22:30 Göwündäki gündelik -20/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Akmuhammet Hemidiň egni däl, eli gysyk. * * * Mäne baba Çagryl bilen Togrul bege hökümdarlyk patasyny berende, şeýle wesýet edipdir: “Siz köşkde oturyp, ýurdy dolandyrýan wagtyňyz, esasy tagty garyp bendeleriň göwnünde durýandygyňyzy ýadyňyzdan çykarmaň!” 24.03.2021. * * * Baharyň gudratyna haýran galaýmaly! Öň şahada tiken bolup oturany pyntyga öwürýär-de, ýaşyl ýaprak edýär goýberiberýär. Häzir daşarda şybyrdap ýagyş ýagýar. Açyljak-açyljak bolýan şol nanyşa ýapraklardan üzülip gaýdýan ak damjalar gör nähili owadan! * * * Azerbaýjan şahyry Mirza Ibragimowda şeýle setirler bar: Geýmäge ýüpek ýagşy, Ak daňlar atan ýagşy. Gezmäge ýat ülkeler, Ölmäge Watan ýagşy. 28.03.2021. * * * El telefonyma şeýle SMS ýazgy gelipdir: Ýokdy siziň aldaw-hile alyňyz, Gözüňizden görnüp durdy päliňiz, Nirede gezýäňiz, niçik halkyňyz, Çagalyk ýoldaşlam, köneje dostlam. Görşüp ýörmesek-de ýygy-ýygydan, Ýatdan çykýan däldir, gyzam, ýigidem, Siz baharyň gülleri deý owadan, Çagalyk ýoldaşlam, köneje dostlam. * * * Şeýle bir ýazgyny okadym: Aleksandr Sergeýewiç Puşkin tä ýedi ýaşyna çenli lellim, iýermen, ylma, bilime höwesi gowşak bolupdyr. 31.03.2021. * * * Käbir ýaşulylar: “Hudaýtagalla adamlara ýer paýlanda türkmenler gijräk barypdyrlar. Şonuň üçin hem türkmenlere köp ýer ýeten bolsa-da, suwsyz çöllük ýerden ýetipdir” diýip, degişmä salyp aýdýarlar. Aslyýetinde tebigat türkmenlere dünýäde iň baý tebigatly, bol suwly, uly-uly gämiler gatnaýan Uzboý derýaly, bereketli ýurdy eçilipdir. Muny belli taryhçy Gerodotyň we beýleki alymlaryň, gezendeleriň ýazgylary hem subut edýär. Gerodot öz döwrüniň taryhyny oňat bilen adam eken. Ol Iýerusalim ýykylandan soň 587-nji ýyldan Eýranyň gündogar tarapyndaky Midiýan we Fars welaýatlarynda ömrüniň köp bölegini geçiripdir hem-de 2459 ýyl mundan öň türki halklaryň ýaşan ýerleriniň taryhyny ýazypdyr. Pygamberden 150 ýyldan soň Gerodot öz çaklamasyny beýan edipdir. Ummanlara üns bersek, Uzboý derýasy Yssyköl jülgesinden gözbaşyny alyp gaýdyp, özünde bäş jülgäniň suwuny jemläp, Girkan deňzine, ýagny Hazara–Kaspiý deňzine tarap akypdyr. Ol 5 jülge Amy jülgesinden (Amyderýanyň gadymy ady Gun-şuý bolupdyr. 761-nji ýylda araplar gelende olar derýany “Jeýhun-däli derýa” diýip atlandyrypdyrlar. “Lebap” pars dilinde “kenar ýakasy” diýmekdir. Bu derýanyň öz gözbaşyny Amy jülgesinden alyp gaýdandygy sebäpli, häzire çenli Amyderýa ady bilen bellidir). Zarewşan jülgesinden Syrderýa, Yssykköl jülgesinden Çu derýasy, Murgap jülgesinden Murgap derýasy, Sary derýa ybarat bolup, olaryň barysy Uzboý derýasyna birigipdir. Uzboý derýasy 24 asyr mundan öň dünýäde iň uly derýalaryň biri bolupdyr. Biziň eýýamymyzdan 11 asyr öň Amyderýanyň ýakalaryndaky iň uly şäherleriniň biri Pendi şäheri bolup, onda Dahy hanlyk sürüpdir. Şeýle hem Amyderýanyň ýakalarynda 100-e golaý ownukly-irili şäher ýerleşipdir. Uzboý derýasynyň üsti bilen Çynma-Çyn (Hytaý), Şyndy (Hindi), Arap ýurtlary, Ýewropa ýurtlary bilen söwda gatnaşygy ýola goýlupdyr. Şol döwürde dünýäniň iň ösen döwleti Müsür hasaplanan hem bolsa, derýanyň gämi gatnawynyň üsti bilen geçirilýän söwda üçin tölenýän pajyň netijesinde Uzboýň boýundaky halklar ykdysady taýdan Müsürden hem baý bolupdyr. Uzboýuň kenarlary bambuk, kedr ýaly agaçlaryň tokaýlyklary bilen bezelipdir. Uzboýyň ini 2 kilometr, günbatar taraplarynyň kä ýerlerinde bolsa 6-8 kilometr bolupdyr. Derýanyň çuňlugy 30-40 metre barypdyr. Bu çäklerde biziň eýýamymyzdan öňki VII asyrda ekerançylyk bilen bir wagtda maldarçylyk hem ýokary derejede ösüpdir. Emma 24 asyr mundan öň pygamberiň ýazmagyna görä, “Uzboýdan akan suwy Hudaý saklady, Aral jülgesinde güýçli ýer titreme emele gelip, Amyderýa bilen Syrderýanyň Uzboýa guýýan ýerinde uly oprulyşyk bolup, Uzboý derýasy ugruny üýtgetdi. Aral jülgesine tarap öwrüldi” diýip ýazýar. Şeýle hem öz ýazgylarynda, şondan soň Aral jülgesinde Aral deňziniň emele gelendigini belläp geçýär. Uzboý bolsa gurap galýar, Kaspi-Hazar deňzi hem öňküsinden has kiçelýär. Öňki bol suwly derýanyň kenaryndaky uly tokaýlyklar gurap, derýanyň akan ýerleri çöllüge öwrülip başlaýar. Şeýlelikde, türkmen taýpalarynyň 24-si oturan öz mekanlaryny taşlap, dürli ýurtlara göçüp gitmäge mejbur bolýarlar. Amyderýany Uzboýuň akan ýerlerinden akdyrmaklyk meselesi şol döwürde hem türkmen taýpalaryny oýlandyrypdyr. Ýöne Kaspa çenli şeýle uly derýa bolan Uzboýy suw bilen doldurmak üçin azyndan 300 ýyla golaý wagtyň gerek boljakdygyna akyl ýetirip, alaçsyz indiki ýaşalmaly ýeriň gözlegine çykypdyrlar. Şondan soň öz ýerlerinde galan türkmenlerde ekerançylyk işleri ujypsyzja bolupdyr. Maldarçylyk bilen meşgullananlar bolsa suwuň gözlegine çykyp, çarwadarçylyk düzgünlerini ösdürip, kärizdir guýy gazyp, ýeriň aşagyndaky suwdan peýdalanyp başlapdyrlar. Olar mal bakar ýaly oňat ýerleri gözläp, göçüp-gonup, çarwadarlyk durmuşynda ýaşapdyrlar. Kärizdir guýy gazmak hünäri şol gadymy döwürden öz köküni alyp gaýdýar. Bu hünär ata-babalarymyz tarapyndan kämilleşdirilip, şu günlere çenli öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Häzirki döwürde hem Türkmenistanda maldarçylygy ösdürmek üçin öri meýdanlarynda mallara ýeterlik ot-çöpdür agyz suwunyň bolmagyny üpjün etmeklik esasy meseleleriň biridir. Öri öri meýdanlary suwlulandyrmagyň iň amatly usuly guýy gazyp, ýeriň aşaky gatlagyndaky suwy ýeriň üstüne çykarmakdyr. Bu kesp-kär nijeme asyrlar boýy dowamat-dowamdyr. Türkmenistanda häzir 6 müňe golaý guýy maldarçylyga hyzmat edýär. Şol guýularyň hersiniň öz ady, taryhy, rowaýaty bar. 9.04.2021. * * * Belli edebiýatçy alym, filologiýa ylymlarynyň doktory, ýaş tapawudymyza garamazdan, meniň “Han däde” diýip ýüzlenýän dostum Muhammrtguly-Hanguly Amansähedowyň korrekturasy 600 sahypadan hem geçýän, 37,5 sap listlik ”Beýiklikleriň bütewüligi” atlandyrylan kitabyny redaktirlap otyryn (beýle nesibe üçin özümi bagtly hasaplaýaryn). Gaty täsin, ylmyň çuň depimine düşülip ýazylan kitap. Soňky bölümleri ýatlama şekilli. Şonda şeýle diýilýär: “Adatça belli bir waka, hadysa bilen bagly ýazylan eserleriň ömri jyzlanyňky ýaly bolýar. Ýöne şol waka, şol hadysa bilen baglanşykly ýazylan eserleriň käbiriň bagty çüwýär. Kompozitor Aleksandrow (häzir Russiýanyň Goranmak ministrliginiň dünýä belli ansambly şonuň adyny göterýär) şahyr Lebedýew-Kumçanyň sözlerine “Mukaddes uruş” (Священная война) aýdymyny Beýik Watançylyk urşunyň (1941-1945 ý.) üçünji gününde döredýär. Şeýleikde bu eser bu urşuň iň ilkinji hem iň esasy aýdymyna öwrülýär. Ol aýdym häzirlerem meşhur. Şahyr Atamyrat Atabaýewiň “Garaşsyz” diýen goşgusy şanly Garaşsyzlygymyz jar edilen ilkinji gününde “Türkmenistan” gazetinde çap edildi. Şahyryň bu şygry beýik hem şanly Garaşsyzlygymyza bagyşlanan iň ilkinji hem iň sowly goşgularyň biri boldy. (Bu aýdyma bada-bat Türkmenistanyň halk artisti Babamyrat Hamdamow saz ýazyp, aýdym edip aýtdy. Onuň owazy häzirem gulakdan girip, ýüreklere ornaýar-G. O.) * * * Şol kitapdan ýene bir parça: Basybalyjylygyň iki hili görnüşi bar. Birinjisi, ýerine, baýlygyna eýe bolmak. Muňa mysal, Aleksandr Makedonskiniň, Çingiz hanyň basybalylyjylykly uruşlary degişlidir. Ikinjisi, basyp alan ýeriniň halkyna öz ideýaňy, ideologiýaňy ornaşdyrmak. Araplaryň öz basyp alan ýerlerine yslamy, bolşewikleriň öz eýeçilik eden ýerleine öz syýasy partiýalarynyň ideýalaryny, ideologiýasyny ornaşdyrmagy muňa mysaldyr. 12.04.2021. * * * Dünýä meşhur hudožnik, kepderiniň suratyny parahatçylygyň simwoly hökmünde Bütün dünýäde ykrar etdirmegi başaran Pawlo Pikasso faşistleriň eden müňlerçe elhençlikleriniň bir pursadyny öz kartinasynda şekillendiripdir. Eseri synlan faşistler beýik ussatdan “Bu siziň işiňizmi?” diýip sorapdyrlar. Pikasso “Ýok, bu siziň işiňiz” diýip jogap beripdir. * * * “Türkmenistan” gazetiniň şu ýylyň 10-njy apreldäki sanynda uly hem halypa ussat, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, beýik şahyr Baýram Jütdiýewiň meşhur bagşy Sahy Jepbarowyň ömrüne dahylly üç pursat hakda şeýle şahyrana, juda çeper ýazylan “Ysy başgadyr” ýatlamasy çap edilipdir. Şonda demini sanap ýatan bagşyny soramaga baryşlaryna degişli pursat bar. “Ölüm ýassygynda ýatan bagşy ýeke-ýeke uzadylan elleri sypalap oturşyna gaty kynylk bilen şeýle diýdi: -Iliňize hyzmat ediň, il baryny bilýändir... Eý Hudaý, ömri il-güne, ata ýurda katra-katra siňip giden beýik adam hat-da panydan baka göç edip barýarka-da şeýle diýýärdi. Özüm-ä ol sözleri doga ýaly kabul etdim”. Beýikleriň, ady asyrlara siňip baky galjak ussatlaryň her aýdan sözi, her setiri edil doga-tumar ýaly. Men bu pikirimi hem-ä Sahy dädä, hemem Baýram halypa deň şärikli edip aýdýaryn. Olaryň biri sazyň-aýdymyň ussady, beýlekisi sözüň! 19.04.2021. * * * Dostum, edebiýatçy alym, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň kafedra müdiri Muhammetguly-Hanguly Amansähedow jaň edýär: -Ýap-ýaňyja Didarberdi (Allaberdiýew-şahyr) bilen gulagyňy şaňlatdyk. Türkmenbaşydan jaň etdi. Gep arasynda senden gürrüň çykanda “Kowid” diýlen keseliňem grippden kän bir tapawudy ýok eken. Dümew ýaly degip geçip gidiberýän borly. Ah-ha, Gurbannazary gör, şoň bilen üç gezek keselledi, entegem düňküldäp ýör, tüweleme!” diýdi. Menem “Ajaly, derdi gaýra tesdiribilýän kişileriň bolandygyny, bardygyny bileňokmy näme? Gurbannazaram şolaryň biri bolmaly” diýdim... Bu gürrüňden soň men içimden şeýle diýdim: “Hernä, şol kesel görenem men, derdini çekenem men bolaýyn, il-günden bir sowlup geçsin!” * * * Şu günki “Türkmen dünýäsi” gazetinde “Wysal” atly hekaýam çykypdyr. Ýazyp-pozýan adamyň elem işläp dursa gowy, ýazanam çykyp dursa ondanam gowy. Ýokarda agzan-biziň Han däde diýýän adamymyz, filologiýa ylymlarynyň doktory Amansähedowyň edebiýat ylmyna, döwür bilen kybapdaş döreýän edebi täzeliklere-proseslere seljerme berýän, soňunda “Edebiýatçynyň ýazgylary” atly ýatlama, filisofik sahypalar ýerleşdirilen, agramy gunt ýaly kitabyny redaktirläp gutardym. Ajaýyp, tüýs gerekli kitap! Şonda şeýle ýazylan: “Döredijilik adamy-ýazyjy-şahyr, kompozitor, hudožnik hiç wagt dynç almaýar diýip arkaýyn aýdyp bolar. Diýeli, başga kärdäki islendik kişiler işden soň, hepdäniň ahyryndaky dynç günleri, zähmet rugsadynda wagty hezil edip, dünýäni piňine alman, kellesine dynç berýär. A döredijililige ulaşan adamlar bu bagtdan binesip. Olaryň beýnisi gündiz-gije, işde ýa-da öýde, hat-da “dynç alynýar” diýlen wagtam hemişe pikirde. Täze eserler şeýdip döreýär”. 14.04.2021. * * * Döwran Agaly şu maýyň 10-yna 60 ýaşaýar. Ol hakda “Edebiýat we sungat” gazetine “Bäş müçäniň agramy” atly makala ýazdym. Ömri uzak bolsun! Ine, şeýle galamdaşlar bilen günde-günüşa didarlaşyp, pikir alşyp, käte jedelleşip (elbetde diňe döredijilik, edebiýat, žurnalistika hakda), nesibe çekende ýola ýoldaş bolup bolýanlygy elbetde bagtdan ýeten paý. Käbir kişiler bolýar, bir göreňden owaldan tanyş ýaly ümmüldeşýäň gidiberýäň. Käbirleri bolýar, hiç jynyň jyňkyrşmaýar, ýünüň alyşmaýar. Döwran (il içinde tutulýan ady) weli halypasy Osman Ödäniň aýdyşy ýaly, tüýs ”janyňdan ýasalan ýaly” diýilýän ýigitlerden. Hawa, uzynakdan bugdaýreňk, hemişe bir ýere howlugyp ýörene meňzeş (elbetde içki joşgundan-emosiýadan bolmaly), dilinden bal dökülýän Döwran Agalyýew 60 ýaşanam bolsa hemmeleriň gözüne entegem ýigit görünýär. ...Onuň bilen ilki tanyşlygymyzam “ýagşylyga ýaranlyk” diýilýänden başlanypdy. 1990-njy ýa-da 91-nji ýylyň tomsudy öz-ä. Ol wagtlar Daşoguzda “Kommunizm ýoly” oblast gazetinde işleýärdim. “Ýaş kommunist” gazetiniň şol ýerdäki habarçysy, ezber žurnalist Amannepes Mätgylyjow garaýagyzdan uzyn, agajet, saçlak, egni gaýyş torbaly bir ýigidi yzyna tirkäp iş ýerimize geldi: -Şuňa Döwran Agalyýew diýýärler, “Ýaşkomdan”, gapdalyndan “Ruh” neşirýatynda-da işleýär... Yzyny myhmanyň özi alyp göterdi: -Şol neşirýatda Rejepgeldi Mejik ikiňiziň kitabyňyzy meýilleşdirýäs... Geň galmakdan ýaňa gaşlarym gerlip gitdi. Muny duýaýdy öýdýän, ol çalt-çalt gepledi: -Neşirýatyň ýolbaşçysy Osman Ödäýew ýurdumyzyň zehinli, ýaş ýazyjy-şahyrlarynyň özbaşdak ýygyndysyny çykarmak meýlinde. Şoň üçinem Rejepgeldinem tapaly... Hawa, şeýdip poeziýamyzyň ir süýnen ýyldyzlarynyň biri (ýatan ýeri ýagty bolsun) Rejepgeldi Mejikowyň “Sizi göresim gelýär” diýen goşgular ýygyndysy hemem meniň “Gara ýyldyzlar” atlndyrylan kyssa kitabym şol ýylyň ahyrynda çap bolupdy. Döwranyň sadalygy, başlanan söhbedi derrew telwasladyberşi, gönümelligi, içinde “kir saklamaýşy” tüýs oba ogalnyna muwapyk. 1961-nji ýylyň 10-njy maýynda Kerki etrabynyň Astanababa obasynda doglup, bäş müçäni tegelän, bu gün çyn halyplyga ýeten galamdaşymyzyň öz gürrüňi has süýji, täsin: -5-nji synpda okap ýören döwürlerim bolsa gerek. Öýlän mallar üçin ot ýygmaga gitdim-de, giçlik dolanyp geldim. Soňam howlukmaç garbak-gurbak edinip, oglanlar bilen gapdal köçä kino görmäge gitdik (Ol döwürler toý edýän adam toýdan bir gün öňki gije göçme kino getirerdi. Kinoçy uly ak matany jaýyň diwaryna ýa-da iki sany agaç dikdirip, şoňa gererdi-de, kino görkezerdi). Garaz, şol günki gazetleri öz wagtynda görüp bilmedim. Ertesi irden ukudan oýanyp, gözümi açalak-ýumalak edip eýwana çykdym. Görsem, eýwandaky tapçana ýazylan keçäniň aşagynda gazetler bar. Bada-bat «Mydam taýýar» gazetini elime alyp, göz gezdirmäge başladym. Ine, saňa gerek bolsa, mekdep durmuşyndan iberen habarjygymy çap edipdirler! Şol pursatky begenjimi bir görsediňiz, elim gazetli ylgap daş eýwana çykdym. Daşky eýwanda ejem bilen kakam çaý içip oturan ekenler. Men bosagada duran ýerimden elimdäki gazeti ýokary galgadyp: «Gazetde makalam çykypdyr, makalam!» (Dogrusy, men o wagtlar makala bilen habaryň tapawudyny-da bilemokdym. Gazetde çap edilýänleriň ählisi makaladyr öýderdim) diýip gygyrdym. Şonda kakam oýun etdimi ýa-da çala eşitdimi, biljek däl, ýöne tirsekläp ýatan ýerinden laňňa galyp: «Näme, masgaram çykypdyr diýdiňmi?» diýdi. Men ylgap baryp eline gazeti tutdurdym: «Ýok, makalam çykypdyr, makalam!». Gazeti eline alyp, nämäniň-nämedigine göz ýetirensoň, kakam pahyr şonda juda begenipdi. Arkama kakyp: «Köpräk ýazyberseň, senden bir zatlar çykar» diýipdi... 1984-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlap, Döwran başyny öz aýdyşy ýaly “žurnalistika uran”, has anygy, «Ýaş kommunist» («Watan»), «Syýasy söhbetdeş» gazetlerinde korrektorlykdan başlap, jogapkär kätiblige çeni ýol geçen. 1993-nji ýyldan 2007-nji ýyla çenli «Ruh» neşirýatynda baş redaktor bolup, diýseň talapkär, zehinli ýazyjy Osman Ödäniň elinde taplandy. Häzir bolsa «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi bolup işleýär. Onuň powestdir hekaýalardan ybarat «Sabyr käsesi» atly kitaby 1991-nji ýylda okyjylara gowşanda, “gowy şahyr” diýdirip aramyzdan ir giden Çary Ýegenmyradow gazetleriň birine ýazan synynda şeýle diýipdi: “Bu kitabyň awtory meniň işdeş ýoldaşym. Emma meniň «ýüz görüp, gapyrga syrmak» meýlim ýok. Birinjiden-ä, «Ýüz gören jennet görmez» diýleni. Ikinjidenem, Döwranyň özi-de, «ýerliksiz öwgüden esasly käýinç gowy» diýen pikire uýýar. «Sabyr käsesi» derwaýys meselämize bagyşlanypdyr. Özem oýlanmaga uzak möhlet berip biljek eser”. Onuň işjanlylygy hakyt “telpek goýaýmaly” diýilýänden. Neşirýatda işlän ýyllary ululy-kiçili kitaplaryň 200-den gowragyna redaktorlyk edenligem şöňa güwä. -Goşgy ýazmaga, baryp, 5-nji synpda okaýan döwürlerim synanyşyp başlan-da bolsam, setanda-seýranda bolaýmasa, kyssa eserini ýazamokdym. Gazetde işlän döwürlerim hekaýadyr powestleri ýazmakda-da bagty synap gördüm. Ýöne birbada “büdrän” ýerlerim az bolmady. Aşyrberdi Kürtüň, Ahmet Bekmyradowyň, Osman Ödäniň öwgüli sözlerini eşidenem bolsam, «Ruh» neşirýatynda redaktorlyk bilen ulaşyp, goşgy-da, hekaýa-da ýazmaga elim ýetmedi. Onda-da «Ýaş kommunist» gazetinde işlän ýyllarym şol neşirde, şeýle-de «Edebiýat we sungat», «Halk sesi» gazetlerinde, «Sowet edebiýaty» (häzirki “Garagum”) žurnalynda hekaýalarym çap edildi. «Altyn guşak» neşirýaty 1991-nji ýylda adybir powestden hem-de birnäçe hekaýadan ybarat «Sabyr käsesi» atly kitabymy köpçülikleýin (14 müň nusgada) çap edip, okyjylara ýetirdi. «Suw kyssasynyň» döreýşi üýtgeşik. Derýa boýunda ulalsa-da, suw bilen o diýen gyzyklanyp ýörmeýän žurnalisti günleriň birinde «Türkmen dünýäsi» gazetine täzelikde baş redaktor bellenen halypasy, belli ýazyjy Osman Ödäýew ýanyna çagyrýar-da: -Döwran, gazet üçin suw temasyndan ulurak bir makala ýaz- diýýär. Ol göwünli-göwünsiz: - Hany, bir synanyşyp göreýin-diýýär. Osman aganyň jogaby nagt bolýar: - Synanyşma-da, hökman ýaz. Şeýdibem ylalaşaýmakdan başga alaç galmaýar. Içinden welin, biraz nägile bolýar: «Näme üçin iliň okamajak temasyndan ýaz diýýärkä?» Şeýdip, suw baradaky makala eli barman, bir aý töwerek köwejekläp gezýär. Bir günem Osman aga: «Hany, suw baradaky makalaňy ýazdyňmy?» diýýär. Olam: «Pikirlenip ýörün» diýen bolýar. Ýene bir aý töweregi wagt geçensoň, ýanyna çagyryp: «Nätdiň, ýazdyňmy?» diýýär. Aslynda, ýazmak niýeti bolmansoň, ýene-de: «Pikirlenip ýörün» diýen bolýar. Osman aga eline bir petde kagyz tutdurýar-da: «Al, şulary oka, soňam pikirlenip ýörme-de, gazetiň indiki sanyna suw barada bir sahypalyk makala taýýarla, ýer goýjakdyryn» diýýär. Öýe gelip Osman aganyň beren kagyzlaryna göz gezdirýär. Kileň gazetlerden gyrkylyp alnan, kompýuterde ýyglan suwa degişli zatlar görse. Howlukman okap çykýar weli, başga dünýä düşene dönäýýär. Asyl suw temasy öň pikir edişi ýaly, hiç bir okyjyny gyzyklandyrmajak gurak bir zat däl eken-ä. Gepiň gysgasy, şol maglumatlar suwa gyzyklanma uçgunlaryny döredip goýberiberýär. Şeýdibem, suwa degişli ilkinji makala damjalardan başlanýar. Soň-soňlar suwuň içine şeýle bir girýär welin, asyl “teşneligi” ganmasa nädersiň?! Dünýäde ondan täsin, ondan gyzykly tema bardyram öýtmeýär. Şeýdibem suwa degişli saldamly kyssa döreýär. Awtoryň suwuň gymmatyna, gadymy suw desgalaryna bagyşlap ýazan edebi esasy boýunça Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Suw-ýaşaýyş» atly dokumental filmi hem surata düşürýär. Ol film türkmen telewideniýesinde häli-şindi ýaýlyma goýberilýär. Bu kitaba çöli öwrenmekde dünýäde ykrar edilen belli alym, akademik Agajan Geldiýewiç Babaýew hem okap “Suw temasyndan ajaýyp ensiklopedik eser” diýip baha berýär. * * * Beýle bolaýşyny diýsene! Edebiýata, žurnalistika örküni baglanlaryň ýene biri hem edil şol gün maý aýynyň 10-yna 65 ýaşaýar. Geň göräýmeli, doglan obalaram o diýen daş däl. Oňa “goja” diýmäge diliň barar ýaly däl. Öňden ýetik adamlaryň degşip aýdyşy ýaly, “Hemit (il içinde tutulýan ýörgünli ady) beýlekileriň taksili ýetýän ýerine pyýadalap olardan öň barýar”. Şeýle galjaň, ilgezik, “özgeleriň çaňyna garylmazlyk” gylygy meger, gana siňen bolmaly. Gana siňen hüý-häsiýetem durmuşda, edýän işiňde, bitiribilýän hyzmatyňda hökman özüniň bardygyny görkezýär. Diýjek bolýanymyz, bu gün özi aýtmyşlaýyn, 65 ýaşy “beýlak atan”, şeýdibem çyn halypalyga ýetişen ýazyjy Akmuhammet Hemidowyň islendik eserinde “özüni görüp” bolýar. Käte oslanmadyk bir pikir, ýa-da iň soňunda aýdylmaly zady gep başynda morta aýdyp goýbermek özünde bolşy ýaly, ýazýan eserlerine hem mahsus. Ine, edebiýatyň ala meýdanyna girip, onda-da 40 ýyldan gowrak ozal özüni ykrar etdiren ýazyjynyň “Jeýhuny” diýlen bir edebi lakamy-tahallusam bar. Sebäbi ol 1956-njy ýylyň bark urýan baharynda-maý aýynda Jeýhuny jähekläp oturan Çohpetde obasynda dünýä inýär. Orta mekdepde okap ýörkä-de, Halaç etrap “Zarpçy zähmet” gazetine, “Mydam taýýar” gazetine ony-muny çyrşaşdyryp ugraýar. Ýek-ýarymy çapam bolýar. Ýöne onuň göwün telwasyna garşy çykan ilki kakasy Haýytguly aga bolýar. Orta mekdebi tamamlan ýigide şeýle sowal berýär: -Ýeri onsoň, haýsy okuwa şaýlanýaň, ogul?! Köneje çemedany syryp-süpürip duran Akmuhammet säginmän: -Habarçy-žurnalist boljak (ýazyjy diýmäge het etmeýär), şol ugurdan okaryn-da-diýýär. -Hüm-m, ondan-a inžener ýa buhgalter bolsaň, çöregiňi gury iýmezdiň-dä-diýip, ömrüni hasapçylykda geçiren adam “yralap” görýär. Otlynyň biline basan ogly weli Aşgabada gelşine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine dokumentlerini tabşyrýar. Yhlasyň zor bolsa alynmajak gala barmy? Ine, 3-nji kursy tamamlap barýarkalaram, bir gün Bäşim Şamyradowyň diýseň gyzykly leksiýasyny bölýär-de, gapydan ýapy ýaly göwreli, uly kellesi ýalpyldap duran dekan, professor Gumman Saryýew girýär. Häsiýetine görä-de, ýarym degişmeli gep urýar: -Geljekde hakyky žurnalist ýa aznawur ýazyjy çykjagyňyza ynamymyz bolsa, merkezi WUZ-lara-Moskwanyň, Leningradyň, Swerdlowskiniň uniwersitetleriniň žurnalistika fakultetine okuwa çagyrýarlar. Jaň kakylaryna howlugan Akmuhammet eňýär dekanata tarap. “Şoňa meni ýazyň!” Şeýdibem şol ýylyň sentýabr aýynyň jybarlap duran güýzünde Moskwadan çykýar. 1979-njy ýylyň tüp tomsunda jübüsi diplomly dolanan, ýüregi telwasdan doly ýaş žurnalisti Gäwers raýonynyň “Ýeňiş” gazetine işe ugradýarlar. Munuň maňlaýyndan çykyp, ilki halyplak goluny uzadyp, işe gözükdiren belli žurnalist, tüýs mirasgär, hakyky suhangöý Rejep Gaýypgulyýew bolýar. Köpetdag eteginiň gür bagly düzlükleri, aňyrsy görünmeýän gök-bakjaly meýdanlar, Garagum derýasynyň iki kenarynda ýaýlyp ýatan ekinzarlyklar... garaz, döredeýin diýseň tema hem, ýazaýyn diýseň gahryman hem näçe diýseň bar. Eýýäm özüni görkezip ugran ýigidi köp wagt geçmänka “Mydam taýýar” gazetine bölüm müdiri bolmaga çagyrýarlar. Barýaram. Ine şu ýerde-de “Ýeser ýerde gaý turar” bolup, öňünde ikinji garşylyk keserýär. Ony öz dilinden eşitseň has gyzykly: -Geçen 80-nji ýyllaryň içi. Şol wagtlar häzirki hatar gurlan elitkalaryň-belent jaýlaryň duran ýerine ýanaşyk “Nahalstroý” diýen ýerde “gije göçer” bolaga-da, menem kepbe galdyrdym. Giren ýeriň däliz, her gapdalam bir otag, wessalam! Aşagy polsuz, depesi potolokssyz, üsti şipersiz, diňe saman suwag urlan. Heniz guramadyk diwarlardan çyg ysy gelip dur. Şonda-da gözüme han köşgünden kem däl. Çöçüp-gonma derdeseri sowlan, “kwartirant” diýen atdan dynan kişi-dä. Irden akja köýnek geýip, boýnuma galstuk dakyp, elime päpgämi alyp, apaň-apaň basyp gaýtdym iş ýerime. O mahallar “Mydam taýýara” ýaňyrak geçen döwrümdi. Garalyp duran asman ikindinara guýup ugrady. Meniňem iş bilen serim ýok, iki gözüm asmanda. “Peji gyzdyrara kömür-ä däl, iriräjik agaç-ugajam-a ýok, çagalar nädýärkä?” diýip uly bükgüldi. Eňek atyp zordan iş ahyryna ýetdim. O döwürler ýaňky aýdan ýerime barýan ulagam ýok, göz baglanansoň barjak öýüň-ä däl, köçäňi tapmagam hyllalla. Haýdap-haşlap baryp, işigi açdym-da..., gözümi tegeläp, doňup galaýypdyryn. Daşardaky bir damja içerik iki damja bolup guýlupdyr. Üçekden geçen ýagyş däl-de, gara palçyk. Goş-golamam lüýgüň içinde bulaşyp ýatyr. Peje salnan odunam öl bolansoň ýanybilmän, içeri burugsap dur. Ýanýoldaşym dört ýaşyndaky uluja oglum Bagtyýary, ýaňy alty aýlyjak Perhady gaýym gujaklap, demi bilen ýyladaýjak bolýar. Üşemekden ýaňa balajyklarymyň dodajyklary göm-gök bolup gidipdir. Bar aýdanym: “Turuň, gitdik!” boldy. Gerekli dokumentleri jübä salyp, gapynam gulpladyk-da, goňşulara tabşyrdyk: “Biz indi gelmeris, derdiňize ýarasa şu jaýam siziňki”. Ertesi Halaja ýetip, ejemiň alty otagly giň, içi gor ýaljak jaýyna girdik weli, gözüm ýaşlanyp gitdi... Halajyň raýon gazetinde işlenen dört ýyldan gowrak döwürde Amyderýanyň petde jeňňelleri, Berdinazar Hudaýnazary tüýs şahyr eden şabram derekler, Garagumyň gyrkylyk yzly guba çägeleriniň arasyndaky çopan goşlary, Lebaba mahsus tüýs ekinzarlyklar... dabanyndan ot syçraýan dyzmaç žurnalistiň “örüsine” öwrülýär. Diňe zarisowkalar, oçerkler, publisistik makalalar däl, durmuşyň çuňundan susulyp alnan, gözlüje şaýat bolnan wakalardan dörän hekaýalaram yzly-yzyna döreýär. Dünýä belli akyldarlaryň biriniň “Ýazyjy-şahyrlar obada doglup, soň şäherde ýaşap, ömrüni paýawlamaly” diýen sözi Akmuhammedi hiç gününe goýmaýar. Şeýdip ýene Aşgabada dolanýar. “Aşgabat” gazetinde, “Ýaşlyk”, soň “Garagum” žurnallarynda işledi. Häzir “Diýar” žurnalynda bölüm redaktory. “Gyz ýüregi”, “Saňa garaşýan”, “Durmuşyň ýapyk gapylary” atly kyssa eserlerinden ybarat kitaplary dürli ýyllarda okyjylara gowuşdy. ...Bir gezek şeýle waka bolýar. “Kellesi gyzyp duran”, özüne göwni ýetýän, hakyt basan ýerinden ot çykarýan ýigit alym bolmagyň kül-külüne düşýär. Ylymlar akademiýamyzyň aspiranrurasyna girýärem. Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda işleýärem. Galamyny hekaýadan ylmy-edebi seljerişe gönükdiren Akmuhammet Hemidow kandidatlyk işi üçin tema hem alýar. Döwrümiziň edebi akymya özboluşlylyk getiren zehinli ýazyjylarymyz Osman Ödäýew bilen Kömek Kulyýewiň milli proza žanryna getiren täzeçilliklerini, döredijilik özboluşlylyklaryny, eserleriniň dil-çeperçilik tärlerini ilik-düwme derňeýär. Şeýdibem onuň «Segseninji ýyllar ýaşlar prozasynyň çeperçilik gözlegleri» atly monografiýasy döreýär. “Depimi çuňdan alnan” ylmy seljerme filologiýa ylymlarynyň doktorlary Jora Allakow, Durdymuhammet Nuralyýew, Ahmet Mämmedow ýaly ylym läheňleriniňem göwünlerinden turýar. “Indi-hä ylym dünýäsiniň altyn işigindenem giräýsek gerek” diýip ýören ýüregi suwluja aspirant barýar bir gün Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň direktory, filologiýa ylymlarynyň doktory Aşyr Orazowyň ýanyna. Aşa sypaýy, diýseň dili süýji, ylym güzerinden ganyk ýolbaşçy alym Akmuhammet girenden elindäki “Garagum” žurnalynda okap oturan sahypasyna bir zatlary howlukmaçlyk bilen ýazýar-da, ýerinden turýar: -Waý, jan inim, gulagyňy ýeke özümiň şaňladyp oturypanymy nädip bildiň. Şu žurnalda seniň iki sany hekaýaň çykan eken. Öňem-ä okaýadym ýazanlaryňy. Gutlaýan, çyn ýazyjy bolupsyň. Şonuň üçinem, akademiýa getiren galamyňy jübüňe sal, edebiýat meýdanyna geleňde çykaran galamyňam ýene-de ýitelt-de, gara gaýrat boluber. Goý, alymlar ýazyjy Akmuhammet Hemidowyň döredijiligi hakda ylmy iş ýazsynlar, dissertasiýa gorasynlar, sen bolsa meň ýaňky aýdyşym ýaly, “meýdanyňy” täzeleme, derejäni-abraýy edebiýatdan gözle. Bolany! Dünýäsi täzelenene dönen ýazyjy şondan soň galamyna hasam bat berýär. Žurnalyň sahypasyna bolsa alym şeýle ýazypdyr: “Ylym ussatlygyndan söz ussatlygy rüstem Akmuhammet Hemit ogluna edebiýat meýdanynda agaýana ýaýnamagyny arzuw edýärin”. Ine, bu baha hem arzuwa 65 ýaşan ýazyjy tüýs mynasyp. Çohpetdeden gaýdan ýol şeýdip edebiýat älemine gelip birigýär. * * * Geçen dynç güni (2.05.) Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde “Dutaryň owazy” atly çeper-dokumental filmiň premerasy-kabul edişligi boldy. Dowamlylygy 1 sagada golaýlaýan bu filmiň edebi esasy meniňki. Ýene bir şatlykly habar Atamyrat Atabaýew hakynda dokumental filmiň surata düşüriljekdigi. Onyň ssenarisini-edebi esasyny ýazmagy hem maňa tabşyrdylar. Hernä türkmeniň bu uly şahyry hakda dörejek täze eser abraýly bolsun-da! “Edebiýat we sungat” gazetiniň geçen sanynda “Çägeden çykan tylla” atly hekaýamy öwen hem, tankydy bellik aýdan hem (A. Hemidow) boldy. Seslenme döredibilen bolsa azabym ýerine düşendir diýmek. Garynja gaýratyny edip gymyldabereli, saglyk bolup dursa. 3.05.2021. * * * Agşamara peýwagtyna gezelenç edip ýördüm. Çola köçeden dazlap gelýän ýeňil ulag gabadymda saklandy-da, biri oturan ýerinden boýnuny uzadyp, salgy sorady. Men anyklap düşündirdim. Ol-a alkyş aýdyp gitdi, meniňem ökjäm ýeňlän ýaly bolaýdy. * * * Ýene bir gezek aýlanjyrap, ýörkäm, ýanýodadan gelýän ýaňy dil bitenje çaga patanaklap deňime gelende, naşyja ses bilen salam berdi (haýsy dilde bolanda-da ol kelam gör nähili gulaga ýakymly). Men mähir bilen jogap berdim. Ikimizem hoşal bolduk. 6.05.2021. * * * “Maňgyşlak türkmenleri XVIII-XIX asyrlarda” (A. Begjenow, A. 1993) kitabynda berilýän maglumata görä, şol döwürde ykdysasy ýagdaýlar kesgitlelende, ilatyň mal sany göz öňünde tututlypdyr. Şonda 100 gylýally, 20 düýeli we 500 goýunly adamlar baýlar, 10-dan 100-e çenli gylýaly bolan, 10-20 düýeli,100-den 300-e çenli goýun-geçili adamlar orta derejeli, 5-den 10-a çenli gylýaly, 10 düýeli, 100 goýunlylar pes derejede barly adamlar hasaplanypdyr. Gapysy malsyz bolup, beýlekilere gulluk edýänler garyp hasaplanypdyr. XIX asyryň ikinji ýarymynda Maňgyşlak türkmenleriniň 2 göterimi baý, 48 göterimi ýeterlik derejedäki, 30 göterimi pes derejedäki barly maşgalalardan, 20 göterimi bolsa garyplardan ybarat bolupdyr. XIX asyryň 6-njy ýyllarynda Maňgyşlak türkmenleri her hojalyk boýunça ýylda 1 manat 50 köpük möçberinde salgyt töläpdirler. 1885-nji ýyldan gazaklar 5 manat, türkmenler bolsa 3 manat salgyt töläp başlapdyrlar. XVI asyrda Rus patyşasy Iwan IV-niň rugsat bermegi bilen, Kaspi deňziniň üstünden orta Aziýa gelen iňlis syýahatçysy Ženkinson Buharadan Maňgyşlaga çenli bäş hepdeden gowrak düýeli ýol ýöräp, şol ýerden hem deňiz arkaly 1559-njy ýylda Astrahana barandygyny ýazypdyr. * * * Şu günki “Edebiýat we sungat” gazetinde Juma Hudaýgulynyň ”Ojaklar öçmesin” atly hekaýasyny okap, gözüm ýaşlanyp, inim dyglap gitdi. Halypa tüýs ýazyjy-la! “Bu gapyda goýun bolup ýerlejekdim, maýa bolup bozlajakdym, köpelip köl boljakdym, “Hümmetler” diýdirjekdim. Nädeýin bolmady! Täleýim ters geldi. Tümmül bugdaýym göklügine oruldy. Argyşa giden kerwenim gaýdyp gelmedi. Agyr meýlisim sowuldy, bazar-dükanym ýapyldy...” Urşa mundan artyk lagnat bolarmy?! Özem adamsy frontda ýogalan, ýeke dikraryny-ogluny urşuň yzyndaky ýowuzlygyň ajalyna kadyran zenanyň dilinden ýagýan nalyş! Meger, hekaýanyň awtor tarapyndan goýlan ady başgarak bolmaly, soň üýtgedilen bolaýmasa. Sebäbi Juma akga süýji ýazyşy ýaly, üýtgeşik sözbaşy goýmagada öňde. Hany bir özüni gutlap jaň edeýin, sebäbinem bilibiris. Beýle ajap eser ýazan ussada näçe hoş söz aýtsaňam bärden gaýdar. 7.05.2021. * * * Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde 19 ýaşly bir akly üýtgäniň öňki okan mekdep-gimnaziýasyna eli ýaragly baryp, 9 sany çaganyň, iki sany mugallymyň janyna kast etmegi, şonçarak çaganyň ýaralamagy heý akla sygjak zatmy?! Beýle zalymlyga eli barýan, ýüregi dözýän iki aýaklam bolsa ynsan däldir, wagşydyr. Ýok, wagşy haýwanam, diýeli, aýy hem çaga hüjüm etmeýär, ýylan uklap ýatana degmeýär, gurt-möjek halsyz ýatan, ene-atasy tapylmadyk çagany sürenine äkidip, edil öz çagasy ýaly emdirýär, mähremlik bildirýär. Ýeri, adyna “ynsan” dakylanyň mahluk-haýwançada bolup bilmeýşiniň, gaýram, şolaryň etmejek zalymlygyny etmeginiň syry nämedekä?! Hernä Alla şol şehit bolan bolanlardyr olaryň ylym ussatlaryna iman baýlygyny bersin, ejir çekenler tizräk aýak üstüne galyp gitsin! 13.05. 2021. * * * Edebiýatçy alym Muhammetguly-Hanguly Amansähedowyň ýazgylaryndan: -Kesel ýatan şahyr Atamyrat Atabaýewi soramaga şahyr Nobatguly Rejepow bilen bardyk. Atamyrat biz bilen ümläp düşünişýär. Nobatguly: - Atamyrat, bu Hanjan, tanamadyňmy? – diýdi. Atamyrat meniň elimi gysdy. Gözünden ýaş paýrady. Men: -Ýoldaş, Atabaýew (Men käteler degişjek bolanymda, “Ýoldaş, Atabaýew” diýýärin, bu oňa hoş ýakýar) sen edebiýatyň taryhyn-a girdiň – diýdim. Atamyrat baş atdy. Soňra garşysynda oturan Nobatgula ümledi. Bu onuň “Nobatgulam taryha girdi” diýdigi boldy. Bu ýagdaýy synlap oturan Bibiniň (Atamyradyň ýanýoldaşy, şahyr Bibi Orazdurdyýewa) gözünde ýaş göründi. Iki ulynyň biri-birlerini ulaldyşlaryny görüp, meniň bokurdagym doldy. Bu Atamyrat ikimiziň iň soňky duşuşygymyz boldy. * * * Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejepow jaň edýär: - Hanjan, ýaz! (“Hanjan” diýýäni men). – Ýazýaryn. – Geçdi gitdi ömrüň gözel möwriti, Ýaşaýyş gutardy, galdy töwiri. ...Bu maňa Nobat akganyň iň soňky jaň edişi boldy. * * * Edebiýatda-söz meýdanynda her dürli, düýpden oslanmaýan wakalar, hadysalaram bolýar. Ynha, Han dädäniň-Hanguly Amansähedowyň “Beýiklikleriň bütewüligi” atly saldamly kitabynda şeýle diýilýär: “Meşhur rus ýazyjysy, uly söz ussady Mihail Şolohowyň “Ýuwaş Don” romanynyň awtorynyň patyşa goşunynyň haýsydyr bir ofiseridigi hakynda “myş-myşlar” ýaýraýar. Bu şow barha güýç alyp, 1979-njy ýylda Parižde “D” diýen gizlin belgili awtoryň “Стремя Тихого Дона” ady bilen kitaby çykýar. Şol Fedor Krýukow diýen rus kazagynyň “Ýuwaş Donuň” awtorydygyny subut etmäge synanyşylyp, bu pikire beýik rus ýazyjysy hem syýasatçysy Aleksandr Solžnisiniň hem goşulýandygy aýdylýar. Bu pikir dünýä jemgyýetçiligine ýaýraýar. Ýaşy bir çene baran M. Şolohow agyr ýagdaýa düşýär. Şondan soň Skandinawiýada iki şwed, iki norweg edebiýatçy alymy elektron maşyndan baş çykarýan ýörite hünärli adamlaryň ýardamy bilen bu guralda M. Şolohowyň hemme eserleriniň sözlük düzümini derňäp, deňeşdirip, “Ýuwaş Donuň” hakyky awtorynyň M. Şolohowdygyny subut edýärler. (Anyk çeşme “Вопросы литературе” žurnalynyň 1990-njy ýylyň maý sanynda bar). 19.05.2021. * * * Eý görýän uluja agtygym Aýjäjek käte “Ata, şu gün matematikadan 5-lik aldym” diýse, özümiň okuwçy döwrüm ýadyma düşüp gidýär. ...Matematika, fizika, geometriýa diýilse kejebäm darygyberedi. Sol sapaklara girjek bolsam, ýaga depjek ýaly ýaýdanjyrabererdim. Sebäbi sol sapaklara gelse duran ýerimdi. Häzirlerem düýşümde şolardasn 2-lik alyp, tisginip turýaryn. Matematika, geometriýa sapaklaryndan Gazak mugallym Öwelekow okadardy. Gözüme şol wagt şondan ýaman adam ýok ýalydy. Onuň öz aýdyşy ýaly, “gömük” bolsaň, eýsem şo bor-da. Her sapakda-da içiňi ýakaýyn diýen ýaly meni tagta çagyryp, mesele ýa mysa işledýär. Durun bilmämsoň ýüzümi sallap, igenç ýassygy bolup. Garaz, sapakdan “kör 3-lük “ alybilsem armanym ýokdy. Bir gezegem fizikadan 5-lik tamakinçiligi bilen (bu sapagyň diňe gürrüň bermeli temasy bolsa öňüme okuwçy geçiremokdym, büdredýäni formulaly ýerleri) temadaky formulany çep aýamyň içine syýa bilen ýazdym-da, ýüregime daş baglap, “Men jogap berjek” diýip, elimi galdyrdym. Mugallmymyz Kakyş Gurbanowam geň galdy, klasdaşlarymam. Tagta çykyp, sag elimde hek, çep elimiň aýasyny çalarak açyp, mesele çözüp gidip otyryn. Mugallymyň ýeňsesi tagta tarap bolansoň, gorkym ýok, görýän däldir öýdüp. Ýöne “biz ýaly maly kän bakan” mugallym aňan eken. Boldum edemsoň: -Garaz, yhlasyň üçin saňa 4-lik goýjak, Gaýdyp ýöne aýaňa ýazma, bilýän bolsaň kelläňe ýazylýandyr-diýdi weli, baý, utandym-a! Höwesiň bolanda-da, bolmaýan zady näçe jan etseňem öwrenip bolmaýan eken. Özgeleri bilemok, meniň üçin-ä şeýle. * * * Şu gün gazetde aýdymçy Myrat Diwanaýewiň suratyny göremde, bir waka güpbe ýadyma düşdi. ...Mundan on ýyl çemesi ozalrak, özem güýz başlarynda şäheriň “100 fontan” alleýasy bilen häzirki Andalyp köçesiniň aralygyndaky, “Gowdan” bazarynyň günbataryndaky çaklaňjadan ümsüm kafede otyrdyk. Agşamarady. Biriniň-ä doglan günüdi öz-ä, ýadymda däl. Gowja keýpimizi köklän çagtymyz eli gitaraly Myrat Diwanaýew peýda boldy. Men ony çalarak tanaýardym. Çagyrdyk, hödür-kerem etdik. Olam deregine aýdym sowgat edip ugrady. Ýognas sesi öňki keýpiňe goşulyp, goşalandyryp goýberýär. Şonda bir aýdymdan soň ol: -Wah, bu aýdymy Myrat Sadyga aýtdyraýsaň-diýdi. Keýpi zaraňlan, agzy gyzan ussat şonda şeýle täsin wakalary gürrüň berdi: -Meşhur kinorežissýor Leonid Bykow ady, şöhraty Äleme dolan “Urşa diňe garrylar gidýärler” ( В бой идут одни “старики“) çeper filmi surat düşürilende, kinoda aýdylýan “Garaýagyz gyz” (“Смуглянка“) aýdymyny ýerine ýetirýän açdymçyny tapman, gaty kösenipdir. "Men-mem“ diýen aýdymçylary getirip aýtdyrsalapam, ýazgysyny diňletserelem, “bolanok” diýip, baş ýaýkap otyrmyş. Bütinsoýuz radiosynyň ýazgylaryndan Myrat Sadykowyň aýdan şol ýadymynyň ýazgysyny getirip diňledipdirler weli, zöwwe ýerinden turup, “Ine bu bolýa, hakyky rus äheninde aýdýar” diýip, böküberipdir. “Bu aýdymçy rus däl, türkmen” diýselerem, kes-kelläm ynanmandyr. 1990-njy ýyllarda marşal Konstantin Rokosowskiý hakda Soýuzyň merkezi telewideniýesinde gepleşik gidip durka, dowamynda Tirkeş Sadygyň aýtmagynda “Случайный вальс” aýdymy ýaňlanyp ugraýar. Derrew ýadymça jaň edip, “Telewizoryňy aç-da, özüňi diňle” diýýärler. Ol ynanmandyram, telewizorynam açmandyr. Aradan birnäçe gün geçenden soň şol gepleşigi gaýtalap beripdirler. Şonda geçen gezekki wakadan çalarak habarly belli aýdymçy Roza Töräýewa jaň edip, “Myrat, seň aýdymyň gidip dur, telewizory gör, diňle!” diýse, parh etmän, “Ýalňyşýansyň, men däldirin” diýip, trubkany goýupdyr. Şol gepleşik köp sanly tomaşaçylaryň haýyşy boýunça üçünji gezek efire berlende, ýene-de Rozanyň haýyşyna yrylyp, ol telewizory açyp, “hä-ä, men ekenim” diýipdir. Şondan köp wagt geçmänkä Soýuzyň merkezi telewideniýesine aýdymlaryny ýazgy etdirmäge çagyrylan Roza Töräýewa munuň bilen bagly wakany jikme-jik gürrüň berýärler. Marsal Rokosowskiý hakdaky şol uly gepleşik taýýarlanyp, indi efire gitmeli edilende, gepleşigiň redaktory “Myrat Sadykowyň ýerine ýetirmeginde şol aýdymy goşmasak, gepleşik efire gitmez. Uruş ýyllarynyň gahrymançylygy sol ýadymyň süňňüne siňen. Ol aýdymam Myrat Sadykowdan gowy aýdyp bilýän başga ýok” diýip, çürt-kesik aýdypdyr. Onuň bilen ylalaşypdyrlar hem-de soň bu teklibi üçin “sag bolsun” aýdypdyrlar. Ussatlygyň ykrar edilmegi uly bagt! 21. 05.2021. * * * “Garagum” žurnalynyň şu aýdaky-maý sanynda “Ömür menziliniň käbir pursatlary” ady bilen şahyr Baýram Jütdiýew bilen söhbetdeşlik berlipdir. Ony bu uly halypanyň şägirdi, şahyr Akmyrat Hojanyýaz gurapdyr. Gowy, okanyňa degýän, haýsy ýaşda bolsaňam içinden özüň üçin “dok maňyz” alaýmaly söhbetdeşlik. Baýram halypa indi togsanyň onundan girdi. Uly söz ussadynyň edebiýat hakda-da, döwür hakda-da, ýaşuly-ýaşkiçilik hakda-da, halypa-şägirtlik hakda-da... aýdara gory näçe diýseň bar. Söhbetdeşligiň başynda halypa şeýle diýýär: “Durmuşdan uly halypa ýok. Durmuşdan öwrenen zadyňy hiç halypa öwredip bilmeýär. Men-köp kynçylyklary gören adam. Beýik Watançylyk urşy döwrüniň aç çagasy boldum. Guzy dişlerimi meýdan otlary dökdi. Yzysüre aýylganç ýer titremesini başdan geçirdim. On ýaşly oglandym. Kesegiň astynda galdym, agzyma gum gidip başlady. Kakam pahyr çykarmadyk bolsa, ýene sanlyja minutdan näme boljagym bellidi. Şonda meni kesegiň aşagyndan sogrup alanda: “Kaka!” diýdim. Ol “Jana” diýdi. Bagry bilen süýşüp, bütin Ýewropany geçen, Berline ýeten mert kakam ömründe beýle diýen adam däl. Men şonda kakamdan ilkinji gezek şol sözi eşitdim. Il-günüň başyna düşen uly betbagtçylyk garrynam, ýaşam ejizledýän eken”. Menem Baýram Jütdä belet. Aşgabada gelip, edebiýat meýdanyna aýagym degip ugran, ýaňy birlän-ikilän ktaplarym çykan wagtlary “Diýar” žurnalynda Baýram halypa baş redaktordy (soň nesibe çekip bu wezipede on dört ýyl basalykly işlemek bagtymyzam bar eken). Men “Garagum” žurnalynda jogapkär kätipdim. Gezendedim. Kä Marydan, kä Daşoguzdan, sähel az wagtlyk bolsa-da günün gidip, Ahaldan çykardym. Geldigimem ýazardym. Ýaşlyk möwç berýändir-dä! Şonda “Şuň ýaly publisistika biziň žurnalymyza-da gerek” diýip, Baýram halypa meni “Diýara” ýarym aýlyga işe-de alypdy. Garyp döwrüň bu hem ruhy, hem maddy goldaw ahyry! Heniz okuwçy mahallarymyz-70-nji ýyllaryň başlarynda şahyryň “Dogaýy diwan” kitaby elden düşmezdi. Şondaky Bir çemen goşaýyn al bossanyňa, Bir şygyr goşaýyn gül dessanyňa, Buýsanýan seň bilen tanalýanyma, Ah, ala meýdanlar, ala meýdanlar -diýen setirini, has soňraklar” Seniň on ýedide aglan agyňy Otuz bäşde bagra urup soraryn setirlerini ýatdan aýdardyk. Häzirem ýadymyzda. Belli söz ussady Hangeldi Garabaý hakda: Gadymy Ürgenjiň diňine meňzäp, Horezmin ýurdunda Han däde bardyr diýen setirlerine sered-ä! Şu söbetdeşlikde “Halypalar bar. Kerim aga, Mämmet aga, Berdinazar aga, Rehmet Seýit... Bularyň hersinden öwrenen zatlarym bar. Şol sanda öz deň-duşlarym-Halyl Kuly, Gurbannazar Eziz-bulardan öwrenen zatlarymam bar. Öz şägirtlerimden öwrenen zatlarymam bar. Şägirtlerimden öwrenen zatlarym barada aýdanymda, birinji ýerde Akmyrat gardaşym sen durýaň. Senden soňky, ý nesilleriň içinde Kakamyrat Rejebowdan öwrenen zatlarymam bar. Ol biziň agtygymyz ýaly adam, emma ondan öwrenen zatlarym bir ýa iki däl. Tüweleme! Men ýaş başyndan kämiiige ýeten şahyr (ýaş şahyr diýesim gelenok) Kakamyrat Rejebowa kitap sowgat berenimde, ine, şeýle ýazdym:”Şahyr Kakamyrat, Hudaý halap, bizden aňry git!”. Halypalardan şeýle söz eşitmek şägirtler üçin hem ykrar, hem bagt! Umuman, gazet-žurnallarda şeýle zatlaryň berlip durulmagy zerur. Halypalar hatyralansa, şägirtlere hoş söz aýdylsa ne söz! Berdinazar halypanyň setirleri bar-a: Hoş söz aýdyň, depesine täç bolar diýip. Belki soň giç bolmagy ahmal. Ynha, ertir Torum Ýaýlan Bataşynyň ýedisi bellenýär diýdiler. Gowy şahyrdy. Başgalara meňzemeýän gowy şahyrdy. Arman, altmyşa ýetmänkä, agyr dert-süýji keseli ony aramyzdan alyp gitdi. Jaýy jennet bolsun! 26.05.2021. * * * Taryhda “Hanlar hany” adyna eýe bolan, baýram han Türkmen imperator-hökmüdar Munammet Humaýunyň ogly Akbara ýazan hatynda şeýle diýipdir: “Siz bilip goýuň, türki kowumlarda öz iýen duzuna kast edýän adamyň bolmaýandygy bütin Äleme mälimdir”. Hindistanda bebik Mogollar imperiýasyny döreden Baýram hanyň şahyrlygam juda aňyrdan bolan. Gazallarynyň birinde şeýle setirler bar: Eý jepaýy, gaýry birle aşnalyk kylmagyl, Aşna bolgan ýaranlardan jydalyk kylmagyl. * * * Tejenden birine sargap kekenäniň balyny getirdipdirler. Aýdyşlaryna görä, ol garaz, üýtgeşikmişin, köp zada täsiri barmyş. Ýogsam, gurbany boldugym, ady “bal” bolsa onuňam heý, hordasy bolarmy diýsene?! Dadyp gördüm. Reňki gyzgylt kakýar. Tagamy çalaja ajymtyk berýär. Dagy nä, toprakda bitýän iň ajy ösümlikden ýyganalar-da, şonça bolmzamy diý-ä?! Ýöne iň bir halanmaýan, tagamyndan–ajysyndan mal hem gaçýan kekenäniň gülüniň beýle üýtgeşik hikmetlidigine haýran galdym. Jandarlaryň içinde iň duýgury, iň näzigi bolan balarysy şonuň gülünden tenekar ýygnaýan bolsa gül diýleni bihal däl bolmaly. 16.06.2021. Muhammet Gazaly “Ylym hakda kitabynda” şeýle diýýär: “Mugallymda üç häsiýet jemlense, kämillige ýeter: Ylym öwretmäge sabyrlylyk, pespällik, gözel ahlak. Talypda üç häsiýet jemlense kämillige ýetişer: akyl, edep, düşbülik. “Atasynyň çagalarynyň hemmesini gowy görşi, olary maksada gönükdirişi ýaly, mugallymyň hem ähli şägirtlerini gowy görmegi, olary maksada gönükdirmegi wajypdyr”. Alymyň pelsepesine görä, ussat nagyşdyr, şägirt bolsa nagyş öwrenijidir. Ussadyň başga bir meňzetmesine görä, ussat agaçdyr, şägirt bolsa onuň kölegesidir. Egri ösen agajyň dogry kölegesi bolmaz. Gündogaryň beýik danasy Jeleletdirn Rumy hem şägirdiň güýçli başarnyga eýe bolmagynyň düýp gönezliginde halypanyň yhlas-göreldesiniň durandygyny belleýär. Şägirdiniň döredijilik ukybyny açmak, goýlan maksada ýetirmek, bu mugallymyň-halypanyň azabynyň rehnedini görmegidir. Hormatly Prezidentimiziň hem kalba jüňk bolýan nurana sözleri bar: “Perzende söz edebini, hereket edebini, kalp edebini öwretmek, ilknji nobatda ena-atanyň borjy bolup durýar”. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |