22:44 Göwündäki gündelik -21/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Kompýuteriň arhiwini dörüp, öňki ýazan zatlarymy saýhallap otyrkam, “GARAZ, BIR ZAT OKASAŇ” diýlen sözbaşy bilen ýazan oýlanma-makalam öňümden çykdy. Okamak diýlen iň bir gerekli zadyň hiç wagt giç däldigi üçin ony belki şu ýazgylaryň okyjylary-da ikap görerler. Bilmeýän zadyňy tapmak (elbetde gürrüň maddy däl-de, ruhy hazyna hakda barýar), akyl käsäň gowuz ýerini doldurmak, içki päkizeligiň moral-ahlak akabasyny batlandyrmak üçin ilki bilen Kitaba ýapyşylýandygyny hiç kim inkär edip bilmese gerek. Akly dana türkmen «Bilegi güýçli birini, bilimi güýçli müňini ýykar» diýlen nakyly ýönelige döredip giden däldir. Bilim—bu Kitapdyr. Tutuş Gündogaryň däl, pähimdar eýsem dünýäniň şahyry saýylýan Magtymguly—Pyragy şeýle diýýär: —Kitap okan gullar magnydan dokdyr. Dünýä belli ýazyjy Maksim Gorkiniň ýazgylarynda şeýle setirler bar: —Kitap bilimler çeşmesidir. Men ähli bilýän zatlarym we iň gowy häsiýetlerim üçin kitaplara minnetdardyryn. Türkmeniň meşhur şahyry Gurbannazar Ezizow bolsa bu pikirleri has ösdürip, edebi döredijilik hakdaky ýatlamalarynda—Gornaniň bilimler çeşmesidir diýenine ilki wagtlarda özüniň känbir pitiwa etmändigini, ýöne soňra okamaga imrinip, durmuşda iň gowy dostuň kitapdygyny, şol dostuň hiç wagt hile etmeýändigini, biwepalyk diýen zady bilmeýändigini, şonuň üçinem gamly günüňem, şat pursatlaryňam şoňa sygynsaň bagt tapýandygyňy ýazýar. Kitap hakda, kitaphana hakda, olaryň ynsan aňyýetine edýän täsiri hakda ymykly gürrrüň ediljek bolsa, hökman gepiň köküni yzarlap, has aňyrrak—taryhyň çuňuna gitmek lazm. Dünýäni oda beren Çingiz hanyň gulsatlary Merwe aýak sekmezden öň, Gündogaryň ýyldyzy hasaplanan bu şäherde 48 kitaphana bolup, olarda ylmyň onlarça ugruna bagyşlanan, şeýle hem dürli döwürde ýaşap öten, ýaşap ýören şahyrlaryň, pelsepeçileriň kitaplarynyň golýazma görnüşleriniň sany bir milliondanam geçýän eken. Ine, şäheri zabt edip alan badyna Çingiz han ilki bilen şol ylym ojagyny ýakyp-ýandyrmagy buýurýar. Belli alym Mir Gulam Muhammet Gubary «Owganystan taryh ýolunda» atly üç tomluk ylmy kitabynda Teýmirleňiň hem Ürgenji, Balhy, Nyşapury basyp alanda hut şeýle edendigini gynanmak bilen ýazýar. Taryh Gitleriň hökümýet başyna gelen wagty—1933-nji ýyllardan soň Germaniýanyň kitaphanalarynda Marksyň, Geýnäniň, Şilleriň, Gorkiniň, Gýotäniň we beýleki äleme belli şahsyýetleriň ýazan kitaplaryny hut oda okladandygyna şaýat. Şeýle mysallary başga-da getirip bolar. Onsoň otutup-turup oýa batýaň. Näme üçin beýtdilerkä? Şonda ahyry şeýle netijä gelýäň: Duşmanlar ilki kitaphanany weýrana öwrüp, kitaplary-nijeme nesilleriň eşrepii deýin zerrin ýygnan aňýet hazynasyny küle öwürýär. Ruhyýeti çökerilen, gaýdyp galmaza dönderilen halky boýun egdirmek onsoň o diýen kyn düşüp duranok. Düýp deregi bolan ykdysadyýeti derrew dikeldip bolýar, al emma, köküne palta urlan aňyýeti dikeldip bolmaýar, oňa onlarça, belki ýüzlerçe ýyllar gerek. Aýdyşlaryna görä, Çingiz han Ürgenji basyp alanda Nejmetdin Kubranyň kyrk şägitdi-kyrk molla bu ýerdäki ady äleme çawlan kitaphana bilen bile gurban bolapdyrlar. Kerematly üç ýüz altmyş öwülýä barsaň, depe bolup ýatan «Kyrk molla» şehitligini görüp iniň dyglap gidýär. Bu ýerdäki Mamun akademiýasynda ýygnalan, oturlyp göçürilen,ýazylan, ahyrsoňam at toýnagyna garlan, ýakylyp küle öwrülen kitaplaryň sanyny bilýan ýok. Belki üç-dört million bolandyr?! Şeýle rowaýat weli galypdyr. ...Ady älem baglan şeýh Nejmeddin Kubra öz şägirtlerine hatdatlyk- owadan ýazmagyň ussatlygyny hemem ýatkeşligi öwretmek üçin olara aldygyna kitap göçürder eken. Soňky işiň sogaby hakda-ha gürrüňem ýok. Özem şol iş aglaba piriň öz gurduran uly howzunyň ýakasynda, şabrap oturan derekmidir saýasyna gün düşmeýän güjümleriň aşagynda ýerine ýetiriler eken. Ine, bir günem piriň ýanyna oň şägirtlerikden geçibilmedik, özüne özünden başganyň göwni ýetmeýän biri gelen: «Halypa, men bir kitap ýazdym şuny okap beräýseň» diýip. Nejmetdin Kubra onuň ýüzüne seretmän, şeýle diýen: «Oklaý getiren kitabyňy howzuň içine!» Şägirt geň galyp, agzyny öwelden: «O näme diýdigiňiz boldy, halypa?!». Ussat jogap ýerine ýapyrylyp ýazyp oturan şägirtleriniň bärkisiniň eliniň aşagyndaky kitaby alaga-da, howzuň çala tolkun urup duran suwuna zyňyp goýberen. Kitap bada-bat aşak çümüp gidiberen. «Ynha, şeýle. Eger seniň ýazdym diýen kitabyň hem suwuň düýbüne çümse onsoň hakyky kitapdygy, agramynyň-ýugrymynyň ýetenligi. Okla hany!». Başga alajy galmadyk ýigit zyňýa kitabyny suwa. Ýöne goltuga sygnan duran daşy galyň jiltli kitap gaýyp ýör diýýä howzuň ýüzünde. Pir aýdan: «Ana gördüňmi, içi boş kitabyň nähilidigini!» Agramy aşykça, kölegesi köşekçe diýilýän kitaplaryň ömri —möwrüti elmydama şeýle. Çyn eserleriň bolsa hiç wagtam ömri gutarmaýar, gaýtam uzaýar gidýär oturýar. Merkezi Aziýada «Dar-al-Ilm (Akademiýa)» diýlip atlandyrylan ilkinji kitaphana 1000-nji ýylda Könürgençde döräpdir. Ony öz döwründe ylma hem sungata uly hormat goýan Horezmşa Abul — Abbas ibn Mamun (1004-1017) döredipdir. Uly ylmy ojaga we jemgyýetçilik merkezine öwrülen bu ýere Gündogaryň hem dünýäniň tanymal adamlary alýak basypdyr. Görýäňizmi, akademiýa diýilen düşünjäniň gözbaşynda hem kitaphana ýatyr. Diýmek, kitap saklanýan ýer —kitaphana metjit ýaly mukaddesdir. Kitaphana diýlen ýeriň bezegi-oruntapary kitapdyr. Kitap çyn ussadyň elinden çykanda hasam ajaýyplyga öwrülýär. Şol ajaýyp eserleriň ömrüne bolsa gutarma bolmaýar. Ýöne häki şägidiň kitaby ýaly bolsa weli öňem belli, ömrem. Gürrüň şuňa syryganda bir zat ýadyma düşýär. Ilkinji gezek meniň okan kitabymyň ady «Ädikli pişikdi». Özümem şonda 4-nji klasda okaýardym. Kakam obamyzyň kitaphanaçysy bolansoň ýygy barýan ýerim şo taýydy. «Ädikli pişigiň» awtorynyň kimdigine ünsem bermändim, ýöne özi çepek ýaljak, ýüzi durşuna surat bolup duran şol kitabyň weli meni «okamak» diýilen jadyly dünýä tarap alyp gideni weli çyn. Şo wagtlar kitaphana giräýen ýeriňde ýazga gözüň düşýärdi: «Garaz bir zat okaýan adam hiç zat okamaýan adamdan ep-esli beýikdir». Meşhur Çernyşewskiniň bu parasadynyň nähili mamladygyna bolsa kitaby ýa-da gazet-žurnaly ýanyndan goýmaýan adamlar gaty çuň düşünýändirler. Şeýle endikden daş adamlara weli gaty nebsiň agyrýar. Şu ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 19-ynda mertebeli Preizdentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen bolan duşuşygy taryhy waka hökmünde kalplarda galdy. Şonda milli Liderimiz şeýle diýdi: «Häzir ýurdumyzyň durmuşynda täze döwür başlandy, biz ony beýik Galkynyşlar eýýamy diýip atlandyrýarys». Şeýle hem kitaphana işine täze itergi bermegiň wajyplygyna döwlet Baştutany ünsi çekdi. Ýurtda bir bitewi kitaphana ulgamyny döretmek, şonuň üstünden hem ýerli we iri kitaphanalar üçin täze kitaplary satyn almak üçin merkez gurmagyň zerurlygyny döwür görkezdi diýip bellenildi. Döwür — Kitap— Okyjy! Ine, şu üç düşünje jebis birigende kitaphanalar boş bolmaz. Kitaphanalaryň gelim-gidimli bolmagy bolsa gaty köp zady aňladýar. Kitaphana — bu ruhy hazynanyň jemlenen ýeri. Şol ýere gadamyň näçe köp düşse, aňyýetiň giňäp, ruhy dünýäň düzlenip, durmuşa göz ýetirmegiň çuňlaşyp, ýagşa ýaran, ýamandan daş bolmak meýliň süňňe ornap, watanpazarlyk, ata-enä sarpa, ula hormat, kiçä sylag, zähmete werzişlik, halallyga ymtylyş... garaz, adamy bagta äkidýän ähli gylyk-häsiýetleriň saňa ömürboýy ýoldaş boljakdygy gürrüňsiz. Sosialogik barlaglar kitaby höwür edinen ýetginjekleriň şundan daş durýan ýaşytdaşlaryna seredende dürli jenaýatlardan, kanun bozmalardan 60 göterim daşdygyny görkezdi. Hat-da Internete kompuýuter tilsimatyna imrigenlere seredeňde-de kitap bilen ýoldaş bolýanlar ruhy-ahlak taýdan has arassa, durmuşa durnukly, kynçylyga gaty bir ýan bermeýän adamlar bolup çykýar diýip ylmy-sosialogik barlaglar habar berýär. Nurmyrat Saryhanowyň meşhur «Kitap» hekaýasyny ýene bir öwre ýada salyp görüň! Welmyrat aga Magtymgulynyň şygyrlar diwanyny ýöne ýere bir guba düýä satyn alýan däldir. Sebäbi ol halal maly berip ömür ölmejek, gaýta nesilme-nesil kowmy terbiýelejek bahasyz ruhy hazynany törüne geçirýär. Görýäňizmi, kitap hakdaky düşünje ähli halklarda, ähli döwürlerde, ähli jemgyýetde şol bir üýtgewsizligine galýar. Şu ýerde ýene bir hakykaty aýtmaly. Kitap, ýagny çeper eser hökman öz döwrüniň keşbini açyk şöhlelendirmeli. Döwri suratlandyrýan eserler döremese şol döwür taryhda ak sahypa bolyp galýar. Ak sahypa bolsa boş diýmekdir. Ynha, Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany türkmeniň pajygaly zamanasyny — 1914-1920-nji ýyllary açyp görkezdi. Dogry, ideologiki «gysaç» zerarly türkmen baýlarynyň, batraklarynyň çyn keşbinde «ýonulan», artdyrylan ýerleri bar, ýöne ynkylap-rewolýusiýa döwründe Tejen-Ahal ýaýlasynda ýaýbaňlanan hakyky wakalara şol romanyň sahypalaryndan göz ýetirmek bolýar. Beki Seýtäkowyň «Doganlar» romany bolsa geçen asyryň rewolýusiýasy döwründe, şondan soňky “graždanlyk urşy’ ady bilen taryha giren ýyllarda demirgazyk Türkmenbaşyda-Daşoguz töwereklerinde bolup geçen syýasy-jemýyýetçilik durmuşy açyp görkezýän göwrümli eser bolup ýatda galypdy. Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romany gör nähili höwes-teşnelik bilen okalypdy! Bir gezek kitabyň ölemen aşygy bir mugallymyň aýdan sözi häzirem ýadymda: «Şol kitaby okap iň körpe oglumyň adyna Berdi, iň uly agtygymyň adyna bolsa Uzukjemal dakdym». Ine, ýazyjy üçin, hakyky eser üçin çyn baha şeýle bolýandyr. Ýa-da ynha, Ata Gowşudowyň «Juma» pýesasy geçen asyryň 20-30-njy ýyllarynda Lebap boýlarynda bolup geçen wakalary aýdyňlygy bilen suratlandyrýandygy üçin türkmen edebiýatynda yz goýdy. Rehmet Seýidowyň «Lebap gyzy» poemasy bolsa rewoliýusion döwrüň türkmen gyzynyň keşbini söz bilen ýatda galar derejede çekipdi. Çary Aşyrowyň «Ganly sakasyny» okap görüň! Şonda siz geçen asyryň başynda Ahal alasynda suw ugrundaky göreşiň nähili pajygaly bolandygyny dolulygy bilen duýarsyňyz. Ýylgaý Durdyýewiň «Nedirbaý Aýtakow» romany, Berdinazar Hudaýnazarowyň «Gumlular» romany, Nargylyç Hojageldiýewiň «Gülle gelen sümbüller» romany türkmeniň, Türkmenistanyň 1900-1945-nji ýyllar döwründe Balkan, Maňgyşlak, Ýerbent, Tejen töweregindäki ykdysady-jemgyýetçilik gurluşygyň, bu topraga salan syýasy sarsgynynyň, ruhy-ahlak öwrülişiginiň, kolhoz gurluşygynyň, Beýik Watançylyk urşy döwrüniň açyk keşbiniň çeper sözdäki suratlandyrylmasy, öz zamanynyň açyk keşbidir. Şeýle kitaplaryň ömri döwamatlydyr hemişe. Sebäbi olaryň gujagynda taryhy hakykat, halkyň ýürek urgusy, döwrüň demi bar. Diýmek, şeýle kitaplaryň myhy ýeriň jümmüşine gidýär. Emma ýöne aýagyny ýere diremeýän, «adressiz» kitaplar weli pagtabent ýalydyr, gümpüldisi gulaklara geler, ýöne weli ýüregiňi gyzdyrmaz. Beýle «eserleriň» ömri türkmen aýtmyşlaýyn, jyzlanyňky ýalydyr. Eýsem täze türkmen ideologiýasy döwrüniň kitaphanalary we kitaby-çeper eserleri nähili bolmaly? Bu sowalyň jogaby dürs hem aýdyň bolmalydyr. Oba ýerlerinde kitaphanalary açmagyň zerurdygyny wagt we durmuş görkezdi. Şükür, bu işe eýýäm döwlet derejesinde çemeleşiş başlandy. Magtymgulynyň doly ýygyndysy, «Görogly» eposy, Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powesti, Kerim Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň, Ata Gowşudowyň, Berdi Kerbabaýewiň käbir eserleri, «Göroglynyň döreýşi» şahasy, Hajy Ysmailowyň «Iki atanyň—bir ogly»powestleri çap edildi. Häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarynyň kitaplaryny çap etmäge hem düýpli çemeleşiş bar. Bular gutlamaly ýagdaý. Biziň döwrümiz beýik Özgertmeleriň, täze Galkynyşlarynyň gudratly döwri. Bu döwrüň her güni, her bir tutumly wakalary hökman çeper eserleriň sahypalarynda, okyjylaryň hakydasynda müdümilik galmalydyr. Ýazyjy-şahyrlar, publisitsler «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagy hakda, Türkmen Köli hakda, taryha «Demirgayzk-Günorta ulag geçelgesi» ady bilen giren Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly hakda, Transmilli Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi hakda, oba özgertmeleri hakda, Ruhubelent, Altyn sähra, Esenguly, Döwletli etraplary hakda, Amyderýanyň üstünden gurulýan köprüler hakda, Aşgabadyň gurluşyklary... hakda çeper eserler döretmelidirler. Özem olar gazet-žurnallaryň sahypalarynda gyzgyny bilen çap hem edilmelidir weli, ýöne hökman bütewi — monumental eser görnüşinde kitap bolubam okyjylarynyň eline gowuşmalydyr. Şu meselede degişli ministrlikler öz pudaklarynda gurulýan taryhy ähmiýetli gurluşyklar, meselem, Awaza, Türkmen köli, Demirgazyk-Günorta demir ýoly hakda hekaýalaryň, powestleriň, poemalaryň, bäsleşigini Medeniýet Ministrliginiň başda durmagynda yglan etse, umumydöwlet, umumyhalk, umumyokyjy nukdaýnazardan gaty döwletli iş edildigi bolardy. Şunda ýene hyýal guşuň yza uçýar. Mundan 15 ýyl çemesi ozal oba kitaphanalary ýapylyp, mekdep kitaphanalaryna birleşdirilende eýesiz galan kitaplaryň ençemesi «jaý ýok», «entek hasaba almaga wagt ýok», ýaly bahanalar bilen zer-zaýa öwrüldi. Muny gizläp oturasy zat ýok. Hiç wagt gaýtaryp alyp bolmaýan hazyna harlansa milletiň intellektual derejesine täsir edýär. Kitap —Akyldar paýhasyndan zerre dänelenip kemal tapýan hazyna. Ony ýoklamak, harlamak geçilmejek günä. Okamak — bu sungat! Sungat bolsa hemişe ösdürilmeli, kämilleşdirilmeli, ýaýradylmaly. Kitabyň yşkyna düşen adam bolsa tä Alla beren ömrüň ahyryna çenli ondan aýrylyp bilmeýär. Gürrüň şuňa dirände bir tanşymyň aýdyp beren wakasy ýadyma düşýär. ...Bir garasöýmez, hatda çagalary bilenem yzgytsyz bir zenan pensiýa ýaşyna ýetensoňam ýekemezeklikden el üzüp bilmändir. Şeýle bolansoň ogul-gyzam öýlerini-yrsklaryny aýrylan, onuň ýeke özi galyberen somalyp. Onsoň günlerde bir gün ýaňky diýýän tanşymyzyň işleýän edarasyna gapy sakçysy — wahtýor gerek bolan. O ýerde näme ukusyna sak, geçeni-gideni gözden syndyrmaýan adam gerek-dä. Hemişe diýen ýaly daş çykyp otyrşyna gideni gözi bilen ugradyp, geleni nazary bilen garşylap oturan hälki goňşusyny hemişe synlap ýören ýaňky tanşym «Ynha, şo ýeriň adamy seň özüň-ä» diýýä-de, alaga-da ýerleşdirýä işe. Üç-dört aý geçensoň häki hemişe gygy ajap duran zenan düýnden başga kişä öwrüläýipdir. Muňa hemişe ony görse çete çekilmegini kem görmeýän goňşulary däl, bala-çagalary, agtyklaram geň galypdyrlar. Syryny sorasalar, ol «Kitap meniň dünýämi düzledi. Oturýan ýerimiň gapdaljygy okalga eken. Boş-bizar oturmadan ýadap, gümenäýeýin diýip şo ýerden kitap alyp okap ugradym. Kitapsaýynam häsiýetimiň üýtgäp barýanyny duýup, özüm özüme geň galdym. Toba, altmyşdan soňam «kitap» diýlen jadyly zadyň adamynyň hüý-häsiýetini üýtgedip bilýänine özüm haýran» diýip otyr diýýä ýaňky. Şondan soň dulyna basyp oturan puluny-baýlygyny diňe ogul-gyzyna däl, ýetimler öýüne, garrylar öýüne paýlap, goňşy-golamlar bilen süýjülikde gatnaşyp, iliň-güniň alkyşyny alýan ýagşy ynsana öwrülip gidiberen şol adam. Kitap okamak sungatyna imrikmegi çagalar bagyndan başlap, mekdepde, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerinde barha çuňaltmaly, giňeltmeli. Hemişe gazet-žurnal okalýan, kitaba höwrügilýän öýlerde maşgala rowaçlygynyň — ene-ata hormatyň, çaga bolan mähirli garaýşyň, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň, ýaramaz endiklerden daşda durmagyň, jemgyýete bolan sarpanyň... garaz, hemme gowluklaryň bardygyna şübhe ýokdur. Gowy okalmagy, hemişe okalmagy üçin gowy kitaplaryň, täsirli — ýatdan çykmaz derejede ýazylan eserleriň gerekdigem düşnükli. Uly ýaşly okyjam, kiçi ýaly okyjam şony küýseýär. Iň esasam, Garaşsyzlyk bagtyny, beýik Özgertmeler eýýamynyň galkynyşyna laýyk, çuňňur manyly, täsirli wakalara seplenen, durmuş gönezliginden gözbaş alýan, döwürdeşlerimiziň içki dünýäsini doly açyp bilýan çeper kitaplar, poeziýa hem proza eserleri gerek. Özem şol kitaplary saýlap-seljerip, yzygider çap etmeli. «Çap etmeli» diýlende bolsa hökman döwlet hemaýatynyň — dotasiýanyň gerekdigini aýtmalydyrys. Sebäbi kämil ideologiýa üçin, ruhy aňyýet galkynyşy üçin, medeni özgertmeler üçin döwlet serişdeleri gaýgyrlmaly däldir. Muny mertebeli Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemişe nygtaýar. Ýene bir wajyp zat, biz Magtymgulydan başlap, B. Kerbabaýew, N.Saryhanow, B.Seýtäkow, M.Seýidow, K.Gurbannepesow, G.Ezizow, H.Diwangulyýew, I.Nuryýew, G.Şamyýew, M.Hojageldiýew, H.Meläýew, A.Agabaýew, B.Jütdiýew, A.Atabaýew, O.Ödäýew, N.Rejepow, A.Atabaýew ýaly ýazyjy-şahyrlaryň akademiki ýygyndylaryny çap etmeli. Bu işiň ruhy-jemgyýetçilik ähmiýetini söz ýa pul bilen ölçäp bolmaz. Kemala getirilen intellektual baýlyk-okamakdan, bilmekden iň kämil tehnologiýalara çuňňur düşündirmekden, olary doly özleşdirmekden toplanan baýlyk soňra jemgyýete, ykdysadyýete, Watanyň geljegine, ýurduň güllemegine şeýlebir täsir eder weli, ol özüne edilen çykdaýjyny ýüzlerçe, müňlerçe däl, harda millionlarça esse edip ödär. Muňa Ýaponiýanyň, Günorta Koreýanyň, Malaýziýanyň tejribelerinden göz ýetirip bolýar. Iň düşnüklisi dünýäniň iň baý, iň uly kitaphanalary Anglýada hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýär. Şol ýurtlaryň halklarynyň okumyşlygy olaryň ykdysadyýetini, intellektual derejäni gör nähili belende göterdi! Bir zady bek bellemeli! «XXI asyr Internet asyrydyr» diýen düşünje ýoň boldy, muny inkär etmek bolmaz. Internet üsti bilen dünýäniň dört künjegindäki täzelikleri bilmek, Ýer ýüzündäki islän kitaphanalaryňa girmek, halan-idän kitabyňy okamagam mümkin. Ýöne Kitap diýlen gudratly zady eliňe alyp okaňda onuň içindäki setirleriň ýylysy ýüregiň üstünden geçip gidýändir. Ynanmasaňyz Kerim şahyryň ýa-da Gurbanazaryň kitaplaryny eliňize alyp göräýiň! Türkmen talantly hem okamak sungatyny eýýäm özleşdiren millet. Ýöne şu meselede ara düşen böwşeňligiň öwezini weli derrew dolmaly. Bir gün öň okap ugran adam utýandyr. Muny durmuşdan bilýäris ahbetin! Kämil şahsyýet hiç wagt kitapdan üzňe balmandy, bolmalam däldir. Kitap okaýan jemgyýet bagtlydyr hem rowanadyr. Ine, könelmeýän, ýitmeýän hakykat şeýledir. * * * Ady rowaýtalara siňen Baýander han dünýäden gaýtmazdan owal mis tüňçä salyp, onuňam agzyny gurşun bilen surguçlap, öz neberelerine şeýle wesýet galdyryp gidipdir: “Öz agtyklaryma hem çowluklaryma wesýet galdyrýaryn. Olara altyn ýa-da baýlyk miras goýamok. Men olaryň bol-elinlik hem şatlyk öýüni öz elleri, öz zähmetleri bilen gurmaklaryny isleýärin. Beýik türki taýpalaryndan bolan nesillerim, men size ýüzlenýärin: özüňize şöhrat, howpsuzlyk, abadançylyk getirjek şu bäş sany gymmatly mirasy aýawly saklaň! Ol miras: mertlik, zähmetsöýerlik, beren sözüňe ygrarlylyk, aýala hormat goýmak hem ýeke-täk merhemetli Allany şöhratlandyrmakdan ybaratdyr”. 29.06.2021. * * * Kiçijik Gyrgyzystany tutuş Äleme aýan eden ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň ýazgylaryny okadym. Şu pikirler aýratyn täsir galdyrdy: “Biz-ýazyjylary döredýän zat özümiziň garyşyp-gatyşýan döwrümizdir, gatnaşyk edýän janly taryhymyzdyr. Şonuň üçinem, göwnüme bolmasa, söz ussatlygy çagalygyň hem ýaşlygyň täsirlerinden başlanýan bolsa gerek. Özüni gurşap alan dünýäde öz mähriban halkynyň gaýtalanmajak dilini, aýdymlaryny, gylyk-häsiýetlerini örän ýiti duýmagyndan, olara akyl ýetirmeginden we olary mynasyp özleşdirmeginden, soňra bolsa olaryň soňky gününe çenli hakydasynyň altyn hazynasyna öwrülmeginden başlanýar”. Gaty ajaýyp kesgitmleme. Bu kesgitli pikir eline galam alanyň milletine, döwrüne garamazdan, hemmesine mahsusdyr. * * * Arhiwimi agtaryp otyrkam şeýle ýazgynyň üstünden bardym. Diňe men däl, goý, beýlekilerem bilsin (bilýänler gaýtadan okasyn) diýibem şu ýazgylara goşaýyn diýdim. Özüm-ä şu agzalýan zatlary diňe şäher çagalary däl, oaba ýaşlary gaty bir bilip barýandyr öýdemok. Gadymýetden galan zat weli gyzylyň gyryndysy ýaly arzyldyr. Okaň, özüňizem “şeýle eken” diýersiňiz. Oba hojalygyna degişli käbir adalgalar: Boýun baş — sürümiň ilki başlanýan ýeri. Mandy — sürümde sürülmän galan ýer. Boz ýer — ekin ekilmän ýatan ýer. Par — öňki ýyl sürlüp, üstünden ýyl aşan ýer. Ödek ýer — gyzyl topurly gaty ýer. Nurhorda — dökün dökülip, ýumşap ýatan ýer. Adyr — toýun we çäge gatyşykly beýikli-pesli ýer. Mala — sürlen ýeriň üstüni tekizlemek üçin tirkelen agaç. Serber — kesekli ýere mala basylanda, malanyň agramyny artdyrmak üçin onuň üstüne basylýan agramlyk ýük. Hyrawa — ozal ekilen ýerde galan tohumdan gögeren ekin. Hodraýy — ýola-yza düşen tohumdan gögeren ekin. (Arman, kimiň toplandygyny ýazmandyryn, günämi geçsin! Osman Öde pahyr aýdardy: “Ýazanyňdan soňra şol zat iliňki bolýandyr. “Şony men ýazdym, sen aýdypsyň” diýilmeli däldir. Sogaply iş hemmeleriňkidir” diýip. Ýazan, toplan adam sag bolsun! Men şondan okanlarymy ynha, ile gaýtaryp berdim) 2.07.2021. * * * Kompýuterdäki arhiwlerimi dörüp otyrkam, öňümden şu ýazgy çykdy: HOJANPESIŇ NALASY (Beki Seýtäkowyň 80 ýyllyk ýubileýine Daşoguza gidilende H.Meläýew hakynda ýolda dörän degişme goşgy) Ýesir eýläp alyp gaýtdy Ahaldan, Meni ilim hakda arman öldürer. Aşgabatda arak gymmat mahallar, Meni Ýerbentdäki arzan öldürer. Maşyn bary hatar gurap bardylar, Ýoldaşlarym ýolda meýlis gurdular. Oturyban, dik duruban «urdular», Sapar1 oň deňinde durman öldürer. Neçüýn oňa «Dur!» diýmediň Arzygül2?! Ýogsa, içmek — bu ýollaryň parzy, gül. Sapar aljak hak almaly karzy, gül, Meni Ezraýyla bermän öldürer. Daşgyn3 otyr, däl bu zatlar parhyna, Ilişdim pelek däl, Sapar çarhyna, Amanat jan geçmez eken karzyna, Ýokdur bu derdime derman, öldürer. Şerap içseň ganyp-ganyp nowadan, Bir doýaňsoň ýaşyl sähra owadan. Haraý ýokdur Ýylgaý4 bilen Вugаdаn5, Bu düşen ahwalym görmän öldürer. «Sapar bilen gitme!» diýdi aýalym, Öýdäki zalymmy, ýoldaky zalym?! «Bokurdakda»6 bir durmakdy hyýalym, «Munda durmaň!» diýen perman öldürer. Ölmänkäm ýat etdim ertiri, düýni. Indi şu maşynmy dünýäniň düýbi?! Dadyma ýet Sona7 bilen Akbibi8. Ýogsa, bu nemismi, german öldürer. Arzygül ne diýse, Sapar boýnap dur, Daşgynow hem bu dünýäni oýnap dur. Gök damarda gyrmyz ganym gaýnap dur, Ol meň bir damarmam gyrman öldürer. Ýoldaşlam şerapdan gansa ýollarda, Meň ganym gatady boş hyýallarda. Biri ýygnar, läşim galsa gollarda, Ol meniň läşimi sermän öldürer. Bir geçilmez arym galdy Saparda, Bir içilmän «ýarym» galdy Saparda. Oraz9 ýa-da Öwez10 ýokmy ýokarda?! Diňe şolar muny urman öldürer... 23.03.1994 ý. Degişme-goşgynyň awtorlary: Hudaýberdi DIWANGULYÝEW, Atamyrat ATABAÝEW, Öwеzdurdу NЕРЕSOW. _______________ 1. Sapar Öräýew — şahyr, H.Meläýew bilen bir maşynda... 2. Arzygül — Sapar Öräýewiň maşgalasy, aýaly. 3. Daşgyn — Gurbanýaz Daşgynow. 4. Ýylgaý — Ýylgaý Durdyýew. 5. Вugа — Аmаnmуraа Вugаýеw. 6. «Bokurdak» — ýer ady. 7. Sona — Sona Ýazowa. 8. Akbibi — Akbibi Ýusubowa. 9. Oraz — Orazgeldi Aýdogdyýew. 10. Öwez — Öwezdurdy Nepesow. * * * Bary-ýogy 43 ýyl (1940-1983 aralyk, ýöne başga bir maglumarda 45 ýyl, 45 gün ýaşanlygy hem aýdylýar) ýaşap, panydan bakyýa göç eden saz läheňi Nury Halmämmediň depderine belläp giden ýazgylarynyň käbiri: “Saz ýaşaýşyň ähli öwüşginini özünde jemlemeli. Saz janlydyr. Eseriň ýaňlanyşyna diň salmak arkaly, men ony çalýanyň düşbüligini, ýaşyny, milletini arkaýyn kesgitläp bilýärin. Men enemi däl-de, dutar sapyny emip ulaldym. Kükregimi ýarsalar, sazdan başga zat tapmazlar. Özüm hakda sazymdan oňat aýtjak ýok. Ähli gussamy, durmuşda duş gelýän şowsuzlygymy unudýan, saz meni olardan ýokarda goýýar. Ähli sungat eseri ilki bilen adam şu duýgyny-adamyň elmydam şer işden, ýamanlykdan beýikligini ündeýän duýguny oýarmalydyr. Ýöne şeýle duýgyny oýarmaga ukyply adam üçin onuň tebigy zehini ujypsyz bir zatdyr”. 13.07.2021. * * * Düýn-öňun Daşoguz illerine seýran-zyýarat edip gaýtdym. Tomus ortasynda-ekiniň tüýs leýs bolup bişýän mahaly bazary görmek, ýap-çilleri, ekin meýdanlaryny synlamak seni pikire batyrýar, duýgy-düşünjäň üstüne ýene bir çümmük “artykmaçlyk” oklaýar. Türkmen kowmy owaly-ebedi «Tutsaň-ýurt, alsaň-hatyn bolar» diýlen pähime uýýan halk. Oturymly ýurtlar bolsa elbetde, milletiň ykdysady taýdanam, ruhy-ahlak taýdanam kämilleşmeginiň sallançagy. Taryhy kesgitlemäniň—her halkyň hüýr-häsiýetiniň hökman dünýä inen, ýaşaýan ýeri bilen berk baglanşykda döreýändigi şonuň üçindir. Alymlar adamda orta ýaşdan soň döreýän käbir keselleriň dünýä inilen, ösüp-ulalylan ýere baraňda hatda aýrylyp gidýändigi hakdaky hakykaty doly subut etdiler. Taryhyň saralan sahypalaryny agratyp görüň! XVIII-XIX asyrlarda Ahal-Etrek töwereklerinde bugdaý-arpanyň, gawun-garpyzyň bol bitendigi aýdylýar. Ylaýta-da terbaş, halili ýaly üzümiň ýerli sortlary hoşalaryny göteribilmän oturar eken. Bugdaýyň bolsa «ak gylçyk», «gyzyl gylçyk» ýaly görnüşleri şeýle bir bitginli eken, meýdan agyn sary altyn dökülene döner eken bişen wagty. «Gyzyl gylçyk» ak däneli bolupdyr, «ak gylçygyňky» tersine, gyzlymtyl bolup, uny-da garamtylrak, ýöne biçak süýji, hemem hamyry özli-durgunly bolupdyr. Bu sort soňluk bilen «Tejen bugdaýy» diýlenine öwrülip gidipdir. Türkmen topragynyň üstünden ýol salan syýahatçylaryň-jahankeşdeleriň ýatlamalaryna görä, Bamydan Aşgabada çenli obalar mundan 150 ýyl töweregi ozalrak bir-birine meňzeş, töwerek-daşy saralyp bişen arpa-bugdaýy, öýler bolsa daşyna göm-gök baglardan jähek aýlap, üzümçilige, tutluga bürenip oturan, tagtadan salnan pessejik jaýlar bolsa howlularyň içine boldumly biten melewşe gülli gök ýorunjalygyň içinde çala gizlenip oturan eken. Düýbi çagylly kiçijik ýaplar bolsa zyrmarylyp gelýän jana melhem, ekine derhem suwuny bereket bitýär atyzlara akdyrypdyr. Göz öňüne getiriň! Küren obalaryň töweregi arpa-bugdaýdan başga-da, ak jöwen, gara hem sary künjüler, ysy janyňy alyp barýan, agzyňda eräp gidýän gawundyr hersi gujak ýaly ala garpyz, käşirdir sogan, gowaçadyr mekgejöwene ýaýylyp gidýär. Dag gerişlerinde bolsa «Düýedüşi», «Böre», «Gulan» ýaly düme ýetişýän bugdaýlar maýsalapdyr. Hezreti Magtymgulynyň setirleri bardyr: Hasyl umydy bardyr ekin ekene, Bu işler maglumdyr mehnet çekene —diýen. Marynyň ilkinji uezd naçalnigi bolan Alihanow Awarskiý bu ýerdäki ilatyň bakja ekinlerine köp üns berýändigini öz ýazgylarynda aýratyn belläpdir: «Gawun-garpyz bilen ummasyz ýerleri ekip taşlaýarlar, sebäbi olar çägesow ýerde-de örän gowy bitýär. Gawun-garpyz ýylyň dokuz aýy ilatyň hurşy, onuň paçagy mal iýmiti bolup hyzmat edýär.» Aýdylyşyna görä, bu töwerekde ýap boýlaryna, ekin gyralaryna, künjüniň arasyna, suw gaçan ýerlere sürmeki ekilen gawun-garpyzdyr kädi hem edil başyna geren ýaly bişipdir. Şeýle-de üzümiň onlarça görnüşi—gyzyl üzüm, gelinbarmak, giç bitýän alýaňak manty, bidäne, «düýe gumalagy», gara üzüm ... ýetişdirilipdir. ... Bu oazis maglumatlaryna görä, XIX asyryň aýagynda tutuşlygyna diýen ýaly ekinzarlyga öwrülipdir. Onuň umumy meýdany 43 müň desýatine barabar bolup, ýylda ýygnalan däneli ekinleriň hasyly 2,3 million puta ýetipdir. Hawa, hakyda depderi köp zatlardan gürrüň berýär. Şonuň gönezliginde bolsa türkmeniň daýhançylyk taryhy, onuň aňyýetlere hem heňňamlara siňip giden röwşen sahypalary ýatyr. Daýhançylyk däbiniň düýbüni bolsa daýhançylyk medeniýeti düzýär. Daýhançylyk medeniýeti-bu Topraga, Suwa, Döküne daýhan garaýşynyň ensiklopedik, özem sahypa däl-de, aýdylyşy ýaly gara ýere siňen azaplardan, daban derlerden monjuk bolup düzülen kitapdyr. 19.07.2021. * * * Berdinazar Hudaýnazarow meniň gowy görýän ýazyjylarymyň biri. Nesibedir-dä, bu beýik ussat bilen bary-ýogy birküç gezek didarlaşmak, birje gezegem onuň öýünde birje käse çaý içmek miýesser etdi. Ynha, ýene onuň eserlerini “daraklap” çykdym. Saýlanan eserleriniň içinden göwnüme has jüňk bolan ýatlamalaryny “Beh, şuny-ha beýlekilerem, ylaýta-da edebiýata baş goşanlar okaýsa kem däl” diýip, hemişe halypam hasaplaýan ýazyjyma hormat hökmünde şu ýazgylaryma (onuňky ýaly ussatlygy, meşhurlygy bize-de, geljekki galamdaşlara-da Alla miýesser etdirsin) goşmagy makul tapdym. Ynha, okap görüň! ....Ellinji ýedinji ýylyň güýzi men Moskwa, Ýokary edebiýat kurslaryna alyp geldi. Bu iki ýyllyk kurslara türkmenlerden ilkinji bolup giren ekenim. Okuwa diňe SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çlenleri kabul edilýärdi, oňa derek ýokary bilimlimiň, orta bilimlimiň ýa-da diňe başlangyç bilimiň barmy — bu ýagdaý ähmiýet berilmeýärdi. Özüm barada aýdanymda bolsa, meniň orta bilimim bardy, ol hem gaýybana okap alnan bilimdi. Medeniýetiň uly wekilleri bilen guralýan duşuşyklary sypdyrmaýardym. Köpi gören I. G. Erenburgyň beren gürrüňleri, aýdan pähimleri uly täsir galdyrýardy. Soň bir gezek fransuz kinotankytçysy Jorj Sadul myhmançylyga geldi. Döredijiligi, garaýyşlary barada gürrüň berdi. Onuň stol başynda däl-de, diwanda ýatyp ýazýandygy meni haýran galdyrdy. Özümden başga ýatyp ýazýan bardyram öýdemokdym. Moskwada ýazyjylaryň Merkezi öýünde restoranyň gapysynda Resul Gamzatow özüne bakan gelýän özbek şahyry Şükürüllany görüp: -Arak bilen araň gowudyr-a?-diýip soraýar. -Ýok, Resul, onuň bilen aragatnaşyk kesilendir!-diýip, Şükürülla çynlakaý jogap berýär. Ähtimal, beýle jogaba garaşmadyk Resul Gamzatow: -Beýle-de bir namartlyk bolarmy?!-diýip gürrüňdeşine igenýär-ykbalyň iň agyr günlerinde arak seniň agyryňy ýeňletmäge kömege geldi, hesretiňi paýlaşdy, indi bu gün aragyň özi agyr ýagdaýa düşende ondan gaçmaň näme? Bu gürrüňi edilýän döwürde arak, hakykatdan-da, kyn güne düşüpdi: ony hyrydaryna bermek kanun boýunça çäklendirilipdi. Eduard Sklýaryň durmuşy Ýahýanyňkydan üýtgeşigräkdi. Onuň hemişelik gulluk işi, kadaly ýaşaýşy, il deňinde maşgalasy, çaga-çugasy bardy. Mydama kömege ýetişmäge taýyndy, mylaýymdy. Türkmençä suwarady. Bir gezek Beki Seýtäkow bilen redaksiýada otyrkak, Edik (onuň dostlary onuň adyny şeýle tutýardylar) ýanymyza bardy. Beki aga onuň şireli türkmen dilinde gürleýşini geň görüp: -Nirede dil öwrenip ýörsüň?-diýip sorady. -Aý, Beki aga, Garryçyrla bilen Tejen aralygynda çepegiň tozdurylmadyk oýy ýokdur. Çopanlaryň arasynda-da ýaşap görlendir-diýip, Sklýar geçmişini ýatlady-Ikindi çaglary Uçdepeden pyýadalap ugrarsyň, iňrik garalanda Tejeniň çetinden girersiň... Sklýar ýanymyzdan gidensoň: -Äl, aýt, ýaňkyň çepek diýýäni, iňrik diýýäni name-aýt?-diýip, Beki aga menden sorady. Zehini daş ýarýan Edigiň hem aýdylyşy ýaly üsti ala şakyrdydy. Köplenç şahyrlar oňa goşgy terjime etdirerdiler. Onuň elinden çykan sözme-söz terjime çeper terjimä ýakyndy. Özümem käte oňa goşgularymy bererdim. Bolýar diýip wada berer, ýöne wagtynda etmez. «Näme beýdýäň?» diýerdim. Onsoň ol kimiňdir bir goşgyçynyň adyny tutup, şonuň öňürtiländigini aýdar. Onsoň şeýle diýer: «Ol seniň ýaly däl, edil garadalak ýapyşan ýaly sypdyranok». Eý görýän aýaly aradan çykandan soň Edik aýňalyp bilmedi. Durmuş ony basmarlady. Şeýle adam ömrüni öz janyna kast etmek bilen tamamlady. ...Bir gezek men Daşhowuz etraplarynda gezip ýörkäm Gurbannazar Ezizowa sataşdym. Ol şol wagtlar «Mydam taýýarda» işleýärdi öýdýän. Onsoň ikimiz Kakabaý Ylýasowyňka-Kalinin raýonyna (häzirki Boldumsaz etraby-G. O.) myhmançylyga gitdik. Eli açyk, ýüzi açyk, ýüregi açyk dostum, şol döwrüň (altmyşynjy ýyllar) ýaş şahyry Kakabaý baranymyza begendi, goýun soýup, söwüş etdi. Men Kakabaýa belet, Gurbannazaryň welin ilkinji gezek ýüzbe-ýüz oturyşy. Gurbannazaryň okumyşlygyny köpümiz bilýäris, ýöne Gurbannazar Kakabaýyňam birneme kitap agtarandygyndan bihabar eken. «Güýç synanyşmak» agşamky oturşykdan soň başlandy. Men gyşaryp ýatan ýerimden olary diňleýärdim. Gurbannazar özüniň bir goşgusyny okady. Ony sesini çykarman diňlän öý eýesi: -Gowy goşgy-diýip dillendi-Ýöne şeýleräk goşgy Tudor Argezide bar. Gurbannazar «garşydaşynyň» ýüzüne bir çiňňerlip seredenden soň: -Pikirleriň deň gelmegi bolup biljek zat-diýdi-de: -Gel, bu gezek Argeziniň şanyna götereli!-diýip teklip etdi. Olar çakyşdyrýardylar. Diňe käseler däl, pikirlerem çaknyşýardy. Bir irkilip oýansam, garyp geniý Emineskuwyň töwereginde jedel gopan eken. Garaşyşym ýaly, Gurbannazar şygryýet barada, beýik şahyrlar babatda bu töwereklerde özi bilen jedelleşmek-hä däl, eýsem deňeçerräk pikir öwrüp biljek kişä duşaryn diýip eger-eger pikir etmedik bolarly. Şonuň üçin-de ol Kakabaýyň mähnet kellesinde pikirleriň jemlenişine, onuň oda-köze düşmän, howlukman, sowukganlylyk bilen gürrüň alyp barşyna haýran galýardy. Ol entek öz gürrüňdeşiniň hem-de kärdeşiniň Aşgabadyň uniwersitetinde oňat okap ýörkä, tegelek bir ýyl okuwyň akymyny kesip, şu ýerde-öýlerinde juda seýrek tapylýan kitaplaryň giden bir toparyny, dünýäniň beýik şahyrlarynyň aglabasyny okap çykandygyndan bihabardy. Kakabaý uniwersitetde haýsydyr bir Ýewropa klassygynyň döredijiligine degişli sowala jogap tapyp bilmänligine namys edip, tutuş bir ýyly kitap okamak bilen (onda-da nähili kitaplar!) geçiripdir. Pälwanlar bir-biriniň güýjüni ilkinji minutlarda duýarmyş diýýärdiler. Gurbannazar hem şol gije Kakabaý Ylýasowyň kellesinde näçeräk goruň bardygyna göz ýetirdi öýdýän. Gepiň gerdişine aýtsam, men Daşhowuz sebitlerinde kän goşgular ýazypdym, olaryň ilkinji okyjysy bolsa Kakabaýdy. Men dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyndan habarly ýene-de bir okumyşy bilýärin. Ol «Aşgabat» žurnalynda esli ýyl işlän Nina Alekseýewna Želnina. Kä kişi diňe özi üçin okaýar. Käbirleri öz bilýänini başgalar bilen paýlaşmagy gowy görýär. Nina Alekseýewnanyň tankydy pikirlerini, çeper söz babatdaky pähim-paýhasyny diňleýän mahalyň aramyzda şeýle bilimdar adamyň ýaşap ýörendigine, ýöne welin onuň şol pikirlerini makala görnüşinde daşyna çykarmaýandygyna haýran galýarsyň. Ine, siz Berdinazar halypanyň kitaplaryny ele alsaňyz, belki meniň bilýänimdenem artyk zatlary taparsyňyz. Sebäbi okamak-bu özüňi taplamak. 22.07.2021. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |