22:45 Göwündäki gündelik -22/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
...Uniwersiteti tamamlan, 1981-nji ýylda Daşoguzyň şol wagtky «Kommunizm ýoly» (häzirki “Daşoguz habarlary”) welaýat gazetinde ýaňy işe başlan uçurlarymdy. Gazetiň howlusynyň derwezesinden giräýen ýeriňde redaksiýa degip duran özbaşdak gapyly jaýjagaz bolup, ol gapylaryň birinde türkmen teleradiosynyň welaýat bölümi, beýlekisinde-de Ýazyjylar birleşiginiň şol döwürde atlandyrylyşy ýaly, oblast bölümi ýerleşýärdi. Şoňa ýolbaşçylyk edýäniň uzyndan agajet, çal saçy mapraç ýüzüne gelşik berýän syratly göwresine muwapyk ýörüşli Hangeldi Garabaýewdigini eşidýärdik. Sebäbi ol işine her gün görnüp ýörenokdy. «Gerekleýän adamy öýünde kabul edýärmiş, çaý başynda söhbet etmäni gowy görýärmiş» diýýärdiler. Daşdan göräýmäge ol ulumsa meňzeýärdi. «Ýaş kommunist» gazetinde kiçijik liriki oýlanmam çap edildi. Şonuň ertesem Han däde iş otagyma geldi. -Täsinje zat ýazypsyň, inim. Ýöne beý diýsem, gomalyberme. Gowusy, sen maňa aýt, nämeler okadyň, nämeler okaýaň? Sanaşdyrdym. Magtymgulydan tä Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Gara Seýitli, Nurmyrat Saryhanow, Halyl Kuly, Gurbannazar Ezizow, Atamyrat Atabaýew, Rasputin, Şukşin... -Bulaň az-Han däde elini galgatdy-Orsça köpräk oka, dünýä edebiýatyny ilik-düwme etmeseň, hakyky ýazyjy bolmarsyň. Indiki duşamda şolardan näme okanlygyň hakda egzamen aljakdyryn. Ol gidensoň bölüm müdirimiz, guýmagursak şahyr Juma Nurtaýew özüne laýyk gülküsi bilen «lah-lah» etdi: -Inijik, Han dädeň girisine bir ilişeňsoň sypma ýokdur. Kitaphanany torç edibermeseň hezil bermez. Şondan soň desbi-dähel Lew Tolstoýyň, Çernişewskiniň, Anatoliý Tolstoýyň, Balzagyň, Dostoýewskiniň, Baýronyň, Konstantin Simonowiň, Getäniň.. ähli eserlerini diýen ýaly okap çykandygym üçin häli-häzirlerem Han dädä «sag bolsun» aýdyp ýörün. Soň onuň özi bir gezek şeýle diýdi: -Menem oba oglany. Orsça çöňňedim. Ýöne şu Klara gelnejeňiz (Klara Gennadewna-aýaly) ähli kitaplary diýen ýaly diňe orsça okamagy endik etdirdi maňa. Ilkiler-hä asla düşünmän, elimiň tersi bilen zyňyp goýberýän gezeklerimem bolýardy. Şonda kitaby Klara bilen bile diýen ýaly okaýardym. Düşünmedik sözümi, sözlemimi az-kem türkmençe bilensoň, ol şänigine çenli düşündirýärdi. Umuman, okamagyň özi sungat. Özem jadyly sungat. Şoňa imrinen kişi okamany ahyr ýaşa çenli goýubam bilmeýär. Onsoňam-ol gepini degişmä ýazdyrdy-Halypa diýip Beki Seýtegiň syýnyndan tutdum weli, görüp otursam, ýeke gözlem bolsa, ktaba gezek gelende dört gözi bar ýaly eken. Her gezek ýazan hekaýamay çekine-çekine eline tutduryp “gel” diýen wagty almaga baramda, elime bir düýe ýüki edäýmeli kitaplaryň sanawyny berip goýberýär. Tabşyrygam zabun: “Indiki gelýänçäň hemmesini hatym etgin. Sahypasyndan tutup, hersini aýratyn sorajakdyryn”. Şeýdip biz bendäni okadyp-okadyp, kyrk ýaşa ýetmänkäk gözümize äýnek geýmeli etdi, zalym. Dogram eden ekeni. Bilgin, adamyň intellektual derejesi onuň okan kitaplary bilen ölçelýändir... Sähel sypyndygym kitaba topulmak endigini dürs düzgünleşdirip bereniň üçin sag bol, Han däde! Daşdan äwmezek ýaly görünse-de, ol juda galdaw adamdy. Meger, 1986-njy ýa-da 87-nji ýyllaryň biriniň tomsudy öz-ä. Ýaş ýazyjylaryň respublikan maslahatyna gaýtdyk. Daşoguzyň howa menzilinden uçara mündük. Hany o döwür häzirki ýaly giňden jaýlaşykly, müneňde içi gyş ýyly, tomus salkyn «Boingler»?! «AH-24»-iň dar salonynyň petiş howasy ýüregiňi endiredip barýardy. Şonda-da ýaşlyk göçgüni oniki süňňüni telwaslandyryp duran ýigitler özüňe belli. Oýun-henek bolmasa çöregini gury iýen ýaly, hökman bir «hokga» tapylaýmaly. Bu gezegem şeýle boldy. Iň soňundan münen Han däde ýola alyp barýanlaryny tükellemäge durdy: -Hemmäňiz başybütin bar dälmi? Kimdir biri seslendi: -Gazakbaý (Gazakbaý Ýollyýew-ýatan ýeri ýagty bolsun) bir mündi-de, «Alyp barýan Han däde bolsa men-ä şo maslahata gitjek däl. Hojanepese ýa Hudaýberdi Diwangula aýtsam, ýazan zatlammy şolaram çykaryp berýär» diýip düşüp gitdi ýaňyja. Han däde ýa-ha ynandy ýa-da ynanandan bolup «içini» dökdi. Sebäbi ol aslyýetinde-de Gazakbaýy zorlap diýen ýaly alyp gaýdypdy. Eýýäm birlän-ikilän kitaby çykan, edil gaýtmankak «Söwet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda nowesti çap edilen Gazakbaý kejirlik edip, «Men ýaş ýazyjy däl-ä, beýlekiler gidibersin» diýip, arkan gaýşypdy. Amatyny aňtap, içini hümledip ýören edebi ýolbaşça bu gep «içini boşatmaga» şap geläýdi. -Hä-ä, o deýýusjyk eder-Han däde indi has gaty gepledi. Ýolagşçylaryň ählisi öwşerlişdi-Men şu samolýotyň üstünde, ýerden beýikde yglan edýän: Şo Gazakbaýjygyň ýerde ýeke setir zady çykmaz ýaly ederin... Uçaryň öňräginde oturan Gazakbaýyň gulagyna Han dädäniň sesi gijräk ýetdi. Ol ýerinden galyp, «Han däde, men bärde» diýip, goluny çalarak galdyrdy. Ýaşuly şonda-da gaýtmyşym etmedi, gaýtam, bilgeşleýin öjükdi: -Hä-ä, gorkujygyňdan täzeden muňa böküp münen zaňňar diýerler saňa. Ýöne sen bir zat et. Aşgabada ýetinçäk ýedi gat gögüň üstünde meň ýaňky sözlerimi yzyna almagymy dileg et. Tutuş uçaryň içindäkiler pakyrda berdiler. Oýlanyp otursaň, şojagaz wakanyň özem ulynyň sözüni ýykmazlygy öwretmegiň, terbiýe bermegiň sapagy eken. ...Esli ýyl mundan ozal Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň günleriniň çäklerinde ýazyjy-şahyrlar, suratkeşlerdir kompozitorlar Daşoguz topragyna barýar. Öz döwründe Soýuzyň deputaty, belli tatar ýazyjysy Abdylla Tokaý, Türkmenistanyň deputaty, şahyr Kerim Gurbannepesow, Medeniýet ministri Aşyr Mämiliýew, ýazyjy-şahyrlar, edebiýatçylar Hanguly Taňryberdiýew, Atajan Tagan, başga-da birküç ýazyjy ençeme duşuşykdan soň agşamara belli daýhan, edebiýata, sungata biçak sarpa goýýan atly-derjelei kolhoz başlygy Sadylla Rozmetowyň kaşaň myhmanhanasynda düşleýärler. Tomsuň ahyry, ähli naz-u-nygmatyň leýs bişen wagty. Kyrk gektarlyk bagyň içi tüýs «Eremiň özi» diýilýäni. Üýtgeşik sortly almadyr armytlar, agzyňda eräp gidýän injir şetdalylar, hersi barmak ýaly gyzyl-u-ak üzümler... garaz, seleň ýerde kellä dynç bermek üçin isläniň bar. Myhmansöýerligi diýsene! Şonda bu ýerde beýemçilik edýän Hangeldi Garabaýew bir hokga tapýar. -Görýäňiz-ä, Abdylla gardaşa, Kerim halypa, hormatly ministre hersi üçin aýratyn otag bar. Galanlaryňyzam ikiden-üçden bir otaga ýerleşiberiň. Ýöne bu ýeriň bir däbi bardyr... Hemmeleriň üýşerilenini görüp, ol elini daşky gapydan çykaýan ýeriňdäki üsti uly tapjanly-agaç sekili howza uzadýar-Kim hor çekse şo howza oklap goýberýäler aýagyndan tutaga-da. Görýäňizmi, ho bilegini çermäp hyzmat edip ýören zeberdest ýigitleri. Şolara şeýle tabşyryk berlip goýlan, ahmal bolmaň, meňki duýdurmakdyr... Kera-mara iýlip-içilensoň, wagtyň birçene barany üçin her kim ýerine gidýär. Birküç sanysy şemallamak, aýak ýazmak bahanasy bilen daş çykýar. Şolar hyşy-wyşy edişip, ahyrsoňy häki tapçanyň-agaç sekiniň üstünde ýatmakçy bolýarlar. Ylaýta-da Hanguly Taňryberdi elewräpdir: -Han aga, men-ä hor çekmen diýip söz beribilmen. -Ýasy ýanyň ýerde bolsun, howuzam taýyndyr, ýigitlerem. -Onda men-ä gowusy, şo tapçanyň üstünde gyşaraýjak. -Gözel göwnüň, ýöne horruldyň jaýyň içine eşidiläýmesin, men şo ýerde gyşarjakdyryn. Şol wagt biri «çüş-ş» edýär-de, derrewem içerden eşidilýän horrulda gulak gerýär: -Han däde, biziň aýagymyzy bir gonja sokup, ukyny harama çykarjak bolup dursuň weli, hon-ha, ol-a horlap ýatyr. Han däde äwmändir. Ýöne dilini aýnadybrak derrew jogabyny gaýtarypdyr: -Inim, bek bilgin, bu kişi horlamaýyr, myrlaýyr, näme şoňa düşünmän, oglan-oglanjykmy sen-Soňam gülmän-yşman, sözüniň üstüni ýetiripdir-Ony «sen hor çekýäň» diýip, oýadyp men çöregimiň ýaryndan galyp bilmen... Hiç zada düşünmediklere ýuwaşjadan şeýle diýipdir: -Men Daşoguzyň sazly-drama teatrynda esasy işimiň gapdalyndan ýarym aýlyga edebiýat bölüminiň müdiri bolubam işleýän, bilseňiz. Bu parlap ýatanam şoň düýp hojaýyny... Duranlaryň birden gopan gülküsine ýatanlaram oýanypdyr. Han däde elini çarpypdyr: -Ine, hutma-hut boldy. Sizem islän ýeriňizde ýatyň-da, arkaýyn hor uruberiň. Ukusy bozulan aňsat soň hor çekýän däldir. Ýene bir ýatlama hakydamdan çykanok. ...O döwürler welaýat gazetinde işläp ýördük. Eli diplomly ýaşlar bolansoň, baş redaktorymyz, häzir 106 ýaşa aýak basan, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Baba Garaýewiň her hepdäniň baş güni-duşenbede geçirýän önümçilik ýygnagy dogrusy, özboluşly mekdepdi hem synagdy. Sebäbi seniň hepdäniň dowamynda ýazan zadyň hakda halypalar ýüz görüp, gapyrga syrman gürrüň ederdiler. Gowyňa guwanyp, hordaňa ser salmak terbiýelenmekden, halypa-şägirtlige eýermekden nyşan ahyry! Ine, şeýle ýygnanşygyň geçip duran wagty tomus bolansoň gazetiň sekretariatynyň açyk duran gapysyndan dälizden bärik jarkyldap gaýdan aýak sesi eşidildi. Edil şol wagtam baş redaktor gezme habarçy bolup işleýän, soň Türkmenistanyň halk ýazyjysy bolan Şamyrat Taganowdan haýsydyr bir ýazan zady boýunça hasabat sorap durdy. Daýaw göwreli, göreňde gözüň dokunýan, sypaýydan owadan geýinmäni oňarýan Şamyrat aganyň adynyň yzyna köplenç «öküz» tirkelýärdi. Göwresi üçinmi, ýa-da hyşdy-köwmy bilen baglymy, biljek däl. Ine, iki elini uzyn stola diräp duran Şamyrat agany ýeňsesinden synlaýşyna gapynyň aňyrsynda-dälizde säginen Han däde diline geleni sugşurdy: -Päheý-de welin, şahyndan gaýym daňylan öküze meňzäp muň bolup durşuny-aý. Çalarak yzyna gaňrylan Şamyrat aga-da maýy gelende syndyrmady: -Seňki näme-aýt?! Geçiber-dä, şumat Baba Garaň gyssagam ýetik şu agyr göwrä. Hemmelerden ozal uludan bir gülen baş redaktor «Ýygnak gutardy, hemmäňiz dagaýyň!» diýen manyda el salgady. Sähel salymdan soň ol üçüsi hümürdeşip hemem käte pessaý gülkä tutup, çaý içip otyrdylar. Ol 2009-njy ýylyň tomsunda dünýäsini täzeledi. Han däde edebiýat meýdanynda miwesi bol biten agaja meňzäp dur. Bir gezek “Han däde, Garagumy, onuň tebigatyny, takyryny, guýusyny, adyryny, depe-gollaryny, bitýän ot-çöperiniň iň uşajygyna çenli şeýle ýetiklik bilen surtalandyrýaňyz weli, o ýerlerde ýaşaýana-a dälsiňiz?” diýip ýarym degişmeli sowal berenim ýadymda. Jogap nagt hem kesgitli bolupdy: -Wah, inim,oglan wagtym Garagumda guzy bakan oglan-a men. Dabana çümen çöňür bilen tikeniň yzlary entegem bildirip durandyr. Urşuň gazaply ýyllarynda dag-a ýatymlyk gidip, odun getirerdik. Zagaradan ine-gana doýmagam ýokdur, şonda-da heriň bir eşek münüp, iküç düýänem tirkäp gidersiň Garagumyň tükenmez ýollary bilen. Aýakýeterde senden owal sazak, çerkez goýan däldirler. Onsoň bir ýatymylk bilen ýüklenip gaýdybilseňem yrzasyň. Içiňden geçip barýan çapgyn şemalda ojar ýykmak, sözen köwlemek dilde aňsat. Ozalam doýa garna iýilmänsoň yrgyldap duran göwre, tüýdülip halys sary giden donuňdan ýa pagtaly güpbüňdenem hazlap urýan şemal iki gezek geçip gidýän ýalydyr. Açlykdan, ýadawlykdan gözüň garaňkyrap, nädip oba geleniňem bilmersiň. Ana, şonda galdy-da hemişelik demgysma mende. Şol wagt tutuş obalarda gübürdäp ýanyp duran tebigy gaz şeýdip hözür berer diýilse, kes-klelläm ynanmazdym. Garagumy men ine, şeýdip öwrendim... Bu sözleriň irretsiz çyndygyny heniz okuwçy, soň talyp ýyllarymyz, şonuň soňýanlary gazet-žurnallarda çykýan oçerklerindenem magat bilip bolýardy. Aslyýetinde edebiýatyň oçerk ugrunda Hangeldi Garabaýew, Anna Paýtyk, Bazar Öwezow, Şäher Borjakow, Kakaly Berdiýew ýaly yz goýan, “harman üýşüren” azdyr. Şaýat bolan bir wakamam gürrüň bereýin. Welaýat gazetinde işleýän wagtlarymdy. Tomsuň başky aýlarynda, özem ýalňyşmaýan bolsam, 1985-1986-njy ýyllarda ýazyjy Hojanepes Meläýew bilen sungaty öwreniji, bu ugurdan ençeme kitaplary ýazan Akmuhammet Aşyrow ikisi Daşoguza iş saparyna bardylar. Myhmanhanadaky çaý başynda Tagta (häzirki Görogly etraby) raýonynyň Lenin (häzirki Durdy Gylyç adyndaky daýhan birleşigi) adyndaky kolhozynyň başlygy Allaberdi Orazowyň iň yzagalak hojalygy sanly wagtyň içinde iň öňdebaryjy, ykdysadyýeti günsaýyn kuwwatlanyp barýan hojalyga öwrüşi, oba ilatyny “bir gulakdan göçer” ýaly edip, zähmete höweslendiribilşi, öňki gözboýagçylykdyr galplyklary köki-damary bilen ýok etmegiň ebeteýini tapyşy hakda gürrüň boldy. Şol wagtlar “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalynyň baş redaktory bolup işleýän Hojanepes Meläýew meseläni kesgin goýdy: -Tüýs edebiýatyň gerekleýän temasy eken. Han däde, sen şol adam, gadymy Diregli obasynyň häzirki durmuşy hakda dokumental powest ýazsaň, žurnalda bermek meň bilen. Han däde töwekgellik etdi: -Al bäşi! Aňyrsy bir aýdan 80-90 sahypalyk powesti menden al. Häzirem gitdik şo oba. Ýetik ýerim meň, Durdy Gylyç şahyryň ýaşap öten ýerleri. Hem-ä seýran-zyýarat ederis, hemem Garagumyň guba çägelerine bagry berip, çaý-suw içip gaýdarys. Hawa, jaň edilensoň aňyrsy bir sagat çemesi wagtdan dazlap duran ulag geldi-de, hemmämizi goltugyna gapgaryp, baryljak ýere apardy. Barlansoň, hakykatdanam Garagumyň owuz ýaly ak çägeleriniň arasynda gür gögeren ojar-sazaklygyň içinde giňden ýazylan saçagyň başynda iň az iýip-içen, ýöne iň köp soran, soň gülüp aýdyşy ýaly, özi däl-de, ýandepderçesi “gerk-gäbe doýan” ýazyjy sözünde durdy. Aňyrsy iküç aýa galyp-galman žurnalda Allaberdi Oraz, onuň oba adamlary bilen agzybirlikli guraýan zähmetiniň dörediberýän gudraty, Garagumuň bäri etegini ýassanyp oturan obanyň özüne muwapyk täsinlikleri hakda göwrümli powesti okyjylar hezil edip okadylar. Han dädäniň bu ugurdan ussatlygyň, galamyny ezber hem çalt işetmegiň göreldesidigi, islendik eserine şahandazlygyň mahsuslygy onuň tutuş ömrüni diýen ýaly oba adamlaryna golaý ýerde geçirenliginden bolsa gerek. 1970-nji ýyllarda Aşgabadyň orruk ortarasyndan ýazyjylar üçin salnan aýratyn jaýy tabşyryp, “Men oba öwrenişen adam, Garagumyň sary çägelerini hiç bolmanda aýda bir gezek görüp, goly gabarçakly daýhan bilen hepdede bir gezek çil ýassanyp çaý içmesem göwnemakul eser döredibilmen. Onsoňam Şabadyň seleň howasy nämä degenok” diýip, Ýazyjylar birleşiginiň Daşoguz welaýaty boýunça edebi maslahatçysy bolup giden ýazyjy lebzine wepaly boldy. Diňe rabgatdan gaçyp, halys garrylyga tap berensoň, ýalňyz ogly Gennadiý ony ejesi bilen Aşgabada-ýanyna alyp gaýtdy. Şonda-da ömür örki oba daňlan goja ýazyjy soňky demini ekiniň ysy, Garagumyň kükregiňi päkizeleýän howasyndan almagy arzuwlapdy. “Kyssanyň Han dädesi” diýdirip öten ýazyjydan galan edebi miras az-küş däl. Milli edebiýatymyzy ösdürmäge goşant aýratyn hyzmatlary üçin Hangeldi Garabaýewe “Türkmenistanyň halk ýazyjysy” diýlen belent at berildi. Döşüni gaýşardyp dakynmagy hergiz halamasa-da, onuň penjeginiň ýakasyny dolduryberjek ordendir medallaram bitiren hyzmatlary nazarda tutulyp, oňa rowa görlüpdi. Ençeme Hormat hatlarynyň eýesidi, edebi bäsleşiklerde nijeme gezek ýeňiji bolupdy. Iň esasam, okyjylaryň ýa-da ýönekeý adamlaryň arasyna baryp adyny tutsaň, “Hä-ä, Han dädemi, ýaz ýaly adamdyr, eserlerem edil häsiýeti ýalydyr” diýler. “Şägirt ýetişdiren halypanyň ömri goşa bolarmyş” diýilýär. Han dädäniň özi aýtmyşlaýyn, golundan tutup, edebiýat meýdanyna salyp soýberen şägirtlerem onlarça. Olar halypasyny ýüksakgalam etmediler. Eýsem Mämmetnazar Babanazarow, Gazakbaý Ýollyýew, Allanazar Begnazarow, Rejepgeldi Mejikow, Rejep Arazdurdyýew, Dädebaý Nartyýew dagy edebiýatymyzda öz ýüzüni görkezibilýän, ykrar edilen ýazyjy-şahyrlar bolup ýetişmedimi näme?! Olaryň eserleri gazet-žurnallarda çap bolanda, kitaplary çykanda halypa özlerinden zyýat begenerdi. ...Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň ýolbaşçysy bolup ýörkä, Aşgabada-esasy edarasyna gelip, şeýle diýipdir: -Birinjiden-ä, men garradym. „Düýe garrasa köşegine eýerer“ edilse ýagşy. Ikinjidenem, şol ýerde Gazakbaý Ýolly diýen zehini daş ýarýan, dili päki, häsiýeti haly ýaly ýazyja ak patam bilen ornumy berip gaýtmak hem parz, hem döwletlilik bolar, makul görseňiz. Şeýdibem agzalan wezipe şägirde ynanylýar. Ýei gelende, „Roman ýazmagyň tärini, hekaýa döretmegiň ebeteýini özgelerden artyk bilýär“ diýlip ykrar edilen Han dädäniň öz çyn şägirdiniň „agramyna” kesen hyrh-bahasynam diňläliň: „Gazakbaý Ýolly çeper döredijiligiň ähli ugurlaryndan örän şowly galam „salgaýan“ ýiti zehinli şägirdimiz“. ...Bir gezegem Gazakbaýyň „Gulmyrat gödegiň sözi birdir“ atly hekaýasy „Edebiýat we sungat“ gazetinde çap bolanynyň yzýany bu kyssany özi aýtmyşlaýyn, „gyssanyp hem gysganyp okan“ halypa ýazyjy haýdan-haý Aşgabada –ýazyjy Hudaýberdi Diwangulyýewe jaň edýär: -Gazakbaý janyň (ol gowy görýän, göwni ýetýän şägirtlerine hemişe şeýle ýüzlenerdi) hekaýasyny okana-a dälsiň? -Oň ýaly hekaýa tapylsa, heýem okalmazmy, Han däde. -Onda bilip goý, men şundan şeýläk şony ýazanyň adyny „Gulmyrat gödek“ diýip tutjakdyryn. Şägirtlerini hergiz eljiretmeýän, hemişe olaryň „jylawyny berk tutup“, hoş sözüni diňe gerekli ýerinde aýdýan talapkär halypanyň beýle ezmaýyş bahasy ýöne ýere däl. Agzalan hekaýany okap görseň, „hä-ä, şeýle eken-ow“ diýdirýär. Hawa, özünden hem-ä ilhalar, okyjysöýer edebi mirasy, hemem hakydalarda hemişelik ýaşajak ýagşy ady-ýatlamalary goýup giden Han dädemiz-Hangeldi Garabaý edebiýatyň garamatyny hyk-çok etmän çekip bilen iner gaýratly ussat bolup ötdi. Şondandyr, belli şahyrymyz Baýram Jütdiýewiň şeýle setirler bagyşlany: Gadymy Ürjenjiň diňine meňzäp, Harazmin ýurdunda Han däde bardyr. * * * “Bismillasy” başlanjak aşakdaky gürrüňiň okyjy üçin uzagrak görünmegem mümkin. Hernämde bolsa aýdan ýagşy. Sebäbi şu Watanyň perzendi bolup, onuň goýnunda gögeren ak bugdaýdan çörek iýip, gujagyndan akýan suwdan içip, tereň howasyndan dem alyp, onu ýagşysyny ýaýmak diňe sogapdandyr. Ärler öten, daýhançylygyň dünýä mekdebini döreden bu keremli topragyň üstünde gözüň bilen görlen ýagşy işler, birnahallar “Wah, şeýle bolaýsady” diýdiren armanlaryň çigşiniň çözülişi, görer göze erteki-keramat bolup, ýürek gobsundyrýan tutumly, onda-da nesillere miras galjak ajaýyplyklar goý aýdylsyn, ýürekde garramasyn! GARAGUM TÄSINLIGI Ony Türkmen kölüniň mysalynda diňe biziň ýurdumyz däl, eýsem tutuş Aziýa sebiti sähelçe ýyldan duýup, synlap biler Hyýaldan hakykata deňiç ...Oglantak mahallarymyzdy. Bili bekänden bili epilýänçä eline diňe pi:ldir kätmen alyp öten atam pahyr atyza gulak açmazdan ozal ýaba gelen suwy ilki ysgap, soň dadyp görerdi. Göwnündäki bolsa-ha, ýüzi elindäki gumhanasy ýalpyldap giden piliň şöhlesi ýaly ýagtylardy, böwede el uruberşem keýpiçaglydy. Emmakin, suwa göwni ýetmese, hüňüräbräk «şu gurbany gitdigime garyp-gatyberseler toprakdanam tebähet gaçyberýär ahyry» diýip, hyrçyny dişlärdi. Ömrüniň paýawynda-ha irbahar gelen suwdan soň ýaňy gül görkezen almadyr garaly, şetdalydyr behisi gurap atyzymyz boşap galdy weli, şonda telpegini dyzyna patda urup, «Wah, şu zeý diýlen zadyň teýim-takyr bolanyny görsedim. Hany Amyderýaň läbik suwy? Şondan ýeri gandyryp suwararsyň weli, atyz bir dökün gören ýaly boluberer. Indi bolsa ýylanyň gözi ýaly suw gelýä, ýarysy zeý ýaly bolup dur göwnüme» diýipdi. Uly zeýi men has soňrak — ýigit çykamsoň gördüm. Görogly (öňki Tagta) etrabynyň edil ileri çäginden — Garagumyň gaýra eteginden günbatarlygyna düňderilip-towlanyp akýan äpet hanany köprisiniň üstünde durup synlamda tas başym aýlanypdy. Ol şol döwürde «Dostluk» («Družba») diýlip atlandyrylýan kollektordy. Oňa häzir Döwletara «Köl» şor suw akabasy» diýilýär. Bu atlaryň dakylmasy onuň gözbaşyny gündogardan — goňşy döwletden alyp gaýdýanlygy üçin. Soň içgin gyzyklanmak, bilýänimi, görenimi, eşidenimi kagyza geçirmek nesip edende has täsin hem «Bäh, beýle eken-ow» diýdiren zatlaryň üstünden bardym. Ilki öz döwründe «Ozernyý», häzir «Köl» diýlip atlandyrylýan bu şor suw akabasynyň ilkinji nobatdakysy 1962-nji ýylda başlanyp, ikinji nobatdaky 1975-nji ýylda tamamlanypdyr. Şol döwürdäki Horezm we Daşhowuz oblastlarynyň zeý suwlaryny Sarygamyş çöketligine guýdurmaga niýetlenen bu kollektor taslama boýunça üstünden sekuntda 13 kubmetr şor suwlary geçirmeli. 1985-89-njy ýyllarda bolsa «Dostlukdan» her sekuntda... 160 kubmetr ajy zeý akýardy. Ýadyma düşýär. Mundan ýigrimi ýyl çemesi ozalrak şol döwürki kolhoz başlyklarynyň biri bu zeýiň kenaryna ýöriteläp äkitdi. — Seret, inim, munuň kenaryndan agjak bolup durşuna. Kärim boýunça men irrigator-suw inženeri. Şonuň üçinem gypynçsyz aýdyp biljek, şu kollektor öz belliginden iki-iki ýarym metr ýokardan akýar — ol yzyna öwrüldi — Gör, şoň üçinem bu meýdanlaň ak şor bolup ýatyşyny. Sebäbi zeýi äkitmeli zadyň özi hanasyndan agaýjak bolup daş-töweregini, özem azyndan 40-50 kilometr daş-töweregini şorladyp ýatyr... Azajyk soňrak men «Dostlugyň» Türkmenistanyň çäginden akýan hanasynyň uzynlygynyň 222 kilometrdigini bilip, öz ýanymdan onuň zeý äkidýän däl-de, zeýledýän ýerini 222x40 hasabynda takyklamaga çalyşdym. Çykan hasaby görüp haýýatym uçdy. Ýöne diýdimzorlukly sowet döwründe, ylaýta-da pagta monokultynyň gamçy bolup çawlanýan zamanynda bu zatlat hakda agzyňy açmak diňe günä däl, eýsem jenaýatdy ahyry! Ine, mukaddes Garaşsyzlygyň bize beren bagtynyň diňe syýasy däl, ykdysady, ruhy-mentalitet taraplaryny nirelerden gözlemeli! Obrazly — deňeşdirmeli aýdanda, Garaşsyzlyk diňe biziň aňymyza-ruhumyza ýelmeşen şory-sary sadyllygy däl, eýsem mähriban Topragymyzy gabyz eden şor-zeýi aýyrmak üçin gerek eken. Eger şol Garaşsyzlyk bolmadyk bolsa süňňi ajan hamyra dönen toprak ne diri, ne öli halda entegem sessiz aglap ýatmaly bolardy. Hawa dilsizem bolsa toprak diýlen gurbany gitdigim gursagyndaky gözýaşyny gerşine ak şor edip çykarýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, şorlap, bagryny zeý alan topragy asyl durkuna getirmek üçin pesinden 7-9 ýyl gerek. Üstesine, müňläp, millionlap serişde hem çykdajy etmeli. Maglumatlara görä, diňe Daşoguz welaýatynyň ähli ekerançylyk meýdanynyň 62 göterimi orta we ýokary duzly. Özem bu ýagdaý şol diýdimzorlukly döwürden galan «miras». Muňa Amyderýanyň aşaky akymyndaky suwuň hapalygy, ikinjidenem, öz döwründe agrotehniki düzgün-kadalaryň berjaý edilmändigi. Üçünjiden, kollektor-drenaž ulgamlaryň gerekli derejede çekilmänligi, bar bolanlarynyňam kada laýyk işlemeýänligi sebäp. Ýa-da ynha, «Derýalyk» kollektoryny alyp gör! Umumy uzynlygy 166 kilometre ýetýän bu şor akabasy Beýik Watançylyk urşundan öň gurlup ugralsa-da, kä başlanyp, kä taşlanyp, ahyrsoňy 1970-nji ýyllarda doly tamamlandy edilýär. Göz öňünde tutulany sekuntda 50 kubmetr. Geçen asyryň ahyrlarynda ondan akýan göm-gök zeý sekuntda 105 kubmetre ýetdi. Başga nähili düşündirme gerek?! Diňe «peýdasyndan geçen, zyýanyny nätsekkäk?» diýäýmekden gaýry ne çäräň? Takyk ylmy seljermä görä, 1 gektar ekerançylyk ýerine 40 pogonmetr drenaž-zeýkeş ulgamy gerek. Ýerasty suwuň derejesem kada boýunça 2 metrden ýokary galmaly däl. Ýöne gynansagam, 1990-njy ýyllaryň başynda Daşoguz welaýatynda her gektara bary-ýogy 25 pogonmetr drenaž-zeýkeş düşýän bolsa, ýerasty suwuň topraga galkmagy 1,5 metr çemesine baryberipdi. Bu bolsa hasyllylygyň belli-külli kemelmegine, zeýe çydamsyz ekinleriň, baglaryň selçeňläp-çüpremegine sebäp bolupdy. «Derýalykda» suwuň duzlulygy litrde 11 grama hem ýetipdi. Hlor duzy ösümlik dünýäsi üçinem, haýwanat dünýäsi üçinem juda zyýanly, muny bilmeýän ýok. ...Hyýal atyň alyp gaçýar-da, Akýaýlada — Türkmen Kölüniň açylyş dabarasynda mähriban Prezidentimiziň aýdan sözleri gulakda ýaňlanýar: «Daşoguz akabasyny gurmagymyzyň esasy maksatlarynyň biri-de, Köl we Derýalyk döwletara şor suw akabalarynyň bir bölegini «Altyn asyr» Türkmen kölüne akdyrmakdan ybaratdyr. Munuň özi bu akabalaryň suwunyň derejesiniň peselmegine, Daşoguz welaýatynyň ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýynyň üzül-kesil gowulanmagyna gös-göni ýardam eder». Maglumatlara görä, öňler Hanhowuz düzlüginde 134,4 müň gektar ýeri suwarmak üçin 0,94-1,11 kubkilometr suw harçlanypdy. Şonda suwuň 25-35 göterimi şora öwrülip, zeýkeşlere-drenažlara akýar. Ekerançylyk meýdanlaryndan çöle kowulýan şol suwlaryň duzlulygy käte litrde 14-15 grama-da ýetýärdi. Beýle derejedäki duzlulyga ýurduň beýleki sebitlerinde gabat gelinmeýär. Elbetde, bu görkeziji häzir üzül-kesil peseldi. Şeýdibem palta bilen çapyp oturmaly kertme gyzyl toýun toprak gök zeýiň derdinden ýaňa döretmek bagtyndan — ekin bitirmekden mahrum bolmak derjesine ýetipdi. Iň ýamanam, öňki döwrüň zabun düzgüni — pagta hasyly üçin göçüp-gonmak negözel meýdanlary gamyş-hyşa tokaýlygyna öwrüp taşlapdy. Ýap gazyp, zeýkeş gazmagy «ýatdan çykarmak», iň ýamanam, suwy bisarpa tutmak, şeýdibem zaýalanan ýeri taşlap, täze tarp ýere göçüp-hüjüm etmek «keseliniň» öňüne diňe Garaşsyzlykdan soň doly böwet basmak başardypdy. Eger siz uçardan synlan bolsaňyz Garagumyň gujagynda gök nokat ýaly bolup ýatan ýüzlerçe köllere gözüňiz düşer. Ana şolar Ahaldan, Marydan, Lebapdan, Daşoguzdan akdyrylan, has anygy, nirä guýduryljagyny bilmän, ahyrsoňy Garagumyň gujagyna zyňlan zeý suwlarydyr. Bu owadan sähranyň goýnuna ajy suwlaryň akdyrylmagy netijesinde onuň asyl durky bozulyp, 450 müň gektar çemesi öri meýdanlary zaýalanyp gitdi. Şu ýerde ýadymda galan birje waka ýatlasym gelýär. Türkmen Köli gurlup ugralaýan uçurlary iş sapary bilen Çaşgyn ýeňselerine düşdüm. Jarsaý atlandyrylýan şor suw akabasynyň Garagumyň sary çägelerine eltip guýýan zyňyndylary hakda gürrüň açylanda, bu ýerdäki düýedarçylyk hojalygynyň ýaşuly çopanlarynyň biri gynansagam ady ýadymda galmandyr) jan ýandyryp şeýle diýdi: — Ynha şundan ýeňsede Çöket diýen bir ýer bar, şoňa men bilelim bäri zeý guýdurylyp, köl döräp gitdi. Içiniň gamyşyndan, hyşasyndan ýaňa tokaý döredi. Gyrasam ak şor bolup barha ýaýrap barýa. Olam hiç. Şo ýerde bela bolup gap-gara, hersi ary ýaly diýdirýän çybyn döredi. Elheder aldyrýan ýerem, düýe janawer-ä beýle-de dursun, goýnuň ösgün tüýüniň arasyna girip, şeýle bir çakýar weli, janawer janyna jaý tapanok. Onsoň maýda malam şo porsy kölden 30-40 kilometr daşda saklamaly indi... Görýäňizmi, içgin oýlanyp otursaň zeý-şor belasy bölek-bölek «zyňylanda» diňe ekologiýa däl, çölüň sanitariýa ýagdaýyna hem howp dörediberýän eken. Diňe bularam däl. Ekin meýdanlaryndan çykýan artykmaç suwuň-zeýiň Amyderýa guýdurylmagy zerarly onuň düzümi zaýalandy. Şu ýerde ýekeje deňeşdirmäni agzaly. 1990-njy ýylyň ylmy maglumatyna görä, Amyderýanyň aşaky akymynda — Daşoguz welaýatynda suwuň hapalygy Kerkiçidäkiden 4 esse ýaramaz. 1990-2000-nji ýyllar aralygynda her ýylda ekerançylykdan çykýan suwuň 2,5-4,86 milliard kubmetr mukdardaky möçberi zeýkeş suwlary bolup Amyderýa akdyryldy. Şeýlelikde ýer ýüzündäki iň süýji suwly, özi bilen iň köp gyrmança getirip, topragy dökün bilen üpjünleýän däli Jeýhun her litrinde 0,9-1,44 grama çenli minerallaşdy. Ine, ahyrsoňy onuň Alyhezretleri Tebigaty zeý hassalygyndan açmak, topraga ýaýran zerzaw suwy onuň süňňünden sogurmak zerurlygy döräpdi. Dogry, bu agyryly mesele öňem bardy. Ýöne diýdimzorlukly düzgün döwründe ol bassyr-ýussur edilip gelinipdi. Bu mesele açyklygyna galýardy. Näçe çalt bejerilse Ene ýeriň dogurmak-döretmek bagty oňa gaýtarylyp beriljekdi. Garaşsyzlyk! Ine, ahyrsoňy bu mukaddes bagt kükreklerdäki arzuwy wysal etdi. Topragyň alny açyljak zamana geldi. Türkmen Köli gurlup ugraldy. Çöl hem Suw Bu iki düşünje ilki göräýmäge bir-birine çapraz ýalam görünýändir. Şükür, Garaşsyzlyk gudraty Çöl bilen Suwuň aýrylmaz jebisligini döredip bolýandygyny äleme äşgär etdi. 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda merkezi Garagumdaky Akýaýla düzlüginde bolan taryhy dabarada — Türkmen Kölüniň birinji nobatakysynyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýdi: «Altyn asyr» Türkmen kölüniň şor suw akabalarynyň taslamada göz öňünde tutulýan umumy uzynlygy 2600 kilometrden gowrak bolup, bu akabalar tutuş Garagum çölüni gülzarlyga, gülşen mekana öwürjek esasy baş akaba bolup hyzmat eder». Garaguma gör nähili uly suw akýar! Taryhda Garaguma «baky Güneş ýurdy» diýlen at galypdyr. Çölüň 1 inedördül santimetr ýer üstüne ýylda 160 müň içki kaloriýa ýylylyk düşýär. Bu san öňki SSSR-iň Ýewropa böleginde 95 müňden geçmeýär. Şükür, Garagumyň ýaýlyp ýatan meýdany 200 million gektar basalykly. Şonuňam 3 million gektary takyrlyk. Umuman milletimiziň sallançagy saýylyp, bizi arkama-arka ekläp gelen, ýow güni ýagydan gizlän Garagum ýurduň umumy territoriýasynyň 79 göterimini tutýar. Garagumda Awstriýa, Portugaliýa, Şweýsariýa, Belgiýa, Daniýa, Gollandiýa ýaly ýurtlar bilelikde ýerleşip bilýär. Garagum parallel boýunça 800, meridian boýunça 450 kilometre uzap, umumy sanda 350 müň inedördül meýdany tutýar. Garagumyň ýylylyk möçberi tropiklerden — ýylboýy ekin bitýän ýerlerden pes däl, arman, suwy gytrak diýmeseň. Ygalyň ortaça düşüş ölçegi ýylda 100-120 millimetrden geçenok. Özem pasyla görä ýagýar, üstesine-de, gurak klimatda bugarma üzül-kesil ýokary bolýar. Garagumymyzyň bize eçilen öri meýdanlary 38 million gektardan agyberýär. Bu uç-gyraksyz sährada 18 milliondan gowrak dowar, 180 müň çemesi düýe bakylýar. Gumda ösümlikleriň 300 çemesi görnüşi duşýar. Garagum — bu hazynaly hum. Onuň tyllaýy sary çägeleriniň aşagynda gazyň, nebitiň, demriň, sinkiň, kükürdiň... ummasyz gorlary ýatyr. Olary senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji şertem suw hem ýol. Bu gün oňa Garagum — Aşgabat — Daşoguz demir ýoly hem-de ýokary tizlikli awtomobil ýoly baran bolsa, Transmilli Gazagystan — Türkmenistan — Eýran polat ýoly çekilýän bolsa, gumuň gujagynda — Garaşorda Türkmen Köli döreýän bolsa, diýmek, ýerasty milli baýlyklarymyzy diňe özümiz üçin däl, dünýä bazarlaryna çykarmak üçin şertler üpjün edilýär. Muňa bir sözde Beýik Galkynyşyň bady, täze Özgertmeleriň bagty diýilýär! Şu ýerde ýene bir deňeşdirme meger, gerekdir. Ýer togalagynyň beýleki çölleri bilen deňeşdireniňde Garagum behiştdir, owadandyr, janlydyr. Dünýäniň iň uly çöli Saharany alyp görüň! 80 göterimini daşlyk, 20 göterimini beýikli-pesli aklaň çägeler tutýan bu çölüň ösümlik dünýäsi çüpre, suwy juda gahat. Oňa ýyl dowamynda 50 mm. ygal düşýär, käteki ýyllarda ýeke damja damanogam. Hindistanyň Tar çölüniň 44 göterimini süýşýän çäglere tutup, ösümlik örtügi ýuka, oturumly oazis düýpden ýok. Garagumda bolsa 300 töweregi oba, 5 bäş müňden gowrak guýy bar. Türkmen Kölüniň akabalarynyň ugrunda täze öri meýdanlary dörär. Garaguma barýan suw şol örüleriň hasyllylygyny gektarda 31-den 632 sentnere çenli artdyrar. Bizde tebigatyň täsinden takyk gudraty bar. Ýurdumyzda adatça 250-300 gün açyk, bulutsyz howa bolýar. Tutuş ýyldaky bu ýagdaý suwuň bugarmagyny artdyrýar. Ylmy maglumatlara görä, sakadan ekin meýdanyna barýança suwuň 35 göterim çemesi dürli ýitgilere sezewar bolýar, ýagny 10 göterimi salma-nobura siňýär, 20 göterimi bugaryp gidýär, 5 göterimi beýleki sebäpler zerarly ýitýär. Ýer togalagynda bolsa suwuň gory 1400 milliard kubkilometr çemesi, şonuňam 35 milliard kubkilometri — bary-ýogy 2,5 göterimi süýji suw. Türkmenistanda derýa suw akymlarynyň ygtybarly gory ýylda 24,65 kubkilometr çemesi çaklanýar. Suw meselesi bolsa soňky döwür dünýäde iň ýiti meseleleriň birine öwrülip barýar. Bilermenleriň çaklamasyna görä, gaty ýakyn döwürde Aziýa yklymynyň käbir ýerlerinde suwarymlyk hem-de süýji suwuň has azalmagynyň ähtimallygy aýdylýar. Bu babatda goňşy ýurtlar bilenem, serhetýaka suw geçiriji ýurtlar bilenem, sebit boýunça hem mähriban Prezidentimiz düýpli başlangyçlary, tutumly teklipleri öňe sürýär. Türkmen kölüniň açylyşynda-da Milli Liderimiz şeýle diýipdi: «Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak baradaky binýatlyk konwensiýasyna goşulmak bilen, häzir adamzady tolgundyrýan möhüm ekologiýa meseleleri, suwy we beýleki serişdeleri aýap saklamak hem-de dikeltmek, çölleşmäge garşy göreşmek, hasylly ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, howanyň düýpli üýtgemedi bilen bagly meselelerde halkara bileleşigi tarapyndan amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalara örän işjeň gatnaşýar. Bu ugurda Türkmenistan goňşy döwletler bilen, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Global ekologiýa gaznasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär». Garagmda Türkmen Kölüniň döremegi hakykatda bu sährada gudrat döretdi. Men muny soňky gezekler gidemde gözüm bilen gördüm. Kölden golboýy balyk tutup ýörler. Onuň ýakasy, akabalaryň ugry giden tokaýlyga öwrülipdir. Sebäbi yzgary ýetik. Balaiýşem guýusynda ýaşaýan mugallym hem şahyr ýigit Begenç Baýnepesowyň aýdyşy ýaly, Türkmen Köli döremänkä bärdäki çarwalar aga-ini ýa-da ata-ogul maşgalasy bolup jemlenişip, sany 70-80-e ýetýän dowar bakýan bolsalar, indi her hojalykdaky süriniň baş sany şondan iki esse agarak. Suw tapylsa bärde öri kän. Ylmy dilde aýdaňda, çölümiziň faunasy-florasy, ýagny ösümlikdir haýwanat dünýäsi düýpli baýlaşýar. Ilki bilen-ä, 2600 kilometrlik akabalaryň geçýän ugrunda çöl görnetin janlanypdyr. Suw baran ýere, goý ol ajy bolsun, az-kem duzli bolsun, tapawudy ýok, yzgary ýeten toprak ot-çöp gögerdýär. Ot-çöp gögeren ýerde-de goýun-geçi, düýe maly köpelmek bilen bolýar. Çöle mahsus beýleki jandarlar örňeýär. Göz öňüne getirip görüň! Türkmen Kölüniň Baş şor suw akabasynyň ugrunda göwrümi 700 million kubmetr bolan Uly şor, 300 milliondan kubmetrlik Rahman, 300 million kubmetrlik Ýerajy kölleri bar. Daşoguz şahasy 3 sany — göwrümi 2 milliard 700 million kubmetrlik Zeňňibaba, göwrümi 754,4 million kubmetrlik Uzynşor, göwrümi 20 million kubmetrlik Atabaý kölleriniň üstünden geçýär. Kiçi köller ilki suwdan dolup, soňra esasy çöketlige — Garaşora baryp guýsa, ilki bilen ýaňky agzalan ýerlerde balykçylygyň, balçylygyň, bagçylygyň ösjekdigi gürrüňsizdir. Sebäbi müňlerçe kilometri akyp geçýän suwuň şory tebigy taýdan arassalanýar, azalýar. Çäge süzgüç bolup hyzmat edýär, duz düýbüne çökýär, gamyşdyr beýleki suw otlary özüne alyp galýar, garaz, azalýar. ...Men gaty ýakyn wagtlarda Garagumyň goýnunda nazaryňy egläp işläp duran ýel ýa-da suw elektrostansiýasyny Alla ömür berse görjekdigime begenýän. Sebäbi Garaşor — Akýaýla taraplarynda hemişe diýen ýaly öwsüp duran şemal ekologiýa taýdan iň tämiz, ykdysady taýdan iň girdejili ýel elektrik stansiýasyny, Derýalygyň Garaşora gaýdýan batly akymynyň ugrunda bolsa suw elektrik stansiýasyny gurmak mümkin. Beýle energiýa, beýle tilsimat bilenem suwy süýjetmek bolýandygy düşnüklidir. Bol suw, süýji suw bar ýere il barýar, ýurt döreýär. Bu elbetde, ýurduň içinde demografik deňeçerligi döretmek, ýaş nesli iş bilen üpjün etmek, oba hojalygynyň ekerançylyk, maldarçylyk, bag-bakjaçylyk ugurlaryny ösdürmek, iň esasam, diňe öz döwletimizde däl, eýsem tutuş sebitde ekologiki sagdynlygy döretmek diýmekdir. Türkmen Kölüniň diňe Baş şor suw akabasynyň geçýän ugry 1 million 350 müň gektar öri meýdanyny suwlulandyrar. Akabalaryň çöl-sähra meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagy netijesinde Garagumda häzirkisinden 4-4,5 milliona golaý dowary hem-de 60 müňe golaý düýäni goşmaça köpeldip bolar. Türkmenistanyň Tebigaty goramak Ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi Milli institutynda aýdyşlary ýaly, 5-7 gram duzlulykda (Köle akjak suwlarda bu görkeziji köplenç azam) galofitler — duza çydamly ösümlikler ine-gana ösýär. Ynha, Murgap jülgesinden Baş zeý akabasyna gidýän ýerlerdäki topragyň mehaniki düzümi oňat. Beýle diýmek, şol suw bilen mekgejöwen, sudan oty ýaly ot iýmlik, mäş, şaly, sogan, kelem, erik ýaly iýmitlik ösümlikleri ýetişdirmek mümkin diýildigidir. Biziň çöllük ýerlerimizdäki giň giden çägelikler hem çägesow meýdanlaryň toprak düzümi dürli çüýrüntgilere garyp. Şonuň üçinem takyk ylmy tejribeleriň görkezişi ýaly, gektaryna 10-25 kile ders, 25-30-dan 100-250 kilä çenli azot dökünleri, 60-160 kile fosfor, 30-100 kile kaliý, 2-6 kile sink, 05-1,2 kile mis dökünleri berilse, çägeli toprakda işlenilýän hasyly alyp bolar. Mineral dökünleri organiki dökün bolan ders, kompos hem sideratlar (arpanyň tüýlek dälijemäş bilen garyşmagy) berlende has netijeli bolýar. Şeýle-de şor suw bilen suwarylýan çägesow ýerlere mikrodökünlerde kömürturşy sinki we mis kuporosy has peýdalydyr. Bulardan başga-da, ylym biologiki drenaž wezipesini ýerine ýetirýän galofitleriň ençemesinem ýüze çykardy. Her hili agaç görnüşli gyrymsy hem otjumak galofit ösümliklerini ikinji gezek şorlaşýan ýerleriň töwereginde ýetişdirmegiň ekologik ähmiýeti uludyr. Şeýle ösümlikler şorlaşan ýerasty suwlar bar meýdanlara eltilende kanallardan, ýaplardan syzylyp, syrygyp toplanýan suwlaryň ýer üstüne ýakynlaşmagynyň öňüni alýar. Tejribe şeýle ösümlikleriň tutuş wegetasiýa döwründe 1 gektar ýerden 15-221 müň kubmetr aralygynda suwy bugardýandygyny görkezdi. Bu eýýam topragyň ikinji gezek şorlaşmagynyň öňüni almaga ýardam edýär. Türkmen Köli — bu tutuş Türkmenistanyň ekerançylyk ýeriniň 75 göterimini has sagaltmak — melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak diýmekdir. Bu bolsa öz netijesinde hasyllylygy 25 göterim artdyrar. Şeýle hem Lebap welaýatynyň çäginde her ýyl Amyderýa guýulýan 4-5 million tonna zeý indi göni Türkmen Kölüne akar. Türkmen Kölüne akyp ugrasa «Köl» we «Derýalyk» kollektorlarynyň suwy 1,5-2 metr aşak gaçar. Bu bolsa «Ýeriň şory ýaman, malyň köri» diýen nakyly döreden türkmen üçin telpegiňi göge zyňmak diýmekdir. Çöl — Suw — Ekologiýa Dünýäde «çölleşmek» diýlen bir zat bar. Ol häzir diňe bir Afrika ýurtlaryna, Arap ýarymadalaryna, Latyn Amerikasynyň käbir ýerlerine däl, eýsem indi Ýewropanyň merkezine hem hüjüm edip ugrady. Çölleşmek — bu tebigy ýa-da adamyň hojalyk işine bagly sebäplere görä, ýeriň biologik ukyplylygynyň uzak möhletli pese gaçmagydyr. BMG-niň maglumatlaryna görä, tozadylan — çölleşen ýa-da ýarym çölleşen ýerler Ýewropada 4, Demirgazyk we Merkezi Amerikada 10, Aziýada 18, Afrikada 23, Awstriýada 46 göterime golaý meýdana ýaýrap barýar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, 2010-njy ýyla çenli dünýäniň gurak ýurtlarynda ekerançylyk meýdanlarynyň üçden birine golaýyny ýitirmek howpy abanýar. Ýagny, şol ýerleriň hasyllylygy azalyp, oazis häsiýeti ýitýär. ÝUNET-iň (BMG-niň töwerekdäki sreda boýunça Meýilnamasy) maglumatlaryna görä, her ýyl suwarymly ýerleriň 6 million gektar töweregi ýitirilýär, ýa-da hasylylyk düýpden pese gaçýar. Umuman, häzir dünýäde suwarymly topragyň 40 million gektary we öri meýdanlarynyň, suwarylmaýan ýerleriň 3,5 milliard gektary çölleşmek howpundan zyýan çekýär. Çölleşmegiň biziň üçin iň ýakyn hem howsalaly mysaly Araldyr. Bu mesele babatda hormatly Prezidentimiz häzir düýpli aladalary amala aşyrýar, goňşy ýurtlar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär, takyk teklipleri öňe sürýär. Aslyýetinde Turan pesliginde mundan 35 müň ýyl öň dörän Aral deňziniň 1966-nhy ýylda göwrümi 60 müň inedördül kilometr bolan bolsa, häzir 20 metr çemesi aşak gaçyp, suwüsti 50 göterimden gowrak kiçeldi. Häzir deňziň guran düýbünden ýylda 43 million tonna duzly tozan göterilýär, oňa ylmy dilde aerosil diýilýär diýip, alymlar howsala düşýärler. Şolam oturymly oazisi hem-de öri meýdanlaryny zaýalaýar, ýagny çölleşdirýär. Bu ýagdaýyň öňüni almakda Türkmenistanyň bitirýän hyzmatlaryna, ylaýta-da, Milli Liderimiziň öňe sürýän batyrgaý başlangyçlaryna sebitde-de, dünýäde juda ynamly we ýokary baha berilýär. Biziň ýurdumyz BMG-niň töwerekdäki gurşawy goramak, ekologiýa heläkçiliklerini öňünden duýdurmak boýunça dünýä möçberindäki kepilnamalar hasaplanýan tebigaty goramak baradaky ylalaşyklara (konwensiýalara) ilkinjileriň biri bolup goşuldy. Şolaryň arasynda Klimatyň üýtgemegi baradaky çäklendiriji ylalaşyk, Biologiýa dürlüligi baradaky ylalaşyk, Çölleşmäge garşy göreş baradaky ylalaşyk ýaly onlarça halkara dokumentleri bar. Ýakynda bolsa ÝUNESKO-nyň Garagum çölüni Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak hakdaky teklibi Türkmenistanyň bu ugurda edýän tagallasynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldaw tapýandygynyň aýdyň şaýady boldy. Diýmek, biziň ajaýyp sähramyza geljekde sowulmajak döwran, göz eglejek röwşenlik, iň esasam, ony asyl durkunda geljekki nesillerimize peşgeş galdyrmak bagty nesip edýär. Ýewroaziýa kontinentiniň edil merkezinde ýerleşen Türkmenistanyň geografik hem klimatik aýratynlyklary juda ajaýyp, özboluşly, gaýtalanmajak. Baryp-ha Arktikanyň kenaryndan, Günbatar hem Merkezi Sibirden gaýdyp, Mesopatamiýa, Hindistana, Eýrana, Afrika ýurtlaryna uçup geçýän onlarça görnüşli guşlar Türkmen topragynyň üstünden ýol salýarlar. Şolaryň aglabasy höwürtgelemek hem gyşlamak üçin biziň ülkämizi saýlap alýarlar. Indi bir zada üns beriň! Eger-de çölüň içinde jemi 2600 kilometr çemesi uzaljak şor suw derýasy geçse, demirgazyk-günbatar Garagumda 140 kubkilometr ululykdaky äpet Köl dörese, şeýdibem bu ýerleriň ekologik hem ot-iýmlik derejesi has gowulansa, bärde nähili «guş bazarynyň» dörejekdigini bilýäňizmi? Köne Uzboýuň ugrundan, Merkezi hem Gündogar Garagumyň gollarynyň içinden geçjek uly suwuň boýunda heniz görülmedik guşlaram peýda bolar. Ördek, gaz, sakarbalak, garajagaz, togdary, çülek... ýaly onlarça görnüşli suwy, batgany halaýan geň-enaýy guşlar bizde höwürtgelärem, gyşlaram. Bu hem-ä çölüň ösümlik, haýwanat dünýäsini baýlaşdyrar, şol bir wagt-da höwesjeň awçylyk, dynç alyş, gezelenç, jahankeşdelik ýaly gyzykly, peýdaly ugurlary ösdürmäge gürrüňsiz ýardam eder. Şu ýerde bir deňeşdirme getiresim gelýär. Bir wagtlardan bäri Hazaryň günorta-gündogar kenarlary ajaýyp «guş bazary» bilen bellidir. Deňziň bu ýakasynda gyşlaýan, özem aglabasy dünýäniň «Gyzyl Kitabyna» giren guşlaryň sany gyş möwsüminde 0,5-0,7 million çemesi bolýar. Soňky döwürde Garagum hem Türkmen derýasynyň, Günorta-Günbatar Garagumdaky Kelif kölüniň, ençeme suw howdanlarynyň döremegi bilen gyşlaýan seýrek guşlaryň sany artýar. Aziýa sebitlerinde iň uly Köl indi Garagumda döredi, bu ýerlerde keýik, Üstýurt aýragy, ýekegapan, suw iti, ysly alaka, gunduz, gulan... ýaly täsin jandarlary indi göre gündizem görüp bolýar. «Haýsy ýurduň tebigaty ajaýyp bolsa, şol ýerde başga-da ajaýyplyklar döreýär» diýlen ýörgünli söz bar. Diýmek, Türkmen Köli gadymy Garagumda täsin hem ajaýyp tebigy gözellikleri döretdi diýip, gaýşarylyp aýdyp bolar. 19.07.2021 * * * Kömek Kulyýewiň döredijiligine sarpam gaty aňyrdan. Bu ýazyjynyň diliniň şireliliginiň özi oňa Taňry beren baýlyk. Hekaýalaryny, powestlerini okasaň, janyň heziiller edäýýär. Şonuň üçin oňa “türkmen Dumbadzesi” diýilýär. Ynha, “Edebiýat we sungat” gazetinde “Döredijilik mekdebi” diýen rubrika bilen Kömek kakanyň (biz-ä oňa şeýle diýýäs) “Goşgumy ýa kyssa?” atly oýlanmasy çap edilipdir. Gaty täsin hem juda peýdaly. Ylaýta-da eline galam alyp, edebiýat meýdanyna hyýallanýanlar üçin tüýs gerek zatlar şunda bar. Seret, “ýüňi ýeten” ussat nämeler diýýär: “Entek kyssa ugrundan güýjüni synap görmedik ýaşlara özüm-ä: “ilki bir çemelije ýandepderçe tutunyň-da, günde-gören eşidenleriňizi öz sözüňiz bilen, gürrüň berýän ýaly edip, sol depdere yzygiderli ýazyberiň! Günde şeýdiberseňiz, gitdigiçe-de öz ýazgylaryňyzy has çuňlaşdyrmaga, kämilleşdirmäge çalyşsaňyz, ýuwaş-ýuwaşdan elleriňiz düzleşer gider... diýip maslahat berýärin”. Jaý maslahat. Özüm-ä gaýtadan edebiýatyň ezýetli hem lezzetli dünýäsine nesibäm çeken bolsa hut şeýderdim. Ynha, ýazyjynyň ýene bir pendi: “Umuman, kyssa ugrundan täze öwrenjäniň ilkibaşda kiçi göwrümli žanra ýüzlenmegi tebigy zat: uzak oturmaga takadyň ýetenok, wakalary töwerekleýin, giňişleýin ýaýbaňlandyrmaga-da tejribäň ýok, güýjüň çatanok. Kiçiräk hekaýany weli bir oturaňda ýazaýmaly. Emma daşyndan göreňde şeýle. Ylaýta-da käbir ussatlaryň guýma kenek ýaly hekaýalaryny okanyňda “Be-e, büý-ä aňsadam eken, şun-a özümem ýazardym” diýen ýaly aldawçy pikirem geläýýä kelläňe. Aslynda welin, kyssada iň kyny-kiçi eserler. Sebäbi munda juda gysbylyk, azsözlülik gerek. Baryp gadym eýýämde Plutarham “ Sözüň güýji-köp zady az söz bilen düşündirmekdedir” diýip pent edip gidipdir”. Käşgä şol pente eýerip bolsa. Bir zada bada-bat gülküm tutdy. Kömek Kulynyň ýazyjy şa şahyr boljaklar üçin (ýöne Taňry eçilmese nädip boljak) hemişe ýanynda däl-de, ýadynda götermeli bu maslahat-teşwüş makalasynyň edil aşagyndan G. A. diýen ýalyrak “men ýazyjy” diýip, juda özüne göwni ýetip ýöreniň “Kolegesi köşekçe, agramy açykça” diýilýän hekakasy berlipdir. Özümiň-ä “birden şol ýazyjy Kömegiň gyzykly hekaýa “gaýra dur” diýdirýän ýazgylaryny okap, itiň içegesi ýaly bulam-bujar sözlemlerden düzülen hekaýasy üçin utanmazmyka?!” diýen şeýtany pikir kelläme geldi. Ýaňy ilkibaşda Kömek halypanyň eserleriniň diliniň bal çalnan ýalydygyny ýňzydypdym. Gör, onuň özi bu “syryny” nädip açýar: ”Çeper dil eseriň daşyndan ýelmenen jähek ýaly bolmaly däl-de, süňňüni ýaryp çykmaly. Diliň owadanlygyny, çeperligini okyjy duýmalam däl. Çehowyň aýdyşy ýaly, “Eserdäki sözler göze görünmwli däl”. Diňe goşguda däl, kyssa eserlerinde-de iň sadaja sözleriň hersi öz ýerjagazyny tapanda, olaryň sazlaşygyndan şeýle bir owaz çykýar. Sözlem bilen sözlem sazlaşybam, giden bir “simfoniýa” döreýär”. Aý, sag bol-a, Kömek halypa! * * * Kompýuterdäki arhiwiwlerimi döräýmek edähedim bar. Öňräjik Baýram halypa (Baýram Jütdiýew) bilen hal –ahwal soraşmak üçin jaňlaşamda şeýle diýipdi: “Gurbannazar inim, ýetmiş ýaşa ýetýänçäň ýazanyň ýazanyňdyr, bilip goý. Soň eliň diýeniňi edenok, el diýeniňi etse, göz diýeniňi edenok. Ikisem bilek tutuşanda-da beýni birden ýatlap oturan, “şuny kagyza geçireýin” diýen göwün bukjaňy hakydasyndan öçürip, içiňi ýakýar. Onsoň öň ýazanlaryňy taraşlabermek galaýýan eken”. Dogrudyr. Şol ýaşlara hemmämizi Alla ýetirsin! Ýöne dörjenip otursaň, islän wagtyňam öňüňden garaşylmadyk, hakydaňdan uçup ýa öçüp giden “tapyndyň” çykýan-a çyn. Ynha, şu gezgem şeýle boldy. Şol “tapyndyny” size-de ýetireýin: Essalawmaleýkim Gurbannazar aga! Öý-içeri, jan saglyk, iş-güýç gowumy agam? Seniň eserleriniň, makalalaryňy höwes bilen okaýaryn. Eserleriň dili, maglumata baýlygy, many-mazmuny taýdan aýratyn saýlanýar. Has hem, gözel tebigatymyz, ýurdumyzyň belli şahslary hakynda ýazýan eserdir makalalaryň uly öwgä mynasyp. Ýazyjy-şahyr, žurnalist nusga alarlyk şahsyýet barada eser döretmek bilen, örän uly iş edýär, şunda ol özgelere ýaşamagy öwredýän, dogry ýoly salgy berýän akyldara öwrülýär diýip hasaplaýaryn. Seniň eserleriň hem hut şu babatda örän ýokary derejä mynasyp bolýar. Il-günümiziň taryhy, medeniýeti, tebigy baýlyklary, ata Watanymyzyň abraýyna abraý goşan görnükli şahslar hakynda düýpli we örän täsirli eserleri döretmek bilen, uly, ilhalar işleri edýärsiň, agam! «Garagum» žurnalynda çap edilen «Türkmen topragyndaky yzlar» we «Ertekä meňzeş ykbal» atly eserleriňi aýratyn agzasym gelýär, agam! Bu eserler juda gyzykly, täsirli bolmak bilen, olaryň esasy ähmiýeti, gymmaty başga zatda bolup durýar. Eserlerde halkyň ykbalyny, mertebesini beýgelden, halkyň ruhuna ýugrulyp, onuň gizlin ýatan milli baýlyklaryny elýeterli eden ärler, hawa, hakyky ärler hakynda gürrüň berilýär. Her bir halky şeýle şahsyýetler beýgeldýär. Aýratyn hem, Gaýyp Nepesow hakyndaky dokumental hekaýa diýseň täsirli bolup, ähli babatda ýerine düşüpdir. Bu eseriň üçin aýratyn minnetdarlyk bildirýärin, agam, taňryýalkasyn! Bu eserde hakyky ömür, il-gün üçin ýaşalan ömür bar we ol ähli soňky nesillere nusga bolup durýar. Şeýle ilhalar eserleriň höwri köp bolsun! Halkymyz beýgelden şeýle ärler hakynda şunuň ýaly çeper many-mazmunly, nesihatly eserleriňe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Hormatlamak bilen Hojamuhammet Agorazow. Tel.:95-57-60, 865-53-49-37 * * * Gowy şahyr Kakabaý Gurbanmyratda şeýle setirler bar: Lew Ozerow şeý diýipdir (Bu söz hemme döwre ýarar): “Siz zehinlä goldaw beriň, Körzehinler başyn çarar”. Aşgabadyň taryhy hem medeni künjekleriniň birinde-biziň hemmämiziň “Ors bazary” diýýän ýerimiziň kybla-ilersinde, öňki Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatrynyň ýerinde göreniň gözüni egläp, Garajaoglanyň ýadygärligi seleňläp otyr. Her gezek şol ýerden ötemde ony ýasan ussat, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýwiň beren gürrüňi ýadyma düşýär: -“Garajaoglany ýasamaly, özem gyssagly” diýdiler. Ony etmek üçinem ilki eskizini-hamymýasyny etmeli-dä. Oýlanýan, pikirlenýän, kelle döwýän: “Beh, boýy-syraty, ýüz keşbi, reň-roýy nähili bolduka, janlarym?!” Tapan suratlaryma lupa tutup görýän, internediň bizde ýaňy ýaýrap ugran wagty, ony gyzyl-dörjük edýän, hiç çolpyma düzüwli zat inenok. Goşgularyny birküç gezek okap çykdym, şondan bir zatlar taparyn umydynda, olam bolmady. Wagtam gidip barýar. Ine, bir günem hum ýaly çişen kelläm bilen çeperçilik mekdebiniň talyplaryna sapak berip otyryn weli, birden gözüm tegelenip gitdi. Gabat garşymdaky gyz agyn meniň gözläp ýören keşbim-dä. Alla gyz edip ýaradaýypdyr. Oglan eden bolsa tüýs Garajaoglanyň özi şu! Gözümi ýumdum-da, gyzyň ekiztaýy oglany hyýalymda janlandyrmaga balşadym. Ýüz-gözleri bir almany iki bölen ýaly bolmaly, özem oglan buýra saçlyrak, guýma kenek ýaly, hemem mundanam syratly-uzynak bolmaly. Wessalam! Nädip kagyz-galama ýapyşanymy bilmän galdym. Şeýdip şol gyzdan Garajaoglan ýasadym. Soň ol saçy kesilen, joralaryna Garajaoglany görkezip, “Şu men bolmaly” diýip, jykyr-jykyr gülüp gezipdir. Sebäbi syrymy ýasamankam özüne aýdaýypdym-da... Eserleriň käbiri gör nähili garaşylmadyk, tötänleýin pursatlarda “dünýä inýär”. Käbir zoraýakdan şahyr boljak bolup ýörenlere özüm-ä aglaba “Atamyrat Atabaýyň goşgularyny okap gördüňmi?!” diýýän. Hoş söz eşidip, adam göwni şat bolýar. Gaýgy-hasrat gam-gussalar mat bolýar, Şahyrlaryň goşgusynda, şygrynda Adaty gyzlaram perizat bolýar. Hak beren ylhamdan paýyň bolmaly, Söýen perizadyň ― Aýyň bolmaly. Zelili dek uly şahyr bolmaga Magtymguly ýaly daýyň bolmaly. Men mydama bahar-ýazyň yşgynda, Aýdymyň, mukamyň ― sazyň yşgynda. Tomsyň jöwzasynda garalmadym men, Gara köýük boldum ýaryň yşgynda. Sen oda girseňem, kesewi dälsiň, Almaz daşsyň, gumuň kesegi dälsiň. Haýsy ýerde ýaşasaň-da, gezseň-de, Obaňa, iliňe keseki dälsiň. Eýsem beýle setirleri, heý, Atamyrat Atabaýdan başga şahyr ýazyp bilermi?! 23.07.2021. * * * Gaty uly bolmasa-da, bir diwary dolduryp duran kitaphanam bar. “Iki göç-bir talaň” diýlenem bolandyr. 1990-njy ýyllaryň başynda obadan Aşgabada göçülende köp kitaplar garry öýde galdy. Olar häzirem dur. Soň şäher içinde ýene birküç gezek “göç-hä-göçlük boldy”. Wah, şonda “şular artykmaç-la” diýlip, goýlup gaýdylan kitaplara indi gyýylýan. Bähbit bol-a! Düýn-öňünlikde gerekli bir kitaby tekjelerden dörüşdirip ýörkäm, filologiýa ylymlarynyň doktory, Ylymda we tehikada Türkmenistanyň at gazanan işgäri, ajaýyp adam Soltanşa Atanyýazowyň goly bilen ýazyp ýadygärlik beren “Ýola elten ýodalar” atly kitaby gözüme ildi. Elime alyp, esli durupdyryn. Göwnüme kitapdan beýik adamyň ýognasdan gyryljyk, jana ýag bolup damýan sesi gelip duran ýaly. Ilkinji sahypasynda sünnälenip şeýle ýazylypdyr: “Hormatly Inim (gör-ä, baş harp bilen ýazaýşyny) Gurbannazar Orazgulyýewe uly minnetdarlyk we iň ýagşy niýetler bilen awtordan. Täze ýylyň, täze Asyryň, täze Müňýyllygyň gutly bolsun! Goly. 01.01.2001.”. “Minnetdarlyk” diýlip ýazylmagynyň “hikmeti” bar. Şondan bir ýyl ýaly öňräk Soltanşa aga işleýän ýerimize-“Jennet” bazarynyň gabadyndaky “Metbugat öýüniň” 3-nji gatyndaky “Garagum” žurnalynyň redaksiýasyna geldi. Günortana golaýdy. Iş otagynda men-jogapkär kätip hemem kätibiň orunbasary Akmuhammet Hemidow bardy. Hemişeki şadyýan-şoh Soltanşa aganyň ýüzi salykdy. Goçak portfelinden howlukmaçlyk bilen ele agram berip duran golýazmany çykarşyna, ol habaryny berdi: -Al, iniler, agaňyza kyýamat kömegini şu dünýäde etmeli ýeriňiz-ä gelendir. Işeýen ýerimiň ýolbaşçysy (adyny aýtdy) diýdimzorluga diräp, “Şu kitabyň gapdalyna meniňem adymy goý!” diýip dur. Beýtmegem meň göwnüme syganok. Şu wagta çenli şärikli iş etmedik adam-a men. Şundan bir bölegi dessine žurnalda meň adym bilen çykarsaňyz, şo kişiniň ody öçýär. -Ony edeli. Ýöne “Düýeden uly pil bar” diýleni. Siz derrew Sapar agaň (Sapar Öräýew-baş redaktor) ýanyna giriň-de yjaza alyp çykyň. Galan gaýrat biz bilen. Ol derrew aýdylany etdi. Bizem irikgä bolup garaşyp otyrys. Zanny howlukmaç Hemit (Akmuhammediň tutulýan ady) gitjegem bolsa sakladym. Ahyry çykdy. Özem garader. “Takat edip, iki sagatlap Saparyň goşgusyny diňledim. Soňam öwdüm-de, habarymy aýtdym. “Oň ýaly ýumşuň bolsa bar-da, oglanlara aýt, tasa gelýän bolsa düzederler” diýdi. Galan gaýrat sizden”. Žurnalyň soňky sanynyň korrekturasy okalyp, çaphana iberilipdi. “Tamdyry gyzanda ýap” etdik-de, derrew Metbugat öýüniň direktory Amangeldi Amanowyň adyna “Zerurlyk sebäpli žurnalyň pylança sahypasyny çalşyrmaga rugsat beriň!” diýip, hat ýazdyk-da, Sapar aganam saklap, gol çekdirdik. Hemit düňk ýasap, haty gowşuryp gaýtdy. Şeýdibem aňyrsy bir hepdä galman täze sanymyzda Soltanşa agaň şol kitabyndan bir parça öz ady bilen ýalpyldap çykdy. Bişen aşa şärik bolmak islän hökmürowan şeýdip Soltanşa agaň soň gülüp aýdyşy ýaly, “serpmeden gaýdana döndi”. Ine, “minnetdarlyk” diýeni şeýle. “Men ýagşylygyň aşagynda galjak däl” diýip, soň uly alymam bolsa diýseň kiçigöwün adam “eýtmäň, gerek däl” diýsegem, aýak diräp diýen ýaly meni, Hemidi, Döwran Agalyny öýüne çagyryp, giňden saçagam ýazypdy. Nyýazow adyndaky mejeriş-maslahat beriş merkezinde şepagat uýasy bolup işlän ýanýoldaşym Ogulnabat bir gün işden gelip, gamgynlyk bilen şeýle diýdi: -Ertirden gijä galman Soltanşa agany sorap gaýt. Ol bizde bagyr keselleri bölüminde ýatyr. Derde berlen kesgitleme gowy däl. Biz-Hemit, Döwran hemem men ertesi öýlänrak soramaga bardyk. Derdi bardyr diýer ýaly däl, Soltanşa aga palatasynda daşyna üç-dört kişini üýşürip, gyzykly gürrüňler bilen alaýaz bolup otyr. Ýöne şondan kän wagt geçirmän, ony öýüne ugratdylar. Soň uzagam ýaşamady. Uly alym, galam ýöredişi “beh, gowy ýazyjam eken” diýdirýän dogabitdi zehin, kiçigöwünden uly Adam bolup ýürege siňen Sotanşa aganyň “Şejere” (Aşgabat, “Turan” 1994) atly galyňdan gyzykly, içi durşy bilen biläýmeli, öwrenäýmeli maglumatdyr rowat, tymsallardan... doly kitaby bar. Käte gözleýän “ýitigimi” tapmak, has anyklamak üçin şonyň gatyny açýan. Şeýle ýazgyda nazarym eglenýär: “Hormatly dostum, ajaýyň Adam Gurbannazara minnetdar awtordan”. Ylymda, edebiýatda edip giden işleriň, bitirip giden är işleriň üçin biz saňa minnetdar bolmaly, Soltanşa agamyz! * * * Meň adymy kitabyna ýazyp sowgat beren ilkinji ýazyjy uly ussat, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowdy. Ol 1975-nji ýylyň güýzünde bolupdy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa giren ýylymdy. Ondan öň onuň ýazan ähli kitaplaryny elek edipdim. Şol wagtky “Свобода”-häzirki Magtymguly şaýolunyň ugrundaky hezreti Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda poeziýa baýramçylgy geçiridi. Seýilgähe giräýen ýeride bolsa göçme kitap söwdasy guralyp, ýazyjy-şahyrlar öz kitabyny alýanlara ýazdygärlik ýazgysyny ýazyp berýärdiler. Gowy görýän ýazyjym bolansoň, men Berdinazar Hudaýnazarowyň soňky çykan kitabyny saýladym. (Wah, pulum köp bolsa beýleki ýazyjy-şahyrlaňkynam aljak-la welin) Göwresi ýapy ýaly, boýy gapdaldaky çynarlara bäs edip duran Berdinazar aga “Adyň kim, Inim?” diýip sorady. Derrewem galyň kitabyň başky sahypasynda “Gurbannazar, saňa iň gowy zatlary arzuw edýärin” diýen ýazgy, gol hemem 27.09.1975 diýen sene ýazyldy. Şol kitap obadaky öýde bolmaly. Soň meniň juda sarpalaýan ýazyjym bilen bary-ýogy iki gezejik didarlaşmak, soňky gezek “Garagum” žurnaly üçin goşgularyny almaga öýüne baramda, guýup beren birje käse çaýyny içmek nesip edipdi. Şu günki ýaly göz öňümde. Gapyny aýaly Ogultäç gelneje açdy-da: -Geçiber jigi, Berdinazar öz jaýyndadyr. Men häzir çaý elteýin-diýip, aşhana girdi. Men görkezilen gapydan ätledim. Ätledim-de, sakga duraýdym. Diwanyň üstünde oturan Berdinazar halypa dyzyndan ýokarsy kesilen aýagyna protezini geýjek bolup başagaýdy. Bu görnüşe inim dyglap, ýüregim gyýlyp gitdi. Ýagdaýymy aňdy öýdýän, ýognas ses bilen şeýle diýdi: -Eşidişime görä, sen Hojanepesiň (Meläýew) ýegeni bolmaly, şeýlemi?! Onda sen beýle-beýle zatlara ýürekli bolmaly. Nätjek, durmuşda her hilisi bolaýr. Ýöne “Soňy haýyr bolsun!” diýmelidir. Her nämede bolsa şükürlilik gerekdir. Geç hany, bärik, ahha, gelnejeň çaýam getirdi. Alyp gaýdan goşgularym žurnalda çap bolanda, halypa hoş bolup jaň edipdi, ýürekden “taňryýalkasyn!” aýdypdy. Haýp, şol wagt öýde duran beýleki kitaplaryny goltuklap baryp, ýadygärlik ýazgy alaýmak kellä gelmendir-dä. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |