeýdip Magtymgulynyň, Balgyzylyň dabanynyň degen, Baýram şahyryň awlag eden ýerlerine gelip durmaly-da sizem!”. Şonda “ýol kesip”, onuň hezreti Magtymgulynyň asyl oturymynyň, onuň öňki nebereleriniň mesgen-mekanynyň şu gezip ýören ýerler bolandygyny şeýle bir delilläp, da:şyny, depesini, oýuny akyldar şahyryň goşgularyndaky setirler bilen berçinläp, wakalar bilen sepläp, rowaýatlar bilen baglap gürrüň berdi weli, walla, öňümizde akademik otyrmayka diýdirýärdi. Garaz, seýil etme, söhbet etme kemini goýmadyk. Awaza gelip, “Hyzmatyňa, biz üçin aladaňa taňryýalkasyn!” diýdik weli, gaýtam, ol göwnündäkini şagladyp goýberdi: Dosta teşne bolup insem güzere, Gürrüňleri gönezlikdir ýazara. Duşup Osman Ödä, Gurbannazara, Otursam, tirkeşsem hemsyrdaş bolup. “Sözlär Senaly dilim” atly kitaby ýene elime alýan. Eliňe agram berip duran (meger, ol galyňlygyndanam däl-de, setirleriniň dokdäneligi üçn şeýledir) kitaby açan ýerimde sünnäli ýazylan şeýle jümleler bar: “Ýagşy söz goý, göwünlerde gül bolup gögersin. Seýle gulluga ýüregiň bilen berlip döredýän eserleriň her setiri güle meňzesin, inim!” Seniň gül ysly goşgularyňa beýleki okyjylaryňa bilen birlikde bizem muşdakdyrys, Didar däde! Goý, Hazaryň keremli kenarynda döretjek goşgy-gazallaryň şol deňiz ýaly joşgunly bolsun! * * * Öňki endigime eýerip, säher çaýyndan soň “aýagymyň ýelini” almaga çykdym. Gapdaljygymyz Nyýazow adyndaky alleýa. Başyndan aýagujygyna çykjak bolsaň 5-6 kilometre ýetjek. Öňküje “aýlawymyz” bize ýeterlik-45 minutlyk. Keýpiň kelläňde, dabanyň aşagyny ganymat gyzdyraýyn diýseň, hezil edip aýlanybermeli gür agaçlaryň şybyrdysyny diňläp, kükregiňi tereň howadan dolduryp. Bu gezek gep başga zatda. Kämahal edişim ýaly, iliň ýöreýän ýodasyndan däl-de, agaçlaryň arasyndan ädimläp ugradym. Her gün diýen ýaly çygy ýetirilýän, mahal-mahal ýüzi tekiz orulýan terje otlary aýagyma golaşdyryp barşyma, ynha, garynjanyň agzyndanam kiçijik bir “tümmejik”gözüme ildi, aşagyndanam akjaryp bir zat görünýär. “It kömelekdir-le” diýip, köwşümiň ujy bilen çalaja kakyp göýberdim. Gör-le, naşyja, başam barmakdan sähel ulurak gelin kömelek. Tep-terje, ulurak teňňe ýaljak kellesiniň aşagyndaky çalymtyk-melereňk kirpikleri şeýle näzijek, depesindäki çümmügede ilmejek topragy kaksaň akja perdesi sypyrylyp gitjek gurbany gitdigimiň. Burnuma ýetirdim weli, topragyň, çygyň, ýene-de ady tapdyrmaýan täsinligiň ysy damar yzarlap gitdi. Güýz kömelegi! Ylahym, topragymyz şeýle bereketli, Taňry yrsgallay bolsun-da! Aldym-da, köýnegimiň dik jünbüsine atyp goýberdim. Öýe gelsem, “altyn aşygymyz”-agtyjagymyz Mälik ukudan oýanyp, çaýjagazyny içip, oýnap otyr. Buşlik bar ýaly “saňa kömelek getirdim” diýdim. Dört ýaşyň içindäki çaga eljagazyna aldy-da, “Näm üçin birjik, bar ata, ýene getir!” diýip höküm etdi. Wah, mana düşmez bala! Taňry eçilen o nygmatyň diňe käbir pasyllarda, onuňam sanlyja günlerinde topraga “myhman” bolýandygyny, onam başyňy ýere degräýjek bolup, gözüň bilen gözläp tapmalydyny sen bileňok-da, gara gözüm! 19.09.2021. * * * Kitap tekjämde “Sahnada Aman Gurbandurdyew” diýlen galyňlygy çelpek ýaljak bitap bar. 1992-nji ýylda çap edilen bu kitabyň awtory belli sungaty öwreniji Jumadurdy Saryýew. Agtaryp, okap ugrasaň, agramy ýelek ýalam bolsa, setirlere siňen many-mazmunyň gunt ýalydygy bilen bada-bat özüne bendi edýär. Daşky sahabynyň içinde bolsa sünnäli, her harpy aýratynlykda ýazylana meňzäp duran şeýle ýazy bar: “Tanyşdyk. Ysnyşdyk. Soňra dostlaşdyk. Gatnaşykda bolmagam nesip etsin. Gurbannazar! Seniň zehiniňe, alçaklygyňa, adamçylygyňa uly hormat goýmak bilen, Aman Gurbandurdy. Arçman, 1996, noýabr”. Bu kitabyň sowgat berilmeginiň, beýle ýazgynyň bagş edilmeginiň öz “hikmeti” bar. Hawa, 1996-njy ýylyň güýz ahyrynda Arçman şyhapahasyna dynç almaga barypdym. O döwür häzirkisi ýaly kaşaň, ähli amatlyklary bolan, janyň heziller edäýýän desga-jaýlary ýokdy. “Bu mahallar adam kän däldir” diýen çenim çykmady. Dynç almaga, derdine melhem etmäge baran ýetik eken. Barşyma kabul eden baş lukman nireden gelenim, näme kär edýänim bilen gyzyklandy-da: -Onda seni edil özüň ýaly döredijilik adamsynyň ýanynda ýerleşdiräýeli, bomy?! Onuň otagyndaky beýleki adam häzir gaýdýar-diýdi-de, serenjamça ýerleşdirmegi tabşyrdy. Esasy binanyň ikinji gatynyň ortaragynda bi otagyň gapysyna bardyk. Girsek, belli žurnalist Baýrammämmet Täçmämmedow (ýakynda ol bende dünýäsini täzeledi, imany hemra bolsun) goşlaryny ýygnap, gitmäge häzirlenip dur. Ol şol wagtlar “Saglyk” žurnalynda bölüm müdiri bolup işleýärdi. Köneden tanyşdyk. Ýazyjylaryň Pöwrüzedäki döredijilik-dynç alyş öýünde maşgalamyz bolup goňşy ýaşapdyk. Ýanýoldaşy, tanymal şahyr Näzik Annatyýewa (jaýy jennetden bolsun) başy asmana ýetäýjek bolýan ýaýbaňdan ak çynaryň aşagyndaky agaç sekiniň üstünde kiçeňräjik peşehana gurup (görer gözden duwlanmak, siňek-çybyndan goranmak üçin), süýr günortanlaram ýazar-pozar oturardy. Agaşamara aglaba Baýram däde (oňa şeýle ýüzlenerdiler) bilen çaýlaşardyk. Alçak, göwnündäki dilinde, okumyş, alaýaz ýaly adamdy. Hawa, Arçmana dolanaly. Ýüzi tegelekden peşeneli, ullakan gözleri lowurdap duran, tüňňüräk burny kütüden gelşikli dodaklayna has ýaraşyk berýän, uzynakdan deşli göwreli adam bolsa abaýtoş görnüşde stulda jaýlaşypdyr. “Salawmaleýkim!” diýip girenimden, Baýram däde bizi tanyşdyryp ugrady. Özem häsiýetine muwapyk degişmeli başlady: -Gurbannazar jan, bu gözüni agdaryp, Hüňkar şa meňzäp oturan agaň-a Aman Gurbandurdy diýilýäni. Ýerinden tursa depesi petige deger görseň. Teatryň sahnasynda döreden keşpleri kändir. Düňderilip oturşyna seretme, göwün kiltini ýazdyrsa, ýaz ýaly adamdyr. Men seni şuňa tabşyryp gitjekdirin, ornumy berip... Oturan güňleç gepledi: -Şeýdip meniň zulumymdan sypjak adam diýerler saňa, Aşgabada baraly, görübiris. Baýram däde meniň adymy, familiýamy tutup: -Bu ýigit bolsa “Garagum” žurnalynyň jogapkär kätibi, birküç sany kitabam bar-diýip-diýmänkä, oturan gobsundy: -Sapar Öräň işgäri-dä onda. Men baş atdym. Baýram däde alyp göterdi: -Zehinli ýigitdir, dilewardyr özem, içiňi gysdyrmaz. Ýazyp-pozuşam... Oturan ýerinden galdy: -Beýdip öwüp-arşap dursuň weli, näme ikimizi guda-garyndaş etmek meýliň bamy, Baýram? Gowusy, “Ýol ogly ýolda ýagşy “ et-de, ugra tizräk. Galan tanyşlygy özümize goý. Uludan gülen Baýram däde goşlaryny alyp gapa ýöneldi. Bizem iki bolup ony derwezä-awtobusa çenli ugratmaga çykdyk. Ine, şeýdip arçmanly günler başlandy. Özem geň tabşyrykdan başlandy. Otaga gaýdyp geldik weli, Aman däde dulda diwara söýelgi duran çaga goşaryndan ýogynrak syrdam taýaga ümledi: -Meň bilen bir otagda boljak bolsaň, derrew şuň ýaly bir taýak tapmaly borsuň, inim? Men degişjek boldum: -Men bärik keýik kowalamaga ýa towşany taýaklap almaga gemedim, dynç almaga geldim, Aman däde. Jogap göwnüne jaý bolandyr-da, ol loh-loh güldi: -Aldyň, inim! Hany, günortanlygy edineli, onsoň göwnelaýyk taýagy ýaňky jogabyň üçin bileje taparys, taýynlarys. Näme gerekdiginem ertir irdenjik görersiň. Ertesi buýrulan emleri-bejergileri alyp, ýere dürteňde boýumyzdanam geçýän taýak bilen ýola düşdük. Beýlekiler dagyň gapbilinde oturdylan keýigiň heýkeline baryp dolanýar. Aman aga bolsa şeýle höküm etdi: -Kelete gerşinden geçip, tä Nohur daglarynyň etegine çenli gideris. Dabanyň gatap, endamyň ajy deri çekmalydyr. Bilseň, başarsaň şu-da bejergi-emiň iň naýbasysydyr. Garaz, gaýdýançak dabany gabardandyr-ow! Özi weli, dag gaplaňy ýaly ýapgyt bolsa-da, eňňit bolsa-da, tutuduryp barýar. Soň öz agzyndan eşidişime görä, ol dag eteginiň oglany bolup ulalypdyr. -Biziň obamyzy gelişin görensiň-le, Ýarajy. Uly ýoluň gaýrasynda eňegini Garaguma diräp oturandyr. Ýoldan ileri geçseňem, Köpetdagyň baýyrlaç düzlügi başlanýandyr. Obamyzyň ady hakda çagarak wagtym garry gojalarymyzyň rowaýata çalymdaş gürrüňleri gulagymda galypdyr. Birinde aýdylyşyna görä, Mekge-Medinä diýip, ýol söküp oturan bir halatly, tebip kişi şol töwerege gelende, agyr hassa ýatan bir öýüň üstünden düşen. Jan karkara gelenmiş. Şonda ýaňky derwüşe meňzeş adam ýanynda göteren ot-çöpi bilen ajalyň agzyna golaýlany ýagty dünýäde alyp galyberipdir. Onsoň ýaňky ýatyrka düýş görüpdir. Ap-ak geýnen perişdemi, pygambermi, biri iki elini göterip: “Seň ýarym hajyň eden ýagşylygyň bilen kabul boldy, yzyňa gaýdyberseňem bor” diýip, gaýyp bolupdyr. Ýene bir rowaýata görä, obanyň eteginden gazylan guýynyň suwy günüň ýarynda süýji, öýlä saýanda-da ajy bolýarmyş. Şeýdip Ýarajay ady galypdyr. Rowaýaty gadymymy, diýmek, obamyzam gadymy bolmaly, dogry dälmi?! Şeýdip 1932-nji ýylda Bäherdeniň Ýarajy obasynda daýhan maşgalasynda doglan, gulagyna azan bilen gygyrylan ady Amandurdam bolsa, soň goşundysy aýrylyp, diňe Amana öwrülip giden oglanjygyň ýaýnalmaly ýaşy Beýik Watançylyk urşunyň gytçylykly-gahatçylykly ýyllaryna gabat gelýär. Dogabitdi ýüregi hyryçly, kalby göçgünli oglan dabanyna çöňür çümdürip, aýaga geýere çokaý, egne geýere don tapman ýörlen döwürlerem, goýun yzynda ýylgyndan dutar “ýasap” aýdyma zowaldyberer eken. Mekdepde okan ýyllary bolsa mugallymlarynyň biriniň “Şu Ýewropa saz gurallarynyň içinde iň näzik seslisidir,öwrende çalyber!” diýip beren alt diýilýän saz guraly bilen “gidişýär”. Öz aýdyşy ýaly, aç garnyny sungatyň höregi, sazyň heňi bilen “doýurýar”. “Buşluk, Ýeňiş!” diýlen habardan soň bolsa Aşgabada gelip, sorap-idäp, Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň ýanyndaky Opera studiýasynda okuwa-tälime ýitigini tapan ýaly ýapyşýar. Ýöne aýdymam gapdalyndan goýmaýar. Ýognasdan ýagjymak sesini bir gezek diňlänler hoşnutlykdan baş ýaýkaberýärler. Onsoň ony opera aýdymçysy edip, çagalar üçin goýlan “Gazlar we Guwlar” operasynda Kirpiniň keşbini ynanyp, aýdymynam aýtdyrýarlar. Bir günem umumyýaşaýyş jaýyna girip barýarka, gözi düşen bildirişi ony aýagy duşaklanana dönderýär. “Moskwanyň A. W. Lunaçarskiý adyndaky döwlet Teatral institutyna türkmen talyplaryny kabul edýäris”. Şeýdibem ýaňy 17 ýaşyny dolduran Aman synaga özüni salyp görýär. Bjesi çykan oglana-da dönýär. Zehinie, başarnygyna, sesine, hereketine göwünleri ýetip, ony teatryň Türkmen milli studiýasyna kabul edýärler. Ýerine ýetirýän etýudlary, labyz bilen dürli dillerde ýaňlandyryberýän aýdymlary, çeýe hem kämil sahna hereketleri, sazyň ýönekeýden has çylşyrymlyrak usulýetinden baş çykaryberşi bu talyby beýlekilerden saýlaýar. Şeýleikde Aman Gurbandurdyýew 1954-nji ýylda Moskwadaky, hemmeleriň “sungat “ybadathanasy” diýip atlandyrýan bu okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. -Diplom işimiz üçin A. N. Ostrowskiniň “Garyplyk aýyp zät däl” atly spektaklynda şähdaşyk hem degişgen ýigit Ýaşa Gusliniň keşbini ynanypdylar. Eseri okadym weli, ol asyl sahnada gitara çalyp, aýdym aýdýan bolsa nätjek. Ýasamalyk edip bolmaz-a! Tomaşa edip oturanlaryň içinde iň ýönekeý hereketiňe, agzyňdan gaçan gepe nyrh kesip oturanlar kän ahbetin! Şonuň üçin türkmeniň “Başyňa düşse towukly palawam iýersiň” diýşi ýaly, dört günüň içinde gitara çalmagy öwrendim oturyberdim. Şol keşp ýadyma düşse häzirem hiňlenip, joşuberenimi bilmän galýan-diýip, eli taýakly daga dyrmaşyp barýarkak, ýaşlygyna-da dolanypdy. Arçmandaky dynç alyş ikimize “taýakly daýylar” lakamyny bagyşlady. Tüweleme, menden ep-esli ýaş ulam bolsa, Aman däde depesinde bulut oýnaýan ala daglara dyrmaşyp ugranda, eýgereden ezberdi. Munuňam sebäbini bildim. -Ýunus Emre köçesindäki öýmüzden teatra, teatrdan öýe pyýadalaberýän. Özgeler ýaly sagat tutup, pylança minut galanda, duralga howlugamok-da, irräk çykyp, kükregimi şemala tutup, aýaklara bat beriberýän. Tomus pasly-ha teatrda dynç alyş. Galan pasyllaram howa jana tenekar-a. Garaz, daga dyrmaşmaga-ha ökdeledim. Asyl pyýada ýöremek endigimem şondan galdy diýsem ýalňyşman. Aman dädäni uly-kiçi, daşdan-ýakyndan gelen, garaz, tanamaýan ýokdy. Bile surata düşjekler, gyzyklydan henekli, ýomakly gürrüňini diňlejekler daşyna egeledi. Bir gezegem şeýle waka boldy. Şypahananyň naharhanasynda biziň oturýan stolumyza ýanaşyk ýerleşen eneli-gyz bardy. Olar ýalňyşmaýan bolsam, Ýylanly ertabyndan gelipdiler. Ozalam suw içmäge baranymyzda, oral aýal-ýaşy elliden geçen daýza Aman aga gözi düşenden gaty geplänini bilmän galypdy: -Wi-ý, “Mukamyň syry” kinosynda Didar bagşyny oýnan artist ýaly-la bu. Şol kinoda biziň obadaşymyz Liza Garaýewa-da oýnapdy-da. Ine, şondan birküç gün soň günortanlyk naharynda berlen palawa agyz uran Aman däde arzuwçyl seslendi: -Buýam-a bolman durjak däl, ýöne daşoguzyň seçelenip duran palawyny iýäýseň. Ertesi günortanlykda ornaşyp-ornaşmankak, bizden öň oturan goňşularymyzyň ulusy-enesi bize ýüzlendi: -Şu gün agşam sizi palawa çagyrmakçydyrys, goňşular. Sizden ýokarda-üçünji gatda ýaşaýandyrys, baryberiň! Aman aga gür gaşlaryny gerdi: -Sag boluň. Nämäň şanyna o palaw iýişlik? Indi gyzy gepledi: -Daýy, siz düýn “Daşoguz palawy bolaýsa” diýdiňiz-ä. Tüwi getiripdik ätiýaçdan, saryýagy bilen. Ejem şu aşhanada işleýan daýzalaryň birine öý towugyny sargady. Olam taýynlapjyk getirdi. Men häzir gidipjik käşiri bilen soganyny getirsem, agşam palaw bor-da. Hezil edip ýylgyran Aman aga çemçesini ýerinde goýdy: -Oň ýaly boljak boljak bolsa, men-ä häzirem hiç zat iýjek däl, palawa ýer goýjak. Şondaky saryýaga bişirilen towukly palawyň tagamyny soňam Aman däde ikimiz kän ýatlap gezipdik. Men sungaty öwreniji alym, ýa-da teatr tankytçysy däl. Şonuň üçinem gürrüňi edilýän sahna ussadynyň ulaşan kärinde bitiren işlerini, döreden keşpleriniň aýartynlykaryny, sungat ýoluny ilik-düwme seljermegi, anyk baha bermegi ýokarky aýdan adamlarymyzyň paýyna goýaly. Men diňe kalpda galan keşbi teswirlemek, ýagşylykda ýatlanmaga mynasyp pursatlaryň täsirini okyjylar bilen paýlaşmak meýlinde setirleri kebşirleýärin. Eýsem-de bolsa, il içinde derejelenýän, aýdylyşy ýaly, arzyly aşyny iýdirýän bolsa, şonuň aňyrsynda hökman azap, çümmüklenip ýygnalan abraýyň hezzete mynasyp lezzetem ýatan bolmaly, dogry dälmi?! Soň aga-ini gatnaşygyna ýazan arçman tanyşlygyndan nijeme wagt ötende bir gezek tötänden: -Sahnada janlandyran keşpleriňiziň hasabyny ýöredipmidiň, Aman däde?-diýen sowalyma ol dodagyny müňküldedip, esli salym durupdy-da: -Lap etmäýin weli, ýüz elliden-ä aňyrdadyr-diýdi. Ömrüni örklän ýeri-ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda, ýaşynyň paýawynda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda goýlan “Otuzynjy ýyllar”, “Her kim islänini söýsün”, “Gyz salgydy”, “Ak lotos”, “Zöhre-Tahyr”, “Tüpeňli adam”, “Bronopoezd-14-67”, “Guşgy galasy”, “Derňewçi”, “Ýanbermez alžirli”, “Ezop”, “Zor aýakdan doktor bolan” ... bu sanawy agzyň ýadaýança aýdyp bolar. Hawa, şeýle tomaşagärli spektakyllarda döredilen keşpler ömür ýolunda azapdyr zehin bilen ýakylan çyraga meňzeýär. Şeýdibem Alty Garlyýew, Aman Gulmämmedow, Ýapow Geldman ýaly aznawur, talapkär režissorlaryň elinde taplanan talanty ony Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi ýaly derejelere ýetirdi, gojalan döwri döşüne “Gaýrat” medaly dakyldy. Bir wakany hezil edip gürrüň beripdi. ...Alty Garlyýew “Juma” oýnuny sahnalaşdyrýan döwri onuň “Allan aganyň maşgalasy” çeper konofilmde hem surata düşýän jybga-jygbasyna gabat gelýär. Ikisem biri-birinden gyssagly. Onsoň ol ýaş kömekçisine ýüzlenýär: -Aman jan, bu oýna sen režissýorlyk et. Ýöne birje kemçilik göräýsem, kelläňi ýalaňaçladaryn. Halypanyň ynamyny aňryýany bilen ödemek üçin ol teatrda ýatyp-turýar. Ine-de, oýnuň jemagat öňünde görkezilişi. Şonda Alty Garly sahna gujak-gujak gül göterip gelýänlere Amany görkezýär: -Şoňa gowşuryň! Bu oýnuň ady meňki bolsa-da, azaby Aman Gurbandurdynyňkydyr. Şu alyp çykandyr. Ine, halypanyň şägirdi arzylamakda özgelere nusgalyk şol bahasy hem kämilige ýaňy gol beren artisti “gyjyklap” goýberýär. Şeýdip ol 1970-nji ýylda Moskawadaky Ýokary režissýorlyk kursunda iki ýyl okaýar. Esasanam dünýä belli sahna ussady Konstantin Stanislawskiniň mekdebini ”elek” edýär. Diplom işini hem ady Älem içine ýaýran eser-Uilýam Şekspiriň “Romeo-Juletta” tragediýasyny sahnalaşdyrmak bilen goraýar. Uly baha hem mynasyp görülýär. ...Aşgabatda tirkeşip barýarkak, oňa “Salam, mugallym!” diýlenine kän gabat geldim. Şonda birinji ahwalatda ýüzüne sowally seredemde, ol buýsanlçy ýylgyrşyna, sesine nazym berip: -Bilseň, Liza Garaýewa, Gündogdy Hakgyýew, Baýram Gurbanow, Aga Annamyradow ýaly sahnada ussatlyga ýetişenleri teatr studiýasynda men okadypdym. Başga-da ýüzlerçe bardyr elimizden çykanlar-diýip, ädimini dowam edipdi. Artist, režissýor, dramaturg, bagşy-ine, bir göwrede jemlenen zehin. Şol göze doly ussat-Aman Gurbandurdy aramyzda ýogam bolsa, milli teatrymyzyň taryhynda onuň ady zerlenip dur. ...”Sahnada Aman Gurbandurdyew” diýen kitaby bolsa ýene-de okamak üçin elime alýan. 4.10.2021. * * * Belli alym F. Papaýan şeýle diýýär: “Ykbal-adamyň ýaşaýşyny kesgitleýän, onuň durmuşyndaky öňünden şertlendirilen wakalar (hadysalar) we hereketler.” Ylalaşasyňam gelip dur, birhili ykbaly-takdyry Haktagalanyň maňlaýa ýazýandygy ýadyňa düşüp, böwür diňirgedeniňem duýman galýaň. * * * Bir wakany henizem ýatlaýan. Ähli takyklygy bilen ýadymda berk galypdyr: 2015-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýurduň öz zähmetinde, kärinde has tapawutlanan adamlaryna döwlet sylaglaryny gowşuranda, bu sylaga mynasysyp bolan belli žurnalist Ýewgeniý Poddubnyý şeýle diýdi: “Dünýäde ok-ýaraglaryň ummasyz köpdügi we urşa meýilli ýurtlaryň az däldigi sebäpli, harby žurnalistler ýakyn geljekde işsiz galmazlar.” Telewizory açyp, gözümiň görýän, gulagymyň eşidýän, internete girip, saýtlary okap, bu gepiň has çyna öwrülýändigine hem geň galýan, hem bolýan pajygalara ýönekeý ynsan hökmünde juda gynanýan. Şol bir wagtda-da parahatçylygyň, agzybirligiň tüýs Watanynda-Türkmenistanyň gujagynda ýaşaýandygyňa buýsanjyňy sygdyrara söz tapman tolgunýaň. 10.10. 2021. * * * Aşgabatda bir mähriban adam ýaşaýar. Belki siziň “Eýsem, beýleki adamlar beýle dälmidir?” diýip, böwür diňlemegiňizem ahma. Ýöne meniň diýýänim saýlan käri bilen baglylykdamy, durmuşyň ajysyny has kän dadanlygy üçinmi, pamykýürekligindenmi, garaz, görenine mähir paýlasy gelip duran adam. Duşaýsa dagy azan bilen dakylan adyň yzyna hökman “jan” sözüni goşar. Onam şeýle bir süýjedip aýdar weli, ylla gant garylan ýalydyr. Men ony märekede, toýda-tomguda, beýleki ýerlerde aglaba ylym, edebiýat, sungat adamlary bilen bile görýän. Köplenj-ä toýa-çakylyga türkmeniň ady Äleme dolan alymy Agajan Geldiýewiç Babaýew bilen baranyna, bileje oturyp-tutup gaýdanyna nijeme şaýat boldum. Öz döwründe professorlar Jora Allakow, Soltanşa Atanyýazow dagy bilen bile baran üýşmeleňlerem göz öňümde dur. Mahal-mahal öýdäki kitap tekjämi döremde, bir kitaby elime alýan weli, gaýtadan şol mähremlikden ýasalana meňzeş ýaşula sataşanana dönäýýän. Açan ýerimde bolsa “Beh, beýlede bir sünnäli ýazgy bolar eken-ow, hatdat dagymyka?!” diýdirýän setirlerde gözüm eglenýär: “Hormatly Gurbannazar Orazgulyýew! Siziň edebi çeper eserleriňize we žurnalistik-publisistik işleriňize hormatym uludyr. “Ýagşylyk et-de, derýa okla, balyk biler, balyk bilmese, halyk biler” diýen pähime eýerip, beýik, tanymal şahsyýetlerimiz hakda-da ýazýanlaryňyz ýalkanarlykdyr. Öwgä mynasyp zähmetiňizde, irginsiz işiňizde Size berk jan saglyk, uzak ömür, çstünlik we bagt arzuw edýärin. Awtor R. Joraýew, 11.11.2017” Belki eýýäm aňansyňyzam, hawa, ol Remezan Joraýew. Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, pedagog. Indi ol sanawa publisist alym, psiholog diýibem arkaýyn, onda-da buýsanç bilen goşup bolar. Biri hakda gürrüň edeňde, derrew beýlekilerden artykmaç tarapy göz öňüňde janlanýar. Remezan aganyň öz kärine kämiliignden, egne geýen ak haladyna çirk ýokdurman işläp-işläp, şeýdibem çemçeläp ýygnan abraý-mertebesiniň kersen-kersen bolanlygyndan başga-da, juda okumyşlygyny, kän diňläp, az gürleýänligini, göreňden derew “Dostuňy gaýmak saý, özüňi süýt” edibilýän häsiýetini, medeniýetiniň juda ýokarydygyny, agzyndan gaçyran gepini düýp delile, ylmy esasa direýändigi, ynsan sylamaga gezek gelende “şundan görelde alaýmaly” diýdiribilýändigini tagzym bilen agzan ýagşy. Häki agzan, “Ylym” neşirýatynda 2017-nji ýylda çykarylyp, giň okyjylar köpçüliginde diýseň gyzyklanma döreden kitabyň bir ýerinde onuň galamy şeýle ýazýar: “N. A. Ostrowskiniň “Polat nähili taplandy”, L. W. Kareliniň “Ýer titreme we başaýlanma”, D. A. Graniniň “Howply tupana barýan” ýaly çeper eserlerinde we kopsanly beýleki dokumental, çeper filmlerde dürli pajygaly şertlerde halkyň çekýän sütemleri, jebir-jepasy giňişleýin häsiýetlendirilýär. Kynçylkda adamlaryň dürli gylyk-häsiýetleri, başarjaňlygy, durmuşa garaýşy mese-mälim aýdyňlaşýar. Zähmetde, durmuşda pajygaly pursatlarda taplanan ynsanlar öz başarjaňlygy bilen tapawutlanýarlar. Çünki meşhur türkmen danasy Mahmyt Zamahşarynyň “Ýagşyzadalaryň bahary” atly kitabynda belleýşi ýaly: “Käwagt ýowuz günler hem terbiýe berýändir”. Şu aýadylanlaryň awtoryň ömür ýoluny kesgitlän esasy çelgiler bolandygynam men Remezan agadan soň bilip galdym. Ýöne ondan öň şol kitapdan ýene birje parçany okap göreliň: “ L. N. Tolstoýyň “Uruş we parahatçylyk”, A. A. Fadeýewiň “Ýaş gwardiýa”, W. S. Grossmanyň “Ýaşaýyş we ykbal”, W. A. Kondratew we Z. N. Politowyň “Ölen gahrymanlar gürrüň berýärler”, N. Jumaýewiň “Aýdogdy Tahyrow”, B. Hudaýnazarowyň “Gumlular”, G. Gurbansähedowyň “Uruş döwrüniň oglany” eserlerini okanyňda, açlyga, suwsuzlyga, ýalaňaçlyga, kynçylyga berdaşly adamlaryň, dürli derejeli şikeslere, agyr ýaralanmalara, döz gelişlerine, ölümi mertlerçe kabul edişlerine haýran galýarsyň”. Siz agzalan kitaplara üns berdiňizmi?! Olaryň başdaky köpüsi türkmen diinine terjime hem edilmedik. Diýmek, Remezan aga şolary asyl nusgasynda okan bolmaly. Onsoň oňa neneň edebiýatşynas, çeper sözüň teşnesi diýmejek?! Bu mysallaram entek “akar suwdan bir owurt” diýen ýaly. Gürrüňdeş bolsaň, çykan gepe ýanalyp agzalýan alymlaryň, filosoflaryň, lukmanlaryň, ýazyjylaryň, danalaryň, şahyr-ýazyjylaryň... bir göwrede “höwürtge” edişine “aperin!” aýdarsyňyz. ...1943-nji ýyl. Amyderýanyň ýakasyndaky Aşgaly obasy. Ol gadymlardan bäri Garabekewül jelegaýlarynyň iň uly oturymly mekanlarynyň biri. Aldym-berdimli ikinji Jahan urşy Remezan aganyň ýatlaýşy ýaly, bu obanyňam enter-pelegini öwürýär. Ine, güýzüň başky günem obadaky çalamydar haldaky mekdebiň müdiri Rozymämmet Nazarow ene-atasyndan sorap (ýeter-ýetmezçilik, keselçilik sebäpli okuwa iberilmeýän çagalaram bolan) okuwa alyp gaýdan. “Gyşyna gaty aýaz bolsa-da, okuwçylar mekdebe aýakýalaňaç gatnaýardylar. Sowukdan ýaňa aýgymyzy ýere basyp bilmän, ýaýdanyşar durardyk. Şonda sowuga döz gelmek üçin mekdebe ylgap gidip, ylgap gelýärdik” diýibem bagtly günleriň gojasy ýatlar. Dördünji synpdan başlap tä ýediýyllygy gutarýança latyn elipbiýinde “Göroglyny”. “Ýusup-Ahmedi”, “Zöhre-Tahyry”, “Gül-Bilbili”, “Saýatly-Hemrany” sahypalary tozýança okap-okap, bagşylar ýaly ýat bekleýär. Kär saýlamagy ol şeýle ýatlaýar: “Iki uýamyň yzly-yzyna gysga wagtda aradan çykanyna ýaş kalbymyň lerzana gelip, maşgalamyz bilen ýas tutan wagtymyzda ýüregime düwen pilirim lukman bolmakdy”. Şeýdibem ol Çärjewdäki (häzirki Türkmenabat şäheri) feldşer-akuşerçilik uçilişesine mekdebi zybryn bäşlige gutaranlygy üçin giriş synagsyz kabul edilýär. -1950-nji ýyllarda Garabekewülden Çärjewe aşmak muşakgatdy. Ýol maşyny azdy. Urşuň salan ýarasy biterli däldi. Ýollaryň ýagdaýy gözgynydy. Ýagyş ýagsa palçygyň derdinden maşyn ýöräp bilmän, batýardy. Galan wagtlaram kirşenli tozan gözüňi açdyrmaýardy. Şol tozanyň derdinden 4-5 kilometrden gelýän maşyny saýgaryp bolmaýardy. Üstünde oturan ýolagçylary gum basyp, tanar ýaly bolmazdy. Bary-ýogy 40-50 kilometr aralygy 5-6 sagatda, onda-da tultukly suwa dönüp, zordan geçýärdiň-diýibem, şol günlere dolanýar. Uçilişäni ökdeleriň hatarynda tamalabam, öz obalarynda, esasanam Üzümçilik sowhozynda dört ýyl oba feldşçerçilik puhktunda bildiginden oba adamlarynyň derdine em edýär, saglyklaryny goraýar. Synmaz höwesi, saýlan hünärinden az-owlak tejribesi, iň esasam, hakyky lukman bolmak telwasy bilen 1958-nji ýylda Aşgabatdaky medinstituta (häzirki M. Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine) okuwa girýär. Ondan öňki synanyşykda öz aýdyşy ýaly “paltasy daşa degýär”. Şonuň üçin özüni “ýüňsakgal” eden sapagy-himiýany bir ýyllap elek edip öwrenýär. Turuwbaşdan tapawutlanýany üçinem, okuwyň birinji ýyllygynda eýýäm şäheriň Şemaşko adyndaky keselhanasynyň döwük-ýenjikler bölüminde zähmet çekip ugraýar. Ylmy gurnaga gatnap, aýratyn temalaryň üstünde işläbem başlaýar, konferensiýalarda yzygider çykyş edýär. “Dama-dama köl bolar” diýleni. Ady alyslarda-da belli professor Nurmyrat Täçmyradowyň ýolbaşçylygynda alyp baran ylmy işi instituty tamamlanda, kandidatlyk dissertasiýasynyň ýarysy bolýar duruberýär. Şeýdibem okuwy tamamlap, Çärjewiň onkologiýa dispanserine işe ugradylsa-da, “Seniň ornuň bärde bolmaly” diýýärler. Anyk aýdanda, SSSR Medisina ylymlar akademiýasynyň täze edarasy-Türkmenistan Ülke medisina ylmy-barlag insituty açylyp, şol ýere hirurgiýadan kliniki ordinator bolup galmak hakdaky resminamalaryny tabşyryp gidýär. Lebaba baryp aý ýarym işlemänkä-de Moskwadan bäsleşikden geçip, işe kabul edilenligi hakda habar gowuşýar. Şeýdip 1964-nji ýylyň güýz ortasynda ylym dünýäsiniň azaply hem lezzetli dünýäsine ymykly gadam urýar. Anyk aýdanda, institutyň ady belli professor Nurmyrat Täçmyradow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ýürek-damar laboratoriýasynda hirurgiýa hünärinden kliniki ordinator bolup işe başlaýar. “Çemçeläp ýygnany çanak dolduranda”-kandidatlyk işi taýyn bolanda, ony 1968-nji ýylyň fewral aýynda medinstitutyň aktlar zalynda üstünlikli gorap, alymlyk derejesini alýar. Şu ýerde esasy wakalardan azajyk öňe geçiip, birje waka dolanalyň! Hersi eliňe agram berip duran üç sany kitap bar. Olar elbetde golýazma görnüşinde ýasalypdyr. Onuň başky sahypalaryndaky ýazgyda şeýle diýilýär: “Hormatly dynç alyşdaky ýaşulymyz, tejribeli lukman, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Remezan Joraýew hem “Çarhypelek” atly üç kitapdan ybarat ýatlamalar kitabyny ýazanda elbetde şu bagtly günleriň gadyryny bilmek üçin uzak hem golaýdaky geçmişe dolanypdyr”. Bu setirler kitaby ilkinjileriň biri bolup okan, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Remezan aga bilen uzak ýyllap saçakly gatnaşan Hudaýberdi Diwangulyýewiňki. “Tutuş ömrüni ynsan saglygynyň goragynda geçiren halypa lukman Remezan Joraýew özüniň ýeňil bolmadyk durmuş ýoluny ýatlanynda, duş gelen kötelliklerinden nähili baş alyp çykandygyny, kynçylykly pursatlarda özüniň maksadaokgunlylyk, tutanýerlilik ýaly häsiýetleriniň gowy kömek edendigini töwerekleýin suratlandyrýar. Şeýle hem ol durmuş çarkandaklaryny ýeňip geçmekde ýürekdeş dostlarynyň goldawyna uly baha berýär. Munuň özi häzirki ýaş nesil üçin diýseň oňat göreldedir.” Bu setirler bolsa M. Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lujkmançylyk uniwersitetiniň dosenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Berdi Ataýewiň ýürek sesi. Ýöne Remezan aganyň özüni gürledäýseň! Tüýs Kerim şahyryň “Taýmaz baba” poemasyndaky “Bir otursaň soň ýanyndan hergiz-hergiz gopaýmarsyň” diýleni bolaýar. Özem ýokarky sözleri wagty, pursaty, wakasy bilen suratlandyryp aýdyp berer wel, “Beh, “her döwür-bir döwür” diýlen-dä. Şu ýagşy günleriň gadyryna gurban!” diýibersersiň. Ynha, Çärjewdäki meduçilişäni gutaryp, Garabekewüliň Üzümçilik sowhozyna işe baranyndaky ýatlamalardan: -1955-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlary bize-medpunktyň işgärlerine uly synag boldy. Sowhozda 18-20 cagada, Başsakada 10-12 cagada gysga döwrüň icinde gyzamyk peýda boldy. Günde aýlanyp, cagalaryň saglygyna gözegçilik edýärdik. Olara pensillini gije-gündizde 4 gezek sançmalydy. Syrkawlaryň öýlerine gatnamak üçin bolsa maşyn ýokdy. Ýakynda ýaşaýanlary işiň arasynda wagt tapyp sanjyp gaýdýardyk. Bu hasam gijesine kyn düşýärdi. Uzakda ýaşaýanlaryňka özüm ýa şepagat uýasy ýöriteläp gitmeli bolýardyk. Birimiz ýoly ýagtyltmak üçin panus çyrany göterýärdik, beýlekimiz obanyň itlerinden goranmak üçin elimize taýak alýardyk. Başsakanyň medpunktdan 4 kilometr uzakda ýerleşýändigi üçin, palçykly ýoly bir sagatda zordan geçýärdik. Bu çagalary bejermek 6-8 güne çekdi, ýöne netijesi oňat boldy... Bu gürrüňler tüýs “Ýamany gör-de, şükür et, ýagşyny gör-de, pikir et” diýlenine barýar. Ýaşap ýören zamanamyza guwanjyň goşalanýar. Şu wagt Türkmenistan ýokanç keselleri tutuşlygyna ýok eden döwlet hökmünde belli. Indi bolsa geçmişde dürli dertlere, kesellere dik durup, argynylygyny duýman gol çermäp göreşen Remezan aga ýaly lukmanlara “hyzmatyňyza taňryýalkasyn!” diýmek aňrybaş parzymyzdyr. Sebäbi olar kärine wepalylygyň hem kämilligiň, Watana, halka ak halat ýaly ak göwün bilen, gaýrata gaplanyp hyzmat etmegiň beýik nusgasyny görkezipdirler. Görnükli ýazyjy Kömek Kulyýewiň aýdyşy ýaly, Remezan aganyň ýatlamalary bir tarapdan-a, öňki agyr eýýamyň-kolhoz gurluşygynyň, ikinji Jahan urşunyň, ondan soňky dikeldiş döwrüniň ähli ýeter-ýetmezçiliklerini, surnukdyryjy gara zähmetini, açlygyny, jebir-jepasyny, kemsitmelerini gerdeninde çeken ýönekeý hem merdana, ruhubelent adamlaryň hormatyna dikeldilen ýadygärlik. Ikinji bir tarapdan bolsa, 18-19 ýaşynda ýeke özi giden bir obanyň dert-keselleriniň garşysyna durup, köpleriň dadyna ýetişen, şol zatlaryň içinde gaýnap-bişibem, öz ugrundan uly derejelere ýeten telim-telim türkmen lukmanlarynyň hakyky, durmuşy keşbini görüp bolýar. Remezan aganyň öz aýdyşy ýaly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe biziň milletimiziň esasy gazanan iň gadyrly baýlygy-Türkmenistanyň iň sagdyn, jebis jemgyýetli, iň uzak ýaşaýan, keselleriň düýpgöter azalan Watanyna öwrülmegidir. Soňky pikiriň dogrudygyny Remezan aganyň özünde magat görüp bolýar. Ol biziň günlerimiziň iň uzak ýaşly gojalarynyň, ajaýyp döwrümiziň aňrybaş sarpalanýan ynsanlarynyň biri. Ýagşylykdan ýasalana meňzeş şeýle adamlaryň ýüregi hiç wagt garramaýan bolmaly. 27.10.2021. * * * Häli irden gazetleriň birinde hurma, olaryň görnüşleri hakda bir makala bar eken. “Gep gepi açar” diýen ýaly, hurmaly gürrüň meniň ýadyma Birleşen Arap Emirliklerinde bolan wakany salyp goýberdi. Hawa, 2018-nji ýylyň Nowruz baýramçylygynyň edil öňýanjagazy bu ýurda baranym ýandepderçämde ýazgy bolup galypdyr. Abu-Dabudan 30 kilometr çemesi uzakdaky Ýasmul şäherine barýarkak bolupdy aýtjak hekaýatym. Söz ýakynlygy meger, ýürek ýakynlygyny aňladýan bolsa gerek. ...Agşamaralar giň hem diýseň gatnawly ýolda ulagyň sürüjisi Muhammet atly syratlydan alçak ýigit biziň Türkmenistandandygymyzy bilip, “dogan millet, gardaş” diýen sözleri kän gaýtalady. Zowwam ýoluň iki gyrasyna diýseň sünnäli ekilen palma hem hurma agaçlary azabyndan gaçmasaň urpak çägelikde hem bagy-bossan döredip bolýandygyndan habar berýär. Muhammet dim-dik ösen, her düýbüne aýratyn idi-yssywat ediýändigi juda sünnälidiginden aňdyryp duran palma agaçlaryny görkezip, “nahal” diýip atlandyrdy. Soňam şahalary ýaýbaň, ýapraklary igdä çalym edip duran agaçlara “Altyn asyr” teleýaýlymynyň başlygy Oraz Hojanazarowyň “hurma” diýenini aňyp, myssa ýylgyrdy. Asyl “hurma” sözi arap zybanynda “ýaş gelin” diýen manyny berýän eken-ä! Gör-ä, dildäki, urp-adatlardaky, dessurlardaky meňzeşligi! Gadymy dessanlarymzyda “hurma ýaly gelin”, “hurmaýy gyzyl” diýilýänini ýada salyp görüň! Gör nähili zyba söz! 9.11.2021. * * * Beýik ussat Muhammetal Abiwerdi ýene şeýle diýipdir “...gökden ýere dynman inýän ýagyş-ýagmyryň topragyň jaýryklarynda gizlenip, gurap galan tohumlary şineledip jana getirişi kibi, hikmetli sözlerem ynsanlaryň kalbynyň jümmüşinde gizlenip, gert baglap, gurap galan imany oýarýandyr”. * * * “Jigitlerbaşy” atly dokumental powestime edil häzir soňky nokadyny goýdum. Ol SSSR-iň we Türkmenistanyň halk artisti Döwlet Hojabaýew hakda. Ilki makala bolup başlananam bolsa, ol kagyza “sygman” poweste öwrüldi gidiberdi. Türkmeniň ady Älem çawlan är ýigitleri kän-ow! Döwlet Hojabaýewem şolaryň biri. At münüp, onda-da ahalteke bedewini sägredip, jigit bolup, sirk sungatynda “Hojabaýewiň mekdebi” diýen nusgaly döredibilen şahsyýet. SSSR-iň halk artisti, dünýäde tanalýan wäşi Ýuriý Nikulin “Döwlet Geldiýewiçiň at üstünde jigitler bilen ýerine ýetirýän oýunlaryny gaýtalabiljek başga ussat tapylmaz” diýip ýazypdyr. 1970-80-nji ýyllarda “Aziýanyň ýaňy” jigitler sirk ansamblyny döredip, dünýäniň ýüzünde aýlanmadyk ýurdy ýok diýen ýaly, diňe Afrika yklymyna barmandyr. Ömrüni Moskwada ýaşap, Russiýanyň döwlet sirk kompaniýasynda işläp ömrüni ötüren asly boldumsazly türkmen 2002-nji ýylda hut Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň elinden bu döwletiň iň ýokary sylagyny-“Орден Почёта” ordenini alan. 2018-nji ýylda 87 ýaşynyň içinde dünýäsini täzeläp, Moskwanyň etegindäki Solneçnogorsk raýonynydaky Perepeçinsk gonamçylgynda jaýlanan. Ýalňyz ogly Juma Moskwada, galan dogan-garyndaşlary Boldumsaz etrabynda, Daşoguz şäherinde, Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýarlar. Ady rowaýata öwrülen ussat hakda dürli döwürde dünýäniň dürli dillerinde gazetler baý, ýazybilipdir. 17.11.2021. * * * Ýazan awtoryň hemem çykaran redaksiýanyň adyna hutba-doga dileg okalýanyny birinji gezek eşidip geň galdym hem begendim.Ol şeýle: Daşoguzdan Sazak diýen mugallym (men tomus onuň ojagyndan duz iýip, gerekli maglumatlary alyp gaýdypdym) üç-dört günlükde jaň edip: -Gazetler gijräk gelýär, şu ýylyň 28-nji noýabrynda “Esger” gazetinde tutuş bir sahypa bolup çykan “Jigitlerbaşyny” (powestden bölek-G.O.) okadym. Ertesi şenbe güni okuwdan soň begenjimi ýetirmäge howlugyp, şol gazetde ýazylan daýym Döwlet Hojabaýyň dogduk obasyna-Boldumsaz etrabynyň Gyzylergenek obasyna eňdim. Ol ýerde onuň alty sany dogany, şolardan ýaýran nebereler ýaşaýar. Agşamara bolsa-da, gelip, görüp, okap, soňam ertesi jemlenişip, birküç dowar öldürip, munuň üçin sagaka bermek kararyna geldiler. Ertesi tutuş obany, etrap merkezindenem bäş-alty adamy çagyryp, sadaka berdiler. Şonda gazete ýazan hemem çykaran gazeti üçin molla ýörite hutba okady, soň ady tutulýanyň hatryrasyana aýat-töwür etdi. Tututş il-gün eden sogap işiňize alkyş okap otyr-diýdi. Men “Ol powest tutuşlygyna “Garagum” žurnalynda çap ediler” diýsem, Sazak mugallym säginmän: -Oň ýaly bolsa, şol žurnaly alyp özüňem gel, öküz öldürip toý tutarys-diýdi. Eden işiň gadyrlansa, ýazanyň okalsa gör nähili ýakymly. Şundan ulam bir bagt bormy! 22.10.2021. * * * Goja Zeminiň üstündäki iň garrry adam ýogalypdyr. Ol Filippin adalarynyň birinde ýaşap, 124 ýaşyň içinde dünýäsini täzeläpdir. Garyp maşgalada doglan gyz çaga eken, ýaşlygy hor-homsulykda geçirdir, diňe agyr işlerde gezipdir. Durmuşa çykyp, 14 çaga dogrupdyr, tüweleme, döwleti giň zenan bolmaly. Aýdyşlaryna görä, söýýän iýmiti gök önüm hem bal bolupdyr. Murgabyň boýundaky Müjewür obasynda Jahansoltan enemiz hem häzir 124 ýaşyň içnde ahyry, ýalňyz ogly 90-dan geçen bolmaly. Mundan 4-5 ýyl ozal nesibe çekip, salama baryp, “Siziň ýaşyňyzy Biribar bize, asyl ähli kişä bersin!” diýip, maňlaýa sylyp gaýdypdyk. Diýmek, biziň abadan döwletimizde hem Ginnesiň rekordlar kitabyna goşubermeli uzak ýaşlylar bar, şükür. 24.11.2021. * * * Garagum nähili giň, geň, gözel! Ynha, gyşyň başynda Baýaramaly bilen Türkmengalanyň aralygyndaky Zähmetiň bärsindäki çölüň bir golunyň oýtagrak ýerinde ýazylan düşekde ýazylyp-ýaýrap otyrys. Tüýs “ýazyň bir güni gizlenip galypdyr” diýilýänden, köýnekçe oturybermeli. Gara taňka ojar oduna “gepläýjek” bolýar, gazanda çebiş eti bygyrdaýar, üstüne çişlik goýlan közden göterilýän ys işdä yzarlaýar, gökde jüýpüldeýän mollatorgaý ”biziň mekana hoş geldiňiz” diýýän ýaly. Harýran galmaly, düýäniň budy ýaly sazaklaryň berdaşly şahalarynda henizem gökje pürler bar. Depeden geçip barýan ördek sürüsi meger, gum içindäki bir köle ýa Garagum derýasynyň buljum ýerine gonjakdyr. Biziň Garagumymyz diňe bahar ýa güýz däl, eýsem gyş örküjinde-de sapaly-şypaly. Ak urpagy ýaplansaň endamyňdaky ýadawlykmy, ynjy sokga sorulyp barýan ýaly, tebigy ümsümlik beýniňi “ýuwýana” meňzeş. Sähel ymyzgansaň ozal alynmadyk uky alynjak walla. Wah, her pasylda birje gezek Garagumyň gujagynda şeýdip dynç alsaň, nepesiňi durlasaň! 3.11.2021. * * * Boş oturyp bilýän, hiç hili pişä güýmenmeýän adamlara haýran galýan, hemem haýpym gelýär. Ynha, zähmet rugsadyna çykdym weli, öýde özüme ýer tapamaok. Okan bolýan, ýazan bolýan, ir ertir, giç agşam gezelenç edýän, şonda-da dogan Gün wagty bilen ýaşmaýan, menem bikär oturan ýaly. Öňräjik Kakajan Açylyň “Ömür binýady” kitabyndan “Ýokarky “Her günüňi ömrüň iň soňky güni hasap edip geçir” diýipdir” diýen setrilerini okanym ýadymda. Iş köp, ömür gysga. Şonuň üçinem, hany berlen ömrüň her günüini-hä beýlede dursun, eýsem her minudyny hem bihuda geçirmeseň. Peýdaly, onda-da ile-güne peýdaly, hiç wagt ýatdan çykmajak, könelmejek, gadyryny gaçyrmajak iş etseň. Sen dünýäden gaýdanyňdan soňam nesiller şol “ýadygärligi” ýatlasalar ýörseler. Onda ne arman! Ýürekde arzuw-niýet kän, el bilen göwre bolsa goram-gowşamlyk edýär. Agaşam”Sag-aman ertire çyksam bir gowy zat ýazaryn, başlan pylan işimi gutarsam gerek” diýen umyt-hyýal bilen ýatýaň weli, şeýtan böwrüňe dürtüp dur: “Hany, telewizordaky şu gowy kinony hör, hezil et-de, ol işiň gaçyp gitjek ýeri barmy” diýip. Şeýdýäňde soňam arman edip, etiňi özüň çeýnäp otyrsyň. Işde bolsaň hezil. Hernämde bolsa düzülen dutar ýaly, tä iş ahyr bolýança göwün solpyňdan çykyp, “galanynam ertir ederin” diýip, ökjäňi ýeňil gopduryp gaýdyp bolýar. Garaz, “Bikärden Hudaýam bizar” diýleni özüň üçin aýdylan ýaly bolup dur. 8.12.2021. * * * Durmuşdaky birje ahwalaty agzaýyn. Näme üçin “eli gysgalaryň”-elinden o diýen bir iş gelibermeýänleriň (özüm-ä muny işýakmazlykdan, wagty bihuda tutmakdan, perwaýsyzlykdan, jogapkärsizlikden görýän) dili uzyn bolýarka? Asylky dili uzynlyk-abraýlylyk, mertebelilik, sahawaykärlik däl, bärde aýtjak bolýanym, şalpy dillilik. Anyk aýdanda, özüňden ökdä at dakjak bolmak, ýok aýbyny gözlemek, bolsa-bolmasa kinaýa eden bolmak Içigaralykdanmyka, bahyllykdanmyka, müňkürlikdenmikä, görüplikdenmikä? Belki hemmesiniň bir ýürekde jemlenmesindendir meger. Durmuşyň beýleki tarapyna seret! Edeni oňuna bolýan, azapdan gaçman abraý donuny geýýän, wagtyny eşrepi ýaly tutýan, haýyr işi ömrüň manysyna öwürýän adamlaryň göwni pamyk ýaly, sözi söz, gepi gunt ýalydyr, kemi-kösti ýokdur. Beýle kişilere neneň “janyňdan ýasalan ýaly” diýmejek. Hergiz özgeler hakda agyr-artyk gep-gürrüň agyzlaryndan çykmaz. Häki birinji agzanlarymyz üçin aýdandyr hezreti Magtymguly: Kisini kemsiden özi näkesdir diýen danalygy. 29.12.2021. * * * Gadymy hem gözel Hindistanda biziň tamdyrymyza meňzeş, hamyram edil biziň illerde edilişi ýaly, ýöne çaga kökesinden sähel ulurak edip ýaňky tamdyra ýapylyp, çykarylan tagama “Nan” diýilýär. Gurbany gitdigimiň adynyň, özüniň dine, dile, millete seretmezden, şol bir üýtgewsizligi keramatyndan habar berýän ýaly. 4.01.2023. * * * Telewizora seredip otyrkam, birden özümiň şunda ilkinji gezek çykyş edişim ýadyma düşüp gitdi. ...Geçen asyryň ýalňyşmasam, 70-nji ýyllary bolmaly öz-ä. Men mekdebiň ýa 5-nji ýa-da 6-njy synpynda okaýardym. O döwürler Daşoguz töwereklerine (belki başga ýerlere hem) Aşgabatdan alnyp berilýän göni ýaýlym ýokdy. Soň bilip otursak, Ürgenç telewideniesiniň üstünden hepdede üç gün (ondada belli bir sagatlarda) türkmen teleweideniýesi görkezilerdi. Şol mahallar ýaýlymam birjedi. Dädemiň inisi Satlyk Öwlüýägulyýew türkmen telewideniýesiniň Daşoguz oblasty (häzir welaýat) boýunça habarçysy bolup işleýärdi. Oblast radiotelewideniýe bölüminiň başlygy bolsa belli radiožurnalisti, diýseň hoşgylaw hem işeňňir Meret Mämmedowdy. Her aýda biki gezek welaýatyň durmuşyndan bir sagatalyk gepleşik taýýarlanyp, ol hem Ürgenç telewideniýesinde ýazgy edilip, ozal düşürilenleri timarlanyp, ýaýlyma goýberilýän eken. Bir gezegem Çagalar günümi, ýa hökman bir okuwçy çykyş etdirilmeli bolupmy, garaz, Ürhençde ýazylmaly gepleşige gyssagarada birini gözleýärler. Muny gulagym bilen eşidip duramsoň (asyl kiçijik “Kuban” awtobusy ugrajak bolubam dur), “Men gidip goşgy okaýaýyn” diýdim. Meret aga bilen agamyň gökdäki dilegleri ýerde gowşana döndi. “Boldy-da, boldy”, “bol geýin-hä geýin” boluşdylar. Şol döwürler gazetlere makalajyk, käte goşgujyk hem ýazyp ýollaýardym. Ýöne köplenç gazetde adym görünmän, “gowşak” diýen gulak ýaljak hatjagazda jogap gelerdi. Meniň bolsa görnesim, “Beh, beýle oglanam bar eken-ow” diýdiresim gelýärdi. Oba hakdaky täp-täzeje goşgymyň bolsa heniz syýasam guramandy. Göwnüme şondan gowy goşgam ýok ýaly dünýäde. Şol kagyzy epläp jübüme saldym-da, gomaljyrap mündüm “Kubana”. Içime weli guş salnan ýaly. Birden batygaýlyk edenem bolsam, indi bar bükgüldi meň başymda. “Pelteklemän, büdremän okap bilermikäm, goşgymy birden halaman, “munyň bolanok” diýseler (sebäbi diňlemän, görmän alyp gaýtdylar-a)... garaz, gara gaýgy. Şeýde-şeýde Tagtadan (häzirki Görogly etraby) ugraýşymyza, 150 kilometrden gowrak ýöräp Ürgenje ýetdik. Soň bilip otursam, güýz ortasynda pagta borçnamasyny dolany üçin bu tagtalylaryň baýramçylygyna bagyşlanmaly gepleşik eken. Gepleşigiň tertibi, wagty, beýleki meseleleri ylalaşylýança ýoňsuzja wagt geçdi. Menem çolaja ýere çekilip, baý pyşyrdap, goşgymy gaýtadan ýatlaýan. Şonda “Moskwa” kolhozyndaky (häzirki “Aksaraý” daýhan birleşigi) belli brigadir, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany Berdi Seýitmämmedow ber-başagaý bolup ýörşüme dözmän, “Jan inim, galaňňyrama, beýdip basga galsaň, barja bolşuňam ýitirersiň, hemmesi gül ýaly bolar” diýip, göwünlik beripdi. Nesibäni gör-ä, men soň hakyky žurnalist bolamda, bu ussat daýhan hakda oçerk ýazypdym. Gepiň keltesi, çykyş etdim. Baý-buw, çar töweregiňden yşyk baryny tutup, ýüz-gözümi sypaň-serpeň edip, (muňa “grim” diýilýän eken) “eýdip däl, beýdip otyr” diýip, garaz, ýazgy etdiler. Birküç günden soň ýaýlyma gitdi weli, diňe mekdep däl, obanyň içem uly gürrüň, “bizdenem bir şahyr döräpdir” diýip. Haýp, menden şahyr çykmady. Asyl şol okan goşgymam şol wagt gözüme “gül” bolup görnenem bolsa, gury sarnama eken indi bilip otursam. Bogun sazlanyň, kapyýa dogurlanyň bilen goşgy bolmaýany belli-le. Garaz, ýöne telewizora ilkinji çykyşymyzy “şahyr” bolup başlanymz-a çyn. Şu wagt ýadyma düşse kinaýaly ýylgyrýanymam çyn. 18.01.2022. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |