23:24 Göwündäki gündelik -26/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde-“Olimpiýa” stadionynyň gabat garşysyndaky ak mermere beslenen dört gatly jaýyň giňiş gowlusynyň her burçunda bir ak çynar bar. Olar ösüp-ösüp jaýyň eýwanyna egnini diräp oturan agaja öwrülip gidipdir. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ortalarynda paýtagtyň “9-njy mikroraýon” diýilýän ýerindäki darajyk jaýyndan dört otagly, agyz suwardyp aýdaňda, içinde at dabyradybermeli bu ýaja göçüp gelen gününiň ertesimi-birigüni olary Gowşut Şamynyň ekenligini goňşular henizlerem mäheremlik bilen ýatlaýarlar. Özem süýjülikde ýatlaýyşlaryna görä, bu ak çynarlara şeýle bir guşlar üýşýämişler, hut Aşgabadyň depesinde ganat ýaýýan guşlaryň şu agaçlara gonmadygy ýokmuş. Ony diýseň, bir gezek Gowşut aga çaýlaşyp otyrkak, ikinji gatdaky eýwany büräp, Gün düşmez eden çynarlaryň şahalaryny sypap şeýle diýipdi: -Käte Gün dogar-dogmazda şu ýere çykyp oturamda käbir goşgularymy şu şahalara gonýan guşlaryň dilinden ýazyp alýaryn. Şeýle bir nagma edýäler weli, men-ä iň süýji dilli bilbillerem şu ýere gelip saýraýarmyka diýýän. Men şol wagt kelläme gelmedik pikiri indi içimden gaýtalaýan: “Şolar guş dilinde şol agaçlary eken sahawatly kişä-saňa alkyş aýdandyrlar, Gowşut kaka!” Onuň tebigatyň çyn aşygy bolandygyna, topraga, suwa, daga-düze tagzymly bolup ýaşandygyna bolsa özüm gözlüje şaýat. “Sähel asgyryp-üsgüribesem, dümewlesem bärden baryp Hojaýabyň çetinden girýän weli, sap-sagat bolaýýan” diýenini nijeme gezek eşidipdim. Bir gezek döredijilik “gezlenjinden” soň öýe-de sowulman, göni iş ýerime-“Garagum” žurnalynyň redaksiýasyna geldim. Adygan ýazyjy, uly halypa Gowşut Şamyýew baş redaktoryň orunbasarydy, men bolsa žurnalyň jogapkär kätibidim. Ikimiziň iş otagymyz birdi. Gijýlänler kinnniwanja çäýnegini çaýkamaga barýan Gowşut kakanyň (ony hemmämiz şeýle atlandyrardyk) ajyjajy demläp ýene çaýlajakdygy görnüp durdy. Ol aýak çekdi-de, meni boýdan-başa synlap: -Al-aýt, inim, gumda sazak-çerkez ýakyp, kömür edip geläýen-ä dälsiň-dä, hüýt gara bolaýypsyň-a –diýip, şol mylaýym ýylgyryşyny etdi. Tüýdüge dönen bokurdagymy Gowşut kakanyň toşap ýaly edip demlän çaýyndan ölläp otyrkam, gapydan belli şahyrymyz Atamyrat Atabaýew girdi. Ol şol wagt “Galkynyş” gazatinde işleýärdi. -Ýer-ow gezende, sen-ä Türkmen kölüni suwdan öň makaladan doldurjak öýdýäm?! Men agzyma gelenini aýdyp goýberdim: -Atamyrat halypa, şol makalalaň suwuny syksaň, köl suwdan püre-pür bolar. Hezil edip gülşenimizden soň Gowşut kaka syrly sowal berdi: -Inim, ol çöllerde aw-saw edýän-ä dälsiň-dä, hernä? Men egnimi gysdym: -Aw ýada düşermi, el degermi, Gowşut kaka. Ol ýerlere barlansoň “gonanyňy gol, göçeniňi ýel biler” diýleni bolýar-a. Ony görseň beýlekisi, beýlekisini görseň eýlekisi galyp barýan ýaly sarmaklaşyp geçýäň, aýaklaryňa bat berip. Gowşut kaka goýazy gepledi: -Etmeýän bolsaň, indem hiç etme şo pişäni. Tebigatyň ýaraşygy bolan keýige ýa towşana, pasyrdap asmany bezäp barýan gaza ýa jugurdap dünýäni oz owazy bilen dolduraýjak bolýan sülgünmi, käkilige nil çenäp bomy?! Bolçulyg-a. Iýiber işşek ýa çebiş etini, olardan bezikseň towuk-jüýje bar. Soňam arzuwçyl dillendi: -Hä-k, şumat Hojaýabyň gyrasyny syryp gidip, birsellem çekene kowalaýsaň... Hawa, Murgabyň kenaryndaky gadymy Hojaýap obasyndaky mekdepde okap ýörkä ol hiç wagt ýatdan çykmajak, azajygam gülki döreden geň bir waka “ot beripdir”. Oňa-da gazetlere günde-günaşa oba durmuşy, ýagny, kolhozçylaryň janaýamazlykly zähmeti, oba klubyna täze kinonyň gelenligi, kitaphananyň gowy işleýändigi, deň-duşlarynyň 5-lik alyp okaýandygy... hakda irmän-arman kagyz garalap, makala ugratsa-da “paltasynyň daşa degmegi” sebäp bolan. Ýaş habarçy öz “halypasy”-mekdebiň pionerwožatysy bolup bolup işleýän ýigidiň ýanynda redaksiýanyň özüne ezmaýyşlyk etmeýänliginden, ugradan zadynyň “gowşak bolanlygy sebäpli” gazetde görünmeýänliginden zeýrenýär. Edenli ýigit ýeser çykalga tapýar: -Gazat-žurnal ili geň galdyrjak nysagy halaýandyr. Şonuň üçin gel bir zat edeli. Hamana, sen gapjyk tapanmyşyň tötänlikden, ýoldan geçip barýarlkaň. Şeýdiýip ýazarys weli, nädersiň ýalpyldap çykaýsa... Gowşudyň gözi tegelenýär: -Men gapjyk tapmadym-a, how! -Oň bilen işiň bolmasyn, saňa gazetde adyň çyksa bolany dämi? Gowşut razylaşýar. Şondan 10-15 gün geçip-geçmankä “Mydam taýýar” gazetinde “Gowşut gapjyk tapdy” atly kiçijik makala ýalpyldap çykýar. Ähli “tüpegenem” şondan soň başlanýar. Ertesimi, birigüni, goňşy obalaryň birinde ýaşaýan çala tanyşlaryň biri gelýär gözüni ýeser oýnadyp. Tutuş Mary ilinde “Şamy ussa” ady bilen belli adamyň kiçijik çekijini şaňkyldadyp oturan kepbesini açyp, “Ogluň gapjyk tapypdyr, biz ýitiripdik” diýip otyr diýýä. Şamy aga sesini-üýnüni çykarman, dyzynyň aşagyndaky keçäniň burçuny galdyryp, “pylançady” diýlen “ýitigi” berip goýberýär. Ertesi meşhur “Ýolbarsly” çaýhanasynyň gapdalynda söwda edýän Artur diýen ermeni gelýär, çalgyrtdan süýji gepläp: “Şämi ustanyň balasy bolsa, halaldyr, gapjygam berer, pulam” diýip, goçak murtuny sypalap duran. Şamy ussa gaýşarlybraga-da durýar-da: “Ras, şol gapjyk meňki diýip, sakgalyňy sallap gelen bolsaň, boş gaýtma, Artur gardaş, me” diýip, onam hoş edip goýberen. Özi weli del myhman görse gaçganaklap ýören Gowşudy ýanyna çagyran. Sorag-jogap gysga bolan: “ Gapjyk tapdyňmy?” “Ýok”. “Onda bu gazetdäki näme?” “Men-ä bilmedim”. “Bilip goý, habarçy boljak bolsaňam, hökman dogruçyl bol!”. Gowşut gyzyp giden gulakýeňsesini sypalaýar. Ýüregi ýuka hamrak ene-dä! Baryp balasynyň şarpyk degen ýerini sypalaýar: “Wah, çagam, kakaňam bilmän urýan däldir, beýdäýmeli däl ekeniň-dä senem!”. ...Ýyllar geçer. Edebiýat meýdanyna ymykly gelip, okyjylar tarapyndan doly ykrar edilen şahyr şeýle ýazar: Hordy, gataňsydy, gasyn-gasyndy, Kakamyň aýasy, ejemiň eli. Göz öňüme gelýär basymdan basym Kakamyň aýsy, ejemiň eli. Ýdymda galypdyr. Ýegre dosty, belli ýazyjy Hudaýberdi Diwangulyýew degşip: “Gowşudyň gapjyk tapany çyn bolmaly, şondan galan ýokundydandyr, eliniň açyklygy” diýip hezil edip gülerdi. Göz giderlik geýinmegi, myhnansöýerligi, sünnäli sözlemegi, alaýazlygy dogrudanam, Gowşut kakadan öwrenäýmelidi. ...Birje waka ýadyma düşüp, ýylgyranymy duýman galýan. Aşgabada göçüp gelip, çagalarymyz Eziz bilen Balsaýady paýtagtyň 47-nji orta mekdebine ýerleşdirdik. Bir gün işden gelsem (ol wagtlar “Ýaşlyk” žurnalyndadym), 3-nji synpda okaýan Balsaýat ejesiniň ýanynda jumjaryp otyr. Özem jibir-jibir edýär: -Maňa-da Akpamyk ýa Nurana diýip dakmaly ekeniňiz-dä ady. Asyl bilip otursak, göreldeli okuwçylar diýlip Gowşut aganyň mekdepde okaýan şol gyzlarynyň diwardan asylan suratlaryny görüpdir-de, biziň gyzymyz şeýle owadan atly däldigine kemsinipdir. Atamyrat halypa hem şuňa meňzeş zady gürrüň beripdi: -Bir gezek Italmaz Nury, Gowşut, men ýazylyp-ýaýrap otyrkak, gep çykanda Italmaz: -Gowşyt, sen geň-aý, gyzlaryňa Göwher, Merjen, Dürdäne, Akpamyk, Nurana ýaly täsin atlary dakmak nireden kelläňe geldi-diýip, şol gönümelligini etdi. Gowşudyň jogaby nagt boldy: -Ogla berimsiz gowy gyzlaryň bolsa, ilde ýok gowy atlary dakmaly bor-da. Soňam ýekedyzyna galaga-da şu setirlerini okady: Ýüzli bolsam siz bilen, Urmasam dyzlaryma. Ogul deregne gelen Gyzlarym, gyzlarym-a- Italmaz elini uzatdy: “kak bäşi, aldyň!” Ömürleri uzak bolsun, gyzlarynyň içinde alymam bar, mugallymam, kitaphanaçysam bar, ykdysatçysam. Şondandyr, ýanýoldaşy Soltangözel gelnejä bagyşlanan setirlerinde şeýle diýýär: Ikimiziň bir bütewi zadymyz- Çirk ýetirmez namysymyz, adymyz, Ikimiziň bu panyda islegmiz- Göçmedik tebähet-päli pesligmiz. Ikimizden nusga alarlyk zatlar- Desterhan, güler ýüz, töwür, aýatlar. Gowşut kakanyň ýüregi ýagşylykdan doludy, kimdir birine sähelçe hemaýaty-goltgysy ýetse, onuň özünden zyýat begenerdi. Özem ýok ýerden gülki döredibilýän ýäz ýaly kişidi. Belli ýazyjy-şahyrlar Gurbannazar Ezizow, Hudaýberdi Diwangulyýew, Hojanepes Meläýew dagy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçen talyplyk ýyllaryny ýatlanda ylla jahyllygyna dolanan ýaly, baý, joşardy. Käte-de Beki Seýtek, Gara Seýitli, Şäher Borjak, Juma Ilmyrat, Ata Köpekmergen bilen bagly ýatlamalary aýdyp ugrasa ylgar ýoluna düşen bagşyny diňläne döndererdi. Garaz, süýjedip gürrüň bermäge ökdedi. Iş otagyna Anna Paýtyk, Atamyrat Atabaý, Gurban Çöli, Agageldi Allanazar, Gurbanýaz Daşgyn geläýse dagy gülki sesleri dik asmana göterilerdi. Ýazyjynyň galamyndan “Mukaddes borç”, “Ynsabyň jezasy”, “Mert bol, Almaz”, “Atalar”, ”Araçäk”, “Hoş niýetler”, “Ölümden soňky ömür”, “Oglan başyň oýlary”, “Seniň soragyňda”, “ Sen kim?” , “Sen aman bol bu dünýede” ýaly 20-den gowrak goşgular hem poemelar kitaplary, 8 sany roman, 20 powest, ýüzlerçe hekaýa, ylmy-publisistik makalalary döredi. Döredijilik işine “gapjyk tapan” gününden başlan zehin Şamy aganyň körügindäki demirler ýaly kem-kem taplanýar, “suwy sykylýar”. Şondandyr, çelpek ýaljak kitaplarynyň-“Äşejik”, “Körpeleriň kömegi” eserleriniň talyp ýyllarynda çap edilmegem. Şeýdip Ilki çagalara niýetläp eserler döreden ýazyjy kem-kemden edebiýat meýdanyna merdemsi gadam goýup, galamyny ezberleşdirip, poeziýa-da, ulular üçin proza-da daraşyp ugraýar. ...Mekdep okuwçysykak “Köýen ýyllar” atly galyň roman oba kitaphanasyna gelende ilden öň okanlar “gaty gyzykly eken, elden düşüresiň gelenok” diýende, kitaphana eňen kän bolupdy. Barybir gijä galan ekenik. “Bary-ýogy üç sanjagy geldi, onam şobada towsa göterdi kitap tapsa çöregini iýmeýän okyjylar” diýildi. Tomus döwri bolansoň, meýdan düşelgesinde günortanlyk arakesmede okalyp oturylansoň, gyzkly eser boldugy-da. Türkmen aýrmyşlaýyn, ynsabyna-da, geýimine-de kir ýokdurmaýan, “tapany ortada” diýilýän adamyň öýüne diňe myhmançylyga dä, käte şeýle tötänlikden baraňda-da, derrew saçaga gelýän dürli-dümen nygmatlary görüp, “beh, agzynyň gadryny bilänlerden-ow” diýdirerdi. Belli ýazyjymyz Anna Paýtygyň “Haýsy paslyň haýsy gününde nähili eşik geýmelidigini, haýsy wagty, nirede, haçan nähiliräk nahar iýmelidigini şundan öwrenmeli” diýendigini ençe gezek gulagym bilen eşidipdim. Öňem nygtaýşym ýaly, dörediji adamyň hüý-häsiýeti, edim-gylymy onuň ýazýan eserlerine-de hökman geçýär. Gowşut kakanyň goşgularynda-da, hekaýadyr powestleri ýa-da romanlarynda-da gysbylyk, jaýba-jaýlyk, ýerine düşen meňzetmedir söz oýnatma, inçe lirizm, näziklik, tebigylyk aýyl-saýyl bolup durandyr. Onuň özi aýtmyşlaýyn, şanly Garaşsyzlyk galamyna bat, ylhamyma ganat berdi. Şeýdibem ata-babalarymyzyň arzuwlan, halkymyzy bagt atyna ataran ajaýyp zamanamyza bagyşlanan powestler, hekaýalar, publisistik makalalar, ýatlamalar yzly-yzyna döredi. Zähmetiňe gadyr goýýan zamana dönmeli! Gowşut Şamyýewe “Türkmenistanyň halk ýazyjysy” diýlen hormatly at dakyldy, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, metbugat edaralarynyň, radio-telewideniýäniň guran döredijilik bäsleşikleriniň ençemesiniň baýraklaryny aldy. Türkmenistanyň Ýaşulylyr Maslahatynyň ilkinjisinden başlap, ömrüniň ahyryna çenli bassyr ählisine gatnaşypdy. Milli edebiýarymyzy ösdürmekdäki uly hyzmaty, ýas nesli terbiýelemäge goşan uly goşandy üçin ýazyjy Gowşut Şamyýew “Gaýrat”, “Watana bolan söýgüsi üçin” medallary bilen sylaglanypdy. Kimler özüni tapdy, Ýaşady ýitip gitmän- diýip başlanýan goşgusynyň soňuny: Hatda senden göçürip, Magşugyna bir ýigit Ýollarmyka namany, Aram taparmy jany? Ir-giç sözler içre-de Bilinse ýagşy niýet, Alsalar senden many. Razysyň özüňden, Ömrüňden, Gowşut Şamy -dýýän şahyryň ýaşan ömri manyly, edebiýat üçin harmanly geçdi. Ýaşap ýörenliginde ussat halypa şu ýylyň altyn güýzüniň ilkinji aýynda egnine agar çäkmen atyp, 80 ýaş toýuny bellärdi. Arman, ol aramyzdan sogrulyp gitdi. Ýöne ýitmejek, könelmejek ajaýyp eserleri miras galdyrdy. Diýmek, ömür dowamat-dowamda. Ussat özündenem razy bolmaga, ýaşan manyly ömründenem razy bolmaga mynasyp iş bitirip, milli edebiýatymyzyň harmanyna öz çäjini goşup gitdi. ...Gowşut kakanyň ekip giden çynarlary şabrap dur. Köküni çuňa urup, başyny göge uzadan ak çynar göwnüňe bolmasa, ýazyjynyň özüne meňzeýän ýaly. Onuň merdemsi şahalary bolsa galamyndan çykan eserlere çalymdaş. Şol şahalarda saýraýan, nagma edýän guşlaram onuň eserlerini okanlaryň alkyşyny-telwasyny buşlap oturana ogşaýar. * * * Şahyr hem ýazyjy Nowruz Gurbanmyradowyň “Edebiýat we sungat” gazetinde yzygiderli çap edilýän “Görenlerim, görenlerden eşidenlerim” atly toplumy gyzykly, täsirli. Görnükli ýazyjy-şahyrlar, kompozitorlar, hudožhikler, aýdymçylar, sazandalar, sahna ussatlary... garaz, ömrüni döredijilge bagyşlan adamlar, olaryň durmuşynda, işinde bolan gyzykly wakalar, ýatlamalar okanyňa degýär. “Hä-ä” diýdirýäni kän. Nowruzyň şolary irmän-arman ýygnaýanyna “berekela” diýäýmeli. Özi asly mugallym bolansoň irginsiz kişi. Üstesine-de, döredijilikde ganymat gory bar. Durmuşda gören zady, baran ýeri, duşuşan, işleşen adamlary az däl. Köpüsem döredijilik gazanynda gaýnanlar bolansoň aýdany delje, edeni gülki ýa ýatdan çykmaz terbiýe-sapak bolup dur. Şolary bir sapaga düzmekde weli iş bar. Ýadaman-ýaltanman edibilseň weli sogabam bar, harmanam. Şonuň üçin diňe men däl, “Edebiýat-sungat” ele alynsa, derrew “Nowruz bu gezek näme berdikä?” diýilýäni çyn. “Dama-dama köl bolar” edip, şolardan bir kitaplyk toplanyndan habarymyz bar. Öňräjik bolsa işde şol kitabyň korrekturasyny görüp begendim. Tüýs okalaýjak kitap bolar. Öten-geçen, milli edebiýatymyzda, medeniýetimizde, sungatymyzda öçmez ýyldyz bolup lowurdaýan läheňlerimiziňem ruhlary şat bolar. Ine, ýap-ýaňyja-da Nowruz halypanyň pahyr bolanyny eşidip, gaty gynanaýdym. Ýaşap ýören bolsa ýylyň ahyrynda 70 ýaşamaly eken. Iman baýlygyny bersin! Hernä kitaby bir ýaýrap, okyjylary begendirip, özüniňem ruhuny tirsegine galdyrsyn-da, hernä! 11.09.2021. Ol meniň gözümde şol agraslygy, mährem ýylgyryşy bilen galypdyr. Agras diýseňem, onuň eline pişek almadyk döwründäki göwresiniň ýeňil gopuşyna näme diýersiň! Özi gülüp gürrüň bererdi: "Men how, ýaşlykdaky sport bilen meşgullanýan döwrümde hiç wagt garramaryn, dyzymdaky kuwwat bilen dünýäni aýlanaryn diýýärdim. Göwre bilen göwün deň gopmaýan eken“. Hawa, hemmeleriň Gurban Hallyýewiç diýýän adamy ömrüniň paýawynda eline pişek almaly bolupdy. ...Ýadyma düşýär, onuň bilen ilkinji tanyşlygymyzam gylygy agras bolsa-da, ädimi ýeňil gopýan görnüşde gözümde galypdy. Özem hemmämiziň „Köne Metbugat öýi“ diýýän ýerimizde „Jennet“ bazarynyň gabadyndaky binada sataşypdyk. Ol „Diýar“ žurnalyna makala getiren eken. Rus dilinde. Özem Garaşsyzlyk döwrüniň ýaşlarynyň ruhy-ahlak terbiýesi hakda. Diýseň jaýba-jaý, anyk mysallar, ýerlikli deliller bilen „ýüki“ ýetirilen, hakyt gunt ýaly diýilýän makala. Men göz gezdirip çykamsoň, dilime gelen sowaly berdim: - Gurban aga, siz mugallym bolub-a işlän dälsiňiz-dä?! Ol şol özüne mahsus ýylgyryşyny etdi: - Mugallym bolmasamam terbiýeçi-hä boldum. Men gönümel düşünipdirin. Sebäbi içimden “Beh, çagalar bagynda dagy işläýdimikä?” diýenimi hakyt gözümden okan ýaly, ol şol ýylgyryşyny pozman, jogabyny berdi: -Ömrümiň agramly bölegini-hä ýaşlar guramasynda, soňam jemgyýetçilik hem partiýa işinde geçirdim. Olam näme, diňe wagyz-nesihat, terbiýeçilik bilen eriş-argaş geçýä-dä. Onuň türkmençe gürleýşem şeýle “şirelidi”, hut „Bäh, ýaşka çopan bolup işledimikä, türkmen dilini beýle änigi-şänigi bilen bilşini gör-ä“ diýdirýärdi. Soň bilip otursam, şeýle waka hem bolan eken. ...Nesibe çekip Moskwada, Komsomolyň Merkezi komitetinde jogapkär wezipede işlemeli bolanda, onuň rus dilini özlerindenem ökde bilişine geň galanlaryň biri şeýle sowal beripdir: -Gurban Hallyýewiç, siziň familiýaňyzy ýalňyşyp tutýan bolaýmasynlar, türkmen bolup, Puşkiniň dilini beýle kämil, beýle akademiki derejede bilmek biziň özümize-de başardyp duranog-a. Şonda ol jaýdar jogap beripdir: -Magtymgulyny okapmydyňyz? Twardowskiniň terjimesinde diňe türkmeniň däl, tutuş Gündogaryň şol beýik şahyrynyň hem filosofynyň goşgularyny okap görüň, şonda Magtymguly ýaly danasy bolan halkyň nämelere ukyplydygyna has gowy düşünersiňiz. Nesibäni gör-ä! Şol ikinji duşuşygymyzda men ony biziň žurnalymyza işe çagyrdym. Zehinli žurnalist hem gowy terjimeçi Batyr Myradow redaksiýamyzyň rus dili boýunça bölüm redaktorlygyndan haşga wezipä geçirilipdi. Şol wagtlar ýaşy 80-e baranam bolsa, „Akly dik gyly iki kesýär“ diýdirýän adamyň synasam ýeňil gopýardy, gep-gürrüňinden çen tutsaň işläýin diýip, „elem gijäp durdy”. Şeýdip bu wezipede öň pedagogika ylymlarynyň kandidaty işlän bolsa, onuň ornuna indi taryh ylymlarynyň kandidaty geldi. Bu wakadan sanlyja gün soň saý-sebäp bilen Türkmenistanyň Halk suratkeşi, göwnüpes, dili süýli ussat Durdy Baýramowa sataşdym. Gepden-gep çykdy-da, okuw, mekdep, ykbal hakda gürrüň gozgalanda ol: -Gyzylarbadyň şol döwürdäki, meniň aýdýanym, urşuň yz ýanlaryndaky ýyllar bolmaly, mekdep-internadyndan baý, sowatly adamlar çykandyr-a... Durdy aganyň barmak büküp sanardan has kän tanymal kişileriniň arasynda ýaňy tanşanymyň hem adyny eşidip, meniň gaşlarym gerlip gitdi: -Gurban Agalyýew diýdiňizmi?! Olam şol mekdep-internadyny gutaranmy asyl?! Ussadyň gaşlary galaja çytylyp, uludan dem aldy: -Hawa ol ýerdäkiler oglanlygyny urşa ogurladan, ata-ene mährinden ir jyda düşen, ýetimligiň diýip bolmaýan derdi-yzasyny horja eginlerine alan, ýetde-gütdeligiň ajysyny ganymatja dadan oglan-gyzlardy. Hernä, ol agyr günleriň indi geçdigi bolsun! Haýran galmaly, şolaryň tas ählisi diýen ýaly juda tanymal şahsyýetler bolup ýetişdiler. Gurbanam şolaryň biridir. Soň görüp otursam, Gurban aga bilen Durdy aga aralaryndan gyl geçmez dost bolup çykdylar. Ýurdumyza belli fotožurnalist, Gurban aga bilen birnäçe ýyllap „Diýar“ žurnalynda işleşen, segseniň onuny tegelänem bolsa, ýaş-ýeleňler deň gopup, käte olary ompa oturdyp, Köpetdagyň iň belent gerişleriniň birinde ýurdumyzyň ýaşyl Tuguny pasyrdap durar ýaly dikibilen, şeýdibem „men“ diýen alpinistleri hem haýrana goýan, gaýduwsyzlyk bilen Köýtendagdaky çuňlugy 300 metrdenem geçýän, dünýäde juda seýrek duşýan „dem alýan“ köle düşüp, gaýtalanmajak fotoeserleri döredibilen ussat Robert Borisowiç Kozubow (ýatan ýeri ýagty bolsun) meniň nä hyýala münenimi aňanda şeýle diýdi: -Tagapyl etseň, ertir men saňa birje sahypa zat getirip bereýin, okap gör! Bile işleşýän halypamyz edähedine görä, ertesi beýlekilerden esli ir geldi-de, wada berlen „gymmatlygy“ elime tutdurdy. Onda şeýle ýazylandy: „Gurbanyň men gujurynyň gaýnap duran döwürlerine belet. Geçen asyryň ellinji ýyllarynyň ahyrlarynda ol şol wagtky Gyzylarbat şäher komsomol komitetiniň sekretarydy. Men ol döwürler ady-owazasy bütin Soýuza belli wagon-remont zawodynda işleýärdim. Baý, „ezendir-ä“, nirä bolsa „kowalap“. Men ady agzalan zawodda bäşinji razrýadly elektrik bolup işleýärdim. Şol bir wagtda-da jemgyýetçilik işlerine, ylaýta-da, ýaşlar bilen geçirilýän medeni-köpçülik çärelerine „fotohabarçy“ hökmünde gatnaşardym, gerek bolsa çykyş edibermämem bardy. „Fotohabarçy“ lakamyny elmydama boýnum “Zenit” fotoapparatly gözüme gowy görnen görnüşleri alyp ýörenim üçin dakypdylar. Mahal-mahal ol suratlaryň şäher gazetinde, "Знамя труда” (“Zähmet baýdagy”) oblast gazetinde çap ediläýmesem bardy. Bu zatlardan habarly Gurban Agalyýew meni sypdyrmazdy. Ýaş, gujurly, gepi agzyna gelip duran, kiçigöwün komsomol ýolbaşçysy ýaşlaryň hem halypasy, hem dostudy. Hatda ata-enesine ynanman, syryny hem onuň bilen paýlaşardylar. Ol hem iş meselesi bolsun, maşgala meselesi bolsun, çagany balalar bagyna ýa-da mekdebe ýerleşdirmek bolsun... golundan gelenini gaýgyrmazdy. “Gurban Hallyýewiç söz beren bolsa hökman biter” diýlen jümle ýörgünlidi. Haýran galmaly, onuň ýaşlary maksada okgunly bolmaga ukrukdyryp bilşi, guramaçylyk ukyby, dil tapyp bilşi “Nirede, haçan öwrendikä?“ diýdiriberýärdi. Hatda ýaşy ep-esli ulularam Gurban Agalyýewiň aýdanyna boýun, edenine „hä“ diýerdiler. Onuň islendik adamyň ýüregine girmäge aýratyn usuly bar ýalydy. Şonuň üçinem gyzylarbatly ýaşlaryň zähmetde gazanýan üstünliklerem, beýlekilere görelde bolýan, asyl alyp götermäge mynasyp başlangyçlaram tutuş ýurtda agza-dile düşendi. Bir waka ýadymda galypdyr. 1958-nji ýylda Moskwada ýaşlaryň Bütindünýä festiwaly geçirilmelidi. Şoňa bagyşlanan dabaralar ýurduň ähli ýaşlar guramalarynda ýaňbaňlandyrylypdy. Hut Gurban Agalyýewiň başlangyjy bilen Gyzylarbadyň wagon-remont zawody bu ýerdäki harby diwiziýa bilen şeflik aragatnaşygyny ýola goýupdy. Has anyk aýdanda, bu harby birikmäniň şol wagt şöhrat gazanan orkestri bilen bileleşip, işçi ýaşlaryň aýdymdyr saza bolan talap-başarnygyny ýüze çykarmaga, ýaýratmaga ümütigi bilen ýapyşypdy. Üflenip hem urlup çalynýan saz gurallarynyň sazlaşykly çykýan owazy iş gutaransoň-ilkagşamlar bütin şäheriň üstünde ýaňlanar durardy. “Slowýanka bilen hoşlaşyk”, “Ýeger marşy”, “Amur tolkunlary” ýaly şol döwrüň ürç edilip, uly joşgundyr hyjuw bilen ýerine ýetirilýän aýdymlaryny işçi ýigitlerdir gyzlaryň aýdyşy henizem gulagymdan gidenok. Ýaşlaryň öňbaşçysy hökmünde Gurban watansöýüjilik, halallyk, gaýduwsyzlyk häsiýetlerini kemala getirmekde uly işler bitiripdi. Şol terbiýe-usul bilen ýaşlary maksada okgunly etmegiň hakyky ussadydy. Ine, Gurbanyň “elinden çykan” şol hyjuwly, päk göwün adamlardan Gurban Nyýazow görnükli oba hojalyk hem döwlet işgäri, Boris Ärniýazow kärine juda kämil belli hünärmen, Albert Malahow partiýa işgäri, Gergeý Slesarýew tanymal žurnalist, Durdy Baýramow, Annadurdy Almämmedow Türkmenistanyň halk suratkeşleri, Konstantin Potaýenko Soýuza belli önümçilik kärhanasynyň ýolbaşçysy bolup ýetişdiler. Şol bir wagtda Gyzylarbatda taplanan Gurban Hallyýewiň özünem şol wagtky Krasnowodskiý obkomynyň sekretarlygyna saýladylar”. Uly söz ussady, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan medeniýet işgäri Atajan Tagan bolsa şeýle ýatlaýar: -Gurban Agalyýew geçen asyryň ikinji ýarymynda köp ýyllap Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň esasy ýolbaşçy işgärleriniň biri bolup işledi. Gurbany tanan, bile işleşen ýaşlar oňa aýratyn sarpa goýýardylar. Sebäbi Gurban örän sowatlydy, okumyşdy, telim dili bilýärdi, ondan öwrenere, sapak alara zat kändi. Üstesine-de, onda gedemlik, ulumsylyk diýen häsiýet ýokdy. Şonuň üçinem ol ýaşlar guramasynyň iş otagyny saklap oturan işgäri däldi-de, gözleýän, tapýan, öwredýän, özi hem öwrenýän, guramanyň abraýynyň artmagynyň aladasyny edýän, ýaşlaryň öňe gitmeginiň, medeniýetiniň ösmeginiň mydama aladasyna gümra bolup ýören işgäridi. Onuň ýene bir aýratynlygy bardy. Edebiýat, sungat bilen ýakyndan höwrügendi. Täze kitap çykdygy, ilden öň okardy, kesgitli baha hem bererdi. Gönümeldi, ýitidi. Şeýle bolansoň, Gurban döredijilik adamlarynyň aglabasy, Soýuzdan daşarda-da ýagşy tanalýan ussat suratkeşler Yzzat Gylyjow, Durdy Baýramow, şahyr Ata Atajanow, kompozitor Çary Nurymow dagy bilen ýakyn gatnaşyk saklaýardy. Gurbanyň rus dilini bilşine hut telpek goýaýmalydy. Edil ene dilinden artyk bolmasa kem däldir diýsem, öte geçmen. Onsoň poeziýany söýýän Yzzat Gylyjow Gurban ussahanasyna baranda, ony Puşkinden, Ýeseninden ýatdan, özem juda süýji labyz bilen okaýan goşgularyny diňlemän, myhmany bilen hoşlaşmaýardy. Gurban Ýaşlar guramasynyň işi bilen Moskwa ýygy-ýygydan sapara gidende, öz edarasynyň aladasynyň daşyndan ýazyjylar guramasynyň gapysyndan hem garaman gaýtmaýardy. Ol ýaş türkmen şahyrlarynyň eserlerini rus diline terjime etmek meselesi bilen örän çynlakaý gyzyklanýardy. Ol rus şahyrlaryny Aşgabada çagyrmak, türkmen şahyrlaryny Russiýa sapara ugratmak, iki diliň wekilleriniň döredijilik duşuşygyny guramak çärelerine-de juda ilgezik, onda-da, diýseň jogapkärli gatnaşýardy. Onuň aladasy netijesiz hem galmaýardy. Mysal üçin, türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň rus şahyry Wladimir Sybin, Italmaz Nuryýewiň Igor Şklýarowskiý, Nury Baýramowyň Naum Grebnew bilen döredijilik baglanyşygyna sebäp bolan hut Gurban Agalyýewdi. Ol iki ýurduň döredijilik wekilleriniň gatnaşygynyň bähbitli netijesine ak ýürekden guwanýardy, ondan lezzet alýardy. Gurban Agalyýewiň özi hem döredijilikden daşdaky adam däldi. “Aglama, gurjakdan” başlap, türkmen poeziýasyna, ylmyna degişli kän sanly ilhalar makalalary ýazdy. Göwnüme häzir hem ol ýürekden gaýdýany bildirip duran şol mylaýym ýylgyryşy bilen iň soňky işlän ýeriniň-“Diýar” žurnalynyň gapysyndan girip, “Bir zatjagaz getirdim weli, okap görseňizläň!” diýäýjek ýaly bolup dur... * * * Onuň ykbal ýoly çarkandakly, şol bir wagtda-da ýowuzlygy ýeňmegiň nusgasyna meňzäp, “beý-bä” diýdirýär. 1937-nji ýylyň mart aýynyň başynda Sumbar derýasynyň boýunda dünýä inen, ýetimligiň derdi heniz arlykdaky bäbekkä başyna düşen, şeýdibem öz döwrüniň ilkinji mugallymlarynyň biri bolup ýörkä repressiýanyň pidasyna öwrülip, gubury näbelli ýerlerde galan kyblaýy atasyny diňe düýşünde görüp oňmaly bolýar. Käbeýi ejesi bolsa ýalňyz perzendiniň ýollanan ýerine-Çagalar öýüne işe girýär, şol ýerde ýatyp-turýar. Diňe Gurban däl, bu ýerde bilim alan, terbiýe gören Durdy Baýramow, Gulnazar Bekmyradow, Bossan Rejebowa dagylar hem ol mährem zenana “eje” diýer ekenler. Soň bellki ýazyjy hem döwlet işgäri bolup ýetişen Hudaýberdi Durdyýew bolsa ene süýdüni bermese-de, el süýdüni beren mährem zenana “eje” diýip ýüzlener eken. Hem öýi, hem ylym ojagy hasaplanan mekdep-internatda hat-sowat öwrenip, kämil çykan ýigit pasport-şahsyýete esasy resmi kepillik aljak bolanda “Doglan ýeri?” diýlen sowala bir salym tykyrganyp durýar-da, “Meniň atam-enem, öýüm-ojagym şu ýeriň Çagalar öýüdir mekdep-internady boldy ahyry” diýip, içinden gelen kesgitli netijesi bilen “Gyzylarbat şäheri” diýdirip ýazdyrýar. ...Paýtagtymyzyň Kemine köçesiniň çüňkünde bir jaý bar. Şonda ýazyjy-şahyrlaryň, alymlaryň, suratkeşleriň, kompozitorlaryň ençemesi gonak-myhman bolup, Gurban Hallyýewiçiň tä otagyň depesine çenli örülen, dört diwary tutup duran kitaplardan goly, öz aýdyşy ýaly, “hazynaly öýünde” kän söhbetler edip, Roza gelnejäniň bişiren palawyny hezil edip iýendirler. “Men ýanýoldaşdan oňandyryn, sebäbi bu gahrymanyň wepaly gyzy,” diýip, ýarym degişme bilen aýdardy. Ömrüni muzeý, kitaphana işinde geçiren, bir gyzy, iki ogly dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdiren, ýanýoldaşy nirä gitse “torbasy arkasynda, çemçesi bilinde bolan” dilem, elem süýji Roza gelnejemiz Sowet Soýuzynyň Gahrymany Annagylyç Ataýewiň gyzydy. Şol otaga aýak basaýan badyňa diwardan asylgy portretden mährem enäniň keşbi “geliber, balam, gurgunmyň?!” diýýän ýaly serederdi weli, aýak çekeniňi duýmazdyň. Gussalyrakdan kanagatly nazar salyp duran çal saçly, atýüzlüräge-de kakçekge, tüýs milli eşikdäki ene. Ol portretiň aşak çüňkünde şeýle ýazgy bardy: “Abadan eje”. D. Baýramow.” “Abadan ejäniň” geň takdyry bar.” 1980-nji ýyllaryň ahyrynda zenanlaryň keşbini döretmek boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginiň geçýän ýeri bolan Ýaponiýa ugradylan bu eseriň baýraga mynasyp bolanlygy hakdaky habar, degişli diplom, sylag awtora gowuşsa-da, “Abadan eje” dolanmaýar. Nätjek-dä, giňgöwrümli, juda geçirimli ussat Durdy Baýram aýtmyşlaýyn, gowy zadyň hyrydaram, çemeçilem köp bolýar ahbetin! Abadan eje diňe Gurbanyň däl, öňem ýatlaýşymyz ýaly, çagalar bagynda käbe keşbine zar bolan onlarça oglan-gyzlaryň hem mährem ejesidir. ...Şol enäniň öňünde menem ençeme gezek tagzym edipdim. Şol pursatlarda bu enäniň ýalňyz perzendiniň manyly ömür ýolunam buýsanç bilen ýatlapdym. “Bagty diňe ylymdan gözlemeli” diýen kesgitli karary kalbyna nagyş edensoň, ýigit ýeten badyna Aşgabadyň şol wagtky M. Kalinin adyndaky oba hojalyk institutyna okuwa girip, zootehnik hünäri boýunça 1962-nji ýylda tamamlaýar. Ýöne saýlan hünärinde Gurbany uzak işletmeýärler. Guramaçy, institutda “sportsmen” diýlip adygan, köpçülik işlerinde görelde görkezen ýigidi ýokary bilim alan badyna diýen ýaly, komsomol işine çekýärler. Şondanam ol şol döwürki Türkmenistan LKSMT-niň sekretarlygyna çenli ýol geçýär. Şol ýyllaryň täsin wakalaryny ýatlanda, özüniň SSSR-iň ähli ýerini diýen ýaly aýlanyp görendigini agzardy. -Men Ýer togalagynyň hem esli ýerini görendirin. Latyn Amerikasy ýurtlarynda, Ýewropada, Wýetnamda gulluk saparlarynda boldum, ýaşlar- jemgyýetçilik guramalarynyň işi bilen bagly maslahatçy hökmünde aýlap bolýan gezeklerimizem bolardy. Kuba baramda, şol ýurduň ýolbaşçysy Fidel Kastro bilen düşen suratlarymam bardy. Nesibe meni Bolgariýada iş saparynda bolamda, ady Äleme belli müneçjim-bilgiç ene Wango bilenem duşurdy. Ýaşlar guramasynyň Bütinsoýuz Merkezi komitetinde (ВЛКСМ) işleýän wagtym kosmonawtlaryň ençemesi bilen duşuşdym, çärelere bile gatnaşdym. Şonda dünýäde ilkinji kosmonawt Alekseý Gagarin bilen birinji gezek duşuşandan, dosta öwrüldik gidiberdik. Ýazyjy-şahyrlaryň-a Moskwada ýaşanymyzda Rozanyň bişiren palawyny iýmedigi azdyr. Şeýle tanymal, jahana belli kişiler bilen duşurandygy üçin ykbalymdam razydyryn... Bu ýatlamany Gurban aga biziň žurnalymyzda işläp ýörkä aýdyp beripdi. Hawa, elmydama ylymdyr edebiýat bilen gyzyklanan adam “taryh ylymlarynyň kandidaty” diýen alymlyk derejesini alýar, Omar Haýýamyň, Ferdöwsiniň goşgularynynyň birnäçesini asyl nusgasyndan rus diline terjime edýär, onlarça kitaplara edebi hem ylmy syn ýazýar, döwrüň meseleleri, ösüşler, döwürdeşleri hakda ýazan “gyzgyny sowamadyk” makalalary dürli gazet-žurnallarda çap edilýär. Olaryň sany ýüzlerçedir. Ynha, meniň elimde 2015-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan rus dilinde 5 müň nusgalykda neşir edilen “Память сердса” (“Ýürekdäki ýadygärlik”) atly kitap. Ony toplan, çapa taýýarlan hem-de sözbaşy ýazan Gurban Agalyýew. Adyndan belli bolşy ýaly, il-halkyň azatlygydyr asudalygy, Watanyň erkinligi üçin tä Dädem Gorkudyň zamanyndan başlap, Göroglynyň, Magtymgulydyr Seýdiniň, Dosmämmetdir Abdysetdar Kazynyň beýan eden döwürlerini, soň Älem taryhyna “Ikinji jahan urşy “ ady bilen giren jeňde hem galamyny, hem ýaragyny işleden Çary Aşyr, Kemal Işanow, parahatçylykly döwürde ýagşy günleriň gadyr-gymmatyny setirlerine siňdiren Gara Seýitliýew, Berdinazar Hudaýnazarow, Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow, Näzik Annatyýewa, Bibi Orazdurdyýewa, Hajy Kakalyýew ýaly şahyrlaryň goşgularyny bir ýygynda salyp, okyjylara ýetireni üçin Gurban aga okyjylaryň hoşallygy egsilmezdir. Terjimeçilige-de ezber Gurban aganyň döwrümiziň tanymal şahyry Allaýar Çüriýewiň rubagylaryny rusçada şireli-şepbikli, asylky owazy bilen “saýradyşyny” biljek bolsaň, okap göräýmeli. Öz döwründe Ýokary partiýa mekdebini, Soýuzyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasyny tamamlan, diýseň taýýarlykly, ählitaraplaýyn “dokuzy düzüw”, alym hem guramaçy ýolbaşçyny Krasnowodskiý obkomynyň sekretarlygyndan soň, Aşgabada-Medeniýet ministrligine has jogapkärli wezipä işe alýarlar, başga dürli wezipelerde işlemek-de nesibesine ýazylýar. Ömrüniň paýawyna- 2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyrlaryna çenli üç dilde çap edilýän “Diýar” žurnalynda edebi işgär bolup zähmet çekdi. Ynha, häzirem göýende hem gezende, diýseň sowathon, okumyş, edebiýatçy hem taryhçy Gurban Hallyýewiç şo-ol mährem ýylgyryşy bilen hasasyny çalaja tyrkyldadyp, gapydan giräýjek ýaly bolup dur. Arman, onuň keşbi gözümizde, sesi gulagymyzda galanam bolsa, özi aramyzdan sogrulyp gideli bäri, diňe “Jaýyň jennet bolsun, halypa!” diýmeli bolýar. * * * Köne tanyşlarymyň gürrüňinden. Olaryň biri şeýle diýdi: -Irden turup ilki-hä göwräme maşk edýän, soňam beýnime. Soňky jümlesine geň galyp gaş gerenimi aňyp, ol gepine anyklyk berdi: -Ertirlik edinmezden ozal ýarym sagat-kyrk minut töweregi kitap okaýan. Bu endigimi bozsam, işdäm kesilen ýaly boluberýär. Ikinji tanşym bolsa şuny aýtdy: -Ýatmazdan ozal bir sagat çemesi kitap okamak edähedim bar. Sondan soňky uky birhili sýüjän ýaly, okamadyk güjäm ýatyp hezilim bolmaýar. Durmuş kadasyna öwrülip giden bu üýtgewsizlige “okamak endigi“ diýseňem, “okamak medeniýeti” diýseňem bolup dur. * * * Beýik pars şahyry Sagdy ýüz on ýyl ýaşapdyr. Ol ömrüniň otuz ýylyny okamaga, otuz ýylyny jahankeşdelik etmäge, otuz ýylyny bolsa döredijilik işine bagyşlapdyr. * * * Her bir sahypasy misli bir aýna, Dünýäni görkezýär açan ynsana. R. Gamzatow. * * * Döwrümiziň kämil ýazyjysy, ýaňy-ýakynda aramyzdan giden Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýew şeýle ündärdi: -Ýazjak temaňy tapan bolsaň, hökman şoňa degişli kitapmydyr maglumatlary tapyp tanyş. Oňarsaň, bir sahypalyk zat üçin sekiz sahypalyk zat okasaň, galamyňdan çykanyň agramy gunt ýaly bolaýar. * * * Işlemegiň ajaýyp nusgasyny görkezip giden uly söz ussady Osman Öde (ýatan ýeri ýagty bolsun) 1998-nji ýylda “Ruh” neşirýatynda çap edilen ”Garaşsyzlyk diwany” atly kitabynda şeýle ýazýar: “Ýetmişinji ýyllarda iki sany kitap maňa örän uly täsir ýetirdi. Biri-Resul Gamzatowyň “ Meniň Dagystanym”, ikinjisi Imant Zioddonisiň “Kurzemite” atly eserler kitaby. Gamzatowyň kitaby-Gündogar pähimine ýugrulan dana kitap. “Kurzemite” bolsa inçe lirizmi, tekstiň aşagynda käte öwşün atýan paýhasy bilen meniň ruhuma ýakyndy. Men ony öwran-öwran okap doýup bilmeýärdim...” Ine, onuň ýene-de bir aýdyp gideni: “Adam kitap okamaýar, ol kitabyň üsti bilen syýahata gidýär. Ylmy kitap okanyňda ylym dünýäsine, taryhy kitap okanyňda-taryha, çeper kitap okanyňda-ynsan kalbyna, ynsan dünýäsine! Gep seniň haýsy dünýä gidýäniňde hem näme getirýäniňde!” Osman akganyň isle iş ýerine bar, isle-de öýüne, töweregi kitapdan egeledi. Ylaýta-da ömrüniň ahyrlarynda döreden “Altynjan hanym” romanyny ýazanda gatyny açan kitaplarynyň sany lap etmäýin weli, ýüze ýetiberen bolsa gerek. Özem ýatyp ýazardy. “Şeýtsem beýnimem, elimem gowy işleýär” diýerdi. Iş otagynda hem hiç kime görkezilmän, düýrülgije durýan bir kiçijik keçesi bardy. Işden soň şony ýazyp, köplenç ýarygijä çenli ýazardy. “Kitapdan kitap döreýändir. Gatyndan maglumat çöpläbilseň, içindäki pikirleri özüňçe “işledibilseň”, garaýyşlary döwrüň demine salybilseň, alanyň özüňkidir” diýerdi. * * * Kitaplar dogry ýol görkezýän, ýalňyşmaklygyň öňüni alýan paýhasly hem-de ýürekdeş dostdur, olaryň bar ýerinde sen çagalykda-da, garrylykda-da ýalňyz dälsiň, güýçlüsiň. W.Wasilewskaýa. * * * Georgiý Iwanowiçiň elinde işlän, milli ylmyň ägirtleriniň biri, soňra Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti bolan akademik Pygam Azymow öz ýatlamalarynda halypasy Georgiý Iwanowiçiň okamakdan, ýazmakdan, göçürmekden, gaýtadan işlemekden ýaňa barmaklarynyň inçelip gidendigini, doly syýasynyň bir güne ýetmeýändigini, gije-gündiziň dowamynda 4-5 sagat uklap, galan wagtyny diňe zähmet çekmäge bagyşlandygyny aýdýar. „Beýle köp işlemän, arasynda dynç alaýsaňyz bolanokmy, halypa?!“ diýseňem, mylaýym ýylgyrar-da: „Zähmetden gowam bir dynç bolarmy?“ diýer, wessalam! Öz döwründe çap edilen „Türkmen sowet ensiklopediýasynda “ dört sany Karpow familiýalaryna duşýarsyň. Şolaryň birem Georgiý Iwanowiç Karpow. 1890-njy ýylda doglan bu şahsyýetiň 1930-1947-nji ýyllar aralygyndaky ömri gönüden-göni türkmen topragy bilen bagly. Şol 17 ýylyň içinde bitirilen işleriň agramy weli... ölçäp görseň, „älhepus , beýle köpdügini“ diýdirýär. Özi bolsa oturan-turan ýerinde “Bizden nesillere galjak iň gowy miras bitiren işimiz bilen, çeken zähmetimiziň netijesi bolar, berk biliň!” diýer eken. Ykbal uşlybynyň yzyna düşüp, geçen asyryň 30-njy ýyllarynyň başynda Türkmenistana aýagy degen adam 1922-nji ýylda ilki Türkmen oblastynyň ispolkomynyň başlygynyň orunbasary, yzýanam başlygy wezipelerinde işleýär. Şondanam TSSR-iň Prezidiumynyň agzasy, Merkezi Ýerine Ýetiriji Komitetiniň (SIK) sekretary wezipelerinde zähmet çekýär. Georgiý Iwanowiç paýtagtda ýaňyja döredilen ylmy-barlag institutyna ýolbaşçy bellenýär. 1936-njy ýylda bu institut bölünip, özbaşdak Taryh instituty döredilende, şol ylym jaýynyň ilkinji direktory bolýar. Alym 1923-nji ýylda ilkinji bolup „Türkmenistanyň taryhyny, etnografiýasyny we arheologiýasyny öwrenmek kružogyny“ açýar, oňa ýolbaşçylyk edýär. Şol bir wagtda-da ol 1927-nji ýylyň ahyrynda 1928-nji ýylyň başynda işe başlan Türkmenistanyň Medeniýeti institutyny hem-de şonuň neşiri bolan "Туркменоведeние“ ülke žurnalyny döretmegiň başyny başlanlaryň biridir. Wolganyň kenaryndaky sümme tokaýly mekanda dünýä inen hem bolsa soň nijeme ýyllap Ferganada ýaşap, yzýanam Aşgabada gelen Karpow özbek dilinem, türkmen dilinem suwara bilipdir. Özem Gündogar däbine eýerip, elmydama öýi mynmanly bolan. Bu ojaga gündiz ýa-da gije, tapawudy ýok, akademik W.W.Bartolddan başlap, iň çet obalardan gelen daýhanlar hem, alymlardyr ýazyjylar hem kürtdürmän gelip bilýän eken. Ýagşy pälli myhmanlara işigem, saçagam, öý eýeleriniň göwün gapysam açyk eken. Alym irginsiz zähmet çekmegi hem-de şondan lezzet almagy başaran adam bolupdyr. Bu edähedi ol şägirtlerine hem irginsiz ündäpdir. Bilýän adamlaryň ýatlamalaryna görä, Georgiý Iwanowiç hemişe ýa-ha okap ýa-da ýazyp oturmasa ynjalmandyr. * * * ”Paýhas çeşmesi” kitabyndan: Adam aňyndan belli, kerwen-jaňyndan. Adam bilenini okar, towuk görenini çokar. Aky-ylmyň hyrydary. Arybyňky-gülüstan, görübiňki-çölüstan. Bilmeýan zadyňy kitapdan sora. Dili ötgür adam märekäniň öňünde daýanar. * * * Biziň günlerimiziň juda okumyş adamlarynyň birini bilýän. Ol Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýan guýmagursak şahyr Didarberdi Allaberdiýew. Köpleriň “Didar däde” diýýän adamy Kurany-kerimi ýatdan bilýär (beýle kişä kary diýilýär), Magtymgulynyň ähli goşgusyny oglanlykdan, atasynyň-Atjan temegiň yzyna düşüp çopançylyk edip ýörkä ýat bekläpdir. Otyrkaň, isle Mollanepesden, Mätäjiden, Baýram şahyrdan, bärräk gaýdyp Berdinazar Hudaýnazardan, Kerim Gurbannepesden, Gurbannazar Ezizden, Mämmet Seýitden, Gurbanýaz Daşgyndan... gep açaý, aýdan goşgyňy säginmän okar gidiberer. Didar dädäniň ýene bir artykmaçlygy rus, iňlis, arap, pars, gazak, azarbeýjan, tatar, türk dillerini suwara bilýänligi. * * * Ylym şeýle kesgitleme berýär: hemişe kitap okap ýörenler asla hiç zat okamaýan adamlardan ortaça 2 ýyl artyk ýaşaýarlar. * * * Ine, hormatly okyjym, bu ýazgylaryň soňky nokadyna ýeten bolsaň, indi özüňe şeýle sowal bilen ýüzlen: “Eýsem soňky wagtlarda men näme okadymkam? Danalaryň biriniň aýdyp gideninem ýatdan çykarma: “Sen näme okanyňy aýt, men seniň kimdigiňi aýdaýyn”. Ine, okamagyň hikmeti! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |